NAZAR KÜRRÄÝEW
Belli folklorçy Nazar Kürräýew türkmen folklorynyň dürdänelerini ýeke-ýeke çöpläp, halka ýetirmekde, toplamakda uly işleri eden hazyna toplaýjylaryň biridir. Onuň halkyň arasyndan ýygnan edebi mirasy TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynyň folklor bölüminiň 936, 1015, 898, 678, 951, 883, 891-nji bukjalarynda saklanylýar. 1015-nji çeşmede 1963-nji ýylda toplan, we tertibe salyp neşire taýýarlan ýygyndysy bar. Bu ýygyndy Nury Annagylyjyň goşgular toplumy. 898-nji çeşme bolsa „Saltyk“ aýdymy, „Elguş sazy“, „Alagaýyşly“, „Maru-şahu-jahan“ aýdymlarynyň döreýşi baradaky rowaýatlary we Şasenemiň terjimehalyna degişli käbir bellikleri öz içine alýar. Mirasgär „Saltyklaryň“ döreýşi bilen bagly bir rowaýat getiripdir. Onda bir dul aýalyň oglunyň duşmanyň eline düşüşi we duşmandan sypyp gaçyp, ikinji gezek ele düşende gözüniň oýulyşy bilen bagly waka beýan edilýär. Rowaýaty mirasgär TYA-nyňylmy işgäri Hydyr Derýaýewden ýazyp alypdyr, senesini görkezmändir. Başga bir çeşmede bu aýdym şahyr Magrupynyň adyna berlipdir. Aşakdaky bent bilen jemlenýän goşgy Magrupynyňky:
Magrupy diýr, kime aýdaý haraýy,
On dördi gijäniň nur salan aýy,
Näzikden inçedir boýy, syraty,
Wadada wepaly ýarym, amanmy?
Bu rowaýaty belli alym Geldi Nazarow 1964-nji ýylda Muhy bagşydan ýazyp alýar. Bu rowaýat hakykata has ýakyn. Hydyr Derýaýewiň bu rowaýaty eşidip, onuň mazmunyny gürrüň beren bolmagy mümkin. Magrupy bilen bagly bu kyssany „Paýhaslar çemeni“ atly ýygyndymyzda (Aşgabat–„Ylym“–2012) peýdalandyk. Rowaýatda Magrupy çaksyz syratly hem owadan bolansoň, oňahanyň gyzy aşyk bolýar. Magrupy baş galdyrmandansoň, ol ýigidiň gözüne nil kakdyrýar. Duşman tarapyndan gola düşen şahyry bir ýurtdaşy bendilikden halas edip, Watanyna alyp gaýdýar. Şahyr ýolda bagşylaryň dilinden düşmän gelýän „Amanmy“ („Saltyklar“) goşgusyny aýdýar. Gaty uzakda aýdylan bu aýdym şahyryň aýaly Artyknyýazyň gulagyna gelýär. Nazar Kürräýewiň ýazyp alan tekstinde beýle mazmun ýok.
898-nji çeşmede mirasgäriň toplan „Porruk şa“, „Aňsyz patyşa“, „Kelte jalataý“, „Odunçy garyp“, „Akylly gelin“, „Üç ýigit we bir gyz“ ýaly ertekiler, käbir goşgy bentleri, hüwdüler, nakyllar, tapmaçalar saklanylýar. Olar dürli-dürli adamlaryň dillerinden ýazylyp alnypdyr. Ýazylyp alnan senesi, etraplary görkezilipdir. Olaryň käbirlerini bolsa mirasgär özlerine ýazdyryp alypdyr. Meselem, „Odunçy garyp“ atly ertekisini Gylyjow Atadan, Kelte jalataý atly ertekini Kartanow Ýagmyrdan alypdyr. „Kelte jalataý“ döwler bilen başa-baş söweşip, ýeňip, adamlara ýagşylyk edip ýören ýigit hakynda. „Kelte jalataý“ hem ertekide başyna iş düşende ýagşylyk eden adamlarynyň kömegi bilen ölümden halas bolýar. Beýle ertekiler adamkärçiligiň, agzybirligiň nusgasy bolup, ýüzlerçe nesilleri terbiýeläp gelýär. Şol häsiýetleri halk „Porruk şa“ atly ertekä-de siňdiripdirler. „Porruk şa“ öz tagtyny bir galandara onuň islegi boýunça tabşyryp, maşgalasy bilen ýurtdan çykyp gidýär. Horluk baryny görýär, maşgalasyndan, çagalaryndan jyda düşýär. Ol adamkärçilik edip, çagasy bolup bilmän ýatan zenana hemaýat etmek üçin kömek sorap gelen adama aýalyny goşup goýberip ýalňyşýar. Sabyrlylygy, akyl-paýhasy, geçirimliligi bilen ýene patyşalyga ýetýär. Maşgalasyna, çagalaryna gowuşýar. Beýle gahrymanlar nusga bolup, halkyň kalbynda galýar, durmuşda ýörelgä öwrülýär.
Bu şeýle eserleri kalbynda saklamagy başarýan adamlaryň hem olary, öý-öwzaryny taşlap, toplan mirasgärleriň hyzmaty.
„Odunçy garyp“ atly ertekide bolsa „Ýakma bişersiň, gazma düşersiň“ ýaly möhüm ideýa gozgalýar. Bu çeşmede mirasgäriň dürli sazlaryň döreýşi bilen baglanyşykly gyzykly toplan rowaýatlary saklanylýar. Olaryň biri („Elguş“ sazynyň döreýşi) Şükür bagşynyň awa gidişi bilen baglanyşdyrylýar. Sazda maral towşany tutmak üçin ýokardan elguşyň, ýerden tazynyň hüjümi beýan edilýär. Şükür bagşy ele düşen towşanyň gözgyny ýagdaýyna, ony aldym-berdime salyp barýan elguşdyr tazynyň hereketlerine tomaşa edip, „Elguş“ sazyny döredipdir. Ýazgyda şeýle setirler bar. „Bagşy bu heňde tazynyň „hys-hys“ edip towşan kowalaýşyny, elguşyň pel-pelläp onuň depesine inişini beýan edip, towşanyň bolsa jygyldap ýatyberşi bilen sazy gutaran. Bagşy bu sazy, köplenç, gürrüňi bilen çagalara çalyp berer eken. Bu saz bilen baglanyşykly gürrüňi mirasgär Tejen etrabynyň obalarynyň birinden Muhammetberdi Babahan oglunyň (70 ýaşly) dilinden ýazyp alypdyr. Muhammetberdi ony Şükür bagşynyň özünden eşidipdir.
„Maru-şahu-jahan“ aýdymy bilen baglanyşykly rowaýatda Saragt-Mary sebitlerinde Gowşut han döwründe daşary ýurtly duşmanlaryň çozuşyny serpikdiren türkmenleriň bir gezekki saz-söhbedinde Gowşut han Dowan (Gara şahyr ady-da bar) şahyrdan bir aýdym döretmegini haýyş edipdir. Şonda „Maru-şahu-jahany“ Dowan şahyr döredip aýdym edip aýdypdyr diýilýär. „Alagaýyşly“ aýdymynyň döreýşi Kör gojalynyň bir toýda „Saýatly-Hemra“ dessanyndan, „Salam diýgeý sen“ goşgusyny aýdyp ýaryşda bagşylardan üstün çykyp „Alagaýyş“ baýragyny alşy bilen baglanyşdyrylýar. Galyberse-de, bu bukjada Mollanepesiň „Kiçgine“ goşgusynyň döreýşi bilen baglyaşakdaky gyzykly rowaýat ýazylyp alnypdyr. Ony mirasgär Çary Gurbangylyjowyň dilinden eşidipdir.
Mollanepesleriň obasynda kelte boýluja, owadanja, gurjak ýaly bir gelin ýaşaýar eken. Ol gelin ýa özbek, ýa-da nogaý bolmaga çemeli, onuň dili çalgyrdyrak ekeni. Gurjak ýaly bu owadan gelin bir gün Mollanepes geçip barýarka, onuň ýoluny saklapdyr-da ýumrujagyny görkezip: „Sen hemişe uzyn boýly, syratly gelinler hakynda goşgy goşýarsyň, emma meniň ýaly kiçgineler hakynda hiç närse aýtmaýarsyň“ diýipdir. Onda Mollanepes „Bar, seniň hem göwnüň galmasyn“ diýip „Kiçgene“ diýen goşgusyny şoňa bagyşlapdyr.
Bu aýdymlaryň döreýiş taryhyny yzarlamak, öwrenmek juda gyzykly. Olar hakykata ýakyn. Beýle rowaýatlar 936-njy bukjada mirasgäriň Mollanepesiň nebereleri barada toplan maglumatlarynyň arasynda-da bar. Ony N. Kürräýew 1960-njy ýylda Mollanepesiň çowlugy Amanhajy oglunyň dilinden ýazyp alypdyr. Başga-da çeşmede „Şordan tapyldy“ („Jan Saýat, Hemrany saňa tabşyrdym“) aýdymynyň döreýşi bilen bagly rowaýat, sazanda Han Akynyň dilinden ýazylyp alnan, Magtymguly baradaky rowaýat, şahyr Çary Gurbangylyjowyň dilinden ýazylyp alnan käbir nakyllar we lälelerden bentler saklanylýar. Bu edebi gymmatlyklaryň hemmesi Mary welaýatynyň etraplaryndan dürli-dürli adamlaryň dillerinden toplanypdyr. Çeşmedäki lälelerde gelin-gyzlaryň isleg-arzuwlary, joralaryndan aýra düşen gyzlaryň duýgulary beýan edilýär. „Emeline çolaşan patyşa“, „Patyşanyň aýaly bilen weziriň aýalynyň bäsleşigi“, „Zalym patyşa“, „Ýetim oglan“, „Mahmyt patyşa“ ýaly ertekiler hem şu çeşmede saklanylýar. Uly göwrümli „Mahmyt patyşa“ öň neşir edilen dürli-dürli ertekileriň mazmunyndan alnan ownuk sýujetlerden düzülen. Erteki Çarlakýap obasyna degişli öňki „1-nji maý“ kolhozynda ýaşaýan Ahmet Jöwüt oglunyň dilinden ýazylyp alnan. „Ýetim oglany“ mirasgär Mary welaýatynyň, Mary etrabynyň, öňki Karl Marks adyndaky kolhozynyň ýaşaýjysy 65 ýaşly Ýusup Mele oglundan, „Patyşanyň aýaly bilen weziriň aýalynyň bäsleşigini“ Mary etrabynyň Çarlakýap obasynda 55 ýaşly Atabaý Rejep oglundan, „Zalym patyşa“ atly ertekini şol etrabyň öňki Stalin kolhozynyň ýaşaýjysy Gubur Sary oglundan ýazyp alypdyr. Halkymyzyň sahylykda, jomartlykda milli häsiýetini açyp görkezýän „Eýesiz hazyna“ atly kyssa eserini mirasgäre Mary etrabynyň öňki „1-nji maý“ kolhozynyň ýaşaýjysy Atabaý Rejep ogly aýdyp beripdir. „Eýesiz hazyna“ şu mazmunda „Bir hum tylla“ ady bilen beýleki çeşmelerde-de gabat gelýär. Halk paýhasynyň önümi bolan aşakdaky kyssa eserini manylydygy, täsin tapyndylary bilen täsirliligi üçin ýazgymyza goşduk.
Bir patyşa bar ekeni, ol özüniň goňşy patyşasyna bir ussa bilen bir tebip kömekçi iberenmiş. Bu tebip bilen ussa patyşanyň huzuryna gelip salam beren hem özleriniň kömekçi iberilendiklerini aýdýarlar. Onda patyşa bir gaby suwdan gyrma-gyr edip doldurypdyr-da, ussanyň öňüne süýşüren. Patyşanyň beýle etmegi bizde ussa bilen tebip örän köp diýen manyny berýär eken. Ussa bolsa muňa derrew düşünip, jübüsinden ýüz sany temen çykarypdyr-da, şol pursadyň özünde hiç bir guralsyz edil patyşanyň bulgury ýaly gap ýasap, guýup beren suwuny öz ýasan gabyna guýup, patyşanyň öňüne süýşürenmiş. Patyşa muňa haýran galyp; „Şunuň tebibi hem ýöne däldir“ diýip, ony öz yzyna tirkäp, obanyň kesellilerine aýlapdyr welin, kesellä onuň ýüzi düşeninden ýaňky keselliler tut ýaly gutulýar ekeni. Ahyr soňy ýene bir öýe baranlarynda patyşa „Hany, şu öýde-de bir keselli bar, şony hem bir gör” diýeninde, tebip:
– Patyşam, şu keselli üçin atdanam düşüp oturmaly, iň gowusy sen öýe gir-de, onuň bir ýerine ýüp dakyp, bir ujuny maňa uzat, men atyň üstünden onuň dermanyny salgy bereýin – diýen. Şundan soň patyşa şol öýe girip, pişigiň aýagyna ýüp dakyp, ýaňky tebibe uzadypdyr welin, tebip:
– Patyşam, şu syrkawyň keseliniň dermany bir bölek et – diýipdir. „Hassa“ pişik eken. Patyşa begenip, tebipdir, ussany öz ýanynda galdyrypdyr.
N.Kürräýewiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň öňki Maksim Gorkiý adyndaky kolhozynyň ýaşaýjysy Ataýew Mämmetden 1957-nji ýylyň 11-nji maýynda ýazyp alan „Akylly gelin“ atly ertekisi ýygyndylarda çap edilen. Ol beýleki mirasgärleriň dürli etraplardan toplan ertekileriniň arasynda-da duş gelýär. Erteki wakalary uzak ýurtlara talabançylyga giden ýigide aýalynyň sowgat beren wepadarlygynyň syryny özünde saklaýan solmaýan gül bilen baglanyşykly dowam edýär.
Başga-da 883-nji bukjada „Görogly“ şadessanyna degişli her hili maglumatlar, dessandan bölekler saklanylýar. Olar Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda (öňki Stalin kolhozynda) ýaşaýan Öwlüýaguly bagşynyň dilinden ýazylyp alnypdyr. Halaçda, Türkmenabatda, Kerkide tanalýan Öwlüýäguly bagşynyň „Görogly“ şadessanynyň, „Arapdan ar alnyşy“, „Hoşgeldi“, şahalaryny we ençeme tirme aýdymlary halkyň arasynda aýdandygyny mirasgär belläpdir. Bagşynyň babasy Mämmetweliniň-de, atasy Goç Mämmetgulynyň atly bagşy bolup halkyň dürdäne pentlerini, öwüt-ündewlerini halka ýaýradyp, at alandyklaryny nygtapdyr. Bu maglumatlar ýokarky etraplarda dessan aýdylandygyny tassyklaýar. Elbetde, bu tekstler „Görogly“ şadessany çapa taýýarlanylanda, işlenende deňeşdirip derňemek üçin juda möhüm. Meselem, Mämmetdurdy Baýram ogly 70 ýaşly Nazar bagşydan „Görogly“ şadessanynyň „Hyraman peri“, „Hoşgeldi“, „Öwezi getiren“, „Arapdan ar alnyşy“, „Bezirgen“, „Harmandäli“ şahalaryny ýazyp alypdyr.
Şu çeşmedäki „Göroglynyň döreýşi“ şahasy Öwlüýäguly bagşynyň dilinden ýazylyp alnypdyr. Bu tekstde goşgy gaty az. Şadessanyň „Arapdan ar alnyşy“, „Hoşgeldi“ ýaly 167 sahypadan ybarat şahalaryny-da 1954-nji ýylyň maý aýynda mirasgäre Öwlüýäguly Goç ogly aýdyp beripdir. Çeşmede Öwlüýäguly bagşynyň maşgalasyna degişli maglumat hem berlipdir. Elbetde, bu edebi baýlyklar „Görogly“ şadessany çapa taýýarlanylanda, işlenilende deňeşdirip derňemek üçin juda möhüm. Hatda şol tapawutlar hakynda mirasgäre aýdyjylaryň özleri hem gyzykly gürrüňleri beripdirler. Meselem, mirasgär Halaç etrabyna baranda, şol etrapdan Mämmetdurdy Baýram ogly şadessanyň öň bar bolan beýleki nusgalardan tapawudyny ýeke-ýeke aýdypdyr. Bu ýagdaý aýdyjynyň bu şadessanyň beýleki nusgalaryndan hem habarlydygyna güwä geçýär hem bagşylaryň halk baýlygyna söýgüsini tassyklaýar. Aýdyjy şeýle gürrüň beripdir. Şadessanyň Bezirgen şahasynda Aýsoltan agasy Bezirgeniň mazaryna baryp aglap otyrka, Agaýunus kepderi görnüşine girip, uçup gelýär, soň silkinip-silkinip, adam görnüşine girip, şu gazaly aýdýar.
Agam öldi diýip, mähteliňi baglama,
Kesip-kesip jigeriňi daglama,
Bezirgeniň ýokdur, indi aglama,
Gel, ikimiz görüşeli, Aýsoltan!
Görogly agaň bolsa, men garyndaşyň,
Sil kimin akdyrma gözüňden ýaşyň,
Ölinçäm hyzmatgär, özüm ýoldaşyň,
Gel, ikimiz görüşeli, Aýsoltan!
Ýene-de bir tapawut, ol-da bolsa Görogly Aýsoltanyň duşmany Garahan döwi öldürenden soň, Aýsoltany Çandybile alyp gaýtmaýar. Aýsoltan şeýle diýýär:
– Eý, Görogly, öz ýurdumda özüň bilen garyndaş we tabakdaş Hyrtman bege ber-de, bizleri şu ýerde galdyryp gidiberiň – diýýär. Görogly mübärekläp, toýuň bagşysam özi bolýar. „Harmandäli“ şahasyndaky käbir tapawutlar: Görogly AşykAýdyň halypanyň ýanyna barmaýar. Harman däli Keremi düýşünde görýär, düýşini AşykAýdyň ýorýar we aýdyşyp pir Harman dälini Kerem oglana alyp berýär. Görogly, kitapda görkezilşi ýaly, iki gezek Harman däliniň ýurduna gitmeýär. Ýöne soň Harman däli Göroglyny bir gije myhman alýar. Bu maglumatlary ýokarda-da belleýşimiz ýaly, mirasgär 1954-nji ýylyň iýun aýynda Mämmetdurdy Baýram oglundan ýazyp alypdyr. Bu gymmatlyklaryň türkmen folkloryny baýlaşdyrmakda-da hyzmaty uly.
Bukjada şadessanyň „Däli Harman“ şahasy-da ýerleşýär. Ony mirasgär Halaç etrabynyň Pelwert obasynyň öňki Kalinin adyndaky kolhozynyň ýaşaýjysy Gotda Hudaýberdi bagşynyň ogly Gurbangeldi Gotda oglundan 1954-nji ýylyň 27-28-nji maýynda ýazyp alypdyr. Ol 47 sahypadan ybarat.
Çeşmede ýene ylma-bilime degişli 52 sany tapmaça bar. 951a-nji bukjada bolsa Azan Taýymowyň we Nazar Kürräýewiň 1960-njy ýylda çap etdiren ýygyndysy saklanylýar. Mirasgäriň halka ýetiren ýygyndysy diňe ýokarky bilen çäklenenok.
Nazar Kürräýew 1912-nji ýylyň sentýabrynda Tejende dünýä inýär. 1965-nji ýylda Aşgabatda aradan çykýar. Ol orta bilimi obada alyp, Aşgabatdaky pedtehnikuma okuwa girip, ony 1931-nji ýylda tamamlaýar. 1938-nji ýylda paýtagtda pedagogik institutyň filologiýa fakultetini gutaryp, ýokary bilim alýar. Soň pedtehnikumda türkmen dilinden sapak berýär. Alym 1942-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp gelenden soň, Türkmenistan halk komissarlar sowetiniň sungat we neşir bölüminiň naçalniginiň kömekçisi bolup işleýär.
N.Kürräýew magaryf işlerinde köp ýyllar işlänsoň Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidumynyň “Hormat haty” we “Hormat Nyşany” ordeni bilen sylaglanýar.
N.Kürräýew “Görogly” eposynyň II neşirini B.Ahundow, A.Taýymow bilen bilelikde 1958-nji ýylda çapa taýýarlap neşir etdirýär. Ol 1960-njy ýylda neşir edilen “Türkmen halk ertekileriniň” düzüjileriniň biridir.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly