12:18

Gerekdir

GEREKDIR

Arzymy diñlegin Osman doganym,
Göwnümi göterjek bir bat gerekdir.
Ýitmez ýaly sözden çemen boganym,
Ýagşyda ýatlanjak bir at gerekdir.

Gözläp şygyr şalygynyñ tagtyny,
Eýerläp Pyragyñ münen "atyny",
Gezsem yşk dagynyñ kemer-gatyny,
Kalbymda lowlaýan bir ot gerekdir.

Her setiri meñzär tuga, şygara,
Şygryýetiñ dilin biler suwara,
"Gyz gapysyn gözýaş bilen suwara"
Ussadymyz Atamyrat gerekdir.

Pespällik bezäpdir zehiniñ köşgün,
Okasam ylhamda möwç alýar joşgun,
Gol beren ussadym Gurbanýaz Daşgyn,
"Köñül kelamyñ" deý dür zat gerekdir.

Kä "atlanyp mundan urýan gylyjy",
Bilýärin "Arapda şañlaýar ujy".
Sanaýan sözlerim ajymy-süýji,
Seljermäge Saýlaw Myrat gerekdir.

Gatnaşyk artdyrar gadyr-gymmaty,
Göwün küýsegini, hödür-hümmeti,
Artar ýaly hemmäñ rysgal-döwleti,
Il abadan, ýurdum abat gerekdir.

Diýr Senaly, lä-ilähä-illalla,
Dilde Kelam bolsun, köñülde Alla,
Ýalñyşsañ toba gel - estagfuralla,
Hak öñünde dady-bidat gerekdir.

Didarberdi ALLABERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 497 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Didarberdi Allaberdiýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gelersiñ... duşuşarys / Goşgular - 27.01.2024
Dört pyýala / Goşgular - 21.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Bu şäherde / Goşgular - 10.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Suratkeş / Goşgular - 26.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 best  
Осман Одэ йузленйэ ойдйэн..

1
2 Garaýolly  
27
Gowy goshgy

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]