00:39 Kömelek / satiriki hekaýa | |
KÖMELEK
Satiriki hekaýalar
Çagañ ýanynda bir zat agzarlygam ýok how. Onsoñ ol seni oturaryña-turaryña goýanok. Edil eýertläp münäýýär. - Kaka, aý kaka, hany tursana. Özüñ ertir kömelege äkitjek diýdiñ-ä. Gideli-dä, kaka - diýip, kiçi oglum dañ bilen başujumda kellämi yralap otyr. Dynç günüm bolansoñ ýatyp mazaly gözümiñ awusyny alaýjakdym, bolmady. - Kömelege beýle ir gidilýän däldir, köşek. Olaram entek ýatandyrlar - diýip, men beýläme agdaryldym. Bir oýananyñdan soñ uklap bolýamy, turdum. Çaý-nahar edindik-de, ataly-ogul tirkeşip garaža bardyk. "Žiguli" haý diýmän bizi şäherden çykardy-da, gum etegine eltdi. Ýazyñ hoştap howasyny wasp edýän guşlaryñ gulaga ýakymly sesini diñläp, töweregime ser saldym. Taýak atym ýerdäki Garagumy alkymlap oturan obanyñ gözel görküni nebsewürlik bilen synladym. Uzaklara seredip aýagymyñ aşagyndaky zady görmändirin. Bozaganyñ düýbünde güberçekläp oturan kömelege gözüm kaklyşdy. - Nepes jan, hany bärik gel, oglum. Ol duran ýerinden ylgap ýanyma geldi. - Ho ýerini dörjeleşdir. Nepesjigiñ keýpi göterildi. Güberçekläp duran ýeri ol barmajyklary bilen dyrmalaşdyrdy. Onuñ näzijek çaga sesi ýañlanyp gitdi. - Heý jan, kömelek tapdym! - Höwür-höwür... - diýip, men indiki kömelegiñ gözlegine çykdym. - Ynha, ýene-de biri. Gel, munam al, oglum. Nepesjik gelip, onam aldy. Onuñ nebsi otugdy öýdýän, elewräp gözledi. Garaz, ikimiz iki ýerden sermendik. - Kaka, şu kömelekler ýokardan garry mamañ sanajyndan gaçýamaý, gök gürlände. Onuñ bu soragyna jogap berip ýetişmänkäm, ol ýene-de bir soragy orta atdy. - Kaka, kömelekleri kim gömüşdirip goýýar-aý, hä? Ýanyñda çaga bolsa ýüregiñi gysdyranok. Onuñ soraglaryna gülüp oturmaly. Kömelekler hakynda bilýän zadym bar bolsa aýdyşdyrdym. Niredendir bir ýerden bir topar peýda boldy. Men geñirgenip olara seretdim. Be, bu gün şenbe güni. Näme, bularyñ okuwy ýokmuka ýa öýlänine okaýarlarmyka diýip, öz-özüme sorag berdim. Onýança bir gyzjagaz ýanyma geldi-de: - Daýy, salam - diýip, ýyljyraklady. Onuñ bilen derrew gürrüñimiz alşyp gitdi. - Gyzjagaz, seniñ adyñ kim? - Aýjeren. - Näçinji klasda okaýañ? - Üçünjide. Aýjerenjik duran ýerinden öñe tarap birden okduryldy-da, bir ýerini dörjelemäge oturdy. Oglum ikimiz onuñ ýanyna bardyk. - O-ho, ullakan kömelek tapdym, ynha - diýip, ol uly iki bilen gygyrdy. Biz gürrüñimizi dowam etdirdik. - Aýjeren, bu gün siziñ okuwyñyz ýokmy? Ol jykyr-jykyr güldi: - Wiý, bi daýyny. Şu okuw-da, ynha. Be, bi nähili okuw boldugyka?! Soñky döwürde okuw programmalaryna-da düşüner ýaly bolmady, enter-pelegini öwürdiler. Näme, botanika indi üçünji klasda geçilýämikä? Belki, bi olaryñ kömelekler temasy boýunça praktiki okuwydyr. Çaklamalarymyñ haýsyna hä diýjegimi bilmän, ýene-de gürrüñdeşimi kömege çagyrdym. - Siziñ bi okuwyñyz haýsy sapaga degişli? - Bedenterbiýä. Beýleki çagalaram ikiden-ýekden töweregimize ýygnanyşyp başladylar. Men bedenterbiýe mugallymynyñ ugur tapyjylygyna haýran galdym. Gör, nähili ýeser adam eken, bir okda iki towşan awlaýar. Çagalar hem-ä özlerine kömelek gözleýärler, hemem meýdanda gezim edýärler. Beýle adamlara berekella diýmeli! - Näçe kömelek tapana bäşlik goýjak diýdi, mugallymyñyz? Olar meniñ soragymy geñräk gördüler öýdýän, üşerilişip biri-biriniñ ýüzüne seredişdiler. Men olara ýene sorag berdim. - Tapan kömelekleriñizi özüñiz alýañyzmy ýa... Gözleri ýanyp duran ýeserje bir oglan sözümi soñlatmady. - Özümiz alarysmy, molluma berýäs. Mesele aýdyñ. Gürrüñdeşiñ çaga bolsa hezil, olar añyrsynda zat gizlänoklar. Urman-sögmän gürledibermeli. - Onsoñ mugallymyñyz munça kömelegi näme edýäkä? Satmazmyka bir azrak, kösenip ýörenimden alaýjak. Meniñ başdaky gürrüñdeşim Aýjerenjik ýoldaşlaryndan öñürtjek bolýan ýaly howlukdy. - Ba-ha, o ömür satarmy. Biziñ çöplän kömelejiklerimiziñ ýarsyny ol eltip direktire berýär-ä. Meniñ depe saçym düýrükdi. Oglumyñ elinden tutup, çeträge çykanymy kem görmedim. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |