NEBIS – OWADAN DUZAK
/ edebi-filosofik söhbet
Köplenç, ruh bilen ahlagy, ruhy gymmatlyklar bilen ahlaky gymmatlyklary şol bir zatdyr öýdýärler. Emma bu ikisiniň özara baglanyşyklydygyna garamazdan, ruh hem ahlak, ruhy düşünjeler bilen ahlaky düşünjeler şol bir zatlar däldirler. Elbetde, ahlak ruha girýär, diýmek, ruh ahlaga garanda, has uly hem has giň barlykdyr. Şol barlygyň diňe bir jäheti hökmündäki ahlak – ruhuň haýyr hem şer ölçeglerine girýär. Şonuň üçinem ruh köp taraply düşünjedir. Ruh barlygyň ähli jähetleriniň, taraplarynyň esasynda ýatýar. Ruh şol taraplaryň ählisini bitewüleşdirýär. Hut şonuň üçinem dünýäniň bitewüligini diňe ruh arkaly göz öňüne getirmek we diňe ruh arkaly amal etmek mümkindir.
Ruh – milli bitewüligiň açarydyr, ruh – milli bitewüligiň serişdesidir.
Türkmen milli ýaşaýşynyň içki tebigy, dialektiki gapma-garşylygyny iki zadyň – bir tarapdan, ruhuň, beýleki tarapdan bolsa, nebsiň müdimi hem barlyşyksyz göreşi emele getirýär. Bir şahyryň: «Uly çekýär ula tarap, kiçi çekýär kiçä tarap» diýip aýdyşy ýaly. «Gorkut atada» aýdylyşy ýaly, milli ýaşaýyş ruhuň hem nebsiň özara itlişiginden hem çekişliginden hyruç alypdyr.
Ruh – milleti bitewülige, nebis bolsa böleklige, derbi-dagynlyga tarap çekip gelipdir.
Nebis şahsyýeti bölekleýär, ony gury sana öwürýär, ähli ruhy hem ahlak sypatlardan mahrum galan gury san bolsa milli ruhy bitewülikden daş düşýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy milli-taryhy ýaşaýşymyzyň aýratynlygy, bir täsin özboluşlylygy hakynda gürrüň edip: «Türkmenleri hiç mahal daşyndan ýykyp bilmändirler, olary diňe içinden dargadypdyrlar» diýen manyda ýygy-ýygydan aýdýardy. Munuň özi türkmen halkynyň geçmiş taryhy ykbaly baradaky beýik genial pähimdir. Dargaýşyň içki hem daşky itergileri hakyndaky mesele ählumumy, filosofiki meseledir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy durmuş baradaky köptaraply pähimini men sap ruhy aýtyma – sfera geçirmek isleýärin. Şu manyda milletiň içinde hemişe bitewülige ymtylyş hem böleklige ymtylyş dowam edip, özara göreşip gelipdir. Bitewülige ymtylyşyň serişdesi – ruh bolsa, böleklige ymtylyşyň serişdesi hem leşgeri lagnaty nebisdir. Meniň «lagnaty – näletsiňmiş nebis» diýmegim öz tapan aňlatmam däl, ýok, biziň köne şahyrlarymyzyň hem akyldarlarymyzyň bary dürli döwürlerde hem dürli ýerlerde ýaşandyklaryna garamazdan, bir perdeden gopup, biragyzdan nebse nälet okapdyrlar. Onuň hem sebäbi nebis adamy diňe Hakdan däl, eýsem halkdan daş düşürýär we bu etmişini ylla az görýän ýaly, halkyň gözünden hem düşürýär.
Gökde gije bilen gündiziň;
Ýerde haýyr bile şeriň;
Asmanda Ýolbars bile Öküziň;
Ýerde suwlar bile kenarlaryň
Kä biri-birine tokunyp, käte-de çekilişip, baky ýaşaýşy dowam edişi ýaly, ruh hem nebis türkmeniň içinde hemişelik darkaş gurupdyrlar.
Türkmen dünýäsiniň köplenç doly aňlanylýan, käwagt doly aňlanylmaýan ählumumy düşünjeleri bolan ruhuň hem nebsiň hususy ahlak manysyny teswirlemek zerurlygy ýüze çyksa, şeýle diýmelidiris: ruh – ýagşydyr, haýyrdyr, nebis bolsa ýamandyr, şerdir.
Türkmen üçin haýyr – milli bitewülige hyzmat edýän, ony berkidýän hemme zatlardyr we gymmatlyklardyr, türkmen üçin şer – milli bitewülige zeper ýetirýän islendik zatdyr.
Biz ahlaga hem ahlaklylyga şu hili milli nukdaýnazardan çemeleşmelidiris. Sebäbi könelerden galan düşünjeleri milli taryhy durmuşyň fonunda seljerseň hem umumylaşdyrsaň, ata-babalarymyzyň ahlaky garaýyşlarynyň kökleriniň şol hili çemeleşişdenem güýç alandygyny görüp bolýar.
Ýekeje mysal. Türkmenleriň taryhy-ruhy hakydasyny düzýän birnäçe manyly hem ajaýyp rowaýatlar bar. Ol rowaýatlaryň asyl köki durmuşyň özünden alnan hem bolsa, soňabaka olaryň mazmuny halkyň paýhasy tarapyndan kemala getirilýär. Durmuşyň iki-ýeke hadysasyny milletiň paýhasy durmuş hakyndaky pelsepä esas, çig mal hökmünde ulanýar. Şonuň üçinem hakykat – iki-ýeke durmuş hadysasy däl-de, şol hadysalaryň paýhas, akyl umumylaşdyrmasydyr.
Hakykat – ýalaňaç wakalar däl-de, halkyň şol wakalara gatnaşygydyr, ol ýalaňaçlyga geýdirilýän paýhas eşigidir. Akyl-paýhasyň, ruhuň hadysalara we wakalara gatnaşygy barada şeýle diýmek mümkin: hut ruhy öz içinde, aňynda göterýänligi mynasybetli, millet diňe bir durmuşyň agzasy bolman, eýsem durmuşy, taryhy döredijidir hem.
Ruh – milleti aramlykdan, serişdelikden, öýkünjeňlikden, gury sanlykdan halas edýär.
Ruh arkaly millet durmuşa gatnaşygyny hem bahasyny kesgitleýär. Şol baha hem ruhy gymmatlyklar görnüşinde aňlanylýar we kesgitlenilýär.
Ruh – milletiň durmuşy hem taryhy döredijilik ukybydyr.
Türkmenlerde şeýle ukybyň özboluşly önümlerine dürli rowaýatlar, şol sanda Gijen Gyrk hakyndaky rowaýatlar hem girýär. Men häzir şol rowaýatlar toplumyny ahlak meselesindäki gyzyklylygy hem manylylygy üçin agzaýaryn. Mälim bolşy ýaly, Gijen Gyrk tersokanlaryň, azgyn mollalaryň ketdesi bolupdyr. Ondan sapak almagyň, onuň azgyn hemşerileriniň hataryna goşulmagyň gaty täsin hem geň şerti bolupdyr: Gijen Gyrka talyp bolmagyň birinji şerti tamdyra buşukmak eken. Gaharyňy getiriji, degnaňa degiji batnyksyzlyk. Näme üçin Gijen Gyrkyň bu talaby bize şeýle ýakymsyz täsir edýär?
Sebäbi şeýle: bu biziň ahlagymyza we ahlagyň milli bitewülige gatnaşygyna bütinleý ters gelýär. Olaryň bile-göre batnyksyz işleri etmegi degnaňa degýär.
Türkmen durmuşynda hem türkmen aňynda tamdyr – agzybirligiň, asudalygyň, oňşukly rysgal paýlaşygyň hem içki milli bitewüligiň alamatydyr. Biz bu çuňňur manyny başga bir türkmen rowaýatyndan okap bilýäris.
Bir gün kese ýurtly alamançylar türkmen obalarynyň birine çapawulçylyk etmegi ýüreklerine düwýärler. Olar işiň şowlulygyny öňünden kepillendirmek üçin, elbetde, öňünden şol oba aňtawçy iberýärler. Aňtawçy assyrynlyk bilen oba baryp gaýdýar. Gören-bilen zatlaryny gelip habar berýär.
Görlüp oturylsa, küren obanyň ähli ilatynyň çöregi bir tamdyrda bişirilýän eken. Alamançylaryň baştutany obany talamak pikirinden el çekýär. Ol muny şeýle düşündirýär:
– Eger tutuş oba bolup, ähli iýjek nanlaryny bir tamdyrda bişirýän bolsalar, onda olar juda agzybir bolmaly. Olaryň üstüne çozubam, alan galamyz bolmaz. Uly adamlar-a däl, mundan barsak, obanyň oglan-uşagy, aýal-ebtatynyň hersi bir gala öwrüler. Şonuň üçinem şu işimizi goýbolsun edäýeliň!
Şu hili paýhas birlikleri – rowaýatlar diňe biziň milli ruhy gymmatlyklarymyzy beýan edýänligi bilen ähmiýetli däldir. Olarda türkmen ruhunyň, taryhy durmuşyň iň bir amatsyz ýowuz şertlerine garamazdan, bitewülige bolan aňasty hem aňüsti ymtylmalary mazmunlaşypdyr. Aňüsti ymtylmalar şol tamdyry guran obanyň adamlarynyň ýaşaýşynda, aňasty ymtylmalar bolsa şol hakda rowaýaty döreden hem ony kalbynda göteren adamlaryň pikir-hyýallarynyň gözbaşynda ýaşap gelipdir. Türkmen milli ruhunyň ahlagy, ine, şeýle ýerlerden başlaýar we türkmen milli ruhunyň ahlagy şeýle ýerlerde ýaşaýar. Şonuň üçinem şol bitewülige şek ýetirmek diňe tersokanlaryň elinden geljek iň aýylganç ahlaksyzlykdyr.
«Bir adam – bir kişi, iki adam – mähelle» diýen ýaly, bir rowaýat türkmen durmuşynyň bir jähetini görkezse, iki rowaýat taryhy ýaşaýşyň bitewüligini dikeldýär, ol bitewülik bolsa bizi milli pelsepelere iterýär.
Ýokarky iki rowaýaty bir hatarda goýup, olaryň arabaglanyşygyny dikeldip göreliň. Şonda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýokarky pähimi – filosofiki formulirowkasy – «Türkmeni daşyndan däl, içinden ýykypdyrlar» diýen sözleri öz-özünden tassyklanýar duruberer. Daşky alamançylar oba çozmaga het etmän, pälinden gaýdýarlar. Gijen Gyrk ýaly içki ýagylar bolsa pälinden gaýdanoklar hem öz hereketleri bilen, türkmen mukaddesligine şek ýetirmek bilen daşky hemşerileriniň gelmegi üçinem şert döredýärler.
Meni Gijen Gyrkyň azgynlygynyň içki sebäbi, içki itergisi has gyzyklandyrýar. Ol sebäp şeýle halatlarda garaşylandakydan has aýdyň hem düşnüklidir: Nebis! Özüniň ahyrky netijedäki jemgyýetçilik manysy boýunça nebis milletiň bölekliligine hyzmat edýär. Nebsi, gör, nämelere meňzetmediler, gör, nämelere deňemediler. Nebis ylla owadan zenan ýalymyş, bir nazaryň kaklyşdygy bes, özüne imrindirip, öz doýmaz-dolmaz holtumyna – gujagyna düýnäp barýarmyş. Nebsiň alyna aldanan kişi tä ömri paýawlaýança, holt-holt edip, nebis atly owadan periniň yzyndan ylgap ýetjek bolup geçirýärmiş. Nebis yzyndan ylgap gelýän görgüliden garagörnüm alyslykdamyş. Wah, şol «periniň» yzyndan bir ýetsemdim, bagryma bir bassamdym diýip, küýi-köçesi şol bolan adam görgüli eňip gidip otyrmyş. Käbir kiş ömri paýawlanda şol, garagörnüm öňden «perizada» ogşap gaçyp barýan nebsiň ýüzüni görmek eýgerdýärmiş. Görse, bir bedroýmyş, adam: «Gör, men ömrümi gyltyma kowalaşyp geçiripdirin» diýip, buduna urýarmyş. Ursa, nätsin?! Urany bilen, puşman edeni bilen üýtgejek zat ýok. Ömür iki gezek däl, bir gezek berilýär. Adam Allatagalanyň beren baldan süýji bu ömrüni ýeňsesinden owadan görünse-de, ýüzüne dikanlap seredeniňde bedroý, boş, manysyz nebsiň yzyndan kowalap, bihuda geçirendigine puşmanlar edýär.
Nebsiň adamyň başyna salýan sütemlerini, ýuwutdyrýan hunabalaryny hiç bir erbetlik bilen deňeşdirip bolmasa gerek. Nebis adamyň betbagtçylygy. Nebis – owadan duzak. Nebsine erk etmek bolsa, özüňe erk etmek!
Nebis adamdan atyny ýeke çapmagyny, bir özüni bilmegini, özgeleriň bähbitlerini hem hukuklaryny basgylamagyny, olaryň hasabyna özüni ykrar etmegini isleýär. Emma ruhy-psihologik hadysa hökmünde nebsiň özboluşly ilkibaşky manysy hem bar. Käbirleri nebis adamyň tebigy islegleri diýip düşünýärler. Nebisjeňlige bolsa adamy hereket etmäge, zähmet çekmäge, boş oturmazlyga iterýän ruhy-psihologik aýgyt hökmünde garaýarlar. Emma bu beýle däldir. Munuň özi müňlerçe ýyllyk türkmen ahlagynyň diline laýyk gelenok.
Nebis – adamyň azgyn islegleridir. Özüniň tebigaty boýunça-da, hili we möçberi boýunça-da, ahyrky netijesi boýunça-da azgyn islegleriň jemidir.
Allatagala tarapynmy, tebigat tarapynmy – edil şu ýerde tapawudy ýok – ýaradylyşy boýunça adam jemgyýetçilik, il bolup ýaşamaly jandardyr. Şu mizemez hakykat adamyň isleglerini ahlagyň çägindäki islegler we şol çäkden çykýan azgyn islegler diýen görnüşlere bölmäge berk esas berýär. Adamyň ýaşaýşynyň üpjün edilmegi diňe bir onuň özüniň däl, eýsem jemgyýetiň hem hyzmatydyr. Jemgyýetde ýaşamak adamyň boýnuna belli bir borçlary, şol sanda öz isleglerine gözegçilik etmek we olary jemgyýetiň talaplaryna laýyklykda özgertmek borçlaryny ýükleýär. Özüniň tebigaty, hili we möçberi boýunça nebis şol hakykaty ret edýän islegleriň jemidir.
Elbetde, jemgyýetden üzňe alanyňda, adamy ýekirip oturasy iş hem galmaz. Emma adamy jemgyýetiň içinde göz öňüne getireninde, onda adamyň islegleriniň belli bir görnüşleri babatda nebis kategoriýasyny ulanmaly bolarys.
Nebis – adamyň tebigy islegleriniň üýtgän, azan, azgyn görnüşleridir.
Türkmen jemgyýeti adamyň tebigy isleglerini – aýala, baýlyga, pula, iýip-içmeklige bolan isleglerini kanunlaşdyrypdyr. Olary tertibe hem kada-kanuna salypdyr. Adam şol kada-kanunlary äsgermezlik etjek bolsa, bu eýýäm azgynlyk hasaplanypdyr. Çünki bu jemgyýetiň esaslaryna hem sazlaşygyna, bitewüligine hem tertipliligine zeper ýetirýär. Şonuň üçin ata-babalarymyz nebsiň garşysyna ahlagy goýupdyrlar.
Nebis – geçmiş türkmen ruhy tejribesiniň iň köp iş edinen düşünjeleriniň biri. Orta asyrda hem-de onuň yzysüre gelen döwürde nebsiň oňyn düşünje bolmagy mümkin däldi. Akyldarlarymyz nebsi adam çagasyny dünýä tarap iterýän uly bir apat, höwes manysynda aňlapdyrlar. Nebsi köteklänlerinde olar, esasan, nebsiň yza çekiji häsiýetinden ugur alypdyrlar. Dogrudanam, nebis adamyň fiziologik ymtylmalaryndan gelip çykýar we ony haýwan derejesinde saklamaga dalaş edýär. Eger adamyň haýwan bilen bir umumylygy bar bolsa, onda ol – elbetde, nebisdir. Eger biz bu howaýy düşünjäni allegoriýa öwürmek islesek, onda nebsiň suraty, gürrüňsiz, doňuz bolardy. Doňuz, türkmen düşünjesinde, hiç zat etmän, diňe iýmäni-içmäni bilýär. Orta asyr dünýäni duýşunyň iň ýigrenýän zady – adamy haýwana ýakynlaşdyrýan zatlardyr. Ruhy hem paýhasy kult edinen orta asyrlar nebsiň paýhasa laýyklyk däldigini tekrarlapdyr. Paýhas her bir zatdan netije agtarýar. Netijesizlik – bimanylyk bolup görünýär. Paýhas soňuny, netijesini, yzyny gözleýär. Nebsiň bolsa hiç hili soňy ýok, diýmek, ol manydan mahrum. Emma bu bir tarapdan. Beýleki ahlaky-jemgyýetçilik tarapyny alanyňda, nebsiň getirýän netijesi bar, özem juda ýaramaz netijesi bar. Nebsi amal etmek üçin adam özge adamlary serişde hökmünde ulanýar. Bu bolsa günäleriň hem jezalaryň, etmişleriň hem ýazyklaryň iň ulusydyr. Şonuň üçinem atalarymyz nebis – şeýtandyr we nebisjeň kişi şeýtanlykdyr diýen pikire gelipdirler.
Emma nebis isleglerini kanagatlandyrmak gaty süýji hem aşa ýakymly zat. Erkiň hem ahlagyň meýdanynda paýhas bile ruh tarapyndan erklenmedik ten üçin nebisden süýji zat ýok. Şeýlelikde, geçmişiň türkmen akyldarlary
Nebsiň betnyşanlykdygyny,
peslikdigini,
bimanylykdygyny we süýjülikdigini, ýöne
ähli süýji zatlaryň soňunyň
ajydygyny nygtapdyrlar.
Emma olar nebsiň ýene bir zatdygyny –
onuň joşgunlylykdygyny hem bilipdirler.
Ine, meniň pikirimçe, adama asyl tebigaty boýunça mahsus bolan nebsiň hut şu tarapyny biz ahlak-jemgyýetçilik, maddy ösüş üçin ulanmalydyrys. Çünki geçmiş zamanlarda näçe nebsi öldürmeli diýilse-de, ony bütinleý ýok edip bolmaýar. Nebsi, mümkin, orta asyrlarda wagtlaýyn ýok edip bolandyr, emma adamyň özüni öldürmezden nebsi öldürip bolmaz. Sebäbi ol adamyň durkunda bar, ol adama güýç-kuwwat berýär. Hawa, hawa, nebis adama güýç-kuwwat berýär. Şonuň üçinem ony üýtgetmek, ony başga tarapa gönükdirmek gerek. Nebis güýç-kuwwatynyň hilini we manysyny üýtgedýän gural gerek. Emma munuň üçin orta asyr dini dünýägaraýşyndan tapawutlanýan täze filosofiki daýanç, täze dünýägaraýyş gerek. Öňki akyldarlarymyz nebsi o dünýäniň nukdaýnazaryndan ret edipdirler. Indi bolsa daýanjy, megerem, şu dünýäden gözlemelidiris. Bu güýç-kuwwaty jemgyýetiň hem dünýäniň gözelligine gulluk etdiriji, nebsi özboluşly manyda we özboluşly şertlerde aklaýjy ideýa esaslaryny tapmaly.
Emma bu eýýäm klassyky däl-de, täze türkmen ruhunyň aladalaryndandyr. Şonuň üçinem bu hakda has giňişleýin gürrüňi indiki kitabymyza goýalyň.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa