GOJANYŇ IKI AGTYGY
Anna aga agtygy Şatlygy gaty gowy görýärdi. Onuň adyny dilinden düşüresi gelmeýärdi. Şatlyk onuň uly oglunyň ilkinji çagasydy. Ol ýaşulynyň köp garaşyp, gözüniň ilkinji düşen agtygydy.
Şatlygyň özem atasyny gowy görýärdi. Eli sypyndygy ol atasynyň ýanyna gelýärdi. Atasy bolsa oň öz bagyndan ir bişen halylymy, injirmi, armytmy, ýygyp goýup, dükandan ýumşajyk köke satyn alyp, «Şatlyk jan geler» diýip, garaşyp oturýardy. Şatlyk begenip gelşine, ylgap howla girerdi.
– Ata jan, sen maňa nämejik alyp goýduň? Ata, sen maňa süýjüje bir zatjagaz ýygşyryp goýuňmy! – diýer.
Anna aga bolsa loh-loh gülüp:
– Bo-ow, köşegim gelipdir, Şatlyk bala gelipdir. Men saňa süýjüje zatjagazlar alyp goýdum, köşegim!
– Ata, Myrat dagy gelmänkä sen ony maňa beräý. Ýogsa, olar dilenişip, meniň agzyma ýetirmezler. Ol mydam aç ýal-a Eliňe seredip dur-a...
Anna aga basym mekdebe gatnap başlamaly agtygynyň diline guwanyp, oňa ýygşyryp goýan zatlaryny bererdi. Soňra agtygy bilen hümmürdeşip, bileje çaý içerdi. Agtyjygynyň berýän her dürlüje süýji çaga gürrüňjiklerini diňläp, heziller edinerdi. Emma kiçi agtygy Myrady welin kän bir halap, edil Şatlyk ýaly özüne ýakyn tutup barmazdy. Myrat gelse, gitse-de, oňa kän bir ünsem bermezdi. Myrat welin atasyny üýtgeşik gowy görýärdi.
Baglaryny suwaryp ýörkä, suwly salmajagazdan geçjek bolanynda Anna aganyň bili erbet gypjyndy. Asyl, ol düşegine zordan geçdi. Indi bolsa ol ýerinden galyp hem bilenokdy. Birküç gün bärem düşegine baglanyp, ogullarynyň, ýa-da gelinleriniň biri geläýmezmikä – diýip, düşegine baglanyp,aç-suwsuz ýatyrdy.
Üçünji gün diýilende, işik çalaja jygyjdady. Anna aga umydygär gözlerini işige dikdi.
– Ata, men geldim. Sen maňa näme süýjüje zat ýygşyryp goýduň? – diýip, Şatlyk kürsäp içeri girdi.
Ýerinden galyp bilmän ýatan gojanyň ýüregi ýagtylyp gitdi. Onuň dünýesi giňedi.
– Balam, geldiňmi, asyl, men ýaraman ýatsam näme. Seniň geleniň gowy bolaýdy. Maňa çaýjagaz gaýnadyp, demläp ber, bala! Dükana gidip, köke bilen nan alyp gel. Soň, ejeňe, kakaňa habar et, «Atam ýaraman ýatyr» diý. Gelsinler...
– Maňa näme süýjüje zatjagaz alyp goýduň, diýýän, ata, men saňa! – diýip, Şatlyk çytylybrak, närazy halda ýene sorady. Ýaşuly gatyrgandy.
– Men indi üç gün bäri ýerimden galyp bilmän, aç-suwsuz ýatyryn welin, seniň ýadyňa süýji zat düşýär...
Atasynyň bu sözüne Şatlygyň ýüzi sallandy. Ol şol durşuna daş çykdy. Anna aga agtygy çaý goýup ýörendir öýtdi. Emma Şatlykdan derek bolmady.
Agşamara işik ýene jygyldady. Anna aga başyny galdyrdy-da assajadan:
– Şatlyk, Şatlyk! – diýip, ysgynsyz seslendi.
Içeri Myrat girdi. Ol atasyna salam berdi.
– Saňa näme gerek? Hany Şatlyk jan? – diýip, Anna aga guragyrysyna çydaman, gepledi.
– Ata, çaý içermiň, gaýnadyp bereýinmi?
– Ýok, sen gaýdyber, Şatlyk jan gaýnadar. Indi senmi, maňa çaý gaýnatjak.
– Ata, derman bereýinmi?
– Şatlyk jan alyp berer. Sen gaýdyber. Asyl, sen näme diýip geldiň? Men saňa bar, gaýt diýdim-ä.
– Seni göresim geldi, ata!
Myrat ýaňy ýedisine giden bolsa-da, atasynyň ýagdaýyna düşündi. Ol derrew saglyk öýüne, lukman bolup işleýän ejesine jaň etdi.
– Eje, kakamam al-da tiziräk geliň, atam ýaraman ýatyr, gymyldabam bilenog-a!
Ol gaz peçde çaý goýdy. Penjireleri açyşdyrdy. Soňra dükana gidip, öz ýanynda barja puluna ýumşajyk nan, atasynyň gowy görýän kökesini satyn alyp geldi. Bu öýde bar dermanlary getirişdirdi.
Bir salymdan Anna aga derläp çaý içip otyrdy. Sähel salymdan Myradyň kakasy, ejesi ýetişip geldiler-de, ýaşulynyň daşyny dolap aldylar.
– Atasy, nahar-a taýýar! – diýip, Myradyň ejesi sähel salymdan aýtdy.
– Taýýar bolsa iýeliň, gyzym!
– Kaka, bu ýagdaýyň bilen sen bu ýerde ýeke galma. Han-a, işikde ulag dur. Seni öýe alyp gideliň. Gündiz işde bolsagam, agşam-ertir göz-gulak bolarys.Çaýyňa, naharyňa serederis. Nesip bolsa, gutulaňsoň, ýene gaýdyberersiň. – diýip, Myradyň kakasy aýtdy.
– Sanjym edilip, agyrysy aýrylyp, indi derläp nahar iýip oturan Anna aga başyny ýaýkady.
– Men ýeke däl-ä, ýanymda Myrat jan, köşegim bar-a. Men duýmandyrynam, asyl, ol ullakan ýigit çykyp giden eken-ä. Ol barka, meni ýerimden gozgamaň.
– Wah, Myrat saňa seretmäni oňararmyka? – diýip, Myradyň ejesi näryzalyk bildirdi. – Saňa öý gowy, rahat baljak-da...
– Myrat janym näme oňarman, meniň oňa göwnüm ýetdi – diýip, ýaşuly buýsanç bilen aýty.
Atasynyň bu sözlerine Myradyň çaga gözleri begençden lowurdap gitdi.
18-nji maý, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty