16:24 "Daýym unutmaz men tylla gapysyn..." | |
«DAÝYM UNUTMAZ MEN TYLLA GAPYSYN...»
Magtymgulyny öwreniş
Magtymgulynyň Buharanyň «Gögeldaş», Hywanyň «Şirgazy» medreselerinde okandygyny hemmämiz bilýäris. Meseläniň gyzykly ýeri onuň haýsy ýyllarda Buhara we Hywa medreselerinde okanlygydyr. Her näme bolsa-da, şu wagta çenli bu barasynda anyk bir sene görkezilmeýär. Biziň pikirimizçe, Magtymguly, takmynan, 1756-njy ýylda zamanasynyň ýokary bilimini almak üçin obasyndan gaýdan bolmaly. Sebäbi, birinjiden, Magtymguly şoňa çenli Etrek, Gürgen sebitleri bilen baglanyşykly bolup geçen taryhy-syýasy wakalaryň içinde bolupdyr. Türkmenler tarapyndan umyt baglanan Ahmet Dürrana we Muhammethasan hana bagyşlap goşgular ýazypdyr. Şahyryň edebiýat ylmyna öňden mälim ol goşgulary şol wakalaryň içinde bolanlygyňda döredip boljakdygy ikuçsuzdyr. Ikinjiden, taryhy maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, Ahmet Dürranynyň 1754-1755-nji ýyllarda ýazan haty ýomut-gökleň ilinde jogapsyz galmandyr. Ýazyr hanyň ýolbaşçylygynda türkmen topary Ahmet Dürranynyň huzuryna gidipdir. Şu gidişlikde Magtymguly hem bar eken. Muny şahyryň «Oglum-Azadym» atly goşgusy tassyklaýar. Edebiýat ylmymyzda bu şygryň derňewi öňem ençeme gezekedildi. Ýöne biz şu ýerde bir zada üns bermek isleýäris. Eger aýdyşyk şygry siňňitli okap, Azadynyň ogly Magtymgula ýüzlenip aýdan sözlerinden many alsak, onda şahyryň uzak ýola ilkinji sapar çykyşydygyny duýup bolýar. Azady oglunyň beýle agyr hem uzak ýola çykardan ýaşdygyny «bahanalap», näler goýbermejek bolup dur: Werzişiň ýok, ýaş sen, gide bilmer sen, Şöwür bar, şowhun bar, çyda bilmer sen, Her işe baş goşup, ede bilmer sen, Gitmeklik ýagdaýyn etmegil, oglum! Biziň pikirimizçe, eger Magtymguly öň uzak saparda bolup gören bolsa, onda Azady goşguda «Werzişiň ýok, ýaş sen, gide bilmer sen» diýip, ogluny raýyndan gaýtarjak bolup durmazdy. Edebiýatçy alymlarymyz şahyryň bu şygryny Ahmet Dürranynyň hatyndan soň ýa-da hut şol döwürde ýazandygyny delillendirdiler. Ol wagtlar Magtymguly bary-ýogy ýigrimi bir ýaşynda bolýar. Üçünjiden, Magtymguly Muhammethasanyň 1755-nji ýylda guran ýörişlerini mübärekläp, «Öňi-ardy bilinmez», «Siziňdir» atly eserlerini döredipdir. Ol şygyrlaryň ruhundan belli bolşy ýaly, Magtymguly bu wagt hem oz obasynda bolmaly. Ol obadaşlary bilen dartgynly wakalaryň gidişini synlap oňaýanok, eýsem, şonuň içinde otyr. Şu ýerde Magtymgulynyň harby-gahrymançylyk temadaky şygyrlarynyň gaty köp bölegi, esasan, 1747-1756-njy ýyllarda döräpdir diýen pikiri nygtasymyz gelýär. Dördünjiden, gürrüňini edýän döwrümizde ýazylan şygyrlaryň ählisinde-de medrese bilimleriniň täsirleri görünmeýär. Magtymgulynyň şygyr gahrymany ol goşgularda şerigat kadalary bilen hereket edýär. Ol eserlerde söweşjeň, harby-gahrymançylykly ruh bar. Olarda merdiň — gylyç oýnap, galkan tutup bilýän gerçegiň waspy ýetirilip, namart ýigit näletlenýär. Şygyr gahrymany at üstüniň adamy. Söweş güni gül-gül açylýan kişi. Ine, şularyň özi hem Magtymgulynyň bu ýyllarda medrese sowadynyň ýokdugyny, sopuçylyk pelsepesine ulaşmandygyny subut edýär. Okyjynyň: «Näme, ol goşgularda sopuçylyk täsiriň bolmazlygyna daýanylyp, Magtymguly ol wagt obasyndan çykmandyr diýmek dogrumy?» diýen soragy bermegi adalatlydyr. Çeper edebiýatda çeper usul-stil şahyrana dünýägaraýyş babatda gaty köp taraplary kesgitlemäge ýardam edýär. Biziň nygtaýan döwrümiz ýaş babatda Magtymgulynyň ýigit çykan döwri. Entek şahyrda «dünýä höwesi» dolup-daşýar. Şahyr şerigat kadalary bilen ýaşaýar. Hawa, entek sopuçylyga baş goşanok. Azadynyň eýerýän sopuçylygy nagyşbendiçilige juda ýakyn bolup, onda dünýewilik güýçlüdir. Azadynyň edebi terbiýe mekdebi bu babatda Magtymgula hiç hili päsgelçilik döredenok. Bu barada şulary aýtmak bilen çäklenýäris. Biziň pikirimizçe, Ahmet Dürranyly wakalardan soň Azady 1755-nji ýyldan ogly Magtymgulynyň ymykly bilim almagynyň aladasyny edip ugrapdyr. Her niçigem bolsa, Magtymguly bir gezek agyr saparda bolup gördi. Takmynan, 1756-njy ýylda Magtymguly Owganystana geçen ýolunyň üsti bilen Halaçdaky Idris babanyň medresesine gelipdir diýip bolar. Onuň atasy Azadynyň maslahaty bilen Halaja gelendigi hakynda gürrüňler bar. Ähtimal, Magtymguly Nyýazguly halypa hakynda eşidendir. Onsoňam, Azady oglunyň şol wagtky galagoply, syýasy wakalardan uzagrakda bolanyny gowy görendir. Öňem iki ogluny dereksiz ýitiren Azady Magtymgulynyň jemgyýetiň syýasy göreşlerinden çetleşenini, ylma berlenini kem gören däldir. Şonuň üçinem Azady Magtymgulyny, galagoplylygyň elýeterinden uzakda bolmagyny isläp, Lebap boýuna ugradýar. Azady, eger ogly şu töwerekde bolsa, biynjalyk boljak däl. Bir gapdalam Owganystan. Her niçigem bolsa, Ahmet Dürranynyň türkmenlere garaýşy duşmançylykly däldi. Edebiýat ylmynda Magtymgulynyň Idris babanyň medresesinde okap-okamandygy barada iki hili pikir bar. Bir tapgyr alymlar «Magtymguly Idris babanyň medresesinde okapdyr» diýen pikire gol ýapsalar, başgalary şahyryň Nyýazguly halypa bilen dil tapyşmandygyny, has takygy, uzak ýoldan aryp gelen şahyra ahunyň göwnüýetmezçilik bilen garandygyny, Magtymgulynyň hem muňa gahary gelip, «Bilmezmiň!» atly muhammesini döredendigini we ondan göni Buhara gidendigini aýdýarlar. Biz hem şu ikinji pikir bilen ylalaşýarys. Çünki her niçigem bolsa, akyldar şahyrymyz ýaş wagtlary adaty bolmadyk uly zehinlere mahsus bolan gaharjaňlykdan halas däl bolsa gerek. Muny şahyryň goşgularynyň dilindäki aşa gaharyň gelende aýdylýan käbir sözler, jümleler hem tassyklaýar. Biz «Ýagşylyk tamasyn kylmaň, Ýamanlyk çykmaýan ärden» diýýän şahyryň bu häsiýetini onuň her bir meselä, jan-dilden, ýüregi, kalby, tutuş süňňi bilen ýapyşmagyndan döräýýän ýagdaý diýip düşünýäris we bu babatda onuň bilen pikirdeşdigimizi aýtmakçy. Bar bolan maglumatlara görä, Magtymguly Buharada «Gögeldaş» atly medresede iki ýyl okapdyr. Biz şundan çen tutup, Magtymguly Buharada, takmynan, 1756—1758-nji ýyllar töweregi okapdyr diýip pikir edýäris. Magtymguly iki ýylyň içinde irginsiz okap, Buhara medreseleriniň berip biljek ähli bilimini öwrenipdir. Mundan soň şahyr şol döwrüň iň şöhratly ylym ojagy hasaplanan Hywada okuwyny dowam etdiripdir. Magtymguly Hywada «Şirgazy» medresesinde okandygyny «Gözel Şirgazy» goşgusynda maglumat beripdir. Şahyr okuwynyň arasyny kesmedik bolarly. Ol, takmynan, 1758-1760-njy ýyllarda Hywada okapdyr diýen pikirimizi okyjylara ýetirmek isledik. Üç ýylyň içinde şahyr Hywanyň berip biljek bilimini kemsiz öwrenýär. Şahyryň «Gözel Şirgazy» goşgusy arkaly käbir terjimehal maglumatlary ýüze çykarmak mümkin. Bu goşgynyň ikinji bendinde şeýle setirler bar: Hakdan bize buýruk, baglydyr bilim, Sende tälim aldy, açyldy dilim, Gelsin diýp garaýar ol gerkez ilim, Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy!». Biz şygyr bendiniň üçünji setiri arkaly Magtymgula obasyndan «gel» diýip habar gelendigini bilýäris. Obadaşlary — gerkez ili onuň geljek ýoluna garap otyr. Magtymguly bu goşgynyň dördünji bendinde «Şirgaza» gelip akyl käsesiniň gaýnandygyny — okap bolandygyny, şonuň üçin «dolanmak höwesindedigini» aýdýar. Diýmek, Magtymguly Gerkezden habar barmanda-da, oba gaýtmak hyýalynda bolup, üç ýylyň dowamynda Hywa bilimini doly özleşdiripdir diýmäge esas bar. Biz on bentden ybarat bu goşgynyň sekizinji bendinde şu aşakdaky setirleri okaýarys: Kämil bolup serenjamlyk kylyp men, Muşakgatdan, ol pederden galyp men, Käbämden aýrylyp, jyda bolup men, Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy!». Şahyr bu bentde hem kämil bolandygyny belläp, gitmeginiň düýp sebäbini aýdýar. Eger ýalňyşmasak, Magtymgula kakasy Azadynyň dünýäden ötendigi barada habar gelen bolmaly. Onuň «Muşakgatdan, ol pederden galyp men» diýmegi muny tassyklaýar. Şygryň umumy ruhuna görä, bu habar köne däl. Şonuň üçin Magtymguly ony ýörite nygtap aýdýar. Şahyr bendiň üçünji setirinde: «Käbämden aýrylyp, jyda bolup men» diýip hem dur. Be, şahyr Hywadaka hem atadan, hem eneden jyda düşäýdimikä diýen pikir döreýär. Öte geçýän bolmasak, şahyryň ata-enesi bir döwürräkde gaýdyş eden bolmaly. Iki hasratyň arasy juda ýakyn bolmaly. Durmuşda-da ata-enäniň deňeçerräk ýogalmak ýagdaýy seýrek duş gelýän hadysa däl. Adatça, dyzyndan kuwwaty giden garrylarymyz ömürlik ýanýoldaşynyň dünýäden gaýtmagyna çydamazak, tap getirmezek bolýar. Magtymguly bendiň üçünji setirinde hem mähriban enesinden aýra düşenine gyýylýar. Magtymguly Pyragy kakasy Döwletmämmet Azadynyň aradan çykandaky hasratyny «Azadym kany?», «Atamyň», mähriban enesinden aýrylmak bilen bagly ýürek agysyny «Kaýda sen?» atly matam goşgularyna siňdiripdir (Öz wagtynda «Kaýda seniň?» töwereginde jedelli çekişmäniň bolandygynam aýdyp geçenimiz ýagşy). Biziň şahyryň gönüläp aýdan sözlerine ynanmazlyga hakymyz ýok. Şahyr bu muhammesiniň iň soňky bendinde «Aýra düşüp käbeden, goýdum Pyragy adyma» diýip, uly sesi bilen aglap duranam bolsa, ondan başga many gözlense, hakykatdan daş düşürer. O-da hiç kesiň bähbidine däl. Diýjek bolýanymyz, «Mus-muslaman, Mustapalasak», Magtymguly «Azadym kanyda?» kakasynyň ölümine aglasa, «Kaýda sende?» käbesinden aýrylanyna gözýaş dökýär. Şu iki şygryň çeper mazmuny açmakdaky, pikiri beýan etmekdäki meňzeşlik hem bellibir derejede olaryň bir döwürde döredilendigine gytaklaýynam bolsa kepil geçýär. Magtymgulynyň «Atamyň» atly matam goşgusynda kakasy Döwletmämmet Azadynyň ýaşan ýaşyny we aradan çykan senesini maglumat galdyrandygyndan okyjylar habarlydyrlar: Altmyş ýaşda, nowruz güni, luw ýyly, Turdy, ajal ýolun tusdy atamyň. Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli, Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň. Musulman hasaby boýunça luw ýyly miladynyň 1760-njy senesine gabat gelýär. Magtymguly Pyragy, takmynan, otuz alty ýaşlarynda kakasy Döwletmämmet Azadydan jyda düşüpdir diýmäge esas berýär. Belli magtymgulyşynas alym A.Aşyrow Magtymgulynyň golýazmalarynyň aglabasynyň tankydy tekst barlagyny geçirdi. Netijede, ýokarky mysal alnan bendiň aşakdaky nusgasynyň has ygtybarlydygyny delillendirdi. Altmyş bäşde, nowruz güni, luw ýyly, Turdy, ajal ýolun tusdy atamyň. Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli, Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň. Ýeri gelende bellesek, tankydy tekst barlagyň talabynyň uludygyny, hertaraplydygyny, şol bir wagtyň özünde çylşyrymlydygyny nazarda tutup, bu barlagyň dowamynda alynýan netijäniň juda ygtybarly bolýandygyny okyja tekrarlap aýdasymyz gelýär. Şonuň üçin Magtymgulynyň doglan senesi birazrak aňry süýşdi. Şeýlelikde, şahyr 1733-nji ýylda dogulman, ol, takmynan, 1724-nji ýylda doglupdyr diýmäge esas boldy. Beýik Garaşsyzlygymyza eýe bolan ýyllarymyzyň içinde şahyra goýulýan sarpa has hem artdy. Güneşli Diýarymyzda akyldar şahyryň şygryýet baýramçylygyny bellemek däbe öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýiniň Halkara derejesinde bellenilip geçilmegi şahyryň edebi mirasyny öwrenmekde we onuň baý döredijiligini dünýä okyjylaryna elýeterli etmekde uly ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda akyldar şahyr Magtymgulynyň ömri we döredijiligini öwrenmek dowam etdirilýär. Akmyrat TÄJIMOW, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |