13:43 Meseläniñ ahlak tarapy | |
MESELÄNIÑ AHLAK TARAPY
Publisistika
Adam dünýä inýär. Onuñ bigünä gözleri, ilki bilen, durnagöz asmana, özüni gurşap alan gözýetime düşýär. Tebigatyñ ajaýyplygyna doly akyl ýetirip bilmese-de, ol onuñ täsinligini duýýar. Töweregine añk bolup seredýär. Tuduñ ýapraklary, gandymyñ ýapraklary, olaryñ şahalarynda jürküldeşýän guşlar, al-asmanda ýüzüp barýan Gün, gapynyñ öñündäki akly-gyzylly güller, ýaplardan towlanyp barýan akar suwlar - bu zatlaryñ hemmesi onuñ üçin del hem-de täsin. Adam dura-bara bu zatlar bilen höwrügýär, tebigatdan lezzet almak tebigy hajata öwrülýär. Gujagynda ýaýnaýan topragymyzy biz ýöne ýere "ene toprak" diýip atlandyrmaýarys. Onuñ bilen ömrümiziñ baglydygy üçin şeýle diýýäris. Maddy nukdaýnazaradan seretsek, tebigat jemgyýetiñ gözli hazynasydyr. Estetiki nukdaý nazardan seretsek, tebigat halkyñ lezzet çeşmesidir. Tebigatyñ şu mukaddesligi biziñ hemmämiziñ oña örän uly perzentlik söýgüsi bilen garamagymyzy, eýelik gözi bilen goramagymyzy talap edýär. Durmuş bir durşuna duranok, tebigat hem özgerýär. Birmahallar biziñ ümmülmez Garagumymyzyñ şindiki tutup ýatan giñişliginde uç-gyraksyz deñziñ ýa-da okeanyñ çaýkanyp ýatan bolmagynyñ ähtimaldygyny alymlar çak edýärler. Mümkin. Emma men çölde doguldym, çagalygymyñ mawy baharyny çölde geçirdim. Şonuñ üçin-de "Pasly baharlarda seýrana çykan" Şeýdi şahyryñ çölüñ gözelligini gaýnagly ylham bilen wasp eden setirleri meniñ ýüregime ýakyn. Men bedew aty säpjedip sähra seýle çykan şahyry göz öñüne getirjek bolýan. Parlak baharda ynsan ruhuny täzeleýän gülli gözýetimi göz öñüne getirjek bolýan. Gijeki siññin ýagan ýagyşdan soñ, ir bilen imisala hem-de şahyrana düzlüklerden dem alyp gören adam, uzaklardan dogan günüñ şöhlesine gök ýylaklary ýumşak damjalaryñ bulduraýşyny synlap, keýigokaralarda püre-pürlenip duran päkize suwa eñek batyran adam çölüñ baharyny ömürboýy unudyp bilmez. Ýene-de çölde geçen çagalygym ýada düşýär. Bütin ömrüni Ýerbent çölünde geçiren bisowat atam pahyryñ ömrüniñ soñky ýyllary hakydamda. Meniñ meýdandan getirip berýän şireli çomuçlarymy, gök çyryşlarymy, kösükdir ýuwa-ýelmiklerimi ol aýratyn bir işdä, üýtgeşik bir lezzet bilen iýerdi welin, daşardan agzyñ suwarardy. "Bu Hydyr gören çölde gögerýän ot-çöpün bahasy bolmaz, hemmesi dermandyr", diýip ol aýdardy. Ömründe doktoryñ dermanyny datmadyk adam ýüz ýaşdan añryk geçip aradan çykdy. Bular meniñ şahsy täsirlerim. Elbetde, dagly dagyñ gözelligini, deñiz ýakasynyñ adamy deñiz howasyny magtaýar. Howalasy belent daglar, çyrpynyp ýatan derýa-deñizler, sonar sähralar - bularyñ hemmesine biz TEBIGAT diýip at berýäris. Biziñ ylmy-tehniki rewolýusiýany amala aşyrýan döwrümizde tebigat bilen adamyñ gatnaşygy öñki asyrlara garanda düýpli suratda üýtgedi. Asla tebigatyñ keşbi, peýzažy özgerdi. Garagumuñ göwsünde häzirki zaman posýoloklary döredi, mehanizasiýa bilen elektrifikasiýa gumda ýaşaýanlaryñ durmuş ukladyny täzeledi. Otuzynjy ýyllaryñ başynda Garagumuñ üsti bilen Derwezä geçen maşynyñ del yzyny ilkinji gezek görüp, ony äpet aždarhanyñ yzydyr diýip çaklan ýerbentli çarwalaryñ ogullary indi motosiklli ulag edinip, mal sürülerini bakýarlar. Gyrymsyrak çerkez-çetili çöketleriñ (arman "düýe asaýmaly" ojarly çöketler indi ýyl geçdigiçe seýrekleýär) ugry bilen telegraf nawlary uzap gidýär. Günorta Garagumuñ boz marallary indi kakdan kaka selpäp ýörmän, bol suwly kanalyñ güzerinden suw içýärler. Mahlasy, gadymy oazisiñ ýüzüne industrial keşde çekildi. Bular Sowet häkimiýeti ýyllary içinde Türkmenistan topragynda gazanylan ägirt uly ykdysady, sosial, tehniki progresi alamatlandyrýan görnüşlerdir. Eýsem tehniki asye tebigy baýlyklara, janly we jansyz tebigata nähili täsir edýär? Muny bir söz bilen düşündirip bolmaz. Bu çylşyrymly meseledir. Aşgabadymyzyñ edil ýeñsesinde tolkun atýan köllerde tomus günleri suwa düşüp keýpden çykmagyñ lezzetlidigini, şol kölleriñ bsa gudratly tehnikanyñ döreden zadydygyny, elbetde, hemmämiz bilýäris. Emma şol bir wagtyñ özünde Gäwersiñ düzlüginde, Tallymerjeniñ tekizliklerinde tez marallaryñ motisikletdir ýeñil maşyn bilen awlanylýandygyny-da gizläp bolmaz. Gynansak-da, tebigata ahlaksyzlyk bilen daramagyñ faktlary diñe bular bilen çäklenenok. Bu ýagdaý kähalatlarda, tebigata gös-göni hyýanat etmeklige çenli baryp ýetýär. Pöwrize ýolundaky "Altyn çeşmäniñ" tañkyrap galmagyny tebigata bilkastlaýyn edilen hyýanatyñ hasabyna goşmak bolýar. Şol ýerde gaş düzetjek bolup, göz çykardylar. Dogry, üç-dört gezek suwuna düşeniñde gijilewükden nam-nyşan goýmaýan tebigy çeşmäniñ tarypy il arasynda henize-bu güne çenli dilden düşenok. "Edebiýat we sungat" bu barada çykyş edip, zyýanyñ ýarysyndan gaýtmagyñ henizem bir pilledigini "Altyn çeşmäni" gaýdyp almaga mümkinçiligiñ şuş-şu günem bardygyny nygtap-nygtap belläpdi. Juda geñ bolsa-da degişli resmi guramalar metbugatyñ şol duýduryşyna seslerini çykarmadylar. Günbataryñ käbir alymsumaklary ylmy-tehniki rewolýusiýany şahsyýetiñ we ahlagyñ garşysyna goýýarlar, ýagny ylmy-tehniki rewolýusiýa şahsyýeti hem-de ahlagy ýoga çykarýar diýip ynandyrjak bolýarlar. Jemgyýetimiziñ agzalary bolan biz bu pelsepäni ret edýäris. Akylly-başly adam sosial progresi gumanizmiñ duşmany hasaplap bilmez. Adamyñ añ-düşünjesi, intellektual derejesi-hä artmalymyş, onuñ tersine, ahlak tarapy ýitmelimişin? Ýok! Beýle bolup bilmez. Emma jemgyýetde ahlak terbiýesiniñ tebigaty goramak meselesinde aýgytlaýjy rolunyñ bardygyny welin biz asla inkär etmeýäris. Tebigata talañ salmagyñ käte-käte ýüze çykýan faktlary gürrüñsiz ahlaksyzlygyñ miwesidir. Daşary ýurtlaryñ birinde ady belli kurortda bolup gelen bir dostum şol kurortyñ gapdalyndaky milli seýil bagynyñ ajaýyplygy barada gözügidijilik bilen gürrüñ berdi. Şol bagda sürülenişip ýören täsin towşanlar, owadan guşlar hiç kimden zowal görenok. Ýüz dürli gülleriñ ysy töwerege ýaýraýar, bagyñ tertibi hem-de arassalygy haýran galdyrýar. Aşgabatda-da goýry saýaly seýil baglary bar. Meselem, WLKSM-iñ XX ýyllygy adyndaky medeni-seýil we dynç alyş bagy (häzirki "Aşgabat" seýilgähi - 1-nji park -t.b.). Yhlas edilse, bu bagy paýtagtyñ zähmetkeşleriniñ we myhmanlarynyñ göwnüni göterýän, şähdini açýan, lezzet bilen dem-dynç alynýan ýere öwrüp bolardy. Emma yssy tomus günleri bagyñ günorta derwezesinden girseñ, ilki bilen, ýere düşelen gazete ýa-da üçleşip oturan adamlara gözüñ düşýär. Kirow adyndaky seýil bagyñ (häzirki Magtymguly şaýolynyñ ugrundaky "Baýram han" seýilgähi -t.b.) ýagdaýy bolsa mundanam erbet. Şeýle görnüşiñ golaýynda erkana gezip ýörseñ towşanlary-ha däl, eýsem ýaýnap ýören bala-çagalary-da göz öñüne getirmek kyn. Zähmetkeşleriñ köpçülikleýin dem-dynç alýan ýerleru barada gürrüñ gozgalanda, Pöwrizäni agzamazlyk mümkin däl. Yssy ülkämiziñ şu arassa howaly salkyn künjegi tebigatyñ baha kesip bolmajak gözelligini özünde jemläpdir. "Ýüpegi saklamasañ, ýüñ bolar" diýlişi ýaly, her bir gözellik, şol sanda tebigy gözellik hem özüniñ aýawly goralmagyna mätäçdir. Mähnet çynarlara beslenen, köp sanly daçaly pioner lagerleri bu sapaly jülgäniñ çar tarapyny baýyrlar hem-de dag gerişleri tutup otyr. Şol baýyrlara, dagkara çykyp dem almagyñ lezzeti aýry. Emma olara çykmagyñ hyllallasy bar. Dogry, haçan-da bolsa birmahallar jülgäniñ sag tarapyndaky Bürgütli baýra çykmak üçin öwrümli basgançaklar edilipdir. Bürgütli baýra çykylýan ýoda-da, baýryñ depesi-de çüýşe döwüklerinden, hapa-hupadan doly. Pöwrizäniñ günorta burçunda ýerleşýän daçalardan çep tarapdaky baýyrlara çykmak has-da görgi. Şol baýyrlaryñ eteginde goýun-geçi, doñuz, towuk saklaýan ýataklar bar, şol ýataklardan ýakymsyz ys-kok burnuña haplap urýar. Bizi gurşap alan tebigat gözellikden doly, şol gözellik adamlaryñ ruhy baýlygyny artdyrmaga hyzmat edýär. Ýer astyndan gülüp çykýan enaýy güle guwanç bilen garamaýan adamy göz öñüne getirmek kyn. Adam hemmeden ozal öz dem alýan topragynyñ howasynyñ päkizeligi üçin göreşmelidir, şol howanyñ gadyryny bilmelidir. Köp ilatly, biçak kän awtomaşynly Tokioda dem alara howanyñ ýetmeýänligi zerarly, kapitalistler ol ýerde howany banka salyp satýarmyşlar. Tebigat owadan. Adam şol tebigatyñ içinfe ýaşaýar. Akar suwlar, elwan güller, sapaly jülgeler, gök öwüsýän baglar, giñ sähralar - bular dünýä inip, göz açaly bäri ynsan gözüne şeýle bir yssy. Biziñ bu gözel tebigatdan örkümizi üzüp gitjek ýerimiz ýok. Adam dünýä inýär. Ene hüwdüsi bilen birlikde penjiräniñ daş ýüzünde jürküldeşýän guşlar, ygşyldaşýan gök ýapraklar hem oña täsin aýdym ýaly bolup eşidilýär. Ýöremäge ýaranda şol çagajyk daşaryk çykýar we gapynyñ öñündäki ýapdan şaglap akýan suwa elini batyrýar. Onsoñ depesindäki durnagöz asmana, öz endamyny hem-de tutuş ene topragy gyzdyrýan Güne seredýär. Täsin tebigata bolan mukaddes perzentlik söýgüsi, ähtimal, hut şol pursatlarda adamyñ kalbyna ornaşýandyr. Goý, ene topraga bolan şol mukaddes söýgi ömürboýy hemra bolsun! Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||