20:29 Keremli daglara bar | |
KEREMLI DAGLARA BAR
Allatagalanyñ emri bilen ýaradylan gudratly daglaryñ biri-de Balkan dagydyr. Başy belent bu dag Türkmenistanyñ günbatarynda myhyny ene topraga dikip oturan dagdyr. Balkanyñ töwerek-daşyna sepleşýän ýekeje-de dag ýokdur. Şonuñ üçin oña ýalñyz dag diýsegem bolýar. Balkanyñ gaýrasyndan Hydyr atany gören gum-gollar başlansa, ilersinden, Garajaoglan aýtmyşlaýyn, "Göroglynyñ Çardagly Çandybil diýip, kalby bilen söýüp, guwanyp gezen düz meýdany ulaşyp gidýär. Gündogary burun bolup gutarsa, günbatary kert, uçuryp gaýa bolup gutarýar. Balkan dagy günbatardan gündogara ýüz kilometre uzalyp gidýär. Bu dagy garañky dere iki bölege bölýär. O bölekden beýleki bölege guş bolup uçup geçäýmeseñ, asla geçjek gümanyñ ýok. Balkan dagynyñ özboluşly täsin tebigaty bar. Gudrat göreýin diýseñ, şu dagyñ daş-töweregini, göwsüni sökübermeli. Daşyndan göräýmäge, guraksy dag ýaly bolup görünse-de, degre-daşy, üsti giden ululy-kiçili çeşmelik. Çür depesinde bolsa Ýekeguýy, Goşaguýy diýen iki guýusy bar. Günortasynda: Gargyljak, Bekçeme, Bäşhowdan, Damdam, Ümbilmez, Müsürjik, Käkilikli çeşme, Gamyşlyja atly çeşmeleri bar. Günbatarynda Altynakar, Daşabat, Üççeşme diýen çeşmeleri, Balguýy diýen suwly guýusy bar. Çeşmeler we guýular adamlary, mallary, çöl haýwanlaryny, guşlary suwlandyrýar. Arkajynda Hudaýberdi guýy, Şahmanata, Dinaw, Gardelem, Saka, Patma, Agabaý ýaly çeşmeler bar. Dagyñ üstünde Başmor, Aýakmor, Bekçeşme kimon suwly çeşmeleri bar. Çeşmeleriñ, guýularyñ biri-birine meñzemeýän aýratynlyklary bar. Gadymy adamlar çeşmeleriñ, guýularyñ döredilişine, görnüşine görä at dakypdyrlar. Geliñ, şol atlaryñ birnäçesine ser salalyñ! Gargyljak çeşmesi. Onuñ gözbaşynda az-owlak gargy gamyşy gögerýär. Ýakyn eteginde dag gaýasyndan suw akyp, etegindäki daşdan aýmança guýýar. Tomsuñ ortaky aýynda bir süri goýny suwa ýakýar. Bekçeşme çeşmesi. Ol dagyñ gapbilinde ýerleşýär. Marallara barmaga kynrak bolýar. Bäşhowdan. Ol goragyñ içinde ýerleşýär. Iki ýerinden syrygyp suw dökülýär. Eteginde el bilen edilen ýaly bir-birine meñzeş daşdan bäş sany howdany bar. Damdam çeşmesi bolsa adyna görä, suw üznüksiz goragyñ ýokarsyndan damyp dur. Müsürjik çeşmesi dagyñ orta bilinde ýerleşen, daş-töweregi köplenç otluk bolýar. Müsürjigiñ çür depesinde Çilgiz atanyñ mazary ýatyr. Mazaryñ uzynlygu kyrk gez. Altynakar Jebel şäherçesiniñ gaýrasynda ýerleşip, ir döwürlerden bäri oturymly ilaty suwdan gandyrýar. Daşrabat gadymy galalaryñ biri bolupdyr. Suwy özüne ýetik bolupdyr. Arkajyndaky guýular, çeşmeler ilaty şü güne suwlulandyrýar. Başmor dagyñ depesindäki uly çeşmeleriñ biri. Aýakmor uly çeşme. Tomus aýlary üç-dört sürini ýakardy. Häzir hem suwy egsilen däl bolsa gerek. Ýekeguýy dagyñ üstünde. Suwy guýynyñ agzyna ýakyn, goluny uzadyp suw gabyny doldursa bolýar. Suwy örän sowuk. Birbada başyña çekip içip bolmaýar. Goşaguýy dagyñ üstünde, deräniñ ugrunda iki sany guýy bolup, çuñlugy bäş-alty gulaç. Çeşmeler hakyndaky ýazgyny azaltmasak, gürrüñ uzaga çekjek. Ýöne, her bir çeşmäniñ Ýaradanyñ emri bilen dörändigini ýürek syzyp dur. Muny Balkanyñ çar tarapyna seýil edip, ser salsañ, göz ýetirmek kyn däl. Balkanyñ tebigatynda-da täsinlik köp. Balkan dagynyñ üsti lälezarlyk meýdan. Bozgol diýen meýdanynda Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna çenli arpa-bugdaý ekilip, bol hasyl alnanlygy barada il arasynda gürrüñ edilýär. Bozgolda ýatan demir azallar-sa oña şaýatlyk edýär. Sowetler döwründe Pribaltikanyñ alymlary gurtýowşandan köp dürli dermanlary ýasandyklaryny gürrüñ bererdiler. Bu ösümlik Gyzylarbat, Garrygala, Gazanjyk etraplarynyñ daglarynda gabat gelmeýär. Ýetginjek ýyllarymda ol daglarda köp gezipdim. Şol ýyllarda gurtýowşan diýen ösümligiñ adynyny-da eşitmändim. Haýwanat dünýäsi. Şahy ösrüm-ösrüm dag goçy, umga, aýrak, tilki, towşan köplenç gabat gelýär, gaplañ seýrek görünýär. Käkiligiñ mesgeni, algyr, garaguş, gargalar azlyk edenok. Torgaý, serçe, hüýpüpik, alahekek ýaly guşlar bar. Gadymy adamlaryñ gaplaña - şir, ýolbarsa - peleñ diýmegi ýöne ýerden däldir. Muny delillendirmek üçin rowaýata öwrülip barýan hakyky bolan waka barada gürrüñ etmek gerek. Uruş ýyllary Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäherine işçi batalýona köp adam eltildi. Olar gämi bilen gelýän ýükleri düşürip, wagonlara ýükleýärdiler. Ol adamlaryñ birnäçesi açlykу zerarly aradan çykýardy. Olaryñ arasynda nebitdagly Seýitguly aga hem bar eken. Ol açlykdan heläk boljagyna gözi ýetip, adamlary zorluk bilen işledýän garawulyñ ýaragyny çemini tapyp, elinden gañryp alyp, Balkan dagyna tarap rowana bolýar. Ýolda gündizine buky ýerde gizlenip, gijesine gerişlerini syryp, sag-aman Balkan dagyna gelýär. Ol aw awlap, belli bir dag gowagynda bolman, birnäçe gowagy mesgen tutunýar. Ol birnäçe ýyl yzarlanýar. Seýitguly aga bir gaplañ hemaýat edýär. Günlerde bir gün aw awlap bir gowaga gelýär. Gije ýarymdan soñ bir uly gaplañ gowagyñ agzynda arlap, guýrugyny tarpyldadyp ýatypdyr. Ol pakyr "Eneñ ýagşy, atañ ýagşy şir" diýip, şony söýüpdir. Ep-esli aw etini öñüne oklapdyr. Soñra kä gijeler o janawar goragyñ agzynda guýrugyny tarpyldadyp ýatyp, göz hakyny alypdyr. Gaplañ gündizine göze görünmän gezýär. Seýitguly agany yzarlaýanlar gelse, gaplañ oña görnüp, duýduryş beripdir. O pakyr dagyñ üstündäki dereleriñ tokaýlygynda gizlener eken. Gaplañ göründigi Seýitguly aga düşünipdir. Şeýdip ol gizlinlikde dogan-garyndaşlary bilen gatnaşyk edipdir. Seýitguly aga öz öýünde amanadyny tabşyrýar. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |