11:35 Aýasofiýa binasy | |
AÝASOFIÝA BINASY
Taryhy ýerler
Bu pakyr-pukara Ýusup Musa Balikesrefi elşehir el Nejm aýdar: Günlerde bir gün rumlylar taryh kitaplaryny gören wagty Aýasofiýa binasy barada ýazgy tapdylar. Näçe patyşa saldyrypdyr. Soň gördüm bir garyp hristianlylaryň dilinden hekaýaty türki diline terjime etdi. Soltan Muhammet Gazynyň baştutanlygynda 857-nji ýylynda Konstantinopol eýelendi. Taryhyň 884-nji ýylyň mübärek Şaban aýynyň başynda terjime edildi. Aýasofiýanyň binasy, esbaby ýedi ýarym ýylda taýyn boldy. Ondan soňra päk ýürekli 1.000.000 adam 8 ýyl 10 aýlap her gün işe meşgul boldular. Bütin bina tamamlandy. 16 ýyl 4 aý içinde Zikuris aýynyň 12 günidi. Aýasofiýany gurmak üçin edilen çykdaýjy Ostunýus hazynasyndan berildi. Begleriň beren sowgatlaryndan başgada ýene lýustralar (dürli çyralar), tylladan ýasalan şemdanlar, agyr bahalydyr. Nagyşly mežmelerden, owadan çyraglardan başga binanyň harjy günde otuz müň iki ýüz naraltyn bolmyşdy. Her günde bir naraltynyň bahasy 100 müň dakýanus altyndyr. Aýasofiýany saldyran patyşanyň ady Ostun Banudyr. Ol Konstantiniň oglanlaryndan. Şol wagt bina başladylar. Ostun Banu serdaryň ol asyrda Uftçenu atly bir batragy bardy. Kanagatly kişidi. Buýurdy, mübäreklik üçin el göterdi. Ähli ruhanylar, diňleýänler ämin diýdiler. Soň doga okalyp boldy. Buýurdy: Ostun Banu hrusany we Kirç uly daşlar getirdiler. Ol binýady Ostun Banu öz eli bilen goýdy. Aýasofiýanyň binasy üstünde ýüz ussa binagär bardy. Olaryň dörtden biri gelipekdi. Baş binagäriň ady Ygnat Ýuser geometriýa ylmynda kämil alymdy. Her binagäre ýüz ussa hyzmat ederdi. Her ussa bäş müň elli argat hyzmat ederdi. Sekiz samak derek bardyr. Aýasofiýa gümmeziniň aşagyndaky gatlar altyndan goýulandyr. Rowaýat aýdarlar: Bir hatyn bardy Beýik Rumda, ýagny Rum papanyň ol hatynyna Çaharendi diýýärdiler. Ol sekiz ýogyn mermer derekleri bardyr, iki tarapda goýulandyr. Aýýawlykda Konstantiniň bir mülki bardy. Magdandan ýondyryp, tamam edipdi. Galan derekleri, mermerleri derek başlardandy. Düşemek üçin zarlary, bina üçin daşlary ähli aýdylanlaryň magdanyndan getirdiler. Adada we başga ýerde haraba bolan kiliselerden, hammamlardan bir daş galmandyr. Şol mukaddes bina üçin getirdiler. Ostun banu höküm etdi. Ol beglere namalar ýazdylar, dörtden bir bölegine ilçiler iberdiler. Olar göwher, mermer gymmatly, reňkli daşlar, ak-gara, gyzyl-melewşe daşlar tapyp getirdiler. Çünki Aýasofiýa diwarlary, sütünleriň ýarysy ýetişende samak derekleri, ýaşyl mermer ýaly derekleri ýerli-ýerine oturtdylar. Ähli ussa, bina gurujylar beýik gümmezi gurmakda bir pikire geldiler. Bu gupbanyň gramidini (petigi) ýeňil bolan daşlardan oňarmak gerekdir. Gümmeze agyrlyk getirmez ýaly diýdiler. Soň bir welaýatdan toprak getirdiler. Terezi bilen çekdiler. Külli toprakdan Rodos adasynyň topragy ýeňil geldi. Şeýlelikde, 12 Rodos, gramidi agyrlygy Galan welaýat topragynyň bir gramidi agramyça geldi. Soň gramidler geregi ýaly düzüldi, tamamlandy. Şol wagt dört gümmeziň binasyny gurup başladylar. Her on iki gramidi bir-biriniň ýanyna goýdular. Geçen döwürdäki pygamberleriň öwlüýalaryň, teňňelerinden aralaryna goýdular. Gupbanyň mäkäm durmasy üçin teňňelerden peýdalandylar. Aýasofiýanyň içinde bir derek bardyr diýilipdir. Ol deregiň başynyň, hruşlarynyň astynda teňňeler goýdylar. Rowaýat aýdarlar: 12 ruhany kişi üçin 12 jilt Injili 12 gula altyn hat bilen ýazdyrdylar. Her bir jilde 12 kende tar altyn harç boldy. Ýokarda agzalan Injilleri mehrap ýerinde sagynda, solunda goýdyrdy. Dört nejurdan düzdürdi. Altyndan ýene altyn lýustra, şemdan içerde, daşarda asdyrdylar. Barmak basyp sanardan kän. Her gijede 6000 müň şem ýanardy. Ostun banu Aýasofiýadan ötri arap-ajam, hind-türk, Rum welaýatynda 3 sany şäher sowgat edipdi. Aýasofiýanyň 355 gapysy bardy. Birnäçe gapylary pil süňkinden. Gämi tagtasyndandy. Beýik gümmez baky kybap dürli-dürli kemerler altyn ýyldyzlar, uflak syrça bilen salynandyr. Aşagy bir reňkli mermerler bilen bezelen içerdäki we daşardaky mermer zarlary şolardan düzüpdi. Iki gapa ruhanylar mährap tarapyndan girýärdiler. Heniz hem bar. Çünki Aýasofiýa tamam boldy. Ostun banu buýurdy, binanyň tamamlananlygynyň şükranasy üçin alty müň goýun, üç ýüz sygyr, alty ýüz garakeýik, säfin, üç müň gaz, müň horaz, üç müň towuk gurban eýledi. Otuz müň bugdaý bu ähli pakyr-pukara mugt paýlandy. Soňam Aýasofiýa bu aýdylan zatlar bilen tamamlandy. Beglerden, ululardan birnäçe kişi dürli-dürli sowgatlar bilen zyýarat etmäge geldiler. Rowaýat aýdarlar: Aýasofiýa olaşyk paýalar bardyr, ählisi Ostun banuwyňkydyr. Wagt geldi, Aýasofiýa tamamlandy. Ostunbanu söhbete başlady. Tä kim, Asman patyşasy we aňyrsy-bärisi görünmedik nygmatlar begleriň, esgerleriň leşgerbaşylaryň, şäherlileriň ählisiniň öňüne düşüp, ol gün pakyr-pukaralara, ýetimlere altyn pullary seçdiler. Şol günler şeýle däp-dessur etdiler. Açlary doýrup, ýalaňaçlary geýdirdiler. Şadyýanlyk sürüp, Haka şükürler etdiler. Saglyk-salamatlyk bilen maksat-myradyma ýetdim. Bu ybadathanany tamamladym. Bu ähli berimlilik sadaka üç günde tamam boldy. Ondan soňra Batryk Ostunbanunyň ýanyna geldi. Patyşahyň eline bir ýanmyş mum berdi. Ostunbanu hanlar, ruhanylar, begler bilen içeri girdi. Ol juda hoşlugyndan tä münbere çenli ylgap gitdi. Ol aýtdy: “Alladan şükür edýän, öz danalygy, keremligi bilen şular ýaly ybadathana gurmak hiç bir patyşa miýesser bolmandyr. Eger Süleýman pygamber Kudusy saldy. Emma bu ondan gowrakdyr” diýip, şatlygyndan bu sözi sözledi. Emma bu ybadathana Aýasofiýa diýip, at berendiklerine sebäp budur: Ussalar, binagärler nahar iýip durkalar getirdiler. Baş binagär Egnadusyň 14 ýaşynda bir ogly araý kärhanada esbap goramaga goýdular. Birden oglanyň gözüne açyk ýüzli oglan şeklinde bir melek görnüp, diýdi, kim, birnäçe iş üçin ýaltalyk ederler. Oglan aýtdy: “Olar nahar iýmäge gitdiler”. Ol melek aýtdy: “Bol, olara aýt, tiz gelsinler. Bu Hak işe meşgul bolsunlar” diýdi. Oglan aýtdy: “Maňa binagär buýurmyşdyr. Ussalaryň esbaplaryny goraýan, zaýa bolmaz ýaly”. Ýene ol şahs şu sözleri aýtdy: “Bu Taňry öýi haky üçin ady Aýasofiýadyr. Tä sen gelinçäň, men mundan gitmen. Çünki Allatagala maňa buýurmyşdyr. Bu öýüň hyzmatkäri bolaryn kyýamata çenli” diýdi. Egnadusyň oglyny patyşanyň ýanyna getirdiler. Ol patyşa habar berdi. Soň Ostunbanu oglandan habary eşidenden soň Allatagala hezretine şükürler etdi. Aýtdy bu öýüň ady perişte dilinden çykdy. Hak tarapyndan geldigi üçin Aýasofiýadyr. Şu adyň dörän ýeri şudur. Mundan soňra näçe kilise saldyrdy. Aýasofiýa binasy Konstantin zamanyndan 246 ýyldan soňra binýat edildi. Ymamyna gowuşdy, 93 kişi bu şähere patyşa boldy. Ondan soňra soltan Muhammet han ibn soltan Myrat han ibn Muhammet han ibn Baýezit han ibn Myrat han ibn Gazy ibn Orhan Çelebi ibn Osman han hijri Resulyň (Alladan oňa salam bolsun!) 857-nji ýylynda basyp aldy. Allatagalanyň kömegi bilen kitabyň ýazylyşy tamamlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |