HEŇŇAM – UZYN, ÖMÜR – AZ / edebi filosofik söhbet
/Wagtyň ruhy manysy/
Islendik milletiň ruhy gymmatlyklary milletiň ruhy güýç-kuwwatynyň görkezijileri we millete taryhy arenada ýaşamak ukyplaryny üpjün edýän serişdelerdir. Olar arkaly milletiň «meniniň» gaýtalanmaz keşbi aýan bolýar. Milli ruhy gymmatlyklary görnüşi boýunça ikä bölmek mümkin.
Olaryň birinjisi – daşky ruhy gymmatlyklar. Bular milletiň maddy medeniýetini alamatlandyrýar we maddy-güzeran durmuşynda kemala gelýär.
Içki ruhy gymmatlyklar – bular milletiň akyl-paýhas, pelsepe babatdaky gazanan taryhy gymmatlyklarydyr.
Içki ruhy gymmatlyklar milletiň edebiýatynda, sungatynda, filosofiýasynda, dini garaýyşlarynda beýan bolýar. Milletiň ruhy taýdan güýçlüligi onuň ykrar eden, kemala getiren pelsepeleriniň çuňňurlygyna, esaslylygyna we özboluşlylygyna baglydyr. Ruhuň ösen döwürleri diýip hem milletiň öz milli filosofiýasyny kemala getiren we ösdüren döwürlerine düşünýäris. Milletiň taryhy ýaşaýşyň dowamynda edinen ruhy tejribeleri onuň ruhy gorunyň möçberini, onuň ruhy alapasyny görkezýär. Şol gor hem alapa bolsa onuň taryhy ýaşaýşa ukyplylygynyň ölçegidir. Gor hem alapa näçe baý we köp bolsa, milletiň taryhy dowamaty-da şonça uzak bolýar. Diýmek, ruhy gor we ruhy alapa milletiň diriliginiň kepili, milletiň tutuşlykdaky sütünidir. Bu alapa hem milletiň taryhy-ruhy döredijilik ukybynyň kütelmezligine ýardam edýär, taryhy-ruhy döredijilik bolsa, öz gezeginde, ruhy goruň üstüniň artyp durmagyna we täzelenmegine hyzmat edýär.
Goruň könelip, durugyşyp, derde ýaramsyz zada öwrülmezligi üçin milleti düzýän şahsyýetleriň ruhunyň mydama hereketde bolmagy gerek. Bu akyl hereketine, elbetde, döredijiliklilik mahsus bolmaly. Munuň özi gory täzeläp durmak gerek diýildigi. Ata-babalardan galan ruhy hakykatlary totuguş kimin gaýtalap ýörmek ahyrsoňunda goruň janly durmuş üçin ýaramsyz bir zada öwrülmegine sebäp bolup biler. Durmuşyň öňde goýýan meselelerine, durmuşyň özünde bolup geçen we bolup geçýän täzeliklerine laýyklykda, millet öz ruhy ýörelgelerine üýtgeşiklikleri girizýär. Bu oňa janlylygy, ýaşaýşa ukyplylygy we ýaşaýyş hyjuwyny üpjün edýär. Bu ýerde iki sany beýik pähimi ýatlamakçy bolýaryn. Gýote: «Akyl-paýhas könelýär, ýaşaýyş agajy bolsa mydama terliginde galýar» diýip aýdypdyr. Emma illere gidip nätjek, öz atamyz Oguz mydama hereketde bolmalydygy, hiç mahal bir ýerde durmaly däldigi barada gaýtalamagy gowy görer eken. Bu pähim bir ýetilen sepgit bilen kanagatlanman, hemişe ösüşde, gözlegde, janlylykda boluň diýmegi aňladýar.
Türkmeniň içki ruhy gymmatlyklarynyň bir ulgamyny düzýän wagt baradaky pelsepeler köne edebiýatymyzda we filosofiýamyzda uly orun tutýar. Wagtyň tebigatyny könelerimiz «pany», «pelek» diýen aňlatmalaryň üsti bilen beripdirler. Emma olaryň bu ugurdaky çuňňur ruhy agtaryşlaryna hem ruhy tapyndylarynyň bütin çuňlugyna aralaşmak örän kyn bolup durýar. Olaryň ruhy çylşyrymlygy içine aňsat-aňsat aralaşyp bolmaýan alyslygy, daşy serhetli ýapyp bir meýdany ýada salýar. Muňa girmek, baryp ýetmek üçin biziň özümizden hem ruhuň bitewüligi talap edilýär. Meniň aýtjak bolýan zadym – köne pelsepämize diňe akyl bilen çemeleşmek köplenç gury emgek, netijesiz çalyşma bolup galýar. Sebäbi akyl bütin ruh däl, ol ruhuň diňe bir düzüjisi.
Biziň milli filosofiýamyz çuňňur duýguçyllygy bilen tapawutlanýar. Duýgynyň ara goşulýan ýerinde bolsa düşünmek, aňlamak has kynlaşýar. Çünki bu seniň özüňdenem duýguçyllygy, duýgy pidalaryny talap edýär.
Atalarymyzyň pelek, pany düşünjeleriniň üsti bilen aňladan ruhy inçelikleri olara ýüregiň bilen ýapyşmagy, ýüregiň bile onuň ugrunda köýmegi şert edip goýýar. Sen bu ýerde diňe bir akylyňy, pikiriňi, ünsüňi däl, eýsem ýüregiňi-de bermeli. Şahsyýetiň düşünmek isläp iş edinýän ruhy hakykatlary bilen öz arasynda hiç hili serhet, çyzyk galmaly däl. Şahsyýet bilen ruhy miras bir ruhy bitewülige öwrülmeli, bitişmeli. Diňe şonda biz ata-babalarymyzyň edebiýat, sungat, filosofiýa, medeniýet, ynanç görnüşinde saklanyp galan ruhunyň diline düşünip bileris.
Bu iş adamdan haýsydyr bir ruhy çeýeligi, iň esasy zadam, tüýsüňi üýtgedip bilmek ukybyny talap edýär. Adam ruhy oýunlara ukyply bolmaly: obraza girmäni, ruhy taýdan artist bolmany başarmaly. Diňe özüňi öz düşünmek isleýän ruhy şahsyýetiň ornuna goýmany, zatlara onuň gözi bilen seretmäni, şonuň gulagy bilen eşitmäni başaraňda, olaryň ruhy dili düşnükli bolup başlaýar.
Milli ruhy tejribeler şol milletiň ýüzi bolup durýan beýik şahsyýetler tarapyndan gazanylýandygyny ýöne ýere nygtamok, sebäbi tutuş hem bitewi milli ruh özüniň bütin çuňlugyny, beýikligini, güýç-kuwwatyny we ähli geň-taňlyklaryny kämil ruhy şahsyýet tarapyndan degişli derejede aňlanylanda, ýüze çykaryp bilýär.
Göz ýetirmek, düşünmek, aňlamak üçin şeýle bitewülik şerti pelsepe görnüşinde ýüze çykan ruh babatda hökmanydyr. Çünki hut filosofiýada hem-de sungatda ruh özüniň ylymda tapyp bilmedik bitewüligini tapýar.
Pelsepe köpleriň pikir edişiniň tersine, diňe bir akylyň önümi däldir. Pelsepe erkiň hem, duýgynyň hem, ynanjyň hem netijesidir. Şeýle çylşyrymly ruhy hadysa milli gymmatlyklaryň ulgamyny kemala getirýär.
Çünki ol ruh üçin düýpli içki esas, taryhy hem durmuşy ýörelgeleriň guramajak çeşmesi bolup hyzmat edýär. Pelsepe zatlaryň hem hadysalaryň ýüzünde, üstünde gezenok-da, olaryň düýp manysy bilen iş salyşýar. Öz milli pelsepesini edinip bilen halk özüni arkaly, esasly, asylly, özenli halk hasap edip biler. Çünki filosofiýa dünýäniň metafizikasyny, düýbüni, oňurgasyny, süňňüni yzarlaýan ruhy işdir, ylymdyr.
Ylham filosofiki aňlaýyşda iň esasy zerurlyklaryň biri. Mahal-mahal köňlüň howalanyp, ruhuň guşy asmana göterilýär. Şeýle pursatlar dünýäniň düýbi, asyl manysy açylyp giden ýaly bolýar. Şonda ýüregiňe yza gatyşykly ylham inýär, ýüregiň jigläp gidýär. Adaty aňyň öňünde üçe – geçmişe, heminzaman hem geljege bölünýän, bölünip jigeri para-para bolýan Wagt şeýle ylhamly pursatlarda bir bitewülik bolup garaňky gijede öňüňden oslagsyz çykýan eli hanjarly garakçy kimin, alňynda peýda bolýar. Sen ýekeje pursadyň, demiň içinde Wagtyň suratyny görüp galýarsyň. Zeminiň damary, Arşyň kemeri, älemiň syry – bular bir bitewülik bolup alnyňda açylýar. Şonda, ilki bilen, geçen günler ýadyňa düşýär, şonda geçen günleriň süýji hesreti köňlüňe gaplanýar. Zeminiň öňem sensiz ýaşan günlerini görüp, onuň ýene-de sensiz oňjak günlerini, iň bolmanynda-da munda munuň özi üçin kemeljek zadyň bolmajagyny, sen bolanyňda-da artjak zadynyň ýoklugyny görüp gyýylýarsyň. Ine, öz-özüňi keseden synlaýarsyň, bu asla-da başga birine gapdaldan sereden ýaly däl. Ine, sen aýakýalaňaç, hem tammansyz çagajyk bolup gyzgyn ýeriň ýüzünde at çapýarsyň. Ine-de, sen mekdebe barýarsyň. Şu günüň entek boýaga gelmedik mata kimin reňksizliginiň, öwüşginsizliginiň, gülsüzliginiň, entek bişmedik tagamsyzlygynyň, geljegiň bolsa garaňkylyk kimin näbelliliginiň öňünde geçmişiň al-elwanlygy, süýjüligi hem aýdyňlygy nähili jana ýakymly! Sen eýýäm jahyl çykypsyň, seniň üçin dünýäniň iň hezil döwürleri başlanypdyr. Sen dünýäniň gaýdyp hiç mahal gaýtalanmajak, aň hem el bilen dikeldip bolmajak terliginiň, joşgunlylygynyň hem owadanlygynyň içinde gezip ýörsüň. Ýaşamak entek seniň üçin endige öwrülmändir, ömrüň mädäňe degenok. Her gün – seniň üçin açyş. Gyz-geline küýlenip, tas her günde bir gyza göwün berip, aşyk bolýarsyň. Hamana, ýeriň pestine hol ýokardan göz gezdiren ýaly, öz ýaşlygyňy şu günüň sepgidinden synlap, sen özüňde ýaşlygyň ýeňlesligini, kelesaňlygyny hem kelpeňligini görýärsiň. Emma ýeňlesligiň terligini orta ýaşyň köşk paýhasyna ömürylla-da çalyşmarsyň.
Şeýdip, sen öz-özüňi synlaýarsyň. Öz-özüňe ýüregiň, näme üçindir, has ýiti awaýar. Öz-özüň hakydaňda birhili has garawsyz, has naçar görünýärsiň. Baraga-da öz-özüňi gujaklasyň, öz-özüňe hoşamaý, umytly sözleri aýdasyň gelýär. Arman, bu dünýäde hiç mahal öz-özüň bilen duşup bolanok. Ruhuňy, surata alan ýaly, näçä bölseň bölüp oturmaly, ten weli özüniň armanly hem nalaç ýeke nusgalygynda galýar. Onuň şeýle ýagdaýy hem teni bakylykdan mahrum edýär, wagtyň duzagyna salyp goýýar. Çünki wagtyň çäginden çykmak üçin böleklenmek, öz-özüňden köpelmek ukyby gerek.
Ýaşamak – wagt bilen göreşmekdir. Wagt janly organizmdäki ýaşaýyş alamatlaryny ýok etmäge çalyşýar. Wagt organizmiň öýjüklerini ýok edýär. Emma organizm ýaşamak ukybyny ýitirmedik bolsa, ol täze öýjükleri emele getirip durýar. Şeýdibem, biologlaryň madda çalşygy diýen hadysasy üznüksiz suratda bolup geçýär. Entek täzelenmek ukyby barka, ten diridir. Täzelenmek ukyby bolan ten ýaşaýşyň – bakylyk ugrundaky göreşiň has intensiw görnüşine geçýär: ol köpelmek isleýär. Ösümlikler öz-özünden köpelýär. Özge jandarlar jübütleri bilen argyşmak arkaly köpelýärler. Bular teniň ýaşaýşynyň dürli derejeleri ýa-da formalary.
Şeýlelikde, köpelmek – tebigatyň döredijilik işidir. «Döredijilik üçin teniň hem ruhuň kämilliginiň belli bir derejesi gerek» diýip baryp beýik Eflatun aýdyp geçipdir. Emma ten bilen ruhuň döredijiliginiň arasynda örän düýpli tapawut bar. Ten wagtyň elindäki guraldyr. Ol gaýtalanmazlyk, özboluşlylyk diýen zatlary bilmeýär.
Ruh bolsa tebigatyň kör aýlawyndan çykmaga dyrjaşýar. Ruh wagta garşy pitne turuzýar. Çünki wagt – ölüm getiriji zatdyr. Köne şahyrlarymyzyň wagty şeýle erbet ýigrenmekleriniň sebäbi-de şonuň üçindir. Olar adaty göz bilen seredeniňde görünmeýän wagty ruhuň gözi bilen görýärler. Wagtyň özüni däl, eden işini görüp galýarsyň. Bu häsiýet onuň pany dünýäde iň esasy hem iň uly hakykat aňladýar. Köne şahyrlarymyz wagty, esasan, iki sany has duýarlykly reallyk arkaly görkezipdirler.
Olar, birinjiden, wagty «pelek» arkaly aňladýarlar. Pelek – asman. Zeminde wagt hem onuň tebigatyny, elbetde, asman kesgitleýär, has dogrusy, asman jisimleriniň, şol sanda Ýeriň özüniňem hereketleri, tizlikleri we biri-birine täsirleri kesgitleýär. Şonuň üçinem şahyrlarymyz we ulamalarymyz wagty pelek, asman bilen baglanyşdyryp ýalňyşmandyrlar. Çünki sekuntdan başlap ähli wagt ölçegleri şol hereketlerden gelip çykýar. Pelegiň gerdişi ýa-da pelegiň çarhy – asmanyň aýlawy. Asman aýlanyp, her aýlawyndan dirilik hem diriler üçin ölüm getirýär.
Wagty görmek isleseň, onuň giňişlikde goýýan yzlaryna äň etmeli, has dogrusy, wagtyň giňişlige öwrülişini görmegi başarmaly. Munuň özi, ýagny wagtyň giňişlige öwrülmegi – ýaşaýyş prosesine aýakdan başa gitmek görnüşinde akyl ýetirmekdir.
Dogulmak – bu-da wagtyň giňişlige öwrülmegi. Jandar dogulýar, bu-da wagtyň netijesidir, çünki wagt täze giňişligi – täze jandaryň giňişligini döredýär. Şonuň üçinem könelerimiziň wagta garaýşynyň gürrüňsiz birtaraplaýynlygy görnüp dur. Diňe ölmek däl, eýsem dogulmak hem wagtyň emri bilendir. Aslynda, dogulmak we ölmek – tebigatyň ýaşaýşynyň, dowamatynyň, täzelenişiniň bitewi prosesiniň gezekleşikli iki ujudyr. Dogulan – öleniň ýerini tutýar, ölen – dogulma üçin esas döredýär.
Emma şu bitewüligiň özüne soňsuz, netijesiz, boş hem bimany zat hökmünde garapdyrlar. Bu bitewüligiň, bu bimany hem kör aýlawyň daşyna, wagtyň aňry tarapyna, bu dünýäniň çöwre ýüzüne geçmäge ymtylypdyrlar.
Ruhuň nazary bilen bakanyňda, dogrudanam, wagt ýa-ha ölüm getiriji nägehan hem apatdyr, ýa-da bimanylykdyr. Ol ýa-ha ruhuň duşmany, sebäbi wagt ruhuň bakylyk islegini puja çykarmaga, dünýäde şahsyýet bolup ömürlik ýaşamaga ymtylýanlary ýok etmäge gönükdirilendir. Ýa-da ol asla ruhy piňine almaýan, ony asyl görmeýän bir men-menlikdir. Hut şonuň üçinem men onuň aýlawyna «kör aýlaw» diýýärin. Bu aýlaw özi bilen ajal getirýär. Şonuň üçinem adamyň bakylygy bu aýlawyň daşyna çykmakdan başlanýar. Daşyna çykmak diýip muňa gönümel manyda düşünmeli däl. Wagtyň daşyna çykmak – wagtyň ýok edip bilmejek anyklygyna öwrülmekdir. Şu öwrülişiň kesgitli jemgyýetçilik manysy bar: adam diňe adamzat üçin hiç mahal gymmaty gaçmajak belentlige ýetip bakylyga öwrülip biler, çünki adamyň bakylygy diňe adamzat ýaşaýşynyň çäginde mümkindir. Entek adamzat ýaşaýarka, unudylmajak ruhy gymmatlyklary döredip bilseň, ýagny wagty ýeňip geçip, ruhy giňişlige öwrülip bilseň, diňe şonda bakylyga barmak mümkin.
Şeýlelikde, bakylyk diňe biziň özi bir – ruhy görnüşimiziň, öz urugymyzyň – adamzadyň taryhy ýaşaýşynyň çäklerinde mümkin zatdyr. Adamzat ýok bolsa, şahsyýetiň bakylygy-da puja çykmakdyr. Munuň özi beýik hakykaty – biziň bakylyk diýýänimiziň özüniň-de wagtyň bir görnüşidigini aňladýar. Könelerimiz Älemiň çäklerinde dowam edýän dürli wagt formalarynyň, gatlaklarynyň biri bolan bu wagta «nasut» diýipdirler.
Eger ruhy-ahlak dilde bakylyk atlandyrýan bu wagtymyzy arassa filosofiki adalga hökmünde aňlatjak bolsak, onda biz «heňňam» sözüni ulanmalydyrys. Bu söz köne aňymyzda gaty köp işjeň ulanylan sözleriň biri.
«Är garrar, heňňam garramaz».
«Heňňam – uzyn, ömür – az».
Ruhuň kämillik derejesine ýeten adam ömrüň, är ömrüniň çäginden çykyp, heňňamy bir bitewülik hökmünde göz öňüne getirip bilýär. Bu täsin hem tebigaty boýunça ylahy pursada könelerimiz hal ýa-da hal pursady diýipdirler. Yzyna bakylyk bolup dolanmak, gelmek üçin adam ruhy sosial wagtyň – jemgyýetiň, jemagaty aňyň çäklerinden çykyp gidýär. Ý.Emräniň hem Rumynyň, Nesiminiň hem Magtymgulynyň ruhunyň giňişlik meýdany – Ýer bilen Asman aralygy, ýyldyzlaryň arasydyr. Adamyň ruhuny guşa deňemek bu babatda gaty köp zady aýdýar. Guş – uçmaga ukyply wagtyň böwetlerini böwsüp bilýän jandar. Asyrlaryň dowamynda guşa öwülmek adamzadyň ýetip bilmeýän arzuwy bolupdyr. Diňe şu şekiliň, simwolyň üsti bilen adam ruhunyň täsinlikleri meselesinde gaty köp zatlara düşünmek mümkin. Guş suraty wagt çägini böwüsmek isleýän adam ruhunyň ganatlylygyny, howalalylygyny görkezýär. Bu suratyň, meniň pikirimçe, dört sany many alamaty bar.
Birinjiden, bu öz howalalylygy, adam keşbini ganatlandyrýanlygy, belende göterýänligi hem gözelleşdirýänligi bilen çeper mana eýe.
Ikinjiden, munuň psihologik manysy bar, çünki adamyň özüni guş ýaly duýmagy özboluşly bir psihologik ahwalatdyr.
Üçünjiden, guş suraty birgiden ahlak ýörelgeler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik manylaryny özünde saklaýar. Könelerimiz ruhy guşa deňemek bilen, özüniň nebis isleglerinde adamyň edil guşlar kimin bolmagyny isläpdirler. Guş bolsa nebsi tas ýok janawerdir. Dilimizde «guşuň nahary ýaly» diýen düşünje ýöne ýere döremändir. Guşuň nahary – juda ujypsyz iýmit. Şunuň üsti bilen bir ahlak prinsip – hem asyl, hem göçme manyda az iýmek, nebsiňe haý diýmek prinsipi aňladylypdyr.
Dördünjiden bolsa, guş arkaly beýik ruhy ewolýusiýa – adam ruhunyň kämilleşmek bilen, guş kimin wagtyň çäklerini böwüsmek ukybyny görkezipdirler. Muňa bu şekiliň akyl ýetiriş manysy diýmek mümkin.
Beýik Magtymguly:
Tilim guş tilidir, suratym – ynsan –
diýýär.
Magtymgulynyň bu obrazynda guş bilen ynsanyň gatnaşygy bar. Adamyň suraty – ynsan, syraty bolsa – guş. Ruhuň şeýle syraty ruhuň çuňlugy babatdaky köp hakykatlaryň açary bolup durýar. Guşuň ýaşaýyş meýdany, onuň özge jandarlara bermeýän meýdany asmandyr. Asmanyň bolsa biziň göz öňüne getirişimizden has uly hem düýpli ruhy manysy bar. Hatda mukdar tarapdan hem köne türkmen aňynda asmanyň, gögüň şeýle uly orun eýeleýändigi synçy kişiniň nazaryndan sypmaz, bu mukdar ähmiýetliliginiň aňyrsynda bolsa düýpli hil aýratynlyklary ýatýar. Bu düşünje – simwol ýörite iş edinilmeli zatdyr, çünki bu türkmen ruhunyň çuňluklaryna hem belentligine aralaşmagyň täsin açaryny ele berýär. Baryp yslamdan hem öň oguzlaryň Hudaý diýip asmana, göge düşünendikleriniň özi-de köp zatdan habar berýär. Olar Hudaýa gök Taňry diýipdirler, emma aslynda «Taňry» sözüniň özi-de, asman, gök diýmegi aňladýar. Ol sözüň birinji bölegi taň – asman diýmekdir.
Asman – baky ýaşaýşyň sferasy. Adam dünýä inýär – ýagny, ol asmandan ýere gelýär. Dogulmak ýa-da dogmak adam, beýleki jandarlar bilen birlikde asman jisimlerine – Güne, Aýa, ýyldyzlara mahsus ukypdyr. Şeýle bakylyk, ýaşaýyş hadysasy diňe giňişlik däl, eýsem wagt babatda-da aňladylandyr. Daň-dan – gijäniň, garaňkylygyň, petigiň, ýapyklygyň aýrylyp, asmanyň açylýan wagtydyr. Taň-la – ertir, has giň möçberde alanyňda bolsa, geljekdir. Şeýlelikde, Ýeriň ykbaly, ýaşaýşy asmanda çözülýär diýip könelerimiz pikir ýöredipdirler.
Asman – bakylyk, Ýer – wagtlaýynlyk.
Bakylyk asmandan we bakylyk asmanda başlanýar. Geljek asmandan gelýär. Şu günüň çäginden çykyp, geljege düşüp bilmek hem taňla – ertire düşmegi başarmakdyr.
Gorky-umyt ortasynda haýranam:
Taňla-magşar, ýa Reb, ne ola halym?!
Ruhuň şeýle ýasawy, aňyň şeýle pikirleniş usuly bir zady – bakylyga ýetmek diýip geljekde-de ýaşamaklyga, şu günüň, şu eýýamyň, çäkli wagtyň aralygynda galmazlyga düşünendiklerini görkezýär. Türkmen dilinde häzir hem işjeň ulanylýan «geň-taň» aňlatmasy bolsa taňyň – asmanyň ata-babalarymyzyň düşünjesinde dünýäniň, ýaşaýşyň syrlary bilen hem baglanyşdyrylandygyny görkezýär.
Taň zat – könelerimiziň ruhy dilinde häzirki ulanýan gudrat, düşündirip bolmaýan, tebigatyň adaty kanunlaryna sygmaýan hadysa, zat diýmegi aňladypdyr.
Şeýlelikde, asman gadymy türkmeniň ruhy gözýetimini kesgitleýän düşünje. Asman köne ruhy dilimizde bakylykdyr. Bakylyk ýaly sap ruhy aňlatmanyň asman ýaly sap fiziki giňişlik arkaly berilmegi gögüň serhetsizligine, belentligine esaslanýar. Guş sypatynda göklere galyp bilen ruh şol belentlikden wagty aýnada gören ýaly aýdyň görüp bilýär, dünýäniň panylygyna göz ýetirýär, eýýamlar, asyrlar, döwürler kiçelip-kiçelip, bary-ýogy birnäçe pursatlar bolup onuň göz öňünden hatar-hatar geçip gidýärler.
Gökde pelek gerdandyr,
Halk Ýerde sergerdandyr,
Ne bazygär jahandyr,
Göz açan maly gözlär.
Çaglan, ýalan dünýe, çaglan,
Ne gülen galar, ne aglan,
Gar-ýagmyrlar burjy baglan,
Kemerli daglar görüner –
diýýär Magtymguly.
Wagtyň şeýle bitewi keşbini zeminiň üstünde durkaň, aýagyňy ýerden üzmän durkaň, görmek mümkin däl. Bu görünýän suraty diňe ýokardan almak mümkin. Diýmek, beýle kartina ruhuň guş bolup Asmana uçmagy, Asmanyň belentliginden Ýere göz gezdirmeginiň netijesidir. Ýeriň wagtynyň çäginden çykyp, has uly Wagta – asmanyň wagtyna giren ruh üçin pany wagtyň aladalaryna gümra adamzat ýaşaýşy gaty ownukçylyk, körlük hem bitewülik bolup görünýär. Gözüniň açyldygy mala-maddy aladalara topulýan adamzat bakylyk nazaryýetinden nähili çäkli hem gözgyny janawer! Ýalan dünýäniň çöwre ýüzüne, wagtyň, panylygyň o tarapyna düşen ruhuň ýaşaýyş ölçegleri, gymmatlyklary-da büs-bütin üýtgeýär. Bakylyk nazarýetinden panylygyň gymmatlyklary manydan gaçýar, görksüzlenip, ýürek awadyjy betnyşanlyga öwrülýär.
Aýdaly, entek panylygyň çägindekä, adama gülmek – maddy manyda oňat, üpjün ýaşamak, panylyk bilen baryp-gelişmek, maddylygy ruhy taýdan üpjün etmek bilen baglanyşykly göwün gözellikleri – bagt, aglamak – mady ýeter-ýetmezlik, eli gysgalyk sebäpli ejir çekmek, şol eli gysgalygyň ruhy şöhlelendirilmesinden özge zat bolmadyk göwün zarynlyklary – betbagtlyk bolup görünýär. Munuň özi sosial wagtyň keşbidir. Emma bakylyk nazaryndan, çäkden çykyp seredeniňde, bularyň ikisi-de bimanylyga öwrülýär. Ajal – pelegiň hem wagtyň bu rehimsiz jellady panylyk manysyndaky bagty-da, betbagtlygy-da, aglany-da, güleni-de puja, ýokluga öwürýär.
Biz asmana «giňişlik» diýip aýdýarys. Emma bu ontologik hakykatyň diňe ýarysydyr. Has dogry, hakykaty dolulygyna aýdanyňda, asman – wagt bilen giňişligiň tapyşýan görnüşinde özüne berlen pany wagtyň hötdesinden gelip bilýän, ony paş edip bilýän, onuň içinde, teýinde ýatan bakylygy ýüze çykaryp bilýän är bakylyga ýetip bilýär. Wagt ruha duzak gurýar. Şol duzakdan sypmagyň şerti – panylygyň wagtlaýyn aldawçy allaryny ret etmäni başarmakdyr. Eger adam ruhy diňe panylygyň zerurlyklaryna güýmenip, wagtyň indiki öwrümini hasaba almasa, öwrümden aňryk özüni atyp bilmese, onda ol wagtyň gurbany bolýar.
Asmanyň belentligi ruhdan guş bolmagy talap edýär. Ruh guşa dönüp, asmanyň uç-gyraksyzlygyny, çäksizligini özüniň aýrylmaz sypatyna öwürýär. Emma uç-gyraksyzlyk, çäksizlik diňe asmanda däl, ýerde hem berjaý bolandyr. Şunuň bilen baglanyşyklylykda bolsa ruh başga surata – esrik neriň suratyna girýär. Köne edebiýatymyzda we filosofiýamyzda esrik neriň suraty-da, onuň mekany bolan sähranyň simwoliki beýany-da uly orun tutýar. Eger guş howalalylygy, wagtyň dürli gatlaklaryny kesip geçip bilýän ruhy ganatlylygy aňladýan bolsa, iner bakylyk açyşlaryndan heýjana gelen ruhuň joşgunlylygyny, esrikligini alamatlandyrýar. Giň möçberde alanyňda, bularyň ikisi-de ruhuň kämilligini görkezýär, wagta döz gelip, onuň üstünden ätläp bilýänligini görkezýär.
Iner – ýaşaýşyň gaýnap-joşmasy, bark urmasydyr.
Iner – asmanda kämillige ýetip, wagtyň keşbini görüp, bakylyk sypatyna girip, bakylyk bolup galmak üçin zemine dolanan ruhdur.
Ineriň ruhy – simwoliki manysyna laýyklykda sähra hem şol hilli many gatlagyna geçýär. Özüniň uç-gyraksyzlygy bilen ol asmany ýada salýar.
Sähra – Ýere gaçan asmandyr.
Sähra – wagtyň gaýtadan giňişlige öwrülmegidir.
Sähra – bakylygyň wagta jort atmasydyr.
Sähra – panylygyň içinde bakylygyň hökmüniň ýöräp başlamagydyr.
Şeýdip, edil asmandaky ýaly, sährada-da adam ruhy pany wagt bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şonda ol wagtyň tebigatyna, ýalançynyň panylygyna göz ýetirýär. Göz ýetiribem özüniň panydan rüstemligini ykrar edýär. Onuň wagt bilen ýüzbe-ýüz pursatyndaky başdan geçirýän duýgulary ruhuň giňişligine – şüdügärine bakylyk tohumyny sepiji gussaýy hyýallardyr. Bu duýgular ruhuň güýji bilen wagty ýeňip geçmäge hem ruhy wagtyň häkimliginden boşatmaga ýardam edýärler. Olar barlygyň asylbaşky tebigatyna düşünmek üçin adama puryja hem pursat berýärler. Şu pursatda, adatça, biziň üçin ýapyk, örtük bolan many barlyklar bütin çuňňurlygyna açylyp gidýär. Adam zatlaryň teýinde ýatan manylar hem hakykatlar bilen galtaşyp gidýär hem-de adamyň ylhamlanan köňli «bä, bü-ýä asyl beýle eken-ow!» diýip gobsunanyny duýman galýar.
Şeýle ylhamly pursadyň çuňňur duýgy tebigaty bar. Adatça, biziň aňymyz geçmişi ýatlamak bilen diňe hakydanyň kömegi esasynda işleýär. Geçmişe esaslanýan hakyda bolsa duýgudan, syzgydan mahrumdyr. Emma ylham pursadynda kör galan çeşme kimin geçmişiň akyl guraklylygynda baslygyp galan duýgular birden göz açýarlar-da, paýhasyň belentliklerini böwsüp çykýarlar hem häzirki pursadyň reallygy bilen gatyşyp-garyşyp gidýärler. Şonda wagt bir bitewülige öwrülýär, adam ruhy arassa, çirksiz wagtyň jemalyny görüp bilýär.
Säher bilen sähra çykýaryn.
Mele toprakly, guba jemally, barha azalyp barýan owadan sähra şeýle bir giň, şeýle bir uly hem çäksiz weli, onuň uç-gyraksyzlygy zemini däl, asmany ýada salýar. Sähranyň bu geň-taňlygyndan kalbyma inen ylham «meni« begenjimden ýaňa ikä bölüp taşlady: tenim hem aýaklarym bilen sähranyň ýuwa-ýelmikli arkasyndan ýöräp barýaryn, ruhum bolsa asman giňişliginde – gögüň garnynda gaýyp ýördi. Daş-töweregim owaz, nur hem-de jilwedi. Birdenem, ýeňse tarapdan öwsüp gelen sörtük şemal tenime galtaşyp, süňňüme aralaşyp gitdi. Men hyrra öwrüldim. Şemal diýip kabul edenimiň janymyň sörtük demidigini bilip galdym. Men wagt bilen pete-pet gelendigime düşündim. Düşünibem, haýykdym. Men wagty görüp, onuň bereket, öwrülişik, dolanuwsyzlyk, gitdikçe aýrylyşmakdygyny bildim. Asmanda gaýyp ýören ruhumyň gözlerini açyp seretsem, töwerek bütinleý başgaça eken. Görsem, daşymda diňe bir zat, ýekeje bir zat – wagt bar eken. Meniň toprak, gül, maýsadyr, mör-möjekdir, janly-jandardyr öýden zatlarym bolsa bary-ýogy wagtyň sowuk hem gyzgyn endamy eken. Wagtyň hyzmatkärleri, çaparlary hem habarçylary, wagtyň ýaşaýyş diýilýän tagama goşup goýberýän duzlary eken. Aýagymyň astynda ýer zarňyldady. Şonda birden mele ýer öz gatylygyny ýitirip, aşa ýumşap, aýaklarym ýeriň astyna girip gitdiler, başym bolsa bulutlaryň derejesindenem ýokardady. Aýaklarym, süňklerim ýeriň astyndaky geň-taňlyklary synlaýardy; her hili mör-möjekler ýeriň astynda müňňüldeşip, gaýma-gaýmalaşyp, öz dogulyşy – ölümi bilen dyngysyz onuň keşbini, ýüzüni hem düzümini täzeleýärdiler. Men aýtdym: wagt – dyngysyz hereket.
Meniň asmandaky gözlerim bolsa bulutlaryň dynuwsyz göçüp-gonuşyny, zeminiň üstündäki suwlaryň irmezden buluda öwrülişini, bulutlaryň ýene suwlara öwrülişini görýärdi. Men aýtdym: wagt – zeminiň asmana, asmanyň bolsa zemine irginsiz öwrülişigidir. Islendik öwrülişik bolsa söýgüdir biwepalygyň birden meýdana gelmesidir.
Içine girip, ruhumy alarladyp barýan şemal bolsa wagtyň iň gowy görýän örtügi eken. Ah, şemal, gelin bolup ýüzümi ýelpeýän aldawçy şemal, ejizligimiň syrlaryny açýan garagol şemal, pelek ömrümiň bitmez ýaralaryny täzeleýän ganym şemal!
Men şemalyň ýalyn, epgek, aňzak, ýel, öwüsgin ýaly maskalaryny keýp edip geýip-çykaryşyny gördüm. Ýalyn bilen ol gülleri solduryp taşlaýardy, mazarlaryň gumuny guradyp, soňam ony ýer bile ýegsan, tep-tekiz edýärdi. Aňzak bilen bolsa Zeminiň süňňüni buza dönderip, ony çagşadýardy. Ýel iki ýana at salýan şyr-takyrda dünýäniň manysy peşmek bolup gaýýardy.
Men şemalyň otdanam, suwdanam güýçlüdigini gördüm. Şemal olaryň piridi. Uly ody söndürip, kiçi ody tutaşdyryp bilýärdi, uly suwlary çalykdyryp, kiçi suwlary bolsa joşduryp bilýärdi. Emma asmandaky ruhum bir asman hakykatyna göz ýetirdi: şemalyňam piri bardy, şemalyň piri – nurdy. Nur asmandan gelýärdi we nuruň baran ýerinde şemalyň manysy bolanokdy, onsoň ol gaçmak bilendi.
Birdenem tisginip, adatylyk atly düýşe gaýdyp gelipdirin. Gelip, meni eli bile oýaran Haýdar bolsa şobada zym-zyýat boldy.
Köne türkmen dünýägaraýşynda aýan bolan wagt baradaky pelsepeler häzirki edebiýatymyzda hem öz dowamyny tapýar. Ine, XX asyryň meşhur türkmen şahyry G.Ezizowyň döredijiliginde wagtyň panylygy esasy meseleleriň biri bolup durýar. Emma şahyr bu filosofiki aňşyrmalary täze türkmen dünýäni duýşunyň dilinde berýär. «Ýöne, ine, Sowuk şemal öwüser, Şonda birden şahasyndan täner ol».
Ömür hem ölüm baradaky duýguçyl oýlanmalardan ybarat şu goşguda wagt zatlary hem hadysalary herekete getiriji hökmürowanlyk bolup görünýär. Hemişe bolşy ýaly, şahyr ömri hem şahsyýeti ýapragyň keşbinde berýär. Ýaprak sowuk şemal öwüsende şahasyndan tänýär. Onuň başyna ajal getirýän sowuk şemal, elbetde, wagtyň tene-bedene gelmesidir.
Ýa-da bu ajaýyp şahyryň «Ballada» atly meşhur goşgusyny ýatlalyň. Bizde adatça iň meşhur, iň täsirli goşgular iň bir düşündirilmedik goşgular bolup durýar. Çünki täsir almak, eseriň berýän lezzetini duýmak bir başga, şol täsiriň, lezzetiň nireden gaýdýandygyny, nämä esaslanýandygyny düşündirip bilmek – bu eýýäm başga zat. Bu eserde asman diýilýän närsäniň uly orun tutýandygyna, onuň bu ýerde iň güýçli, esasy pursatdygyna, täsiriň şundan başlanýandygyna, şu ýerde-de goşgyny çözlemegiň açarynyň ýatandygyna, kelebiň uňunyň asmandygyna ünsi çekmek isleýärin.
Şygryň özem edil wagt kimin akýar, ýel kimin öwrülýär. Akmak hem ösmek üçin itergi gerek. Itergi bolsa gapma-garşylykdan döreýär. Şygryň süňňünde Asman bilen Ýeriň gapma-garşylygy Ajal bile Ömrüň gapma-garşylygy bolup döreýär. Şeýlelikde, ýeke goşgynyň ýaşaýşynda biz türkmeniň wagt baradaky pelsepesiniň dowamatyny görüp bilýäris.
Ýa-da başga bir mysal. Ç.Aýtmatowyň soňky «Kassandranyň nyşany» atly romanynyň başlarynda futurologyň uçardan Zemine nazar salmasy ruhuň guş bolup asmana galşyny ýada salýar. Elbetde, bu ýerde awtoryň ýokary galmak, Hudaýa ýakynlaşmak hakykatyny tehnika bilen baglanyşdyrýandygy meseläniň süňňüne hiç hili üýtgeşiklik girizmeýär. Çünki tehnikadan ozalam adam ruhy – biziň milli pelsepämiziň şaýatlyk edişi ýaly – asmanlara galyp, şol ýerden panynyň çäksizligine kän syn edipdi. Tehnika bolsa akylyň ruhuň yzyndan XX asyrda kowup ýetip, şol howalalylygyň bary-ýogy maşyn – maddy taýdan üpjün edilmegi bolupdy.
Meniň şu ýerde ýada getiren iki sany döwrebap mysalym asla-da hususy hadysalar däldir. Olar ruhuň ösüşiniň hem ýaşaýşynyň düýbi bilen baglanyşyklydyr. Mundan şeýle düýpli kanunalaýyk gelip çykýar: ähli döwrüň iň güýçli ruhy şahsyýetleri panynyň däl, bakylygyň üýtgemez meselelerini gözläp tapyp, olary-da bakylyga mahsus dilde beýan edip bilýän adamlardyr. Şol sanda sungatda-da iň gowy eserler bakylyk äheňleri hem bakylyk sýužetleri esasynda döredilýän eserlerdir. Güýçli şahsyýet özünde bakylyk çuňluklaryny jemlän adam. Dünýä sungatynda iň beýik eserler tas şolbir zatlar hakyndadyr. Olaryň hersi diňe öz döwrüniň äheňine görä sözleýärler. Çünki dogulmak hem, ölmek hem täzelik däl ahyryn. Panylyg-a hiç mahal pälinden gaýdanok, bakylygam hiç mahal ruhdan düşenok.
Indi munça mus-musdan soň, Mustapa diýeýin. Türkmeniň taryhynyň bütin dowamynda ýöredip gelen ruhy pelsepeleriniň, şol sanda wagt baradaky filosofiýasynyň hem durmuş bilen, ruhy-ahlak gymmatlyklary bilen gönüden-göni baglanyşygy bar. Men muny şeýle bir tymsal bilen düşündirjek bolaýyn: dünýäde, has dogrusy, buzly ummanlarda we deňizlerde «aýsberg» diýen äpet buz daglary bar. Şol buz daglarynyň köp bölegi suwuň astynda, diňe başy bolsa onuň ýokarsynda bolýar. Şundan misil tutup, sungatda «aýsbergleýin suratlandyryş» diýen düşünje (E.Hemingueý) döräpdir. Munuň özi pikiriň ondan birini açyk aýdyp, galan dokuz bölegini okyjynyň özi tapar ýaly etmegi göz öňünde tutýar. Biziň gündelik durmuşda we real taryhda uýup gelen we uýýan ahlak gymmatlyklarymyz hemme kişä düşnükli, aýratyn hem ýörite düşündirme talap etmeýän gymmatlyklarymyz – aýdaly, sabyr, kanagat, umytlylyk, köňli baýlyk ýaly gymmatlyklarymyz şol aýsbergiň diňe suwuň ýokarsyndaky bölegidir. Emma bu jedele, şübhä goýulmaýan gymmatlyklaryň esasy, delilnamalary suwuň astynda ýatandyr. Şol suwasty esaslandyrmalary bolmasa, onda ahlak ýörelgelerimiz gury takala, boş akyl satmalara öwrülerdi. Ine, ahlak gymmatlyklar üçin ýokarkylar ýaly pelsepeler şol suwasty sütünler, esaslar bolup hyzmat edýär. Binýat bolmasa, bina tiz ýykylýandyr. Biziň milli ruhy pelsepämiz asyrlaryň dowamynda ahlak-durmuşy gymmatlyklarymyzyň hem prinsiplerimiziň guramaz çeşmesi bolup geldi. Şonuň üçinem bu howaýylyk däl-de, esaslylyk, delillilik we ynandyryjylykdyr. Ynandyrmak üçin, «kanagatly bol, sabyrly bol» diýeniňde, ýürege täsir etmegi üçin filosofiki esaslandyrma gerekdir. Ýogsam bular diňleýjiniň gulagyndan sowa geçer.
Ine, wagt pelsepesi adamda ruhy hümmetliligi, baýlyga hem mala imrinmezligi, nebsiň yzyna düşmezligi terbiýeleýär. Beýik Magtymguly: «Daglar Ýeriň myhydyr» diýýär. Allatagala Ýeriň deňagramlylygyny saklamak üçin oňa sütün ýaly edip, daglary myh kimin urupdyr. Edil şonuň ýaly:
Pelsepe ahlagyň myhydyr.
Meniň hem esasy maksadym milletimiziň goldanýan ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ýüze çykyp duran taraplaryny gury sanap, okyjynyň mädesine degmek däl-de, olaryň ýerasty esaslaryny, myhlaryny göz öňüne getirmekdir. Türkmeniň milli ruhunda wagtyň birnäçe görnüşleri aýdyň hem kesgitli aňlanylypdyr. Şeýle ýagdaýyň özi türkmen ruhunyň anyk pikirlenme ukyplaryna, türkmen zehininiň hem üşüginiň güýçlüligine şaýatlyk edýär. Çünki milli geniniň güýjüniň esasy görkzijileriniň biri pikir usullarynyň köpdürlüligidir. Forma köpdürliligi barlygyň inçeliklerini hem dürli gatlaklaryny anyk aňlap bilmekden gelip çykýar. Ine, başga käbir dillerde bir ýa iki söz bilen aňladylýan düşünjeler türkmen dilimizde aşakdaky ýaly birnäçe sözler arkaly köptaraplaşdyrylýar.
Heňňam – bu çäksiz wagtdyr.
Heňňam – älemiň ähli böleklerinde bolup geçýän, planetaara wagty aňladýar. «Heňňam» diýen ajaýyp türkmen sözi Günbatar pelsepeçileriniň ulanýan «eon» diýen ýunan sözi bilen doly manydaş gelýär.
Ýaşaýyş – tebigatdaky ewolýusion wagt. Möçber hem hil taýdan ýaşaýyş Ýer planetasyndaky esasy wagt formasydyr. Ýaşaýyş geologiki hem biologiki wagtyň türkmençe adydyr. Wagtyň ýaşaýyş formasyna geologiki, himiki, fiziki, biologiki hadysalar degişlidir.
Durmuş – bir söz bilen aýdanyňda, jemgyýetçilik wagtydyr. Şonuň üçinem muňa ykdysady, syýasy, gumanitar prosesleriň gidişi degişlidir. Aýdaly, şol sebäpden türkmen dilinde «haýwanlaryň durmuşy» diýen jümle bimany jümle, ýagny türkmençe däl jümle bolardy.
Güzeran – sap maddy ýaşaýyş.
Ömür – şahsyýetiň ýaşaýşyny aňladýan wagt formasy. Ömür köplenç logiki taýdan ölüm diýen düşünje bilen gapma-garşylykda doly mana gelýär.
Şeýlelikde, bularyň hersi barlygyň dürli ugurlaryny we gatlaklaryny alamatlandyrýarlar. Olaryň gelşigi, utgaşygy hem biri-birine geçişi bitewi barlygy kemala getirýär. Şularyň içinde ömür ahlak gymmatlyklara ýakyn düşünjedir.
Ömür – wagtyň ruhy many bilen dolan bölegidir.
Ömür – wagtyň, «boş» wagtyň manylaşmagydyr. Bakylygyň ýoly ömrüň üstünden geçip gidýär. Ruhuň atan tohumlary gögerip, bakylyk miwelerini berýär. Ömür panylygyň içinde bakylyk dänesini datmakdyr, şonuň üçinem ömrüň çuňňur ruhy manysy bar. Aýdaly, haýwanyň ömri, ýa bolmasa, düýäniň ömri diýen manyda gürrüň edip bolmaýar. Bu türkmen aňynyň tebigatyna nädogry gelýär.
Dirilik, jan ýaly düşünjeler bolsa wagtyň özüni, formasyny däl-de, hal-ahwaly aňladýar. Bular ruhuň formalaryny aňladýarlar.
Wagta düşünmek – wagty ýeňmekdir.
Türkmen ruhunyň gözleýjilik häsiýetini görkezýän şu kesgitleme beýik ruhy sapakdyr.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa