11:05 Bilimdar jikjiki / erteki | |
BILIMDAR JIKJIKI
Ertekiler
Gün guşluga galyp, howa gyzyp ugranda jikjikiniñ çöpden ýasalan çalamydar höwürtgesindäki gögümtil çal ýumurtga birden çat açdy. Jaýrykdan guşjagazyñ çüñki jaýtaryp çykdy. Yzy bilenem agzy sary etene guşjagaz nohutdan sähelçe ulurak kellejigini zarp bilen giñ ýalança çykardy. Ol ilki bada töweregiñ goh-galmagalyndan gorkup, kellesini yza çekip aldy. Ýöne jikjikiniñ çagajygy indi ýumurtganyñ içinde kanagat edip oturyp biljek däldi. Guşjagazyñ täsin dünýädäki bar zady tizräk göresi geldi. Ol kellejigini iki ýana bulaýlap, ysgynsyzja dyrnaklary bilen ýumurtga gabyklaryny döwüşdirip, erkinlige çykdy. Onsoñ erjellik bilen dyrjaşyp, höwürtgäniñ erñegine bardy. Ol gözjagazyny çerrerdip, töwerege göz aýlady. Dünýä göwni ýetmeýän ýaly, çüñküni ýokary tutup, petekesini gaýşartdy. - Päheý, walla, mundanam bir dünýä bormy? Muny guruşlary näteñet? Hemme zady ters gurupdyrlar. Häý, akmak guşkelleler diýse! Ýer ýokarda bolup, gök aşakda bolmaly ahyry! Eger şeýle gurlan bolsa, bir jandarlar - adamlaram, pillerem, düýelerem asmanda gaýyp uçup ýörmeli! Onda menem haçan ganatym bekärkä diýip garaşyp oturman, bu wagt howada gaýyp, dünýäñ bar ýerini aýlanyp çykaýmaly! Häli görseñ, bu dünýäde asyl akylly jandaram ýokdur. Bir jandar hanjak ýöreýänini, näme üçin, nirä barýanyny bilmän, uguralla uçuşyp ýa ýeriñ ýûzünde gybyrdyklaşyp ýörendir! Bu wagt tokaýyñ gyrasyndaky ýoda bilen bir adam elleeini gaty hallanladyp, gaýralygyna barýardy. Jikijiki ony gördi-de, zordan aýak üstünde sandyrap durşuna ganatjyklaryny kakyp käýindi: - Ol akmaga seret-le! Ol näme üçin ilerik däl-de, gaýrak barýar? Diýmek akyly ýerinde däldir. Päheý ganatlaryny hallanladan bolýar-a. Ol uzyn ganatlardan haçan haýyr görjek diýsene! Ganatlaryñy ýaý-da, göge galyp, barjak ýeriñe tizräk ýeteniñi bil-dä! Eger ol mahluk şu wagt ýanyma sowlup, menden akyl sorasady! Men onuñ üstüni akyldan gömerdim. Ýogsa-da, näme üçin menden akyl soranoklar-a? Hä, indi bildim. Entek iller meniñ dünýä inendigimi bilýän däldirler. Men özümiñ dünýä inendigimi bulara ýagşyja bildirerin! Goý, iller meniñ iñ akylly, bilimdar jandardygymy, hemme zada akyl ýetirýändigimi duýsunlar! Jikjiki ýykylyp-sürşüp, çöp-çalamlaryñ arasy bilen tokaýa bakan siñip gitdi. Gökde ganat ýaýyp saýraýan torgaýy gördi. Oña gygyrdy: - Eý hüpüklije! Beýle saýramaly däl, how! Torgaý saýramasyny goýup, aşak seretdi. Jikjikini gördi. - Eýsem nähili saýramaly? Jikjiki ganatjyklaryny ýaýyp, ysgynsyzja jüýpüldedi. - Jüýp-jüýp! Jüýp-jüýp! Ine şeýle saýramaly! Torgaý gyzyl etene jikjikiniñ daşy guramadyk halyna saýramagy öwretjek bolmagyny halamady. Onuñ ýokarysyndan güldi: - Jyr-ryk! Jir-rik! Jür-rük! Bar, ugra! Jikjiki tokaýyñ gyrasyndaky şüdügär ýerde gagyldaşýan gargalaryñ ýanyna bardy. Olaryñ gagyldysyny goýdurjak bolup köp jüýpüldedi: - Jüýp-jüýp! Goýuñ, how sesiñizi! Men size akyl öwretjek! Sesiñizi goýuñ! Men size neneñsi gagyldamalydygyny öwretjek! Gargalar kah-kah edişil, etenäniñ üstünden güldüler. Olar şeýle bir gaty gülýärdiler welin, jikjikiniñ gorkudan ýaña tas ýüregi ýarylypdy. Ol gaçyl tokaýa girdi. Giren ýerinde-de peçegiñ goluna aýagy çolaşyp büdredi. Onuñ mañlaýy ullakan agaja hütläp degdi. Mañlaýyny awyndyranyñ neneñsi daragtdygyny bilmek üçin jikjiki gözüni depesine dikdi. Asyl onuñ süsüşeni agaç däl-de, äpet piliñ aýagy ogşyýan! Guşjagaz gaýra çekilip, pili ýagşyja synlady. Içinden pikir öwürdi. "Be, walla, bu haýsy guşka?! Bu nädip uçýarka?!.. Äý, bu guş däldir. Men bilsem, bu pil diýilýän mahlukdyr. Men pillere beletdirin. Bularda akyl bolmaz. Gel, men muña akyl bereýin". Ol galdagyp duran çöpe çykdy-da, jüýpüldäp, pile akyl berip ugrady: - Eý, pil pälwan! Sen näme üçin bu taýda irkilip dursuñ? Bar, höwürtgäñe gir-de, şol ýerde arkaýyn dynjyñy al. Dik duran ýeriñde uklamaga utanañokmy? Pil onuñ jüýpüldisini eşitdi. Ol holtumyny iki ýana bulaýlady: - Äl, bu jyññyldaýan kim-aýt?! Bi çybyndyr ýa çirkeýdir! Hudaý saklawersin, soñky günlerde çybyn bilen çirkeý köpelipdir. Hut gözüñe gaçjak bular! Pil gapdaldaky çalpawa holtumyny sokdy. Jikjiki gaty gaharlandy: - Eý, pil pälwan, gözüñi giñräk açyp seret. Men çybynam däl, çirkeýem. Men akylyñ öýi. Men dünýäde iñ akylly guş. Men... Ol sözüniñ yzyny aýdyp bilmedi. Sebäbi, pil holtumyndaky suwy şeýle bir zarp bilen pürküp goýberdi welin, guşjagaz togalanyp-togalanyp, öz höwürtgesindenem añryk gum içine düşdi. Ol ganatlaryny topraga urup, çüñküni ýere urup, zordan iki aýagynyñ üstüne galdy. Daş-töweregine göz aýlady. Nirä seretse, üsti çerkezli gum depeleri! Ol ýene käýindi: - Ýeri, munça çägäni näme üçin üýşürdilerkä? Çäge gerek bolsa, şunuñ bir üýşmegem ýeterlik ahyry! Galan çägeleri ýele sowurmak gerek! Şol wagt gum alakasy hinden çykdy. Çommalyp oturdy-da, giñ dünýäni synlady. Jikjiki kellesini ýaryp gelýän akylyny esger ýaly, ýagny akyl berer ýaly jandara duşanyna begendi: - Eý, akmak, bärräk gel-de, maña gulak as. Men saña akyl öwretjek! Gum alakasy kürümine kürsäp urdy-da, çala kellesini görkezip, guşjagaza gygyrdy: - Eý, bilimdar! Akylyñ kän bolsa, añryña seret! Pişik gelýär! - Gelende näme? Men ojagaz akmaga akyl öwrederin! Guşjagaz murtlary syh-syh, çal pişige gañrylyp seretjek bolanda aýaklary taýyp, garañky kürüme gaçdy. Şeýlelikde, ol pişikden aman gutuldy. Ýöne onuñ özi welin, pişige azajygam bolsa, akyl öwretmäge ýetişmänine ökündi. Guşjagaz ölümiñ öýünde kürümden çykdy. Alaka eýýäm öz kürüminiñ agzynda ýelejiräp otyr eken. Guşjagaz jüýpüldedi: - Hany ýañky pişik? - Hudaýa şükür, geçip gitdi! Seni görmedi. Şoña begen! - Wah, men oña akyl öwretjekdim. - Häý, guşkelle diýsänim! Olar ýaly galtaman pişik bilen oýnuñ deñ gelmez. Ýanyna bararsyñ welin, lak-luk atar agzyna. Onsoñ sen pişigiñ garnynda oña akyl öwreder ýatarsyñ! - Onda men öz akylymy saña öwredeýin! - Maña señ akylyñ derkar däl. Git-de, özüñ ýaly akmagy gözle! Gum alakasy oña jort atdy-da, kürümine girip gitdi. Jikjiki akyl öwreder ýaly jandar gözläp, köp ýerlere aýlandy. Ýöne onuñ sözüni diñlän bolmady. Oña duşanlaryñ hemmesi: "Bar, gitsene! Bizi iş-aladamyzdan goýjak bolma! Bar, ugra! Özüñ ýaly guşkelläni gözle!' diýýärler. Ertesem, birigünem şeýle boldy. Bir gün ol gaty gaharlanyp, takyrjak ýerde gezmeläp ýörkä ganat ýaýyp, ýeri gyratlap uçup gelýän gyrgyny gördi. Jikjiki muña begendi. Ol aýagy ýetýän ýerdäki jandarlara akyl öwredip, takal okap, olaryñ barynyñ peteñ-bizaryny çykarypdy. Gyrgyny welin birinji gezek görşi! Şonuñ üçinem gyrga añryñda dykyn alyp duran akyllaryñ baryny öwretmeli. Ol gyrgy görmän geçer öýdüp, ganatjygyny bulaýlady: - Eý, akmak guş! Beýle uçmaly däl... Ol sözüni gutaryp bilmedi. Gyrgy gelşine etene guşjagazy penjesine gysdy-da, göge galdy. Şondan soñ jikjikini gören bolmady. Tokaý jandarlary bilimdar jikjikini ýatlanlarynda: "Ol dirimiş. Dagyñ gowagynda başyna selle oranyp, gyrgylary akyl taýdan okadýarmyş" diýip gülüşýärdiler. Berdimuhammet GULOW. | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||