KERAMATLY SUW
Bu waka Garagumyň jöwzaly tomus günleriniň birine bolup geçipdi. Tomus kanikuly döwrüdi. Sazak bilen Çerkez üýtgeşik çöl güllerinden ýygnamak üçin çöle çykypdylar. Olar ýaňy dörünjä geçipdiler. Olar Garagum çölüni şeýle gowy bilýändiris öýtseler-de, gaty bir beýle däldi. Sebäbi bu ýowuz çölde ýetmiş, elli ýyllabam onda goýun bakan gojalaryň hem azaşaýan, aljyraýan wagtlary bolman duranokdy.
Sazak bilen Çerkez ýaňy gurap başýan çöl güllerinden ep-esli ýygnadylar. Çöl bolsa edil bir otly tamdyr ýaly, lowlap durdy. Häzir gyzgyn çägä ýumurtga gömseň, şol bada bişjekdi.
– Ýöri, yzymyza, oba gaýdaly – diýip, Çerkez yssa halys çydaman aýtdy.
Oglanlar başlaryny galdyrdylar. Ýokarda ýürekgysgynç çalymtyk asman, ýerde bolsa jöwza ot alyp, köýüp ýatan sap-sary gum alaňlary. Oglanlar biri-biriniň ýüzüne howsala bilen garadylar.
– Gorkma, gelen yzymyz bar-a, şony külterläp gaýdybereris – diýip, Sazak ekabyr sözledi.
Olar şeýle-de etdiler. Bäş-on alaňy aşdylar. Ýöne oba görnenokdy. Iň erbet ýeri, olaryň çüýşesinde bary-ýogy birnäçe owurt suw galypdy. Oglanlaryň bolsa teşnelikden bokurdaklary gurap, indi bolsa dilleri çişip başlapdy. Jöwza bolsa öňküden müň esse güýçlenýärdi. Çerkez ejizje bolansoň, süýrenip, zordan ýöreýärdi. Her ädiminde durup, suwly çüýşä garaýardy. Suwly çüýşe-de, edil, otda goýlan ýaly gyzypdy. Onuň içindäki sähelçejik suw hem gaýnara gelendigi bildirip durdy.
Sazagyň dodaklary darka-darka ýaryldy. Ýöne ol özüni mert alyp barýardy. Oglanlar süýrenişip, öňde keserip duran alaňa çykdylar. Emma oba görner ýaly däldi. Oglanlar ýene bir alaňa çykdylar. Oba görünmedi. Sazak suwly çüýşäni çykardy.
– Me, Çerkez, şu suwy iç! Çerkez suwly çüýşäni zarp bilen ysgynsyz eline alsa-da, suwy içmedi. Soň, ýaryk-ýaryk bolan dodaklaryny ýalap, suwly çüýşäni Sazagyň özüne uzatdy.
– Al, al, özüň iç. Sen, sen menem äkidersiň! Sen iç!
– Sen körpe, düşünýärmiň! Sen halys bolduň. Men çydaryn. Içäý, Çerkez!
– Ýok, men barybir ojagaz suwdan ganmaryn. Sen iç. Sen daýanarsyň.
– Sen iç, bu jöwzada sen şu suwy içmeseň, ölersiň! Düşünýäňmi, Çerkez, iç
Emma Çerkez ýekeje owurdam içmedi. Ýöne özüni saklap bilmän, usurgap, ýanyp ýatan çägüniň üstüne ýykyldy.
Sazak hem onuň gapdalyna süýndi.
Ýiten oglanlary agşamara tapdylar. Olar suwsuz, jöwzaly çölde tas heläk bolan ekenler. Emma oba adamlary bir zada haýran galdylar. Oglanlaryň çüýşesinde bir adam ganarlyk suwlary bar eken. Olaryň bu jöwzaly gün şol suwy näme üçin içmändiklerine hiç kim düşünip bilmedi.
Hawa, ol suw çyn dostlugyň, wepalylygyň keramatly suwydy. Şonuň üçin ol içilmän galypdy.
21-nji maý, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty