15:54 Gaýybanaçynyñ gaýgysy / satiriki hekaýa | |
GAÝYBANAÇYNYÑ GAÝGYSY
Satiriki hekaýalar
- Ýegen, keýpiñ ýok-la, bazardan gaýdyp gelen öküz ýaly. Näme ýüzüñi sortduryp otyrsyñ, janyñ beri sagmy? - diýip, Hekim elindäki gazeti gahar bilen bir gapdala oklady. Daýysynyñ dabyr-duburyna beledem bolsa, Berdi bir hili ziñkildäp gitdi. Ýüreginiñ gürsüldisi artdy, ýüzüniñ reñki üýtgedi. Sesi diýseñ ysgynsyz çykdy. - Ýykyldym. - Wah, ýegen jan, döwlüp-ýenjilen ýeriñ bir ýok gerek?! - diýip, Dursun Berdiñ öñünde goýmak üçin alyp gelýän çäýnegini neden elinden gaçyrypdy. Hekim hezil edip güldi. Ýokary okuw jaýynda okaýan ýegeniniñ ýykylyşyna ol beletdi. Öñem ençeme gezej ýykylyp-sürşende ýegeniniñ dadyna ýetişýän daýysydy. Adamsynyñ çylkasyz gülküsine Dursunuñ jynu atlandy, durup bilmän ýegeniniñ halyndan habar aldy. - Nireden ýykyldyñ? Wah, seresabrak bolmaly ekeniñ-dä... - "Nireden" diýme-de nämeden ýykyldyñ diýsene?! Ýegen tüweleme ýykylmaga ökdedir - diýip, Hekim keýwanysyna öz işiñ bilen boluber diýeb manyda kellesini silkdi. Berdiden birbada jogap bolmady. Ýuwdunyp tamakinçilik bilen daýysyna seretdi. Haýsy dersden ýykylandygyny bilmän kösendi. - Sen, how, näçinji kursda okaýanyñy beri bilýäñmi? - diýip, Hekim ýegeniniñ üstüne süründi. Berdi hasam aljyrady. Agzy gurap gürläp bilmedi. Dodagy biri-birine ýelmeşen ýaly boldy. Ol sag eliniñ üç barmagyny ýokary göterdi. - Berekella, çynyñy etseñ biljek-le. Üçünji kursda okaýañmy?! Berdi başyny atdy. Daýysynyñ hoşamaý sesi ony birneme özüne getirdi. Gözleri ýiteldi. Uludan demini alyp derini syldy. Ýöne ol ýene-de gürlemedi. Hekim gaharyna basalyk edip gülesi gelmese-de ýylgyran boldy. Has mylaýymsyrady. - Ýegen jan, daýyñ başy dikkä zady gaýgy etmegin. Daş ederis. Näme sorady, mollumyñ? - Obañyzfa ateis köpmi diýdi. - Sen näme jogap berdiñ onsoñ? - Ýok, köp däl, bary-ýogy üç-dört sanjagy bar, olaññam garşysyna göreşýäs diýdim... - Berekella, oñarypsyñ... Hekim ajy ýylgyrdy. Ýegeniñ haýsy predmetden ikilik alandygy indi belli boldy. - Hä, den onda ylmy ateizmdem ýykylypsyñ-da?! - Be, sen ony nädip bilýäñ-aý, daýy? Hawa, şondan ikilik aldym. Berdiñ begenjinden erni bir ýerik gelmedi. Daýysy onuñ gözüne häzir gadymy ertekilerdäki saçy çirkizende dadyña ýetişýän jadygöý bolup göründi. Hekim soragyny dowam etdirdi. - Mugallymyñyzyñ adyny familiýasyny bilýäñmi? - Hawa, bilýän. Allaberdiýew Rahmanguly. Ýaşaýan ýerinem bilýän, arada iki oglan bolup howlularynda işledigem. Daş daşadyk. Hekim diñşirgenen ýaly etdi-de, sesini çykarman ýerinden turdy. Daş daşadyp ikilik goýýan ateist mugallymy hany bizem bir göreli, kim üstün çykýaka diýip, içini gepletdi. Telewizor görüp oturan oglunyñ adyny tutup gygyrdy. - Merdan, bar oglum, o tamdan maşynyñ açaryny getir. Hany, ýegen, senem şo käsäñdäki çaýyñy owurtla, gideli. Daýy-ýegen tirkeşip daş çykdylar. Işikde duran "Žiguliñ" basdylar biline. Şäheriñ köçelerinden ençeme öwrüm eden maşyn ahyry bir howlyñ gapdalyna gelip saklandy. Hekimiñ gäberilip öñe çykyp duran garny onuñ özünden öñürti göründi. Ýüzüne gelşip duran gara äýnegi, başyndaky saman şlýapasy oña aýratyn haýbat berýärdi. Ol başyny dik tutup gedemlik bilen howla girdi. Ýaltaklap töweregine seretdi. Ho-ol añyrda salkyn saýadaky tapçanyñ üstünde çagalaryny töweregine üýşürip, aş içip oturab mugallym zöwwe ýerinden galdy. Hekim äýnegini aýryp ýylgyrdy. - Ýaşuly salawmaleýkim. Bagyşlañ, bimaza edäýdiñ öýdýän... Näme üçindir mugallym bir hili ogurlygyñ üstünde tutulan ýaly boldy, aljyrady. Derrew özüni dürsäp asylgy duran köýnegini egnine atdy. Ol özüniñ okuwçysyny şobada tanady, gözüniñ gyýtagy bilen oña seretdi. - "Ýagşy ýigit aş üstüne" diýipdirler. Gaýyn eneñiz-ä söýen eken, tabak başyna geçiñ! Hekim dilewarsyrady. Mugallymyñ taryna kakyp gördi. - Bereket bersin, ýaşuly. Siz haýal etmäñ-de iýiberiñ. Ýañky öýde otyrkak ýegenim "mugallymymyz howlusyndan jaý salynýa" diýdi welin, göreli diýip gaýdyberdik, özüm şol ugurda işlämsoñ... - Aý, hawa hütdük ýaljak bir zat saljak bolýan - diýip, Rahmanguly onuñ sözüni böldi. Hekim çynyny etse mugallymyñ çeññege iljegini añdy. Onuñ hasam dili süýjedi. - Ony salanyña görä hütdük ýaly etmezler, ýaşuly. Şarñyldap duran polly-potolokly jaý gurarlar. Çagalaram, tüweleme "Iki aýakly iki günde" diýlenidir, materialyñ-a gaýgy etme, kerpiçdir tagta-pagtañy özüm oñaryn. Dogru-da wallan birek-birege haçan peýdañ degjek, eliñden gelýäkä etmeli... Ol mugallymyñ başyny-gözüni aýlap ýegeniniñ bahasyny düzetdi. Ýumuş bitensoñ Hekim gitmek bilen boldy. Öý eýesi bilen gadyrly hoşlaşyp, ýola düşdi. - Daýy, sen indi gurluşyk ugruna işe geçdiñmi? - diýip, Berdi böwründäki ünjüni daşyna çykardy. Ol ýylgyrdy-da, maşynynyñ signalyny basdy. - Ýok, näme? - Wiý, siz onda ýañt molluma kerpiç getirip bereýin diýdiñiz-ä?! - Aý, ýegen, señem gaýgy edýän zadyñy. Öz işiñ düzeldi dälmi?! Galan zat bilen işiñ bolmasyn. Indi ateizmden ekzamen berme aladañ ýok. Hudaýy çagyr-da beýleki ekzamenleriñe taýýarlanyber... Kerpiç geregi çyny bolsa, özi gitsin-de, zawutdsn alybersin. Näme, olañ puly gytdyr öýdýäñmi, galyñ bendäni çürkäp ýörmekden başga işleri ýok. Dogru-da walla!.. Berdi başagaý bolup içini çekdi. Ol indiki ekzameniniñ gaýgysyny etdi. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |