02:15 Okyjy bilen ýüzbe-ýüz | |
OKYJY BILEN ÝÜZBE-ÝÜZ
Edebi makalalar
Okyjylar bilen duşuşyklar biziñ döredijilik durmuşymyza barha aralaşýar. Mysal üçin, soñky wagtlarda, aýdaly, soñky ýarym ýylyñ içinde meniñ özüm-ä maryly pagtaçylaryñ öñünde-de, gyzylarbatly halyçylaryñ hem-de şäher ýaşlarynyñ öñünde-de, garrygalaly okuwçylaryñ we mugallymlaryñ öñünde-de, Aşgabatda, respublikanyñ dürli künjeklerinden gelen aýal-gyzlaryñ aktiwiniñ öñünde-de çykyş etmeli boldum. Okyjy köpçüligi bilen bolýan her bir duşuşyga men özüñi barlamak hökmünde garaýaryn. Sebäbi seniñ gürrüñiñi, goşgularyñy diñleýän adamlar halkyñ bir bölegi bolup durýar. Beýle pursatlara başdansowma çemeleşmek öz işiñde jogapkärçiligi duýmazlyk bilen barabar bolardy. Ondan hem beteri, okyjyny äsgermezlik etdigiñ bolardy. Şeýle duşuşyklarda döreýän täsirler, pähimler, duýgular barada metbugat sahypalarynda pikir alyşmak peýdasyz bolmasa gerek. Bu ýerde men esasy zadyñ geçirilen duşuşyklaryñ hasabyny maglumat üçin ýöretmekde däl-de, şol duşuşyklardan netije çykarmagy başarmakdygy baradaky pähimden ugur alýaryn. Ilki bilen, şeýle duşuşyklarda esasy roly şahyrlaryñ oýnaýandygy mälimdir. Başga ýerlerde-de şeýle, çünki halkyñ poeziýa bolan ruhy islegi, söýgüsi çäksiz. Poeziýanyñ märekesi egsilenok. Barha artýar. ■ A okyjynyñ hil tarapy nähili? Onuñ düşünjesi, şygryýet dünýäsi bilen tanyşlygy, oña taýýarlygy, estetik derejesi nähili? Okyjynyñ islegine göz ýetirmezden, onuñ öñüne çykmak, oña çem gelen zady "hödürlemek" seni juda oñaýsyz ýagdaýa salyp biler. Häzir okyjylar "şagalaña" gelenoklar, olar diñe goşgy diñlemäge-de üýşenenoklar. Häzirki günleriñ okyjysy goşgyny döredýän adama düşünmek isleýär, onuñ içki dünýäsine aralaşmak isleýär. Şonuñ üçin-de, okyjylar kämahallar saña garaşylmadyk sowaly berýärler, seniñ çen etmeýän tarapyñdan tutýarlar. ■ Men ýene-de öz gatnaşan duşuşyklarymyñ mysallaryna salgylanmaly bolýaryn. Garrygalanyñ raýon merkezindäki 22-nji orta mekdebe biz şol mekdebiñ mugallymlarynyñ ýörite çakylygy bilen bardyk. Uly zal ýokary klaslaryñ okuwçylaryndan, mugallymlardan doly. Seniñ berýän gürrüñiñ, okaýan goşgularyñ edebiýat kabinetiniñ magnitofonyna ýazylýar. Okalýan goşgularyñ ençemesi diñleýänlere öñden tanyş bolmaly. Kitaba giren, gazet-žurnallarda çap edilen goşgulardan, hatda radioda eden çykyşlarymyzdan hem bu zalda oturanlaryñ habarynyñ bardygyny biz duşuşykdan öñdäki özara gürrüñlerde bilip galýarys. Bu, elbetde, dörediji adam üçin uly hormat. Emma hormatyñ añyrsynda jogapkärçilik hem bolýar. ■ Indi berilýän sowallara geçeliñ. - Siz goşgy düzüş formañyzda edebiýat teoriýasyna salgylanýarmysyñyz? - Ýazmak hyjuwy nähili ýagdaýlarda has görnetin ýüze çykýar? - Edebiýatyñ dürli žanrlaryndan işlemek kanunalaýykmy? - Siziñ eserleriñizde çeper hakykatyñ durmuş hakykatyna baglanyşyklylygy nä derejede? Bu sowallary berýän okuwçylary ýa-da mugallymlary sen bir söz bilen kanagatlandyryp bilmersiñ. Şeýlelikde, okyjy bilen ýazyjynyñ arasynda aç-açan hem-de ymykly gürrüñ, diñe gürrüñ hem däl-de, pikir alyşmak ýaly prinsipial ýagdaý döredýär. Bu ýerde okyjy saña köp zatlary öwredýär. Okyjy, elbetde, seniñ diñleýjiñdir, ýöne gerek ýerinde ony diñlemegiñ juda möhümdigini meniñ aýratyn nygtasym gelýär. Men kähalatlarda çeper eserlerde arassa hem halk diliniñ gödek ýoýulýanlygyndan juda nadyl bolýan okyjylara az gabat gelmedim. Okyjylaryñ hemmesini biraýakdan sürmek, elbetde, nädogry bolardy. Olaryñ belli bir bölegi filosofik poeziýa gowy düşünip, ondan lezzet almaga ukyply, başga birleri entek ol derejä ýetmän, "gülşükli goşgulary" gowy görýär. Elbetde, şahyr okyjynyñ islän goşgusyny okap biler. Emma ýöntemräk okyjyly auditoriýada gülüşdirmegiñ hem-de özüne el çarpylmagyny gazanmagyñ hatyrasyna lezzetsiz, terbiýeçilik-estetik ähmiýetinden mahrum zatlaryñ okalmagyny özüm-ä makullaýaryn. Şahyryñ iñ belent borjy adamlarda ruhy gözelligi, sap ýürekliligi terbiýelemäge ýardam etmekdir. Partiýanyñ XXV gurultaýyna SSKP MK-nyñ Hasabat dokladynda ýoldaş L.I.Brežnewiñ aýdan sözlerini ýatlamak örän ýerliklidir: "Biziñ edebiýatymyzyñ we sungatymyzyñ köp tagallalaryny bagyşlan ýene bir temasyny belläp geçmek gerek. Munuñ özi moralyñ, ahlak gözlegleriniñ temasydyr. Munuñ öz kemçilikleri hem boldy, emma her niçik bolsa-da, üstünlikler köp. Biziñ ýazyjylarymyzyñ, hudožniklerimiziñ eden hyzmaty adamyñ iñ oñat sypatlaryny - onuñ prinsipiallygyny, sap ýürekliligini, çuñ duýgulylygyny goldamaga çalşyp, şunda biziñ kommunistik ahlaklylygymyzyñ mizemez prinsiplerinden ugur alýandyklaryndan ybaratdyr". Belli sowet kompozitory D.Kabelewskiniñ ýaş ösdürimlerde saza bola söýginu döregmegiñ hatyrasyna Moskwanyñ mekdepleriniñ okuwçylarynyñ arasynda nähili ýadawsyz iş alyp barýandygyndan mälimdir. Geçirýän duşuşyklarymyzda diñleýjilerde edebiýata çynlakaý höwes, çuññur söýgi döretmek biziñ üçin hem esasy maksat bolmalydyr. Gynansak-da, bizde okyjylar bilen döredijilik işgärleriniñ arasynda onsuzam seýrek geçirilýän duşuşyklaryñ-da juda guraksy, täsirsiz, başdansowma, häsiýetde bolýandygynyñ faktyny gizlemegiñ hajaty ýok. Wuzlarda, iri senagat kärhanalarynda, kitaphanalarda; medeni edaralarda, jemgyýetçilik ýerlerinde aýry-aýry şahyrlaryñ döredijilik agşamlaryny guramak bolsa diñe arzuwlygyna galyp gelýär. Döredijilik işgärlerinu okyjylaryñ, tomaşaçylaryñ ägirt uly auditoriýasy bilen gaýybana duşuşdyrmaga çäksiz mümkinçiligi bolan Türkmen telewideniýesiniñ edebi-drama gepleşikler redaksiýasynyñ jomartlyk bilen bitirýän hyzmatyna minnetdarlyk sözledinu aýdasymyz gelýär. Onuñ şu ugurdaky yhlasy soñky wagtlarda has-da artdy. Telewideniýede mahal-mahal poeziýa almanahynyñ berlip başlanmagyny, ady belli şahyrlar bilen bir hatarda ýaş zehinleriñ çykyşlarynyñ yzygiderli guralmagyny, şeýlelikde, edebi prosese hemme taraplaýyn, giñ aralaşyp başlanmagybt biz telewideniýe işgärleriniñ örän peýdaly inisiatiwasy diýip hasap edýäris. Aýry-aýry edebi gepleşikleriñ gaýtalanyp berilmegini haýyş edip, teletomaşaçylardan gowuşýan hatlar halk köpçüliginiñ şol inisiatiwany ikelläp goldaýandygyna güwä geçýär. "Medeniýet işgärleriniñ - partiýa çlenleriniñ we partiýada dälleriñ biziñ taryhymyza, biziñ häzirki wagtymyza we geljegimize, biziñ partiýamyza we halkymyza, biziñ beýik Watanymyza mynasyp täze eserleri döretmeklerini arzuw edeliñ!" Partiýanyñ XXV gurultaýynyñ belent tribunasyndan SSKP MK-nyñ Baş sekretary L.I.Brežnewiñ aýdan bu sözleri çyn dörediji adam üçin ruhlandyryjydyr hem-de mukaddesdir. Biz halkyñ ruhy baýlygy bolan edebiýaty we sungaty ösdürmek barada edýän yzygiderli, tutanýerli aladasy üçin Kommunistik partiýa, onuñ Merkezi Komitetine, L.I.Brežnewiñ hut özüne çuñ ýürekden minnetdardyrys. Okyjynyñ ýüreginden turýan ýokary ideýaly, çeperçilik taýdan kämil eserleri döretmek biziñ ömrümiziñ manysy bolupdy we bolar. Şu belent işiñ hatyrasyna öz talapkär okyjylarymyz bilen üznüksiz aragatnaşyk saklamagyñ ähli formalaryndan biziñ peýdalanmagymyz gerek. Şeýle gatnaşyklar göz üçin, maglumat üçin däl-de, diñe umumy işiñ bähbidi üçin edilende gerek netijäni berip biler. Şu hakykaty ýatdan çykarmaga biziñ hakymyz ýokdur. # Berdinazar Hudaýnazarow "Ynsap", 249-251 sah., "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1981 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |