FOLKLOR – MILLI GÖZBAŞDYR
Halk döredijiligi halk kalbynyň aýnasydyr. Şol aýnanyň ýüzünde milletimiziň adamkärçilik sypatlary, gylyk-häsiýeti, ahlak ýörelgeleri, däp-dessurlary, dini-ygtykady, umuman, köp asylly häsiýetleri görünýär. Halkyň zähmet şertleri, dünýägaraýşy, ruhubelentligi, käwagtlar sussypeslige özüni aldyrsa-da, ahyrynda şol ýagdaýdan çykyp, belent başyny dik tutup, kyn günde biri-birine hemaýat berşiniň beýany dürli görnüşdäki halky eserlere siňip gidipdir.
Halk döredijilik eserlerine ser salanymyzda, ýene-de bir täsinlige gabat gelýäris. Ol hem dil meselesidir. Biz folkloryň içine içgin aralaşdygymyzça, köp sanly gadymdan gelýän owazly, şireli sözlere gabat gelýäris. Türkmen dilini öwrenjek bolsak, öňi bilen halk döredijilik eserlerini bilmeli. Geçmiş ata-babalarymyzyň şireli sözlerem, owazlylygam, şirinligem – barysy halk döredijiligi atly genji-hazynamyzda jemlenipdir. Halk döredijilik eserlerinde köne din wekilleriniň, keramatlylaryň atlaryna, iýmit atlaryna, egin-eşik, mata, şaý-sep, saz gurallarynyň atlaryna, ýer-ýurt, adam atlaryna kän sataşýarys. Umuman, halky eserlerde gabat gelýän şirinden şirin, owazly, ýakymly sözler biziň geçmişimizden habar berýär.
■ FOLKLORE IS A NATIONAL SOURCE
Folklore like a mirror of national soul reflects its humanity, morals, life and traditions, religious ideas, its nobility in the whole.Everything – the people’s outlook, its optimism that helps to overcome all difficulties and obstacles on its way – is reflected in various genres of oral poetry.
Folklore samples contain a lot of original, sonorous words of ancient origin. Study of folklore is one of the way of obtaining good knowledge in Turkmen language.A great number of harmonious words, names of famous figures and sacred men, musical instruments, designation of decoration and jewelry, toponimes narrate to us about the people’s past.
Gurbanjemal Ylýasowa.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň „Halk döredijiligi” bölüminiň müdiri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde, ylaýta-da, täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli mirasymyzy, baý ruhy hazynamyzy düýpli öwrenmeklige ak ýollar açdy. Ol özüniň çykyşlarynda ylym ulgamyna uly üns berip, halky ruhy taýdan ösdürmekde, galkyndyrmakda gumanitar ylymlaryň, aýratyn-da biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan taryh, etnograsfiýa, arheologiýa, pelsepe, dil, edebiýat, folklory öwreniş ylymlarynyň ähmiýetine uly baha berip, olary ösdürmeklige ugrukdyryjy görkezmeler berdi. Şu ýerde onuň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde eden çykyşyny ýatlamak ýerliklidir. Hormatly Prezidentimiz ylym ugrunda alnyp barylmaly wezipeleri kesgitläp, gumanitar ylymlary öwrenmek barada şeýle netijä geldi: „–gumanitar ulgamy ösdürmek, ýagny türkmen dilini öwrenmegi çuňlaşdyrmak we ösdürmek, türkmen edebiýatynyň nusgawy eserlerini hem-de türkmeniň geçmişdäki akyldarlarynyň filosofiki mirasyny öwrenmek we olaryň döredijiligini giňden wagyz etmek, arheologiýa ýadygärliklerini gorap saklamak we öwrenmek, Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlara, täze we häzirki döwre degişli taryhyny, halkymyzyň medeniýetini we folkloryny öwrenmek, häzirki eýýamy we Türkmenistanyň täze döwlet ideologiýasyny öwrenmek hem-de ylmy taýdan işläp taýýarlamak bolup durýar”(1)
Şuňa laýyklykda, milli mirasymyzyň ajaýyp baýlyklary bilen birlikde gymmatly ruhy hazynamyz bolan halk döredijilik eserleri hem giňişleýin öwrenilip başlanyldy. Folklor eserleri halkymyzyň taryhyny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, yrym-ynançlaryny, ahlak ýörelgelerini öwrenmekde iň bir ähmiýetli çeşmeleriň biridir. Türkmen halkynyň dil baýlygyny özleşdirmekde-de halky eserler gymmatly hazyna bolup hyzmat edýär. Halkyň döreden dürdäneleriniň içine içgin aralaşdygymyzça, muňa has aýdyň göz ýetirýäris.
Uzak asyrlaryň dowamynda döräp, kämilleşip gelen, halkyň ruhy iýmiti bolan halky eserleriň gymmaty häzirki döwürde has hem uludyr. Bu günki gün olary okanyňda, diňläniňde parasatly gojalarymyzyň, mährem ejelerimiziň şunça täsinligi, kalplary heýjana salýan ruhy baýlygy gursaklarynda döredip, eşrepi deýin apalap saklap, şu günlerimize ýetirmegiň hötdesinden gelendigine haýran galýarsyň.
Elbetde, halk döredijilik eserleri halkyň ruhy iýmite bolan islegini kanagatlandyryp, has uly wezipeleri ýerine ýetiripdir. „Çagalygyndan agşamlaryna ajaýyp ertekileri diňlemedik, matal aýdyşmadyk, ýomakdyr şorta sözleri eşitmedik türkmeni geçmişde tapyp bolmandyr” diýmäge esas bar.
Halk döredijiligi halk kalbynyň aýnasydyr. Şol aýnanyň ýüzünde milletimiziň adamkärçilik sypatlary, gylyk-häsiýeti, ahlak ýörelgeleri, däp-dessurlary, dini-ygtykady, umuman, köp asylly häsiýetleri görünýär. Şonuň üçin, hem bu genji-hazynadan ýetdik paýyny alan ynsan öz iline, halkyna, olaryň gün-güzeran şertlerine, durmuşyna, däbine-dessuryna, ynsanperwerligine beletdir. Halkyň zähmet şertleri, dünýägaraýşy, ruhubelentligi, käwagtlar sussypeslige özüni aldyrsa-da, ahyrynda şol ýagdaýdan çykyp, belent başyny dik tutup, kyn günde biri-birine hemaýat berşiniň beýany dürli görnüşdäki halky eserlere siňip gidipdir.
Halk döredijilik eserlerine ser salanymyzda, ýene-de bir täsinlige gabat gelýäris. Ol hem dil meselesidir. Biz folkloryň içine içgin aralaşdygymyzça, köp sanly gadymdan gelýän owazly, şireli sözlere gabat gelýäris.
Dogrudan-da, öz ene dilimizi bilmän, biz hakyky türkmen bolup bilmeris, geçmişimizi, ruhy mirasymyzy öwrenip bilmeris. Türkmen dilini öwrenjek bolsak, öňi bilen halk döredijilik eserlerini bilmeli. Geçmiş ata-babalarymyzyň şireli sözlerem, owazlylygam, şirinligem – barysy halk döredijiligi atly genji-hazynamyzda jemlenipdir. Elbetde, ol şireli sözleriň köpüsi geçmişden birneme daşlaşylan ýyllarda ýitip gitmek derejesine ýetirilipdir. Şonuň üçin hem, dil babatda gymmatly bolup biljek halky eserleri il arasyndan toplamak, ýene-de halkyň özüne gaýtaryp bermek meselesi häzirki döwürde esasy meseleleriň biri hökmünde ör-boýuna galýar.
Halk döredijilik eserlerinde din wekilleriniň, keramatlylaryň atlaryna, iýmit atlaryna, egin-eşik, mata, şaý-sep, saz gurallarynyň atlaryna, ýer-ýurt, adam atlaryna kän sataşýarys. Başga-da durmuşyň dürli babatlarynda ulanylýan täsin, ýatdan çykyşyp, ulanylmadan galyşyp barýan sözlere duş gelýäris. Biz häzirki günlerde şol iýmitleri iýmesegem, şol matalary geýmesegem, olar bize halkymyzyň geçmiş taryhy barada gymmatly maglumatlary berýär. Ol iýmit önümleriniň, matalaryň köpüsi türkmeniň milliligine uly sarpa goýulýan şu günlerde köpçülikleýin ulanylyp başlandy. Galyberse-de, şol gadymy sözler ulanylan eserler şeýle bir çeper, özüne çekiji, şolary okap, halkymyzyň çeperçilik aňynyň näderejede bolanlygyna göz ýetirýärsiň-de, haýranlar galýarsyň.
Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanasynda geçmiş taryhymyz, öň öwrenilmäge milt edilmedik dini eserlerimiz, halkyň pähim-paýhasy siňen halk döredijilik eserleri has düýpli öwrenilip başlanyldy. Häzirki döwürde halkymyzyň beýik taryhyna, milli diline guwanjy, buýsanjy artdy, geçmişimizi öwrenmeklige isleg döredi. Elbetde, öz ene dilimizi ösdürmek, öňküden hem baýatmak üçin geçmiş mirasymyza, halkyň şahyrana döredijiligine ýüzlenmelidiris. Çagalaryň aýdyşýan bir bent sanawajyna üns bereliň:
Kakam gitdi Tejene,
Kak getirdi ejeme,
Künji bilen iýjan-eý,
Menem iýjek, heýjan-eý!(7)
Göräýmäge ýönekeý çaga sanawajy, emma şujagaz bentde türkmeniň geçmişde giňden ulanylan, häzirki döwre hem gelip ýeten iýmitleriniň atlary barada uly taryhy maglumat gabat gelýär. Kak, künji, hut, häzirki günde-de türkmeniň nygmatly saçagynyň bezegi, emma „iýjan” diýlende birhili oýa çümeniňi duýman galýarsyň. Şular ýaly ýagdaýlarda halk döredijiligini öwreniji alymlar törüň ýaraşygy bolan paýhasly gojalar, mährem ejeler bilen söhbetdeş bolup, şol iýmit barada bilýänlerini sorap, maglumat toplaýarlar. Derňewler, sorag-idegler iýjanyň gawunyň çigdiniň maňzynyň, kakyň, gowurganyň owradylyp sokuda döwlüp, toşapda garyşdyrylyp, tokgalanyp ýasalýan iýmitligini anyklamaga ýardam berýär. Şiwe gepleşiklerinde „iýjan” sözi häzirler hem gabat gelýär. Daşoguzda et maşyndan geçirilen ete hem iýjan diýilýän ekeni. Çuňňur oýlanylsa, ikisinde meňzeşlik bar, owratmak, ýençgilemek, tokgalamak. Esasy gymmaty hem şu sözüň şygyr görnüşine geçip, çagalar döredijiliginde çeper işledilmegidir. Süýji tagamlaryň tokgalanylmagy bilen iýjan taýýarlanylýanlygyna häzirki günde hem duş gelinýär.
Halk döredijiliginiň hüwdi, sanawaç ýaly görnüşlerinde unudylan iýmit atlary has hem kän gabat gelýär. Dil meselesinde, gadymy sözlerimiziň öwrenilişinde hüwdüleriň ähmiýeti uludyr. Hüwdülerde türkmen taryhyna, medeniýetine, sungatyna degişli maglumatlar hem saklanyp galypdyr. Mysallara ýüzleneliň:
Ballym kölüň sonasy,
Dogramanyň honasy,
Şu ballyma söýgüden
Sargarypdyr enesi (2, 75)
„Hona nan” diýlende, türkmeniň öten-geçenlerini ýatlap berýän hudaýýolusy biygtyýar ýadyňa düşýär. Üstünde et dogralyp, bişirilen etiň tagamy çykan çörek bölegine „hona nan” diýilýär. Türkmen hudaýýolusynda etleri sypyrylyp alnan (az-owlak etli) süňkler hem çagalara paýlanylardy. Bular göräýmäge ownuk zatlar, emma halkyň taryhy geçmişi.
Türkmen sowatsyz bir yzgalak halk hasaplanylyp gelnen bolsa-da, geçmişe hakyky göz bilen nazar aýlanylsa, çagalaryna iýdirýän iýmit önümleriniň sanam sanardan kän. Ata-babalarymyz öz çagalarynyň berk bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanyp, dürli-dürli ýokumly tagamlary taýýarlapdyrlar. Talhan, galgan, sargan we şuňa meňzeşler. Diňe süýt önümleri hem sanardan kän. Çal, aýran, eprik, ýogurt, süzme, gurt, saryýag, mesge we beýlekiler. Şu iýmit atlarynyň bary diýen ýaly halk döredijilik eserlerine, täsin bentlere siňip gidipdir:
Süýdümden sargan bolar,
Ýüňümden ýorgan bolar,
Gyzlaň gyzyl-alasy,
Olar hem menden bolar (7)
Goýnuň geçä ýüzlenip aýdan bu setirlerinde türkmeniň iň ýörgünli iýmiti bolan sarganyň ady tutulýar. Ýaz aýlary ýazlaga giden türkmen obalarynda goýun saglyp, onuň süýdünden derde derman şypaly, sergin çöl howasynda jana ýaramly süýt önümleri taýýarlanylýar ekeni. Elbetde, şeýle ýokumly, elinje iýmitler bilen iýmitlenip ösüp ýetişen çagalar bolsa berdaşly, daýaw, sagdyn ýigitler, näzenin gözeller bolup ýetişipdir. Talhan hem ýokumly iýmit. Çagalar oýnap ýören wagtlarynda-da, öýde çaý içenlerinde hem talhan iýipdirler. Bu iýmit ady hüwdi bentlerine siňip galypdyr:
Alleý-alleý alhamly,
Gant goşulan talhanly...
Alleý-alleý alhana,
Bal goşulsyn talhana,
Gül aýagyň ýadasa
Götereýin arkama (2, 55)
Talhan näme? Geçmişde türkmenlerde her bir öýde diýen ýaly el degirmeni bolar ekeni. Bugdaýy gowrup, künjüli gowurga edipdirler, gowurgany degirmende üwäp, birazrak ýag bilen garyp (içine süýji zatlardan hem atsa bolýar), çanaga salyp goýarlar ekeni. Çagalar ony oýnap ýörkäler iýmegi gowy görüpdirler. Garagol çagalardan biri agzy talhanly çaga „possun diý!” diýip ýüzlener eken, ol hem „possun” diýjek bolanda, agzyndaky talhan pürkülip gidip, çagalaryň arasynda şowhunly gülki emele getirer ekeni (7).
Umuman, iýmit atlary hüwdülerde aýratyn köp gabat gelýär, munuňam sebäbi, elbetde, hüwdiniň çaga durmuşyna ýakynlygyndan bolsa gerek, çagalary her hili iýmitler bilen iýmitlendirip ulaldypdyrlar ahbetin! Hüwdülerde miweli agaçlaryň görnüşleri hem kän agzalýar, çagalar iň ýagşy miweli agaçlara meňzedilýär:
Zamça gawun gämigi,
Peýwent erik şänigi...
Gara gözüm Kerim jan,
Ejesiniň läligi (2, 183)
„Peýwent” sözi sapmak sözüni aňladýar. Diýmek, „peýwendi erik –-sapylan erik” diýen düşünjäni berýär. Zamça bolsa gawunyň bir görnüşi. Hüwdülerden owmaç, semeni, patrak, çetrek, çelpek, epme ýaly türkmenleriň ulanan iýmitleriniň atlaryny isledigiňçe tapmak mümkin. Halky eserleriň beýleki görnüşlerinde hem diňe iýmit atlarynyň däl-de, durmuşyň ähli babatlarynda ulanylýan del sözleriň örän kän gabat gelýändigini bellemek gerek.
Çanakda suw çaýkanmaz,
Ýorga geler, gyzyma.
Injikleri bir tutam,
Bugra geler, gyzyma.
Horasanyň ak unundan,
Çelpek geler, gyzama.
Maň goýnuň döşünden,
Saçak geler gyzyma...(2, 189)
Ýa-da:
Seýran etse jahana,
Ýelmaýasy ýel jigim...(2, 66)
Gür jeňňeliň içinde,
Gäwmiş öldir, et getir (2, 63)
Bu bentlerde biz mal-gara (ýorga, bugra, maň goýun, ýelmaýa, gäwmiş) tohumlarynyň atlary bilen tanyşýarys. Şu agzalan mallar iň kämil nusgalar, türkmen halky olary kem-kemden kämilleşdirip, ösdürip, nusgalyk derejä ýetiripdir. Şularyň barysy hem ýaş nesliň bilmeýän zatlary, bulary öwretmek hem, elbetde, ýaşuly nesilleriň borjy.
Türkmeniň gadymyýetden dowam edip gelýän oýun atlaryna, ösümlik atlaryna, dürli abzallaryň, gurallaryň atlaryna-da folklor eserlerinde duş gelmek bolýar. Häzirki „küşt” sözüniň iň ýörgünli ady „sadranç” bolupdyr. „sakak” sözi bu ýerde küştüň çöplerini aňladýar. Ene çagasynyň ökde küştçi bolmagyny, yrsgally-döwletli ogul bolup ýetişmegini arzuwlaýar.
Sakaklary sap altyn,
Sadranç oýnar elleri (2, 143)
Umuman, her bentde diýen ýaly doga zehinli, süňňi halal pederlerimiziň ulanan şireli, owazly hem-de manyly sözleri öz ornuny tapypdyr.
Gawunlary zamçaly,
Odunlary omçaly,
Gaýyn atasyna bir salam! (6)
diýen setirlerde bolsa biz zamça, omça sözlerine duş gelýäris..
Mysal alnan setirlerde gabat gelýän „zamça” sözi gawunyň bir görnüşidigi barada öň ýatlanylypdy, „omça” ýygylan odunyň töňňesi bolmaly. Elbetde, şular ýaly sözler barada düşündiriş berlip, ýaşlarymyzyň beýle şirin sözlerimizi bilmeklerini gazanmak gerek.
Çelek-çelek pampasa,
Pampasamyş, ýar-ýar;
Gelnimiziň ýeňňesi,
Kelpesemiş, ýar-ýar; (6)
Degişme häsiýetli bu toý aýdymy bendindäki „kelpese” sözüne düşünmek, elbetde, çetin, ýaşlar-a bu sözi bilmezler, ýogsa aryf şahyr Magtymguly Pyragy: „Kelpesä ýuwtdurmaz ajdar maslygy” diýen setirinde bu sözi örän ýerlikli ulanypdyr. Emma ýaşlaryň birentegi şol sözüň „hažžyk” manysyny berýändigini bilmeseler gerek. „hažžyk” sözi bar diýip, biz näme üçin şeýle owazly, şirin „kelpese” sözünden, pederlerimiziň, Magtymguly atamyzyň ulanan sözünden ýüz döndermeli. Şeýle sözleri ulanmagymyz, dilimizi baýlaşdyrmagymyz gerek, çünki bu şirin sözler bize gadymyýetden galan miras.
Baryp dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde ulanylan gonak (myhman) sözi, hut, soňky döwürlerdäki halk döredijiligi eserlerinde hem kän duşýar. Mahmyt Kaşgarlynyň:
Körklük tonug özüňke,
Tatlyg aşyg azynka,
Tutgul konuk agyrlyk,
Ýazsyn çawyň budunga (5, 191)
diýen setirleriniň manysyny merhum edebiýatçy alym Rahman Rejebow şeýle düşündirýär: „Görkli donuňy özüň üçin sakla, datly, tagamly aşyňy başgalara-da dadyr. Myhmanyňy agyrla, hormatla, goý, ol seniň şöhratyňy ile ýaýratsyn.
Şu ýerdäki „konuk” (gonak) sözi hüwdülerde örän ýerlikli işledilipdir, hut, şu günler hem şol manyda ulanylyp gelýär:
Alleý-alleý apaýyn,
Toýunda at çapaýyn,
Daşdan gelen gonaga,
Mahmal serpaý ýapaýyn (7)
Iň bärkisi „serpaý” diýen söz hem ýaşlarymyzyň ençemesi üçin täzelik bolsa gerek.
Folklorda duş gelýän „ýogurt” sözüne ünsi çekesimiz gelýär:
Akja okara içine,
Akja ýogurt ýaraşar,
Akja ýogurt içmäge,
Akja bäbek ýaraşar(7)
„ýogurt” sözi „Gorkut ata” şadessanynda ulanylmak bilen özüniň gadymy türkmen sözüdigini subut edýär: „Ozan aýdar: „Öýüňe myhman gelende, gelen myhmany hezzetläp, seni ýoksuratmaýan aýal miýesser bolsun. Ertir bilen turup, elini-ýüzüni ýuwman, dokuz ýazmaç bilen bir kenek ýogurdy dykyp, elini bykynyna diräp; „Şu öý gura! Äre çykalym bäri doýa garnym doýmady, ýüzüm gülmedi, aýagym paşmak, agzym ýaşmak görmedi. Şu bir ölse, menem başga birine barsam” diýýän aýal ýigitlere duşmasyn, gapyňyzdan gelmesin” (4).
Şu iki mysalda duş gelen „ýogurt” görşümiz ýaly, iňňän gadymy söz. Ýöne bu söz günbatar ýurtlaryna hem ýaýrap, diňe Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistana birinji çekimlisi uzyn aýdylýan görnüşde öwrülip geldi. Bular ýaly köp-köp sözler könelişen hasaplanyldy, emma indi ol sözler diliň sözlük düzümine ymykly ornaşyp başlady.
Ýene-de käbir sözlere ser salalyň:
Allan-allan bes etsem,
Ulalsaň, höwes etsem,
Gyzyl gülden don biçip,
Etegin begres etsem,
Begres donuň ýakasy,
Deň-duşunyň bökesi (2, 41)
„Böke” türkmeniň gadymy sözlerinden biri bolup, „pälwan” diýen manyny aňladýar.
Ýene-de bir mysal;
Allan-allan diýdigim,
Alladan diledigim,
Eýäm beren teperrik,
Seni allaladygym (7)
„Teperrik” haýsydyr bir del zatdan dadymlyk diýen manyny berýär. Teperrigi örän aýamaly, azajykdan dadyrmaly, ol öwlüýäden gelen duz-çörekden, hojam agalardan, keramatly ýerlerden gelen zatlardan dadymlyk. Emma, gynansak-da, „teperrik” sözüni 1962-nji ýylda neşir edilen „Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginden” tapyp bilmedik, çünki bular ýaly sözler ol ýyllarda könelişen hasaplanyldy, emma halkyň dil baýlygyndan welin, hiç düşüp galmady, elmydama bu söz eşidilýärdi.
Beýle sözler örän kän. Halk döredijiligi biziň geçmişimizi, taryhymyzy, dil baýlygymyzy öwrenmekde iň gymmatly çeşmeleriň biridir. Biz halk döredijiligini düýpli öwrenip bilsek, onda öz halkymyzyň taryhyna, etnografiýasyna, diline, edebiýatyna belet bolup bileris. Eger-de biz öz halkymyzyň taryhyny öwrenjek bolsak, onda ähli zadyň sakasy, başlangyjy bolan halk döredijiligi atly genji-hazyna ýüzlenmelidiris.
Geçen XX asyryň 80-nji ýyllarynda Yrakda ýaşaýan Kerkuk türkmenleriniň şahyrana halk döredijiliginden saýlanan bir ýygyndy elimize düşdi. Halk döredijiligini öwreniji bolamsoň, bu kitaby gyzyklanma bilen okadym. Şonda şeýle setirler mende uly täsir galdyrypdy.
Bilmenem ne demdeýem,
Bir täleýsiz bendeýem,
Uwasyz baýguş kimin
Günde bir Watandaýam.
Gurut gözýaşyň, Kerkuk,
Altyndyr daşyň, Kerkuk,
Birleş gardaşlaryňa
Ýükseler başyň, Kerkuk! (3)
Şu setirleri okanymda, dünýä ýaýrap giden türkmen doganlarymyzyň folkloryny öwrenip, şol bentlerdäki dil baýlygyny özleşdirmegiň öňde duran iň uly wezipeleriň biridigine üns berdim. Çünki olar ata Watandan çykyp gidenlerinde özleriniň gymmatly golýazmalaryny äkidişleri ýaly, hakydalarynda halk döredijiliginiň dürdänelerini hem alyp gidipdirler we ol setirleriň nesillerine miras bolup geçmegini hem gazanypdyrlar. Bu bentleriň içinde gadymy sözler has-da köp gabat gelýär. „Uwa” sözi „öý, höwürtge” manysynda gelýän bolsa, „ýükselmek” beýgelmek manysyndadyr.
Umuman, halky eserlerde gabat gelýän şirinden şirin, owazly, ýakymly sözler biziň geçmişimizden habar berýär. Olar arassa türkmen sözleri, şol sözleriň her biriniň öz ornuny tapyp, ulanyşa girizilmegi, sözlügimiziň düzüminiň giňelmegi ugrunda ýurdumyzyň her bir adamsynyň aladalanmagy gerekdir.
■ Peýdalanylan edebiýatlar:
1. Berdimuhamedow G. Ministrler kabinetiniň göçme mejlisinde sözlän sözi, A., 2009 ý.
2. „Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi”, A., 2005 ý.
3. Kärkük folkloru antolokuýasy, Baky, 1987 ý.
4. „Gorkut ata’, A., 2001 ý.
5. Rejebow R. „Gadymy türkmen edebiýaty”, A., 1995 ý.
6. Çapa taýýarlanan „Toý aýdymlary” atly ýygyndy (Gurbanjemal Ylýasowa),
A. 2006 ý.
7. Awtoryň şahsy arhiwi.
Born – 1944 Turkmen state university – student (1961-1966), Turkmen language teacher – (1966-1967), Turkmen encyclopedia – senior laboratory worker (1968-1969), Academy of sciences of Turkmenistan – post graduate courses (1969-1971), Turkmen encyclopedia – scientific editor (1972-1979), Academy of sciences of Turkmenistan, Institute of history – senior researcher (1979-1990), Academy of sciences of Turkmenistan, Institute of language and literature – senior researcher, head of the department (1990-2004), National Institute of manuscripts – senior researcher (2004-2005), Turkmenistan National “Miras” centre – head of the department (2005-2007), National Institute of manuscripts of the Academy of sciences – head of Folklore department (2007-till now).
■ List
of scientific works of G. Ylyasova
1. Turkmen funeral and weeping rites. “Türkdünyäsi”, 1994, № 8
2. Şaman ot – oldum şat, Turkey, Culture, 1998.
3. Türkmenistan we Türkiýe dügüni – ölüm gelenek we ynançlary (rites dedicated to wedding and death popular belief) (joint authorship with dr. Yashar Kalafat) Turksoy, 2002, № 7
4. Turkmen wedding rites and wedding songs. (joint authorship with A. Karriyeva). Magtymgulyny öwreniş (London) 2000, № 2
5. Reverence, praying are kinds of folklore. Türkmenistanda Ylym we tehnika, 2001, № 1
6. Popular belief is an ancient kind of folklore. Türkmenistanda Ylym we tehnika, 2003, № 1
7. G. Ylyasova “Poetic creation of women. (joint authorship with A. Durdiyeva, afterword of G. Ylyasova). “Miras”, Ashgabat, 2005
8. Turkmen folk popular beliefs “Miras”, Ashgabat, 2005 and others.
Halk döredijiligi we rowaýatlar