MILLI RUHUŇ GYMMATLYKLARY / edebi-filosofik söhbet
Talyplyk ýyllarynda adamyň bilim hazynasynyň düýbi tutulýar, adam ylmy gor edinýär. Megerem, şonuň üçindir, biziň şondan soňky ylym hem akyl gözleglerimiz talyplykda aňymyzda eglenen meselelerden ugur alýar. Her kimiň ömürboýy goldanýan pikir hem akyl galyplarynyň hut şol döwürde guýulýan bolmagy mümkin, ýöne muny, belket, adamyň özi aňlaýan hem dälse däldir.
Daşary ýurt dilleri fakultetinde okaýardym. Bu fakultetde Günbataryň gadymyýeti giňden öwrenilip geçilýärdi. Ýadyma düşýär, gadymy ýunan edebiýatyny geçýärdik.
Ine, şol ýunan mifleriniň birinde Hudaýlar zemin gahrymanyny synagdan geçirýärler. Hudaýlar – ýunan ruhunyň tebigatynyň barlygyny kemala getirýän düşünje. Hudaýlar ýunanlylaryň älemi göz öňüne getiriş usulydy. Hudaýlar adama tapmaça berýärler.
«Bir jandar bar, irden dört aýakly, günortan iki aýakly, agşam bolsa üç aýakly, ol nämedir?» Edil Magtymgulydaky: « Ol nämedir ýaşyl-gyzyl öwüsýän?» diýen ýaly. Hudaýlaryň tapmaçasy Magtymgulynyňkydan, elbetde, has sada görünýär. Pikirlenmäge sähel bir üşügi bolan adam üçin jogabyň tapmaçasynyň edil üstki gatlagyndadygy düşnükli. Magtymguluda bolsa jogap jogabyňam aňyrsynda dur. Sebäbi birinji sowal ýöntem – allegoriki usulda, ikinji welin çylşyrymly – simwoliki usulda gurnalan.
Herhal, şol sowalyň galypynyň aňa siňdirilmeginiň özi-de peýdaly zat eken. Sebäbi soň birwagt adam gerek ýerinde şol galyp bile özüniň ruhy tejribesini özboluşlylygynda goýazylaşdyryp biljek eken. Bu gün menden «Adam näme?» diýip sorasalar, säginmän (çünki şol ýunan galyby aňyma siňip, meniň pikir ölçeglerime tebigy suratda şekil berip oturan bolmaly-da) derrew: «öňi – suw, soňy – süňk, ortasy bolsa – ruh» diýerdim. Görseňiz, şeýle bir manysyz hem gelşiksiz däldir. Ruh bu ýerde hem göwräni, hem göwni aňladýar, sebäbi ol bu ikisiniň filosofiki jeminden kemala gelýär. Göwün ruha barabarlyk däldir, ruh başkydan has giň düşünje diýip hasap edýärin, ol göwräni-de öz içine alýar. Adamyň ruhy keşbini göwräni hasaba almazdan göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Özüm-ä göwresiz ruhuň nämedigine düşünemok. Suratyny gören tanyş-u-nätanyş adamlarym-a beýlede dursun, gadymy dünýäniň Eflatun ýaly islendik beýik ruhuny, şertli hem bolsa, bir göwre arkaly göz öňüne getirýärin.
Göwre – ruhuň suratydyr, göwün bolsa onuň manysydyr. Emma bu göwre, aýdaly, haýwany göwreden düýpgöter tapawutlanýar. Eflatuny ýolbars ýa keýik sypatynda göz öňüne getirip bolmaýar. Adamyň göwresi çuňňur ruhy manysy bilen tapawutlanýar. Türkmen aňy bu ikisini «yns hem jyns» diýen aňlatmalar arkaly tapawutlandyrýar.
Türkmeniň milli ruhy gymmatlyklary soňky iki müň ýylyň dowamynda bu milletiň barha kuwwatlanmagyna hyzmat etdi. Iki müňýyllygyň dowamynda türkmen ruhunda, esasan, iki sany başlangyç kemala geldi: görogluçylyk başlangyjy we magtymgulyçylyk başlangyjy. Bu merkezler ýa-da ruhy başlangyçlar esasy bir meseleden ugur alýarlar: adam ömri näme? Adam ömrüni bolsa türkmen gaty gadymy döwürlerden bäri bäş günlük, ötegçi zat diýip netije çykarypdyr. Onuň öňi – suw, soňy – süňk bolsa, wagtyň çäginden çykmakdyr, ýagny ýoklukdyr.
Wagtyň çägindäki barlygyň, ömrüň wagtlaýyndygyny ähli türkmen ruhy ykrar edipdir. Emma bu ykrar edilen hakykatdan ýokarky ruhy merkezleriň hersi bir hili many çykarýar.
Birinji, görogluçylyk merkeziň çykaran, tiren manysyny ruhuň ýaşaýşyna göwnüň ýa-da ýüregiň garaýşy diýip kesgitlemek mümkin. Anyk seredeniňde, bu garaýyş juda çylşyrymly hem köp öwüşginlidir. Ýöne bir söz bilen aňlatmaly bolsa, munuň manysy gysgaça şuňa syrygýar: rast, ömür bäş günlükmi, onda iý, iç, guç, mün, özüňi gynap, horlanma, islegleriňe böwet goýma. Hiç kesiň minnetini çekme, ertiriňi gaýgy etme, başyňy dik tut, öz «meniňi» – göwnüňi ähli zatdan öňde goý. Esasy ýaşaýyş düşünjäň – töwekgelçilik bolsun. Töwekgelçilik – kakabaşlyk.
Ömrüň panylygyndan çykarylan şeýle filosofiýa akylyň däl, ýüregiň, göwnüň garaýşydyr.
Ikinji, magtymgulyçylyk merkez bolsa şeýle diýýär: rast, ömür gysgamy, onda baky ömre ymtyl! Dünýä aldanma, onuň alyna gitme, şu günüň däl, ertiriň – geljegiň bile ýaşa. Wagtyň duzagyna düşme. Baky Hudaýa gulluk et, özüňem baky bolarsyň. Islegleriňi jylawla, olary ugruna goýberme. «Meniňi» yzda goý. Töwekgelçilik et – Hudaýa bil bagla, aç otursaňam, Hudaýyň buýrugyndan çykma, özi görerem, rysgalam berer.
Ömrüň panylygyndan çykarylan şeýle filosofiýa ýüregiň däl, akylyň garaýşydyr.
Meniň nygtamak isleýän zadym – bitewi türkmen ruhunyň içinde iki hili filosofiýanyň barlygy. Olar dürli taryhy döwürlerde biri-biriniň üstüni ýetiripdirler, käbir wagtlarda biri-birine gapma-garşylyga çenli ýetipdirler. Emma bularyň ikisi-de taryhy tejribe hökmünde iki müň ýylyň dowamynda türkmen ruhunyň saklanmagy hem berkemegi üçin ruhy hörek bolup geldiler. Şonuň üçinem bu bölünişik diňe taryhy-ruhy geçmişe akyl ýetirmekden ötri bellenilen şertlilikdir. Aslynda türkmen ruhuna hemişe bitewülik mahsus bolupdy. Ol başlangyçlar bolsa tereziniň deňagramlylygyny saklamaga ýardam berdiler. Görogluçylyk başlangyjy türkmen ruhunyň wagt-durmuş mazmunynyň ýoýulmazlygyna hyzmat etdi, ýagny türkmeni şu dünýäni unudyp, terkidünýälige ýüz urmakdan saklady. Magtymgulyçylyk başlangyjy bolsa türkmen üçin bakylyk – metafiziki hakykatyň puja çykmazlygyna hyzmat etdi, ýagny türkmeni Hudaý bilen bolan baglanyşykdan üzülmekden halas etdi.
Göroglynyň pelsepesinde dünýä diýen närse, durmuş diýen manyny berdi.
Magtymguly pelsepesinde dünýä «pelek» diýen many hem ruhy ölçegi berdi.
Herhal, Magtymgulyda diňe metafiziki däl, eýsem real-taryhy ruhy gymmatlyklar hem bar. Onuň döredijiliginde ündelýän esasy ýörelge «Dünýäniň manysy, myrady näme?» diýen filosofiki sowala şeýle jogap berýärdi.
Bu dünýäniň myrady:
At, zagyfdyr, zürýady.
Ýigidiň dünýäde üçdür myrady:
Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy!
Şeýle pelsepe türkmene iki müň ýylyň dowamynda ýar bolup geldi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ikinji müňýyllygyň ahyrynda, üçünji müňýyllygyň başynda döreden täze türkmen ruhunyň taryhy kökleri-de şol pelsepede we beýleki pelsepelerde ýatyr. Şonuň üçinem, geliň, klassyky türkmen ruhy gymmatlyklary hakynda giňişleýinräk pikir ýöredeliň.
Türkmen halkynyň ruhyýeti juda giň hem-de köptaraply. Ol özüniň manysy we köpgyraňlylygy boýunça bary-ýogy üç zadyň – atyň, aýalyň hem zürýadyň çäginde durmaýan ýaly. Emma bu ýerde Magtymgulynyň zerurdan zerur gymmatlyklary agzaýandygyny, türkmen durmuşynyň beýleki anyk taraplaryna degişli has anyk manyly gymmatlyklaryň şolaryň içinde ornunyň bardygyny bellemek isleýärin.
Her bir milletiň, her bir döwrüň ruhy-medeni ösüşine degişli bir kanunalaýyklyk bar: her bir döwür özüne mahsus ideal şahsyýetiň ruhy keşbini döredýär. Döwürler öňe çykarýan gahrymanlary bilen häsiýetlenýär. Soňky müňýyllygyň türkmen durmuşy hut şahyryň ýokarda görkezýän gahrymanyny öňe çykardy hem ony öz ruhy idealy hökmünde belläp geldi. Şeýle gahryman şonça wagtyň dowamynda türkmen ruhuny terbiýeledi we şol arkaly-da türkmen ruhy gymmatlyklarynyň berkemegine hyzmat edip geldi.
Bagtly halk – ideallary bar bolan halkdyr. Türkmen XX asyra çenli millet hökmünde ýitmän, gowşaman, özgelere garylyp-gatylyp gitmän, öz milli ruhy ýüzüni hem «menini» saklan bolsa, munuň baş sebäbi milletiň ruhy idealyny ýitirmänligindedir. Şonuň üçin ýokarky şahsyýet idealyna, taryhy durmuşda müňlerçe, ýüz müňlerçe şahsyýetleriň ömründe hakykata öwrülen ruhy idealy türkmen ruhuny dargamakdan goran özboluşly gorlaw – immunitet diýilse, dogry bolardy.
Şeýle ruhy gorlaw (immunitet) milletiň taryhy ömrüniň uzaklygyny üpjün edipdir.
Milli ruhuň içki özgermeleriniň nukdaýnazaryndan türkmeniň soňky, döwletsiz galan sekiz asyrynda gara öýe geçmeginiň, ata çykmagynyň taryhy-ruhy manysy bar. Elbetde, gara öý, bir tarapdan, siwilizasiýadan daşlaşmak, ýöne, beýleki bir tarapdan, munuň özi, erkanalyga çykmak ahyryn. Haçan-da döwletler dargap, milletiň ruhy döredijilik ukyplary kütelip ugranda, siwilizasiýa hossa we milletiň dargamagynyň başlangyjyna öwrülip ugranda, millete erkanalyga çykmak zerurlygy döreýär. Çarwa ýaşaýyş – sähradaky ýaşaýyş. Sähra bolsa giňişlik hem açyklyk. Sährada adamyň ruhy hem beden güýç-kuwwaty gaýtadan berdaşlanýar. Munuň özi sadadan beýik hakykatdyr. Özümizden misil tutalyň: şäheriň maşynlarynyň dynuwsyz gürrüldileriniň içinde pikirleriňiz baslygyp, oýlaryňyz basmarlanyp ugranda, derrew ümsümlige, sähra çykmak isleýänsiňiz, mümkinçiligiňiz bar bolsa, sähra çykmak bilen bolýansyňyz. Bu sähra, bu açyklyk giden güýjüňizi dikeltmäge, özüňe gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýär.
Sähra – erkanalyk, gara öý bolsa – çäklendirilmezlikdir. Gara öý – munuň özi wagtyň giňişlikden rüstemligidir. Gara öý – munuň özi, medeniýetiňi, ruhuňy, ähli gazananlaryňy öz ýanyň bilen alyp gitmek, sähranyň bir ýerinden başga bir ýerine geçirmek mümkinçiligidir. Şeýdip, türkmen dürli taryhy sebäplere görä sadyra öwrülip, öz janyna dawa salyp ugran ruhy galyplaryndan dynmagyň, ruhuny täzelemegiň ugruny tapypdy. Çünki göýdügip başlan ruh soňabaka milletiň barlygyna-da howp salyp ugrapdy. Onsoň türkmen gaýtadan özüne gelmek üçin erkanalyga ýüz urýar.
Netijede, türkmen ruhyýetinde ruhy gymmatlyklaryň iki hili ulgamy kemala gelipdir. Soňky dört ýüz ýyllykda doly kemala gelen bu ruhy gymmatlyklar Göroglynyň we Magtymgulynyň atlary bilen baglanyşyklydyr. Bu ruhy gymmatlyklar biziň hamyrmaýamyzdyr, binýadymyzdyr, biziň ýasalan ruhy çig malymyzdyr. Indiki ruhy gymmatlyklara geçmek üçin olaryň düýp taryhy-ruhy manysyna akyl ýetirmek esasy şertdir. Sebäbi nirä gitjegiňi, nirä barmalydygyňy bilmek üçin, ilki bilen, nirede we haýsy ýerde durandygyňy bilmeli ahyryn!..
Osman ÖDE.
Filosofiýa