15:22 Küýseg | |
KÜÝSEG
Durmuş şarpygyny juda kän iýdim, Ýazgydymdyr, ykbalymdyr diýdim men. Geçdim gitdim kynçylyklañ deñinden, Bu barlygy gussa çekmän söýdüm men. Hiç kimiñ üstüne etmedim hüjüm, Hederem etmedim kimdir birinden. Durun ortasynda deñ agramlygyñ, Hut şonuñ üçünem entek diri men. Ýüregimi açyp goýdum göz edip, Söýmeýänler ýumşar diýdim azajyk. Meni sähne saýan mähribanlarym, Gelmedim men arañyza azaşyp. Siziñki men ähli emlägim bilen, Teññäm bolman "it uwlasyn kisämde". Öwezine meni taşlap gitmäñ siz, Heriñizden bir pil toprak küýsämde. ■ ADAM Adam gezse gezip ýör, Aladasy döwüm nan. Habary ýok ertirden, Meýlis barmy ölüm bar. Düýn görenim bu gün ýok, Az ýaşaýar adamlar. Bir-biregi bagyşlaň, Göwnüňüze zat almaň! Häzir başym aýlanýar, Aýagym ýer tutanok. Erbet aýlanýar başym, Hiç maňzyma batanok. Dünýe döndi köpüge, Ýaşamagy taşladym. Daşymdaky bar zady, Goşa görüp başladym. Ýer daşymdan aýlanýar, Kelläm sarsýa döwülmän. Adam gezse gezip ýör, Aladasy döwüm nan. ■ KÄN Allañ bermedigni bilgiçden diläp, Mañlaýda ýok zada ýetjek bolýan kän! Ýa agyr gününde ölümin diläp, Kazasy dolmakan ötjek bolýan kän. Aýamadyk ahlagyda janyda, Garyshdyrdyk ig, gul tire ganyda, Zat ýok ýerden zaýaladyk añyda, Ekilmedik ýerde bitjek bolýan kän. Gelin äre, är gelnine hekimdir, Bozulan nikalar misli ýesirdir, Bigünä çagalar barly ýetimdir, Şeýtanyñ ýolundan gitjek bolýan kän. Bilýäs indi ene-ata iñirdäp, Köçelerde erkin gülýäs kikirdäp, Ýalançylyk ösdi hamana bir däp, Indi bir-biregi ütjek bolýan kän. Bähbit düşdi arasyna adamlañ, Doganyñam iş bitirmez zat alman, Ehh, Ýazmyrat Çörli sözüñ idelmez, Sebäbi dünýäni tutjak bolýan kän. ■ ÝIGRENIŇ MENI Söýýän sözün ýele sowrup ýörenler, Size haýpym gelýär ýigreniñ meni. Nädeýin gödek men, ýasalşym şeýle, Ikilenç halamok ýigrenenlermi. Namart siz, mahluk siz, ruhy hassa siz, Ynanjañ ýürekler siziñ pidañyz, Ajdarha deý doýdum-doldum ýok sizde, Sizi hem görýändir siziñ hudañyz. Gözüñüz gorkanok duýdyryşlardan, Ant içýäñiz öñ, soñuna seretmän. Diliñizde toba, ýasama iman, Wyjdany bir yzyñyzdan ýöretmäñ! Ýukalygym gursun, "düýedaban," däl, Ikilenç halamok ýigrenenlermi. Söýýän sözün ýele seçip ýörenler, Sizi men ýigrenýän, ýigreniñ meni. * * * Eje, saňa gül almadym, Onuň saňa geregi ýok. Bu gabyrlaň ýüregi bar, Emma ogluň ýüregi ýok. Şu tümmekde ýüregim meň, Ýok başgaça düşündüriş. Eje, ýanyň abatlykmy? Bu dünýäň-ä ýary uruş. Ölüp dynan ýeňdi öýdýän, Oňuşmak kyn bärde, eje. Ýöne meni gaýgy etme, Menem oňat kärde, eje. Gara işde gün görerdim, Bilýän bolsaň o günem men, Bildim boýuna ýetirip Jaýymyzyň öňünem men. Sen bar wagtyň ýok zatlarmyz, Ýoklugyňda bolup otyr. Diýerdiň sen: "Arzuwmyza, oglum, bir gün Hudaý ýetir." Arman, biraz gijiräjik Düşdük Allaň ýadyna biz. Ine, bu gün kakam bilen Gelip seniň huzuryňa, Doga etdik adyňa biz. Bukmak üçin ýangynymy, Ak geýinip geldim, eje. Sen öleňde, seniň bilen, Bilseň, menem öldüm, eje. Diri günüň sada bolup, Bu dünýäni ulanmadyň. Bagyşla bu baýramyňa, Eje, saňa gül almadym. Ýazmyrat ÇÖRLIÝEW. | |
|
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 21 | 1 2 » | |||||||
| ||||||||
1-15 16-21 | ||||||||