4. Nebis teswiri
Hut nebis bilen baglanyşyklylykda seredeniňde, Magtymguly şahyryň degişli bendini şeýle okamaly bolýar:
Mollalar ahyret sözün söýlärler:
Müňkür olma, gerçek işdir, eýlärler,
Kim biler ki, ahyretde neýlärler,
Iýip-içip, münüp, guçup, öt ýagşy.
Bu ýerdäki iýmek-içmek wagyza özüniň ruhy esasynyň ýok halatynda şahyryň däl, başganyň sözi bolup gelýär. Nebis – adamyň tebigy maddy islegleridir, aýdaly, iýmek-içmek ýaly islegler. Şeýle alanyňda, bu hili isleglerde hiç hili günä, ýazyk ýok. Emma muny adamyň özünden, adamy bolsa beýleki adamlar bilen gatnaşykdan – jemgyýetden üzňeleşdirmän seredeniňde, meseläniň ahlak-jemgyýetçilik manysy bütinleý üýtgeýär. Şeýle tebigy islegler hemmelerde-de bar, onsoň her kim öz tebigy islegleriniň yzyna düşüp, olaryň diýenini etse, jemgyýetiň nähili ýagdaýa düşjekdigini göz öňüne getirmek kyn däl. Nebsiň bir aýratynlygy bar – ol kördür. Ol çuňňur tekepbirlige ýugrulyp, özünden başga zady görmeýär hem-de doýmany-dolmany bilmeýär. Adam bolsa jemgyýetçilik ýaşaýjysy hökmünde diňe hukuklary däl, borçlary-da bolan şahsyýetdir. Bedeniň tebigy meýilleri bilen diňe haýwan jemgyýetinde hiç hili kynçylyksyz ýaşap bolar. Adamzat jemgyýetinde tebigy islegleri çäklendirýän ruhy-ahlaky kanunlary hereket edýär. Özem käbir alymlaryň pikir ýöredişi ýaly, ol kanunlar zoraýakdan döremän, belli bir toparlaryň mekirlik bile jemgyýetiň boýnuna atan zady bolman, jemgyýetiň ösüşinde tebigy suratda ýüze çykan kanunlardyr. Ahlak kanunlary hukuk düzgünleriniň esasy bolmak bilen, adamlar arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrýarlar hem düzgünleşdirýärler.
Elbetde, hatda köplenjem, adamlaryň birnäçesi tarapyndan ýerine ýetirilmeýänligi barada esasly betgümanlyk gürrüňlerini-de etse bolar. Emma, şonda-da, ahlak kanunlaryň jemgyýetiň ýaşaýşyny saklamakdaky ähmiýeti bilen deňeşdirilende, munuň özi ownujak gürrüň bolup galýar. Ahlak ýörelgeleriniň, ylaýta-da jemgyýetde täze gatnaşyklaryň dömüp ugran döwründe bikemallygyna esas bolup biler, emma şonda-da olar asla bolmanlygynda jemgyýetsiz ýaşabam bilmezdi. Şonuň üçinem Nisşe ýa Freýd ýaly adamlaryň ahlagy bütinleý inkär etmesi ýa içi ýananyň gürrüňi ýa-da adamzat jemgyýetiniň ahlak tebigatyna düşünmeýäniň ýöntem gürrüňleri bolup galýar.
Onsoňam ahlagyň bikemallygynyň iki taraplaýyn sebäbi-de bolup biler: ol jemgyýetiň bişişmedikligindenem, şahsyýetiň ahlaky bikemallygyndanam iýmitlenip bilýändir. Mundan bolsa, özüne erk edibilmeýän ýa-da erk etmeli däldir diýen akyla gulluk edýän adamlar hemişe peýdalanyp gelipdirler.
Magtymgulynyň ruhy taglymatynda şahsyýetiň ahlak bikemallygynyň soňuna çykmak baradaky aladalar düýpli hem uly orun tutýar. Olar, esasan, nebis meselesiniň üsti bilen berilýär. Şahyryň döredijiliginde içki ruhy göreş, öz-özüň bile – nebsiň bile göreş iň çuňňur, serhal taýdan anyk hem pelsepe taýdan düýpli beýan edilen ruhy hadysalaryň hataryna girýär.
Ryýazatny ýükläp, nebsim şütürne,
Yhlasa iýtdirip, «haýlamaýynmy?».
Ýa-da:
Ruhum guşun besläp, nebsimiň awun
Pikir bişesinde awlamaýynmy?
XVIII asyryň ruh hem dil hadysasy bolany üçin, bu ýerde häzirki zaman adamyna düşnüksiz käbir sözler, ruhy düşünjeleri aňladýan sözler bar. Olaryň düşnüksizligi diňe söz derejesiniň ahwalaty däl. XX asyryň dünýewileşen adamy ol döwrüň çylşyrymly ruhy meselelerinden «Namartja olam – sagja olam» diýip, gaçganaklaýanyny kem görenok. Dil däl, ruhuň, kalbyň daşlygy, bigäneligi düşnüksizlige sebäp bolýar. Bu ýerde aýratyn keşbiň bardygam muňa täsir edýär. Başky iki setirde şahyr nebsimiň düýesiniň üstüne ryýazatymy – özümi çäklendirmegi ýükläp, hakykata hem ahlaga bolan yhlasyma iýtdirmäýinmi diýýär. Soňky mysalda bolsa pikiriň tokaýlygynda ruhumyň ýyrtyjy guşuna nebis isleglerimi awlatmaýynmy diýýär. Ahlaky kämillik ugrundaky içki çylşyrymly göreşiň öz-özüň bile ajaýyp beýany-da. Hakykata, ahlaga yhlas, ruh, pikir – ine, tebigy islegler bolan nebse garşy goýulýan ruhy gymmatlyklar şulardyr. Nebis diňe bularyň däl, ol ynsabyň hem ýagysydyr.
Nebis ynsapdan ötdi, şum şeýtan – dinden.
Adamzat ahlagynyň kämilleşiş taryhynyň nukdaýnazaryndan seredeniňde, bu hili içki göreşiň uçursyz uly ähmiýeti bar. Adam şeýle göreşe kuwwat tapmadyk bolsa, adamzadyň ilki ahlak, soňam şol netijede hatda beden taýdanam tüýsüni üýtgetjek, azjak ekenligi şübhesizdir. Agyryly hem çylşyrymly, derdeserli hem janagyryly bolsa-da, yzygiderli taryhy ösüşi şol sanda şol göreşleriňem miwesidir.
Eýsem-de bolsa nebis islendik hem ähli tebigy isleglermidir? Elbetde, ýok?
Nebis – tebigy islegleriň pis keşbidir.
Nebis – tebigy islegleriň çäksizligi hem betnyşanlygydyr. Nebsiň oňynlykdaky jübüti bolan ahlak tebigy islegleriň ýüzüne bütinleý atanak çekmeýär. Ol diňe tebigy meýilleriň jemgyýetçilik ýaşaýşyna zeper ýetirmeýänlerini kanunlaşdyrýar. Mundan aňryk geçmek diňe jemgyýete däl, ahyrky netijede şahsyýetiň özi üçinem gaty bir howpsuz däldir. Aýdaly, adamyň – erkek adamyň aýala ýa-da aýalyň erkege bolan tebigy meýli dini-ahlaky ýörelgäniň berjaýy bolan nika dessurynyň üsti bilen kanunlaşdyrylypdyr. Emma, köplenç, adamyň bu tebigy meýli nika bilen tamamlanman biler. Adamyň ýüregi bir däl, köp adama aşyk bolup biler. Ýüregiň bu meýilleriniň hemmesini amal etjek bolýan adam nähili gülkünç hem gözgyny ýagdaýa düşerdi, muňa ahlak taýdan ýol açjak bolan jemgyýet nähili pes hem pis ýagdaýa düşerdi? Ýa-da iýip-içmek islegi-de çäksiz bolanda, şeýle azgynlyklara getirip biler, getirýärem. Adamzadyň ruhuny eýikdirmeýänem şular ýaly nogsanlardyr. Bular adamyň ömrüne, ömrüň manysyna we gözelligine zeper ýetirýär, ony bütinleý başga ugra alyp gidýär.
Gökde pelek gerdandyr,
Halk ýerde sergezdandyr,
Ne bazygär jahandyr,
Göz açan maly gözlär.
* * *
Hem han bolsa, hem dünýäsi taý bolsa,
Hem ölmese, hem esbaby şaý bolsa,
Hem bermese, hem çüýrimez baý bolsa,
Ýagşy ady hem dünýäde dan bolsa...
* * *
Ýygnadyň, ýygşyrdyň, mal-u pul boldy,
Haýryn görmän öldüň, üç zen dul boldy.
Ýygnan ýygynçagyň bary kül boldy,
«Görümsiz, gysyk» at galdy özüňden.
Adam öz nebsiniň elindäki gurala, serişdä öwrülýär. Adam ahlagy ony dünýä barabar, öz ruhy manysy boýunça oňa taý bolmaklyga çagyrýar. Emma nebis ruhy bölekleýär, kiçeldýär, betnyşan hem göýdük edip taşlaýar. Şonuň üçin nebse garşy içki göreş – adam ruhy ugrundaky göreşidir.
Magtymguly täze taryhy şertlerde nebsiňi öldürmeseň, şahsyýet bitewüligine-de, millet bitewüligine-de ýetip bolmajakdygyna oňat düşündi. Nebis jemgyýetdäki mynasyp ornuňy maddy taýdan üpjün etmek, mertebäňi maddy esaslandyrmak däldir. Nebis ondan aňyrdaky zatlara dalaş edýär. Şonuň üçinem şu duýgyny agyzdyryklamasaň, idili jemgyýeti hem, başbitin döwleti hem gurmak mümkin däldir. Nebsiň içki çäklendirijisi öz-özüň bile göreş bolsa, onuň daşky çäklendirijileri jemgyýetçilik ahlagy hem-de döwlet kanunlarydyr.
Edebi makalalar