■ WATAN BAHARY
Bahar geldi bütin dünýe,
Daglar düzler her ýer, her ýan.
Ýaşyl maýsa, gunça-güller,
Kebelekler bezeg berýär.
Traktorlar tarlaşyp ýör,
Toprak taýýar näme ekseň.
Isleseň ek gowaça, gel,
Injir, üzüm, däne ek sen.
Agam kakam, obadaşlaň,
Aladasy ekiş hasyl.
Aman çykyp sowuk gyşdan.
Jahan päkleýär dünýäsin.
Bahar gaýdan durnalar,
Güýz geçer hatar-hatar.
Şonda gökden has owadan,
Gözel görner eziz Watan.
4.5.1977.
■ BUGDAÝLY MEÝDAN
Tomus bugdaýly meýdana,
Gelseň galarsyň haýrana.
Misli äpet mawy deňiz.
Tolkun atyp agyr-ýeňil,
Kombaýynlar tirip barýar,
Däne baryn düýrüp barýar,
Harman-harmaan mele bugdaý,
Sygmaýar bu ýere bugdaý.
Has köp bolsa bugdaýymyz,
Oňat bor hal- ýagdaýymyz.
5.5.1977.
■ MENIÑ ATAM
Bir aýagy sagdyn,
Birem agaçdan.
Bir bölejik tagdan,
Bagyny açsaň.
Elbadan geçende ,
Gaýygy bilen.
Hoşlaşypdyr şonda,
Aýagy bilen.
Ikisany orden
Bäş sany medal.
Soň oýlanyp görsem,
Ýeke bir bu däl.
Diýýär: gögi tutsa,
Buldyň garasy.
Agyrýar ok geçen
Ýerniň ýarasy.
Saçynda goýmandyr
Ýekeje gara.
Uruş hem kyn günler,
Agyrly ýara.
Birisinden galan
Dişi demirden.
Olam yrgyldaýar,
Eliň degirseň.
Emma atam mydam
Daň bilen turýar.
Soňam tä gije çenli,
Işine gümra.
Obadan ugrasaň,
Şäherebakan,
Gür baglyk görüner ,
Juda ullakan.
Ol täsin tokaýy,
Salyp dur ýada,
Şondan oňat bag,
Ýokdur dünýäde.
Şony atam ekdi,
Indem şol bagy,
Goraýar gözüniň,
Göreji ýaly.
6.5.1977.
■ IKI GUW
Iki sanjak akja guw,
Misli akja gardylar.
Bu gyş biziň obada,
Gyşlamaga galdylar.
Aýna ýaly dyry köl,
Töweregi asuda.
Çümüp,çykyp oýnap ýör,
Gijelerne Aý suwda.
Gün asmana galdygy,
Bolup bir topar çaga.
Kölüň boýuna gelýäs,
Guwlary synlamaga.
Çagalary görende,
Begenýänin bildirýär.
Bir-birege görelde,
Ganatlaryn galdyrýar.
Soňam biri- biriniň,
Ganat- perin daraýar,
Görseň, biziň obamyz,
Guwlara-da ýaraýar.
7.5.1976.
■ AÝLY GIJE
Aýly asmana
Görsene garap.
Bulut harmany
Barýandyr eräp.
Aňyrsy daglar,
Soň ýaşyl derýa.
Onda balyklar
Ýüzüp ýör her ýan.
Aý bolsa uly,
Owadan gämi.
Gezim edip ýör,
Bütin dünýäni.
Gämiň içinde
Otyr kapitan.
Ol Ýere bakan
Bakýar gaty kän.
Onuňam Ýere
Düşesi gelýär.
Biz bilen bile
Duşasy gelýär.
Arman, ýoluna,
Howlugýar gämi.
Ýüzüp çykmaly
Bütin dünýäni.
Aýly gijeler,
Du- dury asman.
Bulutdan täsin
Arzuw ýasaýar.
12.10.1985.
■ SUMBAR
Hatar-hatar ýaşyl baglar,
Arasyndan akýar Sumbar.
Başy göge degen daglaň,
Suratyny çekýär Sumbar.
Dury suwy bulduraýar,
Balyklarnyň gerşi tylla.
Synlap görüň Gün doganda,
Asyl, suwuň durşy tylla.
Bagda bagban aýlanyp ýör,
Asyl, ondan heder etmäň.
Salam berip ýanna barsaň,
Goýmaz miwe hödür etmän.
Säherde Sumbaryň boýy,
Has ajapdyr, juda gözel.
Suwlap çykan dag jereni,
Owlagyn oýnadyp gezer.
Käkilikler saýraşarlar,
Şeýle şirin, diýseň erkin.
Sumbaryň gözelligini,
Synlap haýran galýar her kim.
5.10.1985.
■ ÇEŞME HAKDA ÜÇ SOWAL
Hany, aýt, çeşme näme?
--Ol kiçijik dury howdan,
Tomsuna açyk işigi.
Ýadap gelip suwun içseň,
Döwüp barýandyr dişiňi.
Hany, aýyt, çeşme näme?
--Häzir ony diňläp gelýän,
Ýaz, tomus güýze ýazanda.
Agşamlarna mukam çalýan,
Ol bir ajaýyp sazanda.
Hany, aýyt, çeşme näme?
-Şony aýap, taryp edip,
Ýör bu ýerleriň ýaýlasy.
Ol tokaýyň haýwanlarnyň,
Ýüzlerin görýän aýnasy.
6.10.1985.
■ HÜWDI
Eje, eje, eje jan,
Meni hüwdülesene.
Oýnap, oýnap ýadadym,
Gujagyňda ýataýyn,
Süýji uka bataýyn.
Hüwdüleňde ulalyp,
Uçjak Gagarin bolup.
Gökden garajak ýere,
Saňa, bar enelere.
Gygyrsam „Salam“ diýip,
Uçmak nähili keýip.
Ýa-da doktor bolaýyn,
Näsaglasaň geleýin.
Keseliň maýyn bermän,
Edeýin gowy derman.
Ýa samolýot süreýin,
Dünýäni görkezeýin,
Ýöne ýapyş, mündäni.
Aýlanaly dünýäni.
Gelýär uly bolasym,
Ulalýan hüwdüleseň.
Men-ä, heniz çagajyk,
Eger hüwdülemeseň,
Onda derrew aglajak.
7.10.1985.
■ ÖWÜT
Näme aýtdym, men saňa,
Kempudy köpiýmegin.
Onsoň tutup dişiňi,
Agyrýa-la, diýmegin.
Köýnegiň ne gara kir,
Düýn geýene meňzeş däl.
Bar-da ýeriňde otur,
Näme maňa ýelmeşýäň.
Seniň ýaly uly gyz,
Içerini gül eder.
Kömek bermekden geçen,
Gaýta betlik bile sen.
Daşa çyksaň köwşüň geý,
Öýe girseň çykar diýp.
Göläň ýanyna barma,
Suwun içmez, döker diýp.
Näçe sapar aýtmaly,
Sen birinem edeňok.
Eneň ýumuş buýranda,
Ylgap-ylgap gideňok.
Akyllyja bolaýsaň,
Näme diýseň berjeg-ä.
Diýip, görüň, Jerenjik,
Öwüt berdi gurjaga.
6.10.1985.
■ JERENIÑ DÜŞEN DIŞI
“Bu nä ýeser diş boldy,
Jereniň diişen düşd,
Bütin oba iş boldy“.
Diýip gürrüň etdiler,
Obamyzda, adamlar.
Ýaňy gülläp ugranda,
Erik, ülj,Badamlar.
Jerenbolsa aglaýar,
Düşen dişi elinde.
„Mekdebe-de almazlar,
Okuw döwri gelende“.
Babalar düşündirýär,
--Aglama, çykar-dişiň.
Çagalar düşündirýär.
--Aglama, çykar dişiň.
Mekdebe çen wagt kän,
Baglar ýaňy gülleýär.
Düşen dişin gysymlap,
Jeren kimi diňleýär.
Sähelçe gün dolandy,
Düşen dişiň ýerinde,
Öňküdenem owadan,
Ap-akja diş göründi.
Onuň ýene bir dişi,
Yrgyldaýar, gör, ony.
Indi onuň düşjegi,
Gorkuzanok Jereni.
7.10.1985.
■ JEREN BILEN GURJAGY
Duýdugy enesiniň,
Bir ýumuşy buýrjagyn.
Jeren ylgap barýar-da,
Ele alýar gurjagyn.
Diýer:--A gyz gurjajyk,
Enem jana, bardajyk,
Alyp ber sen äýnegin.
Soň çaýkap ber çäýnegin.
Hasasyny tapyp gel,
Odun äkel daşardan.
Çeşmeden suňw alyp gel,
Guza ot ýyg, başarsaň.
Jerenjigiň sözüne,
Enesi ýöne güler.
Äýnegii özi tapar,
Guza ot alyp geler.
Alar süýdüň gaýmagyn,
Tamdyrdan çykar nany.
Saçak ýazyp, bar zady,
Taýar eder mazaly.
Soň çagyrar: Gurjajyk,
Gaýmagňy iý, turdajyk.
Şonda,aglar, gör, ony,
Ýakymsyzja Jereni.
8.10.1985.
■ TAÝÇANAK
Ýel ýaly bolup,
Çar ýana çapýar.
Täsinden täsin,
Oýunlar tapýar.
Maňlaýy sakar,
Reňki dorja.
Gaty garagol,
Çapmakda zorja.
Käte, çapyşýar,
Eýesi bilen.
Käte depişýär,
Enesi bilen.
Taýçanak gitse,
Ýandan uzaga.
Enesi ýüpün,
Gelýär üzere.
Täsin kişňeýär,
Dorja taýäçanak.
Özün çyn bedew,
Däldir öýdenok.
13.10.1985.
■ GARGALAR
Agşam ara, gara baga,
Uçup gelýär, gargalar.
Gyş köşgünden ýazlamaga,
Gaçyp gelýär, gargalar.
Şapyrdaşyp gonýar olar,
Şahasyna baglaryň.
Gara reňke boýaýarlar
Aýly gijäň bar ýerin.
Gije uklap bilmeýär,
Gargalaryň derdinden.
Nädip haýyş edip çykjak,
Gargalaryň hersinden.
Gargalaryň öz dedi bar,
Ile syryn aýtmaýar.
Olar asly mekanyndan
Ýöne ýere gaýtmaýar.
Olar güýzden bahara,
Eltýärler salam haty.
Garga gyşyň işige,
Gelenniň alamaty.
11.10.1985.
■ ÝEKEGAPAN
Ýekegapan, ýkegapn,
Aýytsana, kimkä saňa,
Beýle täsin ady dakan.
--Öz adymy eşidemde,
Geň galýaryn özümem.
At dakany agtarýaryn,
Tapsam, walla, hezil bermen.
Gözel ýerde ýaýnaýarsyň,
Mydam gowy keýpiň diýseň.
__GÖrüň meniň syratymy,
Bolman durmaz keýik diýseň.
Jülgelerden, derelerden,
At dakany tapjak diýip.
Dişin gyjap agtaryp ýör,
Ýekegapan- gara keýik.
15.10.1985.
■ AMAN
„Aman-Aman, aglama,
Alma kakyp bereýin.
Gurbaganyň aýagna,
Ýüpjük dakyp bereýin“.
Bir elinde almasy,
Bir elinde gurbaga.
Şeýle wägirýär, Aman,
Kim gelsin diňdirmäge.
16.10.1985.
■ ENEM
Enem janyň maňlaýy,
Durşuna çil-çil, çyzyk.
Ony derreň daňmaly,
Ýogsa biri göçürip,
Ýa-da gider öçürip.
17.10.1985.
■ ÇAÝÇAÑÑALAK
Çaý-çaý çaňňalak,
Ýene-de gelseň gerek.
Aljak bolsaň jüýjäni,
Gaparsyň sen aňňalak.
7.10.1985.
■ BÖWÜRSLEN
Şahalary tiken-tiken,
Ýapraklary tiken-tiken.
Dadyp gördüm iýmişini,
Ýaman gaty süjli eken.
Onsoň diýdik böwürslene,
Näzik güle öwrülsene,
Iýmişiňi iýeli biz,
Soňam“Sag bol“ diýeli biz.
Etmedi ol diýenmizi,
Ýa, bilmedik, halamady,
Miwesinden iýenmizi.
18.10.1985.
■ SÄHER
Sygyrlar örä barýar,
Otlamaga, meýdana.
Jigimemçykyp gelýär,
Süýşenekläp eýwana.
Enem sygyr sagansoň,
Saklaş diýýär gölesin.
Eger-de men baraýsam,
Jigime kim garasym.
Mellegmizde ekmäge,
Ejem, kakam pel edýär.
Men jigime seredýän,
Olam maňa seredýär.
19.10.1985.
■ ENAR
Gözjagazy çeşme ýaly,
Ýaňajigy nara meňzeş.
Geplese sözüniň bary,
Bal garylan ýaga meňzeş.
Boýy meňzeş serwi bile,
Bagyň alma-nary Enar.
Ýüzün ýuwsa çeşme suwna,
Aý parasy ýaly, Enar.
Çeşmeden suw daşap öýe,
Çaý gaýnadar, soňam, demlär.
Ony görse ejesiniň,
Ýadawlygy derrew ýeňlär.
15.10.1979.
■ JÜLGEDÄKI ÝODAJYKLAR
Daşdan görseň külter-külter,
Jülgedäki ýodajyklar.
Her haýsy bir öýe elter,
Jülgedäki ýodajyklar.
Sülgün, käkilikleň ýoly,
Täsin ädijikleň ýoly,
Şolar ýaly yzdan doly,
Jülgedäki ýodajyklar.
Ine, tilki, ine, keýik,
Geçen täze köwüş geýip,
Birisi pes, biri beýik,
Jülgedäki ýodajyklar.
Bu öýler barsaň myhman,
Haýwanlaryň göwnün ýykman,
Oňat dosta duşyr hökman,
Jülgedäki ýodajyklar.
16.10.2979.
■ BADAM
Jülge heniz gyşda wagty,
Ýalaňaçka baglaň bary.
Patrak ýaly gül açar-da,
Badam buşlar gelýän ýazy.
Naýçalary asman kimin,
Ýyldyz ýaly al gülleri,
Ýazy küýsäp ýörkäň gyşda,
Açar gamly göwünleri.
Tutuş jülgä ysy ýaýrar,
Şapak ýaly al gülleriň.
Badam güli seresidir,
Baglardaky bar gülleriň.
Gyşdan aýap bolsa, eger,
Elwan gülün badamlaryň.
Tomus maňyz paýlap bordy,
Ählisine adamlaryň.
18.10.1979.
■ TÄSIN YZ
Täsin yzlar bar jülgede,
Irden synlap görseň ýoly.
Üç ýaşlyja jigim Myrat,
Aýak ýalaň giden ýaly.
Öýe gelseň myrlap ýatyr,
Süýt paýynam içen däldir.
Ol bu gün däl, asyl, düýnem
Çilden aňry geçen däldir.
Onda kimiň jigisikä,
Ýa daýzamyň gyzydyr, ol.
Ýok, ýok, siz bir aldanaýmaň,
Oklukirpiň yzydyr ol.
18.10.1979.
■ KEÝIK OWLAGY
Gözleriň jigimiň gözüne meňzeş,
Keýik owlagy.
Şeýle bir owadan,şeýle bir ýeňles,
Keýik owlagy.
Gök maýsaň, ter gülleň başyny çürtüp,
Keýik owlagy.
Soň birden bat alyp, ýel bolup ýortar,
Keýik owlagy.
Gaýalara çykar, dogumy goýman,
Keýik owlagy.
Jigim deý garagol, keýp edip oýnar,
Keýik owlagy.
Säherler bökjekläp inmese çeşmä,
Keýik owlagy.
Jigimi göremde ýadyma düşýä,
Keýik owlagy.
20.10.1978.
■ ENEM GELSE ÖÝMÜZE
Mürepbeli çaý berjek,
Enem gelse öýmüze.
Alaja top hem gurjak,
Maşynymam paý berjek,
Enem gelse öýmüze.
Gujagynda oturjak,
Enem gelse öýmüze.
■ PARLA, ÝAŞYL BAÝDAGYM
Gülälekli bossanym,
Aý-ýyldyzly asmanym,
Päk umytlar beslänim,
Parla, ýaşyl baýdagym.
Seniň bilen ýaşyt men,
Didaryňa aşyk men,
Älem-jahan aşyp sen,
Parla, ýaşyl baýdagym.
Güllesin diýp diýary,
Ýyllar getirdi ýazy,
Sen halkyň ak ykbaly,
Parla, ýaşyl baýdagym.
■ DOGA
Diliň-dişiň bitin,guzym,
Jan saglyk dile ilime.
Doga okap uzyn-uzyn
Diýýär maňa garry enem.
Onsoň dileg edýän menem:
Il-günüme jan saglyk ber, Alla jan!
Watanyma uzak ýaş ber, Alla jan!`
Indi alty ýaşym doldy,
Iki dişim düşdi eýýäm.
Şonda-da Halkymy söýýäň,
Şonda-da her günde diýýän:
Watanyma uzak ýaş ber, Alla jan,
Ile-güne jan saglyk ber, Alla jan!
■ HALYÇY HESEL
Bakjadan gelip,
Dört ýaşly Hesel.
Eline alyp
Synnydyr keser.
Başyna geçdi
Tördäki dokmaň.
Ählisin seçdi
Ýüpleň, ýumaklaň.
Ejesi gördi:
`Durawer,gyzym!`
Hesel hekgerdi:
`Dokajak, özüm!`
Heniz körpe sen,
Dokardan dokma.
Gaýratly gyzym,
Biraz howlukma`
`Seniň suratyň
Dokajak hala`
Ene düşündi
Garagöz bala
Bor, gyzym-diýdi,
Ulal azajyk.
Bagtyýar bolup
Gitdi balajyk.
■ JERENIÑ YHLASY
Içerini ýygnajak,
Ot ýakjak gaz peje-de.
Işden üşäp geiende,
Ýyljak bolar ejeme.
■ BAKJAMYZA GEL, ENE
Sen ýagşylyk nyşany,
Bakjamyza gel,Ene..
Ýoluňa gül düşäli,
Bakjamyza gel, Ene.
Aýdym aýdyp bereli,
Goşup deprek, tüýdüge.
Kaşamyzdan dadyp gör,
Ýaman gaty süýjije.
Pygamber ýaşly ene,
Gar deý ak saçly ene,
Aýym-Günüm sen, ene!
Bakjamyza gelsene.
■ EJEM WE MEN
Giçlik alyp bakjadan,
Ejem meni göterýär.
Menem onuň bukjasyn
Saklap berýän ýitirmän.
Soň ýalňyşman,gös-göni,
Tapyp berýän öýmüzi.
■ GARLY GÜN
-Daşarda gar bar-
Diýdi enem.
Bakjadan galsyn
Jigiň Senem.
Onsoñ bakjadan
Galjak menem.
Ýogsa, üşär-ä
Elligim hem ädigim.
Olar üşese, sowukda
Men näderin.
■ WATAN
Sümmül-sümmül bugdaýy,
Pagtasy hana-hana,
Göge ýetýän baýdagy,
Ýalkym salýar jahana,
Dag,derýasy, deňzi bar,
Altyn, kömür, demri bar,
Bäş müň ýyllyk ömri bar,
Gurýany Altyn asyr,
Her ýany ältyn pasyl,
Seni Alla ýalkasyn,
Türkmenleriň Watany,
Beýik halkyň Watany.
4-12.4.2004.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty