19:03

Maýyplar öýünde sadaka berdim

MAÝYPLAR ÖÝÜNDE SADAKA BERDIM

Maýyplar öýünde sadaka berdim,
Jigerim daglandy, göwnüm bozuldy.
Olaryñ gözgyny halyny görüp,
Bagrym paralandy, ýürek ezildi.

Döräninde maýyp döräpdir olar,
Üstesine, ýetimlik hem goşulan.
Olaryñ hemmesi ynsan balasy,
Perzentleri biziñ ýaly kişileñ.

Synalarnyñ kemisdigi görnüp dur,
Mahrum eken kim aýakdan, kim elden.
Agyr durmuş üstlerine sürnüp dur,
Kim ýolun görenok, kim namut dilden.

Kimler eşitmekden - gulakdan mahrum,
Ömür ýaşamaly yşarat bilen.
Olaryñ ykbaly baglanan eken
Aýylganç, gabahat ahwalat bilen.

Şonda-da basylman ýaşap ýör olar,
Şeýle ýowuz durmuş geregi ýaly.
Adamzat kowmunyñ rehimdarlygyn,
Göýä ölçäp duran terezi ýaly.

Görenimde maýyp çagajyklary,
Ulagyma girip agladym - walla.
Ýaradanyñ dergähine arz etdim -
Bularyñ günäsi nämekä, Alla?

Setirlerimi okan eziz doganym,
Sözüm howaýy däl, bir baryp gör sen!
Gazanarsyñ ýüz müñ hajyñ sogabyn,
Ýetimler öýünde sadaka berseñ!

Didarberdi ALLABERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 483 | Добавил: Gorkut | Теги: Didarberdi Allaberdiýew | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Ýedi ýassyn / Goşgular - 17.02.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Ýetim / Goşgular - 02.02.2024
Suratkeş / Goşgular - 26.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 jumagylyjovao  
88
Goşgy gowy ýazylypdyr.Alla sadakaňyzy kabul etsin! Meniň pikirimçe, bu goşguda, awtor sadaka berenini aýtjak bolanok. Ol maýyp çagalary görende başyndan geçen duýgularyny beýan etmek isläpdir.

0
2 jumagylyjovao  
88
Siz birje gezek durmuşdan göwünleri galmakdan ýaňa ýüreklerine sygmaýan öýke- kinelerini gözjagazlarynda gizläp, ýanyňda ejizläp, aglamajak bolýan çagajyklary öz gözüňiz bilen gördüňizmi? A men gördüm. Şonuň üçin awtoryň aýdan hem aýtmadyk duýgularyna örän oňat düşünýärin.

0
3 jumagylyjovao  
88
Şol ýere ýerleşdirilen maýyp çagalaryň hemmesi ýetim däl. Olaryň ene-atasy barlaram köp. Men olaryň öz çagalaryny maýyplar öýüne tabşyranlaryny oňlamasamam, ýazgarybam biljek däl.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]