10:10 Gurbannazaryñ maslahatyna eýerip... | |
GURBANNAZARYÑ MASLAHATYNA EÝERIP...
Ýatlamalar
Bu ýatlama ýazgylaryma biraz öňräkden başlamaly boljak. Aslynda-ha, «Meniň haçandyr birwagtlar goşgy ýazanlygym-ýazmanlygym kime gerekmiş» diýip, ençe ýyllap ýaýdanybam gezdim. Galyberse-de, türkmen iňňän şahyrana halk. Ömrümizde, iň bolmanda, bir goşgy ýazmadygymyz az-az bolsun gerek. Atalarymyzyň aýdyşy ýaly, «Uzyn sözüň gysgasy ýagşy». 1953-nji ýylyň tomsunda Aşgabada göçüp geldik. Paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdebiň 6-njy synpynda okap başladym. Mekdebimiziň Annaberdi Agabaýew atly ýiti zehinli pionerwožatysy bardy. Ol goşgam ýazýardy, habarlaram. Ýazanlary gündelik gazetlerde häli-şindi çap ediler durardy. Ol täze goşgularyny bize her gün diýen ýaly okap bererdi. Olaryň käbirlerini şolbada ýat tutardyk. Bir gün Annaberdi okaýan otagymyza girdi-de: «Aşgabadyň Pionerler köşgünde ýaş şahyrlar gurnagy işleýär, araňyzda şoňa gatnaşmaga höwesekleriňiz bar bolsa, gurnaga adyňyzy ýazdyraýyn» diýdi. Men göwünjeň razylaşdym. Sebäbi şol mahallar men çagalaryň durmuşyndan her gün birki bent goşgujyklary ýazan bolup ýördüm. Agşam ýazardym-da, ertesi irden markasyz (tölegsiz) bukja salyp, çagalar gazeti «Mydam taýýara» ýollardym. Men goşgy ýollan günümden iki gün geçirip, gazet satylýan dükança ylgap barardym-da, «Mydam taýýaryň» bada üç-dört sanysyny satyn alardym. Göwnüme, gazetiň birinde bolmasa, beýlekisinde meniň öňňinki ýollan goşgym çap ediläýjek ýalydy. Şol mahallar menden başga goşgy ýazýan okuwçy bardyram öýtmeýärdim. Emma okuwçylaryň goşgulary gazetde çap edilibem durdy. Olaryň arasynda meniň ýollan goşgularym welin ýokdy. Aradan üç-dört gün geçip-geçmänem gazetden jogap haty gelerdi. Onda-da bary-ýogy ikije jümle bardy: «Hudaýberdi, goşgularyňy aldyk, çeperçiliginiň gowşakdygy üçin olary peýdalanyp bilmedik! Ýazyp dur!». «Ýoldaş mugallym, «goşgynyň çeperçiligi» diýlende, näme diýildigi bolýar?!» diýip, edebiýat mugallymymyz Çopan Annaýarowdan soradym. Olam: «Sen Gara Seýitliýewiň, Rehmet Seýidowyň, Kerim Gurbannepesowyň goşgular kitaplaryny gaýtalap-gaýtalap okaber-okaber, ahyr bir gün goşgynyň çeperçiliginiň nämedigine düşünersiň» diýdi. Kitaplara ýapyşdym, gije-gündiz okap, ençeme goşgulary ýadam tutdum. Soň: «Indi-hä bolaýandyr-da» diýip, bir agşamda bir zarbada iki-üç goşgyny ýazyp, «Mydam taýýara» ýolladym. Bir hepde geçip-geçmänem tanyşja bukja gelip gowuşdy. Açyp görsem, «Goşgularyň çeperçiligi...». Şol öňküje jogap-da. «Bermezek Taňrydan irmezek awçy alar» nakyly çyn ekeni. Gelip-gelip, 1957-nji ýylyň Mart aýynyň 8-inde «Mydam taýýarda» «Eneme» atly iki bent goşgym çap ediläýdi. Özem gazetiň şol sanynyň Halkara zenanlar güni baýramçylygyna bagyşlanýanlygy üçin, birinji sahypadan beripdirler. Baý-baý-ow, şol gün özümi atly şahyrlardan pes göremok-da. Garaz, şundan soň meniň ýene-de on ýyla golaý wagta çeken «şahyrçylyk döwrüm» başlandy gidiberdi. Onýyllygy tamamlap, Magtymguly (şol mahalky M.Gorkiý) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap başladym. Bir otagda bileje okaýan talyp dostlarymam Gurbannazar Ezizow, Hojanepes Meläýew, Gowşut Şamyýew, Atajan Taganow ýaly, eýýäm dört-bäş ýyldan bäri redaksiýalara gatnap, döredijilik bilen içgin meşgullanyp ýören zehinler. Halypalarymyzam Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Ruhy Alyýew, Gumman Saryýew, Gylyç Mülliýew, Öde Abdyllaýew... ýaly ylym ugrunyň läheňleri. Soňky synplarda okaýarkak, Halyl Kulyýew, Kakajan Durdyýew, Kakajan Ataýew, Kakajan Babaýew ýaly uniwersiteti gowy bahalar bilen tamamlan ýaş mugallymlaram bize sapak berýärdi. Täze ýazan goşgularyňy diňlejeklerem, baha berjeklerem bardy. Zehiniň Hakdan berlen bolsa, döretmäge, özüňi görkezmäge Alynyň ala meýdany-ha bardy. Biz okaýardyk, goşgam okaşýardyk, edebi agşamlary-da geçirýärdik, jedelleşýärdigem. Käteler jedelleşmelerimizde öterägem geçýän, göwne degişýän, iki-üç günläp salamlaşmaýan mahallarymyzam bardy. Şunuň ýaly-da, biziň edebi jedellerimize Öde Abdyllaýew, Halyl Kulyýew, Nazar Gullaýew... dagy çynlakaý goşulardy. Olar düýnki okalyp, jedelleşilen goşgular babatynda «Ýüz görüp, gapyrga syrman», ynandyryjy deliller bilen edebi sapak bererdiler. Düýnki jedelleşikde öýkeleşenler elleşip ýaraşardylar. Şunuň ýaly jedelleşiklerde Gurbannazaryň biçak köp okanlygy, okaýanlygy äşgär görner durardy. Magtymgulynyň, Mollanepesiň Puşkiniň, Lermontowyň, Geýnäniň, Baýronyň, Ýeseniniň, Gara Seýitliýewiň... goşgularyny türkmen, rus dillerinde ýatdan labyzly okar oturardy. Ol gadymy Gündogar edebiýatynam gaty gowy bilýärdi. Biz onuň ýatkeşligine haýranlar galýardyk. Käteler biz Gurbannazardan: «Sen munça goşgyny ýat tutup, näme, şolar bilen konsert beresiň gelýärmi, sen artistmi ýa-da şahyr?!» diýip sorardyk. Ol bu sowalymyza hezil edip gülerdi-de: «Aý, pekgejikler (Ol eý görýän, häli-şindi degşip-gülşüp ýören dostlaryna şeýle ýüzlenerdi — H.D) diýsänim, goşgy ýat tutmagam döredijilik ahbetin! Özüňden öňki çyn zehinleriň näderejede gowy ýazýanyna göz ýetirmänem, şahyr bolup bormy!? Özüňiň kimdigiňi diňe hemişe ökdeleri okap ýörseň bilersiň-ä» diýip jogap gaýtarardy. Dogrusyny aýtsam, Gurbannazar dostumyzyň islendik derejedäki dörediji adam üçin müdimilik endige öwrüläýmeli «Hemişe okamaly» diýýänine şol mahallaram, biraz soňraklaram çynlakaý üns bermändiris. Indi-indiler görüp otursak, hakyky döredijilik beýle biperwaýlygy, bigäneligi bagyşlamajak eken. Wagtyň geçmegi bilen, şygyr sungaty diňe täk özüne «köňül bermändigiň» üçin, senden ýüz öwrüp gidiberjek, soňra asyl-asyl bolup, «synyndan ýapyşyp» ýatsaňam, saňa wepa bermejek eken. Mysal gerekmi?! Ine! Uniwersitetde okan ilkinji ýyllarym her iki-üç aýdan birlän-ikilän goşgujyklarym gündelik metbugatda çap bolar durardy. Köpräk ýazybermäge kän bir ilgezigem däldim. Okuwyň soňky ýyllarynda çagalara niýetlenen goşgulary köpräk ýazyp ugradym. Göwnüme bolmasa, çagalar üçin goşgy ýazmak maňa aňsat düşýän ýalydy. Gazet-žurnallarda çagalara niýetlenen goşgularym ýygy-ýygydan çap bolup ugrady. Uniwersiteti tamamlanymyzdan soň, men-ä şol mahalky «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» (häzirki «Zenan kalby») žurnalynda işe başladym. Gurbannazar bolsa «Mydam taýýar» gazetinde, Hojanepesem türkmen radiosynda, Gowşudam şäheriň orta mekdebinde işe durdy. Gurbannazar ikimiziň işe duran redaksiýalarymyz bir binanyň içindedi. «Bolsady» ekeniňde-de, munça bolar öýdemizok. Iki dost bolup bir dälizden girip-çykyp, goşgy okaşyp, degşip-gülşüp, işleşip ýörüs. Işe başlan badyma-da çagalar üçin ýazan goşgularymy toplap, «Täsin doktor» ady bilen «Türkmenistan» neşirýatyna tabşyrdym. Bagtyma, meşhur çagalar şahyrlarymyz Kaýum Taňrygulyýewiň, Aky Baýmyradowyň hemaýatlary bilen, meniň ilkinji hem iň soňky goşgular kitapçam şol ýylyň ahyrlarynda çap ediläýdi. Baý-baý, şonda dagy begenäýşimi diýseňizläň! Eýýämden kitaply-dagyly şahyrmyşym-da. Göräýmäge, birbada öz-özüňe göwnüň ýetmezçe-de däl-ä. Men golýazmamy maşynkada üç nusgada taýýarladym-da, Gurbannazara gowşurdym. «Okajak adamlary özüň gör! Ýumuş görme-de, maslahatyň hödürnamasynam öz eliň bilenjik ýazyp ber!» diýibem haýyş etdim. Göräýmäge, meniň ikinji kitaply, gurama agza bolmak meselelerim çözülip barýan ýalydy. Aradan bäş-on gün geçdi. Bir gün arakesme mahaly Gurbannazar ýanyma geldi-de: «Ýör, dost jan, hol bagyň kölegesinde oturyp, arkaýyn gürleşeli, kitabyň hakda-da pikip alşaly!» diýdi. Göwnüme bolmasa, ol birhili aladaly, aljyraňňy görünýärdi. Şeýle ýagdaýlarda onuň mawy gözlerini çalt-çaltdan gyrpyldatmak gylygy bardy. Heniz oturjak ýerimize ýetip-ýetmänkäk, men oňa sowal berdim: «Kitapçany özüň beri okap gördüňmi?». Ol oturgyçda mäkäm ornaşyp, sesini çykarmady. Menden ýüzüni sowubrak dymyp otyr. Ahyram men oňa: «Sen näme diýjek bolsaň, arkaýyn aýdybersene, biri-birimizi şu gün tanamaly däl-ä!» diýdim. Gurbannazar ýüzüme dikanlap seretdi-de: «Aýdanlarymy gaty görmersiň gerek?» diýip, goşarymdan tutup, çyny bilen sorady. Menem, hemişekilerim ýaly, degişmä saldym: «Gaty görsem, turar giderin-dä, soň, ýanyma özüň gelýäň-ä» diýdim. Ol ýüz keşbini has-da goýraslandyryp: «Sen şu aýtjaklarymy gaty görmesene, dost jan, men seniň aladaňy edýän-ä!» diýdi. Men onuň maňa juda bir möhüm pikiri aýtmak isleýändigini, munuňam oňa şeýle kyn düşýändigini aňdym. Ol hemişe çynlakaý gürrüňlere gümra bolanda edişi ýaly, mawy gözlerini çalt-çaltdan gyrpyldadyp, şeýle diýdi: «Hudaýberdi, dost jan, golýazmaňdaky goşgularyňy okap çykdym! Öňki sowgat beren «Täsin doktoryňy» täzedenem bir gezek okadym. Gel, ikimiz bir zady şertleşeli, häzir etjek gürrüňim täze kitabyň maslahaty, oňa ýazyljak öwgüli hödürnama hakda däl-de, goşgularyň babatda bolar. Isleseň, täze kitabyňy çap etmek baradaky hödürnamany hut şu günüň özünde ýazyp, şygryýet bölüminiň komissiýasynyň ähli agzalaryna gol çekdiribem bereýin. Ýöne, dost jan, seniň iki kitabyňdaky goşgularyň köpüsi hakyky goşgy däl-dä! Dogry, olaryň kapyýalaram, rifmalaram ýerinde, manylaram ýok däl. Göräýmäge, olar goşgam ýaly. Aglaba okyjylar olaryň goşgy däldigini bilmezlerem, ünsem bermezler. Ýöne hakyky goşgularda kapyýadan, rifmadan, sazlaşykdan, gowulygy ündeýän pikirden başga-da, wah, saňa nädip düşündirsemkäm, söz bilen düşündirip bolmaýan sap duýgy bilen aňylýan bir zadam bar-da. Hakyky goşgy, şirin saz ýaly, duýgularyňa, aňyňa, ýüregiňe täsir etmeli. Akylly, göwnejaý pikirleri alymlaram tapýar-a, ýöne olar şol ajaýyp pikirlerini goşga saljak bolup duranoklar-a. Seniň köp goşgularyň setir bilen beýan edilen gazet habaryna meňzeýär. Beýle goşgular gazetlerde her gün çap edilibem dur. Hatda käbir atly şahyrlarymyzam şeýle gowşak goşgularyny çap etdirişip ýörler. Olar şeýle goşgulary bilen Jambylyň ýaşynda-da şahyr bolup bilmezler. Olar döredijilik azabynyň, döredijilik lezzetiniň nämedigini bilmänem, bu dünýeden geçip giderler. Men bileje okan, her gün duz-emek bolşup ýören dostumyň, diýmek, seniň şolar ýaly şahyr bolmagyňy islämok. Meniňçe, näme aýtjakdygyňy anyk bilmeýändigiň üçin, wakalary teswirläp, gowşak goşgy ýazmak gowy goşgy ýazmakdan müň esse kynmykanam öýdýän. Sen neşirýata eltilmeli hödürnamaň hakda gaýgy edibem oturma! Men saňa ony islän günüň ýazyp bererin». Ol öz aýdýanlaryny meniň dykgatly diňleýändigimi, öýke etmeýändigimi biçak synçylygy, jöwher akyly bilen aňdy hem-de goşgyny şeýle ýazmaly däldigim, heniz müňler-çe kitaplaryň gatlaryny açmalydygym, hakyky goşgularyň, iň bolmanda, nähili döreýändigini bilmelidigim... hakynda ýene-de tas bir sagatlap dagy söhbet etdi. Ol, birdenem, has möhüm pikiri aýtmakçydygyny duýdurýan ýaly, goşarymdan yhlas bilen penjeläp tutup durşuna: «Belki, sen galamgärlikde, kyssada özüňi synap görersiň! Sen düşünýäň-ä, oňarmaýan işiňe ýapyşsaň, uly görgä galyp ýörýäň. Goşgy ýazjak bolup, galan ömrüňde hem özüňi, hem okyjylary azara goýup ýörmek nämäňe gerek?!» diýdi. Ol hernäçe tolgunsa-da, meniň şu zeýilli goşgulary ýazmaly däldigimi, hakyky goşgularyň düşündirip bolmaýan, diňe kalbyň bilen duýup bolýan ylahy bir güýjüniň bolmalydygyny, özüne hernäçe kyn düşenem bolsa, aňyma ýetirdi. Gönimden gelsem, şol mahala çenli tas on ýyl gowrak wagt bäri goşgy ýazyp, gündelik gazetlerde çap etdirip ýörenem bolsam, ilkinji kitapçam okyjylara ýetirilen bolsa-da, ýazanlarymyň Gurbannazar Ezizow, Gowşut Şamyýew, Italmaz Nuryýew... ýaly galamdaşlarymyň ajaýyp goşgularyndan pesräkdigini özümem aňman duramokdym. Ýöne çagalykdan şeýle höwes eden pişäňden el çekäýmegem aňsat däl-dä. Islendik döredijilik işiniň, birhili, göze görünmeýän jadysam bar-da. Göwnüňe, goşgudan çala başyň çyksa, Kerim halypa ýaly ýazyberjege-de, aýdymdan-sazdan çala habarly bolsaň, Magtymguly aganyň, Sahy aganyň hörpünde aýdym aýdyberjege-de meňzäberýäň. «Özüni bilen — weli» diýýändir türkmen. Her kim özüni bilenliginde, meniň pikirimçe, bu ýalançynyň gyzygam bolmazdy. Elbetde, bu durmuşyň öz üýtgewsiz, göze görünmeýän kadalaram bar. Başyň çykmaýan pişä baş goşup, töwerek-daşyňy bizar edip ýörseň, iru-giç oturmalyja orunjygyňy görkezäýjeklerem tapylaýýar. Gep şol «ýeriň» öz wagtyndarak görkezilenliginde. Hawa, şol gezek Gurbannazar meniň şygryýet «meýdanynda» ornumyň ýokdugyny açyk aýtdy. Onuň aýdanlary ençeme günläp gulagymdan gitmedi. Güň bolan ýaly, içimi hümledip ýörün. Iň ýaman ýerem, meniň «Atalarymyzyň ýaşlygy» atly kitapçam «Türkmenistan» neşirýatynyň şol ýylky maksatnamasyna girizilipdi. Şol maksatnama-da aýratyn kitapça görnüşinde çap edilipdi. Onda meýilleşdirilýän eserleriň gysgaça mazmuny berlip, çykmaly kitaplaryň nusgasyny (tiražyny) kesgitlemek üçin kitap dükanlaryna ýaýradylypdy. Kaýum aga-da: «Ýazyjylar guramasyndan geçir-de, getir-dä golýazmalaryňy, çapa ýollaly. Il-ä kitabyny maksatnama goşduryp bilenok. Senem hödürnamany wagtynda getireňok!» diýip, günübirin jaň edip dur. Indi ber-dä habaryňy. Kaýum aganyňkam dogrudy. Ol neşirýatda çagalar edebiýaty bölüminiň müdiridi. Ol-a maňa hemaýat edýärdi, menem ony neşirýatyň ýolbaşçysynyň öňünde käýinje goýýardym. Ýagdaýym şeýle kynam bolsa, men hakykata gol ýapanymy kem görmedim. Gurbannazardan golýazmalarymy yzyna aldym. Goşgy ýazmamam 1965-nji ýylyň ahyrlarynda ymyklyja goýbolsun etdim. Maňa beýdäýmegiň beýle bir aňsat düşmändigini aýdaýyn. Ussat şahyrlaryň goşgular kitaplarynyň ençemesini okap, olaryň iň gowularyny ýat bekläp, ýene-de galama ýapyşyp, bäş-alty goşgy ýazyp görýän. Bolanok-da. Boljaga-da meňzänok. Ussatlary okadygymça, özümden göwnüm geçip, Gurbannazaryň aýdanlary barha hakykat bolup barýar. Edil şol günlerem «Edebiýat we sungat» gazetinde Gurbannazaryň «Şahyr. Okyjy. Talap» atly makalasy peýda boldy. Makalanyň başraklarynda ol şeýle ýazypdyr: «Uniwersitetiň filologiýa fakultetini tamamlan her bir talybyň goşgy ýazmaga ukyplydygyna her bir edebi işgär oňat göz ýetirendir. Olar setirleri akdyryp bilýärler, käbir ýerlerde täze-täze örän owadan rifmalary hem işledýärler, iň esasy zadam, garşy çykylyp bolmajak juda dogry pikirleri ündeýärler. Emma şu tetelli poeziýanyň juda dogry pikirleri artygy bilen ulanýandygy sebäpli, nädogrudygyny biz köphalatda unudýarys». Onuň meniň bilen şygryýet babatynda eden gürrüňleri makalanyň içinden eriş-argaç bolup geçýärdi. Çünki şol mahallaram, edil şu günlerdäki ýaly, Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, men ýaly «Özün bilmeý kyn söwdaýa sataşyp» ýörenler gaty kändi. Men makalany okap, onuň ýanyna ylgadym. Ajaýyp makalasy bilen gutladym. «Tankyt edýänleriň arasyna menem goşaýmaly ekeniň, gaty görmezdim!» diýdim. Ol aşa tolgunyp, meniň ellerimi mähir bilen gysyp durşuna: «Dost jan, sen meniň aýdanlarymy, dogrudanam, gaty görmediňmi?» diýip, çyny bilen sorady. «Hakykaty kim aýdanda näme? Sen aýtmasaňam, şu ýazyşym bilen şahyr däldigimi ahyr bir gün biri aýdardy ahyryn. Batyrgaý pikir aýdyp bilýän diňe täk özüňdirin öýdýäňmi?» diýdim. Degişmäm ýerine düşdi. Ol ýognas sesi bilen hezil edip güldi-de: «Sagja bol, dost jan, men sen öýkelänsiň öýdüp, gaýga galyp ýördüm, indi ynjalaýdym!» diýdi. Şeýle ýagdaýdan soňra men «Umytly guş Käbä ýetmiş» nakylyna, Magtymguly atamyzyň: Yhlas bilen bir kämilge gol bergen, Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz diýen paýhasyna eýerip, edebiýatyň kyssa žanryna geçdim. Elbetde, öňem çaklaňja hekaýalarymyň birnäçesini gazet-žurnallarda çap etdiripdim. Emma şygyrdan geçip, kyssa bütinleý «köňül» bermändim. Merkezi kitaphanadan, galamdaş dostlarymyň öýünden L.N.Tolstoýyň 16, N.W.Gogolyň 5, A.P.Çehowyň 4, M.Gorkiniň 14, M.A.Şolohowyň 4 jiltlik türkmen diline terjime edilen eserlerini, Ç.Aýtmatowyň türkmen dilinde çap edilen kitaplaryny alyp, basa oturyp, çynym bilen okamaga girişdim. Okadygymça-da, tankytçylar aýtmyşlaýyn «edebiýat meýdanyna» düýbünden diýen ýaly taýýarlyksyz gelenimi aňyp ugradym. Kyssada haçan, näme hakda, nädip ýazmalydygam aňyma ornaşyp başlady. Şol döwürlerde meniň Gurbannazar, Gowşut, Italmaz, Saýlaw Myrat...dagy bilen oturyşyklarda eden söhbetdeşliklerimde esasy gürrüňim okan kitaplarymdan alan täsirlerim hakda bolupdyr. Çünki bir gün redaksiýamyzyň uly howlusynyň öňünde Gurbannazara gabat gelemde, ol meniň elimi gysyp durşuna: «Dost jan, öten agşam Italmazlarda Tolstoýyň «Uruş we parahatçylygyndan», Şolohowyň «Göterilen tarpyndan» okan ýerleriňi ýatdan aýdyp bereniňi haladym. Sözme-söz ýatlan ýerleriňem bar. Şeýle içgin okamagyň saňa kömek etjek ýerleri kändir, ynha, indi ýazaňda, munuň şeýledigine özüňem göz ýetirersiň» diýdi. 1970-nji ýylyň başynda Türkmenistan Ýazyjylar birleşmesi, «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan» gazeti) gazeti edebi eserler boýunça bäsleşik yglan etdi. Apreliň ortalarynda bäsleşikleriň jemi jemlenende, meniň «Baky Nazarow günäkär däl» atly hekaýam Ýazyjylar birleşmesiniň geçiren bäsleşiginde-de, gazetiňkide-de 2-nji baýraga (iki bäsleşikde-de 1-njilik hiç kime berilmedi) mynasyp boldy. Bu döwürde men «Ýaş kommunist» gazetinde redaktoryň orunbasary wezipesinde işleýärdim. Bäsleşikleriň jemi hakdaky habar gazetlerde çap edilen gününiň ertesi irden Gurbannazar iş ýerime jaň etdi, begençli tolgunyp durşuna: «Gutlaýan, dost! Kyssada ilkinji ädimleriň şowly. Üçünji baýrak alan bolsaň, duşamda gutlardym. Emma ikinji baýrak eýýäm uly üstünlik. Kyssa geçip, utan bolmagyňam ahmal» diýdi. ...Şu waka hem, düýn bolup geçen ýaly, takyk ýadymda galypdyr. 1975-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň jaýynda ir sagat 10-da ýaş şahyrlaryň Bütinsoýuz poeziýa festiwaly açyldy. Açylyş dabarasy bir sagatdan tamamlandy. Festiwala gatnaşyjylary jaýyň öňündäki meýdançada duran awtobusa münmäge çagyrdylar, festiwalyň şol mahalky Timirýazow köçesindäki ýaňy açylan «Aýna» restoranynyň Botanika bagy tarapyndaky giň foýesinde dowam etdiriljekdigini aýtdylar. Men, öň Ýaşlar guramasynyň Merkezi edarasynda berk tabşyryk berlişi ýaly, redaksiýada, gerek bolsa, gije-gündizläp oturyp, festiwala gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen diline terjime edilen goşgularynyň ýaşlar gazetinde çap edilmegine, gazetiň bir nusgasynyň awtorlara gowşurylmagyna jogap bermelidim. Olaryň goşgulary bolsa Ýazyjylar birleşiginiň poeziýa boýunça konsultanty Gurbanazar tarapyndan festiwaldan tas bir aý öň taýýar edilipdi. Awtobusa münýän ýaşlara gözegçilik edýän Gurbannazar: «Dost jan, sen meni «Aýna» elt-de, soň işiňe git, barýançak gümür-ýamyr edişeris. Mende saňa gaty ullakan, heniz, megerem, türkmen ýazyjysynyň birine-de berilmedik ullakan sowgat bar. Ony festiwaldan soň ikijigimiz restoranda oturyp, gowja belläris, bu sowgat şeýdeniňe juda-juda degýändir» diýdi. Maşyna giren badymyza, ol sumkasyndan çykaryp, çaklaňja bir kitaby elime tutdurdy. Bu kitap dünýä belli ýazyjy Mihail Şolohowyň «Olar Watan üçin söweşipdiler» powestiniň, «Adamyň ykbaly hekaýasynyň» awtoryň goly çekilen kitabydy. Ony Gurbannazara festiwala gelen rostowly şahyrlar sowgat eden eken. Hawa, şeýlelikde, goşgy ýazmamy goýanam bolsam, çyn ýürekden göwün berenimden — döredijilikden gidip bilmedim. Hekaýalar, powestler, romanlar ýazyldy. Kitaplar çap edildi. Şonda-da, özüm-ä alan galam bardyr öýdemok. Özüňden ökdeleri okaýaň, şolarça ýazybilmeýäniňi aňyp, öz-özüňi çeýnäp ýörsüň. Olary okaman-a oňup bileňok. Okasaňam, öz ýetmezleriň açylyp gidip otyr. Çyda-da çydabilseň. Uly edebiýatçy W.Belinskiý: «Paýhas şahsyýetden uludyr» diýipdir. Şunda ol halk paýhasyny göz öňünde tutýar. Halkyň içinde seniň ýazanyňy, aýdan aýdymyňy, çalan sazyňy çigitläp oturanlar bar. Sähel galplyk etseň, biri görmese, beýlekisi görer, aňar. Guýmagursak zehinli ýazyjymyz Hudaýberdi Durdyýew aýtmyşlaýyn: «Kemally bolmagyň ejri kän, bikemal bolmagyň ejri ondanam kän». Islendik sungat saňa hunaba baryny ýuwutdyrman baş beräýenok. Döreden zadyň gowşak bolsa, adyňdan soň tersotur goýup ýazýan derejeleriňem saňa nepi degmez. Gowy eserem on iki süňňüňi müň gezek sökmän döräýmez. Soňraky ýyllarda gündelik gazetlerde işlän döwürlerimde Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Sapargeldi Annasähedow... ýaly halypalar bilen ençeme ýyllap duz-emek bolşan ýyllarymda men hakyky döredijiligiň nämedigine, kämilligiň çäginiň ýokdugyna düşünip ugradym. Has dogrusy, talapkär halypalarymyň gyzykly döredijilik söhbetleri maňa bahasyna ýetip bolmajak edebi sapaklar boldy. Men her bir setiriň, çeper sözüň bogun ýaryp çykýanlygyna, Gurbannazaryň maňa tüýs jaý wagtynda gowy maslahat berendigine göz ýetirdim. Hawa, goşgy ýazmamy goýanymdan soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda meniň kyssa eserler kitabymyň 15-si (9-sy ylmy-fantastiki powestler, (5-si türkmen, 4-si rus dilinde), 2 roman, 1 halypalar hakdaky ýatlamalar, 4 hem publisistika) okyjylara ýetirildi. 1985-nji ýylda maňa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at berildi. Häzirki günlerde ençeme ýyllap ýöreden gündeligimi çapa taýýarlap ýörün. Döredijilik kanagatlylygy heniz kemterräk: öňräkki ýyllarda wakalary aňyňda kemsiz bişirilen, ýazaýmaly eseriňi wagtynda basa oturypjyk ýazaýmandygyň ökünji köseýär. Ylham diýilýän närse-de seniň öz seýislän atyň däl, senden ýüz tapmasa, ýüz berjegiňkä tarap uçýar gidiberýär. Garaz, döredijilik işi aňsat pişe-hä däl. Çeper döredijiligiň hupbatlary hakynda bolsa Gurbannazar öwran-öwran aýdyp gidipdir. Biz herimiz — özümiziň zergärmiz, Mydam özümizi ýonup ýörmeli. Bu dünýäde iň eşretli sütemdir, Million setir okap, bir setir goýmak. Öz-özümi iýmän saklanýan zordan, Hakydaňda bolsa şol eýmenç sözler. —Ýeri, ýazmak kärin tapdyň nireden, Näme diýerkäler, näme diýerler? Elbetde, döredijilik azabynyň bolşy ýaly, döredijilik bagty-da, şatlygy-da, buýsanjy-da bardyr. Akyldarlaryň biri: «Kitabyňy okan her bir okyjy seniň alan demir galaňdyr» diýipdir. Şahyr öz goşgularyny perzendine deňände, sähelçe-de artdyranok. Her kitabyň çykanda, edil ogluň bolan dek begenýäň. Hudaýa şükür, türkmen hiç mahalam zehine mätäçlik çeken halk däl. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň merdana halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Sapar Öräýew, Baýram Jütdiýew, Atajan Tagan, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Gowşutgeldi Daňatarow, Sona Ýazowa, Agageldi Allanazarow, Kömek Kulyýew, Gurbannazar Orazgulyýew, Ahmet Halmyradow... ýaly ýazyjy-şahyrlarymyz ajaýyp döwrümiziň waspyny ýetirip, öz döredijilik harmanlarynyň dokdäne çäjine guwanyp ýaşap ýörler. Döredijilik hupbatyndan gaçman, «setir okap, bir setir goýmagyň» aladasy bilen ýaşasalar, ylham jylawyny sypdyrmasalar, Arkadag Prezidentimiziň bagtyýarlyk zamanasynda edebiýatymyza zehinli edebi tolkun bolup gelen Kakamyrat Rejebow, Seýitmyrat Geldiýew, Gülşirin Hanowa, Leýli Gurbanowa, Aýgül Garaýewa, Laçyn Pürjäýewa... ýaly zehinli ýaşlarymyzyňam halypalyga ýetjekdikleri şu günlerki ýeten edebi kämilliklerinden äşgär görünýär. Men bu makala-ýatlamamy hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň şu ýylyň aprel aýynyň 19-yndaky sanyndaky «Bu bir iş wagtydyr özüň ýitirme» atly giňişleýin makalamy Arkadag Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluny dikeltmek, zehinli ýaşlara giň ýol açmak, goldaw, maslahat bermek baradaky möhüm tabşyryklaryna jogap hökmünde ýazdym. Makalamyň soňunda çeper eser ýazmaga ýaňy girişen ýaşlara Gurbannazar Ezizowyň şu ajaýyp sargydyny, çeper söz hakdaky ajaýyp goşgusyny ýetiresim gelýär. «Goşgy, eser ýazjak bolup, onam döwrüň, okyjylaryň talaplarynyň derejesinde ýazyp bilmän, galan ömrüňde hem özüňi, hem okyjylary, hem neşirçileri azara goýup ýörmek nämäňe gerek!?». SÖZ Sözüň agramyny ölçemez tonna, Ölçemez güýjüni million kilowatt. Söz — ýalaňaç pikire gyrmyzy dondur. Söz bar — kime şapbat, Söz bar — kime bagt. Dünýede iň beýik şypa şolaňky, Şatlygmyzy siňdirýäris şolara. Dünýede iň beýik jepa şolaňky, Hasratymyz siňdirýäris şolara. Söz — bu gazap bilen çakan ýyldyrym. Söz — bu gyz näzidir, dürleň-dürüdir. Başarmasaň — ol öçügsi ýyldyzyň, Başarsaňam — lowlap duran Günüňdir. Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |