OGUZ HAN TAGLYMATY
Saparmyrat Türkmenbaşy XX asyryň ahyrynda, XXI asyryň başynda täze türkmen milletini esaslandyrdy. Täze türkmen milletiniň döremeginiň syýasy jäheti bolup Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwleti kemala geldi. Milletiň döremegi ýaly beýik taryhy hadysanyň ruhy jäheti bolsa täze milli taglymatyň döremegidir. Beýik Serdaryň "Ruhnamasy" hem-de şahyrana kitaplary türkmen milletiniň ruhy esasy bolan bitewi taglymatdyr.
Taglymat – pelsepe, şeýle hem jemlenen, taraşlanan, umumylaşdyrylan akyl-paýhas gönezligidir we hazynasydyr. Adamzat ýaşaýşynyň ösmegi bilen dörän milletiň we adamzat maşgalasynda mynasyp ornuny alan halkyň barlygyny üpjün edýän esasy daýançlaryň biri, gürrüňsiz, milli aňyýetdir.
Milli aňyýet – ylla magnit meýdany kimin tutuş milli barlygy öz özenine çekip, dartyp, bitewülik, bitewi bir görnüş bolan milleti pytrap, dagap gitmekden, milleti düzüji bölekleri biri-birinden üzülmekden saklaýan beýik ruhy güýç.
XXI asyryň başynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy taglymaty biziň milli aňyýetimiz bolup öňe çykdy. Beýik Sedar öz taglymatynyň nazary, pelsepe, dünýägaraýyş esaslaryny we kesgitlemelerini Mukaddes Ruhnama kitaplarynda ulgamlaýyn beýan etdi. Bu beýik taglymatyň ulgamlaýyn häsiýetine aýratyn ünsi çekesim gelýär. Ulgamlaýynlyk, ilkinji nobatda, ylmy esaslylygy göz öňünde tutýar. Munuň özi bu taglymatyň islendik akyl talaplaryna jogap berip bilýändigini, paýhas ölçeglerine laýykdygyny, akyl-pikiriň synaglaryna döz gelýändigini aňladýar. Şonuň üçinem ol mantyk hem pelsepe taýdan ynandyryjydyr, akyly dokundyryjydyr, manylydyr, akyl-paýhasyň makullamagyna mynasypdyr.
Taglymat ulgam hökmünde şeýle bir gurnaw, bu hili gurnawda bitewülik hem-de janlylyk bar. Ol özbaşdak ruhy barlyk bolup, bu barlygyň içki düzümleri biri-biri bilen janly baglanyşykdadyr, özara şertlendirilendir. Şonuň üçinem ol ýaşaýşa ukyplydyr, ýasamalykdan halasdyr, emeli döredilen, gurnalan bir zat däl-de, tebigy aň we ruh hadysasydyr. Çünki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnama taglymaty hut janly durmuşyň bütinleý tebigy hajatlaryna, zerurlyklaryna, isleglerine jogap-hörek hökmünde kemala getirilen milli aňyýetdir.
Milletiň, milli döwletiň iň tebigy hajatlarynyň biri milli aňyýetiň hökmanlygydyr. Beýik Serdar durmuşyň şu hili kanunyna hemmeden ir we hemmeden oňat düşündi. Ol millete häzirki zaman aňyýetiň howa ýaly zerurdygyna gowy düşünip, ilki Mukaddes Ruhnamanyň birinji, soňra bolsa ikinji kitabyny ýazyp, halkyna bagyş etdi. Indi biz öz durmuşymyzy, öz ruhyýetimizi – aň-paýhas, akyl we ýürek ýaşaýşymyzy bu beýik Kitaplarsyz asla göz öňüne-de getirip bilemzok. Bary-ýogy sanlyja ýylyň geçendigine garamazdan, indi görüp otursak, biziň milli ýaşaýşymyz Mukaddes Ruhnamasyz häzirki belentliginde, bitewüliginde, paýhas esaslylygynda, manylylygynda mümkin hem däl eken.
Ruhnama türkmeni jebis, bir maksada, bir pikire, umumy bir matlaba gönügen, bir bitewi ruhy dilde gürleýän, bir bitewi paýhas ölçeglerinde pikirlenýän barlyga öwürdi. Ol biziň ruhy durmuşymyzy bitewi görnüşe we bitewi şekile saldy. Ol biziň hemmämizi ruhy we akyl gymmatlyklarynyň bir bitewi esasyna baglap goýdy.
Munuň özi milletiň kemala gelmeginde beýik hadysadyr. Gitdikçe, biz bu hadysanyň ähmiýetine hem gerekligine has oňat düşünýäris. Düşündigimizçe, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy şahsyýet hökmündäki beýikligine has oňat göz ýetirýäris.
Beýik Türkmenbaşy taglymatynyň esaslary hakda söhbet açýan şu kitabymyz hem şeýle minnetdarlygy aýan etmegiň bir täridir. Mälim bolşy ýaly, Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamanyň birinji kitabynda türkmeniň geçen ruhy ýoluny bäş sany uly eýýama böldi, olary türkmen milletiniň kemala gelşiniň dürli basgançaklary hökmünde görkezdi. Şeýle dogry hem hakykata muwapyk kesgitleme türkmen halky, dünýä jemgyýetçiligi üçin uly açyş boldy. Munuň täsiri bilen ylhamlanyp, biz şu kitabymyzy ýazmaga girişdik. Kitapda türkmeniň bäş ruhy eýýamynyň hersinde dörän taglymatlaryň aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga synanyşdyk. Her eýýamda türkmeniň akyl-paýhasy dünýä ýaşaýşynyň täze taraplaryny açdy.
Bu eýýamlaryň birinjisi Oguz han Türkmeniň taglymaty bolup hakydamyzda galypdyr. Elbetde, aradan müňlerçe ýyllaryň geçmegi bilen köp zatlaryň unudylanlygy geň däl. Şonda-da taryhy hakydamyz Oguz han Türkmeniň paýhas sapaklaryny aýap saklapdyr.
Men şu ýerde saklanyp galan iň gadymy «Oguznama» okyjynyň ünsüni çekmek isleýärin. Bu kitaby okanyňda özboluşly dünýägaraýyş dünýäsine düşýärsiň, bu dünýäniň elwan reňklerini synladygyňça synlasyň gelýär, süňňüňi melul edýän owazlary diňledigiňçe diňläsiň gelýär.
Edil ilki «Oguznamany» okanymdaky duýgyny – öz içimdäki asyl owazlaryň hem elwan reňkleriň oýanyşyny men birnäçe gezek ak mermere öwrülýän, gurjak ýaly owadan Aşgabadyň Bitaraplyk binasy adyny alan beýik binasynyň deňinden peýwagtyna pyýada barýarkam başdan geçiripdim.
Säher bilen şähere çykýaryn, Bitaraplyk binasynyň deňräginde – onuň günbatarragynda aýak çekýärin. Gündogar taýdan ýaňy dogup gelýän Günüň şuglalary, edil «Oguznamadaky» ýaly, ýöne indi gök däl-de, tylla şuglalar gelip-gelip binanyň üstündäki Beýik Serdaryň heýkeliniň tylla nurlary bilen öpüşýär. Iki nuruň tapyşygy kalbyňa üýtgeşik täsir edýär.
Şäher entek oýanmandyr. Köçeler ümsümlik, ýollar, binalar täp-tämiz, gülleriň ýaňaklaryndaky, otlaryň ýüzündäki çyg damjalaram entek bugarmandyr. Beýik Serdar bolsa gujak açyp täze dogup gelýän Güni garşylaýar. Aşakdan seredeniňde, aňyrdan dogup gelýän Güne garşy bärdenem bir Gün dogan ýaly bolup görünýär. Kalbyňa serginlik bilen howalalylyk, kanagat bilen hyjuwlylyk duýgulary birden aralaşýar. Beýik Serdaryň beýige galmagy seniňem, bu bagtyýar şäheriňem, tutuş ümmülmez Watanyňam beýige galmagy bolup görünýär.
Soň «Oguznamany» okap, Beýik Serdaryň şol pursatdaky keşbinde Oguz hanyň ruhunyň bardygyny men özüm üçin açyş eden ýaly açdym. Onsoň soňky iki müňýyllyk taryh öňli-soňly, sebäpli-netijeli bitewi bir ruhy dowamat bolup aňyma geldi. Şonça wagtyň içindäki hadysalaryň içki baglanyşygyny duýan dek boldum.
Meniň pikir uşlybymy yzarla-da, geliber, gardaş! Men saňa türkmen ruhunyň döreýiş we galkynyş köklerini birin-birin yzarlap bereýin. Türkmen ruhunyň beýikligini, berkligini subut etmek meniň bilen. Talapkär okyjy bolmak, üýnümi aňmak seniň bilen, gardaş!
Biri-biri bilen içki taýdan baglanyşykly bolmak bilen, bäş taglymat daşky taryhy şertlere görä, ruhuň ösüşiniň hil taýdan täze bir döwrüni aňladýar, türkmeniň öz taryhy ösüşinde üýtgeşik sypatlara eýe bolandygyny, mazmunynyň üýtgändigini görkezýär. Meniň pikirimçe, şeýle bölünişigiň ýasama pikir howaýylygy, boş galyplar bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Ol zoraýakdan, çygylyp ýasalan keşpler, meňzetmeler däl. Gaýtam, tersine, olar taryhyň janly ruhyýetiniň özünden tapyldy we ulgamlaşdyryldy. Ulgamlaşdyrmak bolsa akyl ýetirmek hem özgelere düşündirmek üçin zerur usuldyr.
Munuň özi türkmen ruhy taryhyny pelsepewi teswirlemäge synanyşykdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýikligini iki müňýyllygyň giňişliginde göz öňüne getirmäge synanyşykdyr.
Eýýamlaryň geçmegi birle:
Gök böri altyn bedewe öwrüldi.
Göklük altyna öwrüldi.
Meniň üçin Bitaraplyk binasy – bu iki müňýyllyk türkmen ruhunyň maddylaşmasy bolup görünýär.
Meniň bu sözlerimiň dabaralyrak eşidilmegi mümkin, döwürdeş! Ýöne meniň bu buýsançly ýazgylarym dabaraly we öte geçilip aýdylan sözler däl. Bu sözler meniň ýüregimiň, kalbymyň buýsanjy, begenji! Sen meniň her bir sözüme, pikirime üns ber, yzarla! Men saňa her bir aýdan sözümi, pikirimi edil şänik döwen ýaly açyp bereýin, birin-birin subut edip bereýin. Seniň hem meniň bilen deň guwanmagyňy gazanaýyn. Meniň ýüregim suwly, çünki meniň subut etmeli pikirlerimi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ymgyr uly işleri bilen subut etdi.
Bu gün Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy şahsyýetini, döreden ruhubelentlik taglymatyny ylmy taýdan derňemek, ulgamlaşdyrmak zerur. Çünki bu taglymat türkmen halkynyň altyn ýaşaýyşda ýaşamagynyň ýollaryny görkezýän taglymatdyr.
Türkmen ylmy aňyrdan. Ylym diýeniňem dürli serişdelerden ybarat. Hakykata akyl ýetirmek üçin Ýewropa ylmynda dürli serişdeler ulanylypdyr hem ulanylýar. Analiz, sintez, deduksiýa, induksiýa, interpretasiýa. Orta asyrlarda Gündogar, şol sanda türkmen ylmynda-da şo zeýilli birnäçe usullar hem serişdeler ulanylýar eken. Olardan tefsir, teswir, tägwil, tymsal, şerh, hikmet, beýan we beýlekileri görkezmek bolar. Meniň bularyň hemmesinden ýeri gelende peýdalanmak niýetim bar. Megerem, edil häzir şolaryň içinden birini – tägwili ulanmagyň pursadydyr.
Tägwil – pikir görnüşindäki hakykaty belli bir janly zadyň keşbine salyp, göçme many görnüşde açyp görkezmekdir. Atalarymyzyň oňon diýen göz öňüne getirmeleri tägwile oňat ýol açýar. Hususanam, türkmen ruhunyň geçen ýollary, onuň aýry-aýry bitewi taglymat görnüşinde ýüze çykmalary tägwiliň üsti bilen oňat göz öňüne gelýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly, biz ata-babalarymyzyň goýan mirasyna eýe çykmalydyrys. Şol sanda biz olaryň ylmy ýörelgelerini-de ele almalydyrys we durmuş bile baglanyşdyryp, olara gaýtadan jan bermelidiris.
Atalar diňe öz ogullarynyň ganynda we ruhunda gaýtadan direlip bilerler.
Biz olary öz içimizde direltmäge borçludyrys.
Dogrusyny aýtsam, direlişiň özge ebeteýini görmedim.
Ine, «Oguznama» kitaby. Eseriň öz teksti hem-de oňa dürli düşündirişler berlipdir: taryhy, pelsepewi, geografik düşündirişler. Ol düşündirişleriň ylmy takyklygy bilen esere ylmy sowuklygyny görüp hopukdym. Olar düşündiriş däl, çünki olar eseriň janly manysyny açyp bilmeýärler. Sebäbi düşündirişi taýýarlan alym bu zatlary özüniň hünäri, işiniň bir bölegi hökmünde göz öňüne getirýär. Onuňam düýp sebäbi: ol bu kitaba mirasdüşer däl. Ol öz okaýan işini ata-babalarynyň ruhunyň bir bölegi hökmünde kabul edip biljek däl. Onuň ýüregi her setirde atalarynyň janly ruhuny görüp aglaýan, her sözde atalarynyň owazyny eşidip endireýän, her sözlemde atalarynyň ysyny alyp dilimlenýän ýürek däl.
Onuň üçin «Oguznama» ýöne bir eser, haýsydyr bir döwürden galan edebi ýadygärlik. Şonuň üçinem ol ýörite taýýarlyk hem milli borç duýgusy bilen işe yhlasly ýapyşýar. Emma ýüregi bolsa başga-başga zatlaryň yşgynda. Onuň üçin eser ýönekeý bir iş serişdesi, onuň bu ýerde gany gaýnanok, damarlary tarsyldanok. Şonuň üçinem ol bu kitaba janly zat hökmünde garanok.
Biz bolsak ony okap, gözümize ýaş aýlaýarys.
Çünki ol sözlemlerdäki janly ruh meniň ganymdaky ruh bilen tanyş gelýär. Meniň damarlarymdaky ruh şol könemöwrit sözlemleriň, şol indi düşnüksizräk görünýän sözleriň hem sözlemleriň özüniň mundan iki müň ýyl ozalky mekany bolandygyny duýup otyr-a. Munuň özi birwagt göçüp giden ýurduňa gaýdyp geleňde başdan geçirýän duýgyňa çalym edýär. Munuň özi birwagt aldyran suratyňa seredeniňde döreýän ýakymlydan yzaly duýgulara çalym edýär. Damarlaryňdaky ruh möwç alýar.
Edebi makalalar