GÖWRE GÖWNÜŇ GULUDYR / edebi filosofik söhbet
(«Men»: – göwün hem göwre)
Tymsal juda gadymy döwürlerden bäri diňe bir edebiýatyň däl, ilkinji nobatda, filosofiýanyň bir žanry hökmünde ýaşap gelipdir. Hakykata akyl ýetiriji filosofyň elinde tymsal mähek daşyny ýada salýar. Ol seniň durmuş baradaky pikiriň misdigini ýa-da altyndygyny kesgitläp berýär. Adamzadyň ýüzlerçe, hatda müňlerçe nesilleriniň durmuş pelsepeleri tymsalda düýpsüz guýynyň jana hem teşnelige şypa suwy saklaýşy ýaly, saklanyp galypdyr. Many – filosofiki hem emosional many tükeniksizligi babatda tymsal näçe çözleseňem kiçelmeýän, özenine ýetilmeýän ýumagy ýada salýar. Bu ýüpüniň ol ujuna ýetilmeýän, sökülip gutarylmaýan ýumakdyr.
Adamzadyň çylşyrymly ruhy dünýäsi beýniniň üstünde gurnalypdyr. Ol beýniniň hem bary-ýogy 4-6 göterimi işleýär diýip, alymlar aýdýarlar. Beýniniň içki hem daşky dünýäleri töwerekleýin şöhlelendirilişi ýaly, tymsal hem ählumumy many baglanyşyklaryň özboluşly ulgamy bolup durýar. Munda daşarky gatnaşyklaryň hiç wagt üýtgemeýän içki many sulbasy bar. Bu ýerde Eflatunyň ideýalar diýip at beren üýtgemez hakykatlary bar. Nesiller çalşyp, adamlar üýtgäp biler, döwür, jemgyýet, millet, din hem üýtgäp biler. Emma adyna adam dakylan hem ruh diýlen çyragy bolan jandaryň ýoly gürrüňsiz şol mizemez paýhas ölçegleriniň üstünden barýar. Gülmegiň hem aglamagyň, gynanjyň hem begenjiň adamzada mahsus ählumumy sypatlardygy ýaly, tymsal hem ruhuň köptaraply žanrydyr. Şonuň üçinem estetiki ölçegleriň hem küýsegleriň üýtgäp gidip oturandygyna garamazdan, tymsal paýhasyň – tapawudy ýok, rasional ýa irrasional pikirlenmäniň esasy gurallarynyň biri bolmagynda galýar.
Onuň baky juwanlygynyň syry, onuň ruhuň tellerine meňzeýän ideýalarynyň many duýgunlygyndamy ýa-da onuň ruhuň baldagyna meňzeýän özeniniň filosofiki dökmädeligindemi?! Megerem, şundadyr: tymsal – iki dünýäniň çatrygy. Munda içki hem daşky, maddy hem ruhy, obýektiw hem subýektiw dünýäleriň, wagt bilen giňişligiň, akyl bilen göwnüň arzyly utgaşygy tapyşýar. Tymsal hem akylymyzy doýurýar, hem göwnümizi awlaýar. Ylmyň dili bilen aýdylanda, ol hem intellektual, hem estetiki islegimizi kanagatlandyrýar.
Adamzadyň ruhy taýdan öňe gitmegi bilen erteki çagalyga öwrüldi, mifler düýşe öwrüldi, aforizmler shema döndi, nesihatlardan sulba galdy, allegoriýa boş gabyk boldy. Emma tymsal galdy, tymsal filosofiki hem simwoliki pikirlenme bilen el ele berip, XX asyryň filosofiýasynda hem edebiýatynda gaýtadan döredi.
Tymsal göwrümsiz, ölçegsiz gap kimin biziň akyl hem duýgy tapyndylarymyzy öz içine sygdyryp gidip otyr. Munuň özi tymsalyň özboluşly many tebigatynyň barlygyndandyr. Tymsal sözden ybarat, tymsalyň süňňünde söz ýatýar. Söz bolsa täsin mana eýedir: ol hem maddy (ses), şol bir wagtda-da ruhy (many, duýgy) hadysadyr. Özem tebigaty kesgitlemekde ikinji tarap aýgytlaýjy tarapdyr. Sözde ruhy pursat esasydyr, maddylyk bolsa tas tötänlik, bary-ýogy gabyklyk derejesine ýetirilen ikinji ähmiýete eýedir. Söz adamzadyň dünýä bakan uzalan köprüsidir. Dünýä bilen aramyza söz düşüpdir. Beýik Sartr aýtmyşlaýyn, söz arkaly maddy barlyga (ýaýyň içinde hem-de goţadyrnagyň içinde aýdylanda, ýüz göterim barlyga) öwrülýän adam paýhasy sebäpli dünýäde adamzatdan öň bolmadyk «hiç zat» – boşluk döreýär. Adam söz arkaly özüni dünýäden saýlaýar, söz arkaly zatlardan ýokary galýar. Dilden mahrum haýwanlar dünýäniň zyndanyndadyrlar, çünki olar paýhasdan mahrum.
Diýmek, söz – paýhasyň sulbasy, paýhas bolsa – sözüň sulbasydyr. Sungat bilen filosofiýanyň tebigatynyň ýakynlygyna, baryp XVIII asyryň başynda nemes filosofy Artur Şopengauer ünsi çekipdir. Ol filosofiýanyň ylma garanda sungata has ýakyndygyny görkezýär. Filosofiýada-da edil sungatdaky ýaly, adamyň «meni» ýüze çykýar. Ylmyň ontologik barlygynda bolsa «mene» orun ýokdur. Şopengauer şeýle ýazypdyr: «Hemmeler üçin bir matematika, bir fizika bar, emma edil şonuň ýaly, hemmeler üçin bir filosofiýa bolup bilmez». Sungat eserine-de her kim öz «menine» görä, bir hili düşünýär. Emma adamyň «meni» göwreden hem göwünden ybarat bolýar. Sungatyň görnüşleriniň bu goşa barlyga gatnaşygy deň däldir. Aýdaly, tans ýa-da saz göwräniň, teniň barlygyna gönügendir. Şonuň üçin saz bizi dünýä bendiwan edýär. Sungatyň beýleki «has» ruhy görnüşleri bolsa edil filosofiýa ýaly, bizi dünýäden azat edýär. Çünki bular eýýäm paýhasyň mülküne degişlidir, paýhasyň mülkünde bolsa söz hökümdarlyk hem hökmürowanlyk edýär.
■ Söz hem göwün
Dünýä meşhur nemes akyldary Gýote yslam edebiýatynda sözüň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, musulman şahyrlarynda sözüň kultunyň dörändigini baryp öz döwründe ýörite belläp geçipdir.
Sözüň kulty sözüň keramat derejesine ýetirilendigini aňladýar. Durmuşyň şeýle bir adaty hem ýönekeý kanunalaýyklygy bar: adamyň kimligi oňa gapdaldan seretseň, has aýan görünýär. Aňlamagyň, tanamagyň şu düzgünini halklar, milletler, siwilizasiýalar babatda hem ulanmak mümkin. Eger Gýotäniň gözüne şol kult täsin aýratynlyk bolup görnen bolsa, diýmek, Gündogarda sözüň ähmiýeti we orny Günbatardakydan düýpli tapawutly bolmaly-da!
Dogrudanam, Gündogar şahyrlarynyň ählisiniň eserleri söz baradaky filosofiki oýlanmalardan başlanýar. Olaryň islendiginiň – Nyzamynyň ýa Ferdöwsiniň, Sagdynyň ýa Hafyzyň, Nowaýynyň ýa Magtymgulynyň döredijiliginde sözüň aýratynlygyny görüp bolýar. Şeýle edebi aýratynlygyň aňyrsynda sözüň iň ýokary barlykdygy baradaky pelsepe ýatýar.
Sözüň beýle apalanmagy yslamyň Hudaýa gatnaşygyndan gelip çykýar. Hudaý baradaky düşünjeler we göz öňüne getirmeler bolsa islendik diniň esasyny düzüp, siwilizasiýanyň düýp manysy hem aýratynlyklary şol esasa görä bolýar. Milletleriň Hudaýa garaýşy şol milletleriň taryhy ýaşaýşynyň özboluşlylygyny kesgitleýär. Hudaý baradaky düţünjeler özbaţdak hem bitewi beden bolan siwilizasiýanyň gözbaşydyr.
«Dostuň kimdigini aýt, seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýen pähim bar. Bu pähimi biraz üýtgedip: «Nämä ynanýandygyňy aýt, men seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýip aýtmak mümkin. Hudaý taryhyň ýaşaýşyny-da kesgitleýär. Ol diňe älemi hem adamzady ýaratmak bilen çäklenmedi, eýsem taryhyň içki hereketlendiriji güýjüne-de öwrüldi.
Dürli halklar Hudaýy dürlüçe göz öňüne getiripdirler:
– butparazlar ony dürli butlar arkaly, birnäçe gadymy taýpalar ýer, suw, beýleki tebigy barlyklar görnüşinde göz öňüne getiripdirler.
– hristianlar Hudaýy Isa şekilinde tanaýarlar.
– yslam Hudaýyň şu dünýäde barlygynyň ýüze çykmasy diýip, Gurhany kerime düşünýär.
Gurhan – sözdür. Diýmek, söz baky dünýäniň bir ýüze çykmasydyr. Söz – bakylykdyr, bakylyk – sözdedir. Özüniň tebigaty boýunça söz iň ruhy hadysadyr. Söz maddy barlyk bilen iň az barabarlaşýan, maddylyga iň az garaşly närsedir.
Ruh bilen söz tas manydaşdyr. Adamzadyň Hudaý baradaky garaýyşlarynyň ösüşini yzarlanyňda, Hudaýyň maddy dünýäden kem-kemden ruha öwrülip gidýändigini görýärsiň. Hudaý bilen birlikde adamzadyň özi-de kem-kemden maddylykdan daşlaşyp, ruhy barlyga öwrülip gidipdir.
Ilki jansyz zatlara we onuň böleklerine sežde edipdirler, soň ösümliklere, soňra haýwanlara, soňundan adam obrazyna, soň dürli ýarym maddy, ýarym ruhy hudaýlara, iň soňunda atlaşan (substansional) baglylygy bolmadyk sap Ruha Hudaý diýip sežde edipdirler. Şol Ruh özüniň barlygyny bize Söz arkaly aýan edýär. Omar Haýýam: «Dünýäde iň beýik zat Sözdür, eger şondan hem beýik bir zat bolanlygynda, onda Allatagala adamlar bilen arabaglanyşyk serişdesi hökmünde Sözi däl-de, şol zady saýlap alardy» diýip aýdypdyr.
Gurhan sözüniň kur’a – «okamak» sözündendigini hemmämiz bilýäris. Sözi okap bolýar. Söz bilen baglanyşykly okamak düşünjesiniň häzirkisi bilen deňeşdirilende, türkmeniň öňki durmuşynda has düýpli ruhy düşünje bolandygyny görüp bolýar, dürli sferalara degişli ruhy hajatlarynyň amal edilmesi bolupdyr. Häzirki wagtda okamak – bary-ýogy kitapda harplar bilen ýazylan zady janlandyrmak, ýüze çykarmak bolup durýar. Diýmek, bu ýerde okamak bary-ýogy sowatlylyga dahylly, öwredilen endige degişli dar, çäkli hadysadyr. Namaz okamak – Hudaýa gulluk etmegiň usuly, doga-töwir okamak – dürli ruhy manyly dessurlary berjaý etmek, mollanyň okamagy – dertden, syna ýa ruhy dertlerden açmagyň usuly, ters okamak, tepbediň okalmagy, ýasyn okamak – bularyň hersi otrisatel manyly ruhy amallary ýerine ýetirmegiň serişdeleri hem usullary bolup durýarlar. Şeýlelikde, okamak diýilýän zat söz bilen baglanyşyklylykda durmuşy hem adamy kämilleşdirmegiň ýörelgeleriniň özboluşly ulgamy hökmünde göz öňüne gelýär. Okamagyň köptaraply ruhy amal derejesine ýetmegi sözüň aňladýan manysy bilen baglanyşykly. Söz ruhuň ähli ugurlaryny öz içine alýar, edil şonuň ýaly okamak hem ruhuň ähli ugurlaryny öz içine alýar.
Sözüň aýratyn ruhy manysy we ähmiýetliligi taryhyň janly prosesinde türkmen ruhunyň milli aýratynlyklaryny kesgitläpdir. Şu ýerden türkmen milli ruhunyň «meniniň» özboluşlylyklary gelip çykýar. Milletiň «meni» bolsa şahsyýetiň «meni» bilen juda meňzeşdir. Adam göwresi daşky dünýä bilen alty sany esasy ugur arkaly gatnaşyk edýär. Bulara ten duýgulary diýilýär:
– birinji duýgy – göz;
– ikinji duýgy – ys alyţ;
– üçünji duýgy – tagam biliţ;
– dördünji duýgy – eţidiţ;
– bäşinji duýgy – aňlaýyş;
– altynjy duýgy – syzyţ.
Dürli sebäplere görä, şu ugurlaryň biri ýapylsa, onuň işini özgerdilen görnüşde beýleki biri öz üstüne alýar. Aýdaly, adam görejinden mahrum bolsa, onuň syzgyrlyk ukyby has artýar. Edil şonuň ýaly, taryhy prosesde adamzat ýa onuň bir bölegi bolan millet hem daşky dünýä bilen aragatnaşygyň birnäçe ugurlaryny edinipdir. Bulara jemgyýetçilik aňynyň görnüşleri diýilýär.
Sungat, din, filosofiýa, ylym, mifologiýa, yslam tarapyndan dürli şekillendiriş sungatlarynyň gadagan edilmegi olaryňam funksiýasynyň söze geçmegine getiripdir. Heýkeltaraşlygyň, nakgaşlygyň daşky dünýäni aňladyş ukyplylygy biziň söz sungatymyzda ýaşapdyr. Söz dünýäniň dürli giňişligini, onuň güýjüni, bir söz bilen aýdylanda, wagty hem giňişligi edil şekillendiriş sungatynyň derejelerinde suratlandyryp bilýär. Çünki ruh esasydyr, düýp manydyr, jemgyýetçilik aňynyň görnüşleri bolsa diňe şonuň dürli jähetlerde ýüze çykmasydyr. Onsoň biziň milli «menimiziň» düýp manysynyň sözde ýüze çykýandygyny görüp bolýar. Söz, ilkinji nobatda, bitewülik hem çäksizlik manysyndaky Hudaýyň şahsyýetinden gaýdýar. Sözüň çeşmesi şol ýerdedir. Ol çeşme taryhy-jemgyýetçilik prosesde ikinji bir şahsy – milletiň «menini» kemala getirýär. Ömür aýtymynda – sferasynda bolsa ol söz üçünji şahsy – adamyň «menini» amal edýär.
Özüniň iň ilkinji şahsyýete we hakykata gatnaşygy babatda milletiň «meni» hemişe esasy hem kesgitleýji subýekt bolupdyr. Indiwidual «men» şol millete barabarlygyna, laýyklygyna, oňa hyzmat edip bilşine baglylykda, ruhy gymmatlyga eýe bolup bilýär. Şahsyýet milletinden daşlaşyp bilşine däl-de, laýyklygyna, ondan tapawutlylygyna däl-de, ony göterip bilşine görä özboluşlylyga eýe bolupdyr. Bu aýratynlyk nezireçilik diýilýän edebi däpde oňat ýüze çykypdyr.
Nezireçilik – öňki şahyrlara öýkünilip ýazylan eserleri öz içine alýan edebi däp. Şahyryň eseriniň, döredijiliginiň gymmaty täze sýužete, konflikti tapýanlygynda däl-de, öňki sýužeti täzeçe işläp bilýänligi bilen ölçelýär.
Şahsyýetiň gymmaty öz «menini» aýrybaşgalaşdyrýandygynda däl-de, milletiň «menine» goşant bolup bilýänligindedir. Gep ruhuň diňe täze ülňülerini tapmakda däl, öňki ülňüleri kämilleşdirmekde. Şeýle ýörelge, ösüşiň şeýle ugry milletiň hökmürowanlygyna, şahsyýetleriň hasabyna baýlaşmagyna getirýär. Şu tarapdan alanyňda, Gündogaryň ruhuny ösüş, baýlaşyş, öndüriş tärleri boýunça, erkekpisint bir närsä meňzetmek mümkin. Erkekpisint närse mukdar taýdan çalt hem intensiw öz-özünden köpelmeýär. Emma Günbataryň görnüş hem ülňi öndürijilikligi onuň ruhuny aýalpisint närsä meňzetmäge mejbur edýär. Diňe aýal ikä bölünýär, soňky birlik ýene ikä bölünýär, şeýdip bu bölünişik soňsuz bölünişige öwrülýär.
Men Gündogaryň, şol sanda türkmeniň hem-de Günbataryň ruhunyň ýaşaýyş kadalarynyň birini oňat, beýlekisini ýaramaz diýip kesgitlemek meýlinden daşda. Olaryň hersiniň öz artykmaçlyklary bar. Aslynda, gürrüň obýektiw hadysalar barada gidýär, olar bolsa, «oňat, erbet» diýen bahalandyrmalara asla laýyk gelmeýär.
Biziň milli ruhumyzyň şu ýerde aňlatmak islän aýratynlyklarymyzyň hemmesi şol Sözüň many tebigatyndan gelip çykýar. Söz bolsa bitewülikdir. Bizi ýokary göterjegem, bizi egbarlan çagymyz halas etjegem bitewülikdir. Men bu ýerde «bitewüligi» ruhumyzyň ýaşaýşynyň iň esasy ugry, kadasy manysynda ulanýaryn. Ol kada ontologik barlykdan aşak düşüp, durmuşyň ähli ugurlarynda öz amalyny tapýar.
Beýik Galkynyşlar zamanasynyň milli jebislik, syýasy-döwlet bitewüligi syýasaty şol ählumumy düşünjäniň anyk bir aýtymynda amal bolmasydyr. Günbatar öz dinamizmi, hereketjeňligi bilen ýokary galdy, hökmürowan boldy. Emma ahyrsoňunda beýle dinamizm öz netijesi – böleklige getirýänligi bilen howpludyr. Bitewülik ţahsyýete getirýär, «meni» döredýär, böleklik bolsa indiwidualizme, ýagny «men-menlige» getirýär.
Men Hudaýyň birinji şahsyýetdigini nygtamak isleýärin. Elbetde, men sözümiň kese çekilerini däl-de, onuň manysyna dogry düşünilerini isleýärin. Şahsyýet kategoriýasy sözüň düýp manysynda mahluklara degişlidir. Alla bolsa halk däl-de, Hakdyr. Bu hakda Gurhany kerimiň 112-nji «Yhlas» süresinde aýan edilýär. Allatagala zadynda we sypatynda täkdir, hiç zada mätäç däldir, mahluklar oňa mätäçdir, ol hiç bir zatdan dogan däldir, ondan hiç bir zat doglan däldir, oňa hiç bir barabar zat, taý zat ýokdur. Şeýle ontologik hakykat ikileýin kategoriýalardan ýokarda durýar. Diýmek, şahsyýet – jemgyýet kategoriýasynyň jübütligi, ýa bolmasa, bir tarapy oňa mahsus bolup bilmez. Onda näme üçin köne sopular, weliler oňa şahs hökmünde ýüzlenipdirler?! Çünki şu wagtyň hem giňişligiň çägindäki dünýäde, şol dünýä laýyk beýnilerimiz, gözlerimiz bilen göz öňüne getirmek islesek, biz şahs prinsipini hem kategoriýasyny ulanmaly bolýarys.
Şahs – dünýäde bir zadyň, ähli zadyň, islendik zadyň ýüze çykmak, göz öňüne gelmek kanunydyr. Şahsyýet – forma. Belli bir forma görmese, hiç bir potensiýa barlyga – aňdaky ýa durmuşdaky barlyga öwrülip bilmeýär. Zerur halatynda, hatda adam aňy potensiýalary göçme manylylyk arkaly barlyga öwürýär.
Adam – simwoliki jandyr. Biziň Hudaýyň şahsyýeti diýýänimiz hem simwoliki, göçme manylylykdyr.
Şeýlelikde, söz – simwoldyr, ýagny tymsaldyr. Tymsal aň giňişliginde özgeriş geçirmek – manylaryň ornuny çalyşmak, manylary göçürmek, ýagny göçme manylylyk arkaly ideýalara, potensiýalara jan berýär, ýagny görnüş berýär, olary şahsyýete öwürýär. Dänäniň bugdaýa öwrülmegi üçin, onuň görnüşe girmegi, tohumyň daragta öwrülmegi üçin onuň degişli görnüşe girmegi gerek. Dürli gurluţyk materiallary entek jaý däl, jaý görnüşdir, şol görnüşe girensoň ol materiallar jaý bolýar, dünýäde bir şahsa öwrülýär. Edil şonuň ýaly, tymsalda adamyň ruhy, durmuşa potensial gatnaşygy görnüşe, şahsa öwrülýär. Munuň üçin bolsa many göçüşligi zerur. Şeýdip, ruhy gymmatlyklar döreýär, olar edil daragt, bugdaý, jaý ýaly anyklyga öwrülýärler.
Ömrüň gymmaty – onuň bimany, boş hem reňksiz uzynlygynda däl-de, ruhy gymmatlyklary amal etmek mümkinçiligindedir. Pespällik, kanagatlylyk, manylylyk arkaly, başga-da köp ruhy gymmatlyklar arkaly adam ömri mana gelýär. Adam öz öňünde haýsydyr bir maksatlary goýýan we dünýäniň maksadalaýyk ýaradylandygyny ykrar edýän ýeke-täk jandardyr. Adam – maksatly jandardyr. Şu hili maksatlylyk dünýäniň – tötänligiň hem bimatlaplygyň deňzinde gark bolup barýan adama öz saçyndan özi tutup, edil Mýunhauzen ýaly özüni suwdan çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu adamyň paradoksydyr. Bir adam özüni halas edip bilýär. Galan jandarlaryň gark ýa halas bolmagy öz ellerinde däldir.
Emma bu paradoks adama aňsat, arzan düşenok. Öz-özüni halas ediş gaty janagyryly hem wawwaly bolup geçýär.
Adam göwreden hem göwünden ybaratdyr. Adamyň öz-özüni çekip çykarmagyna, tebigatyň kanunynyň tersine, ony halas etmäge tebigatdan has güýçli kanunlar boýunça ýaşaýan ruh mümkinçilik berýär. Ol ruh – göwündir. Beýleki jandarlardan tapawutlylykda adamda, adam pahyrda göwün bar. Göwre, ten adamy aşak çekýär, göwün ony ýokaryk galdyrmaga dyrjaşýar.
Göwräniň keşbi – nebisdir.
Ruhuň keşbi – göwündir.
Adamyň ýoly – tebigatdan ruha, dünýäden ahyrete (men ahyret sözüni dini däl-de, filosofiki adalga hökmünde ulanýaryn) tarap ýoldur. Nebis adamy dünýäniň, tenleriň derejesinde saklajak bolup jan edýär.
Nebsiň filosofiki düşünje hökmünde örän düýpli manysy bar. Meniňçe, edil «ahyret» ýaly, nebis adalgasyny-da häzirki zamanyň filosofiki kategoriýalarynyň hataryna goşmaly.
Nebis – adamyň ten barlygynyň jemlenmesinden, aňly subýekte öwrülmesinden ýüze çykýan şahs. Nebis häzire çenli diňe dini-ahlak manyly düşünje hökmünde görüldi, emma ol aslynda filosofik, ylmy we hatda ideologik kategoriýadyr.
Men özüniň manysy we ahyrky logiki netijeleri boýunça adam – bary-ýogy gepleýän, pikirlenýän tendir, adam tenden başga hiç zat däldir, ruh bolsa ikinji derejeli, tötänleýin alnan netije, soňsuz bir zatdyr diýýän ähli filosofik taglymatlary hem ideologik doktrinalary nebsiň ýüze çykmasy we nebsiň serişdesi hasap edýärin. Bilmedim weli, materialistik taglymatlaryň köpüsi şu hasaba girýär. Tebigat bilimleriniň netijelerine esaslanmak ruhuň meselelerinde geň galdyryjy şowakörlüge getirýär. Olar ruhy materiýanyň önümi hasap edýärler.
Bar, haýsydyr bir manyda şeýle diýeli. Emma ruh materiýanyň çäklerindäki hadysa däl ahyryn, ol başga bir barlyk.
Elbetde, göwün göwräniň üstünde gurnalan, hatda ondan-da beter, göwräniň göwünsiz ýaşap bilmezligi-de mümkin. Emma bu göwnüň aýratyn bir zatdygyny we teniň pes zat däldigini görkezmeýär.
Göwün ýer eýesini ýerden çykaran mellekçidir. Şonuň üçinem göwre göwne göriplik edýär, onuň özünden ontologik artykmaçlygyny ykrar edesi gelenok. Hem-de onuň garşysyna öz «menini» – nebsi goýýar. Nebis bolsa akyly kömege çagyrýar.
Akylyň entek öz-özlüginde haýsydyr bir gymmaty ýokdur. Gep akylyň kime – nebsemi ýa-da göwne gulluk edýänligindedir. Akyl nebsiň gullukçysy bolanda materialistik ylymlar hem taglymatlar döreýär. Materializm teniň gözüdir, nebsiň akylydyr, şonuň üçinem onuň ýigrenýän zady göçme manylyk hem simwoldyr. Ol diňe birtaraply hakykaty ykrar edýär.
«Göz bilen görüp, el bilen tutup bolýan zat hakykatdyr» – ine, materializm ylmynyň düýp manysy!
Göz, el, gulak, burun, dil – bularyň bary göwre ahyryn. Diýmek, beýle ylym özüniň ähli akyly bilen göwrä hyzmat edýär. Näme üçin materialistleriň dünýäsi şeýle garyp? Sebäbi dünýäde tenden başga zat ýokdur diýen nokada geleniňden soň, başga nirä gitjek? Hatda janly göwräniň içine – molekulalaryna, öýjüklerine, neýronlara aralaşmagam, ahyrky netijede ýene ýolsuzlyga getirýär. Aslynda soňky asyrda biologiýanyň şeýle ösüşiniň özi geçen asyrlaryň idealizminiň gözleýji gujuryndan galan mirasdyr. Onsoň bu ahyrky netijede ýene idealistik ylmyň we filosofiki prinsipleriň ykrar edilmegine getirýär. Tebigat bilimleriniň güýçli ösmegi iň soňunda materializmiň ölmegine, filosofiýa hökmünde ölmegine getirýär. Çünki tenler dünýäsinde hemme zat açyldy, hemme zat düşnükli, bu ýerde pelsepe otarara zat ýok, pelsepe diňe düşnüksizligiň, syrlylygyň hem göwün pelesaňynyň bar ýerinde döreýär. Onsoň filosofiýa sungatyň tarapyna geçýär.
Elbetde, meniň bu üzlem-saplam pikirlerimi XX asyryň ahyrynda adamzat durmuynda bolup geçýän käbir özgerişlere türkmen garaýşy diýmek mümkin. XX asyryň ahyrynda adam «menindäki» hem adam paýhasyndaky goşalaýynlygy ýeňip geçmek zerurlygy döreýär. Ýogsa adam bir duran ýerinde durýar. Bir duran ýerinde durmak bolsa, ýöne durmak däl-de, yza gaýtmakdyr.
Fransuz filosofy B.Paskalyň baryp XVII asyrda aýdan şu pikiri XX asyryň ahyrynda juda derwaýys ýaňlanýar: «Adama onuň beýikligini görkezmezden, sen haýwan bile deň diýmek howpludyr, şol bir wagtda onuň pesligini görkezmezden sen beýik diýmek hem howpludyr». Göwün bile göwräniň birlige öwrülmeginiň mütdeti geldi. Türkmen dilinde bu iki filosofiki düşünjäniň bir kökden gaýdýan sözler bilen aňladylýandygynyň özi bir döwrebap pelsepedir.
Göwräni äsgermezlik etmeli däl, ţol bir wagtda göwni-de uly tutmaly däl. Biziň döwrümiz üçin laýyk pelsepe bu ikisiniň gapma-garşylyklaýyn däl-de, barlyşyklaýyn utgaşygyny tapmakdan ybaratdyr. Elbetde, öz döwründe olaryň gapma-garşylygy adam şahsyýetiniň ösmegi üçin köp itergi beripdi. Orta asyrlary ýada salyp göreliň. Eýsem Nesiminiň, Ýunus Emräniň, Rumynyň, Magtymgulynyň teni, göwräni inkär etmekleri adam ýaşaýşy üçin çuňňur hem täsin ruhy ýörelgeleri bermedimi näme?! Eýsem, olaryň ruhuň ileriligi baradaky taglymatlary ýöne bir ruhuň miwesiz maşkymy näme?! Ýok, olar adamyň beýgelmegine, göterilmegine sebäp boldular. Ruhy gymmatlyklaryň maddy gymmatlyklaryň diline geçirip bomaýan, olara barabarlaşdyryp bolmaýan öz-özlügindäki ähmiýeti bar. Olaryň ölçelýän öz mizan terezisi bar. Utilitarizm iň ýigrenji zatdyr. Muny idealizm aýdýar.
XX – XXI asyrlaryň beýik akyldary Saparmyrat Türkmenbaşy: «Adamyň esasy maksady diňe bir garnyny doýurmak däldir. Onuň arassa aňy bolmaly. Giň gözýetimi bolmaly, belent ruhy bolmaly, ýaşaýşa höwesi bolmaly. Biz şony gazanmaly» diýýär. Türkmenbaşynyň adamyň esasy maksady diýýäni, elbetde, göwündir.
Göwün – poeziýa.
Göwre – proza.
Emma şu pikirlenmeden göwün – hakykat, göwre – ýalan diýen netije gelip çykmaýar. Gadymy hem orta asyrlar filosofiýasynda göwnüň, ruhuň beýikliginiň teni, göwräni äsgermezligiň, inkär etmegiň, basalamagyň üstünde gurulmagynyň dini-filosofiki sebäbi bar. Gurhany kerimde Adam atanyň ýaradylyşy baradaky rowaýaty ýatlap göreliň.
Adamyň teni toprakdan alnypdyr, onuň ruhy bolsa Allanyň amanadydyr. Onsoň, ţeýle netije gelip çykýar: ten – pany, jan – baky. Şonuň üçin dini rowaýatlara gönümel manyda düşünilýän döwürlerde ten iň bir ýigrenji zat hökmünde görlüpdir. Emma orta asyrlardan daşlaşdygymyzça, rowaýatlaryň simwoliki hakykaty barha aňymyza ornaşýar. Biz indi rowaýata geçmiş däl-de, geljek manysynda düşünýäris. Onsoň, öňki ylmy-dünýägaraýyş ölçeglerimiz indi ahlak-filosofiki ölçeglere öwrülip barýar. Biziň aňymyza indi göwre bilen göwün bitewülik, biri çagşasa, beýlekisi-de ýykylýar diýen pelsepe ýakymly görünýär. XX asyryň ylmy bir zady – indiwidual ruhy bakylygy, ölmez-ýitmezligi gazanmak isleseň, ten bakylygyny gazanmalydygyny gözümize dikdi. Emma bu entek-entekler mümkin däl ahyryn.
Adam «meniniň» – göwre bilen göwnüň asyl gelip çykyşy hem-de kemala gelşi meselesinde esasy ugur taryhylyk ugry bolmalymyka diýýärin. Allatagalanyň adamyň göwresini toprakdan ýasandygy ylmy manyda-da, filosofiki manyda-da hakykatdyr. Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli janly-jandarlar toprakdan hem-de dürli gaýry maddalaryň toprak bile utgaşygyndan ýaradylypdyrlar. Allatagala adamy ýaratmak üçin topraga perişdäni iberende, «Karz alýaryn, soňra gaýdyp bererin» diýenmiş. Toprakdan önen zat topraga-da gaýdyp barýar. Şu ýerde «adam» sözüniň asyl gelip çykyş manysyna ünsüňizi çekmek isleýärin. «Adam» sözüni gadymy semitleriň dilinden alyp gaýdýarlar. Şol dilde «adam» – goňur-gyzyl topragy aňladypdyr. Biziň «gyzyl ýüzli ýigit» diýmegimiziň hem şunuň bilen baglanyşykly bolmagy mümkin.
Eger hristian yslam halklarynda «adam» sözi ulanylan bolsa, gadymy rimlilerde «gumanos» sözi adamy aňladypdyr. Alymlaryň munuň «humus» sözündendigini görkezýärler. Hum-us – «gum» diýmekdir. Diýmek, bu asyl hem adamyň gelip çykyşyny gum, toprak bilen baglanyşdyrýar. Türkmen dilinde soňky döwürde az ulanylýan «kişi» sözi, «kes» sözi, megerem, adamyň akyl-paýhaslylygyny nygtaýandyr. Çünki «kişi, kes» sözleri bilen baglanyşykly «kim» sorag çalyşmasy diňe adam – pikirlenip bilýän şahs barada ulanylýar. Gadymy ýunanlylaryň adamy aňladýan sözüniň asyl manysy-da «pikirlenip bilýän, paýhasly» diýmekden ybarat eken. Gadymy otparazlaryň «gaýomord sözi hem adam diýmegi aňladypdyr.
Adamyň göwresi-de, göwni-de şu dünýäde – wagt bile giňişligiň çäklerinde kemala gelýär. Enäniň göwresinde çaga galan gününden ol enäniň gany bilen gelýän iýmitler arkaly iýmitlenýär, dogulandan soň – enäniň iýmiti bilen iýmitlenýär, soňra hut şu dünýä degişli nygmatlar bilen naharlanýar, şeýdibem, göwre kemala gelýär.
Diýmek, göwre şu dünýäniň perzendidir. Şonuň üçinem adam ýogalandan soň jesede öwrülen göwre ýene materiýa, dünýä gaýdyp barýar.
Edil şonuň ýaly, adamyň göwni-de jemgyýetde, adamlaryň arasynda kemala gelýär. «Göwün göwnüň aýnasy» diýip, türkmen gaty dogry aýdýar. Adamyň aňy, düşünjesi, ýigrenji hem söýgüsi hut töweregindäki gatnaşyklarda kemala gelýär. Göwün – döwrüň ruhunyň hem ruhy ölçegleriniň adam edim-gylymlaryna, ruhy dünýäsine geçmegidir. Adam – adamara gatnaşyklaryň önümi.
Şeýle bir hyýaly tejribäni göz öňüne getireliň: «Adamy çagalygyndan, entek dil bitmänkä, adam-gara ýok ýere eltip goýalyň. Ol hiç kimi görenok, hiç kim bilen gatnaşyga girenok. Oňa görünmän diňe iýmeli-içmeli zadyny eltip berýärler. Şeýle jandarda göwün döräp bilermi?
Ol adam bolarmy?
Bu sowallara belli amerikan filosofy K.Lomont «Ýok!» diýip jogap berýär. Ol özüniň «Bakylyk salgymy» diýen kitabynda Hindistanda bolan bir täsin wakany ýatlap geçipdir. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Hindistanyň bir obasynda adamlar ene möjek tarapyndan ogurlanyp, soňam tokaýda saklanyp, şol ýerde ösüp ýetişen iki sany gyzjagazy tutupdyrlar. Bularyň biri sekiz ýaş, beýlekisi ýaş ýarym eken. Olaryň taryhy adamyň bu dünýä asla-da taýýar halda gelmeýändigini, diňe şu dünýäde kemala gelýändigini görkezýär.
Adam dünýä inensoň, daşky gatnaşyklar esasynda adam bolýar. Çaga edilýän gatnaşyklar onuň şahsyýetiniň kämilleşmeginde ägirt uly ornunyň bardygyny men şu ýerde aýratyn nygtamak isleýärin.
Şahsyýet – goýalyp, gatylyga öwrülen, kristallaşan gatnaşyklar hem arabaglanyşyklardyr. Şahsyýet – şol gatnaşyklaryň gaýtalanmaz suratda utgaşygydyr. Bu adamyň göwresi babatda-da, göwni babatda-da hakykatdyr. Hatda jansyz jisimler hem, janly-jandarlar hem bary-ýogy sanlyja himiki elementleriň birhili utgaşygydyr. Emma şol utgaşyk kim ýa-da näme tarapyndan kesgitlenýär – ine, mesele.
Dini filosofiýa şol utgaşdyryţa «Hudaý» diýip at berýär. Eflatun oňa «ideýalar» diýse, Şopengauer «erk» diýip atlandyrýar.
Türkmenler adam dünýä inenden soň, oňa at goýýarlar. Şu meselede gadymy ata-babalarymyz bolan oguzlar bizden düýpli tapawutlanypdyrlar. Olar çaga kämilleşip, diňe ýigit çykandan soň, oňa at goýupdyrlar. Täsin zat. Diýmek adam «meni» doly kemala gelenden soň, düýp many doly suratda hadysa öwrülenden soň onuň barlygy, onuň gymmaty jemgyýet tarapyndan ykrar edilýär. Muňa özboluşly etiki hem filosofiki realizm diýip at bermek mümkin.
Göwre bilen göwnüň bitewüligini hem bu ikisiniň dialektiki arabaglanyşygyny «meniň» tebigatyny kesgitleýän esasy pursat hökmünde görmelidiris. Orta asyr dünýägaraýşy ruhy barlygyň ileriligine, esasylygyna daýanýardy. Ruha gatnaşygyň, ahlaky ölçeglere gatnaşygyň seniň teniňden başlap durmuşy ykbalyňy, ömrüň şowlulygyny, bagtyňy-betbagtlygyňy kesgitleýärdi. Meseläni adam «meniniň» aýtymyna getirip aýdanyňda, ruhuň bir subýektiw ýüze çykmasy bolan göwnüňe hatda seniň fiziki barlygyň hem baglydy. Şeýle hakykat Süleýman pygamber baradaky bir tymsalda juda anyk beýanyny tapypdyr.
Süleýmanyň aýaly göwreli eken. Wagty dolup, ondan bir çaga bolýar. Emma dogan zat doly manyda çaga hem däl eken. Kellesi, iki eli, iki aýagy ýok bir tokga etmişin. Pygamber bu wakada bir gudratyň, Hudaý tarapyn edilýän bir yşaratyň bardygyna düşünip, Hudaýa ýüzlenýär. Alladan: «Pygamberiň, onuň weziriniň hem aýalynyň arasynda gizlenýän bir syr bar, şol syr açylsa, çaganyň göwresi doly biter» diýen habar gelýär. Süleýman şondan soň Asyf wezirini, aýalyny ýanyna çagyryp, olardan degişli syryň açylmagyny talap edýär, özi hem öz syryny ilki bolup açýar. Syr – öz hereketleriň ahlak ýörelgelere laýyk gelmeýänligini aňlamak, şonda-da nebsiňe diýeniňi etdirip bilmän, ahlagyň tersine iş görmekligi aňladýar. Nebis bolsa, öň aýdyşymyz ýaly, göwräniň keşbi. Öz göwräň guly bolmak seniň ýaňy dogan çagaň göwresiniň ýarty dogulmagyna getirýär. Ine, ahlagyň kanunynyň düýp durmuşy – filosofiki manysy. Nebis adamyň ahlaky azatlygyny, buýsanjyny, erkini elinden alýar. Deregine müýnlülik, ynamsyzlyk, ruhy güzaplary berýär.
Ruhy gymmatlyklaryň düýp ähmiýeti olaryň adamy nebis bendiliginden azat edýänligindedir. Meniň idealizm hem orta asyr şahyrlarynyň Hudaýyň yşgyna düşüp, ruhy güzaplary çekmesi ýöne bir akylyň miwesiz maşky däldir diýýänimiň sebäbi-de şol azatlykdadyr. Adamzat jemgyýeti her hili durmuş şowsuzlyklaryna duçar bolanda, onda tebigy suratda ruhy durgunlyk başlanýar. Jemgyýetiň arassa bolmagy üçin adamyň arassa bolmalydygyny, jemgyýetiň kämillige ýetmegi üçin adam «meniniň» kämilleşmelidigini wagyz edýän, daşky däl, içki azatlygy ileri tutýan akyldarlar döräp başlaýar. Ähli üns şahsyýete gönügýär. Onsoň jemgyýetçilik krizislerini ýeňip geçmegiň usuly şahsyýeti ahlak-ruhy taýdan kämilleşdirmek diýlip ykrar edilýär. Jemgyýet şahsyýetiň üsti bilen halas bolýar. Dogrudanam, adamyň içki azatlygyny gazanmazdan, hiç bir jemgyýetçilik idealyna ýetmek mümkin däl. Adam – bikemal. Adam psihologiýasy şeýle: ol ähli erbetlikleriň ýa bikemallyklaryň, adalatsyzlygyň sebäbini öz içinden däl, daşdan gözleýär. Adam tebigaty boýunça egoist jandar. Her zat etjek weli, özünden görjek däl. Ol öz bikemallygyna jemgyýet sebäpkär hasaplamaga meýillidir, emma jemgyýetiň kämilliginiň hem özüne baglydygy hakynda weli oýlanmaýar. Nesimi, Ýunus Emre, Magtymguly ýaly şahyrlar bize ahlak hem ruhy ideallary (nusgalary) berdiler. Göwün bile göwräniň, ten bile ruhuň gapma-garşylygy arkaly olar şahsyýet bilen jemgyýetiň sazlaşygyny, adam bilen dünýäniň filosofiki esaslandyrylan sazlaţygyny berdiler.
Göwre – dünýäniň bir bölegi, göwün bolsa dünýäniň gözgüsidir. Göwün – bitewülikdir, bölek däldir. Şahsyýet bitewüligini gazanmak üçin «men» özüniň «men-men» hem gedem isleglerinden, jemgyýet ýaşaýşynyň sazlaşygyny bozýan instinktlerinden halas bolmany, öz-özüni çäklendirmäni başarmaly. Öz-özüni çäklendirmek asla-da şahsyýeti gysmak däl. Tersine, ol şahsyýeti azat etmekdir. Hudaýa gul bolmak meselesine taryhylyk nukdaýnazaryndan, jemgyýetiň ýaşaýşynyň janly prosesinde seretmek gerek. Ţonda Hudaýa gul bolmak şahsy azatlygyň saklamak, instinktleriň hem howaýy-höwesleriň gulçulygyndan azat bolmak manysynda düşüniler. Allaha söýgi adam şahsyýetini beýgeldýär, onuň içki ruhy hem ahlak gujurlylygyny ýüze çykarýar, onuň «menini» amal edýär, onuň «menini» ýokary göterýär. Şu jähetden «Gorkut atadaky» Däli Domruly ýatlamak ýerlikli bolardy.
Domrulyň adam geçmeýän gury çaýda köpri ýasap, ondan geçenlerden hem geçmediklerden pul alşy adam gedemliginiň hem «men-menliginiň» tebigatyny oňat açyp görkezýär. Bu ýerde Allany tanamak, ilkinji nobatda, öz-özüňi tanamak manysynda gelýär. Adam durmuşda, dünýäde, älemde özüniň ornuna dogry göz ýetirýär. Onuň ýüreginde pakyrlyk, garyplyk ýaly duýgular döreýär. Pakyrlygyň düýpli ruhy manysy bar. Garyplyk sosial mesele däl, dünýäni duýuşyň, dünýä ahlaky gatnaşygyň meselesi. Garyplyk baýlygyň däl, gedemligiň antonimi. Gaty baý adamlar özüni garyp hökmünde duýupdyrlar. Beýle duýgy adamda ruhy dokmädeligi hem öz-özüňden kanagatlylygy döredýär.
Hudaýdan sorapdyrlar: «Sen näme bilen meşgullanýarsyň?»
Ol jogap beripdir: «Ululary kiçeldýärin, kiçileri bolsa ulaldýaryn».
Gündogar halklarynda, şol sanda türkmenlerde-de adam häsiýetiniň, erkiniň däp-dessura düýpli baglydygy bellidir. Munuň şu jemgyýetde, onuň ruhy esaslarynda Hudaý ideýasynyň tutýan orny bilen berk baglanyşygy bar.
Däp-dessurlar, belli bir manyda, Hudaýyň erkiniň, buýrugynyň adamzat jemgyýetinde amal edilmesidir. Olar Hudaýa uýup ýaşamagyň prinsipleridir we olaryň sosial ýerine ýetirilmesidir. Şol sebäpden Hudaýyň bakylygy ýaly, şol däp-dessurlar hem üýtgewsizdir, ýoýulmaly däldir diýlip düşünilipdir. Emma döwletiň kemala gelmegi bilen bu ýerde käbir zatlar üýtgeýär. Erkli hem özdiýenli şahsyýetler öňe çykýar we öz erkini döwlet görnüşinde aňladýarlar.
Döwlet – ruhy bitewüligiň real-syýasy jähetde amala aşyrylmagydyr. Döwlet arkaly adamlar jemgyýetçilik hajatlaryny amala aşyrýarlar. Men şu ýerde bir deňeşdirme getirmekçi bolýaryn: adamlar tebigy amatsyzlyklardan goranmak üçin egin-eşik, jaý we ş.m.-leri edinýärler. Edil şonuň ýaly, olar taryhy amatsyzlyklardan goranmak üçin döwlet döredýärler. Çünki taryhyň ýowuzlygy tebigatyň ýowuzlygyndan asla-da pes däldir.
Şeýlelikde, adamyň «meni» örän köp beýleki pursatlar bilen içgin baglanyşyklydyr. «Mene» diňe durmuşyň okgunlylygynyň jähetinde seretmek gerek. Adam «meniniň» kemala gelşinde iki tapgyry bellemek mümkin:
1. Adam özüniň özgelerden tapawudyna göz ýetirýär.
2. Adam özüniň dünýäniň bir bölegidigine akyl ýetirýär.
Türkmenlerde şahsyýet hemişe milletiň bir indiwidual gözgüsi bolupdyr.
Soňky üç asyr geçenden soň biz ýene ruhy gymmatlyklaryň ileri tutulýan zamanyna gaýdyp gelýäris. Biz ýene ruhuň ähli zadyň esasynda ýatýandygyny ykrar etmäge dolanýarys. Türkmeniň ruhy bitewüligi adam «meniniň» täzeçe açylmagyna, onda ruhanalygyň esasy sypat bolmagyna getirer.
Osman ÖDE.
Filosofiýa