13:50 Iñ güýçli zäher / hekaýa | |
IŇ GÜÝÇLI ZÄHER
Çagalar edebiýaty
Könegala obasynyň bir çetjagazynda ýykyljak bolup duran köneje külbejik otyrdy. Onda ömrüni garakçylyk bilen ötüren, bir gözi kör bolan Arguly atly bir ile gelmedik galtaman adam ýaşaýardy. Oba adamlary bu adamy halamazdylar. Sebäbi ol adam ölemen çilimkeşdi. Ol döwürlerde çilim çekýänleri obadan çykaryp kowardylar. Oba adamlary çilmkeşler bilen salamlaşmagam özlerine kiçilik bilerdiler. Arguly kör hem şeýle adamlaryň biridi. Onuň külbejiginiň bosagasyna bu obanyň ýekeje adamy hem aýagyny basyp gören däldir. Bu ilden çykan adamyň ýekeje «dosty» bardy. Ol hem ene kepjebaşdy. Arguly garakçy çilimini otladygy onuň tüssesine, külbäniň sallam-sajak bolup, bulaşyp ýatan üçeginiň köne gamyşlarynyň arasyndan sogulyp, orta duran köne sütüne dolaşyp, süýnerdi-de, ullakan kepjebaş ýere düşerdi. Soňam Arguly garakçynyň çiliminiň tüssesine meýmirär ýatardy. Bu kepjabaşyň bolşy onuň ýoldaşyna-da, bu töwerekdäki tutuş kepjebaş maşgalalaryna-da ýarap baranokdy. Çünki, olaryň ählisi tämizligi gaty berk saklap ýaşaýardylar. – Şol ýaramaz ülhidiň onuň zäher ýaly tüssesiniň golaýyna hergiz barmagyn. – diýip, alahöwren oňa maslahat berýärdi. Bu barada beýleki ýylanlar hem maslahat berme kemini goýanokdylar. Emma bu kepjabaş olaryň biriniňem maslahatyna gulak asanokdy. Ýaz möwsümi gelip ýetdi. Ene kepjebaş tutuş ýylyň dowamynda goýnunda kemala gelen ýumurtgajagazlary ýylyjak çägä gömdi-de, öz çagajyklarynyň dünýä inerine umyt bilen garaşyp başlady. Ýöne şondan soň ene kepjebaşyň öz haly peselip başlady. Onuň dem almasy gün-günden kynlaşýardy. Ýerinen galyp, aw etmäge ysgyn-mydary ýokdy. Beýleki ýylanlar öz taýlary bilen bahar paslynyň eşretinden ganjak bolup, oýnaşyp gezýärdiler. Emma ene kepjebaş welin, gün-günden eräp barýardy. Bu töwereklerde tebipleriň tebibi bolan äýnekli ýylany çagyrdylar. – Wah, wah! Seniň öýkeniň gurap galypdyr-a.Sen edil beýle bolaýar ýaly näme ýakmaz, ýaramaz zat iýip-içdiň! – diýip, äýnekli ýylan şakyrdap duran guýrugyny tarp-tarp ýere uruberipdir. – Şol mülhidiň ajy tüssesini demine sordy. – diýip, onuň taýy gözlerini süpüripdir. – Wah-wah, onda işi gaýdypdyr! Ene kepjebaşyň derdine derman tapylmady. Ýöne onuň bar umydy ýumurtgalarydy. Şol ýumurtgalardan ýüpek sapajyklar ýaly bolup, onuň kepjebaşjagazlary sogurulyşyp çyksa, onuň bar derdi dep bolaýjak ýalydy. Şol arzuwly pursat gelip ýetdi. On iki ýumurtgadan on iki ýylanjagaz çykdy. Emma olaryň ählisi ýagty jahana çykan ýerlerinden süýnüşip ýatyrdylar. Olarda ne gymyldy, ne hereket bardy. – Wah, wah, näme boldy size, balalarym! Ýene äýnekli tebibi çagyrdylar. Ol gelip, bu çaga ýylanlary gaty berk barlaşdyryp, başyny gussaly ýaýkady. – Barysynyň öýkeni gurapdyr. Hemmesi şol zäherli tüsseden. Ejesinden çagalaryna geçipdir. Ene kepjebaş kellesini daşlara urup, aglady, Dady-perýat etdi. Soň bar güýjüni ýygnap, gazap bilen Arguly galtamanyňka ugrady. Arguly garakçy oraçasyny ala tütün edip, çilim çekip, onuň tütünine, meýmiräp ýatyrdy. Ene kepjebaş oraçanyň ortasynda dikilen agaç sütüne dolaşyp, aşak düşdi-de, bar bady bilen özüni Arguly garakçynyň üstüne zyňyp, onuň gabat gelen ýerinden çakyp başlady. Galtamanyň çekip oturan çilimi gapdalda üýşüp ýatan saman küdesiniň üstüne zyňylyp gitdi. Bir salymdan köne oraça güwläp ýanyp başlady. Ene kepjabaş bilen garry galtamamam, temmäki halta-da ot-ýalynyň içinde galdy. Oba adamlary bu ýangyny görüp, ony öçürmäge gelenlerinde, ondan diňe üşmek kül galan eken. 22-nji oktýabr 2000 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |