13:12 Garyn doýran gara iner | |
GARYN DOÝRAN GARA INER
Publisistika
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soñra, öten-geçen ýagşy adamlary ýatlamak däbe öwrüldi. Şu däbe görä, men golaýda Porjan aganyñ öýüne bardym. Häzir ol öýe Porjan aganyñ kakasynyñ ady dakylan Arberdi Porjanow baştutanlyk edýär. Porjan aganyñ zähmet depderçesini gözden geçirdim. Ol 1934-nji ýylda işçi bolup, zähmet ýoluna başlaýar. 7 ýyl işländen soñ, şol ýerde brigadir bellenýär. 1945-nji ýylyñ 15-nji ýanwarynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ussasyny taýýarlaýan bir ýyllyk okuwa iberilýär. Kursy üstünlikli tamamlap, 1946-njy ýylyñ martynda Uzynsuw stansiýasynyñ demir ýol ussahanasynda ýolbaşçy bolýar. Ol bu kärde otuz dokuz dokuz ýyl işleýär. Şeýdip, ömrünoñ elli bir ýylyny demir ýola bagyşlaýar. 1985-nji ýylyñ noýabrynda bolsa hormatly dynç alşa çykýar. Ol birnäçe sylaglara mynasyp bolýar. Olar onuñ zähmete jan-teni bilen berlen adamdygyna güwä geçýär. Ol sada, ak ýürekli, rehimdar adamdy. "Ata kesbi - ogla halal" diýlişi ýaly, Porjan aganyñ nowbahar ogly Arberdi 1969-njy ýylda 17 ýaşynda Uzynsuw stansiýasynda demir ýola işçi bolup girýär. Ol işe başlaýşy barada şeýle gürrüñ berýär: - Kakam pahyr mekdepde okan ýyllarymda öz kärini dowam etdirmegimi maña nesihat bererdi. Otly öýümiziñ garşysynda duranda, oña guwanyp: "Garyn doýran gara iner, ýoluñ ak bolsun!" diýerdi. Özüniñ işi barada gürrüñ bererdi. Şol ýyllarda mende demir ýola bolan höwes artdy. 17 ýaşymda demir ýola işe girdim. Şondan bäri üýtgewsiz bir kärde işläp ýörün. Iş stažym otuz ýyla tegelendi. Göwnümdäkini aýtsam, şu kärde ýarym asyry arka atmak. Saglyk bolsa, Hudaý ýol berse, ol aralygy-da sag-aman geçerin. Men ondan: "Siz Tejen-Sarahs-Maşat demir ýol gurluşygyna gatnaşdyñyzmy?" diýip soradym. - Hawa gatnaşdym. Bir ýyl işledim. 1996-njy ýylyñ maý aýynda "Gaýrat" medaly bilen sylaglandym - diýip, ol jogap berdi. Men "Arberdi, ýüregiñde beslän menziliñe sag-aman ýet!" diýip, onuñ bilen hoşlaşdym. Tatar ÜÝŞMEKOW. # "Türkmenbaşynyñ ýoly - türkmeniñ ýoly", 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |