16:40 Mähirli owaz | |
MÄHIRLI OWAZ
Edebi makalalar
Çyn şahyrlaryñ terjimehallary anketanyñ setirlerine sygmaýar. Olar özleriniñ kimdigini özlerine berlen ömrüñ bütin dowamynda ýazýarlar. Şol ýazgylarda juda köp zatlar: ony ýazanyñ häsiýetinden gözýetimine çenli, dünýäni duýşundan idealyna çenli, durmuşy añlaýşyndan zamana bilen arabaglanyşygyna çenli ähli zatlar görünýär. Şahyry şahsyýet derejesine göterýän ýagdaý onuñ içki dünýäsinin diñe barlygy bilen däl-de, şol dünýäniñ baýlygy bilen, ýagny, şol dünýäniñ hyjuwy, harasady, tebigylygy hem-de nuranalygy bilen baglanyşyklu bolara çemli. Kaýsyn Kulyýewi men ilkinji gezek ýigrimi ýyl mundan ozal Moskwanyñ Maksim Gorkiý adyndaky edebiýat institutynda gördüm. Çingiz Aýtmatow bilen hem, Dawid Kugultinow bilen hem şol ýerde tanyşdym. Seredip otursañ şol mahallar Kaýsyn Kulyýew kyrk ýetmedik ýaş adam eken. Şundan sanlyja gün öñ Moskwada döredijilik soýuzlarynyñ we guramalarynyñ bilelikdäki plenumynda biz Kaýsyn Kulyýew bilen ýene-de doganlarça salamlaşdyk, hal-ahwal soraşdyk. Onuñ giñ hem-de ýylçyr mañlaýynyñ astynda oýnaklaýam gözleri oña pähimdaryñ sypatyny berýär. Aslynda çyn şahyryñ her biri özüçe pähimdar ahyry. Pähimdarlyk bolsa göräýmäge juda owunjak zatdan başlanýar. Bir günüñ içinde ýüz sapar görýän Ähli zatlaryma galýaryn haýran... Şahyrlyk haýran galmakdan başlanýar. Belent daglar bilen ymgyr çöller, äpet çynarlar bilen ýeriñ astyndan dürterip çykan gökje ot köpbilmişi añk etmese-de etmez. Adaty guşuñ jürküldisi welin çyn şahyryñ akylyny bendi edýär. Sebäbi, şahyr tebigatyñ giñişliklerinde äden her ädiminde täsinligi, gudraty görýär. Agy bilen gülki täze çykan zat däl. Emma ol iki owaz hiç haçan emeli peýda bolmaýar. Şonuñ üçin-de, ynsanyñ bu iki mukaddes duýgysyna biperwaýlyk başlanan ýerde şahyrlyk gutarýar. Bir elinde bir döwüm çöregi, beýleki elinde kitaby tutup duran pursatlarynda Kaýsyn Kulyýew nämeler barada pikir edýär? Ine: Bakylykdan iki zar bar öñümde, Kerpiç ýaly kitap, el ýaly çörek. Birisi - paýhasyñ, biri - döwletiñ, Başga saña näme paý-serpaý gerek! Açgözlük däl-de, teşnelik! Nägilelik däl-de, ömre alkyş okamak! Badyhowalyk däl-de pespällik! Kaýsyn Kulyýew köpi gören, diñe bir gören hem däl-de gerdeni bilen çeken adam. Emma başdan geçirmek hem her hili bolýar. Uly şahyr Çegem jülgesini goşgularyna kän agzaýar. Çegem Kaýsynyñ dogduk mekany. Ol guwanjyny hem-de gynanjyny ilki şol mähriban jülgesi bilen paýlaşýar. Agyr günlerde-de, şatlykly pursatlarda-da ol daglara ýüzlenýär. Kert gaýalar oña hem teselli berýär, hem ylham berýär. Daglar onuñ Watanydyr, Watan bolsa mukaddesdir. Şahyryñ dogduk depesine bolan çuññur söýgi günüñ şöhleleri ýaly Kawkazyñ çäklerinden çykyp, uly Watanyna ýaýraýar. Ýekelikden ýigrenji zat görmedim, Ýekelikde mydam ýadaw sen, ýadaw. Ykbal meni senden aýra salmasyn, Sensiz aýym-günüm dogmasyn, Adam! Ynsanperwerlik bilen Watana bagrybadaglylyk uly şahyrlaryñ süññüne ornaşan in belent duýgydyr. Şol duýgusynyñ ýer ýada asman ýaly tebigylygy şahyra özüni dünýä beren enäniñ, atanyñ, halkyñ, topragyñ adyndan geplemäge, halkyñ pähim-parasadyny beýan etmäge rugsat berýär. Kaýsyn Kulyýew bagtly zamanada doguldy. Ol Oktýabryñ ýaşytdaşy. Onuñ ene dilinde ýazan eserleri beýik rus dili arkaly Soýuzyñ ähli künjeginde okalýar. Dünýäde onuñ poeziýasynyñ gadyryny bilýänler köp. Elbetde, milli şahyryñ goşgularyny başga halkyñ diline geçirmegiñ öz kynçylyklary bar. Aslynda munuñ özi akyla sygjak zat däl ýaly bolup görünýär. Sebäbi, poeziýa ilkinji nobatda owazlardan ybaratdyr. Biziñ akylyñy haýran edýän mukamlarymyzyñ güýjüni başga saz guraly berip bilmez. Muña hatda dutaryñ gapdalyna gyjagyñ goşulmagy-da zyýan berýär. Her niçik-de bolsa ezber, takyk terjime edilýän şahyryñ ruhy dünýäsini açyp görkezmäge belli bir derejede mümkinçilik berýär. Kaýsyn Kulyýew biziñ güneşli ülkämize telim gezek myhman boldy. Ol Berdi aganyñ ýaş toýuny gutlamaga-da gelipdi. Häzir Berdi aga diri gezip ýören bolsa, ol hem öz mähriban dostunyñ toýuna giderdi. Hökman giderdi!.. Emma bu gün seniñ hatyrañy tutýan, ägirt talantyña sarpa goýýan, juda köp sanly türkmenistanly okyjylaryñy toýuña baran ýaly gör, gadyrdan Kaýsyn Şuwaýewiç! Seniñ mähirli owazyñ biziñ topragymyza gelip dur. Şeýle dabaraly günlerde dost dosta bagtly bolmagy arzuw etgiç bolýar. Biz seniñ bilen bagt diýen arzyly zady hiç haçan ýöntemleşdirmändik. Seniñ bu baradaky setirleriñ meniñ dilimde, ine, şeýleräk ýañlanýar: Bagt - bitswi bir berlen gutlukdyr, Ony bölüp-büçmek betbagtlykdyr. Dogry! Seniñ doglan ýylyñda Oktýabryñ, ýeñişli rewolýusiýanyn jar eden "Awroranyñ" zalplart seniñ gojaman daglaryñda, meniñ ata-baba mesgenim Garagumuñ çöllerinde täze durmuşyñ başlanýanlygyny habar berdi. Topragy azat, halky abat bolmadyk şahyr özüni hiç haçan bagtly saýyp bilmez. Sen Oktýabryñ beren bagtyny eli ýaragly goranlaryñ biri. Sen Oktýabryñ beren ajaýyp durmuşynyñ ajaýyp aýdymçysy bolduñ. Bu gün biz ýene bir hoş habara begendik. Sowet edebiýatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryñyz üçin SSSR Ýokary Sowetiniñ Prezidiumy sizi Lenin ordeni bilen sylaglady. Ýokary sylagyñyz mübärek bolsun, gardaş! Sen bir makalañda biziñ Berdi Kerbabaýewimizi Pöwrizäniñ çynaryna deñäpdiñ. Men bolsa deni gojaman Kawkazyñ belent gerişleriniñ birine meñzedeýin. Nurana hem-de merdana poeziýañ üçin, onuñ bize berýän lezzeti üçin sag bol, Kaýsyn Şuwaýewiç! Buýsançly başyñ seni dünýä beren daglaryñ ýaly mydama belent bolsun! 1977 ý. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |