18:59 Daýyma ynandym-da... / satiriki hekaýa | |
DAÝYMA YNANDYM-DA...
Tomus öýlenen gul ýaly, ýeri, egniñdäki penjegiñ nämäñ görgüsi diýsene?! Ýa öñki yssyny az görýäñmi?! Ýo-ýok, beýdip siz Gaty Gowşakowy utandyrjak bolmañ, penjegiñ nämä gerekdigini onuñ özi gowy bilýär. Hiç ýerde-de içip ötägitmeli taýýar aş ýok, ýeñiş üçin göreşmeli. Häzir onuñ gara der bolup horlanyp duranyna seretmäñ, soñunyñ hözirine bakyñ. Bolmanda-da kişmiş iýseñ çöpo bolýar ahyryn. Näme, Gaty Gowşakow indi şonam bilmeýändir öýdýärsiñizmi. Ynha, ol haý diýmän giriş ekzamenine barar, şonda bu penjegiñ bitirjek oýny köpdür, oña özüñem göz ýetirersiñ. Hawa, onuñ her jübüsi giden bir taryh ahyryn! Gaty Gowşakow pişij basyşyny edip, işigiñ agzyna bardy. Gapy gulagyny tutup diñşirgendi, hiç zat eşitmedi. Onýança kimdir biri añyrdan atylan ok ýaly zymdyrylyp çykdym ol begenjinden gözüne urlan ýaly gygyrdy. - Bäşlik aldym, adamlar, bäşlik! Gaty Gowşakow çilik ýaly galan mañlaýyny tutup, gahar bilen ýañkynyñ yzyndan seretdi, oña näler gygyny pürkesi geldi. Ýöne ol eýýäm honda barýardy, onuñ ökjesi ýere degenokdy. Gaty Gowşakow burnuna salybrak hüñürdedi. - Mysalañ başyñy iýsin. Bäşlik alan bolsañ ýa tanşyñ bardyr, ýa-da... Näme, indi bu adamlar şonam bilmeýändir öýdýäñmi, Ynha, bäşlijegi özümizen kakarys, nesip etse. Onýança klasdan mugallymyñ gyryljak sesi eşidildi. - Hany, ýene-de kim koridorda, girsin. Gaty Gowşakow ogurlykda tutulan ýaly ýalt-ýult edip töweregine seretdi. Onuñ nazaryna hiç kim ilmedi. Diýmek, ekzamene girmedik onuñ ýeke özi bolup galypdyr-da. Onda näme, ýaýdanjyrap durmaga wagt ýok. Girmeli. Gaty Gowşakow içinden nämedir bit zatlar sanaşdyrdy. Guş tutjak ýaly bukdaklap ýöredi. Mugallymyñ alkymyna dykylyp bardy-da, ardynjyrady. - Ähä-ä-hä. Salam, ýoldaş professor Aman Nuryýewiç! - diýip, ol elini owkalaşdyrdy. Onuñ kiçijik gözleri ýeserlik bilen oýnaklady. Guran hilesiniñ netijesine howlukdy. Gaty Gowşakowyñ toruna düşen zat bolmady. Mugallym geñ galyjylyk bilen başyny galdyrdy-da, garşysynda iki büklem bolup duran oglana çiñerilip seretdi. Başyny ýaýkady. - Bagyşlañ, men entek professor däl. Onsoñam, ekzamen bermäge gelen bolsañyz, hany bilet çekiñ-de hol ýerik geçip oturyñ - diýip, mugallym elini yza uzatdy. Gaty Gowşakow göwünsizlik bilen ýaýrap ýatan biletlere seretdi. Onuñ häzirki ikirjiñläp durşy göýä diýersiñ ol elini içi mör-möjekli garañky bir gowaga sokjak ýalydy. Nähili eýmenç! Gözüni ýumdy. Onuñ öñe uzan sag eli çalaja sandyrady. Barmaklary bilen dörjeşdirip bir kagyzy çekdi. Mugallym saklanyp bilmedi. - Ýoldaş Gowşakow, bu baha goýulýan wedomosty soñ özüm dolduraryn. Siz bilet çekiñ - diýip, ol abituriýentiñ eline ýapyşdy. Gowşakow ýalpa gözüni açdy. Eden hereketi üçin ol ullakan müýnürgäp durmady. Ýylgyryp mugallymyñ ýüzüne seretdi. Soñra çeken biletiniñ nomerini aýtdy-da, görkezilen ýere geçip oturdy. Biletiñ ýüzündäki soraglary öwran-öwran okady. Nämedir bir zatlat hasaplaşdyrdy-da, kostýumynyñ sag jübüsine elini sokdy. Onuñ eli jübüsinde-de bolsa, iki gözi mugallymdady. Aman Nuryýewiç ýerinden turdy. Klasyñ içine bir öwrüm etdi. Gaty Gowşakowyñ ýanyna baryp saklandy. - Soraglaryñyz düşnüklimi, ýoldaş Gowşakow - diýip, ol sypaýyçylyk bilen sorady. Gowşakow näme jogap berjegini bilmän gözüni tegeledi. Jübülerine ynamy bolmansoñ çaltrak mugallymy ýanyndan giderjek bolup "hawa" diýen äheñde başyny atdy, ýuwdundy. Mugallymyñ aýrylaryna mähetdel ol sag jübüsinden bir kagyzy sogrup aldy. Ony okap başyny ýaýkady. Be, ikinji jahan urşy haýsy jübümde bolmalyka diýip pikirlendi. Ol ýene-de sermendi. Gowşakow mugallymdan duýduryş aldy. Aljyrap gara dere batan Gaty Gowşakow gorsanyp, wagtyñ nähili geçeninem bilmedi. Oña-da gezek geldi. - Aýdyberiñ, ýoldaş Gowşakow, iki gulagym sizde, diñleýän - diýip, mugallym äýnegini düzedişdirdi. Gowşakow ýeriñ giñinde berlen maslahata eýerip ýöne durmazlyga çalyşdy. Ol ynamly gürledi: - Ýoldaş mugallym, umuman, uruş diýilýän zat gowy zat däl. Onda ölüm-ýitim, ýykan-ýumranlyk diýseñ köp bolýar. Ynha, häzir ikinji jahan urşu hakynda gürrüñ etmeli welin, birhili gynanyp bokurdagym dolup, aýtjak zadymam aýdyp bilemok... Gowşakow hamsykdy. Sähel ýüregi ýukalyk etseñ ol özüñem aglatjakdy. Gowşakow jalbarynyñ jübüsine elini sokdy. Elýaglygy bilen bile bir topar ýüzi ýag garynjasy ýaly owunjak hatly kagyzlar sogrulyp çykdy. Pişme seçelenen ýaly seçelenip gitdi. Gowşakow nätjegini bilmän aljyrady, aşak egildi. Nämäñ-nämedigine anyk göz ýetiren mugallym Gowşakowy ýene-de bir gezek synamakçy boldy. - Kagyzlary ýygnajak bolup azara galyp oturmañ. Siz ýöne meniñ soraglaryma jogap beräýiñ. "Dogrudanam, daýym aýdypdyr öýdýän, ýogsam bu häzir yzyma it salyp meni kowardy ahyryn" diýip, Gaty Gowşakow içini gepletdi. Bu ynam onda aýratyn bir güýç döretdi. Ekezlendi. - Bilmeýän zadyñyz bolsa soraberiñ, ýoldaş mugallym - diýip, ol ýüzüni sypady. Mugallym gaharlanjak boldy. Syr bildirmedi. Onuñ sesi sypaýyçylykly çykdy: - Beýik Watançylyk urşy haçan başlandy we onuñ sebäpleri nämeden ybarat? - Ýoldaş mugallym, men-ä o döwürde ýokdum. Onsoñ öz gözüñ bilen görmedik zadyñ hakynda pylan zat diýip dursañ birhili, gelşiksiz bolýa. Urşuñ başlanmagynyñ sebäbi bolsa hemme kişi üçin düşnükli. Bizde çigit ýalyjak-da günä ýok, nemesler nebsine haý diýibilmändirler... Aman Nuryýewiç Gowşakowyñ sözüni böldi: - Bilmeseñiz ýeke agyz bilemok diýiñ. Size iñ soñky sorag. Ýoldaş Gowşakow, siz ynha kolhozda ýaşaýañyz, belki, kolhoz gurluşygy we onuñ ähmiýeti barada bir zatlar aýdyp bilersiñiz?! Gowşakow özüniñ öñki beren jogabyndan mugallymyñ göwni suw içendir öýtdi. Ol ýene-de warsaky gürrüñler bilen sypjak boldy. Çyna berimsiz edip gürledi. - Wah, kolhoz hakda näme diýseñ bärden gaýdýar. Ýoldaş mugallym, özüñiz kolhozda ýaşamaýanlygyñyz üçin bilýän dälsiñiz, kolhoz diýilýän bir gözli çeşme-laý! Az-owlak zadyñy bilenogam. Ynha, ýönekeýje bir mysal. Meñ agam kolhozda bakjaçylyk brigadiri. Geçen bazar güni bir maşyn gawun alyp geldi teke bazarynda kilesini kyrk köpükden ýere degirmän aldylar. Az salymda dünýäñ puly boldy duruberdi. Bu ýöne iñ bärkijesi. Umuman, kolhozy oñaryp gurupdyrlar. Men-ä özümem okuwa girip sag-aman gutarsam, şäherde ýekeje günem durjak däl, oba tarap ýeñsäni el ýaly edäýjek... Gowşakowyñ ýapa degmeýän boş gürrüñlerine Aman Nuryýewiçiñ pisindi oturmady. Näçe giñlik etjek bolsa-da bolmady. Onuñ sesi sandyrap çykdy. - Ýoldaş Gowşakow, juda gowşak taýýarlanypsyñyz. Bilýän zadyñyz ýok. Gowusy indiki ýyl geläýiñ. Aman Nuryýewiç zatlaryny ýygnaşdyryp, turmak bilen boldy. Gaty Gowşakow boýnuny burup ýalbardy. - Ýoldaş mugallym, öten ýyl gelemde-de häzirkiñiz ýaly indiki ýyl geläýiñ diýipdiñiz ahyry. Indi bir beý diýmeseñizläñ... Ýoldaş mugallym, haýyş edýän, daýymam... Aman Nuryýewiç eýýäm işigiñ agzyna barypdy. Ol Gowşakowyñ gürrüñine güljeginem bilmedi, gaharlanjagymam. Boýurganyp duran Gowşakowa çiñerilip seretdi-de: - Indiki ýyl geleniñizde ýöne gelmän, oñatja taýýarlanyp geliñ, düşnüklimi?! - diýip, ol çykyp gitdi. Gaty Gowşakow mugallymyñ yzyndan seredip durşuna hüñürdedi: - Ekzamene geleñde ýöne gelmeli däldigini-hä öñem bilýädik-le. Daýyma ynandym-da... Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |