KEÝMIR KÖRÜŇ HALAN OGLANY
Türkmeniň belli serdary Keýmir kör bir gün atyny suwa ýakmak üçin obanyň ortasyndaky guýa barypdyr. Şol wagt guýynyň başynda üç sany gelin guýudan suw çekip duran eken. Olar serdara ýerli ýerden salam beripdirler. Soň gelinleriň dogumlyragy:
– Keýmir aga, saňa haýyşymyz bar, eger mümkin bolsa... – diýipdir. Serdar guýudan gowa bilen suw çekip, atyny suwa ýakyp durşuna:
– Aýdyber, gyzym! – diýipdir. Şonda hälki gelin:
– Keýmir aga, biziň üçimiziň hem deňemik oglumyz bar. Han-a, olaryň özlerem gelýär. – Biz ogullarymyz il derdine ýaran ogullar bolar diýen umyt bilen, olara guwanyp ýaşaýarys. Indi, şu ýerde, ýeri gelende, sizem olara baha kesip beräýseňiz! – diýen.
Keýmir kör bu gürrüňden habarsyz, gelip gapdalda duran oglanlaryň birinjisiniň ýanyna barypdyr-da, sen ýok, men ýok, onuň ýaňagyna şarpyk çalypdyr. Şarpyk dadan oglan hiç zat bolmadyk ýaly, ýalym-ýulum edip, göýä hiç zat bolmadyk ýaly, ýylgyryp durmyşyn.
Serdar ikinji oglanyň ýaňagyna-da şarpyk çalypdyr. Ol oglan şarpygyň awusyna, müzzerilip, ýüzüni-gözüni bürüşdirip:
– Näm-äý, men saňa näme etdim-äý. Eje, görsen-e, urup dur-a! – diýip aglamaga başlapdyr.
Keýmir kör üçünji oglanyň ýaňagyna-da şarpyk çalypdyr. Ol oglanjyk Serdaryň goluny silkip goýberipdir-de:
– Arman, Keýmir aga bolaýýaň-da, ýogsa seni edäýmelis-ä belli welin!..—diýipdir. Serdar onuň ýüzüne seretse, gazapdan ýaňa ýüzi-gözi gyp-gyzylmyşyn. Çaga gözlerinden syçrap duran gazap uçgunlary garşysynda duranyň ýüzüni ýakaýjak-ýakaýjak bolýarmyşyn.
Şonda Keýmir aga:
– Birinji çaga binamys, iline-gününe, watanyna peýan bermejek adam bolar. Ikinjisi nalajedeýin, ýal ýagysy bolar, ine, üçünji oglan ulalanda, il-günüň arkasynyň dagy bolar. – diýipdir-de, suwdan ganan atyny idip, yzyna seretmän gidipdir.
26-nji aprel, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty