00:46 Lektor / satiriki hekaýa | |
LEKTOR
Satiriki hekaýalar
Klubyñ agzyndaky bildirişi okanyma üç-dört gün bolupdy. Ýoldaşymyñ ýatladany gowy bolaýdy, ýogsam ýatdan çykjak eken. - Hany, bi leksiýa gitmerismi, wagt bolan ýaly-la - diýip, Aşyr Ketjäýewiç agzyny hatap ýaly açyp pallady. Men gerinjiräp ýerimden turdum. Sagadyma seretdim. Dogrudanam, wagt bolupdyr. Barybermeli. Biziñ tirkeşip zala girenimizem şoldy welin, öñ hatarda oturan başlyk ýanyndaky gözi äýnekli adam bilen prezidiuma geçdi. Heniz oturyp ýetişmänkäk, başlygyñ güñleç sesi eşidildi. - Şu günki leksiýanyñ temasyny, ýoldaşlar, lektoryñ hut öz haýyşy boýunça üýtgetmeli bolduk. Meret Muhadowiç bilmän öz ýany bilen başga leksiýa alyp geläýipdir, ýagny... Zalyñ gowry artdy. Men endigim boýunça neden sygyrypdym. Zordan saklandym. Onýança kimdir biri "göwnüñe düwen zadyñy etgin, hiç wagt ýarpy ýoldan gaýtmagyn" diýip gyjalat berýän ýaly, çasly gygyrdy. Başlyk gatyrganjak boldy. Gözüni alardyp zala seretdi. Oturanlar köşeşmänsoñ, stoly ýumruklap gygyrdy. Lektoryñ neden ýüregi ýarylypdy, tisginip gitdi. - Hawa, ýoldaşlar, ýagny şu gün hormatly Meret Muhadowiç size "Malu dokuñ - özi dok" diýen temadan leksiýa okap bermekçi. Üns berip diñläñ. Başlaberiñ - diýip, başluk baş atyp lektora seretdi. Meret Muhadowiç howlukman ýerinden turdy. Ol münbere çykandan abşarylyp durdy-da, äýnegine ýapyşdy. Ony ýylyjak demi bilen üfleşdirip süpürişdirdi. Soñra münberiñ her gyrasyna bir elini goýup, onuñ çydamlylygyny barlap görýän ýaly yralaşdyrdy. Ardynjyrap ýuwaşlyk bilen söze başlady. - Gep, ýoldaşlar, diñe bir leksiýanyñ galdyrylyp gaýdylmagynda hem däl - diýip, ol kineli garaýyş bilen başlyga seretdi. Başlyk eýýäm başga bir iş bilen gümrady. Meret Muhadowiç sözüni dowam etdirdi. - Hawa, şu günki tema, elbetde, özüniñ aktuallygy bilen tapawutlanýar. Bilşiñiz ýaly, ýoldaşlar, mallar ot-iými oñat görýärler. Hut şonuñ üçinem maldarçylygyñ önümliligi onuñ iýmitlendirilişine bagly bolup durýar. Dogrusyny dogry aýtsak, ýoldaşlar, heniz käbir obalarda "Mal semrese, eýesini deper" diýen nakyla eýerip, o janawarlab ugruna seredenoklar. Ot-iýmine ýeterlik üns bermeýärler. Añyrsyna seretseñem deper öýdüp gorkýarlar. Ýok, o nakylyñ nädogrudugyny durmuşyñ özem, ylymam bir wagt subut etdi... Lektor başyny galdyrman okaýardy. Zalda oturanlaryñ näme bilen meşgullanýandygy onuñ asla azaryna-da däldi. Meniñ gabat öñümde irkiljiräp oturan adam şeýle bir horlady welin, men-ä zala gaplañ giräýdimikän öýdüpdirin. Yralap zordan turuzdym. Ol nämäñ-nämedigine düşünmedi, gözüni açalak-ýumalak edip, çapak çalmaga durdy. Zalda oturanlaryñ hemmesi ony alyp göterdi. Şowhunly el çarpyşmalar wagty bilen köşeşmedi. Muña başlygyñ özem goşuldy. Lektor minnetdarlyk bilen oturanlara baş atdy. Soñra stakany suwdan doldurddy-da, ondan birki gezek owurtlap, sözüni dowam etdirdi. - Hawa, ýoldaşlar, mallara diñe bir ot-çöpem däl, olara ýyly sözem her br zatça gerek. Mysal üçin, sygyr janawarlary sagañda gowy hiñlenjiräp, çeper sözler bilen tarypyny oñat ýetirip bilseñ, olar senden süýdüni gysganmazlar. Eliñ ýadaýança sag-da otur. Şonuñ üçinem sagymçy gelin-gyzlary çeper höwesjeñler kollektiwine işeññir çekmeli, olara aýdym aýtmaklygyñ inçe tärlerini öwretmeli. Lektor setirleriñ arasyndan nämedir bir zatlar gözleýän ýaly, gabagyny galdyrman okaýardy. Men elimdäki kitaby ýapdym-da, öñümdäki oturgyjyñ arkasyna ýazylan hatlardyr çekilen suratlary synlaşdyrdym. "Sona + Sylap = jagyl-jugul", "Erkek", "Towuk"... we ş.m.-ler. O-ho! Bu zatlary okanym gowy bolaýypdyr. Neden ýadymdan çykan eken. Başlyk towuk iými barada ýatlatgyn diýipdi ahyryn. Bölejik kagyzyñ ýüzüne "Towuk barada..." diýip gysgajyk ýazdym. Galanyny başlygyñ özi düşüner. Köp nokat oýnamaga goýlanok. Onsoñam hatyñ aşagyna bulam-bujar edip golumy çekdim, menden barandygyny şobada añsyn, zaññar meniñ goluma beletdir. Wah, içigar galmyş, meniñ iberen hatymy han-ha, öñ hatardaky oglan eltip lektora berdi-de oturyberdi. Nätsemkäm?! Oturan ýerimden gozganjyradym. Gygyrjak boldum. Onýança lektor eltilen kagyzy açyşdyryp, ilki içinden, soñam daşyndan okady. - Towuk barada. - Ol biraz oýlanyp durdy-da, sözüni dowam etdirdi. - Hawa, ýoldaşlar, kimdir biri goly düşnüksiz çekipdir, towuk barada gyzyklanýar. Dogrusyny aýtsam, men towuk boýunça spesialist däl. Ýöne bu meselede entek jedelli zatlaryñ köpdügini aýtmak gerek, ýagny ylym "Towuk öñ emele gelipmi ýa-da ýumurtga" diýen meseläniñ belli çözgüdini tapanok. Munuñ özi ýörite laboratoriýada, elbetde, öwrenilýär, ýoldaşlar. Towuk ýedi hazynanyñ biri hasaplanylýar. Ýeri gelende aýtsak, aýdym-sazyñ towuklar üçin uly peýdasy bar. Olaryñ ýatýan jaýynda priýomnik ýa-da magnitofon aýtdyryp goýsan, towuklaryñ ýumurtga berşi göz-görtele köpelýär. O barada bir wagt gazetlerde ýazypdyrlaram. Belki, birnäçäñiz okansyñyz. Hawa, ýene-de öz esasy temamyza gaýdyp gelsek, onda maldarçylyk hojalygyñ iñ düşewüntli pudagy hasaplanýar... Meret Muhadowiç leksiýasyny okap gutardy. Göwnüme bolmasa, häzir onuñ keýpi janyny alyp gelýän ýalydy. Ýyrş-ýyrş edip, öñki ýerine geçip oturdy. Ol başlygymyzyñ gulagyna nämedir bir zatlar pyşyrdady. Başlyk ýylgyrdy-da ýerinden turdy. Zalyñ ünsüni özüne çekmek üçin ardynjyrady. - Gözüñiz aýdyñ, ýoldaşlar! Lektoryñ aýtmagyna görä başky okalmaly leksiýa, ýagny "Tebigy hadysalar we olaryñ öñüni almak mümkinmi?" diýen tema tapylypdyr. Ol asyl ýañky okalan leksiýanyñ yzyna çatylan bolsa nätjek. Biderek kösenipdiris... Zalyñ şowhuny artdy. Gürrüldili el çarpyşmalar, aýaklaryñ tarpyldysy, ondan-mundan çykýan sykylyk wagty bilen köşeşmedi. Başlyk ýene-de gazaplanmaly boldy. Stoly ýumruklap gygyrdy. - Ýoldaşlar, hany ýuwaşrak bolalyñ. Adamyñ zähmetine sarpa goýmak gerek. Onda näme, bu leksiýany häzir diñlärismi ýa-da çilim-pilim çekip... Ortarakda oturan ýaşuly ösgün telpegini eline alyp, ony ýokary galdyrdy. Nobat berlerine-de garaşman, ýerinden turdy. - Makul bilseñiz, döwletli bir maslahat bar, başlyk. Myhmany gaty ýadatmaly. Ol şu leksiýasyny bize goýup gidip bilmezmikän? Ýöne okaýmaly bolsa, özümizem bir zat ederdik-dä. Gaty gerek bolsa soñ yzyndan iberäýeris. Hä, nähili görýäñiz, adamlar?! - diýip ol oturanlara seretdi. Dürli ýerden dürli sesler eşidildi. - Annaguly aga hal aýdýar... - Aý, okady diýip ýöne gol çekiläýeninde bolanokmyka? - Annaguly aganyñ teklibimi goldamaly... ... Başlyk özüne uzadylan leksiýany garbap aldy-da, minnetdarlyk bilen lektoryñ elini gysdy. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |