2. Mertlik teswiri
Magtymgulynyň ýaşaýyş keşbi Göroglynyň ýaşaýyş keşbine deň gelmeýär. Bu iki şahsyýetiň ýaşaýyş keşbinde düýpli tapawut bar. Emma Magtymgulynyň Görogla makullamazlykly, düzediş giriziji garaýşy onuň Görogla umumy gatnaşygynyň diňe bir tarapy. Ine, aýdaly, ol şu şygyr bendinde hiç hili ret edijilik äheňini duýdurmaýar. Gaýtam, tersine, hut Göroglynyň esasy – söweşjeňlik, ýyrtyjylyk hörpünden gopýar.
Şerap içip, serhoş bolup segresem,
Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam,
Görogly dek dagdan daga ugrasam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden?!
Eýsem bu ýerde Magtymgulynyň bu gahryman bilen doly ruhdaşlygy hem raýdaşlygy görünmeýärmi näme?! Eýsem, şahyr ony öz talwasy hökmünde görmeýärmi?!
Raýdaşlyk diýmek – bir ýoldan barýanlar diýmekdir (raý – ýol), başgasyn-a bilmedim welin, ruhuň düýpli taryhy meselelerinde Magtymgulynyň ýoly Göroglynyňkydan biraz aýra düşýär. Ruhdaşlyk diýmek bolsa ruhy bir diýmek, emma bularyň hersi türkmeniň ruhunyň bir başlangyjyny alamatlandyrýar. Başga mesele – bu ruhy başlangyçlaryň mazmunyny «erbet» ýa «gowy» diýen hususy bahanyň dar çäklerine salyp bolmaýar. Talwas hakynda aýdylanda bolsa bu tapawut hasam göze dürtülip dur: Göroglynyň talwasy (durmuşy-da) hiç zat tarapyndan çäklendirilmedik erkanalygyň dolup-daşmasydyr, Magtymguly bolsa hut çäklendirmäniň guraly bolan döwleti arzuw edip geçipdir.
Onda ýokarky bentdäki Görogla gatnaşygy hem garaýşy nähili düşündirmeli?
Ruhuň ösüşinde şeýle bir kanunalaýyklyk bar: – islendik täze hadysanyň (garaýşyň, taglymatyň, ýörelgäniň) mazmunynyň täzeligi munda öňki, köne hadysalarda asla bolmadyk närseleriň barlygynda däl-de, öňkülerdäki närseleriň bu ýerde bütinleý täzeçe utgaşýanlygyndadyr. Täzelik – täze taslama laýyklykda gatnaşyklaryň, utgaşygyň, gurnalyşyň, düzülişiň täzeligidir.
Magtymguly üçin Görogly maksada okgunlylygyň nusgasydyr, emma maksadyň özi däldir. Onuň üçin şol sanda «Ýar senden» goşgusyndaky talwas (ideal) Hudaý bilen baglanyşykly ruhy-paýhas gözleglerine ýetmekdir. Ol dünýäniň akyl esaslaryny hem daýançlaryny gözleýär. Şonuň bilenem, bu zatlara baş agyrtmaýan Göroglydan tapawutlanýar. Ine, «söweşmek» düşünjesi her kişide bir hili utgaşygy berýär. Görogly üçin asyl tutuş ömür, ýaşaýşyň özi – söweş meýdany. Şonuň üçin ol söweş meýdanynda-da jan berýär.
Magtymguly üçin ömrüň manysy söweş meýdany däl, ol durmuşa başgaça garaýar. Söweş meýdany Magtymguly üçin durmuşyň kiçijik bir pursatlarynyň, taryhyň bir möwsümleriniň biridir. Onuň ömrüniň manysynyň galan togsan dokuz bölegini başga mazmun eýeleýär. Şonuň üçinem, şahyryň döredijiliginiň esasy mukdar bölegini ruhy-ahlak mazmun tutýar, ol ruhuň kämilligine dahylly meselelere, nädip uruşsyz ýaşaýşa ýetmegiň, adamyň esasy guraly gylyç däl-de, pikiri diýip tassyklaýan ruhy ýörelgä ýetmegiň meselelerine baş agyrdýar. Şunda ol gylyç, ýarag, at pelsepeleriniň mazmunyna üýtgeşiklik girizýär.
Magtymgulyda söweş, at, ýarag baradaky goşgular bir göräýmäge azam däl ýaly. Ine, onuň «Başy gerekdir» goşgusy tutuşlygyna söweş, söweşjeňlik mowzuga bagyşlanypdyr. Bu ýerde şahyr söweşe giren mert ýigidiň hereketdäki keşbini ussatlyk bilen suratlandyryp, edil janly ýaly görkezip bilipdir.
Gaplaň kimin arlap girse meýdana,
Tilki kimin bazy berse her ýana,
Duranda, gaýa dek durup merdana
Alar ýerden at salyşy gerekdir...
Bürgüt guş deý ganat kakyp dügülden,
Muhannesler geçer jandan, oguldan.
Gurt dek girip, ýowny koý dek dagydan
Är ýigidiň mert ýoldaşy gerekdir.
Magtymguly goç ýigitler çapylyp,
Gök damardan gyrmyz ganlar sepilip,
At salanda doňuz kimin topulyp,
Aýy kimin asylyşy gerekdir.
Gaplaň, tilki, gaýa, bürgüt, gurt, doňuz, aýy, laçyn – ine, söweşe giren mert ýigidiň hereketleri bularyň hemmesini – gaýratlylyk, tilsimlilik, mertlik, ýyrtyjylyk, gaýduwsyzlyk, garadangaýtmazlyk sypatlaryny özünde jemlemeli. Şahyryň bu görnüşi – söweşjeň, mert ýigidiň suratyny ezberlik bile çekişi akylyňy haýran edýär. Bu surat janlylygy, täsirliligi hem çuňňurlygy boýunça islendik gahrymançylyk şadessandan gaýra durmaýar.
Emma Magtymgulynyň mertlik taglymaty şunuň bilen gutarmaýar. Söweş – ýaňy aýdyşymyz ýaly, durmuşyň diňe bir pursadydyr. Şol pursatda-da, Magtymgulynyň pikiriçe, akyldan aýgytlylyk, baş kesmek ukyby has zerurdyr:
Sypah bolup, ata çykan her ýerden
Akly känden kesen başy gerekdir.
Emma söweşden soňky durmuşam bar ahbetin. Öz döwürdeş ýigitleriniň şu dünýädäki ömür talwasy hökmünde şahyr, köplenç, üç zady agzaýar:
Ýigidiň dünýäde üçdür myrady:
Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy.
Bu dünýäniň myrady:
At, zagyfdyr, zürýady.
Ýigidiň maksady: mahbup, (zenan), ýarag, at.
Emma Magtymgulynyň ruhy taglymatynda ömür talwasy munuň bilen-de çäklenmeýär. Eger-de ol mahbup, ýarag, at bilen öz gymmatlyklar ulgamyny çäklendiren bolsa, onda Görogly bilen deňeşdireniňde, ol türkmen ruhuna üýtgeşik bir zat goşmadyk adam bolardy. Iş ýüzünde bolsa Magtymguly türkmeniň ruhy gözýetimini bir aýlaw giňeltdi, bir menzil aňryk süýşürdi. Ol, bir tarapdan, «Göroglynyň», «Gorkut atanyň», beýleki tarapdan, Nesiminiň, Ahmet Ýasalynyň, Azadynyň ruhy gymmatlyklaryny özboluşly suratda kebşirledi hem mundan özboluşly taglymat döretdi. Ol taglymat söweş mowzugyna ruhy ölçegleriň girizilendiginden ybaratdyr. Ol bu ýerde yslamyň pikir gymmatlyklaryna daýandy. Şeýdibem, ol ahyret baradaky dini delile daýanyp, gylyjyň sözden, duýgynyň paýhasdan, söweş meýdanynyň ruhy göreş meýdanyndan, nebsiň ruhdan asgynlygy baradaky netijä geldi.
Magtymgulynyň şygyrlaryndaky ýöredilýän pikirleriň esasysy bilen kömekçisini, ikinji orundakysyny saýgaryp bilmezlik onuň taglymatynyň düýp manysyna doly düşünmezlige getirýär. Iň bolmanda hut ýokarda getirilen setirleriň bahanasy bilen käbir zatlary aýtmak mümkin. Üns berseňiz, şahyr ýarag, at, mahbup barada gürrüň gidende, bir-ä «dünýä» sözüne, bir-de «ýigit» sözüne agram berýändir. Onuň pikirler mirasynyň bütin çuňlugyny, giňligini hem çylşyrymly utgaşykdadygyny göz öňünde tutanyňda, bu hakykatyň diňe ýarysydyr.
Dünýämi?
Emma Magtymgulynyň ruhy taglymatynyň gözýetimi munuň bilen çäklenmeýär. Ruhy giňişlik hökmündäki «dünýä» gutarandan soň, «ahyretem» bar-a?
Ýigitlikmi?
Emma ruhy wagt, ömrüň ruhy gözlegleriniň bir esasy hökmündäki «ýigitlik» gutarandan soň, «garrylyk» hem bar ahyryn! Ruhuň öz-özüni derňemeginiň usuly bolan bu aňlatmalar «Göroglyda» ýokdur. Görogla iman taýýar görnüşde, tas sowgat edilip diýen ýaly berilýär, Görogly eseriň soňky sahypalaryna çenli tas garraman, garrylyga ýetmän gezýär. Görogly ruhuň derdeserli agyrylaryny bilmeýär, çünki ol dünýägaraýşyň, ruhuň keşbi hökmünde başga hadysadyr.
Magtymgulyda bolsa ýigitlik hem garrylyk, dünýä hem o dünýä ýaly ikitaraplaýyn aňyýet baglanyşykda geleni üçin at, ýarag, mahbup sözleriniňem asyl manysy üýtgeýär-de, täze mazmun ýüze çykýar. Şol täze mazmunam täze ruhy ölçegleri kemala getirýär. Türkmen aga «Gawun gawundan reňk alar» diýýär. At, ýarag düşünjesi-de Magtymgulyda ýokarky ölçeglerden iki manylylyk häsiýetini alýar.
Ýigrimi ýaşynda äriň ne gamy,
Ýykar dagy, daşy erider demi,
Bir gün öter ýigitligiň möwsümi
Ýyglap-ýyglap gelseň, jogap tapmas sen.
Ýigit bolsaň, gezgil ýagşy at bilen,
Bedew münüp, gezgil perizat bilen,
Ömrüňi ötürgil jemagat bilen
Mesjidi ýykylsa, mährap tapmas sen.
Ýa-da:
Ýigidiň bolmasa ýaragy-aty,
Şony belli biliň, ýokdur gaýraty.
Gojaldykça gider süňňüň kuwwaty
Ýigitligiň zory dyza myhmandyr.
Şonuň üçinem:
Magtymguly, öwüt bardyr sözümde,
Ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde
– diýýär.
Şeýlelikde, Görogly-da, Magtymguly-da ömrüň çäkliliginden dürli netijeler çykarýarlar. Haýsynyňky dogruka? Megerem, ikisiniňki-de dogrudyr, çünki munuň özi şol bir netijä dürli taraplardan gelmekdir. Emma iki ýörelge-de diňe öz çäklerinde dogrudyr.
Göroglynyň erkanalyk pikiri çäginden çykanda, baş-başdaklyga hem eden-etdilige öwrülýär, Magtymgulynyň ruhylyk hem ruhlulyk pikiri öz çäginden çykanda, terkidünýälige öwrülýär.
Görnüşi ýaly, her bir pikir öz tebigy çäginiň içindekä gymmatlydyr, şol çäkdekä manylydyr, çäkden geçilende manysyzlyk başlanýar.
Edebi makalalar