21:49 Doglan ýyly sygyr / satiriki hekaýa | |
DOGLAN ÝYLY SYGYR
Obanyñ orta gürplerinde gür baga bürenip oturan mekdebiñ iki gat jaýy Saparguly aga üçin täsin dünýä bolup göründi. Ol bu ýerini edil ilkinji gezek görýän ýaly, mekdebiñ daş-töweregini nebsewürlik bilen synlady. Saparguly aga dogrudanam mekdebe kän gelmezdi. Asyl onuñ bu ýerik iñ soñky gezek haçan gelendigi ýadyna-da düşenokdy, ýogsam çagalarynyñ şu mekdebi bir wagt tamamlanam bardy, okap ýörenem. Mekdebiñ howlusyndaky al-elwan açylyşyp oturan güller Saparguly agada üýtgeşik bir pikir döretdi. Ol: "Ýýak, adamlaram işsiz bolýarlar-ow, ýeri bu giden ýere gül ekip, ony näme etjek diýsene, ondan-a çagalara iýer ýaly iki düýp pomidor ekiñ" diýip başyny ýaýkady. Klasdab çykmak üçin kakylan jañyñ sesine Saparguly aga tisginip gitdi. Birmenzeş geýnüwli çagalar topar-topar bolşup çykyşyp ugradylar. Mekdep häzir hasam görküne gelen ýaly boldy. Saparguly aga duran ýerinden eliniñ aýasyny gözüniñ üstüne kölegeledip, gülleriñ arasynda gezmeleşip ýören şadyýan çagalara seretdi. Olaryñ içinden öz ogluny gözledi. Tapmady. Soñra ol ýaýdanjyrap, mekdebe girip gitdi. Saparguly agany mekdebiñ agzynda ilkinji bolup garşylan nobatçy mugallym Ýazmyrat boldy. Olar esli wagtlap gürrüñleşip durdular. Saparguly aga Ýazmyrat mugallymyñ ähli goñşy-golamlaryna, mal-garalaryna çenli soraşyp çykdy. Soñra ol: - Inim, direktiriñiziñ oturýan jaýy nirede, şony bir görmeli işim bardy weli - diýip, gapdalyna seredip gürledi. Bu onuñ häsiýetidi, kim bilen gürleşse-de, ol gürrüñdeşiniñ ýüzüne seretmezdi. - Ýaşuly, direktorymyz-a ýokdur. Ýañy raýona ýygnaga gitdi, çagyrypdyrlar - diýip, Ýazmyrat Saparguly aganyñ göni görejine seredip aýtdy. - Be, onda kolhozyñ Enebaý ýalysy kim bolýar bu ýerde? Onuñ Enebaý diýýäni kolhozda başlygyñ medeniýet baradaky orunbasarydy. Nobatçy mugallym Saparguly aganyñ kimi sorajak bolýanyna bada-bat düşündi. - Hä, size mekdebiñ çagalar bilen klasdan we mekdepden daşary terbiýeçilik işleriniñ guramaçysy ýoldaş Gündogdyýewa gerekmi? Onuñ kabineti ynha, şu bolmaly - diýip, Ýazmyrat gapdaldaky işige tarap elini uzatdy. Saparguly aga Gülnabat bilenem uzak wagtlap salamlaşdy. Ol ahyry özüniñ näme üçin gelendigini aýtdy. - Keýgim, biz ýalydan aýyp görmäweriñ, wezipäñ-ä ýañam aýtdylar welin meniñ oña-ha dilim öwrüljek däl. Ýöne ýoldaş Gülnabat diýip adyñy tutaýjak. Gülnabat çalarak ýylgyrdy. Aýdyberiñ diýen ýaly yşarat etdi. - Biziñ bir dogmamyz okaýan bolmaly sizde. Şoña ertire rugsat soraýjakdym welin, direktiriñizem ýok ekeni. Indi özüñ bir gaýrat etmeseñ-ä, ýoldaş Gülnabat, başga alaç ýokdur - diýip, Saparguly aga gürrüñiniñ üstüni ýetirdi. - Saparguly aga, men-ä mekdebe täzelikde işe geldim. Ogluñyz näçinji klasda okaýan bolmaly? Onuñ klas ýolbaşçysyna-da duýdurmaly bolarsyñyz. - Alla janlarym, ýogsa-da şol näçinji klasda okaýarkanaýt? - diýip, Saparguly aga pikirlendi. Ýadyna düşmedi. Elini sakgalynyñ ujuna ýetirdi, soñra ony iki dişiniñ arasyna salyp çeýnedi. - Dogla ýylam ýadyñyza düşenokmy, Saparguly aga? - diýip, ýene Gülnabat Saparguly aga seretdi. - Wah, doglan ýylyny bilýän-le, sygyr bolmaly - diýip, Saparguly aga säginmän jogap berdi. Gülnabat Saparguly aganyñ bu gürrüñine güljeginem bilmedi, näme diýjeginem. Matematika mugallymynyñ haýsydyr bir usul bilen ýaş hasaplap bilýänligi güpbe ýadyna düşdi. Derrewem ony ýanyna çagyrtdy. Hortañ uzynagrak adam gelip, Saparguly aga bilen salamlaşdy. Soñra ol nämedir bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly, öz-özi dodaklaryny gymyldadyp pyşyrdady. Birsalymdan soñ Saparguly aganyñ ýüzüne dikanlap seretdi-de: - Ogluñyzyñ ýaşy näçe bolsa, onuñ yzyna nul goýuñ. Indi haýsy hem bolsa bir belgili sany dokuza köpeldiñ-de, netijesini ýañky sandan aýryñ. Galan sany maña aýtsañyz, men siziñ ogluñyzyñ ýaşyny aýdyp bererin - diýip, yzly-yzyna suñşuryşdyrdy. Saparguly aga nämäñ-nämedigine oñly düşünmedi. Ol asyl bu gürrüñler özüne aýdylýandyram öýtmedi. Añk bolup, matematika mugallymynyñ ýüzüne seretdi. "Beh, bu samrap otyr welin, neressäñ akyly dagy üýtgäýdimikä?" diýip, içini gepletdi. Ara düşen ümsümligi Gülnabat bozdy. - Onuñ ýaşyny bilýän bolsak bolaýmajakmy, goşup-aýryp oturyp näme edeli? Bar, git-de klasyñt okadyber, ýöne edebiýat mugallymy Öwezdurdyny çagyr, gelip gitsin. Az salymdan "Mümkinmi?" diýip, Öwezdurdy geldi. Saparguly aga her gelen bilen esli wagtlap saglyk-amanlyk edýärdi. Öwezdurdy bilenem şeýle boldy. - Men-ä ýyl öwrüp bilýän däldirin. Ýöne ýyl öwürmegiñ düzgüni "Türkmen diliniñ sözlügi" diýen kitapda bolmaly, şondan göräýeliñ - diýip, Öwezdurdy maslahat saldy. - Indi şu mekdepde ýyl öwrüp bilýän ýokmy? - diýip, Gülnabat oýlandy. Onýança "Ýogsa-da, mekdebimiziñ garawuly Köşekli aga bar. Şoñ başynyñ çykmaýan zady ýokdur" diýip, Öwezdurdy nämedir bir ýitiren zadyny tapan ýaly, begençli gürledi. Öwezdurdy mugallymyñ ornuny Köşekli aga gelip eýeledi. Iki ýaşulynyñ saglyk-amanlygy öñküleriñem çeni bolmady. - Ogluñ doglan ýyly sygyr bolsa, hany göreýin - diýip, Köşekli aga öz başyna gürläp başlady. - Ýyl başy syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan, ýylky, koý, bijin, takyk, it, doñuz - boldy tamam. Üstümizdäki ýyl häzir ýylan bolmaly. Onda bu ýerden-ä sygyr, bars, towşan, luw - dört ýyl, añyrda-da bir müçe, bir müçämizem on iki ýyl, diýmek on alty ýaşynda bolýa - diýip, Köşekli aga hasap-hesibini gutarandan soñ kesgitli jogap berdi. - On alty ýaş bolsa, onda ogluñyz dokuzynjy klasda okaýan bolmaly, oña rugsat bereris, ýöne Saparguly aga, ogluñyzyñ näçinji klasda okaýanlygyny indi berin ýadyñyzdan çykarmaweriñ - diýip, Gülnabat janygyp gürledi. - Hä, sakgaldaş, ýyly sygyr bolsa, ond 9-njy klas boljak eken-ow. Aý, indi ýadymyzdan çykarmarys-la - diýip, Saparguly aga işikden çykyp barşyna hüñürdedi. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |