19:00

Arzuwym

ARZUWYM

Alysdan görünýän kerwene meñzäp,
Ömrüm geçip barýar göýä düýş bolup.
Başym çalarsa-da, ylhamym dyñzap,
Göwün guşum ganat kakýar ýaş bolup.

Erkim ýetip il bähbidin arasam,
Dert paýlaşyp hassa halyn sorasam,
Armanym ýok il derdine ýarasam,
Ýagşa ýoldaş, ýamanlardan daş bolup.

Alla aýyrmasyn abraýdan, atdan,
Gorasyn beladan-beterden, otdan,
Ajy söz eşitmän ýakyndan-ýatdan,
Gezsem hemmelerden göwnüm hoş bolup.

Kelam açyp haka gullukda dursam,
Neslime pederleñ pendini bersem,
Agtygmy öýerip, çowlugmy görsem,
Toýlar tutsam neberäme baş bolup.

Dosta teşne bolup insem güzere,
Gürrüñleri gönezlikdir ýazara,
Duşup Osman Ödä, Gurbannazara,
Otursam, tirkeşsem, hemsyrdaş bolup.

Pygamber Resulyñ ýaşyna barsam,
Beýik Pyragydan sahawat görsem,
Diýr Senaly, şygyr söhbetin gursam,
Daşgyn ogly Gurbanýaza duş bolup.

Didarberdi ALLABERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 457 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Didarberdi Allaberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Ýetim / Goşgular - 02.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Bir gün / Goşgular - 14.02.2024
Podýumda / Goşgular - 28.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
...Fewral, heniz gyş / Goşgular - 06.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Gowy shygyr

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]