21:19 Dostumyñ ýegeni / satiriki hekaýa | |
DOSTUMYÑ ÝEGENI
Satiriki hekaýalar
Gün eñegini ýere berenem bolsa, tomsuñ jöwzaly yssysy heniz köşeşer ýaly däldi. Petiş howa demiñi darykdyryp barýardy. Heläk bolup gidenime görä öýünde bir bar bolaýbilse ýagşydyr diýip, men dostumyñka gezelenje çykdym. Barsam, ol pal atýan ýaly, öñüne galyñ bir kitaby alyp, hiñlenjirap oturan eken. Atylýan palyñ çözgüdine garaşýan dek dostumyñ ýanynda oturan nätanyş oglanyñ ýüzünde nähilidir bir ünjüniñ bardygy bildirip durdy. Salamlaşmak üçin dostuma elimi uzadanymam şoldy welin, ol: - Tanyl boluñ, ynha, bu-da meniñ jan ýaly ýegenim. Adyna Muhat diýýärler, obadaky ýörgünli ady Köşek, özem okuwa girmäge gelipdir - diýip, süýem barmagy bilen keçäni dyrmalap oturan oglany görkezdi. Ol meniñ bilen görüşmek üçin ýerinden turdy-da, iki elinem uzatdy. - Köşegim, meñ adymam Durdymämmet - diýip, men ol ýigidiñ elini berk gysdym. Ol ulugyz ýaly sülmüräp, ýene-de öńki ýerine geçip oturdy. Dostum Gurbanmyrat çagalarynuñ oba, enesiniñkä gezmäge gidendigini aýtdy. Soñra ýüzüni galdyryp bilmän ýygryljyrap oturan ýegenine seredip ýylgyrdy. - Men-ä şu giden howlyñ içinde ýeke özüm gorkjagam, hernä ýoldaşlyk ýegen geläýdi - diýip, ol maña gözüni gypdy. Men dostumyñ häsiýetine beletdim. Çenim çen bolsa, ol häzir ýegenine degjek bolýardy, ony gürletjekdi. Ýöne Muhat zaññaram edil razwedka iberäýmeli eken, agzyndan söz aljak gümanañ ýok, näme diýseñ ýylgyraýýar. - Ýegen, her zadam bolsa bagtlyja oglan ekeniñ. Gökdäki dilegiñ ýerde gowuşdy. Ynha, şu adam haýsy okuwa gireýin diýseñ, ýerleşdirip bilýär. Diliñ gymyldasa bolýar, aýdaýmaly - diýip, Gurbanmyrat maña tarap elini uzatdy. Men hamana diýersiñ ähli okuw jaýynyń hojaýyny ýaly, birneme güberildim. Ardynjyrap, kellämdäki şlýapama elimi ýetirdim. Ony aýryp, ýabaga geýdirdim. Dostumyñ maña bildiren ynamyny ödemek üçin ýegeniniñ göwnünden turaýjak söz gözledim. - Gurbanmyrat, bu ýegeniñ sypaty sazanda bolarly welin, ony täze açylan sungat institutyna ýerleşdiräýsek nähili bolarka?! Mümkin, munuñ başarnygyny barlap göreris - diýip, men göz astyndan Muhada seretdim. Göwnüme bolmasa, ol häzir hasam müzzeren ýaly boldy. Neressäñ çalarak ýüzem gyzardy. Dostum aýdanyma mähetdel, derrew niredendir bir ýerden daşy mahmal gaply dutar çykardy. Göýä diýersiñ eýýäm okuwa kabul edilip barýan ýaly, hälki sülmüräp oturan Muhat: - Ýok, daýy, maña ol ugurdan bir oka diýmäweri - diýip, iki elini iki ýerden daldalatdy. Gurbanmyrat ikimiz onuñ bu hereketine hezil edinip gülüşdik. Biz myhman oglanyñ üstüne hüjüme geçdik, ol arkan gaýyşdygyça, biz öñe dyzadyk. Gürlejek bolup agzymy çommaldanymam şoldy welin, Gurbanmyrat menden öñürtdi. - Ýegen, kemrysgal bolma, il-ä şular ýaly tanyş tapanok, sen näme Mürzeweliñ aty ýaly gitdigiçe gaýr basýañ. Sungat ugrundan okajak däl, mugallymçylygy halañok, oba hojalyk señ üçin agyrmyş. Onda sen haýsy ugurdan okajak, belki doktor bolasyn gelýändir? - diýip, dostum çyna berimsiz edip ýegenine seretdi. Bu gezek Gurbanmyradyñ sesi sandyrap çykdy. Be, walla, birden dostumyñ çynydagy däldird-ä diýip, men howatyrlandym. Ýok, ol meniñ beýle zatlardan baş çykarmaýanlygymy bilýär ahyryn. Onda-da meniñ ýüregime bir hili howsala düşdi. Nedenem "Aý, dost, gel şu oýny goýaly-la" diýip dillenipdim. Onuñ sesi ogurlykda tutulan çaganyñ sesi ýaly eşidildi. - Aý, daýy, dogtorçylyk diýmesene. Men gan görsem, ençe günläp tisginip ýatyp bilemok. Men üstümden dag aýrylan ýaly boldum, ýüküm ýeñläp gitdi. Birden "Ynha, daýy şo diýen ýeriñ bolýar, ýerleşdiräýiñ" diýip dyzap dursa nätjek. Aý, görýän welin, dostumyñ ýegeniniñ okuwa girmek küýi ýok öýdýän. Agzan zadymyz tersine bolup dur. Arkaýyn üstüne sürnübermeli. Gurbanmyrat gazda oturdylan çaýyny demlemek üçin aşhana çykanynda, men ýuwaşlyk bilen myhmanyñ ýüzüne seretdim. Onuñ naýynjar garaýşy menden haraý isleýän ýalydy. Dogrusy, men onuñ häzirki bolup oturyşyna dözmedim. Onýança hiñlenjiräp, eli çäýnekli Gurbanmyrat geldi. - Näme, ýegen, şeýdip indi atyñy ýeke çapjak oturjakmy?! Ekzamen-ä gorkma, bardym adyny etseñ, Durdymämmediñ özi bir zat eder - diýip, ol maña bir käse çaý uzatdy. Muhat sesini çykarman ýüzüni aşak saldy. Ol nämedir bir zatlar diýjek boldy. Ýöne onuñ dodaklary gymyldasa-da, sesi çykmady. Dostumyñ ýegeniniñ ýüreginde okuwdan başga-da bir harasadyñ gopýandygy görnüp durdy. Men bilmezlige salyp gürledim. - Gurbanmyrat, ýegeniñ bu zatlara näme üçin pisindiniñ oturmaýandygyny indi bildim. O diýýän okuwlañdan gutaraýanda-da hiç hili düşewünt ýok. Ynha söwda ugrundan okajakmy diýibem bir gör, nädersiñ ýöne ýegeniñ "ur içinden" diýip, ýüzük çykaran ýaly, zöwwe ýerinden galaýsa. Dostum ikimiz çiñerilişip, Muhadyñ ýüzüne seretdik. Ol sesini çykarman, başyny ýaýkady. Atylan ok ýene-de nyşana degmedi. Oýnuñ yzy çyna ýazdy öýdýän. Gurbanmyrat gaharly gürledi: - Ýegen, sen şu Tejen ýaly ýerden näme işlemäge geldiñ? Kakañ saña haýsy okuwa gir diýip iberdi? Muhat daýysynyñ soraglaryna pyşyrdap diýen ýaly jogap berdi. - Haýsy okuwam bolanda tapawudy ýok-la. Ýöne kakam ýykylyp gelseñ, aýagyñy duşarys diýipdid-ä welin... - Be, Fonwiziniñ gahrymanlary henizem biziñ aramyzda bar-ow - diýip, Gurbanmyrat ýegeniniñ sözüni böldi. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |