GUÝYNYŇ BAŞYNDA
Durduş indi on ýaşyny doldurypdy. Ol özüni obanyň oglanlarynyň arasynda iň güýçlüsi, iň edermeni hasaplaýardy. Öz etmeli işlerini özünden kiçi, ejiz oglanlary ýanyna çagyryp, haýbat atyp, olary gorkuzyp, şolara etdirýärdi. Diýenini etmedikleri bolsa gaýgyrman urýardy.
Bir gün ol obanyň ortasyndaky suwly guýydan iki bedre suw çekip aldy-da, gapdalda goýdy. Soň bolsa guýynyň kerpiçden örülen erňeginde oturyp, oglanlaryň guýudan suw almaga gelerine garaşyp başlady. Onuň tüýs diýeni boldy. Derýa atly oglanjyk taýly bedresini şakyrdadyp, guýa suw almaga geldi. Durduş oturan ýerinden ýüzüni-gözüni çytan bolup, oňa habar gatdy.
– Sen-eý, pyşbaga ýaly bolup, süýrenip ýörme-de, çaltyrak gel.
– Näme bolanmyş! – diýip Durduşyň häsiýetine belet Derýa gorkarak gepledi.
Durduş oňa haýbat atdy.
– Sen-eý, maňa sowal beren bolma. Men seni häzir şu guýa taşlap goýbererin. Onsoň, seniň dadyňa ejeň ýetişermikä, dädeň? Haý, ejem ogly, züwwetdin diýsäni.
– Näme, näme, men saňa degdimmi! – diýip, Derýa oňa per bermejek boldy. Emma Durduş ony sypdyrar ýaly däldi.
– Gepiňi köpeltme-de, meniň suwly bedrelerimi biziň öýmize eltip gel. Özüňem, ýekeje damjasynam ýere damdyraýsaň, menden «paýyňy» alarsyň.
Derýa oňa boýun bolmady.
– Ýok-how, öýmüzde ýekeje damja-da suw ýok. Ejem çaý goýjak bolýar.» Gidişiň bilen gelişiň deň bolsun» diýip sargap-sargap goýberdi.
Durduş onuň kükreginden batly itdi-de, ýumrugyny görkezdi.
– Ine, şuny görýäňmi? Men seniň ejeňem bilmen, dädeňem. Göter bedreleri.
– Göterjek-hä däl-äý!
Durduş daş ýaly ýumrugyny Derýadan aýlap goýberdi. Derýanyň bady birneme peseldi.
– Sen-ow, ejize ganym bolma. Men seni öz doganlaryma aýdaryn. Bilýäňmi, olar seni...
– Bar, bar aýdyber. Bu ýerde seniň doganlaryňdan gorkýan ýok. Men şu obada ýekeje adamdanam gorkamok. Getir, kimiň bolsa, külüni çykaryp goýbereýin.
Derýanyň gözi şol wagt guýa bakan gelýän Patdy aga düşdi. Ol belent ses bilen:
– Goýber-ow, ýogsa Patdy kakama aýdaryn. Ol seniň eýiňi ýetirer – diýip, Durduşyň ýakasyndan ebşitläp tutan berk elini aýrjak bolup, dyrjaşyp durşuna aýdy.
Durduş Patdy agany-da, onuň guýa ýetip gelýänini-de görenokdy. Şonuň üçin ol gaty arkaýyn gürledi.
– Gör onuň Patdy kakasy bar eken-ow. Munuň kakasyna bak-a! Onuň how, Patdy kakasam bar eken-ä. Onuň Patdy kakasyna bak-a! – Ol hasam möwjedi.
– Bar, Patdy kakaň kakasyny getir. Men onuň külüni göge sowuraýyn!..Ýöne çaltyrak göter bedreleri...
Bu sözleri eşidip gelýän Patdy aga guýynyň daşyndan aýlandy-da, Durduşyň çat maňlaýynda dikeldi.
– Ýer-how, batyr! – diýip, ýaşulynyň özüne bakan ýönelenem şoldur, beýle-beýle bolaryna garaşmadyk Durduş gorkusyna suwly guýa jülpüldäp gitdi. Ony guýydan çekip çykarmak Patdy aga iş boldy.
Şondan soň Durduş obanyň ýeke çagasyna-da azar bermedi.
25-nji sentýabr, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty