HAZYNA
Obamyzyň iň ýaşuly gojasy Oraz aga gadym döwürlerden galan harabalygyň ýanynda eldeki mallaryna göz-gulak bolup ýördi. Indi bu gojanyň gözleri kän bir uzakdan görübem duranokdy. Bili, aýaklary syzylaşyp durdy.Ýöne ýaşy togsana golaýlaşsa-da, ol öýde işsiz, aýagyny uzadyp oturyp bilmeýärdi. Şonuň üçin ol öz çekene malyny örä çykarypdy.
Oraz aga harabaçylygyň bir böwründe, gadymy galalardan galan-gaçan diwarlary köwüşdirip, azara galyp ýören çagalary saýgardy. Ýöne hiç zada düşünmedi. Onda-da goja göwün ynjalmady. Onsuzam bu harabaçylyga tarap eňip barýan mallarynyň yzyna düşdi.
Iki sany oglanjyk gadymy diwarlaryň biriniň düýbüni köwýärdi.
– Köşeklerim, gurgunmysyňyz! – diýip, ýaşulynyň özi olara habar gatdy. Oglanlar bu harabalykda duýdansyz çykan sese ziňkildeşip, başlaryny galdyrdylar.
– Bu ýerlerde näme işläp ýörsüňiz? – diýdi-de, Oraz aga gapdaldaky köne kerpijiň üstünde dyz epdi.
On-onki ýaşlaryndaky oglanlar gazyp oturan çukurlaryndan çykdylar-da, ýaşulynyň ýanyna gaýtdylar. Onuň bilen edepli görüşdiler.
– Hazyna gözleýäs – diýip, oglanlaryň ekabyrragy, indi dördünji klasa geçen Sähet maňlaýynyň derini ýeňi bilen süpürip durşuna aýtdy. – Bize köp pul gerek! Eger hazyna tapaýsak, baý bolarys. Özümize köşk ýaly jaý gurunarys. Daşary ýurt maşynyny satyn alarys.
– Hazyna näme işlesin bu ýerde, balam. Öten bendeleriň özleri puluň, altyn-kümüşiň gedaýy bolup ötmedilermi, näme?!
– Ýok, Oraz akga, – diýip, Juma gedemlik bilen ýaşulynyň sözüniň arasyny böldi – Bu ýerlerden Aleksandr Makedonskiniň goşuny geçipdir. Şonda adamlar basybalyjylara özleriniň baýlygyny bermejek bolup, altyn-kümüşlerini küýzelere salyp, şu ýerlerde gömen bolmaly. Biz olary hökman taparys!
Oraz aga başyny ýaýkady.
– Haý, köşegim, hazyna näme işlesin, beýlekisem. Sen gözleseň, öz hazynaňy gözläp tap. Sen entejik ýaş, şonda-da, öz hazynaň eýesi bol.
Juma ýoldaşyna garady.
– Ol, ol: «Öz hazynaň diýmek näme?» Ony nireden gözlemeli?
Ýaşuly nazaryny alyslara dikdi.
– Öz hazynaň, ol öz köňül dünýäňdedir.
– Köňül dünýäň diýmek näm-äý?
– Hawa, ol bilim dünýäsidir. Ol – halal zähmetdir! Ol – adamkärçilikdir. Ol saglykdyr!
– Näme, indi şolar hazyna boldugymy?
Oraz aga ýylgyrdy.
– Janyň sag bolsa, ýeterlik bilimiň bolsa, adamkärçiligiňi saklap, halal zähmet çekip eklenseň, dünýäniň ýüzünde şondan uly hazyna-da, baýlyk-da, ýokdur, balalarym. Iň uly hazynalar sowulyp gutarar. Emma seniň şol hazynaň welin, her näçe harçlasaňam, barha baýar gider otyrar. Siz öz şol mukaddes hazynaňyzy gözläp tapyň-da, şoňa eýe boluň.
Ýaşuly şondan başga söz aýtmady-da ýerinden turup, mallaryna bakan ýuwaşja ýöräp gitdi.
24-nji maý, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty