11:32 Konstantinopolyñ bina edilmeginiñ taryhy | |
KONSTANTINOPOLYŇ BINA EDILMEGINIŇ BEÝANY
Taryhy ýerler
Ol zaman Isgender Zülkarneýin Kaýdafyň tussaglygyndan halas boldy. Isgender alaýhyssalam söz beripdi. “Hiç kime gylyç çykarmaryn, leşger ibermerin, jeň etmerin” diýip ant içdi. Soňra Kaýdafa Isgenderi goýberdi. Isgender tagtyna geldi. Emma gün-günden Kaýdafa söz berendiginiň gussasyndan horlandy. Ol “Ant içdim, name etsemkäm” diýip, Platon, Sokrat, Bukrat hekimlerden sorady. Olaryň hiç birisi Kaýdafyň beren antyna jogap tapmady. Isgender bu dert bilen zaryn kylyp ýören wagty Gara deňiz kenaryny seýran edip, agaç deňzine şikar kylyp gezip ýördi. Şol wagt Isgenderiň bir gapyçy başbegi bardy. Adyna Istenbul diýerdiler. Käbirler Konstantin diýerdiler. Konstantin şikar edýän Isgenderiň ýanyna geldi. Konstantin: “Jahan soltany näme üçin hemişe ýeke gussaly, ýörir sen, maňa syryňy aýt, haýyş edýän. Mümkin men derdiň dermanyny tapyp, göwnüňi şat ederin” diýdi. Isgender jogap berdi: “Eý Konstantin meniň derdime Eflatun hekim derman tapmady. Gamly köňlümi Arestotel hem şadyýan edip bilmedi. Sen nädip meni şat etjek?” diýdi. Konstantin: “Eý Isgender şa, maňa ahwalyňy aýt, mümkin men ýaly bir gul bu kynçylygyň bir ýoluny tapar. Eger höküm etseň hem, menden gowy guluň ýokdyr. Emma hiç kişini kiçi bilme, wagt bolar, onuň bir aýratynlygy ýüze çykar”. Konstantiniň sözüne begendi. Soň Isgender “Razy” diýip aýtdy: “Günbatar soltany Kaýdafa maňa kasam etdirdi. Men onuň garşysyna gylyç çekmeli däl, ýurt basyp almaly däl, goşun ibermeli däl. Jahanyň soltany bolup, men kasam etdim” diýip, Isgender aglady. Emma Konstantin örän akylly we ylym derejesi örän kämil we zehinli adamdy. Aýtdy: “Men seniň derdiňe derman edeýin, gamgyn köňlüňi şadyýan edeýin. Ertir ir bilen awa-şikara çyk” diýdi. Isgender şa şikara gitdi. Guly hem ýanynda gitdi. Ol wagt ol bogazdan bir uly aryk akardy. Ol arygyň töweregi gök öwsüp durdy. Asla deňiz ýokdy. Gara deňizden başga ol ýerlerde derýa ýokdy. Konstantin ol bogazyň kesilen ýerinde bir pes dagyň üstüne çykdy. Ondan Konstantin Gara deňizden nazar kylyp aýtdy: “Geometriýa ylmynda gördüm. Günbatar diýary belentdir, Rum diýary pesdir. Eger bu Garadeňziň şu ýerinden dagyň eteginden deşip, günbatardan, gündogara suw akdyrmaga hiç güman ýokdyr. Günbatar soltany Kaýdafyň mülki we halky bu ýerden baran suwa gark bolar” diýdi. Konstantiniň aýdan sözlerini Isgender Eflatuna, Aristotele aýtdy. “Siz näme diýersiňiz” diýip sorady. Olar aýtdylar: “Eý Isgender, Konstantiniň pikiri ýagşydyr we hökman makuldyr” diýdiler. Ondan soňra Isgender şa buýurdy. Her ýaňadan ussatlar gelip, 300 müň argat getirip, ol bogazy gazmaga başladylar. Gije-gündiz işlediler. Soň 3 ýyllap irden-agşama çenli işlendi. Ol daglary gazdylar. Tä şol gadar Garadeňiziň akmasyna bir dagyň ýarysy galdy. Gazylan ýere birden deňiz möwç urup, dagyň ýarysy opurylyp gömüldi. Birnäçe argadlaryň, mugallymlaryň zähresi ýarylyp, heläk boldy. Ol uly dag deňiz möwjüniň kuwwatyndan hazan ýapragy ýaly titredi. Ondan soňra ähli argat gelip, Isgendere “Derýany gazmagy goýalyň” diýip aýtmaga geldiler. Aýtdylar: “Jahan patyşasy, Garadeňiz gömüldi. Şeýle hem dag ýerinden gopdy. Häzir gazsak, deňiz suwy böwsüp bizi heläk eder. Alla mundan beýläk gazmak bolmaz, dirilik ýegdir” diýip söýlediler. Heläk boljaklaryny bilip, beýan etdiler. Isgender muňa gynandy. Ondan Eflatun bilen maslahatlaşyp, ýagdaýyny aýtdy. Eflatun aýtdy: “Eý Isgender men bu derde derman edeýin. Birnäçe şypa kylaýyn” diýip polatdan iki at düzdiler. Üstüne gara atyň derisini geýdirdiler. Şeýle ikisi meňzeş boldy. Şeýle tilsimat etdiler, sag gulagyny towlasaň, ýokary galýardy. Çep gulagyny towlasaň, ýere inýärdi”. Eflatun hekim gijesi bilen Isgender ikisi argatlardan gizlin ol atlara münüp, deňiz akymynyň ýolunyň ugrunda durdular. Ondan Eflatun we Isgender aýtdylar: “Geliň bu atlarymyzyň aýagyny duşalyň, ýer gazalyň bu deňzi gazyň, gorkmaň. Men deňziň dagynyň ýykylajak wagtyny geometriýa ylmynyň hökümi boýunça size aýdaryn. Siz çalt ol ýerden çykarsyňyz, bizem çykarys” diýdi. Argadlar taýpasy gördiler. Isgender ýene Eflatun bilen içerde bile ata münüp durlar diýdiler. Atlaryň aýagy duşaklydyr, gaçyp gidip bilmezler. Eflatunyň sözi hakykatdyr, diýip ynanyp, ýene derýa ýerini düzedip, ol Ýuje dagyň üstüni külüň bilen gazdylar. Ýedi gün, ýedi gije Isgender, Eflatun olaryň arasynda tagt üstünde oturdylar. Tä ýedi gün, ýedi gije tamamlanýança dag ýene deşildi. Allanyň emri bilen ol deňiz kuwwaty möwç urup, dagy alnyna aldy, ýykdy. Ol Gara deňiz sil bolup, gaty ýaýdan ok atylan ýaly çykyp, ol arygyň içine sygman Bahry umman ýaly girdap ýaly joşup, akdy. Ondan Isgender, Eflatun atlaryna münüp, sag gulaklaryny burup, pelekden ýeke çykyp gitdiler. Deňziň ýakasyndan çykandan soň atlaryň çep gulaklaryny burup, ol depäniň üstüne çykdylar. Galan adamlar Stambulyň ýanyndaky daglarda galdy. Ondan Isgender atdan inip, Allatagala şükürler edip: “Duşmanyň üstüne suw ýagsyn, olaryň başyna suw belasy insin” diýdi. Töweregine seretd,i görse ol üç ýüz müň argadan kowmundan hiç bir adam gutulman ählisi heläk bolupdyr. Bu derýa Günbatar welaýatyndan gök gümmürdisi ýaly inip, ähli älemi tutdy gitdi. Ondan gämiler getirip, Garadeňizden, bogazdan uzakdan geçip, Isgenderi öz dergähine getirdiler. Birnäçe günden soňra deňiz üstünden her ýere müň gämi bilen çaparlary iberip, özleri bu derýanyň içi bilen geçip, bir guma, dagyň etegine bir ýuje ýerine çykdylar. Ýene onda üç derek üstünde pes ýerde tagt baglady. Heniz hem durandyr. Isgender, Eflatun, Konstantin üçüsi ýene çykyp, üç dereklu tagt üstünden ertir, ir bilen gün çykan wagty, älem ýagtylan wagty, ýer ýüzüniň ähli ýerini suw derýa alypdyr. Şeýle bir köp adamlar heläk bolupdyr. Olaryň sanyny Haktagala bilýär. Isgender bu ýagdaýy bilip, görüp, aglady. Allatagala ýalbardy, özüniň günäsiniň geçilmegini sorady. Ondan tagtgähine geldi. Her tarapa gämiler gidip durdy. Gelip habar berdiler. “Eý Isgender şa Kaýdafa ýurduny deňze gark edipdir. Ähli kowmuny heläk etdi. Özi şol Ýuje ýerlerde galan janly-jandar gutulanmyş” diýdiler. Isgender duşmanynyň gaharly bolanyna begendi. Ol gussadan azat boldy. Ol Konstantin atly gulyny örän gowy görüp, baş weziri etdi. Men saňa ynanmaýardym, seniň barlygyňa begenmeýärdim. Emma bu gün seniň akyllydygyňy bildim. Seniň Eflatundan hem kämildigiňi bildirdiň. Ol bu akyly-paýhasa eýermedi. Il welaýat berip, baş wezir edindi. Mundan soň haçanda Isgender Kaýdafanyň üstüne Garadeňizi akdyrjak bolanda Eflatun hekim aýtdy: “Şahym çünki sen bu derýany akdyrmak üçin bu daglary gazjak bolsaň, bu iş üç ýylda tamam bolar. Sen ýadarsyň. Kaýdafa ýene seniň bu pikiriňi duýar. Üstüne deňzi suwunyň akydyljagyny bilse, ol uly leşger çekip, üstüňe geler. Basyp aljak ýerleriňdäki mälikleriň ählisi bolsa gark bolmakdan gorkup, Kaýdafa gulak goýup, senden dönerler. Döwletiňe, bagtyňa, şan-şöhratyňa zyýan ýeter” diýdi. Isgender diýdi: “Eý Eflatun, näme etmek gerekdir, jogap ber”. “Şahym jogap budur. Bu ýerde bir uly şäher binýadyny eder sen. Ol şeýle gala bolar at bir günde töwereginden aýlanyp, bilmez. Ondan soňra bu daglary gazmaga başlarsyň. Ile buýrarsyň bu daglary, daşlary zor bilen gazdyrar sen. Ne gadar daşlar çyksa, arabalar bilen daşap, ol şäheriň binasyna getirsinler. Tä şäher salynýança. Kaýdafa bilmesin, eşitmesin”. Eflatun aýtdy: “Eý Isgender, onuň ýaly şäher binasyny et, bu daglardan çykan daşlar oňa ýetmesin, gaýry ýerlerden gelsin, tä kem Kaýdafa daş üçin bu daglary gazdyrýar diýsin. Bu sözi, pikiri köňlüňde sakla”. Eflatunyň bu sözleri Isgender şaha hoş ýarady. Konstantin şahyň gapyçybaşysydy. “Şahym ol galanyň gurluşygy meniňki bolsun. Ol hyzmaty men tamam kylaýyn” diýdi. Isgender şah ýene Isgenderiň gurluşygyny oňa tabşyrdy. Emma ne ýerde bina kyljagyny bilmedi. Ol Stambul şäheriniň ýeri aw edilýän ýerdi. Ol ýerde hiç kim ýaşamaýardy. Jeňňeldi, tokaýlykdy. Isgender şa onda mydama aw-şikar ederdi. Soň bir gün şa bu pikir bilen şikardan ýadap, gün batyp, gelýärkä Aýasofiýa metjidiniň ýerinde atyndan düşüp, begler bilen oturdy, tagam iýdi. Ondan Şa oturan ýerinde uklady. Üstüne bir don örtdiler. Ýaranlary töweregini alyp durdular. Soň Isgender şa uka gitdi. Düýşünde hezreti pygamber aýtdy: “Eý Zülkarneýin ol bina etjek bolýan şäheriňi şu ýerde bina et diýip, syr äleminde galanyň giňligini görkezdi”. Şu wagtky binany görkezdi. Isgender ukuda ýatanda pygamber alaýhyssalamyň gala barada, onuň gurluşy barada aýdanlaryny görkezişi ýaly ýadynda saklady. Isgender şa tisginip, ukudan oýandy. Düýşünde gören wakasyny Eflatuna, Konstantine aýdyp berdi. Ondan atyna mündi. Konstantine diýdi: “Men atym bilen haýsy tarapa gitsem, bir torbany toprak bilen külden dolduryp, düýbini dilip, asyp goý. Men nirä gitsem yzymdan döküler ýaly”. Olar Isgender şanyň emrini ýerine ýetirdiler. Isgender o gije pygamber alaýhyssalamyň görkezişi ýaly köňlünde tutup barýardy. Isgender giderdi, yzyndan Konstantin torbany dilip goýbererdi, kül dökülerdi. Ol gün tä agşam bolynça galanyň içini aýlandy, Isgender şa tamam kyldy. Ondan soň her günde Isgenderiň emri bilen ol külüň dökülen ýerlerini Konstantin argadlara pil bilen gazdyrardy. Ondan her welaýata namalar iberdiler. Her welaýatdan ussat ymaratçylar we argadlar getirdiler. Şol gadar jem bolan 300 müň argad derýa-arygyn gazýardylar. 300 müň argad arabalar bilen ol gazylan daglaryň daşlaryny çekýärdiler. Müň gala gurujy galanyň töweregini salardy. 300 müň argad ýene gurujylara gulluk ederdi. Emma soň galanyň töweregi gazyldy we meýdany tamam belli boldy. Eflatun hekim diýdi: “Eý şahym, munuň ýaly uly şäheriň binasyny tä kyýamat gopynça bu şäher harap bolman, abadan durar ýaly bir sähetli gün dikeltmek gerekdir” diýdi. Eflatun beýle diýenden soň Isgender şah ýene rugsat berdi, “Sähetli gün binýat ediň” diýdi. Soň Eflatun hekim emr etdi. Her burçunyň ýerinde bir uly agaç dikdiler. Üstüne bir uly jaň asdylar. Düýbünde bir hristian ruhany adam oturdy. Eflatunyň özi galanyň ortasynda Yzraýyl külbesi bardy. Onuň ýerinde bir uly agaç dikdiler. Üstüne uly jaň asdylar. Ondan ol jaňyň düýbünde Eflatun hekim oturdy. Ol galan ruhanylara şeýle höküm etdi: “Haçan men jaňy çalan wagtym sähetdigini bilersiňiz. Siz hem jaňy çalyň” diýdi. Ondan gurujylar geldiler. Konstantin ýene girip, galan işlerini bitirdi. Şeýlelikde, ählisi gelip durardylar. Eflatun “Sähetli gün geldi” diýip, jaňy çalandan soň, gözegçilerem jaňy çalarlar. Galanyň binasy haçan Eflatun eline astrolýab1 alyp, sähetli wagta göz dikip durka tötänlikde bu ýaňadan Isgender öz egindeşleri dostlary bilen aw edip ýören wagty ýaranlaryndan ýeke galyp uklan eken. Ol suw kenarynda bir durna bardy. Isgenderiň elindäki bürgüdi durnany gördi we ony kowalady. Allatagalanyň emri bilen şeýle waka boldy. Durna jaň üstüne dogry uçup gitdi. Durna dogry jaň üstüne geldi. Durnanyň yzyndan bürgüt hem ýetdi. Durnany tutdy. Howadan ikisi bile döne-döne gelip, ol Eflatun hekimiň oturdygy uly jaňyna degdi. Jaňyň owazyny eşidip, jaňlaryň düýbünde oturan ruhanylar durnanyň Eflatun jaňyna gelip degeninden habarsyz, Eflatun jaň çalandyr diýip, olar hem jaň çaldylar. Alla beýikdir ol san-sanjaksyz bina gurujylar garaşmaga ejiz bolup durdular. Sähet wagty gelmedi diýip işlerini taşlap gitdiler. Olar adam boýuça ýokary çykdylar. Ol ýaňadan Eflatun hekim gördi, özüniň pikiri dogry geldi. Allanyň emri Eflatunyň pikirini bozdy. Ah eýleýip, içinden Isgendere sögip, “Bu nähili nadanlykdyr. Munça janly-jandar jem eýlediň. Munuň ýaly uly şäheriň galasyny salmaga başladyň. Men bu şäheriň kyýamata çenli durmagyny, harap bolmazlygyny isledim. Bir sähetli gün gözläp durkam sen meniň pikirimi bozdyň. Mundan gaýry ýerde durna tapylmadymy bu näme etdigiň” diýdi. Isgendir gaýgylandy. Ondan aýtdy: “Eý Eflatun jan çekmek bilen hiç bir zat hasyl bolmaz, hiç bir pikiriň peýdasy bolmaz. Hemme zat Allatagalanyň emri bilen bolýandyr”. Ondan aýtdy kim: “Eý Eflatun, hekim bolan zat boldy. Gel bu şäheriň gelejegini gör, ahyry nähili bolar?”. Eflatun hekim astrolýaby ele alyp tutdy. “Şaha kyrk ýyldan soňra bu şähere seniň duşmanlaryňdan zyýan ýedip, harap bolar” diýip, sessiz-üýnsüz oturdy. Mundan öň Konstantin Isgendere. “Eý şah, Zülkarneýin men guluň saňa bir gala salyp bereýin. Seniň ýaly uly patyşa bir ýyl ol galany açyp, alyp bilmez ýaly” diýipdi. Isgender bu söze güldi. Diýdi, kim, “Ol nähili galadyr, meniň ýaly soltan basyp alyp bilmeýär”. Munuň üstünden wagt geçdi. Isgender gündogara sapar etdi. Tä kim, üç ýyldyr diýlende Konstantin ol galany saldy, tamamlady. Şäher içinde 300 müň goragçy durardy ýedi ýüz müň otagy bardy. 40 müň dükan bardy. Soň Konstantin ol galany mäkäm saldy. Bir ýyllyk azygy içine ýygnady. Ondan Isgendere Konstantin habar iberdi: “Eý jahan şasy, galany mäkäm saldym, gel görgül” diýdi. Isgender ol begençli habary eşidip, Konstantiniň ýanyna ugramagy ýüregine düwdi. Gelip Abu Ensary atly ýerde düşledi. Emma bu ýaňadan Konstantin galanyň gapysyny açmady, çykyp, garşy almady. Gala kowmuna hem gapyny açmagy gadagan etdi. Şeýle hem: “Hiç bir kişi galadan çykmasyn” diýdi galanyň üstünden Isgendere habar bermän, ählisini jeňe taýýarlady. Isgender şa galany alyp bilmez ýaly jan çekdiler. Bu ýaňadan Isgender Eflatuna diýdi, kim: “Eý Eflatun name üçin Konstantin galada bizi garşy almady, gahar etdimi. Bar gör galadan çykyp gelsin” diýdi. Eflatun gala ýakyn gelip: “Eý Konstantin, näme üçin gelip, Isgender şany garşy almadyň, günäkär bolar sen. Gul öz eýesine günä etse, oňa gaharlansa, ol guluň döwletine we ömrüne zyýan getirer” diýdi. Konstantin jogap bermedi. Höküm etdi. Eflatuny oka tutdular. Eflatun gaçyp gelip, Isgendere habar berdi. Isgender gazaba gelip, ol 40 gezek 100 müň sansyz leşgerine emr etdi. “Gala jeň edip, topuluň” diýdi. Bu ýaňadan Konstantine ýene Isgender şanyň gala jeňine ýöredigini görijek. Ol galanyň 300 müň saklaýjylaryna höküm etdi. Galanyň burçlarynyň üstüne çykyp, jeň etdiler. Isgenderiň goşunyny syndyryp, yzyna gaçyrdylar. Kyssany gysgaldyp, aýtsam bir ýylap Isgender ol galany alyp bilmedi. Netijede, ejiz bolup, ýaranlaryndan bir hat iberdi. Ony goýup gitdi. Gelip Saluritde düşledi. Ol tarapdan Konstantin ýene Isgenderiň galany almadygyn görjek 40 müň är bilen atlara münüp, galanyň gapylaryny açdy. Açaryny alyp, Isgendere ýakyn gelende, atdan inip we at juluny geýip, bogazyna bir ýüp dakyp, Isgenderiň ýanyna gelende bu ýaňa Isgendere habar geldi: “Eý jahan patyşasy, galanyň içindäki kyrk müň adam gelip, seniň leşgeriňiň yzynda dur, ägä bol” diýdiler. Isgender ýene ol habary eşidip, goşunyny düzdi. Hatarlanyşyp jeňe taýýarlanyp, durdular we jeň etdiler. Ol ýakadan ýene Konstantin ýanyna gelip aýtdy. Ol leşgerleriň ählisi atlardan indiler. Ondan Konstantin arkasynda bir at july, bogazynda bir ýüp dakyp, Isgenderiň öňünde baş goýup, elin öpüp, bogazyndaky ýüpüni eline berdi. Isgender: “Eý melgun, näme üçin maňa günäli bolduň? Galanyň gapysyny ýapdyň” diýdi. Konstantin: “Jahan patyşasy, men saňa günäli bolmadym. Ýöne saňa diýipdim, seniň üçin bir gala salaýyn , onuň ýaly mäkäm bolar, saňa meňzär. Ýagny seniň ýaly patyşa ony basyp alyp bilmez diýmedimmi. Sen geldiň, eý Isgender, men ýene onuň üçin galanyň gapysyny ýapyp, jeň etmäge galanyň mäkämligini biler ýaly seniň bilen jeň etdim. Sen basyp alyp bilmediň. Men ýene gelip, günämi geç diýdim. Meniň günäm ýok, men seniň guluň. Sen meniň patyşahym. Isle azat kyl, isleseň heläk et” diýdi. Isgender Konstantiniň bu sözünden hoşal boldy. Konstantini ol galada goragçy edip belledi. Laz ilini, Eflak ilini Konstantine berdi. Ondan Isgender ol wagt dönüp, at meýdanyndan diwanhana saldy. Müň derek üstünde özüniň keşbini saldyrdy. Üstünde 3 müň ruhany goýdy. Onda Töwrat, Zebur okadylar. Soň Isgender dünýäden ötdi. Wesýet etdi: Özüniň jesedini Stambulda gömdiler. Mäkäm boldugy ajalyndan soň Isgenderiň tabytyny onda getirip goýdular. Soň Konstantin onda patyşa bolup, galany bekledi. Rawylar şeýle rowaýat aýdarlar: Ol zamanyň Isgender Zülkarneýin alaýhyssalam Kaýdafyň üstüne Garadeňzi akdyrdy. Bu Kaýdafyň oglunyň oglundan bir ogly galdy. Adyna Ankarriýe diýerdiler. Bu Ankarriýe Isgenderiň ölendigini eşidip, begler bilen maslahatlaşdy. Diýdi, kim, “Eý meniň beglerim, hanlarym, siz bilersiňiz, Isgender kim, ol maňa näme zatlar etdi”. Diýdiler ol seniň ata-babalaryň duşmanydyr. Ýüz müň gezek, ýüz müň halk. Hasabyny Alla bilýär. Deňiziň suwuny goýberip, heläk etdirdi. Gark etdi” diýdiler. Ankarriýe diýdi: “Indi Isgender biziň ata-babalarymyz Kaýdafyň mülküni garka berdi. Men hem baryp onuň jesedini oda ýakyp külüni ýele bererin” diýdi. Ankarriýebuýurdy: “Bir içaly belläp ibereli, Stambulyň näçe burçy, galasy bardygyny bilsin”. Içaly baryp görüp, habar getirdi. Ankarriýe öz ýerinde gämi duralgasyny saldyrdy. Ol gämi duralgalaryň belentligi Stambulyň galasynyň sütünlerindenem uludy. Ondan esger jem edip, 40 gezek 100 müň leşger bilen 300 müň sany gämiler gelip, Stambula golaýlaşdy. Derýa ýüzünden gelip, Stambula hüjüm etdi. Duşmanyň näçe birguzlary bar bolsa, deňizden gämi duralgasyna bir-bir çeňgallar taýýarladylar. Bu demirden çeňgallary gämi duralgasyndan aşaga birguzleriň bedenine atyp, tutdular. Ýörüş kyldylar. Ankarriýe dört gezekden 100 müň är bilen gury ýerden top we tüpeňler gurup, ýörüş etdi. Bular bu ýakada jeň etmekde esgerler toplanan ýerden gala ýörüş edip, daşlar atmak bilen ýörüş kylyp, jeň edergen gökaleriň kölegelerinden aşyryp, merdiwanlary hatarlap durdular. Burçlar üstüne atyp mäkäm kylyp, merdiwanlaryň uçlaryny çeňgallar bilen mäkäm berkidip, üstlerine köpürler saldylar. Ýörüş kylyp, galalardan gala goýdular. Sil ýaly akyp, gylyçlar çekip ýörediler. Ýeňdiler hetden aşa gyrdylar. Bu jäht bilen galany basyp aldylar, taladylar. Bu ýagdaýy Konstantin gördi, kim, gala alyndy. Konstantin Angarriýeniň elinden heläk boljagyny bildi. Ondan ähli goşuny jem edip, Isgender gabrynyň üstüni alaý baglaýyp jan-baş orta goýup durdy. Ol tarapdan ýene Angarriýe ähli goşun bilen töwereginden hüjüm edip, halkyny gyra-gyra Isgender şanyň gabyryna gelip, töweregini gabap jeň etdiler. Isgender şahyň ýanynda Musa dinindäki 3 müň ruhany bardy. Töwrat okaýardy. 3 müň ruhany Zebur okaýardy. Angarriýe soltan ol gadar jeň etdi, kim, Konstantin şany heläk etdiler. Ähli goşuny gyrdylar. 6 müň ruhanyny gylyçdan geçirdiler. Şeýle boldy at meýdanda läş-başdan görünmezdi. Ondan soňra Angarriýeşa buýurdy: Isgenderiň guburuny ýykdylar. Tä, kim, ol astyndaky diregleri galdy, tabytyny çykardylar. At meýdanynda oda ýakdy. At meýdanyň derekleriniň üstünde tagt bardy. Angarriýetagta çykdy. Öz eli bilen külüni sowurdy, ýele berdi. Aýtdy: “Allatagala sena bolsun. Ol meniň ata-babalarymyň welaýatyny suwa beren bolsa, men onuň jesedini ýele berdim. Kyrk ýaşymda beýik mertebe gazandym” diýdi. Ondan soňra Angarriýe galany basyp aldy, şalyk edip abadanlyk etdi. Ondan men bu şäheri gämileriň güýji bilen aldym. Bu ýaňa bir doga kylmak gerekdir, hiç kim bu şäheri zorluk bilen almaz ýaly” diýdi. Höküm etdi: “Ne gadar gämiler gelipdir. Her gämi otuz ýük daş getirse, galadan, deňizden maňa getirip döksin. Barsynlar her yklymlara buýursynlar”. Angarriýe şeýle höküm etjek. Alla ekber. Ol san-sajagy ýok gämiler ol gadar daşlar getirip, galanyň, deňiziň ýakasyna dökdüler. Gämi barmaga mejal bolmady. Eskle (ýüpden ýasalan köpri) baglandy. Heniz galanyň töwereginden dökülen daşlary ol gämiler getirdigi daşlardyr. Gämi barmaga we hysara ýakyn bolmaga daş goýmaz. Ondan ýene begler bilen maslahat etdiler. “Isgenderden kastymyzy aldyk, galasyny boýun egdirdik. Ähli mal-oljasyny aldyk. Indi men bu Isgenderiň akdyran deňzini duruzaryn. Bir bent gurduraryn” diýdi. Begleri aýtdy: “Bu müşgil işdir, akla sygmaz”. Angarrie: „Bu bendiň akýan ýeri bu şäheriň ugrunda” diýdi. „Bu şäherler köpdir. Bu bent uzyn däldir. Muny uzaltmak gerekdir” diýip, Angarriýeşaha arz etdiler. Angarriýeşah höküm etdi. Geliboly bogazyna böwet goýdurdy. Ähli ýere çenli suw çykdy. Emma Jeňkywadan akyp, Gumbirguzenden ýaňa ýaka ol kenara gelinçä ýokary çykdy. Ondan ýokary çykan ýerini tapdylar. Gelip Angarriýeşaha habar berdiler. Angarriýeşah şat bolup: „Leşger jem ediň, dört gezek ýüz müň argad binagärler, 40 gezek 100 müň suw binagärler getirdiler. Arabalar düzdürdi, ýollar oňaryldy. Aýdyşlaryna görä, şol daş bolany üçin gämi bilen gelmäge mynasyp däldi. Uzyndy, beýikdi. Adamlar ýygnanyp, suwçylar bilen çyg ýüpekden tikilen ýorganlar bilen getirdiler. Ussalar, binagärler ol daşlary bir-birine demirler bilen berkidip, deňize okladylar. Isgender bendi ýaly bent bagladylar. Ýygnanan daşlary daşadylar. Şeýlelikde Gumburny atly ýerde ullakan bent bagladylar. Ol bendiň binasy häzirem bellidir. Ol bent 7 ýylda guruldy. Deňiz ummana akmagy bilen wagtyň geçmegi bilen gurar diýip, boş hyýal edýärdiler. Konstantiniň bir ogly bardy. Ol şol wagt Isgenderiýe şäherindedi. Eşitdi kim, Angarriýe atly patyşa gelip, atasyny heläk edip, Isgenderiň jesedini ýakyp ýele sowurmyş. Ogly gynanyp, ýanyp-ýakyldy. Özüni bir derwiş sypatyna goýup, gelip Antalyýa şäherine geldi. Gyş günüdi. Onuň ýanynda bir güli bardy. Bir at arkasynda güli bilen Angarriýe şahynyň ýanyna geldi. Gelibolyde çadyrlar gurup, bent saldyrdylar. Soň orda girdi. Özüni derwiş sypatyna goýdy. Biline bir almaz hanjar baglap, köýnegi astyndan güli alyp, Angarriýeniň otagynyň öňüne geldi. Jar çekip, derwüş aýdar: “Jahan şasyna Antalyýadan bir gül getirdim, öz elim bilen bereýin, mübärek ýüzüni göreýin”. Angarriýe buýurdy. „Gelsin, gülüňi bersin” diýdi. Şol wagt öz hanjaryny çykardy. Angarrieniň döşüne sokdy. Diýdi, kim, “Allatagala sena bolsun. Isgenderiň we atam Konstantiniň gan aryny aldym” diýdi. Angarriýe ol wagt jan berdi. Konstantiniň ogluny hem öldürdiler. Angarrieniň gurdurýan suw bendi tamam bolmady. Ýadygärlikdir, binasy bellidir, ýöne kimiň gurdurandygyny, gurandygyny hiç kim bilmeýär. Ilki Osman tagtda oturdy. Taryhyň 955-nji ýylyna çenli gelinçä 268 ýyl gerekdi. Soltan Osman gazy hijriniň 687-nji ýylynda soltan Alaeddinden at, gylyç, şan-şöhraty ýokary galyp, meşhurlyga eýe bolup, patyşa boldy. Yslam dini üçin kapyr Haksar bilen gije-gündiz jeň edip, Bilejik, Inegol, Gulh, Garahysar, Eski şäher, Torklu, Kikri hysary, Lablbu hysary, Läfge, Çadurlu. Inije, Ak hysary, Kýuh-Karahsan, Daip sowli, Tuzbazary, Beruse, Akbazary, Gökde, Awlduni, Kanderi, Armine, Semandere atly şäherleri basyp aldy. Munça ýagşylyk edip, 69 ýyl ömür sürüp, 39 ýyl soltanlyk edip, dünýäni terk edip, bakyýete gowuşdy. Bursada jaýlandy. Ýerine Orhan geçdi. Onuň iki ogly boldy. Biri Süleýman paşa, beýlekisi Myrat paşa. Hijriniň 726-njy ýylynda atasynyň ýerine geçip, Orhan patyşa boldy. Bular ýene uruş etmäge höweslenip, Iznik, Ermid, Olubad atly şäherleri basyp aldy. Rum iline ugrap, Çini, Aýaslini, Geliboly, Fukur atly galalary boýun egdirip, Biruside ymarat, medrese, Iznikde ymarat, medrese, birnäçe zatlar bina edip, soltanlyk wagty 33 ýyl boldy. Soň wepat boldy. Biruside jaýlandy. Ýerine soltan Myrat han gazy geçdi. Onuň iki ogly bardy. Biriniň ady Ýakup, beýlekisiniň ady Ýyldyrym Baýezit. Hijriniň 760-njy ýylynda Myrat han soltanlyk tagtyna geçip, atasy Orhanyň ýerine patyşa boldy. Bular ýene kapyr haksary weýrançylykly öldürip, Ýatnuz, Çendarlu, Birguz, Eski, Edirne, Zägre, Gömüljine, Beffa, Ak şäheri, Ýeni şäheri, Ýalawaç, Garaagaç, Ferjeň, Neşi, Pulge, Burmi, Esgene, Marlie, Renjete, Siruz, Garakrie, Jeňňe, Perawada, Jämli, Tornui, Nekmbuly, Selstre, Warna, Ýanboly, Felbe, Ehtman, Sowfud, Gustendil, Eskub atly şäherleri boýun egdirdi. Garaman bilen jeň edip, Biruside uly metjit, Gaplujede ymarat, medrese bilen Bilejikde uly metjit, Ýeni şäherde ymarat birnäçe zatlar saldy. Kus obasynda kapyrlar bilen jeň edip, gaçanlaryndan soňra bir kapyr gelip, elini öpen kibi bolup, hanjar bilen urup, şehit etdi. Weziriň özi ol wagt Ýakup Çelebini “Gel babaň seni isteýir” diýip çadyr içine myhman hakyna goýdular. Soňra Soltan Ýyldyrym Baýezidi patyşa edip, tagta geçirdiler. Merhumyň ömri 67 ýyl bolup, soltanlyk zamany 31 ýyl bolanda aradan çykdy. Meýdini getirip, Biruside jaýladylar. Soltan Ýyldyrym Baýezidiň ýedi ogly bardy. Olar: Kasym beg, Musa beg, Mustafa beg, Muhammet beg, Süleýman beg, Isa beg, Ärtogrul beg. Hijriniň 791-nji ýylynda Ýyldyrym Baýezit soltanlyk tagtyna geçip, atasynyň ýerine patyşa boldy. Bular ýene birikdirmek ugrunda söweşler edip, Laz ilini urup, Kratek, Dane, Kepruz, Ala şäher, Konýa, Ak saraý, Gara hysar, Akşäher, Amasyýa, Siwas, Torklu, Burly, Selanik, Ýeni şäher, Etne, Muwide, Malatýa, Ýokna, Wazda, Behişni atly şäherleri, galalary boýun egdirdi. Oňrus kapyryny Ýyldyrym basyp alyp, Stambul serdaryny ýeňlişe sezewar edip, ýylda 10 müň flury salgyt kesip, Stambul içinde kazy edip, bir mähelle musulmanlary goýup, salgyt kesdi. Bir metjit bina etdi. Haýyrly işler etdi. Biruside bir uly metjit, medrese, şypahana, Edirnede metjit, medrese, birnäçe zatlar bina etdi. Ahyr Teýmirleň üstüne gelip, esgerlerini dagadyp, patyşasyny tussag etdi. Ol gahar-gazaply bolany üçin Teýmirleňiň elinde heläk boldy. Ömri 45 ýyl bolup, soltanlyk döwri 14 ýyldyr. Meýdini getirip, Biruside jaýladylar. Soňra soltan Muhammet gazy tagtda oturdy. Muhammet gazynyň bäş ogly bardy. Olar: Ýusup beg, Mahmyt beg, Myrat beg, Ýagmyr beg, Mustafa beg. Soltan Ýyldyrym Baýezide bu waka bolandan soňra ogullaryny dargady, soltan Muhammediň hyzmatyna bardylar. Emma otly derdini öjükdirip, sabyr-takat etmän, ýanynda bolan halk bilen Hema ýöräp, Gara Ýahýai, Gara döwlet şa, Kebadzada, Iýtelzada, Gözelzada, Gara Halyl ýaly nejisler gelip, soltan Muhammede garşy söweşip, Allatagalanyň hikmeti bilen her birini çym-pytrak edenden soňra dogany Isa beg, Musa beg, emir Süleýman öldi. Hijriniň 816-njy ýylynda özbaşdak patyşa bolup, patyşalyk tagtyna geçdi. Kapyrlar bilen söweşip, Akşäheri, Ýenişäheri, Seýdi şäheri, Okluk hysary, Samsun atly şäherleri, galalary basyp aldy. Haýratdan Biruside ymarat, medrese bina edip, 30 ýyl ömri boldy. Patyşalyk möhleti ýedi ýyl bolup, dünýäni terk edip, ahyrýete gowuşdy. Biruside jaýlandy. Mundan öňki soltan Myrat han gazy tagtda oturdy. Alty ogly bar. Hasan beg, Orhan beg, Ahmet kiçi beg, Muhammet han, Aly beg. Hijriniň 824-nji ýylynda soltanlyk tagtyna Myrat II atasynyň ýerine patyşa boldy. Bular ölüm-ýitimli söweşe meýil edip, Düzme Mustafany, kiçi Mustafany öldürip, Isfendiýara gaçyp, Epsale, Kujegala, Kugezhenlik, Salanik, Semendere welaýat, Mowrany basyp alyp, Laz ilini talap Dulek oglyny tutup, Oňrus korolyny tutup öldürdi. Haýratdan Sowmi üstünde 174 kemirlu köpri saldyryp, üstünde ymarat bina edip, Edirnede ymarat, iki medrese, Biruside ymarat, medrese, birnäçe hammamlar, ybadathana, hanakalar1 bina etdi. Ahyr ömri 42 ýyl boldy. Soltanlyk döwri 31 ýyl. Bakyýete gowuşdy. Biruside jaýlandy. Soňra soltan Muhammet II han gazy tagta oturdy. 3 ogly boldy. Olar: soltan Jem, soltan Abdylla, soltan Baýezit. Hijriniň 855-nji ýylynda Muhammet II patyşalyk tagtyna geçip, atasy Myrat II ýerine patyşa boldy. Bular yslam dini üçin kapyrlar bilen söweşip, Stambul ýaly uly galany aldy. Aýnuzy, Sowkje, Flaňe, Bakr, Kurfuz, Kukerjeňlek, Branjyk, Meturi, Lundere Amasere, Sennub, Keýlu hysar, Terobuzdan, Meddelu, Bosne, Banie, Izwernik, Egribuz, Alae, Selafge, Kufe, Meňup, Isgenderie, Ernud atly şäherleri, galalary basyp aldy. Eflaga gaza edip, Haýratdan Stambulda Aýasofiýanyň metjit bolmasyna sebäp boldy. Bir aly metjit, sekiz medrese şypahana bina etdi. Ondan gaýry birnäçe metjitler, hanakalar bina etdi. Ömri 52 ýyl bolup, soltanlyk döwri 31 ýyldyr. Dünýä baky gelmän ahyrýete gowuşdy. Stambulda jaýlandy. Soňra soltan Baýezit II han gazy tagta oturdy. Sekiz ogly bardy. Soltan Gorkut, soltan Muhammet, soltan Mahmyt, soltan Abdylla, soltan Selim, soltan Şahynşah, soltan Älemşah, soltan Lämr. Hijriniň 886-njy ýylynda Baýezit II soltanlyk tagtyna atasy Muhammet II ýerine geçdi we patyşa boldy. Bular ýene ata-babalaryna gulak goýup, gaza etmäge meýil etdi. Gelli, Ak geraman, Enie, Kebti, Möwtun, Kurun atly şäherleri boýun egdirdi. Mübärek aýaklarynda kesel peýda bolup, birnäçe ýyl ýerliksiz gelen ajalyndan gorkusyna yslam ülkelerini goramaga girişdi. Stambulda metjit, medrese. Edirnede metjit, medrese, şypahana, ymarat, Amasyýada metjit, medrese bina etdi. Ömri 56 ýyl, soltanlyk döwri 32 ýyl bolup, olar hem dünýäde baky galman ahyrýete gowuşdy. Stambulda jaýlandy. Soňra soltan Selim han gazy tagta oturup, onuň bir perzendi boldy. Onuň ady soltan Süleýmandyr. Hijriniň 918-nji ýylynda Selim patyşa boldy. Atasy Baýezit II wepaly bolup, soltanlyk tagtyna geçip, Selim patyşa boldy. Özi hudaýsyz bolan gyzyl baş üstüne ugrap Çaldyran obasy atly ýerde duşuşyp, gahar-güýji bilen kapyrlary gylyç bilen paralady. Kapyrlary dinsizleri ýeňip, ähli ýurtlary talap, Töwriz şäherine baryp, birnäçe gün onda düşläp, raýatlaryny sürüp, birnäçe ýerlerini weýran edenden soňra Asne, Paýurdy, Kemah galalary basyp aldy. Alaeddindöwle öldürildi. Ergun, Herput galalaryny basyp alyp, Garahany öldürdi. Malatýa, Durie, Keşar, Keri, Kerker, Bähsti galany, Rum şäherlerini basyp aldy. Soňra Arap diýaryna ugrady. Kansugury öldürdi. Jabterdi öldürdi. Halaby, Şamy, Müsüri boýun egdirdi. Tonataýy ygtyýaryndan düşürip, ondan Mardin, Ana galalaryny basyp aldy. Hebeş ogluny ýene öldürdi. Ömri näçe1 ýyl bolup, soltanlyk döwri näçe2 ýyl bolup dünýäni terk edip, ahyrýete gowuşdy. Stambulda jaýlandy. Ondan soňra soltan Süleýman han gazy tagtda oturdy. Ýedi ogly boldy. Olar: soltan Mustafa, soltan Selim, soltan Baýezit, soltan Jahangir, soltan Myrat, soltan Mahmyt, soltan Muhammetdir. Soltan Süleýman hijriniň 926-njy ýylyň Baýram aýynyň sekizinji güni patyşalyk tagtyna geçip patyşa boldy. Kakasy soltan Selimiň üstüne metjit şerif bina etmegi buýurdy. Şol bada ýigrimi ýedinji ýylynda Janeberd gazala günäli bolup, esgerleri edermenlerçe ýeňişe ugrady. Baranlarynda garşylykly söweşip heläk boldular. Ilkinji gezek patyşa hezretleriniň işleriniň rowaçlanmagy bilen Belgrad galasyna ugrap, hüjüm edip, söweşip, Belgrady eýeläp, Tuabanden, Bukerdelen gala, Zemin, Eslan, Komin, Kunik, Airşuh atly galalary basyp aldy. Hijriniň 928-nji ýylynda döwleti bilen gelip, tagt soltanatda düşledi. Ol senede soltan Myrat, soltan Mahmyt atly şazadalar aradan çykdy. Ikinji gezek patyşa hezretleri Ýemende güýçli mäkäm galalarynyň biri bolan Rodos galasynyň üstüne ugrady. Yslam esgerleri bilen baranlarynda azdarha toplar bilen ýokarda agzalan galany gabap, yzygiderli topuň oky bilen urup, galany ýer bilen ýegsan edip, ýykyp, basyp aldy. Şoňa degişli ýerleri gala Lendusi, Şeýtan galany, Eskuny eýeledi. Hijriniň 929-njy ýylynda yzyna geldi. Ilki bilen Perhat paşa baryp, Şehswar oglyny öldürdi. Müsürde Heýr beg wepat boldy. Ýerine Mustafa paşany iberdi. Ahmet paşany Müsüre iberdi. Otuzynjy ýylynda Ahmet paşa uruş etdi öldürildi, wosul(serişde,ýetmek) boldy. Otuz birinji ýylynda Ybraýym paşany Müsüre iberip, patyşalygy dolandyrmak üçin gerek bolan zatlary alyp, yzyna geldi. Ikinji gezek patyşa hezretleri bagtyýarlyk bilen Oňrus diýaryna söweş edip, Tire bardy. Eýluk, Dukin, Sowtin, Delkuar, Erud atly galalary, şoňa degişli ýerleri basyp alyp Mehaç atly sährada Oňrus kapyrlary bilen garşylykly uly jeň boldy. Allatagalanyň eradasy bilen kapyrlary ýeňmek miýesser etdi. Ondan Bedun gala üstüne barylyp, basyp alandan soňra Baçke, Mekke, Seýr, Pake, Kamiçe, Seçle atly galalary ýene basyp aldy. Hijriniň 939-njy ýylynda sag-aman dolanyp gelip, düşlediler. Ol wagtda welaýat Anadolyda Jelala Kalender şah çykyş edip, köp pyssy-pyjurlyklar edenden soňra Ybraýym paşany iberdi. Baryp, göklerin kesdi. Dördünji gezek patyşa hezretleri döwleti bilen Oňrus welaýatyna ugrady. Baranlarynda Betak galalary, Esturgun, Tatar, Bekik ogly galasy atly galany eýeläp, çyn ýürek bilen yzyna hijriniň 939-njy ýylynda gelip düşlediler. Ol wagt ars mübärek bolup, soltan Mustafa patyşa hezretleri bagtlylygy bilen Alaman diýaryna gaza edip, Owsek, Kowbukne, Babruje, Seluar, Berzinje, Efan, Kebarke, Belşeker, Kemidar, Meşter, Hendiň, Sebuşel, Şuril, Bebundurk atly galalary basyp aldy. Hijriniň şu ýylynda dolanyp, tagtyna eýe boldy. Ol senede kapyrlar ýeňilip Mor welaýatynda käbir öňe gidişikler boldy. Altynjy gezek patyşa hezretleri Diýarmaşrykda kapyrlardan bolan Tahmasyp şa atly gyzylbaş ogra üns berip hemaýun görkezip, şärk beginiň başy kesilip, Ahlat azl Jewan, Ahtmar, Estan, Dewane, Merage, Mebane, Sadabad, Seltanie, Abher, Wergezin, Şahnin galasy, Kserserin näçe muňa meňzeş galalary eýelenip, ondan soňra hezret Ymam Agzam geldi. Ol ýerdäki waka bolan galalary ýeňillik bilen aldy. Soň beýik Bagdat şäherine baryp, Allatagalanyň eradasy bilen ony basyp aldy. Ol gyş onda düşlediler. Ýedinji gezek Bahar aýynyň ilkinji günlerinde ýurtlary basyp alýan patyşa hezretleri Ajam şasynyň üstüne Töwriz ugrady. Aralardaky şäherdir-galalaryň ählisini basyp alyp, Töwrize ýetdiler. Tahmasp şa garşy durup bilmän dagdan-daga gaçyp, birnäçe gezek ýeňiji esgerler yzyna düşüp, tutup bilmän, ol ýerleri patyşa hezretleri weýran edip, döwlet doly talandy. Hijriniň 942-nji ýylynda tagta çykdy, ol senede Ispaniýa atly melgunyň gelip, Tunis patyşalarynyň ýagdaýynyň erbetligi barada habar berýär. Patyşa bir mukdar gämi bilen Ispaniýanyň Maýurka atly galasyny alyp, Allanyň eradasy bilen eýeleýär. Ol wagtda Hysrow patyşa Müsür diýaryna ugrady. Soň Ybraýym paşa, erbet işler edeni üçin ajaldan öldürilip, Aýas paşa uly wezir boldy. Sekizinji gezek patyşa hezretleri Kurkus tarapa uruş edip, derýadan ýene uly Tunanem ugrap, Boliýe diýaryna ýetende Hemiýe etrabyny talap, ýitgi boldy. Haýreddin paşanyň elinden Ekne, Merteddiýar, Lokşe, Ýolne atly galalary boýun egdirip, basyp aldy we talaňçylyk edip, yzyna dolandylar. Hijriniň 947-nji ýylynda geldiler, düşlediler. Ol wagt Süleýman paşa Diýarhinde Haýreddin paşa yzyna derýa ugrap, derýada Enduri, Duri atly kapyr kapitany bilen duşuşyp, uly jeň edip, Benatiýa Alla Kuffara hasrat waka bolup, gaçanlaryndan soňra kuffaryň bir mukdar gämisi jem bolup, Alyelkf bilen Newa galasy üstüne baryp, galany alyp köp pyssy-pujyrlyk etdi. Hijriniň 948-nji ýylynda Haýreddin paşa derýadan Newa üstüne ugrady. Baranda Benatiýealla Newady kuffar elinden alyp, içinde ne gadar kapyr bar bolsa, gylyçdan geçirdiler. Kuffardan ol diýar halas boldy. Ol senede Aýas paşa wepat boldy. Lätif paşa uly wezir boldy. Rüstem paşa Anadoly begler-begisi eken. Wezarat Sederiýe geçdi. Süleýman paşa Diýarhindi basyp alyp, çyn ýürekden gelip ýetdi. Erus mübärek bolup, soltan Baýezit, soltan Jahangir sünnet edildi. Soltan hezretleri Rüstem paşa hezretlerine bardylar. Hijriniň 948-nji ýylynda wezir bolup, Süleýman paşa uly wezir boldy. Dokuzynjy gezek paşa hezretleri bagt bilen gaza üçin Asaptuýa ugrady. Budin galasyna ýetenlerinde nejis kapyrlary gylyçdan geçirlip, şol gezekde Budin eýelendi. Biç koroldan ilçi gelip, boýun bolandygy baradaky habaryny getirdi. Ol etraplary ýene basyp aldy. Hijriniň 946-njy ýylynda döwletine gaýdyp gelip, düşlediler. Onunjy gezek patyşa uly bagt bilen Biç diýaryna ugrady. Ol ýere ýetende Elpuh, Şekluşi, Beýhu, Sazwar, Maluar, Eýindar, Esturgun, Tatar, Estuly, Belgrad, Şergat atly galalary özüne boýun egdirip, basyp aldy. Hijriniň 951-nji ýylynda yzyna sag-amanlyk bilen gelip, ýetdiler. Ol wagt şazada Muhammet wepat boldy. Meýdini getirip jaýladylar. Hijriniň 952-nji ýylynda merhum pahyr soltan Muhammediň üstüne metjit şerif bina etdi. Haýreddin paşa derýanyň üsti bilen hüjüm edip, Kaýsarie, Walyp, Karte atly galalary basyp alyp, yzyna bardylar. Ol senede Süleýman paşa gul bolup, Rüstem paşa uly wezir boldy. Hijriniň 952-nji ýylynda Bagdat patyşasy Diýarbasrany basyp alanlygy baradaky habary gelip ýetdi. Hijriniň 955-nji ýylynda on birinji gezek Hedaýatylla Elkas Mürze golaýlaşyp, jahanşasynyň guly bolmagyny ygtyýar edip, patyşa hezretleriniň ýagşylyk işlerine çümüp, belent mertebä ýetişdi. Hijriniň 955-nji ýylynda on ikinji gezek patyşa hezretleriniň işiniň rowaçlanmagy bilen Rüstem paşa işinden boşadylyp, Ahmet paşa uly wezir boldy. Nehşuany talap gelip, Amasyýada gyşlady, yzyna Stambula gelip, uly wezir Ahmet paşany öldürdi. Rüstem paşa uly wezir boldy. Hijriniň 966-njy ýylynda soltan Baýezit, soltan Selimiň üstüne baryp, Konýa obasynda uly jeň, jedel, uruş, ölüm edip, iki dogan bir-birine gylyç goýdy. Soltan Baýezit gaçdy. Hijriniň 966-njy ýylynda on üçünji gezek patyşa hezretleri yzyna Oskdara çykyp, wezir salş bolan Muhammet paşa serdarlyk nesip etdi. Sepahi(esger) oglanlary saga günbatara, çepe azyk-suwluklary ýeter ýaly, Sekban paşany Rum begler-begisi Mustafa paşany, soltan Baýezidiň üstüne iberdi. Hijriniň 966-njy ýylynda soltan Baýezit Konýadan gaçyp, Amasyýa geçip, gaýtadan esger jemläp, Ajam şahy bolan Tahmasba baryp, birnäçe günden soňra Tahmaspy tussag edip, esgerlerini dagatdy. Hijriniň 966-njy ýylynda patyşa hezretleri Stambula gelip, düşlediler. Hijriniň 966-njy ýylyndan soňra patyşa Hysrow paşany Diýarkazwinden Şa Tahmasba iberip, soltan Baýezidi dört ogly bilen öldürdi. Hysrow paşa meýitlerini iberdi. Siwas galasynda jaýladylar. Hijriniň 971-nji ýylynda uly wezir Rüstem paşa aradan çykdy. Aly paşa uly wezir boldy. Patyşa Älem paşa hezretleri Malta üstüne Tunenme emir edip, Wezir Mustafa paşa serdarlyk nesip edip, kaputan paşa bilen Maltaýa niýet etdiler. Hijriniň 972-nji ýylynda Malta obasynda Sentrmeni basyp aldy. Medine üstüne esger çekdi. Yslam esgerleri gaçyp birnäçe kişiler şehit boldy. Birnäçeler ýesir tutuldy. Basyp alyşlary ýeňil bolanlar gaýdyp geldiler. Hijriniň 973-nji ýylynda Aly paşa aradan çykdy. Muhammet paşa hezretleri uly wezir boldy. On dördünji gezek patyşa hezretleri Segetwara ugrap, yslam esgerleri bilen Portu paşany saga günbatara, Sekban paşany çepe azyk iýmitleri ýeter ýaly Kule gala üstüne iberdi. Soltan Myrat han begligini ogly soltan Muhammede berdi. Hijriniň 849-njy ýylynda soltan Myrat tagta geçdi. Şermene sapar etdi. Şermeni ýakdy. Hijriniň 851-nji ýylynda Ernudbuhjun galasyny basyp aldy. Hijriniň 851-nji ýylynda Oňrus Kus oba geldi. Hijriniň 852-nji ýylynda soltan Myrat gazy wepat boldy. Soltan Muhammet tagta geçdi. Garamana sapar etdi. Hijriniň 855-nji ýylynda geldi, saraý saldy. Bu gezek Ýeni galany saldy. Hijriniň 857-nji ýylynyň dört tirkeşikleriniň I aýynyň 20-sinde Konstantinopol basylyp alyndy. Taryhda soltan Muhammediň ýeňişi budur. Hijriniň 859-njy ýylynda galany basyp aldy. Belgrada bardy almady. Hijriniň 861-nji ýylynda Mowrany basyp aldy. Hijriniň 862-nji ýylynda Semendiriýany eýeledi. Ýene hijriniň 864-nji ýylynda Mowrana bardy. Hijriniň 865-nji ýylynda Senap, Trabzun, Kostomonyny özüne boýun egdirdi. Eflaga geçdi. Hijriniň 866-njy ýylynda Kazkelumi ýeňdi. Hijriniň 867-nji ýylynda Modallu galasyny basyp aldy. Bu senede Ýaýçe galany basyp aldy. Ýene bu senede sapar etdi. Hijriniň 869-njy ýylynda Arnude sapar etdi. Hijriniň 871-nji ýylynda Ýene Arnude sapar etdi. Hijriniň 873-nji ýylynda Garamany boýun egdirdi. Hijriniň 874-nji ýylynda Egrbuzy basyp aldy. Uzyn Hasana sapar etdi. Uzyn Hasan hijriniň 878-nji ýylynda gaçdy. Hadem begler-begi Isgenderiýe üstüne bardy, almady, gelip Garabagdana bardy. Hijriniň 862-nji ýylynda asudalyk boldy. Hijriniň 880-nji ýylynda Ahmet paşa Kofe, Meňup galalaryny basyp aldy. Soltan Muhammet Garabagdana bardy, gaçdy. Oňrus galasyny saldy. Patyşa bardy galalaryny aldy. Uzyn Hasan ogly hijriniň 881-nji ýylynda Topusene geldi. Hijriniň 880-nji ýylynda Akja galany eýeledi. Hijriniň 882-nji ýylynda Isgenderiýäni basyp aldy. Soltan Muhammet II aradan çykdy. Soltan Baýezit II patyşa boldy. Hijriniň 886-njy ýylynda Müsüre gitdi. Ýene Jem geldi. Oňruda Muhammet aganyň başy kesildi. Hijriniň 887-nji ýylynda Jem Pereňe gitdi. Garabagdana bardy. Geliýewe Ak Kermany boýun egdirdi. Müsürli Perhadyň, Musa begiň başyny kesdi. Soň Anadoly begler-begisi Herniň oglyny tutdy. Anadoly gyryldy, gaçdy. Soň Dawut paşa bardy. Hijriniň 891-nji ýylynda uly leşger bilen Aly paşa Edirnäni ýapdy. Hijriniň 894-nji ýylynda Şamlu bilen jeň edip, şikest waka boldy. Hijriniň 905-nji ýylynda Enbejeti basyp aldy. Hijriniň 906-njy ýylynyň Aşyr aýynyň 15-nde Mowtuny basyp aldy. Hijriniň 906-njy ýylynyň Aşyr aýynyň 24-nde Kadwany boýun egdirdi. Hijriniň 919-njy ýylyň sapar aýynda Soltan Ahmet aradan çykdy. Günäsi geçilen soltan Baýezit ibn Muhammet han gelmez bu jahana hergiz Ol örän sahabatly onuň dergähi haýrat çeşmesi bolan. Ol jennediň ýoluna rowana boldy. Taryhy işleri üçin onuň jaýy jennet bolar. Hijriniň 918-nji ýylynda rumlylar musulmanlara köp basypalyjylykly hereketler etdi. Leşgeri betbagtlyga uçrady. Iň soňunda ýeňilip, misli baý guş ýaly harabalarda öldi. Hatyf Gaýyby aýtdy taryhyny Ajam şalygyny aldy Rum soltany. Osmandan äşgär boldy bir beýik şa, Ady soltan Süleýman ibn han Selim. Bu gazany beýik etdi. Bu jahan içinde kim. Şular ýaly ýol bilen edilen gazany dünýä adamlary görmedi. Basyp aldy Rodos galany, ol jahan şasy boldy. Hijriniň 920-nji ýyldyr galanyň Süleýman ibn Selim tarapyndan basylyp alynmagy.Soltan Selim wepat boldy. Hijriniň 926-njy ýylynda soltan Süleýmany tagta geçirdiler. Bedunyň basyp alynyş taryhy Ol şahy ýurt eýeleýji soltan Süleýman, kim, oňa, Hemişe oňa gaýypdan müňlerçe üstünlik habary geler. Öňürtseň şol gyran bilen gelen kapyrlary Şeýle gyrdy ählisini, galmady bir ahyr nefer. Her sanyň egsilmegi bilen ýagdaýa görä, diýdiler. Taryh 932-nji ýylynda tamamlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |