21:50 Gadymy türkmen terbiýesi | |
GADYMY TÜRKMEN TERBIÝESI / edebi filosofik söhbet
Filosofiýa
Dünýä tötänliklerden doly. Asyl dünýä tötänlikleriň esasynda bina edilen bolmaly. Tötänlikler esasynda ençeme gowy-gowy zatlaryň, has dogrusy, açyşlaryň üstünden barýarsyň. On-on bäş ýyllap jogabyny tapman ýören zadyňyň jogabyny-da tötänleýin bir zadyň esasynda açýarsyň. Haýsydyr bir tötänlik seniň dünýäňi özgerdip goýberýär. Hawa, käte Nýutonyň bir ýönekeýje almanyň şahasyndan tänip ýere gaçmasy sebäpli, bütindünýä dartyş kanunyny açyşy ýaly, haýran galdyryjy täzeligiň üstünden düşýärsiň. Ýogsa weli, alma nire, bütindünýä kanuny nire?! Edil şeýleräk tötänlik sebäpli, men hem özümi horlap gelen bir zadyň manysyny açdym oturyberdim. Bu şeýle boldy. Otuzynjy ýyllarda, sowet ideologiýasynyň haý-haýly hem hökmürowan döwründe birtopar geň-taňlyklaryň bolandygyny bilýäris. Şol döwürde nämeler bolmandyr diý. Indi juda gülkünç görünýän wakalaryň biri-de aýallar azatlygy diýilýän bilen baglanyşykly bolupdyr. Bolşewikleriň ähli oýy-küýi müňlerçe ýyllyk akyl ýörelgelerini, ynançlaryny «ýalana çykarmak» bolupdyr. Olar şol sanda türkmen «Aýal ata çykanda, torgaý çöpe çykanda, ahyrzaman bolarmyş» diýen nakylyny özleriçe ýalana çykarmagy niýetlerine düwüpdirler. Onsoň aýalyň ata çykany bilen hiç hili gaý-gopgunyň, ahyrzamanyň bolmaýandygyny görkezmek üçin, olar ol döwürde aýallary ýörite ata mündürip, atly ýörişleri gurnaýan ekenler. Şeýle waka gülkünçliginden, ýöntemliginden başga-da maňa hemişe düşnüksiz bolup görünýärdi. O nähili, gaty gadymy döwürlerden bäri türkmende aýallaryň erkekler bilen deň hatarda at münüp, söweş edendiklerini, uruşlara gatnaşandyklaryny biz taryhy dokumentlerdenem, edebi eserlerdenem bilýäris ahyryn. «Şonuň üçinem bu ýerde bir zad-a bolmaly» diýip, men netijä geldim. Diýmek, bolşewikleriň ideologik kanuny sebäpli, şol döwürde nakylyň manysyna öz göwünleriniň isleýşi ýaly nädogry düşünipdirler. Nakylyň hakyky manysy bolsa bütinleý başga bir perdeden gopýan bolmaly. Men G.Ezizowyň döredijiligini düýpli öwrenip, kitap ýazdym. Şonda şahyryň bir goşgusy meni şol uly açyşyň üstünden eltdi. Şahyryň «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi» atly goşgusy okyjylara bellidir. Halk döredijiligi äheňinde ýazylan bu şygyr söz oýnatmalaryna baý: Günler aýlara bakar, Aýlar ýyllara bakar, On sekizin dolduryp Serdarym ata çykar – diýen bendini aýratyn lezzet bile okaýanym ýadymda. Sebäbi söz oýnatmalary okyjynyň duýgularyny oýarýar, kalbyny gyjyndyrýar. Ylaýta-da, duýgy-many bitewüligi bolup duran soňky iki setire äňediň. Nähili ajap! Ýöne... birdenem bir geňlikden ýaňa kelläme urulan ýaly boldum. Ata çykar, ata çykar!.. Eýsem-de bolsa, bu ýerde türkmen şygryýetiniň gadymdan gelýän usuly – omonim söz oýnatmasy bar ahyryn. Şeýle söz oýnatma setiriň ahyryna düşüp, kapyýa ýasanda, muňa tuýug diýlipdir. Bu ýerde bolsa, birhili, göze ilmän galan ýaly. Omonim mynasybetli soňky iki setir iki sany many gatlagyny emele getiripdir. Muny «at» sözi bilen baglanyşdyranyňda bir many, «ata» sözi bilen baglanyşdyranyňda bolsa bütinleý başga bir many ýasalýar. Şu ýerde-de, näme üçindir, bilmedim, «aýal ata çykanda» nakyly hakydama geldi. Dur hany!.. Bu nakylda «at» däl-de, «ata» göz öňüne tutulýar-da?! Ýagny aýal ata çykanda – aýal atanyň ornuna geçende?! Eger halkyň akyl-paýhas hazynasy bolan nakyla girerlik derejä ýeten bolsa, onda türkmen «ata» düşünjesiniň many ähmiýeti gaty uly bolmaly. Şunda berilýän ähmiýetden çen tutsaň, ata – milli beden hem ruhy terbiýe ulgamynyň başynda duran şahsyýet bolmaly. Gündelik janly gepleşik dilinde, ýazuw hem edebi ýadygärliklerde onuň berýän manylaryna gulak tutdum. Görüp otursak, bu söz türkmen ruhunyň düýpli bir aýratynlygyny alamatlandyrýan düşünje bolup çykdy. Türkmen adatynda hem dünýägaraýşynda atanyň orny üýtgeşik bolupdyr. Ýöne türkmen durmuşynda tejribäniň aýratyn ähmiýetli bolandygyny bilýäris. Hut tejribe durmuşy hem, aňy hem dolandyrypdyr. Tejribe bolsa atalar arkaly geçýär. Şonuň üçinem ata hem hökümdar, hem mugallym, hem terbiýeçidir. Ýurda, jemgyýete, döwlete eýelik edýän adamlar, elbetde, erkek kişiler bolupdyr. Eger gyzlary durmuşa taýýarlaýan, olary terbiýeleýän eneler bolsa, ogullaryň terbiýesi dolulygyna atanyň – terbiýeçiniň elinde bolupdyr. Terbiýeçiligiň şeýle bölünişigi milletiň dünýägaraýşyny, edim-gylymyny kesgitleýän düýpli zatdyr. Sebäbi ogullaryň bütinleý erkek terbiýesini almagy ahyrky netijede milletiň erkekpisint millet bolmagyna getirýär. Erkekpisint millet – gaýratly, endamy gaty, dözümli, garadangaýtmaz, erkli we paýhasly hem oýlanşykly millet diýmekdir. Onsoň taryhyň ýowuz zamanlarynda şeýle milletiň öňünde durup biljek güýç tapylmandyr. Türkmenlerde gyz içeri üçin terbiýelense, oglan daşary – il-gün, ýurt, döwlet üçin terbiýelenipdir, ýetişdirilipdir. Jemgyýetiň içinde terbiýelemek hukugy we wezipesi enäniň eline geçende, nähili lellim, emelsiz hem ebtini oňarmaýan ejiz nesilleriň ýetişýändigini XX asyryň käbir halklarynyň ýaşaýşy görkezdimikä diýýärin. Ene, elbetde, beýik, ýöne öz ornunda we öz wezipesine laýyklykda beýik. Meniň mukaddes ene bilen atany biri-birine garşy goýmak pikirim ýok. Emma diňe aýal terbiýesini alyp, erkek adam bolup ýetişmek mümkin däl. «Erkek adam» diýmek bolsa Watany gorap bilýän, ýurdy dolandyryp bilýän adam diýmekdir. Köne türkmen düşünjesine laýyklykda, adamyň asly kesgitlenende, ene däl-de, ata hasaba alynýar, asyl atadan yzarlanylýar. Çünki Adam atanyň tohumynyň netijesi hasaplanypdyr. Şunuň bilen baglanyşyklylykda-da, «tohum» sözi birnäçe ähmiýetli manylara eýe bolýar. Bu sözüň hem atanyň tohumy, hem nebere, tire manysyny berýänliginiň özi-de köp zady aňladýarmyka diýýärin. Tohum – arassa türkmen bio-etniki aňlatmasydyr. Bu biziň adamzadyň tebigy hem ruhy ösüşinde-örňeýşinde birinjiligi ata berendigimizi görkezýär. Adam asly – ata, bu ýerde enä ikinjilik galýar. Adam şahsyýetiniň kemala gelmeginde atanyň örän uly paýy bar. Türkmen düşünjesinde adamyň alty sany atasy bar hasap edilipdir. Olar: – Adam ata; – Nuh ata; – öz ataň; – azan ataň; – sünnet ataň; – ylym ataň. Häzirki döwürde käbir folklorçylar bu hatara gaýyn atany hem goşup, ýokarky sany ýedä ýetirýärler. Emma bu, meniň pikirimçe, hiç hili esasy bolmadyk goşundydyr, diňe ýedilik sanyň häzirki modasyna eýerilip edilýän zatdyr. Sebäbi alty ata – her bir adamyň gan hem ruhy özenidir, aslydyr. Onsoň öz aslyňa gaýyn ataňy-da goşmak, ýumşaklyk bilen aýdanyňda, birhiliräk bolýar. Meniň bu pikirime beýik Magtymgulynyň aşakdaky setiri-de esas bolup biler: Bir atada alty atanyň soýy bar. Soý – asyl, özen diýen manyny berýär. Biziň her birimiziň ganymyz üç atadan – Adamdan, Nuhdan hem öz atamyzdan gaýdýar. Biziň her birimiziň ruhumyza, imanymyza bolsa beýleki üç ata – azan atamyz, sünnet atamyz we ylym atamyz dahyllydyr. Atanyň türkmen aňynda, ynanjynda tutýan uly orny türkmenlerde özboluşly dessuryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Aslynda-da adat ruhy-ideologik taýdan halk ynançlaryna esaslanýar. Gaty gadymy döwürlerde türkmenlerde täze dogan oglany başga birine terbiýelemäge bermek adaty bolupdyr. Şol adata görä, oglan belli bir ýaşa ýetinçä, öz atalygynyň elinde terbiýelenipdir. Eger atalyk tutunmak däbiniň, esasan, baý, at-abraýly, ýagny hemişe ýurt, döwlet aladalaryna meşgul maşgalalarda ýöredilendigini hasaba alsaň, onda munuň esasy maksady oglana doly hem oňat terbiýe bermek bolupdyr. Atalykda oglanyň öz atasyndan tapawutlylykda, çaga zerur ähli üns, boş wagt näçe diýseň bolupdyr. Bu bir. Ikinjiden, belli-belli adamlar ömürboýy atly adamlaryň çagalaryny terbiýeläp ýetişdirmek bilen meşgullanansoňlar, atalyk özboluşly bir hünär eken. Atalykda özge kişide bolmadyk tejribe, ussatlyk bolupdyr. Ol bu işiň ähli inçeliklerine, änigine-şänigine belet adam. Oglany ýurt eýesi, ýa bolmasa, belli jemgyýetçilik işleri, serkerde, ilçi, dilmaç edip ýetişdirmek meselesinde oňa taý geljek adam ýok. Galyberse-de, çaganyň ene-atadan wagtlaýynça aýrylyp, atalygyň eline berilmeginiň başga sebäpleri bar – ata näme diýseňem ata bolýar. Ol öz bagryndan önen perzendine kä dözümsizlik etjek, kä geçirimlilik etjek. Garaz, oglan demir kada-kanunly ýowuz mekdebi geçip biljek däl-dä. Şeýle halatda bolsa geljekki ýurt eýesiniň –– durmuşyň, syýasatyň ýowuzlyklaryna çydam etjek demir erkli adamyň ýetişmegi juda çetin boljak. Megerem, şu bähbitlerden ugur alyp, köne türkmen patyşalary, han-begleri atalyk däbini döwlet ýolbaşçylaryny ýetişdirmegiň özboluşly mekdebine öwrüpdirler. Türkmeniň juda gadymdan gelýän (näçeräk gadymydygyny häzir aýdaryn) atalyk däbi hakynda oýlananyňda, bir hekaýat hem bir rowaýat ýadyňa düşýär. Ilki bilen, hekaýaty aýdaýyn. Oguz zamanlary Gorkut ata çaga edep-terbiýe bermek meselelerinde uly iliň agzyna garaýan akyldary eken. Bir günem onuň ýanyna çagalaryny alyp, ýaş ene-ata gelipdir. Olaryň maksady çagany nädip terbiýelemeli diýen meselede akyldardan maslahat almak eken. Gorkut ata olara: «Gijä-hä galaýan dälsiňiz, çagaňyz näçe ýaşynda?» diýip sorapdyr. Bu soragy eşidenden, ene-ata ýerli-ýerden: «Ýok, ýok, gijä galamzok, çagamyz ýaňy alty aýlyk bäbek» diýipdir. Onda Gorkut ata näme diýendir öýdýäňiz: «– Ýalňyşýaňyz, alty aý gijä galypsyňyz».1 Men bu gürrüňi gadym zamanlarda düzgünleşdirilen geljekki patyşalary terbiýelemek meselesine ýanap aýtdym. Göz öňüne getiriň, ýurduň, döwletiň eýesiniň öňünde nähili çylşyrymly meseleler durýar. Bularyň baryndan oňat baş çykarmak, ýurdy ussatlyk bile edara etmek üçin özgeleriňkiden düýpli tapawutlanýan şahsyýet gerek. Onuň beden gurluşy, jan saglygy, görk-görmegi, akyly, gylyk-häsiýeti, endikleri juda üýtgeşik bolmaly. Şeýle şahsyýeti bolsa hökmany suratda gundagda terbiýeläp başlamaly eken. Döwleti dolandyrmak üçin oňa zerur ähli sypatlar atalyk tarapyndan berlipdir. Biz häzirlikçe atalyk mekdebiniň ähli inçeliklerini bilemzok. Emma degişli döwürleriň türkmen döwletleriniň taryhy bir zady – ol döwletleriň başynda duran şahsyýetleriň üýtgeşik adamlar bolandygyny görkezýär. Akyl-parasat, inçe syýasatçylyk, beýik serkerdelik, dünýäniň köp dillerine suwaralyk olara mahsus bolupdyr. Ine, biz Ärtogrul gazynyň bary-ýogy 400 atly bilen Kiçi Aziýa eden ýörüşine geň galýarys. Kiçi Aziýa ugran 400 atly gaty batyr, güýçli, garadangaýtmaz bolupdyr, şonuň üçinem olar Kiçi Aziýany aňsatlyk bilen boýun egdiripdirler diýip hany birini ynandyryp bilseňiz ynandyryň-da! Siz bu zatlaryň taryhy hakykatdygyny nygtaýarsyňyz. Dogry. Ýöne batyrlyk, güýç, garadangaýtmazlyk bilen beýle-beýle uly ýeňişleri gazanyp 1. Bu gaty gadymy pähim sowet döwründe belli pedagog Makarenkonyň ady bilen baglanyşdyryldy. bolmaýar. Elbetde, batyrlyk, garadangaýtmazlyk, güýçlülik gerek, ýöne beýle sypatlar garşydaşlarda ýokdy diýmek hakykatdan daş düşüldigi bolmazmy? Ol 400 atlynyň tutuş Kiçi Aziýany dyza çökermeginiň sebäbi barada men kän oýlandym, kän taryhy kitaplary dördüm, ahyry hem şeýle netijä geldim. Meniň gelen bu netijäm bilen siz hem ylalaşarmykaňyz diýýän, eziz okyjy! Ol 400 atly ýöne-möne 400 atly däl. Ýok, ol atlylar atalyk mekdebini tamamlan, Ärtogrul gazynyň ekzameninden geçen hajyraw ýigitler bolmaly. Atalyk mekdebiniň her bir uçurymy müň duşmana taý bolmaly diýen Oguz hanyň talabyny ödemegiň hötdesinden gelýän taýýarlykly är ýigitler bolmaly. Türkmeniň taryhynda dünýäniň halklaryny haýrana goýýan ýeňişleriň gazanylmagynyň aňyrsynda şol atalyk däpleri ýatyr. Atalyk bolan adam gara güýç, ummasyz goşun bilen däl-de, inçe syýasat, ökde serkerdelik bilen güýçli garşydaşy ýeňmegiň tärlerini öwredip bilipdir. Onuň elinden çykan soltan dürli halklaryň, milletleriň psihologiýasyndan baş çykaryp, dünýä syýasatyny bilip, nädip uly imperiýalary gurmagyň hem saklamagyň syrlaryny öwredipdir. Atalyk däbi türkmen ruhunyň hem türkmen däp-dessurynyň, dünýägaraýşynyň gaty köp aýratynlyklaryndan habar berýär. Hususanam, ol ata-babalarymyzyň adam terbiýesine, döwlet işine uly sungat hökmünde garandyklaryny görkezýär. Döwlet adamzat ýaşaýşynda uly zat, ähli jemgyýetiň, adamlaryň, dünýäniň ykbaly döwlete bagly. Döwletiň ykbaly bolsa bir şahsyýetiň – patyşanyň elinde. Diýmek, patyşany terbiýelemek – tutuş dünýäniň ykbalyny kesgitlemek, dünýäni düzgünleşdirmek we ulgamlaşdyrmakdyr. Hut atalyk mekdebi mynasybetli türkmenler geçmişde beýik-beýik döwletleriň eýeleri bolupdyrlar, hiç kimden ýeňilmedik duşmanlaryny dyza çökerip bilipdirler. Çagany gundagdan başlap nähili iýmitlendirmeli, nähili beden terbiýesini, harby tälimleri bermeli, onda nähili duýgulary, akyl endiklerini, gylyk-häsiýeti terbiýelemeli, onuň ruhy sypatlaryny haýsy nusgada kemala getirmeli, haýsy dünýä dillerine suwara bolmaly – ine, bularyň bary atalygyň näderejede çynlakaý hem düýpli zat bolandygyny görkezýär. Indi bolsa rowaýata, özem taryhy rowaýata nobat bereli. «Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azady magtym tiresinden Selim magtym diýen bir adam bilen kyýamatlyk dogan okaşypdyr. Ol wagtal-wagtal Döwletmämmediň öýüne gelip, birki-üç gün myhman bolar ekeni. Magtymguly Pyragy eneden bolanda, şol Selim magtym diýen adam Döwletmämmediň öýünde myhmançylykda eken. Döwletmämmet ýaňy bolan çagany Selim magtymyň öňüne berip: – Şu çaga seniň guluň bolsun – diýipdir. Onda Selim magtym: – Goý, bu çaga halkyň guly bolsun! – diýip aýdypdyr. Şondan soň ol çaganyň ady kem-kemden Magtymguly bolup gidipdir». Eýse, bu rowaýatdan ýokarky atalyk mekdebiniň owazlary eşidilýän-ä däldir?! Elbetde, eşidilýär. Sebäbi çagany doglandan atalyga beripdirler. Eger bu rowaýaty sap hakykat hökmünde kabul etseň, onda atalyk däbiniň ýaňy-ýaňylar – XVIII asyrda-da hökmürowan ekendigini tassyklap bolýar. Eger-de oňa Magtymgula dakylan has köne sýužet hökmünde garasaň, onda başga bir möhüm zady – atalyk däbiniň diňe türkmeniň döwlet-syýasy hakydasynda däl, eýsem däp-dessur, gündelik durmuş hakydasynda hem ýaşap gelendigini tekrarlap bolýar. Bu ajaýyp rowaýat üçünji bir tarapdan hem gyzyklydyr – diýmek, atalyklar diňe bir patyşalary däl, eýsem alymlary, şahyrlary, welileri, serkerdeleri terbiýelemek bilen hem meşgullanypdyrlar. Şu ýerde öz adynyň yzyna ata (baba) lakamy goýlan Gorkut atany, Gözli atany, Hekim atany, Mäne babany, Ärsary babany ýatlamak ýeterlik bolardy. Gorkut atanyň ähli taryhy onuň hut atalyk wezipesini ýerine ýetiren şahs bolandygyna şaýatlyk edýär. «Gorkut ata» diýilmesi ýöne ýerden däl. Gorkut oguz ilinde görnükli ata – terbiýeçi bolupdyr. «Gorkut ata» kitaby – Gorkutyň okuw kitaby. «Gorkut ata» kitaby – oguz ilindäki atalyk mekdebiniň okuw gollanmasy. Atalyk mekdebiniň bu kämil okuw kitaby bu gün hem öz ähmiýetini ýitirenok. Gözli atanyň, Hekim atanyň, Mäne babanyň okuw kitaplar nirede?! Atalyk ugrundan uly-uly işleri bitiren şahslar türkmen taryhynda gaty köp. Men şol beýik şahsyýetleriň bitiren taryhy hyzmatlaryna mynasyp baha beriljekdigine ynanýaryn. Atalyk, adatça, wezirleriň içinden bellenipdir. Biz Gorkut atanyň üç sany türkmen patyşasynyň weziri bolandygyny bilýäris. Ibn Sina, Omar Haýýam ýaly alymlaryň seljuklylaryň köşgünde atalyk wezipesini ýerine ýetirendiklerini, Nowaýynyň hem şol wezipede oturandygy hakda maglumatlar bar. Baýram han atabegi dälmi näme?! Ol ýaşajyk Ekbere atalyk edýär, ol ulalýança ýurdy dolandyrýar, özem ýurdy kuwwatly ýurda öwürýär. Atalar, atabegler, adatça, öýlenmedik, ýagny öz maşgala, çaga aladasy bolmadyk adamlardan bolupdyrlar. Atalyk öýlense, onuň maşgala, çaga aladalary boljak, diýmek ol özüni doly atalyk işine berip biljek däl. Bir zada düýrmegiň bilen ýapyşmasaň, ömrüňi bagyş etmeseň, islän menziliňe ýetip bolanok. Uly-uly derejelere ýetýän şahsyýetleriň maşgala durmuşy bilen tanşyp görüň, şonda şol şahsyýetleriň ömürlerini belli bir ugra bagyş edendiklerine göz ýetirersiňiz. Öňki döwürde öýlenmegi, çaga edinmegi «aýakbagy» hasaplan Ibn Sina, Omar Haýýam ýaly kişiler az bolmandyr. Atalyklar gije-gündiz diňe terbiýeleýän çagasynyň ýanynda bolmaly, özi hem şol terbiýeleýän çagasynyň dünýäsine girip ýaşamaly. Şonuň üçin hem, atalyklar bir elde «iki garpyz göterjek bolmandyrlar». Oguz handan başlap, orta asyra çenli türkmen ili dünýäde ylmyň, bilimiň, terbiýäniň ojagy bolupdyr. Hindistandan, Hytaýdan, Wizantiýadan barjamly adamlar, hanlar, begler öz çagalaryny terbiýä bermek üçin ýörite gelipdirler. Türkmen atalygynda terbiýe alan ýigit dünýäniň ähli künjeginde parhlanypdyr. Türkmen atabeginiň terbiýesini alan kişilere goýulýan hormat-sylag hem artyk bolupdyr. Sylag-hormat goýulmagy ýöne ýere bolmandyr. Sebäbi türkmen atalyk mekdebini geçen ýigitler dünýä ylymlaryndan, söweş, serkerdelik tilsimlerinden ussatlygy bilen tapawutlanypdyrlar. Atalyk mekdebinde, esasan, şu ugurlardan: – pedagogika; – psihologiýa; – dünýä ýurtlary hakda; – astronomiýa; – teologiýa; – söweş tilsimleri; – serkerdelip tilsimleri; – logika; – ilçilik dessurýeti; – dünýä dilleri; – köşk dessurýeti; – medisina; – dilewarlyk; – taryh; – ruhyýet boýunça tälim berlipdir. Köp türkmen patyşalarynyň, soltanlarynyň, begleriniň döreden döwletlerinde döwlet diliniň türkmen dili däl-de, köplenç arap, pars dilleri bolandygy barada gürrüň edilýär. Döwlet diliniň özge halkyň diliniň bolmagy ýöne ýere däl. Patyşalar, begler, serkerdeler dünýäniň gaty köp dilini edil öz ene dilleri ýaly bilipdirler. Özge dili döwlet dili edinmek bilen olar özara gatnaşyk, hyzmatdaşlyk gerimini artdyrypdyrlar. Biz türkmeniň türkmen bolmagynda, türkmeniň – oguzlaryň dünýäni basyp almagynda atalygyň hyzmatynyň ymgyr uly bolandygyny unutmaly däldiris. Türkmeniň sekiz ýüz ýyla çeken döwletsizlik ýyllarynyň başynda atalyklaryň öz wezipelerini goýup, köpüsiniň özbaşyna döwlet gurmagy, atabeglikleri döretmegi hakda, munuň näme üçin beýle bolandygy hakda örän giňişleýin gürrüň edesim gelýär, ýöne onuň eýýäm başga, taryhy gürrüň boljakdygy üçin men döwletsiz ýaşalyp başlanmagy bilen atalyk mekdebiniň başky ýörelgesini dowam etdirip bilmändigini nygtap, çäklenmekçi. Orta asyrlarda birnäçe atalyklar bolupdyr. Şolaryň biri-de Şyh Yslam Şeref Hoja Horezmidir. Şu ýerde bir zady bellemek gerek. Soňky asyrlarda atalyklar köplenç hojalaryň, magtymdyr şyhlaryň, atalaryň arasyndan çykypdyr. Şyh Şeref Hoja «Mürritlere gollanma» atly kitap ýazypdyr. Köpümiz bu kitaby sap dini mazmunly hasaplaýarys. Emma orta asyrlarda islendik kitap dini ideýa hem mazmuna ýugrulandyr. Siňe seretseň weli, şol ideýalaryň aňyrsynda we içinde bütinleý dünýewi meselelere siňip gidýän pikirleri görüp bolýar. Şyh Şeref Hojanyň «Mürritlere gollanma» eserini türkmen edebiýatynyň uly ugruna – atalyk edebiýatyna degişli hasap edýärin. Bu eserden başga-da Keý-Kowusyň «Kowusnama», Nyzamylmülküň «Syýasatnama» ýaly eserleri atalyk edebiýatyna degişlidir. Türkmeniň atalyk medeniýeti haçan döredikä diýen sowalyň jogaby anyk. Atalyk döwleti dolandyryjy şahsyýeti terbiýelemegiň medeniýeti hökmünde Oguz hanyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Elbetde, bize gelip ýeten oguznamalarda bu mesele aýratyn ugur, aýratyn mesele hökmünde tapawutlandyrylyp görkezilenok. Emma oguzyň ömür taryhyna degişli wakalaryň belli birleri şol däbiň bolandygyny anyk görkezýär. Mysallar: Reşideddiniň «Oguznamasynda»: «Oguz ölenden soň, onuň wesýeti boýunça Gün tagta çykdy. Ol 70 ýyl patyşa boldy. Onuň atasynyň Urýangy kent Ärkil hoja atly bir uly adamy bardy. Ol Gün hanyň weziri, onuň maslahatçysy, işlerini düzgüne salyjy we ýörüdijisi boldy. Bir gezek ol Gün hana şeýle diýdi: «Oguz beýik patyşady, ol dünýäniň hemme ýurtlaryny aldy, onuň beýik hazynasy bar. Baýlygy, mal sürüleri bar. Bularyň hemmesini ol saňa goýup gitdi, ogullaryna goýup gitdi. Mal, baýlyk we döwlet üçin soň bu çagalaryň arasynda agzalalyk ýüze çykmazlygy üçin bularyň her biriniň wezipesi, ady, lakamy şu wagtdan belli edilse, olaryň her birine belli alamat we belli tamga berilse ýagşy… Goý, olaryň biri beýlekisi bilen dawalaşmasyn, çekişmesin». «Gün han bu sözi makullady. Urýangy-Kent Ärkil hoja bu işi düzetmäge girişdi». Abulgazynyň «Şejere-ýi terakimesinden»: «Oguz hanyň uýgur tiýip at goýgan jemagatnyň ulugy we ak sakalynyň ogly bar erdi – Ärkil hoja atlyg. Oguz han atasyga tagtynda olturyp, tä ölügnçä wezir-wekili erdi. Akyl we danyşly we köp biligli kişi erdi. Gün han taki ony wezir kylyp, tä ölgünçä aňyn sözüne amal kylur erdi. Ärkil hoja uzak ömür tapdy. Günlerde bir gün han ýalguz oturganda aýtdy: – Ataň ýüzde on alty ýyl ýaznyň yssygynda saýada oturmaý we kyşynyň sowgunda öýde oturmaý, kylyç urup, köp ýurtlarny açyp, siz altyňyza goýup gitdi. Eger siz altyňyzyň we sizlerden bolganlar barçaňyz agzyňyz bir bolsa uzak ýyllar we köp günler bu ýurtlar goluňyzdan çykmaz. Eger agyzlaryňyz bir bolmasa, olja ýurdyňyz-da kiter, baýry ýurtyňyz-da. Gün han aýtdy: – Atamga geňeş bereturgan idiňiz. Atam ornuga indi atam siz. Siz neý işini uhşatsaňyz, men any kylaýyn – tiýdi». Görnüşi ýaly, Oguz hanyň uly ogly Gün hanyň atabegi Ärkil hoja bolupdyr. Ärkil hoja Gün hanyň oguz döwletini nädip dolandyrmagynyň ýollaryny birme-bir öwredipdir. Türkmen döwletiniň bütin taryhynda şondan soň atalyk däbi dowam edipdir. Dürli döwürlerde dürli özgermeleri başdan geçiripdir. Emma hiç mahal asyl manysyny ýitirmändir. Abul-Fazy Baýhakynyň «Masudyň taryhy» atly eserinde Mahmyt Gaznalynyň pilmahmyt deý mähnet uly göwreli oglunyň patyşalygynyň pajygaly tamamlanyşy hakda gürrüň berilýär. Baýhaky Masudyň iň ýakyn adamy, kömekçisi, mürzesi, onuň ähli başdan geçirmelerini ýazga geçirip oturan kişi. Togrul begem, Çagry begem, ähli seljuk-türkmenleri olaryň iň ganym duşmanlary. Şeýle bolansoň olaryň öz duşmanlary hakda hoşniýetli sözleri aýtmajakdyklary, gaýtam tankytlamaga çalyşjakdygy görnüp dur. Ýöne onuň seljuklaryň hüjümleri hakdaky ýazgylaryndan seljuk-türkmenleriniň söweş tilsimleriniň nähili bolandygy görnüp dur. Elbetde, seljuk-türkmenleriniň söweş tilsimleri, atalyk däbi hakda ol düýpli hiç bir zat ýazmandyr, ýöne bolýan söweşlerden, darkaşlardan, her hili psihiki hüjümlerden atabegleriň öwreden tilsimlerini duýup, görüp bolýar. Togrul begiň, Çagry begiň ýanynda bolup, olar hakda giňişleýin ýazgy galdyran şahslar az däl. Ýöne men seljuk-türkmenleriniň duşmany Baýhakynyň ýazgylaryndan söweş aýratynlyklarynyň beýanynyň galandygyny nygtamakçy bolýaryn. Gürrüň Çagry beg bilen Togrul begiň Dandanakanda ýeňiş gazanyp, «Indi dünýä biziňki!» diýip, begenip, biri-birini bagyrlaryna basan 1040-njy ýylyň Maýy hakda barýar. Ýazgylardan görnüşine görä, seljuk serkerdeleri Masut bilen söweşmegiň aýratyn bir ugruny saýlap alypdyrlar. Masut leşgerlerini sürüp, Sarahsa barýar. Barsa gala borram-boş. Ähli guýular gömülipdir. Goşun jokrama yssyda dodak ölläre bir owurt suw tapman tapdan düşýär. Seljuklylar kiçi atly toparlara bölünip gaznalylaryň çar tarapyndan garaşman durkalar hüjüm edýärler. Gykylyklap her ýerden gyltyz ýara salyp geçýärler. Şeýdibem leşgeriň içine dowul düşýär. Göni baryp, çym-pytrak etmäge seljuklylaryň güýji az. Ýöne olar az sanly bolup, özlerinden ep-esli artyk duşmany mugyra getirmese, onda ondan türkmen boljakmy? Baýhaky şeýle ýazýar: «Şäher haraba öwrülipdir, suw ýok, däne ýok, bu ýeriniň adamlarynyň hemmesi dyr-pytrak bolupdyr, çöllük we daglyk ýerler ýalanan ýaly bolupdyr, çöp-çalamdan hiç zat galmandyr. Adamlarymyz näme etjeklerini bilmediler, olaryň güýji ýetýänleri çöllüge siňip, çüýrän bedeleri getirdiler. Olary suwa ezip, mallaryň öňüne taşladylar. Mallar bedä bir-iki gezek agyz urdylar-da, manysyz seredip, ýüzlerini sowdular». Bu ýazgylar size Kutuzowyň Napoleona Moskwany boşadyp berşini ýatladýan-a däldir?! Ýatladýar. Ýeri gelende aýtsam, Oguz hanyň, seljuk begleriniň söweş tilsimlerini dünýäniň köp ýurtlarynyň serkerdeleriniň söweşde peýdalanyp, uly-uly ýeňişleri gazanandygy baradaky mysallary näçe getirseň getirip oturmaly, dogrusy, şeýle mysallar, söweş aýratynlyklary hakda ýassyk deýin kitap ýazyp boljak. Elbetde, bu özbaşyna bir iş, özbaşyna bir kitap, şonuň üçin men Baýhakynyň Dandanakandaky bolan wakalar hakdaky kitabyndan birki sany mysal getirmek bilen çäklenmekçi, şeýdibem, türkmenlerde gadymy döwürlerden bäri görlüp-eşidilmedik ýeňişleri diňe bir batyrlygyň, mertligiň, güýçlüligiň hasabyna däl-de, atabegleriň öwreden tilsimleriniň esasynda gazanandyklaryny ýene bir gezek tekrarlamak isleýärin. Eger olar ýeňşi diňe batyrlyk esasynda gazanýan bolsalar, onda olar duşman leşgeri bilen gönüden-göni darkaşa girerdiler. Ýöne olar howlukman, duşmana her hili, psihiki hüjümleri edýärler. Garaňky düşüp, esgerler süýji uka batansoň, seljuk türkmenleri duşmanyň on bäş sany söweş pillerini alyp gaçypdyrlar. Masut söweş pilleriniň nähili ýol bilen goşunyň içinden sogrup alyp gidilendigine eger-eger akyl ýetirip bilenok. Ol seljuklylaryň bu işi sessiz-üýnsüz edip bilişlerine telpek goýýar. Gije ýakynladygy, duşman goşuny titräp ugraýar. Olar ýöne ýere galpyldanoklar, titränoklar. Bu töweregiň her bir çöpüne belet seljuklylar şeýle gopgun turuzýarlar. Daň atansoň duşmanlar her ýerde ekinahyryň garpyzlary deýin ýatan kelleleri ýygnap jaýlamaly bolýarlar. Şeýle kelleleriň garaňky düşse, özleriniňkiniňem pyzlandyrylmagynyň gaty mümkindigi leşgerlere wehim salýar. Şonuň üçin olara her bir zat howply görünýär. Özem şeýle bir aýylganç myş-myşlar ýaýraýar. Ol myş-myşlara görä kelläňi kelläň agyrlygyndaky altyn-kümüş bilen bilelikde eltip berseňem, seljuklylary razy edip boljak dälmiş. Myş-myşlara ynanmazlyk mümkin däl derejä ýetirilipdi. Onsoň her kim diňe bir päli azyp, türkmen topragyna aýak basandygyna däl, dünýä inenine müňde bir nälet okap oturandyr, dowul günsaýyn artýardy, seljuklylar ähli dile suwara bolanlaryndan soň, gündizlerine-hä duşman eşigini geýip, dowul döredýärdiler, gijelerine bolsa murtludyr-u-murtsuz kelleleri pyzlandyrmaga girişýärdiler. Masut Merwde suw, owkat bardyr diýen tama bilen leşgerlerini ýola salýar. Ýöne goşunynyň öňe ädim ädesi gelenok, ylla yzalaryndan kimdir biri aslyşýan ýaly. Ine, şeýle halda gamyşlygyň içi bilen barýan leşgeriň başyna bela inýär. Gamyşlygyň çar künjünden elem-tas bolup beýik ýalyn göterilýär. Goşun aljyraňňylyga düşüp, haýsy tarapa gaçsa, şol tarapyň ýangyny has artýar. Netijede bolsa, Masudyň köp leşgeri ot alyp ölýär. Togrul begdir Çagry begiň açyk darkaşa, girmän, juda bir güýç hem ulanman, özlerem howlukman, sabyrlylyk bilen Masudyň deňsiz-taýsyz hasaplanan goşunyny pürreläp ýörler. Ýene Baýhakyny diňläliň: «Remezan aýynyň ýedinji güni – çarşenbede ýaňy turup ugran pursadymyzda müň atlydan ybarat türkmenler peýda boldy… Olar dört tarapdan çozuş etdiler. Gazaply söweş boldy. Olar düýelerimiziň köpüsini sürüp äkitdiler we örän gowy söweşdiler…» Türkmenler duýdansyz peýda boluşlary ýaly, duýdansyz hem söweş meýdanyndan çykyp gidýärler. Ýöne her çozuşynda olja edinmegi, duşmany lagar düşürmegi welin unudanoklar. Şol garpyşykdan soň Masudyň leşgeri ýene Merwe bakan ugraýar. Ýöne bir farsah (6-8 km) ýol hem geçmänkäler, türkmenler ýene duşmanyň hem sagyndan hem çepinden zarba urýar. Masut türkmenleriň çozandygyny gören leşgerleriň goýun sürüsiniň möjegi görende, sandyraşyp, bir topbak bolup, elden-aýakdan galyp aljyraňly ýagdaýa düşüşlerine, haýranlar galýar. Goşunyň halys gözi gorkupdyr. Soltan bu esgerler bilen ýeňiş gazanyp boljakdygyna ynamyny ýitirýär. Türkmenler bolsa ap-arkaýyn, ylla öz zatlary deýin Masudyň düýelerini, emläklerini alyp gidýärler. Masut gizlin maslahat çagyryp, janygýar: «Biziň bäş ýüz adamymyz on sany seljuklynyň garşysyna hüjüm edip bilmän, löňküldeşip gaçyp barýarlar, muňa hiç düşünip bilemok…» Masut saýlama gulamlarynyň az sanly türkmenleri görüp dyr-pytyr bolup gaçyşlaryna, öz esgerleriniň «halas boluň! Janyňyzy gutaryň! Gaçyp gutulyň!» diýip, dikine gygyryp wagyz geçirip ýörmelerine, saý bedewli üç ýüz ýetmiş iki gulamyň türkmenlere goşulmagyna we «Dostlar! Dostlar!» diýip, niçe ýylyň aýralygyndan soň duşuşan doganlar deýin garsa-da-garsa gujaklaşmaklaryna, gaýa-gopuz ýok ýerde agyr leşgeriniň gorkujyna gaçyp özlerini çöpe-çöre urmaklaryna teý düşünip bilmeýär. Baýhakynyň ýazgylary edil çeper eser ýalydyr. Ýöne bu ýazgylar çeper eser däl, ýa-da türkmenleriň göwni üçin ýazylan ýazgylar hem däl. Bu ýazgylar hakykaty gözi bilen görüp, türkmenleri ýigrenip ýazan adamyň ýazgylary! Soltan Masut düşünmedigem bolsa, ol ýeňşiň gazanylmagynyň, bäş ýüz esgeriň on sany seljukly türkmenden zut gaçmasynyň sebäplerine biziň örän açyk düşünmegimiz zerur. Men bu ýeňişde atalyk mekdebiniň netijelerini görýändigimi ýene bir gezek nygtamakçy bolýaryn. Men Beýik Seljuk imperiýasynyň 1040-njy ýylyň maý aýyndaky Dandanakan ýeňşinden soň başlanandygy üçin mysal getirdim. Türkmeniň taryhyndan habarly kişileriň şeýle edermenlikleri, ýeňişleri taryhda birki gezek däl, juda kän gezek görkezendiklerini, ymgyr uly tejribesi bolan atalyk mekdebinden çykan türkmen yigitleriniň ertekilerdäki ýaly ýeňilmezek bolmagyna gaty uly hemaýat berendigini, döwrüň gelip, bu zatlar hakynda ýene gürrüň ediljekdigini nygtamak isleýärin. Halkyň hakydasy wagtyň zarbalaryna döz gelýän berk zat. Aýtjak bolýan zadym – atalyk medeniýetiniň ýaňlary hatda biziň hakydamyza-da gelip ýetdi. Aýakýalaňaç çapyp ýören çagakam ýaşulularyň gürrüňinden gulagymda galanyny aýdyp bereýin. Özüňiz bilýäňiz, öňler – telewideniýäniň ýok wagty, radionyň asla-da hökmürowan däl wagtlary türkmençilikde ýaşulularyň gürrüňini diňlemek özboluşly bir zatdy. Ylaýta-da, işiň azalýan gyş günleri garaňky hem ir düşýär. Onsoň, ýaşulular ir agşamdan biriniňkä ýygnanyşyp, gök çaýyň başynda, ojar odunyň ýylysyna ondan-mundan, öten-geçenden mesawy gürrüňler ederdiler. Şeýle bir owadanlap, rejeläp, ýaraşykly, tüýs türkmençe gürrüň ederdiler weli, ýatlasam hezil edinýärin. Häzir belli artistleriň çykyşynda-da şolaryňky ýaly ussatlygy göremok. Sözleri, sözlemleri, äheňleri ýerbe-ýerinde goýuşdyryp, şeýle süýji gürrüňler ederdiler, ol gürrüňleriň süýjüliginden meniň beýnimiň alýan lezzetini olar, megerem, içýän guşdyrnak gök çaýyndanam alýan däldirler. Indi oýlanýaryn: bu bir özbaşyna medeniýet ekeni. Ine, şeýle gürrüňçiligiň birinde ýaşulular köne türkmençilik zamanynda han-begleriň terbiýeläp ýetişdirilişi hakynda söz açdylar. Şonda olaryň biri köne ýaşulularyň ýetişip gelýän oglanlary mydama göz astyna alandyklaryny, olaryň içinden has dogumly ýetginjeklere hasam uly üns berendiklerini aýtdy. Oglanyň özüne bildirmän, olar hatda onuň iýmitine ýuwaş-ýuwaşdan, az-azdan ýylanyň zäherini ýa-da awy goşýan ekenler. Onuň m kem-kemden köpeldilipdir. Munuň maksady: geljekde bir är bolup döräýjek ýigit duşmanlar tarapyn awy berlip öldürilmesin diýip edýän ekenler. Sebäbi ýaňky ýol bilen onuň organizmi awa öwrenişdirilipdir, onsoň zäheriň ýa awyň oňa asla täsiri bolmaýan eken. Atabeglik ýa-da ata adatynyň durmuşda ýüze çykyşyna bu bir mysal. Meniň bilţimçe, atabeglik terbiýesini özgeden däl-de, hut öz garry atasyndan alan han türkmen taryhynda birjedir – ol Görogludyr. Sebäbi düşnüklimikä diýýärin. Görogly beg türkmen üçin şowsuz gelen asyrlarda döredi. Şonuň üçinem ol gönüden-göni öz garry atasyndan terbiýe aldy. Atabeglik – türkmeniň erkeklik mekdebidir. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |