00:54 Baýramaly sanatorisi | |
BAÝRAMALY SANATORISI
Medisina
Baýramaly sanatorisine - şypahanasyna 1992-nji ýylda Türkmenistanyñ ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyñ ady dakyldy. • Şypahananyñ taryhyndan Şäherde sanatoriniñ açylmagyna 1907-nji ýylda professor Aleksandrowyñ Müsüre gelmegi sebäp bolýar. Kairden 23 kilometrlikde, Nil derýasynyñ boýundan bolsa 3 kilometr uzaklykda, Sahara çöllüginde ýerleşýän, ady äleme dolan, bütindünýä ähmiýetli "Asuan" hem "Geluan" sanatorilerinde professor Aleksandrow jöwzaly yssynyñ, ýeliñ tizliginiñ, howanyñ çyglylygynyñ böwrek kesellerine täsirini barlaýar. Professor Aleksandrow kurortologlaryñ Bütinsoýuz gurultaýynda eden çykyşynda Türkmenistanyñ howasynyñ esasan hem tomus we güýz aýlarynda Müsüriñ gyş howasynyñ dowamyna meñzeýändigi, böwrek keselleri bejerip başlansa, geljekde onuñ Bütinsoýuz, hatda Bütinýewropa ähmiýetli sanatoriý bolmagynyñ mümkindigini aýdýar. 1923-32-nji ýyllarda professor Aleksandrow Türkmenistana çagyrylýar. Şol döwürde Türkmenistanda işlän lukmanlar Muşketýowyñ, Lýowyñ monografiýalary bilen tanşanyndan soñ, Ufranyñ hem Baýramalynyñ howa şertleri bilen tanyşýar. Ol öz teklibini has hem delillendirýär. 1920-nji ýylyñ 23-nji iýunynda Türkmenistan Halk Komissarlar Sowetiniñ karary bilen Baýramalyda böwrek kesellerini bejermek üçin birwagtky (1889-1905) 16 ýylyñ dowamynda gurlan köşk, goýry kölegeli çar bagy bilen bilelikde sanitar zonaly klimat kurorty diýlip yglan edilýär. 1933-nji ýylyñ 1-nji awgustyndan Kremliñ bejeriş-sanitar uprawleniýesi tarapyndan gowy enjamlaşdyrylan, 25 orunlyk ýöriteleşdirilen "Baýramaly" böwrek sanatorisi açyldy. Melhemhananyñ ynsan saglygy üçun bitirýän hyzmatlary, garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan ymaratlar, bejeriş ähmiýetlj putýowka almak meselesi barasynda sanatoriniñ (şol wagtky) direktory Nury Garaýew şeýle gürrüñ ber(ip)di: - Bejeriş ähmiýeti bolan melhemhanamyz dünýäde Müsürden soñ ikinji orunda durýar. Melhemhanada noýabr aýynyñ başlaryndan apreliñ 15-ine çenli ýürek-damar keselleri, 15-nji aprelden 5-nji noýabra çenli böwrek we ýürek keselleri bejerilýär. Halkyñ hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, saglygyny berkitmek ugrundaky aladalary häzirki zaman ösen medisina gurallary bilen enjamlaşdyrylan, belent ymaratly melhemler köşgüniñ kuwwatyny has-da artdyrdy. SSSR döwründe, kompartiýanyñ deminiñ dag ýarýan ýyllarynda biziñ sanatorimize putýowka almak, şypahanada özüñi bejertmek hylallady. Putýowka meselesi Moskwada çözülýärdi. Soýuz respublikalarynda kimiñ dili ötgür, eli ýetgir bolsa, şolar şypahananyñ hözirini görýärdiler. Sanatoriniñ işgärleri olaryñ hyzmatynda, ýagny gullugyndady. Olar buz üstünde tozan araýardylar. Ýerliksiz bahana tapyp, teýene baryny ederdiler. Şükür Hudaýa, indi ondan oba göçdi. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soñ, öz elimiz, öz ýakamyz boldy. Putýowka bolsun, bolmasyn, tapawudy ýok, biz hiç kimi yzyna gaýtarmaýarys. Bizde 11 sany korpus bolup, 540 orunlyk ýer bar. Bir ýylyñ dowamynda 7480 adamy ýerleşdirip bilýäris. Bizde sagaldyş merkezi, naharhana, üç sany korpus täze gurlup, saglygyny dikeltmäge gelýänlere hyzmat edýär. Sagaldyş merkeziniñ öñünde Saparmyrat Türkmenbaşynyñ alty suwy çaýylan heýkeli, şypahana gireniñde, ilki bilen göze görünýän uly, gelşikli portreti, onuñ sözlerinden alnan täsirli çagyryşlar bada-bat ünsümi çekdi. Dünýä derejesi bilen bäsleşýän, ýokarda agzalan ymaratlar, saýaly gür baglar, täze oturdylan agaç nahallary, her dürli bägüller, baglaryñ içinde seýran etmäge niýetlenen gyrasy jäheklenen ýörelgeler göwnüñi göterýär. Melhemhananyñ agzybir kollektiwi bar. Ýazyna dyz boýly ösen, guran otlary pil, kerki, çarşak bilen boş wagt tapsalar çapýarlar, ýygnaýarlar, maşyna ýükläp ugradýarlar. Gezim edilýän ýerler irden, ikindin maşyn bilen suwarylýar. Jemi on-onki sany garry agaç gurapdyr. Ýerine täze agaç nahallarynu oturdypdyrlar. Başga guran agaja gözüñ düşjek gümany ýok. Baglara, güllere eserdeñ seredýärler. Wagtly-wagtynda suwarylýar. Her kimiñ iş ýerinde pil, kerki, çarşaklary bar. Işler aýdylyp etdirilmeýär. Her kim öz pişesi bilen meşgul. Bag agaçlary timarlanýar. Sanatoriniñ işgärleri zähmete uýgunlaşypdyrlar. ElbetdeB bu işler ýolbaşça bagly bolýar. Nury Garaýewiç işine yhlasly kişi. Yhlas abraý getirjegi ikuçsyz. Her bir adam sanatoride saglygyny dikeltmekçi bolsa, aşakdaky ýagdaýlar barasynda oýlanýan bolsa gerek. Ýerlerde putýowka barada kynçylyk dörese, ýanyñda pasportyñ bolsa bolany. Göni barybermeli. Melhemhanada putýowkanyñ bahasyny tölemeli. Putýowkanyñ bahasy 350 müñ, ýeñilliklisi 250 müñ manat. Korpuslaryñ otaglarynda holodilnik, telewizor bar. Içi haly düşelgi ähli amatlyklary bolan bir we iki adamlyk jaý berilýär. Melhemhanada lukmanlar, şepagat uýalary işine ökde, yhlasly, süýji sözli, her bir nähoşuñ göwnüni awlamagy başarýarlar. Şepagat uýalaryndan elektrik enjam bilen bejeriji Lýudmila Protasowa Mary meduçilişesini tamamlap, 20 ýyl bäri şepagat uýasy bolup işläpdir. Şondan soñ dört ýyly häzirki kärine degişli. Aýdana Abyşowa Marynyñ meduçilişesini "otliçno" bahalar bilej gutarýar. On dört ýyldan gowrak wagt bäri özüniñ söýgüli kärinde işleýär. Dört ýyly häzirki kärinr degişli. Saglygyñ esasy çeşmesi tagamly naharlar hasaplanýar. Naharhananyñ işgärleri naharlary bişirmegi başarýarlar. Täze kelemden içi käşirli borş, süzme, gaýmak, towukly palow, kotletli aş, miwelerden edilen kompot, çaý ýaly tagamlar üç wagtyna berilýär. Aşpeziñ bişirýän naharlaryndan, nahar paýlaýjy gyzlaryñ hyzmatyndan razy bolmaz ýaly däl. Bu ýerde ähli zat "Saglyk - beglik" diýen düşünjä gulluk edýär. 1997 ý. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |