19:43 Intizar / hekaýa | |
INTIZAR
Hekaýalar
- Wah, oglum, ol at kesel. Ony alanyň bilen saňa hezil bermez. Gowusy men saňa başgasyny alyp bereýin. Ýogsam, hanha, öýde iki sany baýtal bar, şolara serediber – diýip, Çopan ogly Allaberdä näçe düşündirse-de, ýene-de oglunuň diýenine “hä” diýmeli boldy. Ol oglunyň aýdanyny etmänem bilerdi. Ýöne ýeke dikrary bolansoň göwnüni ýykmak islemedi.”Aý, şu bir aty alanym bilen garyp düşüp barýanmy?” – diýdi-de, özüniň baýtaly bilen Sapar paltanyň atyny çalyşdy. Allaberdi kakasynyň ol aty alyp berenine gaty begendi. Sebäbi ol aty gowy görýärdi. Hatda oňa kesel diýseler, gahary gelýärdi. Käte kakasyn-da: “Ol kesel däl. Oňa kesel diýme! Rehimsiz Sapar palta ony urup şu güne salypdyr. Seniň özüňem görýädiň-ä sähel bir zada gahary gelse, çopan taýagy bilen onuň kellesine urýardy. Indem on gyssabeseň ýene urularyn öýdüp bir duran ýerinde aýlanyp başlaýar. Ine, görersiň atyň deregine beren şol baýtalymyzam ýene sanlyja günden siziň diýýän keseliňize uçrar” – diýip, kakasyna öz nägileligini bildirdi. Allaberdi aty birje pursadam gözden salmady. Wagt tapdygy ýanyna barýardy. Oňa “Intizar” diýip ýüzlenýärdi. At öňküsinden has semredi, duran ýerinde aýlanmak keselinide goýdy. Allaberdi oňa günde diýen ýaly kakasynyň goýun bakýan öri meýdanlarynda gezim etdirýärdi. Kä pursat ylgadýardy. Ilki-ilkiler kän bir üns bermeýän Çopan aga-da Intizar bilen gyzygyp başlady. Aty alaýan wagtlary: “Aý, şundanam bir at bormy. Bu yhlas edeniňe degjek däl-ä. Hawa-da, samsygyň şahy bolýamy diýsene... kim aýdar saňa muty taban ýigit diýip” Allaberdä igenenleriniň ýalňyşdygyna göz ýetirip başlady. Öz bildiginden ogluna seýisçilik täliminden öwredýärdi. Her gün günortan çaý wagty golaýlaberende Allaberdi taňkalary otda oturdyp, Intizary çopan goşlaryndan uzakda bolmadyk köle suwa düşürýärdi. Suwa düşürip bolandan soň ony öz peýwagtyna goýberýärdi. Kakasy bilen çaý çörek edinip bolandan soň bir sygyrardy weli, Intizar nirede bolsa-da tapyrdyklap onuň ýanyna gelerdi. Allaberdi her gününiň nädip geçýänini bilenokdy. Bu gün hem çopan aga bilen Allaberdi endiklerine görä turup ertilik edindiler. Soňra goýunlary örä goýberdiler. Ujy egri taýagyna söýenip, süriniň yzyndan seredip duran Çopan aga Allaberdä Intizary gezdirmegi buýurdy. Ýaňy dogup gelýän günüň şöhlesine Intizaryň ýalpyldaýan ak reňki, uzyn-uzyn aýaklary, inçeden dykyzja göwresi, çalasynja hereketlerini şindem ujy egri taýagyna söýenip duran Çopan aga synlap doýup bilmedi. Ol nurana ýüzüni güldürip durşuna: - Allaberdi jan, atyň-a kemi galmandyr! Indi ony çapuwa goýberseň-de, ýüzüňi saraltmaz. Bar, atyňy getir toýnaklaryny göreli, naly könelen bolsa, täze nal kakaly – diýdi. Allaberdi duran ýerinden bir sygyrdy welin, Intizar olaryň ýanyna geldi-de, aýagy bilen ýer peşäp başlady. Onuň nallaryny gördüler. Hemme naly-da abat ekeni. Allaberdi Intizary eýerläp oňa atlandy. Goýunlaryň öňüni öwürmek üçin süriniň yzyndan gitdi. Kakasynyň Intizara beren bahasyndan göwni şatdy. Birdenem onuň ilki başdaky gözgyny ýagdaýy ýadyna düşdi. Oňa atlanan Sapar paltanyň Intizaryň kellesine rehimsizlik bilen çopan taýagyny inderip duran pursatlary göz öňünde janlandy. Onuň gülüp duran gaşlary çytyldy. “Aty nähili idetmelidigini saňa görkezerin! Sen şol doň ýürekliligiň bilen hiç haçanam atdan haýyr tapmarsyň. Bu janaweriň bir dili gürläp bilmeýär diýmeseň, käbir adamlardan düşbidir. Ýöne sen ýaly ejizeganymlyk etseň, iş salyşýan zadyň gymmatyna düşünmeseň, onda-da at bilen iş salyşanyňda öz söýgiň bilen onuň her bir tüýüni bezäp bilmejek bolsaň, iş salyşmanyň gowydyr. Hatda Intizar ýaly atlary süriniň yzynda münmegem kemsidilmegiň çür başydyr” diýip, içini gepledip barşyna batly ses bilen gürlänini özi-de duýmady. Ol süriniň öňüni öwürdi-de, Sapar paltanyň goşy tarapa tutdyryp gidiberdi. Intizar guş ýaly süýnýärdi. Göýä toýnaklary ýere degmeýän ýalydy. Allaberdiniň göwnüne Intizar bir ýerinde durup, ýer süýşýän ýaly bolup duýulýardy. Şol barmana öňlerinden çykan çukurdan Intizar sowlyp ýetişmän bökmeli boldy. Allaberdi çukury görmedi. Atyň duýdansyz bökenligi üçin ol zyňylyp honda düşdi. Bedewiň öňüne ýykylan Allaberdi onuň depelap geçmeginden howatyr edip, yzyna seretdi. Intizaryň topragy serpip gelýän iki öň aýagy Allaberdä degip saklandy. Emma depeläp geçmedi. Ol ýerinden turdy-da, Intizaryň boýnundan gujaklap, ýüz-gözüni sypalaşdyryp ýene-de atlandy. Üstüne ýykylan eli azyrak agyrsa-da, çydamaz ýaly däldi. Olar Sapar paltanyň goşuna bardylar. Goşda hiç kim ýok. Allaberdi hol depäniň aňyrsyndan eşdilýän sesiň Sapar paltanyň sesidigini tanady. Olar depäniň üstüne çykandyklary, Allaberdiniň ýüzi-gözi üýtgäp gitdi. Intizaram birhili tisgindi, hokrandy. Depäniň eteginde Intizar bilen çalşylan gara baýtala atlanan Sapar palta bir duran ýerinde aýlanyp durdy. Agzyna ak gelse-de diýip, gara gelse-de diýip baýtalyň kellesine çopan taýagy bilan urýardy. Allaberdi olary uzak synlap durup bilmedi. Derrew depeden aşak indi. Intizaryň oňa golaýlaşmakdan gorkýanlygy daşyndan synlasaň-da duýulýardy. Allaberdi heniz olaryň ýanyna ýetmänkä: - Sapar aga ony urma! – diýip, gygyrdy. Sapar palta Allaberdiniň sesine birbada saklansa-da, ýene urup başlady. Öýünde wagty semizlikden ýaňa endamy ýalpyldap duran baýtalyň düşen gününe damagy doldy. - Sapar aga beýitmäň, urmasaňyzlaň! – diýen sözleri zordan aýtdy. Sapar palta rehimsiz gözlerini oňa dikdi-de: - Hä ýüregiň awaýamy? Birwagtlar bu haram haýwan seniň öz malyňdy-da – diýip, Allaberdä ýylanyň zäherinden ýiti awuly sözlerini pürkdi. - Siz oňa “haram haýwan” diýmäň! Öň özgäňki bolsa-da, indi seniňki ahyry ol! Onsoňam kimiňki bolanda-da beýle ýençmek bolmaz-a! – diýende, ýaşa dolup duran gözleri gahardan püre-pürlenip, has haýbatly gürledi. Sapar palta hem ondan pes durmady. - Näme haýbat atan bolýaň. Meniň gözüme çöp atyp kesel baýtalyňy bereniňe haýbat atýaňmy?!.. Allaberdiniň ýüzüne şarpyk çalnan ýaly boldy. Gözleri gan guýlan ýaly gyzardy. Elindäki çopan taýagy alyp onuň özüni ýenjesi geldi. Ýöne ulynyň sarpasyny saklap saklandy. - Sapar aga diliň diýýänini gulagyň bir eşidýärmi? Bu aty saňa beren wagtymyz bilen şu wagtky ýagdaýyny bir deňeşdirip gör. Ol seniň rehimsizligiň sebäpli şu güne düşüpdir. Maňa beren atyňam ilki şeýledi. Indi gör, nähili at boldy! Allaberdi bu sözleri şeýle bir janygyp diýdi welin, Sapar palta pälinden gaýdan ýaly boldy. Janawer baýtal bolsa urulan wagty arkasy alynan çaga ýaly gözünden boýur-boýur ýaş döküp başlady. Ol ýene kejirligine tutup: - Aý, onyňam şundan tapawudy ýokdyr-la – diýip, Intizara rehimsiz nazaryny dikdi. At birhili tisginip gitdi. Allaberdi hem: - Tapawudy barmy, ýokmy, ony çapuwa çykaran wagtym görersiň – diýdi. - Çapuwa çykaran wagtym?! – diýip, Sapar palta göwniýetmezçilik bilen gürledi. – sen şonuň bilen çapuwa çykyp baýrak alaryn öýdýäňmi?! – diýip, loh-loh edip güldi. Allaberdiniň bolsa öňküden-de beter gahary geldi. Eýerden gaýym gysdy-da: - Gel, ikimiz şeýle gürleşeli! – diýdi. - Sen obanyň atly atlaryny saýla. Menem şonuň bilen çapyşaýyn. Eger yzda galsam, atymy berýän, eger-de ozaýsam, sen baýtaly berýäň! Gürleşdikmi? – diýip, Intizaryň boýnuny sypalady. Sapar palta Allaberdiniň ýüzüne geňgalyjylyk bilen seredip durdy-da: - Bolýa, men razy. Şol atyň bilen baýtaly alyp bilişiňi bir göreýin – diýip, ilerki depäniň üstünde gezip ýören goýunlaryna seretdi. Köpmanyly ýylgyrýan gözlerini Allaberdä dikip: - Ertir günortan Işangulynyň aty bilen çapyşyga taýýarlanyber, han ogul! – diýdi. Allaberdi razylaşyp Intizaryň başyny öz goşlaryna tarap öwürdi. Gelip bolan wakany kakasyna gürrüň berdi. Çopan aga uzak wagtlap ýere bakyp oturdy-da: Öz-äkyn mesele. Işangulynyň atam gaty ýyndamdyr. Bu golaýlarda onyň öňüne geçjek at-a ýok. Seniň atyňdanam tamam uly weli, heniz çapuwa goýberip görmedik-dä... Aý, görübermeli bor. Bar oglum, atyňy ertire gowy edip taýarla! Günortan çaý wagty bolupdyr, menem goýunlary jemläýin – diýip, sürä tarap gitdi. *** Obanyň gaýra tarapyndaky toýlarda at çapylýan meýdança mähelle bary üýşdi. Märekäniň içinde atlar barada jedelleşýänleri-de bardy. Ýöne olaryň biri-ikisi diýäýmeseň, hemmesem Işangulynyň atynyň tarapyndadylar. Allaberdi Intizary münüp meýdança geldi. Intizar beýle köp adamlary birinji gezek görýändiginemi nämemi, birhili ürkýärdi. Märekäniň çetinde Işangulyň aty durdy. Sapar paltanyň atyň boýnundan sypalan bolup durşundan ony öwýändigi duýulýardy. Allaberdiniň birbada sussy basylan ýaly bolsa-da, kakasynyň “Sussuň basylmasyn, çekinme. At diýilýän janawer gaty duýgyr bolýandyr. Eger seniň sussyň basylsa, çekinseň atyňam derrew duýar. Onsoň oda seniň ýagdaýyňa düşer. Eger çekinmän birinji ýeri hökman men almaly diýen ynamly bolsaň, atyňam seniň ynamyňa ikilik etmez” diýeni ýadyna düşüp, özüni dürsedi. Intizarada göwünlik berýän ýaly eli bilen boýnyna kakyşdyrdy. ... Emin orta çykdy. Atlary ýanyna çagyrdy. Çapyşygyň şertini düşündirdi. Çopan aga Allaberdiniň ýanyna geldi-de: Atyňy soňky aýlawa çenli ýadatama, gyssama! Edil agşamky öwredişim ýaly çapgyn – diýip, göýä pata berýän ýaly, Intizaryň maňlaýyndan sypady. Emin özüniň ak ýaglygyny ýokaryk galdyrdy. Bat bilen goýberdem welin atlar ýola düşdiler. Olar deňeçerrräk barýardylar. Allaberdi kakasynyň aýdyşy ýaly, Intizary gaty gyssanokdy. Ýöne kem-kemden Işangulynyň aty öňe saýlanyp barýardy. Adamlaryň hersi bir zat diýip gygyryşýardylar. - Aýtmadymmy men, Işangulynyň aty ozar diýip. - Işangulynyň atynyň öňüne çykjak at ýokdyr bu töwerekde! - Janaweriň süýnüşine sered-ä! Ýene-de biri: - Bolsa-da, Çopanyň atam gaty yza galanok – diýýärdi. Atlar soňky öwrüme düşdiler. Allaberdi Intizaryň jylawyny goýberdi. Ol diňe ýeňerin diýen ynama gulluk edýärdi. Intizaryň arkasy çalaja çygjarjy... Birdenem märekäniň sesi tapba kesildi. Sebäbi Intizar Işangulynyň atyndan öňe saýlanyp barýardy. Soňky pursatlarda-ha has öňe düşdi. Ine-de, pellehana! Intizar pellehanadan birinji geçdi. Märekäniň gohy ýene-de al-asmana galdy. Işanguly diň arkan gaýtdy. Sapar palta bolsa ýüregini tutup aşak oturdy. Emin gara baýtalyň jylawyny Çopan aganyň eline tutdyrdy. Märeke dagaşdy. Işanguly bilen Sapar paltanyň her goltugyna bir adam girip süýräp diýen ýaly äkitdiler. Allaberdiniň begenjiniň çeni-çaky ýokdy. Ol bir tarapdan Intizaryň ozandygyna begense ýene bir tarapdan öz baýtalyny jebir-sütemden agyr günden çykarandygyna begenýärdi. Hatda ol begenjinden ýaňa atýatagyndan ýaňa nähili ýetenini-de duýmady. Intizaryň eýerini aýyryp, arkasyna köne güpbi ýapdy-da, baýtal ikisini at ýatagynyň içine goýberdi. Baýtal janawer hokuranyp, Intizaryň ýüzüni-gözüni ysgaşdyrýardy. Onuň bu hereketleri, jebir-sütemden halas edilenligi üçin Intizara minnetdarlyk bildirýäne ogşaýardy. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |