13:02 Beýik Ýüpek ýoly we türkmen medeniýetiniň gözbaşlary | |
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY WE TÜRKMEN MEDENIÝETINIÑ GÖZBAŞLARY
Edebi makalalar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: – Türkmen medeniýetiniň emele gelşini, nusgawy gymmatlyga öwrülişini halkyň geçmişinden, milletiň ykbalyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Milli däpleriň we dessurlaryň emele gelmeginde ynsan dünýäsiniň özgermegine hem-de ösmegine düýpli täsirini ýetiren medeni hadysalaryň möhüm ähmiýete eýe bolandygyna taryh şaýatdyr. Men milli medeniýetimiziň mertebesi baradaky pikirlerimi jemläp, şeýle netijä geldim: medeniýetimiziň taryhy halkymyzyň taryhy ýaly juda gadymydyr, şöhratlydyr, çuňňur mazmunlydyr.(“Türkmen medeniýeti”. A., 2015, 27-nji sah.). Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda uzak asyrlaryň dowamynda ýaşap, gymmatly maddy we ruhy baýlyklary döredip gelen türkmen halkynyň medeniýetliniň gözbaşlaryny öwrenmek üçin öňi bilen arheologlaryň, taryhçylaryň, etnograflaryň işleri bilen içgin tanyşmak zerurdyr. Halklaryň medeniýetiniň öwrenilmeginde arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijeleriniň has hem uly ähmiýetiniň bardygy ikuçsyzdyr. Gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan gymmatly tapyndylar şol çäklerde ýaşan halklaryň medeniýetiniň ösüş basgançaklaryny göz öňünde getirmekde ähtibarly serişdelerdir. Arheolog alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, türkmen medeniýetiniň irki döwürleri (gözbaşlary) medeni ösüşleriň birinji gatlagy hasaplanylýan Jeýtun medeniýetinden başlanýar. Şol döwürlerde dowam eden medeniýetiň ilkinji basgançaklary kem-kemden kämilleşmek, ösmek bilen dowamat dowamyny tapyp, häzirki döwürlere gelip ýetipdir. Arheologlar gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylar boýunça kesgitläp, medeniýeti gatlak-gatlaga bölüp öwrenmelidigini nygtaýarlar. Türkmenistanda köp gazuw-agtaryş işlerini alyp baran görnükli arheolog alym W. M. Masson türkmen halkynyň medeniýetiniň ösüş basgançaklary hakda söhbet açanynda, bu basgancaklary üç gatlaga bölüp öwrenmelidigini gaýta-gaýta nygtaýar. Medeniýetiň ilkinji gatlagy bolan Jeýtun medeniýetinde awçylygyň, maldarçylygyň we ekerançylygyň esasy orunda durandygyny Türkmenistanyň medeni mirasyna bagyşlanylyp, 2000-nji ýylda Sankt-Peterburgda (Leningrad) geçirilen ylmy maslahatda eden çykyşynda aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda türkmen medeniýetiniň gözbaşy hasaplanylýan Jeýtun medeniýeti dogrusynda gyzykly maglumatlar berilýär. Gazuw-agtaryş işleri netijesinde arheologlaryň ýüze çykaran tapyndylary bilen sözlerini esaslandyran hormatly Prezidentimiz taryhy hakykaty beýan edip, şeýle ýazýar: ”Türkmenistan özboluşly milli medeni mirasy müňlerçe ýyllardan gözbaş alyp gaýdan ýurtlaryň hataryna girýär. Adamzat taryhynda ilkinji oturymly ekerançylyk we şäher medeniýetiniň dörän mekanlarynyň biri hem täsin haýwanat dünýäsi, gözel jülge-dereli, melhem çeşmeli, mes, gadymy türkmen topragynda – Merkezi Köpetdagdan inýän çeşme-çaýlaryň boýunda emele gelen Jeýtun medeniýetidir. Jeýtun atyň, sygryň we goýnuň ilkinji eldekileşdirilen ülkesidir. Türkmenistanyň çäginde bag-bakjaly ilkinji oba bolan Jeýtun häzirki Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda Jeýtun kaky – Çakmaklydepe diýen ýerde ýerleşýär.” Hormatly Milli Liderimiz agzalan kitabynda her bir sözüni delillendirip, gaýta-gaýta mysallar arkaly düşündirýär. Ak bugdaýyň we daşdan ýasalan kätmeniň Jeýtun medeniýetine degişlidigini subut edip, ekerançylygyň bu ýerde kem-kemden ösüşi hakda aýratyn durup geçýär. Kitapdaky gyzykly hem gymmatly maglumatlar türkmen medeniýetiniň ilkinji gözbaşlaryndan habar berýär. Entek Beýik Ýüpek ýoly işläp başlamazdan öň, şu ýerlerde ýaşan adamlaryň ekerançylyk medeniýetini ösdürişleri, özleriniň ýetişdiren bugdaýlaryndan alan hasyllaryny ilki iki daşyň arasynda, soňra owguçlarda, kem-kemden degirmenlerde üwäp, ilkinji gezek ýakymly ysly çöregi taýýarlaýyşlary dogrusynda maglumat berýär. Arheolog alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, türkmen medeniýetiniň birinji gatlagy bolan Jeýtun medeniýeti b.e.öňki VI müňýyllykda döräpdir. Ol döwürlerde ekerançylyk we maldarçylyk medeniýeti ösüpdir, folklor eserleriniň ilkinji nusgalary bolan yrym-ynançlar, alkyş-dilegler, esasan, şol döwürlerde döräp başlan bolsa gerek diýen ýaly çaklamalar öz-özünden döreýär, çünki adamlar ekerançylyk, maldarçylyk medeniýetini şol wagtlar ösdürip başlapdyrlar, söz sungaty hem hökmany suratda zähmet prosesiniň ýanynda döräýmeli. Elbetde, ol eserler dilden-dile geçip, kem-kemden kämilleşme ýoluny geçipdir. Folklor eserleri dörän döwrüniň ýagdaýlaryny suratlandyrýar. Şol döwürlerde, esasan, halk döredijiliginiň alkyş-dilegler, yrym-ynançlar žanrlaryndaky ekerançylyk, maldarçylyk bilen bagly eserler peýda bolup başlan bolmagy hakykata ýakyndyr. Gündelik durmuşda gabat gelýän täsirler netijesinde halkyň ilkinji yrym-ynançlaryny döredip başlandygy hakda “Türkmen medeniýeti” atly kitapda hem aýratyn durlup geçilýär . Medeniýetiň ikinji gatlagy bolan parfýan medeniýeti döwründe dörän Beýik Ýüpek ýoly bilen gatnawlar ýygjamlaşdygyça, adamlaryň özara gatnaşyklary hem gitdigiçe kämilleşmek bilen bolupdyr. Ärsaklaryň patyşalygy döwründe, Mitridat II (b.e.öň 124-87ýý,) tarapyndan Hytaý ilçileri kabul edilipdir. Görnükli alym W.W.Bartold munuň dünýä taryhynda ilkinji gezek Uzak Gündogaryň beýik döwleti bilen ilkinji diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmasydygy hakda özüniň gymmatly makalasynda ýazýar. Görnükli alym makalanyň dowamynda V asyryň wakalary hakda söhbet açýar. Ol Kaşka-derýada, Zerewşanda tüwiniň ösdürilip ýetişdiriliş medeniýeti, onuň ýaýraýşy hakda gürrüň edip, “Belki-de, ondan hem öňräkler ýaýrandyr” diýen pikiri orta atýar. Ol pagtaçylyk medeniýetiniň hem Orta Aziýadan Hytaýa aralaşandygy, ýöne, esasan, Hytaý Türküstanyna ýaýranlygy hakda durup geçýär. Ýöne musulmançylykdan öňki döwürler baradaky maglumatlaryň gabat gelmändigini aýratyn nygtaýar. Elbetde, şu ýaýrawlaryň ählisi hem Beýik Ýüpek ýoly arkaly amala aşyrylypdyr. Gözlegler bilen meşgullanyp otyrkak, belli Gündogary öwreniji alym Bartoldyň makalalarynda ýene-de köp gymmatly maglumatlara duş geldik. Ol “Türküstanyň medeni ýaşaýşynyň taryhy” atly makalasynda Türküstan halklarynyň maddy we ruhy medeniýetiniň gülläp ösmeginde, bu ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylmagynda b.e. öňki II asyrda gatnalyp başlanan Beýik Ýüpek ýolunyň uly ähmiýetiniň bolandygyny, bu ýoluň Uzak Gündogaryň halklary bilen Ýakyn Gündogaryň halklarynyň arasyndaky aragatnaşyga ýol açanlygyny aýratyn nygtaýar. Özara täsirler güýçlenipdir, şol döwürde dörän folklor eserleri hem döwrüň wakalaryny suratlandyrypdyr. Çünki folklor eserleri her bir döwürde-de öz döwrüniň ýüzüni açyp görkezýär, halk gören-eşiden zatlaryny öz döreden eserlerinde beýan edýär. Şonuň üçin-de, her bir halk döredijilik eseriniň, isle, ol hekaýat, rowaýat bolsun, isle, dessan-epos, barybir, aňyrsynda bir taryhy hakykat bolmaly. Şeýlelikde, bu ýoluň ugrunda uzak asyrlaryň dowamynda ýaşan, döreden halkymyz, öz nesil dowamatlaryna uly baýlygy – medeni mirasy galdyrypdyrlar. Türkmen halkynyň uzak taryhy eýýamlaryň dowamynda döreden hiç wagt gymmaty egsilmejek medeni mirasynyň bir pudagy bolan folklor eserlerini öz nesillerine miras goýmagyna halkyň öz ene diline, aýdymyna, sazyna, ahlak ýörelgelerine, däp-dessurlaryna, maşgala ojagyna, iline-gününe bolan söýgüsi sebäp bolupdyr. Akylly-paýhasly, zehinli, hormatlanylýan ynsanlaryň kalbynda eýlenip, dürdäne setirlere öwrülen halky eserler ýatkeş, dilewar, şahyrana kalply adamlaryň hakydasy arkaly şu günlere gelip ýeten bolsa, onda hakyda häzirki zaman bilen geçmişimiziň arasynda gurlan köprüni ýatladýar. Biz şol köpri arkaly geçmişe syýahat edýäris, gadymy döwürlerdäki ýerine ýetirilen däp-dessurlary, edim-gylymlary, yrym-ynançlary, ahlak ýörelgeleri öwrenýäris. Akademik W.W. Bartold Türküstany (Türkmenistan hem şol çäklerde) gadymy medeniýetiň ösen ýurdy hökmünde häsiýetlendirip, bu ýerde irki döwürlerde köp sanly şäherleriň bolandygyny aýratyn nygtaýar. Arheologlaryň berýän maglumatlaryna görä, ekerançylyk we maldarçylygyň ösdürilmeginden başga-da, türkmen medeniýetiniň dürli ugurlaryndaky ilkinji gymmatlyklaryň döreýiş taryhy hem Jeýtun medeniýetinden gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew şäherinde daşy gara çyzyklar bilen örtülen gyzyl üçburçlyklar we dörtburçlyklar şekillendirilen diwar ýazgylary peýda bolupdyr. Olaryň düşegi goýy gyzyl reňk bilen reňklenilipdir. Däp bolup gelýän reňkleriň utgaşyklylygy emele gelipdir. Olar gyzyl, gara, sary we ak reňklerdir. Medeni miras örän giň düşünje, oňa halkyň döreden ruhy hazynasy hem, maddy gymmatlyklary hem girýär. Folklor atlandyrylýan aňyrsy-bärisi görünmeýän umman kimin giň, kül içinde ýylpyldap özüne çekip duran göwher daşy ýaly dürdäne eserler hem medeni mirasyň baý ruhy hazynasynyň bir bölegidir. Jeýtun medeniýeti döwründe dörän ekerançylyk, maldarçylyk, awçylyk medeniýeti bilen baglylykda dörän köp sanly hüwdüler, yrym-ynançlar, alkyş-dilegler kem-kemden kämilleşip, biziň döwürlerimize gelip ýetipdir. Şolardan käbirlerini mysal alalyň! Awçy bukup ýatanda, Ýaşylbaşlar atanda, Uran guşy ýaşylbaş Mergen baryp tutanda. Ýa-da Allan-allan alganak, Atyp urgun çalganak , Çalganak guş tapmasaň, Urgun, ýaşylbaş ördek. Bu bentler has irki döwürlerden, awçylygyň esasy kesp-kär bolan döwürlerinden habar berýär. Ekerançylyk medeniýeti bilen bagly dörän yrymlardan mysallar: Ekin ekilip başlanylanda, eli ýeňil adama ekdirip başla¬ýarlar. Ekin ekilýän wagty geçip barýan adamlar: «Biriň müň bol¬sun, tohumyň müňlesin!» di¬ýip geçýärler. Ekin ekip ýören hem: «Aýda¬nyňyz gelsin, Taňry ýalkasyn!» diýip jogap berýär. Adam¬lar: «Şeýle edilse, işimiz şowly bolar» diýen ynanja eýerip¬dirler. Ekin ekilip ýörlen wagty: «Tohum başy ýokary!» hem diý¬ler ekeni. Onda ekin eýesi: «Duşman başy aşak!» diýip jogap gaýtarypdyr. Geçip barýanlar: «Tohumyňa bereket, ömrüňe bere¬ket!» diýen ýaly alkyşly sözleri aýtmalymyş. Ýagşy sözler aý¬dylsa, agzyň dogaly bolsa, ekin gowy bitermiş. Gök ekin gowy bitende ýagşy arzuw-niýet¬ler bilen Baba¬daýhanyň hatyrasyna hudaý¬ýoly berler ekeni. Eger ekin goşadan düwse, (goşa hyýar, goşa gawun, goşa pomidor) oňa «Hydyr gören» diýilýär. Eger-de gawun bolsa ýanyna dokuz sa¬nysy goýlup, hyýar, pomidor bolsa ep-eslisi goýlup, iň ýakyn adamyňa, obadaşyňa sowgat hök¬mün¬de eltiler ekeni. Ol hem ha¬latlap-serpaýlap goýberer ekeni. Bu yrym şol maş¬galada ekiz çaga bolmagy arzuwlanylyp ediler ekeni. Gawun bol hasyl getirse,üç gezek dokuz gawundan, jemi ýigrimi ýedi gawun geçip barýanlara, goňşy-golamlara paýlanylmalymyş. «Baba¬daý¬ha¬nyň gawunyny iýmäge geliň, how!» diýip gygyr¬malymyş. Käbir maşgalalar ajy ekini ekme¬ýär¬ler. «Ajy zat ekmek dü¬şenok» diýlen ynanja eýeripdirler. Ekin ekilende ýörite sähetli gün saý¬la¬nylypdyr. «Aýyň 9-yna, 19-yna, 29-yna ýyl¬dyz ýerde» diýip, ekin ekmekden sak¬lan¬ylýar ekeni. Ekin ekilip başlanylanda: «Meniň elim däl, Babadaýhanyň eli, birimiz müň bolsun, müňlesin!» diýlip başlanylýar. Geçmişde kanallar, ýaplar, kiçijik sal¬malar ot-çöpden aras¬sa¬lanylyp, ekin su¬wa¬ryşa taýýarlanylyp goýlar ekeni. Aras¬sa¬laý¬jylara «haşarçylar» diýlipdir. Ha¬şar¬çylar ýaplary arassalap ýörkäler, piliň üstüne bir bölejik çörek goýup, geçip barýan ýolagça (erkek adam bolmaly) hödürläpdirler. Ol ýolagçy çöregi alyp, piliň üstüne pul goýmaly eken. Şol pula haşarçylar bir zat alyp dadyşypdyrlar. Eger ýolagçynyň puly bolmasa, ol ýa şol pili beren adam bilen göreşmeli ýa-da gazuw işine kömekleşmeli ekeni. Bu ýabyň akarly bolmagy arzuwlanylyp edilýän yrymdyr. «Ýabyňyz akarly bolsun, ekiniňiz biterli bol-sun!» diýip, geçip barýanlar alkyş sözlerini aýdar ekenler. «Ýabyňyz suwly bolsun!» diýlip, käbir ýerlerde ýaba suw goýberilende, miraby egin-eşigi bilen suwa oklapdyrlar. «Suw bol bolsun!», «Nanly mirap bolsun!» diýip, ýyl gurak gelende täze gazylan ýaba hem miraby oklapdyrlar. Maldarçylyk medeniýeti bilen baglylykda hem ençeme nakyllardyr yrym-ynançlar, alkyş-dileglerdir hüwdüler, monjugatdylardyr läleler döräpdir. Düýeler gelýär hatar, Owsary suwa batar, Agam çykar daňmaga, Ýeňňem çykar sagmaga. Maddy gymmatlyklary bilen aýratyn tapawutlanan, medeniýetiň ikinji gatlagy bolan, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän parfýan medeniýeti hakda arheolog alym W.M. Masson şeýle belledi: “Maddy medeniýet ulgamy hakynda söhbet açylanda, parfýanlaryň döreden maddy mirasy dürli ugurlarda ýüze çykypdyr”. Soňra alym şol döwürlere degişli bolan ajaýyp arhitektura binagärligi hakda gürrüň açmak bilen sözlerini parfýan halylaryna syrykdyryp, sözüni dowam etdi: “Ýazuwly çeşmelerde ýatlanylýan parfýan halylary hem, has dogrusy, sähraýy ýaşaýyş durmuşyna häsiýetli bolan ýüňden taýýarlanan önümler bilen oturymly oazisleriň dokma senetçiliginiň däplerini birleşdiripdir. Belli bolşy ýaly, örän owadan, gelşikli, uçar ganatly ajaýyp bedewleriň tohumlary hem şol göçüp-gonup ýören halklaryň arasynda döräpdir. Meşhur parfýan atlary hem şolaryň hataryna girýär”. Şu agzalýan ajaýyp maddy gymmatlyklar hem dünýä medeniýetiniň gazananlarynyň hataryna goşulyp, şu günki günde – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen türkmen halkynyň şan-şöhratyny arşa göterdi, türkmen halkyny dünýä ýüzüne tanatdy. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň birinji tomunda medeniýetiň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň uly ähmiýetiniň bolandygyny gaýta-gaýta nygtaýar. Kitabyň sözbaşysyndan şeýle setirleri mysal alyp göreliň! “Watanymyzyň taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny hem juda uludyr. Gadymy ýoluň Hazar deňzinden günbatara, Amyderýadan gündogara, Üstýurt düzlügindçen demirgazyga, Köpetdagyň gerişlerini aşyp günorta sary uzaýan ýollaryň ugry bilen türkmen medeniýeti dünýä ýaýrady, oguz paýhasynyň kökleri yklymlara uzady. Şol ýollar hem dürli medeniýetlerden bolan adamlary birleşdirdi, olaryň arasynda hem toplanylan tejribeleriň, başarnyklaryň, açyşlaryň, oý-pikirleriň, ruhy gymmatlyklaryň özara gatnaşygy kemala geldi, ynam-ynançlary ýaýbaňlandy. Netijede, Beýik Ýüpek ýoly yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Türkmenistan bu halkara söwda-medeni ýolunyň ýüregi – hereketlendiriji güýji hökmünde taryhyň sahnasynda esasy orny eýeledi.” W. M. Masson seljuklar döwrüniň medeniýetiniň ösüşlerini üçünji esasy gatlak hasaplaýar. Medeniýetiň ikinji we üçünji gatlagyndaky ösüşleriň barysy hem Beýik Ýüpek ýolunyň döremegi we ulanylyp başlanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Hiç bir ýurt bilen aragatnaşyk saklamaýan, bir çola ýerde ýerleşen milletleriň ösüşi bilen üstünden ýollar geçip, dürli ýurtlar bilen söwda we medeni aragatnaşyklary bolan ýurduň ösüşini hiç bir babatda deňeşdirip bolmajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Hormatly Prezidentimiziň kitabyň birinji tomundaky bu baradaky ýazgylaryndan bir mysala ýüzleneliň!“Üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurtlaryň ösüşi beýlekilerden mesaňa tapawutlanýar. Oňa halkara söwda ýoly güýçli itergi beripdi. Mundan birnäçe asyr öň ýurdumyzdan sansyz kerwenler geçen gumaksy ýollaryň ýakasyndaky taryhy-medeni hem-de arheologik ýadygärlikleriň köpüsiniň galyndylary şol täsin aragatnaşyk torunyň täsirinde dörän, ösen ykdysady-medeni ojaklaryň yzlarydyr.” Bu ýadygärlikleriň ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň ikinji tomunda şeýle ýazýar: “Ýadygärlikler döwürleriň şaýady, wakalaryň gözi-gulagy. Munuň şeýledigine olaryň öz medeni gatlaklarynda apalap saklaýan täsin arheologik tapyndylary aýdyň subutnama”. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Merw şeýle ojaklaryň esasylaryndan biridir. Şäheriň baý kitaphanalary barada arap geografy Ýakut al-Hamawy gyzykly ýazgylar galdyrypdyr. Şeýle taryplanan Merw çetdäki oba-şäherlerden neneň tapawutlanmasyn?! Dürli ýurtlardan bolan, dürli kärler bilen meşgullanýan adamlaryň özara dostlukly aragatnaşykda bolmagy, söwda alyş-çalşygyny etmegi maddy we medeni gymmatlyklaryň döredilmegine-de uly täsirini ýetiripdir. Çünki uzak taryhy asyrlaryň geçmegi bilen adamzat gitdigiçe kämilleşipdir, bilýänlerini biri-birine öwredipdir, şeýlelikde, kem-kemden has ajaýyp gözellikleri döretmegi başarypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň dörän döwründe gülläp ösen Parfiýa döwleti zamanasynda dowam eden medeniýetiň ikinji gatlagy bolan parfýan medeniýeti döwründe, ýokarda hem ýatlap geçişimiz ýaly, ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklar döräpdir. Medeniýetiň üçünji gatlagynyň dowam eden döwri bolan seljuklar zamanasynda bu ýoluň ugrunda ýerleşen şäherleriň, ilatly ýerleriň ösüşi has hem belent derejelere göterilipdir. Bu ösüşleriň baş sebäbi hem Beýik Ýüpek ýolunyň bu şäherleriň, ilatly ýerleriň göni üstünden geçmegi, halklaryň arasynda dowam edip gelen ysnyşykly ykdysady we medeni aragatnaşyklaryň has berkemegi bilen baglanyşyklydyr. Halklaryň arasyndaky özara gatnaşyklar has ýygjamlaşyp, olar ýyl geldikçe has ýakynlaşypdyrlar. 1063-nji ýylda Togrul soltan Bagdat halypasynyň gyzyna öýlenende nakgaşlar oňa altyn medalyň ýüzüne öz suraty çekilen sowgat beripdirler. Sungat, edebiýat, ylym ösüpdir. Suratkeşler, heýkeltaraşlar diwar suratlaryny çekmekde, dürli heýkeller ýasamakda tapawutlanypdyrlar. Dürli haýwanlaryň şekilleri, erkek, aýal adamlaryň suratlary mermeriň ýüzüne çekilipdir. Muňa arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan tapyndylar güwä geçýär. Seljuklar döwründe yslam dininň güýçli ösenligine garamazdan, sungat şeýle belent derejelere galypdyr. Şular ýaly ajaýyp sungat eserleri Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen goňşy döwletlere hem ýaýrapdyr. Bu bolsa şol wagtlar medeniýetiň ösenligini tassyklaýar. Umuman, seljuklar döwründe döredilen nakgaşçylyk önümleri täsinligi, ajaýyplygy, nepisligi bilen haýran galdyrypdyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň birinji tomunda täze Nusaýdan on kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Paryzdepe ýadygärligi hakda hem aýratyn gürrüň edilýär. Arheologlaryň maglumatlaryna görä, bu ýerde b. e. ö. V asyrda şäher döräpdir. Şäher giçki orta asyrlara çenli öz ösüşini dowam etdiripdir. Ilki Parfiýa şalygy döwründe ösen bolsa, soňra Seljuk imperiýasy döwründe öz ösüşlerini täzeden dowam etdiren şäher bolupdyr. Bu hili obalar, şäherler, ýadygärlikler hakda kitabyň iki tomunda-da has giňişleýin söhbet açylýar. Agzalýan ýerlerde beýik-beýik şahsyýetleriň düşläp geçenligi hakda kitapda maglumat berilýär. Häzirki döwürde diwar galyndylary saklanyp galan Seýit Jemaletdin metjidi hem Beýik Ýüpek ýolunyň dowam eden döwürlerinde (ХV) gurlupdyr. Metjidiň ýüzünde iki sany aždarhanyň şekili çekilip, ol suratlar metjit ýykylmazyndan öň (1948) bar ekeni. Bu, elbetde, Türkmenistanda medeniýetiň we sungatyň ir döwürlerden gözbaş alyp gaýdandygyna şaýatlyk edýän ajaýyp sungat eseriniň galyndysydyr. Häzirki döwürde saklanyp galan, täzeden timarlanan ajaýyp ýadygärlikleriň, beýik-beýik danalaryň aramgähleriniň çeper bezegleri güneşli Watanymyzda geçmişde binagärlik sungatynyň, suratkeşligiň ösenliginiň şaýadydyr. Käbir arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan binalaryň galyndylarynyň diwarlarynyň ýüzüne haly gölleriniň nagyşlanandygy, nagyşlaryň sudurlarynyň görnüp durandygy hakda arheologlar maglumatlar berýärler. Beýle ýadygärlikleriň sany iňňän kändir. Bularyň ählisi türkmen halkynyň asyrlardan asyrlara uzap gelen çeperçilik dünýägaraýşynyň örän giňdigine, bitewidigine, dowamlydygyna şaýatlyk edýän ýagdaýlardyr. Parfýan medeniýeti alymlaryň bellemegine görä, taryhda uly yz galdyran medeniýet, paýtagty Nusaý bolan Parfiýa döwletiniň döräp, pajarlap ösen döwürleri hem, ýokarda ýatlap geçişimiz ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň işläp başlan ýyllaryna gabat gelýär. Gürrüňi edilýän döwürlerde ata-babalarymyz hut Türkmenistanyň häzirki çäklerinde özleriniň medeniýetleriniň ösüşini dowam etdirip, dünýäniň öňdebaryjy imperiýalaryna deňleşipdirler. Parfiýa döwletiniň dünýäniň dört sany Beýik imperiýasynyň biri bolmak derejesine ýetendigi hakda ylmy edebiýatlarda ýygy-ýygydan ýatlanylýar. Hut şol ýagdaýlardan netije çykaran hormatly Prezidentimiz “Keremli topragymyz adamzadyň medeni ösüşiniň sallançagydyr” diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň ýatlaýan adamzadyň ykbalyna düýpli täsir eden medeni hadysalarynyň biri hem halkyň medeniýetiniň ösmegine has-da düýpli täsirini ýetiren Beýik Ýüpek ýolunyň esasy böleginiň Türkmenistanyň çäklerinden geçmegidir. Türkmenistan şu Watanyň çäklerinde ilkinji nusgalary döredilen, kem-kemden kämilleşip, häzirki döwre ähli ajaýyplygy bilen gelip ýeten, özboluşly aýratynlyklary bilen şu günki günde hem dünýä halklarynyň arasynda uly şöhrata eýe bolan maddy we ruhy gymmatlyklary – adam ýaly syzýan, gamyşgulak bedewleri, gözleriňi dokundyrýan gyrmyzy halylary, täsin zergärçilik sungaty, jadyly nagyşlary, şeýle hem, baý ruhy mirasy bilen dünýä medeniýetinde öz mynasyp ornuny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz “dünýä medeniýeti” diýen düşünjä kesgitleme berip, şeýle ýazýar: “Dünýä medeniýeti dünýä halklarynyň medeniýetleriniň jemidir. Mes toprakda ekilen agajyň bol miwe getirişi ýaly, her bir halk öz medeniýeti bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna goşandyny goşýar. Türkmen medeniýeti hem umumadamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşan medeniýetdir we şol bir wagtyň özünde bütin adamzadyň baýlygydyr. Bu medeniýet özüniň ösüşinde uzak taryhy ýoly – adamzadyň döreýiş döwründen, tä biziň günlerimize çenli eýýamlary aşyp, heňňamlary hem-de döwürleri geçip gelýär. Türkmenistanyň köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan buýsançly medeniýeti adamzadyň geçmişine göz aýlamaga, halklaryň we medeniýetleriň özara gatnaşygyna düşünmäge hem-de olary ösdürmäge ýardam berýär.” Medeniýet düşünjesi örän giň düşünje, her bir halkyň medeniýeti, elbetde, uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşip, bitewi bir medeniýet ulgamyny emele getirip, ösen ylmy jemgyýetçilik zamanasyna gelip ýetipdir. Jeýtun medeniýetinden gözbaş alyp gaýdan ekerançylyk, maldarçylyk medeniýeti, binagärçilik sungatynyň häzirki döwre gelip ýeten galyndylary, halycylyk, seýisçilik, zergärçilik sungaty, türkmen milletiniň guýmagursak zehinlileri tarapyndan döredilen umman kimin hazyna bolan baý ruhy mirasy, garaz, “sanasaň sogaby bar”. Her bir milletiň zehinli wekilleri öz halkynyň medeniýetini ösdürmek üçin yhlas bilen zähmet çekipdirler. Ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklary döretmäge we nesillere miras goýmaga çalşypdyrlar. Bu ajaýyp maddy gymmatlyklaryň ählisi hem halk döredijiligidir. Halk döredijiligi diýlen düşünje, folklor düşünjesine garanyňda, has giň bolup, oňa halkyň döreden ähli baýlyklary girýär. Her bir türkmen hojalygyna barsaň, ýa altyn-kümüş bezeg şaýlary ýasalýandyr, haly-palas dokalýandyr, keçe edilýändir, içmek-possun tikilýändir, dutar-gyjak ýasalýandyr, her hili parçalar dokalýandyr, aýdym-saz sungaty bilen meşgullanylýandyr. Käbir öýlerde bedewler seýislenýändir. Bu ýagdaý Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlarynda, şol ýyllarda hem şeýle bolupdyr. Muňa alymlaryň taryhyň gatlaryny açyp, ýazan ýazgylary hem şaýatlyk edýär. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan gözbaş alyp gaýdan, yzygiderli kerwen gatnawlary ýola goýlan bu şanly ýol barada alymlaryň ýazgylary, agtaryşlary, gözlegleri gymmatly maglumatlary ýüze çykarýar. Dürli ýurtlaryň taryhçy alymlary, arheologlar, etnograflar bu ýol hakdaky pikirlerini, toplan maglumatlaryny, çaklamalaryny ylmy makalalarda, monografiýalarda, dürli ýazgylarda halka ýetiripdirler. Uzak asyrlaryň dowamynda döredilen baý mirasyň ajaýyp nusgalary dünýä medeniýetine gymmatly goşantdyr. Maddy we ruhy miras medeni mirasyň özenini düzýän gymmatlyklardyr. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti hiç wagt gymmaty egsilmejek baý mirasymyz baradaky filosofiki oýlanmalaryny jemläp, halkyň uzak ýyllaryň dowamynda döredip, kem-kemden kämilleşdirip, Berkarar döwleimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetiren maddy we ruhy gymmatlyklaryna şeýle kesgitleme berýär: “Maddy miras – gara gözüňe, mähirli duýgularyňa yssylyk çaýýan ähli zatlardyr. Ruhy miras – dil, aň, hakyda bilen asyrlardan asyrlara geçen gymmatly edebi eserlerimizdir, halk döredijiligimizdir, şirin mukamdyr sazlarymyzdyr, aýdymlarymyzdyr..” Haýsydyr bir halk hakynda söhbet açylsa, öňi bilen onuň sungatynyň, medeniýetiniň, ruhy baýlygynyň näderejededigi bilen baha berilýär. Her bir halk öz baý mirasynyň maddy hem ruhy gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ahlak ýörelgelerini birden döredäýmändir. Olar uzak asyrlaryň dowamynda döräp, kem-kemden kämilleşipdir. Diýmek, halklar zähmet, hereket, iş hem akyl bilen döreýän maddy medeniýetini hem, onuň bilen bir wagtda döreýän, ummasyz akyl zähmetini talap edýän ruhy medeniýetini hem asyrlaryň dowamynda dikeldipdirler. Halklaryň uzak ýyllaryň dowamynda sünnäläp, timarlap gelen gymmatlyklary örän aýawly saklanylmalydyr. Bu barada alym I. W. Suhanowyň pikiri has düşnükli, özüne çekijidir. Ol hemme zatlary düzedip, täze-täze binalar salyp, ýurdy gözelleşdirip boljakdygyny, ýöne haýsydyr bir halkyň öz ata-babalaryndan galan däp-dessurlaryndan, mirasyndan daşlaşsa, ony täzeden dikeltmekligiň kyn düşjekdigini barada pikir ýöredýär. Alymyň bu pikiri ähli halklaryň däp-dessurlary, mirasy öwrenilende-de ulanarlyklydyr. Bu pikiri medeni gymmatlyklaryň ähli görnüşleri babatda hem ulanmak bolar. Türkmen halkynyň döreden we kämilleşdirip häzirki döwre ýetiren maddy we ruhy baýlyklary mukaddeslik derejesindäki gymmatlyklardyr. Bu mukaddeslikleri harlanlary türkmen hakyky adam hasaplamaz. Şol mukaddeslikleriň biri hem seýisçilik sungatynyň wekilleriniň erjel zähmeti bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, gülläp ösen döwletleriň biri bolan Parfiýa döwletinde ösdürilip ýetişdirilen, kem-kemden kämilleşdirilip gelen bedew atlardyr. Ýene-de biri Beýik Ýüpek ýoly bilen uzak menzilleri söküp, gündogaryň Beýik imperiýasy Hytaý bilen günbataryň Beýik imperiýasy – Rimiň arasynda täjirleriň söwda aragatnaşygyny ýola goýup, gatnap ýören ýyllarynda hem gelin-gyzlaryň el hünärinden dörän, älem halklaryny haýrana goýýan türkmen halylarynyň, ezber seýisleriň seýislän bedew atlarynyň türkmen medeniýetiniň ikinji gatlagy bolan parfýan medeniýeti döwründe dünýä halklarynyň arasynda uly şöhrata eýe bolandygyny görnükli alymlar W.W. Bartold, W. M. Masson aýratyn nygtap geçýärler. Türkmen halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda döredip, ösdürip, kämilleşdirip häzirki döwre ýetiren maddy mirasynyň bir görnüşi bolan halyçylyk sungaty barada gürrüň açylanda, ajaýyp, syrly gölleri bilen göreniň akylyny haýran edýän, gyrmyzy köz ýaly lowurdap duran türkmen halylary, palaslary, owadan nagyşlar salnan keçeleri barada ýatlaman geçmek asla mümkin däl. Çünkibu ajaýyp eserler sungat daragtynyň aýrylmaz şahalaryndandyr. Hormatly Ýurtbaştutanymyzyň bu nepis sungata bolan söýgüsi “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly gymmatly kitaplaryň döremegine getirdi.Türkmen halysy özüniň nepisligi, berkligi, täsin reňki, owadan nagyşlary bilen dünýä ýüzüniň halklaryny haýran galdyrmagyny uzak asyrlarda dowam edip gelýän nepis sungatdyr. Häzirki döwürde hem türkmen halysynyň muzeýinde nusgasy saklanylýan ikiýüzli halylaryň döreýşi barada halk arasynda saklanyp galan rowaýat hem üns bererliklidir. Gadym zamanlarda bir aýalyň adamsy hem erkek dogany ýesir düşüpdir. Aýal yzlaryndan gidip, olaryň äkidilen ýerlerini tapyp, hanyň ýanyna baryp, ”Han aga, men öz el hünärim bilen ýesirlerimi halas edip bilmerinmi?! Eger rugsat berseňiz, men size üýtgeşik bir haly dokap bereýin, sizem meň ýesirlerimi boşatsaňyz!” diýýär. Han razy bolýar. Ol ähli işlerini birýana taşlap, şol üýtgeşik halyny dokap başlaýar. Bir aý müddetden soň haly taýýar bolýar. Aýal dokap bolan halysyny alyp, hanyň ýanyna barýar. Halyny ýere ýazanynda, han halynyň şeýle nepisligine, ajaýyplygyna haýran galýar. – Örän nepis haly dokapsyň, ýöne seň dokan halyň ýeke-dä, şoň üçin menem ýesiriň birini halas edip bilýän, haýsyny alsaň alaý!” diýýär. Zenan: – Ýok, han aga, men ýeke haly dokamadym” diýip, owadan gölli halyny beýlesine öwürýär weli, türkmen ýaýlasynyň gözelliklerini görkezip, lowurdap ýanyp duran hala hanyň gözi düşýär. Ine, han aga, men ikiýüzli haly dokadym – diýipdir. Han: – Äkidiber ýesirleriňi, men seniň sungatyň öňünde baş egýän – diýipdir. Şondan soň juda çeper gyz-gelinler hem ikiýüzli haly dokamagy öwrenipdirler. Uzak döwürleriň dowamynda dürli özgerlişikler bolup geçýär. Uly üstünlikler döwründe milletiň ruhy ýokary göterilýär, şonda her bir halkyň döreden milli baýlyklarynyň abraýy artýar. Türkmen halkynybu beýik sungatsyz göz öňüne getirmek mümkin hem däl. Parfýan medeniýeti döwründe uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen halylary Beýik Ýüpek ýoly bilen söwda gatnan täjirleriň hem esasy harytlaryndan bolupdyr. Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlaşyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjy, buýsanjy, halkyň ýüzüniň tuwagy. Türkmen halylary, olaryň täsin nagyşlary hakda arheologlar hem öz işlerinde ýatlap geçýärler. Şu ýerde arheolog alym W.I. Sarianidiniň sözlerini mysal getirmek bolar: “Garagumuň yssysynda dokma önümleri uzak wagtlap abat saklanmaýar, emma gadymy döwürlerden galan gaplaryň ýüzlerinde biri-birine meňzeş haly nagyşlaryny görüp bilýäris. Olar türkmen haly nagyşlaryna örän meňzeş. Bu keramika önümlerindäki şekiller pars, kawkaz halylarynda ýok, diňe türkmen halylarynda bar...” Aradan uzak heňňamlar geçse-de, arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan tapyndylaryň haýsy millete degişlidigini arheologiýa ylmy anyklap berýär. Arheolog alym M.Ý. Masson “Ýüňden dokalan Parfiýa halylary Rimde gowy tanalýar ekeni we şol ýerde käbir özboluşlylyklary bilen özüne uly ünsi çekipdir. Olar diňe bir Piliniýniň aýdan “özboluşly boýag ulanylyşy” bilen däl, eýsem, nagyşlary we dokalyş usuly bilen-de tapawutlanypdyr... Nusaýda gazuwlar geçirilende üsti açylan käbir otaglaryň giň diwarlary nagyşlar bilen bezelmändir, diňe tekiz ak reňk çalnypdyr. Megerem, halylar diňe ýere düşelmän, eýsem, şol otaglaryň diwarlaryny-da bezändirler” diýip ýazýar. Häzirki döwürde-de ajaýyp türkmen halylarynyň ýere ýazmaga rowa görülmän, diwarlardan asylyp goýulýan halatlary gabat gelýär. Megerem, bu hem geçmişden galan ynançlar bilen baglanyşyklydyr. Türkmen halylary hem keçeleri sungat daragtynyň esasy şahalaryndandyr. Bular türkmen aýal-gyzlarynyň erjel, tutanýerli zähmetiniň netijesinde dörän nepis sungat eserleridir. Türkmen halky taryhyň gatlarynda köp kynçylyklary başdan geçiripdir. Olar göçüp-gonup ýören wagtlarynda hem özleriniň genji-käni hasaplan halylaryny goraglap saklapdyrlar. Pazyryk depesinde gazuw-agtaryşlar geçirilende tapylan haly we keçe bölekleriniň türkmenlere degişlidigini alymlaryň ykrar etmegi hem bu sungatyň iňňän gadymy döwürlerde-de bolandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen halkynda “Ýaz ýüňi keçä bolmaz, güýz ýüňi – hala” diýen nakyl bar. Nakyllardyr atalar sözi durmuşda ýaşamaga, öz ornuňy tapmaga ýol görkezýär. Türkmen aýallary hem nakyllara uýup, haly üçin ýaz ýüňüni, keçe üçin güýz gyrkymyndaky ýüňi taýýarlapdyrlar. Goýun ýüňi köp ýerde ulanylypdyr. Şonuň üçin-de, türkmen folklorynda gabat gelýän goýun bilen geçiniň aýdyşygyndaky goýnuň adyndan aýdylýan sözler hem üns bererliklidir: Süýdümden sargan bolar, Ýüňümden ýorgan bolar, Gyzlaň gyzyl-alasy Olar hem menden bolar Ýüňleri keçe gamşynyň üstüne ýaýradyp, güllerini, reňklerini ýerbe-ýer goýup, ilki bilen keçäniň suduryny taýýarlapdyrlar. Her welaýatyň öz nagyşlaýan gülleri bar, käbirleri ikitaraplaýyn gülleýärlerler, käbirleri bolsa bir tarapyny gülläp, bir tarapyny gülsüz edýärler. Güllemek işleri berjaý edilensoň, erkek adamlar gezekleşip, gamşa salnan keçäni ep-esli wagtlap togalaýarlar. Keçe çekmeklik, ýagny gamşy togalanlarynda keçäniň gülleri berk, gozganman durar ýaly, üstünden gyzgyn suw sepeläp berkidýärler. Ondan soňra keçäni basmak işine girişilýär. Bu iş hem 5-6 sagat dowam edýär, ýöne käbir ýerlerde uzyn günläp basylýar, ol keçeler has berk bolýar. Elbetde, sungatyň bu görnüşleri nesilden-nesle geçip, hut häzirki döwürde hem dowam edip gelýär. Türkmenlerde hem, ähli musulman halklarda bolşy ýaly, düýe ýüňi mukaddes, keramatly hasaplanylýar. Ondan düýe ýüň saçaklar, çäkmen, ellik, oýluk, eňsi ýaly aýak astyna atylmaýan zatlar taýýarlanylýar. Umuman, türkmenlerde amaly-haşam sungatyna degişli önümleriň köpüsi aýal-gyzlaryň ýadamazak zähmetiniň netijesinde döräpdir. Elbetde, şeýle önümleriň ählisi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen oba-şäherlerde yzygiderli öndürilip durupdyr hem-de söwda maksatlarynda ulanylypdyr. Taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýan pähim-paýhas siňdirilip döredilen maddy we ruhy gymmatlyklaryň umman kimin hazynasyny döreden türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň gözbaşynda uzak asyrlaryň dowamynda köpçülik tarapyndan döredilen halk döredijiligi atlandyrylýan gymmatly baýlyk durýar. Çünki maddy gymmatlyklary hem, ruhy gymmatlyklary hem halkyň zehinli wekilleri döredýär. Has takyk aýdylanda, maddy we ruhy gymmatlyklaryň ähli görnüşleri medeni giňişlikde halk köpçüligi tarapyndan döredilýär. Şonuň üçin-de, ähli döredilen maddy we ruhy gymmatlyklar halk döredijiligidir. Adamzat elmydama medeni giňişlikleriň merkezinde bolýar, milli gymmatlyk derejesine ýetirilen medeniýetiň ýagdaýy, onuň ösüşi, yza galyşy hem adamynyň başarnygyna baglydyr. Adam uzak ýyllaryň dowamynda döredilen medeniýete parhsyz garaýarmy, ýa-da oňa bolan söýgüsi güýçlimi, şol medeniýetiň ösmegine goşant goşmaga çalyşýarmy, ýa-da ata-babalar tarapyndan dikeldilen medeniýeti ýumurýarmy?! Ine, medeni giňişlikde şu soraglara jogap tapmak mümkin. Bu ajaýyp gymmatlyklar döredilende adamlaryň biri-biri bilen aragatnaşykda bolmagynyň, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň, ynsanlaryň bir-birekden täsirlenmeginiň netijesinde ýüze çykan dürli medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň oňyn netijelere getirendigi, elbetde, ikuçsyzdyr. Halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklar adamlaryň aň-düşünjesiniň ösmegine oňaýly täsirini ýetirip, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň özgermegine sebäp bolýar. Milletleriň özara gatnaşyklary adamlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp, ýagşy gylyk-häsiýetleriň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has berkleşmegine mümkinçilik döredýär. Güneşli Türkmenistan Watanymyz ýokarda agzalyp geçilen gymmatlyklary bilen beýleki köp sanly Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen döwletlere garanda, dünýä medeniýetiniň ösüşine has uly goşant goşan ýurtlardan hasaplanylýar. Halklaryň ösüşine uly täsirini ýetiren bu ýoldan gatnan dürli halklaryň wekilleri, dürli hünärdäki adamlar, esasan-da, täjirler milletleriň özara ýakynlaşmagyna, ysnyşmagyna, dostlukly aragatnaşyklaryň ýüze çykmagyna, şonuň netijesinde hem, tutuş jemgyýetiň aň-düşünjesiniň ösmegine, medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna ýardam beripdirler. Aň-düşünjesi ösýän halkyň hem ümzügi öňe sary bolýar, medeniýeti gitdigiçe ösýär, zehinliler, hünärliler köpelýär. Türkmenistan Watanymyzda öndürilýän dünýä halklarynyň arasynda aýratyn sarpa goýulýan örän ajaýyp maddy gymmatlyklar we baý ruhy miras munuň aýdyň subutnamasydyr. ■ Peýdalanylan edebiýatlar: 1. Berdimuhamedow G. Türkmen medeniýeti. A., 2015 2. Berdimuhamedow G. Arşyň nepisligi.A., 2016 3. Berdimuhamedow G. Türkmensitan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi. I tom, A., 2017 4. Berdimuhamedow G. Türkmensitan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi. II tom, A., 2018 5. Жуковский В.А..Развалина старого Мерва. M.,1894 6. Бартольд В.В. История культурной жизни Туркестана. Л.: 1927 7. Masson M.Ý. Народы и области южной части Туркменистана в составеПарфянского государства. Труды ЮТАКЭ. Т..V, Ашхабад, 1955 8. Пугаченкова П.А. Пути развития архитектуры Южного Туркменистана поры рабовладения и феодализма. ЮТАКЭ. том VI, 1958 9. Бартольд. В.В. Сочинения. T.1,4,9, M.1963. 10. Сарианиди В.И. Тайны исчезнувшего искусства Каракумов. М., 1967 11. Суханов И. В. Обычаи, традиции и преемственность поколении. М., 1976. 12. Бартольд В.В. Ближайшие задачи изучения Туркестана. т IX., 1977 13. Культурное наследие Туркменистана. Санкт-Петербург, 2000 14. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi. A., 2005 15. Seljuklar döwrüniň edebiýaty we medeniýeti. Halkara ylmy maslahatyň tezisler ýygyndysy. A., 2009 16. Hojanyýazow T., Gurbanow A.,Öwlüýägulyýew M. Beýik Ýüpek ýoly. A., 2011 17. Rowaýaty aýdyp beren : Oguljahan Gurbandurdyýewa, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, terbiýeçi mugallym, 56 ýaşly, ýazylyp alnan wagty 2017-nji ýylyň tomus aýlary. 18. Awtoryň şahsy arhiwinde saklanylýan maglumatlar. ■ Çykgyt Seret: Культурное наследие Туркменистана. Санкт-Петербург, 2000, 9-11-nji sah. Berdimuhamedow G. Türkmen medeniýeti. A., 2015, 27-nji sah. Berdimuhamedow G. Türkmen medeniýeti. A., 2015, 27-nji sah. Бартольд В.В. История культурной жизни Туркестана. Л.: 1927, 11-nji sah. Бартольд В.В. История культурной жизни Туркестана. Л.,1927, 12-nji sah.. Seret: Бартольд В.В. Ближайшие задачи изучения Туркестана. т IX., 1977, 546-555-nji sah.. Пугаченкова П.А. Пути развития архитектуры Южного Туркменистана поры рабовладения и феодализма. ЮТАКЭ. том VI, 1958, 12-nji sah. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi. A., 2005, 13-nji sah. Çalganak – guş ady. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi. A., 2005, 36-njy sah. Awtoryň şahsy arhiwinde saklanýan maglumatlardan. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi. A., 2005, 334-nji sah. Культурное наследие Туркменистана. Санкт-Петербург, 2000, 10-njy sah.. Berdimuhamedow G. Türkmensitan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi. I tom, A., 2017, 19-njy sah. Berdimuhamedow G. Türkmensitan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi. I tom, A., 2017, 26-njy sah. Berdimuhamedow G. Türkmensitan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi. II tom, A., 2018, 17-nji sah. Bu barada seret: Seljuklar döwrüniň edebiýaty we medeniýeti. Halkara ylmy maslahatyň tezisler ýygyndysy. A., 2009, 167-nji sah. Berdimuhamedow G. Türkmen medeniýeti. A., 2015, 18-nji sah. Berdimuhamedow G. Türkmen medeniýeti. A., 2015, 25-nji sah.. Bu barada seret: Жуковский В.А..Развалина старого Мерва. M.,1894. Бартольд. В.В. История культурной жизни Туркестана. Л. 1927. Сочинения. T.1,4,9, M.1963. Hojanyýazow T., Gurbanow A.,Öwlüýägulyýew M. Beýik Ýüpek ýoly. A., 2011. Berdimuhamedow G. Arşyň nepisligi.A., 2016, 42-43 sah. Bu barada seret: Суханов И. В. Обычаи, традиции и преемственность поколении. М., 1976. Seret: Бартольд. В.В. Сочинения. T.1,4, 9, M.1963., Культурное наследие Туркменистана. Санкт-Петербург, 2000. Rowaýaty aýdyp beren; Oguljahan Gurbandurdyýewa, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, terbiýeçi mugallym, 56 ýaşly, ýazylyp alnan wagty 2017-nji ýylyň toms aýlary. Сарианиди В.И. Тайны исчезнувшего искусства Каракумов. М., 1967, 84-nji sah. Masson M.Ý. Народы и области южной части Туркменистана в составе Парфянского государства. Труды ЮТАКЭ. Т..V, Ашхабад, 1955, 67-nji sah. Awtoryň şahsy arhiwinde saklanylýan maglumatlardan. Bu barada seret: Культурное наследие Туркменистана. Санкт-Петербург. 2000, 14-nji sah.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |