GAPLAŇ ÇAGASY
Bir jeňňelli jülgede ene gaplaň öz ýoldaşy bilen ýaşaýardy. Ýaz aýlaryna gabatlap, ol gaplaňyň iki sany çagasy doguldy. Gaplaň çagajyklary alajady, eýjejikdi. Ene gaplaň olary ýalap-ýalap söýdi, emdirdi. Ekledi, gorady. Emma bir gün aýylganç harasat gopdy-da, yzy çabga ýazdy. Harasadyň, çabganyň soňy gazaply sile öwrüldi.
Ene gaplaň şol sil gelen güni öz çagajyklaryny ýitiripdi. Şonuň üçin ol gije diýmän, gündiz diýmän, hars urup, öz çagajyklaryny gözleýärdi. Günleriň bir güni ol düýe ýaly harsaň daşlaryň düýbünden öz çagajygynyň ysyny aldy-da, şol ýere topulyp bardy. Äpet daşlaryň düýbünde onuň bir çagasy palçyga bulaşyp ýatyrdy.
Çaga gaplaň öz üstüne bir howpuň abanýandygyny aňyp, tüýüni hüžžerdip, çaga sesi bilen arlap, penjejiklerini gerdi-de öz duşmanyna topulmaga taýýar görnüşe girdi. Ullakan sudury gördi-de, daşlaryň astyndan çykyp, oňa topuldy. Öz ejesini tanabam, çyňsap, oňa gysmyljyrady. Ene gaplaň öz balasyny buýsanç bilen kabul etdi.
Ýöne ene gaplaň ynjalanokdy. Ol giden jülgäni öz arryldysy bilen lerzana getirip, öz ikinji çagasyny gözleýärdi.
Aradan ep-esli wagt geçdi. Bahar aýy meýdanlar gül-gülälekdi. Şeýle güneşli günleriň birinde ene gaplaň öz çagasynyň ysyny aldy. Soňra ol yz çaldy-da, öz çagasynyň yzynam tapdy. Ol yz şu ýerlerde sümsünişip ýören şagallaryň sürenine barýardy.
Ene gaplaň şagal sürenine bakan ýöneldi. Onuň çagasy otluk meýdanda dört-bäş sany şagal çagasy bilen basalaşyp, oýnaşyp ýördi.
– Eý, Allam! Indi gaplaň çagasy şagallar bilen oýnamaly boldumy? – diýip, ene gaplaň gaharly arlady. Bu arrylda şagal çagalary gorkuşyp, kürsäp sürene özlerini atdylar. Olaryň arasy bilen gaplaň çagasy hem sürene atylyp girdi-de, gorkusyndan titiräp ýatan ene şagalyň arkasynda gizlendi. Ene gaplaňyň gözleri namysdan hem-de gazapdan ýaňa lowurdap gitdi.
– Balam! Sen gaplaň çagasy ahyryn! Çyk şagalyň arkasyndan. Gel meniň ýanyma, gel, balam!..
– Ýo-ok, u-u-w, maňa degmäň! Degme, maňa... – diýip, ol gaýta, edil şagal ýaly çyňsap, ene şagalyň satanlarynyň arasyna başyny sokýardy.
Ene gaplaň öz çagasynyň bu bolşuna çydamady. Ol atylyp bardy-da, şagallaryň arasynda sähelçe gün bolup, şolaryňky ýaly peslik, ejizlik häsiýetini alan çagasynyň boýnundan gazap bilen tutdy. Soň düýpsiz gaýa bakan merdana ýöräp bardy-da, heniz nämäniň nämedigine-de düşünip ýetişmedik çaga gaplaňy beýik uçutdan aşak taşlap goýberdi.
22-nji maý, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty