18:19 Harby ýyllaryñ poemalarynda rus temasy, rus gahrymançylygy | |
HARBY ÝYLLARYÑ POEMALARYNDA RUS TEMASY, RUS GAHRYMANÇYLYGY
Edebiýaty öwreniş
Beýik rus halky Beýik Watançylyk urşunyñ gazaply meýdanynda hem hemme wagtdakysy ýaly, her bir işde öñbaşçy bolşy ýaly, SSSR-iñ ähli halklaryna öñbaşçy bolup, uly doganyñ wezipesini ýerine ýetirdi. Rus halky durnuklylygyñ, sabyrlylygyñ, watançylygyñ taýsyz nusgalaryny görkezdi. Onuñ ýeñilmez erkli gaýduwsyz gahrymançylyklary hemmelere görelde boldy. Rus halky hakda söz açyp, belli ukrain şahyry Mikola Bažan şeýle ýazýar: "Beýik rus halky sowet halklarynyñ ählisine baş bolup barýar. Özleriniñ azat bolmaklaryna, bagtly sosialistik durmuş gurmaklaryna uly doganlary rus halkynyñ nähili bahasyna ýetip bolmajak goşant goşandygyny doganlyk halklar gowy bilýärler. Ol Sowet Soýuzynyñ sostawyna girýän halklaryn arasynda iñ öñde baryjy ýer eýeleýär... Rus işçiler synpy özüniñ dünýäde iñ rewolýusion işçiler synpydygyny doly görkezdi. Rus halky adamzadyñ iñ beýik genisi - Lenini dünýä berdi". ("В братском единстве". Сб. статей, М. 1954, стр. 15). Bu ýöne ýere berlen baha bolman, beýik rus halkynyb tutanýerlikli ulu zähmetine, Watan ugrundaky pidalaryna, döz gelen horluk-azaplaryna berlen mynasyp bahady. Beýik halkyñ, uly doganyñ parasatly, hoşniýetli her bir işine göz aýlanyñda, türkmen şahyry Rehmet Seýidowyñ "Gahryman rus halkyna" goşgusyndaky: Aýdyñ akyl, durnukly hoş häsiýet, Sabyr-kararyña dünýa haýrandyr. Pidadan gaýtmadyñ tutup hoş niýet, Şan-şöhratyñ giñ jahana ýaýrandyr. diýen setirleri bada-bat ýadyña düşýär. Şeýle uly abraýa, mähir-söýgä eýe bolan gahryman halkyñ edermenligi çeper edebiýatyñ hem mynasyp predmeti boldy. Onuñ Beýik Watançylyk urşunyñ gazaply meýdanynda bitiren işleri biziñ şu günlerimize çenli gyzgyn beýanyny tapyp gelýär. Rus halkynyñ gahrymançylykly obrazy ähli sowet edebiýatynda bolşy ýaly, türkmen edebiýatynda hem hut şol ýalynly günlerde-de öz beýanyny tapypdy. Bu tema bagyşlanyp, ownukly-irili söweşjeñ mazmunly goşgulardan başga-da birnäçe poemalar döredildi. B.Kerbabaýewiñ "Aýlar", R.Alyýewiñ "Kapitan Gastello", Gazak Gylyjowyñ "Barlagda", A.Atajanowyñ "Wepaly gyz", B.Seýtäkowyñ "Joralar", R.Seýidowyñ "Goç ýigit söweşde belli", N.Pommanyñ "Kasam", Ş.Kekilowyñ "Dýadýa Iwan", Ý.Nasyrlynyñ "Leýtenantyñ ogly", A.Nyýazowyñ "Partizanlar' ("Maksat"), "Gaýduwsyz batyrlar" ýaly poemalary bize rus halkynyn gahrymançylygyny gürrüñ berýär. Umuman, uruş ýyllarynyń türkmen poeziýasynda, hususan-da poemalarynda rus halkynyñ gahrymançylykly obrazyny döretmäge, ol halk bilen bozulmaz dostlugy suratlandyrmaga köp üns berildi. Bu bolsa çeper edebiýatda dostluk temasynyñ işlenişine aýdyñ mysal bolup durýar. Şu mesele hakda söz açyp, belli edebiýatçt K.Zelinskiý çeper edebiýatda halklar dostlugynyñ beýan edilişiniñ dürli ugurlarynyñ bardygyny delillendirip, şonuñ wajyp ugurlarynyñ biri hem "SSSR halklarynyñ ýazyjylarynyñ eserlerinde rus adamlarynyñ, rus halkynyñ obrazynyñ döredilmegidir". ("В братском единстве", стр 104) diýip belleýär. Beýik rus halky bilen dostluk ähli sowet halkynyñ doganlyk-dostlugynyñ esasydyr. Durmuşdaky şu hakykat grm gyzgynlygy bilen edebiýatda-da beýan edildi. Beýik Watançylyk urşunyñ frontlarynda gahryman rus halkynyñ ýaşulylyk, ýolbaşçylyk roluny oýnaýşy ýaly, onuñ gaýduwsyz ogul-gyzlary watançylygyñ hem edermenligiñ ýokary nusgalaryny görkezdiler. Rus ýigitleriniñ hem gyzlarynyñ uruş meýdanyndaky gahrymançylykly işleri özgeler üçin uly görelde mekdebi boldy. Olaryñ uruş meýdanyndaky adamkärçilikli hereketleri, beýleki halklaryñ ogullary bilen mähirli gatnaşyklary, doganlyk goldawy, ruhubelentligi - bularyñ hemmesi rus halkynyñ uly söýgä, hemmeler tarapyndan hormatlanmagyna kanuny eýe boldy. Uruş ýyllarynyñ türkmen poeziýasynda rus halkynyñ beýik mertebesini wasp etmeklige aýratyn uly üns berildi. Bu, aýratynam, poemalarda şeýle boldy. Ol poemalaryñ köpüsinde gönüden-göni rus gahrymançylygy teswirlendi. Ýokarda agzalan "Kapitan Gastello", "Wepaly gyz" poemalarynda Nikolaý Gastellonyñ, Zoýa Kosmodemýanskaýanyñ edermenligi hakda söhbet açylsa, beýlekilerinde döwrüñ gündelik ýüze çykaran gahrymançylyklary umumylaşdyrylyp, rus adamlarynyñ realistik obrazy döredilýär. Ruhy Alyýewiñ kapitan Gastellonyñ taýsyz watançylygyny suratlandyrýan poemasy hem söweş gahrymanynyñ edermenliginiñ ýurdumyzda aýan bolan wagtlary döredilipdir. Şol döwrüñ köp eserine mahsus bolşy ýaly, bu poema hem gazet materiallary esasynda döräpdir. Onuñ şol işi hem ownuk goşgulardan başlap, iri eserlere çenli material boldy. R.Alyýewiñ poemasynd Gastellonyñ umumy edermenligi wagyz edilýär. Eseriñ başynda şahyr güýçli ritoriki detallar arkaly guwançly wasp edýär. Kapitan Gastellonyñ gulluk biografiýasy diñe Beýik Watançylyk urşundan başlanmaýar. Ol çylşyrymly gulluk hem söweş ýoluny geçip, baý tejribe toplaýar. Kynçylyklara, ýowuz pursatlara duş gelip, mäkäm taplanypdyr. Onuñ ömrüniñ her bir epizody bir poemalyk. Bu dogruda awtor gahrymanynyñ umumy waspyny edýän ýerlerinde-de, onuñ fin urşuna gatnaşyşy hakda gürrüñ berilýän ýerlerinde-de ýatlaýar. Eziz Watanyñ ar-namysy bilen dem alýan gahryman özüniñ şol duýgusyny onuñ başyna iş düşende, praktikada has hem täsirli görkezýär. Şol wagtam kimiñ kimdigi belli bolýar. Bu poemada Gastellonuñ Watançylyk urşuna bola gatnaşygy şeýle setirler bilen başlanýar: Eý, Watan, dönmerin, seniñ ýoluñdan, Enemiñ süýdüni içdim goluñdan, Mukaddes topragym, ýürek guwanjym, Ol meniñ umydym, göwün begenjim. ("Sowet edebiýaty" žurnaly, N"9, 1942 ý) Gastellonyñ aýdýan sözlerine ikirjiñlenmek mümkin däl. Onun watançylyk sözleri bilen görkezen edermenligi biri- birine mäkäm birleşýär. Bu sözleriñ täsirliligi hem şonda. Söz bilen işiñ şu ýerdäki birligini görseñ, onuñ uruşdan öñki göreldeli işlerini, tälim-terbiýesini hem ýatlaýarsyñ. Şeýlelikde, onuñ keşbi okyjynyñ göz öñünde uly bir watançylyk obrazy bolup janlanýar. N.Gastellonyñ gahrymançylygyny ýüze çykaran waka ol hakda eser ýazan ähli awtorlaryñ esasy daýanjy. Goşgularam, hekaýalaram, poemalaram şol meseläniñ daşynda aýlanylýar. R.Alyýewiñ eserinde hem waka şoña syrygýar. Kapitan Gastellonyñ samolýotyna söweş wagty duşman snarýady degýär. Ol hem ýesir düşmejek bolup, iñ soñky demde duşmana ýara salmak üçin olaryñ tirkeşip barýan maşynynyñ üstüne samolýotyny peýläp gaýdýar. Bu uruş ýyllarynyñ ähli dokumentlerinde şeýle ýazylýar. Emma R.Alyýew eserinde ol duşmanyñ benzin bazasyny zaýalan edip görkezilýär. Gördi duşmanlaryñ benzin bazasyn, Kast etdi duşmana soñky jezasyn... Elbetde, gep nämäniñ üstüne gaçyp, nämäni zaýalaýşy hakda däl. Mesele onuñ iñ soñky agyr minutlarda-da, ölüm bilen ýaşaýşyñ ýüzbe-ýüz duran wagty hem özüni ýitirmän, duşmana zelel ýetirip bilşinde. Onuñ ykbaly başda Watanyñ öñünde eden kasamy bilen utgaşykly. Onuñ gaýduwsyzlygy eden kasamyna jogap bolýar. Ol Watanyñ, halkyñ ykbalyny öz ykbalyndan ýokarda goýýanlygyny hiç wagt unutmaýar. Bu iş ýüzünde hem şeýle boldy. Esasy mesele hem, ine, şunda. Urşuñ ilkinji aýlarynda ýüze çykan gahrymançylyklar köp taraplaýyn ähmiýete eýe boldy. Birinjiden, ol watançylar özleriniñ Watan öñündäki graždanlyk borçlaryny ödeseler, ikinjiden, olaryñ edermenligi urşuñ bütin dowamynda terbiýeçilik mekdebi boldy. Onlarça esgerler olaryñ işinden tälim alyp, gahrymançylykly hereketlerini gaýtalaýar. Bu bolsa, üçünjiden, sowet ideologiýasynyñ belentligi, sowet adamlarynyñ sowet gurluşygyna bolan hormatyny görkezdi. Howa laçynlary Talalahiniñ, Haritonowyñ, Gastellonyñ edermenlikleri, ine, şeýle mazmunly boldy. Poemanyñ liriki gahrymany bolan türkmen ýigidiniñ öz watandaşyna guwanyp: Watanym ýaýradýar señ şöhratyñy, Eneler ogluna dakýar adyñy. diýmegi hem şol esasda. Poemanyñ üstünlikli taraplary bilen birlikde, käbir ýetmezçilikleri-de bar. Munuñ şeýle bolmagy eseriñ döwrüñ talabyna görä gysga wagtda ýazylmagyndan gelip çykýar. Munda käbir setirler juda tagaşyksyz. Kä sözler dabaraly äheñ bilen telim gezek gaýtalanýar. Birnäçe ýerlerde kapyýa üns berlip, setirleriñ manysyna seredilmändir. Şeýle kemçilikler köp bolmasa hem, halkyñ söýgüli gahrymanynyñ söweşjeñ, realistik obrazynyñ bitewiligine kem-käs zeper ýetirýär. Ata Atajanowyñ Zoýa Kosmodemýanskaýanyñ söweş biografiýasyny janlandyrýan "Wepaly gyz" liriki poemasy hem şu ýerde ýatlanmaga laýyk gelýär. Şahyr bu poemany 1942-nji ýylda ýazypdyr. Poemada Zoýanyñ gahrymançylykly hereketleri gazet materiallaryndaky faktlar esasynda beýan edilýär. Awtor Zoýanyñ mertligini, durnuklylygyny esasy mesele edip alýar. Şonuñ üsti bilen hem, onuñ gyzgyn watançylygyny kesgitleýär. Poemada gahryman gyzyñ mertligi duşmanyñ wagşyçylykly hereketleriniñ garşysyna goýulýar. Ata Atajanowyñ bu eserinde duşman eline düşmezinden öñki işleri hakda, onuñ uruşdan öñki durmuşy hakda onçakly material ýok. Şeýle hem bolsa (muny awtoryñ özi hem niýet eden bolmasa gerek) onuñ duşman elinde düşenden soñky häsiýeti gahrymanyb alan tälim-terbiýesi hakda okyja ýeterlik düşünje berip bilýär. Eser şeýle motiwde hem ýazylypdyr. Awtor eserde iki güýji: sowet watançylygy bilen faşizmi biri-biriniñ garşysyna goýýar. Sowet watançylygyny, Sowet Soýuzynyñ ýaş graždanynyñ üsti bilen teswirleýär. Zoýanyñ her bir aýdan sözünde, tutanýerliliginde sowet adamlarynyñ faşizme ýigrenji janlanýar. Zoýanyñ nemes ofiserlerine berýän batyrgaý jogaplary, onuñ her näçe gynalsa-da syr bermän, mertlerçe dymmagy sowet adamlarynyñ faşizm bilen barlyşyksyz hereketlerini, oña bolan ýigrenji amala alamatlandyrýar. Şol sebäpli, hem faşizmiñ güjükleri bolan nemes soldatlary janyýangynlylyk bilen bigünä sowet adamlaryna ejir berýärler. Hiç wagt garşylyga uçramak barada pikir etmedik wagşylaryñ jaýlarynyñ partladylmagy, üstlerine ok atylmagy, hatda ýönekeý bir gyz tarapyndan at ýataklarynyñ otlanmagy olar üçin uly urgy bolup görünýär. Bu zatlary olar ullakan namysa galan ýaly kabul edýärler. Şonuñ üçin-de faşistler özlerine bolan şeýle erbet garaýyş üçin Zoýadan ar almak isleýärler: Gele-gelmän ýañky guduzlañ biri, Kükürt çakyp daglaşdyrdy ýesiri. ("Sowet edebiýaty" žurnaly, N"5, 1943) Ine, şu setirlerem faşistleriñ şol ahmyrly häsiýetlerini habar berýär. Näçe gynalsa-da gahryman dymýar. Partizanlar hakda, harby güýç hakda bir söz hem aýdanok. Emma ol sowet halky hakda uly ruhubelentlik bilen jogap berýär. Sowet döwletini, onuñ gahryman goşunynyñ güýjüniñ egsilmezdigini guwanç bilen aýdýar. Bu pikirleri aýdan wagty özüne kuwwat gelýän ýaly duýýar. Şahyr gahrymanynyñ häsiýetinde şeýle pikirleri jemlemek bilen, az setirlerde köp zady düşündirýär. Zoýanyñ obrazynyñ üsti bilen tutuş bir nesliñ alan watançylyk terbiýesini açyp görkezýär. Sowet mekdebiniñ, Lenin komsomolynyñ terbiýeçilikli roluny, olaryñ halkyñ, Watanyñ öñündäki borjy ödeýuşlerini nygtaýar. Bu ýerde sowet halkynyñ biçak mäkäm agzybirligi, onuñ öz polat goşuny bilen birligi hem gyzgyn gatnaşygy aýdyñ ýüze çykýar. Poemanyñ dowamynda faşizmiñ ýüzi gitdikçe doly açylýar. Duşman Zoýany gynap, ondan syr almak üçin dürli tärlere ýüz urýar. Suw soranda, gyzgyn çyra bilen agzynam daglaýarlar. Tenine tagmalaram basýarlar. Olar hiç kimiñ ýadyna düşmejek çärelere baş urýarlar: Minnet çekip jellat ganly elinden Ýöretdi byçgyny gyzyñ bilinden. Bu setirlerdäki aýylganç detallar hem faşizmiñ häsiýetini açyp görkezmäge hyzmat edýär. Bu ýerde adam mertebesi, adam hakdaky düşünje hakda köp zatlary okamak bolýar. A.M.Gorkiý aýtmyşlaýyn, hemişe baş harp bileb ýazylmaly hem ýazylýan Adam faşizmiñ öñünde hiç zatça-da görünmeýär. Milletçilikli, jynsparazlykly düşünjeler bilen beýnisi çişirilen faşist ýalhorlarynyñ wagşyçylykly hereketleri-de şol pikiri tassyklaýar. Öz watanynda, öz ar-namysy üçin göreşýän gyzyñ erkiniñ syndyryljak bolunmagy hem şol sebäpli. Emma Watan hakdaky düşünje gahrymany duşman öñünde müzzermekden halas edýär. Onuñ bedeni barha we barha mäkämleşýär. Göwrümi giñeýär. Ýowuz pursat, duşmana garşy minutsaýyn artýan ýigrenç ony barha haýbatlandyrýar. Duşman jellatlary Zoýa beren dürli jebir-horluklaryny az görüp, ony jemagat öñünde dara çekmegi niýet edýärler. Şol niýet bilen hem ony meýdança getirýärler. Obanyñ bigünä halkyny zorluk bilen bu gabahat işi synlamaga getirýăler. Zoýa bu ýerde hem özüni ýitirmeýär. Ol ölüm bilen ýüzbe-ýüz durka-da öz halkynyñ adyndan ýokary watançylygy beýan edýär. Ol özi hakda bir söz hem aýtman, Watanynyñ, halkynyñ pikirini beýan edýär. Gahrymanynyñ halka ýüzlenip, joşgun bilen aýdan: Şatlanyñ, kuwwatly uruñ itleri, Ýandyryñ, öldüriñ betniýetleri. diýen sözleri we beýleki ş.m. pikirleri okyjynyñ öñünde göreş gimni bolup ýañlanýar. Onuñ ruhuny göterýär. Gahrymana bolan söýgüsini on esse artdyrýar. Çünki gitlerçi garakçylara bolan ýigrenç okyjyda-da, awtorda-da birmeñzeş, olarda bu ýigrenji döwrüñ gündelik wakalary oýardy. Zoý Kosmodemýanskaýanyñ boýny halkaly, dar agajynyñ düýbünde duşmana ýüzlenip aýdan: Eý, siz häzir meni assañyz munda Ertir hökman sizem ölmeli şunda diýen ýalkymly pikiri bütin sowet halkynyñ pikirine birleşdi. Zoýanyñ şol pursatdaky keşbine nazar aýlap, söýmeli hem söýülmeli wagty, süýji arzuwlara hemra bolup, gurmaly, döretmeli wagty dar agajynyñ aşagyna eltilýän ýaş ynsan hakda oýlanýarsyñ. Iñ eziz zadyny - ömrüni Watan üçin gurban edýän uly ýürekli adam hakda oýlanýarsyñ. "Aýakýalañaç öcmejek şöhrata tarap giden gyz" (M.Aliger) hakda pikirlenýäñ. Şol döwürdäki faşizme bolan garaýyş, onuñ tutuşlaýyn ýok boljakdygy baradaky düşünje halklaryñ internasional birligini döretdi. Şu motiw A.Atajanowyñ liriki poemasynda hem Zoýanyñ merdemsi sözleriniñ, synmaz erk-ygtyýarynyñ üsti bilen añladylýar. Poemada Zoýanyñ iñ soñky pursatda aýdan hyjuwly sözleri, faşizme bolan näletli garaýşy kapitan Gastellonyñ ömrüniñ soñky minutlaryndaky hereketi bilen mazmun taýdan örän kybapdaş. Olaryñ ikisiniñ hem ömürleri faşizmiñ pidasy bolýar. Olaryñ şol pursatdaky aýgytly hereketleri progressiw adamzadyñ faşizme bolan protesti bolup görünýär. Ol hereketler köre-körlük bilen, badyhowalyk bilen edilen hereketler däl-de, ýokary düşünjelilik, watansöýüjilik bilen edilen hereketlerdir. Şeýle mazmundaky işleri üçin hen Zoýanyñ-da, Gastellonyñ-da obrazy uly internasionallar hökmünde bütin dünýäniñ progressiw adamlarynyñ çuññur söýgüsini gazandy. Ajaýyp türk şahyry Nazym Hikmetiñ "Zoýa" poemasyndaky gahryman gyza bolan mähirli garaýyş hem ýokarda aýdylanlara kepil geçýär. Belli bolşy ýaly, Zoda Kosmodemýanskaýanyñ gahrymançylygyna bagyşlanan eserleriñ köpüsinde gazet materiallaryna esaslanmak bar. Aýdylýan detallaryñ köpüsi hakykatda bolan faktlar. Munuñ A.Atajanowyñ "Wepaly gyz" eserinde hem şeýle ýagdaýdadygyny öñde aýdypdyk. Şeýle bolansoñ, eserde käbir kemçiliklerem, belli bir derejede awtoryñ şol wagtlardaky tejribesiniñ azlygy, wagtyñ gyssaglylygy hem sebäp bolupdyr. Onuñ rus halkynyñ gahryman gyzyna bolan hormaty barha artypdyr. Şol esasda hem baý tejribe bilen, täze materiallar bilen Zoýa Kosmodemýanskaýa hakda mynasyp eser döretmäge girişýär. Şeýlelikde "Zoýa" poemasy (1964) dünýä inýär. Türkmen halkynyñ rus halkyna bolan doganlyk söýgüsi, onuñ gahrymançylykly işlerini wasp etmek ýaly ýollar Beýik Watançylyk urşy döwrüniñ bütin edebiýatynyñ içinden geçdi. Aýratynam, bu ýagdaý umumy planda ýazylan ownukly-irili poemalara mahsusdyr. Ol eserlerde, köplenjem, partizanlaryñ edermenlikleri, razwedkaçylaryñ gaýduwsyzlyklary, esgerleriñ söweş meýdanyndaky durnukly, dözümli söweş işleri teswirlenýär. Rus halkynyñ gahrymançylykly söweşleri Watançylyk urşunyñ ilkinji günlerinden başlap, bütin ýurdumyzda aýan boldy. Onuñ merdana ogul-gyzlarynyñ - maresýewlere, gastellolara, zoýalara, matrosowlara, panfilowçylara, koşewoýlara... mahsus bolan gyzgyn watançylyklary, durnukly hem çydamly häsiýetleri ähli sowet halky üçin söweş hem watançylyk nusgasy boldy. Şol jähetden hem rus halkynyñ gahrymançylykly obrazy A.Atajanowyñ "Zoýa" poemasynyñ girişinde: Eziz Leninmizi döreden halkyñ Beýik taryhy bar, belent şöhraty. Ajap ogullarnyñ, gyzlarnyñ onuñ Ýaşaýar, hic haçan öçmejek ody. diýip ýazyşy ýaly, hemişelik ýaşaýşa hukukly bolup, türkmen edebiýatyna, türkmen okyjysynyñ kalbyna ornaşdy. Türkmen edebiýatynda şeýle mazmunly eserleriñ döremegi tötänleýin bolman, eýsem-de rus-türkmen dostlugynyñ bozulmazdygyny, mukaddesdigini kepillendirdi. Bu poemalar döwrüñ sesine ýönekeý bir ses goşmak esasynda döremän, türkmen halkynyñ rus adamlaryna bolan gyzgyn hem minnetdarlyk söýgüsi bilen döredi. Rus adamynyñ sabyrly, hoşniýetli häsiýeti, watanperwerligi türkmen halkyna öñden mälimdi. Şol sebäpli hem uruş ýyllarynda material agtaryp, uzaklara gitmek gerek däldi. Aslynda, ol döwürde gahrymany gözläp tapmaly bolmady. Şol döwrüñ adamlarynyñ her biri hakda ýazylmalydy. Ol gahrymanlaryñ uly watançylyk duýgulary, söweşdäki roly görkezilmelidi. Şol günleriñ gazet materiallary-da, sowinformbýuronyñ maglumatlary-da öñki belentligiñ, hormatyñ, söýginiñ üstüne ýeterlik materialdy. Hut şol esasda-da rus adamynyñ türkmen okyjysyna ýakyn bolan obrazyny döretmek mümkindi. Ol şeýle hem boldy. "Watançy garry", "Dýadýa Iwan", "Kasam", "Gaýduwsyz batyrlar", "Joralar" ýaly poemalaryñ döreýşine başgaça garamak mümkin hem däl. Zoýanyñ, kapitan Gastellonyñ, Meresýewiñ gahrymançylyklary sowet edebiýatynda onlarça eserleriñ döremegine sebäp boldy, itergi berdi. Şeýle gahrymançylyklaryñ fondunda türkmen şahyrlary hem rus halky hakynda guwanç bilen batyrgaý sözläp başladylar. Şol sözler hem watançy garry Paweliñ, leýtenant Kostenkonyñ hem gyzyl esgetleriñ (N.Pomma "Watançy garry") çuññur watançylyk sypatlaryny türkmen okyjysyna äşgär etdi. Garry Paweliñ watançylygy onlarça türkmen okyjysynda ýokary watançylyk duýgusyny oýardy. Hüşgärlik, mährem watançylyk her bir sowet adamynyñ hemişelik borjy hem baş duýgusy bolup durýar. Bu häsiýet Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda telim esse artdy, ýitileşdi. Bu meseläniñ şol dartgynly ýyllarda rus adamynyñ obrazy arkaly türkmen edebiýatyna girizilmegi-de tötänden bolman, eýsem Günbatardan gelen uly tupanyñ öñünde öñbaşçy bolup döş geren gaýduwsyz halkyñ hormatynady. Poemada teswir edilýän waka gaýly günlerde taýsyz pidalara uçran watançy pawelleriñ başdan geçirenleriniñ ujypsyz bir bölejigi. Çünki olar agyr hupbatlardan soñ, öz elleri bilen guran sosialistik döwletleriniñ her daban ýerini iñ soñky demlerine çenli goramaga taýyn adamlardy. Muny Pomma eseriñ başynda Paweliñ içgepletmeleri arkaly dogry berýär. Pawel gojalan çaglarynda ýeten bagty üçin, eşretli durmuşy üçin parasatly partiýa, Sowet döwletine ýürekden minnetdar. Şu durmuş, şu toprak üçin hem gurban bolmaga hemişe taýyn. Parasatly gojanyñ şeýle pikirini eşideniñde bada-bat A.Gowşudowyñ "Watan ogly" powestiniñ gahrymany Hal mergeni ýatlaýarsyñ. Olaryñ ikisiniñ hem watançylyk sypatlary juda ýakyn. Pawel hem Hal mergen ýaly şu mukaddes topragy keseki ädiginiñ basgylanmagyna razy däl. Ine, şu häsiýet hem sowet watançylygynyñ düýp özeni. Bu ýagdaýyñ ýaşy gaýdyşan gojalaryñ obrazy arkaly ündelmegi hem Sowet döwlet gurluşynyñ artykmaçlyklaryny nygtamak üçin degerli serişde bolup durýar. Watançy garrynyñ watançylyk sypatlary eserde örän inçelik bilen görkezilýär. Ol awa çykan mahallarynda diñe bir öz awyny peýläp gezmeýär. Ol "Kast bilen zaýalar bossany, mülki" diýip, öñünden çykan wagşy haýwanlary-da, doñuzdyr tilkini-de okdan geçirýär. Şu ýagdaýda hem onuñ bütin awçylyk obrazy simwoliki häsiýete geçýär. Ol gönüden-göni Watan sakçysy bolup çykyş edýär. Ol hemişe duşmanyñ kastynda. Watanyñ üstüne uly howpuñ abanmagy hem onuñ heniz-henizler dünýäde ýabany doñuzlaryñ, mekir tilkileriñ ýaşaýandygy baradaky pikirini tassyklaýar. Ol gojalan çagynda hem Watanyñ çagyryşyna taýyndygyny ýürekden syzdyrýar: Bararyn söweşe merdana durup, Watanmyñ ugrunda döşümi gerip, Gaýtman iñ soñky demime çenli Bu meniñ maksadym, bolmaryn müýnli. Onuñ maksadynyñ halys ýürekdendigiji bolsa tokaýdaky waka doly tassyklaýar. Garry Pawel tokaýda gyzyl esgeriñ eşigini geýnen iki sany duşman içalysy bilen söweş gurup, olary atyp öldürýär. Soñra onuñ aw iti Alfanyñ kömegi hem-de serhetçileriñ tagallasy bilen duşman samolýotyndan düşürilen desantlar hem ýok edilýär. Şol söweşde watançy garrynyñ öz hem ýaralanýar. Bolsa-da garry Pawel gaşyny çytmaýar. Gaýtam ol elinden ölen duşman meýitlerini görüp, has dogumlanýar, hyrçyny dişleýär. Şeýlelikde, az wagtyñ içinde watançy garrynyñ kömegi bilen duşmanyñ güýjüne uly zyýan ýetirilýär. Watanyñ gizlin syrlary goralyp saklanýar. Bu ýerde awtor garry Paweliñ obrazy arkaly araçäkçi esgerleriñ graždan ilaty bilen ýakyndan, ysnyşykly ýagdaýda gatnaşýandyklaryny hem ýüze çykarmagy niýet edinipdir. Leýtenant Kostenkonyñ hem onuñ ýanyndaky esgerleriñ düşbüligi, hüşgärlikleri, rus adamsyna mahsus bolan sada hem hoşgylawlylyklary poemanyñ ideýasyny hasam çuñlaşdyrýar. Olaryñ söweşjeñ häsiýetleri watançy Paweliñ obrazyny ýekesiretmeýär. N.Pommanyñ bu poemasynyñ köp wagtlap okuw kitaplaryndan düşmän gelmegine-de onuñ çuññur watançylyk ideýasy hem wakanyñ şahyrana beýan edilmegi sebäp bolan bolsa gerek. Rus adamlarynyñ gahrymançylykly obrazyny döretmek şol döwrüñ türkmen edebiýatynda özboluşly problema öwrülendihi dýadýa Iwanyñ, Mihailiñ, Antonyñ, 70 ýaşly gojanyñ ("Dýadýa Iwan" Ş.Kekilow), Iwanyñ, Melnigiñ ("Kasam" N.Pomma), enäniñ ("Jigit" H.Şükürow), Annanyñ, Weranyñ, Mariýanyñ ("Joralar" B.Seýtäkow), Žitkowyñ, Ýepifanowyñ ("Gaýduwsyz batyrlar" A.Nyýazow), dýadýa Sobkonyñ, enäniñ ("Rus enesi" A.Atajanow) we beýleki gahrymanlaryñ täsirli obrazlary-da habar berýär. Edebiýatda şeýle obrazlaryñ döredilmeginiñ maksady rus adamlarynyñ söweşjeñ sypatlaryny türkmen okyjysynyñ kalbynda mäkäm ornaşdyrmakdan ybaratdy. Şeýle hormata bolsa gaýduwsyz rus adamlary sözüñ doly manysynda mynasypdy. Munuñ şeýledigini watançy Paweliñ duýgy-düşünjesini her demde ýatladyp duran dýadýa Iwanyñ, kolhoz başlygy Mihailiñ ýa-da dýadýa Sobkanyñ obrazlary arkalam añmak bolýar. Ş.Kekilowyñ adybir poemasynyñ gahrymany bolan dýadýa Iwan - Iwan Wasilýewiç Timaşewskiý Beýik Oktýabr rewolýusiýasy döwründe-de rewolýusion işe ýadawsyz gatnaşýar. Täze sosialistik döwletiñ duşmanlaryna garşy barlyşyksyz göreş alyp baran adam. Ol özi ýaly garyp-gasarlary daşyna ýygnap, öz obasynda "Новый путь" ("Täze ýol") kolhozyny gurýar. Köp wagtlap, oña ýolbaşçylyk edýär. Ol soñ hem uly iliñ geñeşçusi, maslahatçysy bolýar. Hatda kolhoz ýolbaşçylaryna-da etmeli işleri hakda hemişe dýadýa Iwan bilen maslahatlaşyp durýarlar: Göreş ýaşulysy, il ýaşulysy - Şeýle adamdyr gahrymanymyz biziñ. Bu hem hem ol şeýle bolýar. Oba adamlary faşistleriñ öz obalaryna ýakynlaşyp gelýändiklerini eşidip, aljyrajak bolýarlar. Kolhozyñ ýaş başlygy Mihail hem birbada näme etmelidigini bilmeýär. Şu pursatda hem olar dýadýa Iwana ýüz tutýarlar. Dýadýa Iwan Mihaile-de, beýleki adamlara-da dogry maslahat berýär: Mert duralyñ garşysyna ganymyñ Erkekler, aýallar, garrylar, ýaşlar. Mertlik, agzybirlik baryny ýeñer, Gorkmañ siz, aljyramañ, gardaşlar. Dýadýa Iwanyñ gaýduwsyzlyk bilen aýdýan sözleri poemanyñ dowamynda onuñ söweşjeñ hereketleri bilen utgaşyp gidýär. Onuñ ähli goş-golamlary, oglan-uşaklary, gelin-gyzlary obadan çykarmak hakdaky pikirini hemmeler makullaýar. Onuñ ähli aýdan teklipleri köpçüligiñem, kolhoz ýolbaşçylarynyñam göwnünden turýar. Şu ýerde hem onuñ parasatly, köpügören watançy adamdygy öz-özünden ykrar bolýar. Awtor poemada rus adamyna mahsus bolan tutanýerliligi, hüşgärliligi, şeýle hem duşman bilen, dönükler bilen barlyşyksyzlygy dýadýa Iwanyñ obrazyna jemlemegi başarypdyr. Bu hem ýygnakda dýadýa Iwanyñ garşysyna çykan dönük Pýatkowyñ üstüniñ açylyşy bilen ýüze çykarylýar. Pýatkow obadan göçmäliñ diýip, näçe bozgaklyk edip gürlese-de, dýadýa Iwan şol wagt oña hiç zat diýmän, sowukganlylyk bilen sözüni dowam edýär. Soñra welin oba aktiwistlerine ony barlamagy maslahat berýär. Olar hem onuñ dönükdigini bilip, ondan dynýarlar. Dýadýa Iwanyñ göreşjeñ sypatlary şondan soñ, iş ýüzünde hasam ynandyryjy açylyp görkezilýär. Dýadýa Iwanyñ maslahaty bilen obanyñ ähli işe ýaran ilaty, göze iler ýaly emlägi obadan çykarylýar. Dýadýa Iwan bolsa garrylar bilen galýar. Mihaile hat ýazyp berip, ony Gyzyl Goşunyñ komandirinden hem başarnykly işi üçin minnetdarlyk bilen söweş tabşyryklaryny alýar. Şeýle hem olar goşundan ok-ýarag alýarlar. Şeýlelikde, bir tarapdan, Gyzyl Goşunyñ hüjüm edip gelmegi, ikinji tarapdan, dýadýa Iwanyñ ýolbaşçylygyndaky partiýa otrýadynyñ aýgytly zarbasy arkaly faşistler şol obada uly horluga, ýitgilere uçraýarlar. Ine, dýadýa Iwanyñ gysgajyk söweş biografiýasy. Emma şu gysga biografiýanyñ içi watançylygyñ ajaýyp nusgasy hem taýsyz mertlik bilen eýlenen. Şol mertlik, çydamlylyk diñe bir dýadýa Iwana mahsus bolman, eýsem şol poema gatnaşýan her bir ýönekeý daýhana-da mahsus. Kolhoz başlygy Mihail-de, asylly guramaçy Anton-da, sap ýürekli ugurtapyjy Arkadiý bilen Andreý-de - bularyñ hemmesi şeýle tipdäki adamlar. Awtor bularyñ işjeñ obrazy arkaly agyr günlerde uly durnuklylyk görkezen müñlerçe rus adamlarynyñ real keşbini okyjysynyñ öñûnde açyp goýýar. Ýokarky eserlerde görşümiz ýaly, rus-türkmen dostlugynyñ beýanyny biz A.Nyýazowyñ "Partizanlar" ("Maksat") poemasyndaky Mişanyñ, "Pahanyñ" obrazlary arkalam, H.Şükürowyñ "Jigidindäki" enäniñ, A.Atajanowyñ "Rus enesindäki" enäniñ gaýduwsyzlyklary arkalam, B.Seýtäkowyñ "Joralaryndaky" Annanyñ söweşjeñ hereketleri arkalam okaýarys. Beýan edilişinde, obrazlaryñ açylyşynda kemçilikler bolsa-da bu poemalar hem döwrüñ söweşjeñ sesine öz seslerini goşupdyrlar. Bu poemalaryñ gahrymanlaram hiç zatdan çekinmän, ýeke-täk umyt - sowet halkynyñ beýik ýeñşine bolan belent umyt bilen söweşipdirler. Öz ýoldaşlaryna göreş tälimini, söweş programmasyny berýän "Pahan" bilen Mişa-da şeýke umyt bilen söweşýär. Olaryñ hem duşmana bolan ýigrenji, Watana bolan söýgüsi edil dýadýa Iwanyñky ýaly, şol poemadaky gahryman gojanyñky ýaly. Poemanyñ esasynda ýatan waka - partizan otrýadynyñ duşman goşunlaryna wehim salşy. Olar aýry-aýry toparlara bölünip, duşmanyñ güýjüni, söweş ugruny öwrenip, olara berk zarba urýarlar. Şeýle işleriñ durmuşa geçirilişem Pawel, Andreý ýaly gaýduwsyz watançylaryñ hereketleri arkaly berilýär. Emma eserde şeýle zatlar gürrüñ berilse-de, işiñ ýerine ýetirilişini göreniñde welin, onuñ diñe awtoryñ arzuw-islegi ýaly bolup galýanyny añýarsyñ. Çünki ol eseriñ gahrymanlary awtoryñ salgy beren ýodasy bilen ýöräp, onuñ aýdan sözlerini hem bolşy ýaly gaýtalaýarlar. "Dýadýa Iwanda-da", "Partizanlarda-da" gürrüñ partizançylyk urşy hakda, ýöne olaryn edebi gymmaty ýer bilen gök ýaly. Ýokardaky eneleriñ gatnaşýan eserleri hem partizançylyk urşy hakda. Bularda hem eserleriñ köpüsinde bolan wakalar, meseleler bar: sowet adamlarynyñ çydamlylygy, durnuklylygy, olaryñ duşmanyñ öñünde mertlik bilen durup, hiç hili syr bermeýişleri yzygider wagyz edilýär. Şu mesele "Rus enesinde-de", "Jigitde-de" tolgundyryjy sahnanyñ üsti bilen görkezilýär. H.Şükürowyñ "Jigit" poemasyndaky ene faşistleriñ basyp alan obasynda dört çagasy bilen agyr horluk çekýär. Nähili gynalsa-da, duşman öñünde müzzermeýär. Ol näçe horlansa-da, çydam edýär. Aç çagalaryny güýmemek üçin ýetişmedik kartoşkany köwleýär. Muny gören faşist soldaty enä azar berýär. Garşylyk görkezeni üçin hem ony atyp öldürýär. Partizan maşgalalary näçe jebir çekseler hem, syr bermän, müzzermän ölümiñ öñünde durýarlar. Bu ýagdaý "Rus enesinde" has hem eýmenç. Wagşylar kommunistik partizanyñ aýalyny tutup, öz äri üçin, partizanlar üçi gynaýarlar. Şol partizan otrýadlarynyñ ýolbaşçysy "dýadýa Sobka" üçin horlaýarlar. Emma ol hiç hili syr bermeýär. Eger dogry maglumat bermese, edil ýanynda çagalaryny atjakdyklaryny aýdýarlar. Çagalarynyñ gözüniñ öñünde enäni gynaýarlar. Onuñ öñünde şeýle şert goýýarlar: Unut sen, partizan, hyýalyñ unut, Her çagaña berýän ýekeje minut. Ýa aýdarsyñ ýa-da bu iki ynsan, Bolar, akmak, höçjetligiñe gurban. Saýla, rus enesi, mazaly oýlan, Perzendiñ süýjümi ýa-da partizan? Ene üçin perzendiñ gymmatynyñ nähilidigini düşündirsesi iş ýok. Eserde şeýle mesele bolmalysy ýaly, çözülýär. Ýüzlerça adamynyñ ynamy, kommunist adamsynyñ hatyrasy, Watan meselesi çagalaryna döz gelmegine sebäp bolýar. Ol uly ynsançylyk ýüregi bilen watançylyk kasamyny gaýtalaýar: Tamam seniñkidir, Watanym, ýürek, Bogun-bogun kesilsem-de gamyş dek. Etmerin syryñy duşmana aýan, Bagyşlañ, körpelem, meni bagyşlañ. Ene şu sözünde hem galýar. Onuñ ogly Witalini atýarlar. Şol pursatda partizanlar gelip, ony halas edýärler. Faşist soldatlaryny okdan geçirýärler. Ine, şu wakanyñ üsti bilen hem awtor sowet aýal-gyzlarynyñ gaýduwsyz watançylyklaryny, şol jümleden hem jepakeş, merdana rus aýallarynyñ, eneleriniñ hemmä görelde bolan gahrymançylykly sypatlaryny wasp edýär. Aslyýetinde, bu tarypnama durmuşyñ özünde bolan ýüzlerçe we müñlerçe edermenlikleriñ ujypsyz bir bölegidir. Türkmen edebiýatynda beýan edilen şu we şuña meñzeş beýleki wakalar türkmen adamlarynyñ rus enelerine bolan gyzgyn söýgüli garaýyşlarynyñ kiçijik bir bölegidir. Rus-türkmen dostlugynyñ çynlakaý beýanydyr. Bir söz bilen aýdanyñda, şeýle janly detallara şol döwrüñ poemalarynda köp duş gelmek bolýar. Biz şu ýerde olaryñ her birine aýry-aýrylykda seretmekçi däl. Onuñ özi hökman hem däl. Sebäbi döwrüñ köp sanly birmeñzeş wakalary esasynda dörändikleri üçinmi, olaryñ köpüsindäki aýdylýan zatlar birmeñzeşräk. Ýöne şol poemalaryñ hemmesindäki wakalaryñ sowet halkynyñ beýik ýeñşiniñ hatyrasyna aýdylan ýagşy niýetlerdigini, ol eserleriñ SSSR halklarynyñ ýowuz günlerdäki bir göwrä öwrülen beýik dostlugynyñ, mährem doganlugynyñ ýadygärligidini bellemelidiris. Ýokardaky poemalarda partizançylyk urşy hakda gürrüñ gitse, beýleki käbir poemalarda ("Kasam" N.Pomma, "Gaýduwsyz batyrlar" A.Nyýazow) rus adamlarynyñ söweş meýdanyndaky gahrymançylyklary dogrusynda gürrüñ gidýär. "Gaýduwsyz batyrlaryñ-a" esasynda gönüden-göni gazet materialy ýatyr. Poema ilkinji gezek "Sowet Türkmenistany" gazetinim 1941-nji ýylyñ 10-njy awgustyndaky sanynda çap edilipdir. Şol ýerde hem poemanyñ "Правда" gazetinde çap edilen habar esasynda ýazylandygy aýdylýar. Onuñ gahrymanlary Žitkow hem Ýepifanow hakyky söweş esgerleri. Olar ýörite buýruk bilen duşman goşunynyñ duran tarapyna razwedka gidýärler. Ýepifanow bärde galýar. Žitkow has añry gidip, "dil" tutýar. Ýolda "dili" göterip gelýärkä, minalar ýarylyp, ol ýaralanýar. Ysgyndan düşse-de, umytdan düşmeýär. "Awuny" Ýepifanowa getirip gowşurýar. Özi süýşenekläp ugraýar. Ahyry-da essi aýylyp, bir çöpüñ düýbünde süýnýär. Olaryñ geçen söweş ýoly şu ýere çenli. Soñra olaryñ gahrymançylyklary, Watan hakdaky oý-pikirleri liriki gahrymanyñ watançylyk düşünjesi bilen, gahrymanlara bolan simpatiýa bilen utgaşyp gidýär. Liriki gahrymanyñ pikiri Žitkowyñky bilen utgaşýar: Umyt ondan hiç elini üzmeýärdi, Añy barka "Biz ýeñeris!" diýýärdi. Añy gaçanda-da ýüregi diýýär: - Biz ýeñeris! Biz ýeñeris! - gaýtalaýar. Şahyryñ gahrymanynyñ diki bilen aýdýan "Biz ýeñeris!" jümlesi bütin sowet halkynyñ ýeñşe bolan ynamy. Bu ýerde onuñ söweşjeñ esgeriñ dilinden berilmegi hasam täsirli hem göwne makul. Çünki sowet adamlary şeýle çynlakaý ynamlar bilen söweşlere girip, ýeñişler gazandylar. Žitkow gospitalda ýatyrka-da şol bir düşünje, ynam, umyt bilen dem alýar. Gaýtadan göreşe garaşýar Žitkow, "Tiz goýberiñ" diýip, soraşýar Žitkow. Bu bolsa şol döwürde sowet esgerlerine has bolan hakyky söweşjeñlikdi. Bu häsiýet şahyrlaryñ toslap tapan zady bolman, hakykatyñ hut özüdi. N.Pomma hem "Kasam" poemasynda şu hakykary mazmun edinipdir. N.Pommanyñ poemasynyñ gahrymanlary - Iwan bilen Melnik söweşde ýaralanyp, gospitala düşýärler. Gospitalda ýatyrkalar hem ähli oý-pikirleri söweş meýdanynda. Bütin hyýallary çaltrak gutulyp, söweşe gitmek. Şu maksat bilen Iwan wraçyñ ýanyna baryp şeýle diýýär. - Hawa, ýoldaş doktor, diñle sözümi, Sözümiñ yzyndan goýber özümi. Indi men gutuldym, hiç bir kemim ýok, Söweşe gitmekden başga gamym ýok. Ol şu mazmunda harby komissara-da hat ýazýar. Soñra gelip bu ýagdaýlary Melnige habat berýär. Melnik hem: - Ynan, gutuldym giderin söweşe Ýeñişlermiz sowgat garra hem ýaşa. Ölinçäm goraryn Sowetler ilin, Diýp, örän berk gysdy Iwanyñ elin. Mysallardan görnüşi ýaly, eserleriñ gahrymanlary, diñe bir pikir bilen - duşmandan ymykly ar almak, Watanyñ özbaşdaklygyny goramak pikirleri bilen ýaşaýarlar. Olara kuwwat berýän hem şol päkize düşünjeleri. Bu sada watançylyk şol döwürde her bir sowet esgeriniñ, öñi bilen hem, edermen rus adamlarynyñ añyna mäkäm ornapdy. Watançylygyñ bu formasy müñlerçe sowet esgerleti tarapyndan yzygider gaýtalandy. Biziñ seredip geçen poemalarymyzyñ şu toparynda gönüden-göni rus halkynyñ, onuñ merdana ogul-gyzlarynyñ taýsyz gahrymançylyklary beýan edilýär. Beýan edilişiñ şu formasynyñ üsti bilen hem rus-türkmen dostlugynyñ bozulmaz birlige eýe bolandygy, onuñ beýleki döwürdäkilere garanyñda şol ýowuz günlerde hasam mähirli ýagdaýa geçendigi ýüze çykýar. Kapitan Gastellony, gahryman Zoýanyñ şahsy gahrymançylyklary bilen bir hatarda, watançy garry Paweliñ, leýtenant Kostenkonyñ, dýadýa Iwandyr gojanyñ, Mihaildir Antonyñ, merdana rus eneleriniñ, Annanyñ hem onuñ joralarynyñ, Žitkowyñ, Iwandyr Melnigiñ we beýlekileriñ edebi obrazlary arkaly türkmen okyjylary merdana rus adamlarynyñ keşbine ýene-de has ýakyndan nazar aýladylar. Olary ýyly mähir bilen söýdüler. Şol eserler arkaly rus halkynyñ sözüñ doly manysyndaky monumental obrazy döredi. Bu şol poemalaryñ özünde hem aýry-aýry jemleýji bentleriñ, setirleriñ özünde hem aýry-aýry jemleýji bentleriñ, setirleriñ üsti bilen nygtalýar. "Dýadýa Iwan" poemasynda: Ýolbars ýürek, parasatly gahryman Watan gorar seniñ arslan ärleriñ. Penjesinden asla synmaz bir duşman, Dýada Iwan ýaly algyr şirleriñ. diýilse, "Gaýduwyz batyrlar" poemasy: Ganym gaýtdy işiñ Žitkowmyz kändir Žitkowlar döredýän halk gahrymandyr. - diýen setirler bilen jemlenýär. Şeýle pikirler diñe bir mysal alnan poemalarda bolman, şol döwürde rus halkynyñ gahrymançylykly işlerine bagyşlanan poemalaryñ ählisinde diýen ýaly bar. Aslyýetinde bolsa, şol poemalaryñ rus temasyna bagyşlanyp, gahrymanlarynyñ söweşjeñ rus adamlary edilip alynmagynyñ özi-de şol pikiri tassyklaýar. Şol poemalarda rus adamlarynyñ gahrymançylykly hereketleriniñ wagyz edilmegi-de beýik halkyñ sahawatly kömegi arkaly döwletli durmuşa ýeten türkmen halkynyñ uly doganyna bolan minnetdarlygydy. Özi dogrusynda şeýle mähirli sözleriñ aýdylmagyny rus halky adamkärçilikli işleri, internasional häsiýeti bilen gazandy. Şol agyr ýyllarda, hatarly ýollarda ähli doganlyk halklara ýolbaşçy bolup, duşmanyñ üstüne hüjüm etmegi onuñ adyny taryh sahypalaryna şol ululygy bilen ýazdy. Bu dogrusynda SSKP-niñ XXIV gurultaýynyñ belent tribunasyndan SSKP MK-niñ gurultaýa hasabatynda şeýle diýlipdi: "Beýik rus halkynyñ rewolýusion gujur-gaýraty, janaýamazaklygy, zähmetsöýerligi, çuññur internasionalizmi biziñ sosialistik Watanymyzyñ ählu halklarynyñ oña päk ýürekden hormat goýmagyny esasly gazandy". (SSKP-niñ XXIV gurultaýynyñ materiallary. Aşgabat-1971, 103 sah.) Beýik rus halkynyñ söweşjeñ roluna berilýän bu uly baha ýöne ýerden bolman, Kommunistik partiýanyñ gyşarnyksyz ýolbaşçylygy astynda onuñ biziñ ýurdumyzda deñligiñ, bozulmaz doganlyk-dostlugyñ, kollektiwizmiñ hem beýik ýeñişleriñ guramaçysy, öñbaşçysy bolup gelýänligi üçindi. Şol sebäpli hem, rus temasy, rus halkynyñ ajaýyp adamlarynyñ obrazy hemişe bolşy ýaly, beýleki doganlyk halklar bilen bir hatarda biziñ günlerimiziñ türkmen edebiýatynda hem özüniñ mynasyp ornuny eýeläp gelýär. Bu bolsa türkmen-rus doganlygynyñ-dostlugynyñ mizemez birlige eýe bolandygyna doly kepil geçýär. 1972 ý. Begmyrat USSAÝEW. # söweşjenpoeziya | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |