17:16 Garaşsyzlygyñ gadyr-gymmaty | |
GARAŞSYZLYGYÑ GADYR-GYMMATY
Publisistika
Garaşsyzlygyñ, hemişelik Bitaraplygyñ gadyr-gymmatyny gözümiziñ göreji ýaly saklajak bolsak, öten-geçenlerimiziñ Watan üçin jan alyp, jan berendigini ýatlamaly bolýarys. Görgi baryny gören türkmenleriñ başyndan nä günler geçmändir! Türkmeniñ geçmiş taryhyndan habar alsañ, on iki süññüñ lerzana gelýär. Kalbyñ arassa, ýüregiñ ýumşak bolsa, goşa didäñe ýaş aýlananyny-da duýman galýarsyñ. Gökdepe tragediýasy, Sarahs, Garrygala, Mary söweşleri, soñra Madritowyñ jeza beriji otrýadynyñ görkezen elhençligi, zalymlygy, ganhorlygy, 37-iñ tutha-tutlugy, onuñ yzysüre uruş ýyllary... Bular bagyr awusydyr, ýürekleriñ yzasydyr. Bularyñ hersiniñ añyrsyndaky çekip-çydap bolmajak sütemlere, kemsitmelere, zalymlaryñ talañçylygyna adamzadyñ nädip döz gelenine haýranlar galýarsyñ. "Adam başy - daşdan gaty" diýlene düýrmegiñ bilen ynanýarsyñ. Kalby käbeli türkmen ýatsa-tursa Hudaýa sygynýar. Ýaradan Biribara ýüregi bilen ynanýar. Allatagalanyñ emrine jür gelýär. Şeýle ynamlar türkmeni howpdan-hatardan gorandyr diýip oýlanýarsyñ. Belkem, şeýle-de bolandyr. Şu ýerde bir zady ýatlamaly bolýarys. Şol atlan-ha-atlan döwürlerde ata-babalarymyzyñ ganymyñ gaşyna gol galdyryp barmandygyny asly türkmen bolanlaryñ ýüregi syzyp durandyr. Geçen ýyllar biz türkmeniñ taryhynyñ üstüne gum sürlenini gözümiz bilen gördük. Bu gün biz şol taryhy gum astyndan çykarmagyñ gamyny iýýäris. Hawa, 1881-nji ýylda Gökdepe tragediýasynda, 1855-nji ýylda Sarahsyñ, 1858-nji ýylda Garrygalanyñ, 1861-nji ýylda Marynyñ sebitlerindäki, 1873-nji ýylda Gazawatda jeza beriji ekspedisiýasy we beýleki uly harby çaknyşyklar netijesinde bigünä bendeler pida bolupdyrlar. 1916-njy ýyl Orta Aziýanyñ we Gazagystanyń taryhynda aýylganç ýyl boldy. Gozgalañyñ esasy sebäbi Birinji jahan urşy ýyllarynda öñküdenem ýitileşen we çydar ýaly bolmadyk milli-kolonial sütemdi. Onuñ başlanmagyna imperiýanyñ kolonial künjekleriniñ 19 ýaşdan 43 ýaşa çenli erkek adamlaryny tyldaky işlere: okop, tranşeý gazmak, garawulçylyk gullugy, demir ýolda, harby kärhanada işlär ýaly işçi batalýonlaryna mobilizlemek baradaky patyşanyñ 1916-njy ýylyñ 25-nji iýunyndaky permany gös-göni sebäp bolýar. Şol perman boýunça Zakaspi oblastyndan 15 müñ adam mejbur edilip alynmalydy. Şonuñ 5000-si Mary, 2500-si Ashabat, 2300-o Tejen, 1960-sy Krasnowodsk, 3240 adam hem Mañgyşlak uezdinden alynmaly edilipdir (И.д. правителя канцелярии подополковник Цветков ЦАУ ТССР д. N"5213 л. 192-199). Zakaspi oblastynda iñ uly ýaragly gozgalañ Eýran bilen araçäkdäki etraplarda - Etrek bilen Gürgen aralygynda bolup geçýär. 1916-njy ýylyñ awgust-sentýabr aýlarynda bu ýerlerde gozgalañçylaryñ patyşa goşuny bilen aldym-berdimli söweşler ýaýbañlanýar. Şol ýylyñ noýabrynda Türkmenistanyñ general-gubernatory A.N.Kuropatkiniñ buýrugy bilen gozgalañy (söweşi) basyp ýatyrmaga general-leýtenant Madritowyñ baştutanlygynda güýçli jeza beriji otrýad iberilýär. Madritow ganhorlukda ýakasyny tanadan general. Ol Gökdepe galasynyñ ganly söweşine gatnaşan maýor çinli zalym. Jeza beriji otrýadynda 6 batalýon pyýada goşun, 1500 atly kazak, 18 sany top, 17 pulomýot bar eken. Iñ soñky söweş Gökje dagy bilen Süzüş dagynyñ aralygynda, Etrek derýasynyñ gözbaşynyñ eteginde - gamyşlyk, ýylgynlyk, jeññellik ýerde, 1916-njy ýylyñ 31-nji dekabrynda bolýar. Jebri-jepalara, ganhorluga, sütemlere döz gelip bilmedik namysjañ türkmen gorhananyñ üstüne çozýar. Şol ýerde Watanyny goraýjy merdana türkmenleriñ 700-siniñ jesedi galýar. Şol jan alyp, jan bermeklik üç sagatlap dowam edýär. Soñra talañçylyk başlanýar. Ilatyñ bar maly, haly-palasy, altyndyr-kümüşden ýasalan şaý-sepleri syrylyp-süpürilip alynýar. Esengulynyñ üsti bilen Kawkaza geçirilýär. Her döwrüñ aýratyn-aýratyn wakalary bolýar. Geçen asyrlarda güýçli döwlet kiçi döwletleri basyp alýar, koloniýasyna öwürýär. Ejiz döwletleri talap, şonuñ hasabyna has baýaýarlar. Şu ýerde bir ýagdaýy saýgarmaly bolýarys. Jahanda sada, zähmetsöýer, halal, ynsaply ynsanlae her bir zamanda-da bolandyr. Olar uruş-söweşi halamaýarlar. Garyp-gasarlar bir halkyñ beýleki halk bilen dostlaşmagyny, agzybirligini küýseýärler. Belanyñ körügi döwletleriñ baştutanlarynda bolan. Ýokardaky ýagdaýlary ýatlanymyzda baky Bitaraplygyñ, Garaşsyzlygyñ gadyr-gymmatyny bilip, Serdarymymyzy başymyza täç edinmelidiris. Enşalla, indi biziñ üstümize toply-tophanaly, agyr goşun sürüp geljek bolmaz. "Dagdan arkasy bolanyñ, daşdan ýüregi bolar" diýilýär. Arkamyzda 185 sany döwlet dur! Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet - bagt guşy Ýaradanyñ emri. Ýaradany gije-gündiz ýatlaýan türkmeniñ başyna bagt guşy pel-pelläp gondy. Baky bagt getirdi. Ýaradan Biribar ynsany ýalkajak bolsa - ýaz, gargajak bolsa - gyş edýär. Türkmeni Allatagala ýalkady. Biziñ bagtymyza Ol öñdengörüji, pähim-paýhasly, parasatly, akýürekli, kiçigöwünli, adamzadyñ ýürek syryny duýýam sarpaly Serdar Saparmyrat Türkmenbaşyny türkmen üçin dünýä inderipdir. Il ogly çagalyk ýyllarynda durmuşyñ ajysyny kemsiz datdy. Aýralyk ody ýüregine emgek baryny berdi. Ýöne, pelegiñ oýnunda ol utdy. Ýan bermedi. Okady. Durmuşyñ inim-çykymyny ele aldy. Türkmen halkynyñ baştutany boldy. Daşymyza hemişelik diýip çekilen tikenekli simi gyrdy - gabawdan çykardy, "Açyk gapylar" syýasatyny yglan etdi. Düýbi çüýrük SSSR döwleti dargadyldy. Mertebesi belent Serdarymyz uruşsyz-söweşsiz, dawasyz-jenjelsiz Garaşsyzlygymyzy alyp berdi. Çar tarapa ak ýollar açyldy. Intizar gözler bir-birine tapyşdy. Aýralyk oduna köýen ýüreklere melhem ýapyldy. Gadymy türkmenleriñ ýyllary külterläp gelen däp-dessurlaryny unutmagy ündän sowet döwleti türkmen halkyna ötenlerini hatyralamaga mümkinçilik bermedi. Ol-a sadaka beril, aýat-töwir etmek eken, hat-da öwlüýäleriñ golaýynda görünmek howply bir zat boldy. Ýöne halkyñ ganynda bar duýgy hiç wagt öçmeýän eken. Hiç bir güýje ony ýok etmek başartmaýan eken. Garaşsyzlyk gadaganlygyñ böwedini böwüsdi. Däp-dessurlaryñ, edim-gylymlaryñ gaýtadan durmuşa ornaşdyrylmagyna ýol açanlygyna halkymyz Saparmyrat Türkmenbaşa häli-şindi minnetdarlygyny bildirýär. Hudaýa şükür, berkarar döwletimizde Hatyra güni ýurdumyzyñ ähli ýerinde sadakalar berilýär. Köp ýerlerde Allatagalanyñ ýerdäki öýi bolan metjitler guruldy. Muhammet pygamberiñ ymmaty şol metjitlerde bäş wagt namazlaryny okaýarlar. Añyrsyny Pygamber Ybraýym Halyldan alyp gaýdýan Gurban baýramyny däp boýunça geçirmek sowet döwründe gadagan edilipdi. 37-iñ tutha-tutluk döwründe ol has möwjäpdi. Adamlar ol wagtlar Gurban baýramyna bagyş eden janlylaryny gije soýardylar. Gijäñ ýarynda goñşy-golamlary çagyryp, ogrynça sadaka bererdiler. Bilinse başyña ýok oýun salardylar. Hiññillik gurup, çagalardyr ýetginjekleriñ uçjak gümany ýokdy. Hiññillik gurmaklyga meýil edilmezdi. Garaşsyzlygymyz aldyk - öz elimiz, öz ýakamyz boldy! Prezidentiñ ýörite Permany bilen, Gurban baýramyny üç gün geçirmeklik bellendi. Sowet döwri bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwrümizi deñeşdirip görsek, onda Prezidentimiziñ, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziñ gadyr-gymmatyna taý geljek zat ýokdur. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen Bitaraplyk! Nuh eýýamyndan bärde beýle dereje hiç bir döwletde bolmandyr. Häzir-de ýok. Awstriýa, Şweýsariýa ýaly Bitaap döwletler hasaplanýar. Ýöne ol döwletler adatça bitarap boldular. Olara BMG-niñ agzasy bolan döwletler tarapyndan Bitaraplyk berilmändi. Aýlar aýlanar, ýyllar geçer. Biziñ Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz älem nury ýaly bolup jahana has-da ýañ salar. Munuñ şeýle bolmagy üçin biziñ hemmämiziñ der döküp, çyn ýürekden işlemegimiz, halal ýaşamagymyz, mynasyp nesli terbiýeläp, hakyky mirasdüşerlerimizi kemala getirmegimiz gerek. Tatar ÜÝŞMEKOW. # "Türkmenbaşynuñ ýoly - Türkmeniñ ýoly", 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |