PENJE AGALYÝEW
Halk hazynasyny toplamakda iň öndümli işlän mirasgärleriň biri Penje Agalyýewdir. Ol 1897-nji ýylda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ömrüniň köpüsini Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda geçirýär. Onuň kakasy arap elipbiýinden sowatly bolupdyr. Penje Agalyýew başlangyç bilimi Artykda Durdy molladan, soň Büzmeýindäki (häzirki Abadan) Hudaýguly molladan alypdyr. Ol Büzmeýinde we Kaka medreselerinde okapdyr. Mirasgär başda obada daýhançylyk edipdir. Soň obadalikbezde okapdyr. 1923-nji ýylda Babadyrmazda oba sowetiniň sekretary bolup işläpdir. Ol 1926-njy ýylda Aşgabatda mugallymlary taýýarlaýan üç aýlyk kursy tamamlap, tä 1958-nji ýyla çenli mugallymçylyk edýär. Şol aralykda mirasgär 1931-1936-njy ýylarda AşgabatPedinstitutynyň türkmen dili weedebiýaty fakultetini gaýybanaokapgutarýar. Şol döwürde mirasgär halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, halk döredijilik eserleriniň ähli görnüşleriniarman-ýadaman toplapdyr. Bu hakda Penje Agalynyň gyzy Emine kakasynyň obalara köp gatnandygyny, onuň şol wagtlardaky zähmetine onçakly üns bermändiklerini, olaryň gadyryny soň bilendiklerýatlaýar.
Halk baýlygynyň muşdagy bu gezekde Penje Agalyýew hakynda Ata Gowşudowyň dosty P.Aborskiý täsirli ýatlama galdyryp, onuň keşbini çekipdir.
„Ýene-de bir mollany ýatlap geçeliň( birinji molla - Molla Püri Abam ogly – Ş.G.). Bu birneme başgarak adamdy.Ol tejenli Penje Agalydy, biz oňa Penje molla diýerdik. Ol kiçeňräk solgun ýüzli, köseräk adamdy, onuň şol wagtlar näçe ýaşandygyny biler ýaly däldi, kä gaty ýaş ýaly, käte hem gaty garry ýaly görnerdi. Ol sowatly adamdy. Arak-şerapdan, çilim-neşeden bihabardy, özem, göräýmäge, gaty ejizjedi, orta asyrlarda ýaşan gurrandaza ýa-da köne kitaplardaky suratlara çalym eder durardy. Ol hem eline bir del kitap, golýazma salyp bilse, Dil we edebiýat institutyna getirip bererdi, Molla Pürä görä seýregräk bolsa-da, Kalinin köçesiniň 124-nji jaýyna gelip durardy. Eger ýalňyşmaýan bolsam, Penje molla diňe bir golýazma ýygnaýjy hem däldi, ol has dogrusy, tekstleriň manysyny düşündirýän terjimeçidi. Ol pars we arap dillerine ökdedi.“
P.Agalyýewiň dürli-dürli etraplardan toplan edebi-çeper eserleri Milli golýazmalar institutynyň hazynasynyň N 281, 287, 374, 330, 428, 432, 446, 481, 499, 560, 575, 605, 642, 689, 720, 750, 809, 824, 849, 1173, 2023-nji bukjalarynda saklanylýar.
Bukjalardan çen tutanyňda-da onuň ýygnan baýlygy hele-müçük däl. P.Agalyýewiň toplan mirasynyň köpüsi latyn elipbiýinde, käbiri gara galam ýa syýa bilen sary kagyza ýazylypdyr. Käte bolsa mirasgär halkyň arasyndan öň kimdir biri tarapyndan ýazylan golýazmalary tapyp toplap getiripdir. Meselem, 432-nji çeşmede birnäçe ertekiler bar. Olar P.Agalyýewiň toplan mirasynyň arasynda saklanylýar, olary özi ýazmandyr. „Gül-Senyber“ ertekisi babatda-da ýagdaý şeýledir. Ony gypjakly Rejep Nyýazguly ogly ýazypdyr. Mirasgär 281-nji bukjadaky ertekileri: („Üç dogana bir söz beren gyz”),„Ýuwha gelin“,„Ýedi galandar“ wekäbir rowaýatlary, “Naz serdar” atly bir kyssa eserini, Myraly we Soltansöýün hakyndaky we Görogly bilenbaglanyşykly dürli-dürli adamlaryň dilinden eşidilen rowaýatlary, Nurberdi hanyň edermenligi, Gökdepe urşy hakyndaky maglumatlary dürli-dürli etraplardan ençeme adamlaryň dillerinden ýazyp alypdyr.
605-nji bukjada bolsa Myraly we Soltansöýün hakynda „Keýmir kör”,„Heleý bagşy”, „Esenpolat“ we ýene Myralydyr Soltansöýün hakyndaky rowaýatlar saklanylýar.
P.Agalyýewiň halkyň arasyndan toplan edebi gymmatlyklarynyň arasynda haýwanlar hakyndaky ertekiler, ýer-ýurt atlary bilen baglanyşykly, belli-belli şahslar hakyndaky rowaýatlar, maglumatlar juda köp.
Mirasgäriň ýazyp alan „Salyr Gazanyň ölümi”, „Ogurlanan duşak”, „Isgender Zülkarneýin”, „Mekgede Käbäniň salnyşy”, „Nohuryň asly”, „Sary ton”, „Ýakup pygamberiň gul çagasyny satyşy”, „Çopanbatyr we Nurberdi han”, „Garaoglan han”, „Magtymguly hanyň öýlenişi”, „SeýitJemaleddiniň aždarlary”, „Döwletýar beg”, „Seýdi we ogullary”, „Şabende”, „Seýdiniň ökünji”, „Oguz han we onuň nesilleri”, „Göroglynyň mekany”, „Seýdi hoja” ýaly rowaýatlary, Gökdepe urşy we Mämmedoraz şahyr barada, Göroglynyň gubury bilen baglanyşykly maglumatlary dürli-dürli çeşmelerde ýerleşýär. Şol sanda nusgawy şahyrlaryň birnäçe etraplardan ýazylyp alan goşgulary sahypa-sahypa. Meselem, 742-nji bukjada Mollanepesiň 31-sany goşgusy, 642-nji çeşmede Misgingylyjyň „Aýrylsa”, „Batyr Nepes”, „Geler” ýaly goşgulary 648, 642, 720, 281, 665, 654, 605-nji çeşmelerde dürli-dürli şahyrlaryň şygyrlary jemlenipdir. Olar Garaja oglana, Magtymgula, Seýdä degişli. Magtymgulynyň 1940-njy ýylyň 9-njy awgustynda Gyzyletrekli Nurmämmet Oraz oglunyň we beýlekileriň dilinden ýazylyp alnan goşgulary; „Ar bolar”, „Dünýäniň”, „Gadrym bilinmez”, „Goýmady”, „Jahan eglenmez”, „Dünýä heý“, „Gerekdir”, „Karar olsun“, „Bolarmy?”, „Bilmersiň”, „Dünýäniň”, „Goýmady”, „Jahan eglenmez”, „Ýurt galar”, „Diýdiler”, „Gadrym bilinmez”, „Rahat goýmady”, „Karar olsun”, „Dert oldy“ goşgulary 742-nji çeşmede. Magtymguly Pyraga onuň kyblasy Döwletmämmet Azada bagyşlanan rowaýatlar, olaryň döredijiligi bilen baglanyşykly maglumatlar-da juda köp. Aslynda P.Agalyýew Magtymguly, Myraly we Soltansöýün hakyndaky rowaýatlary ürç edip toplapdyr. Bu gymmatlyklaryň hemmesi nusgawy şahyrlaryň ömrüni döredijiligini öwrenmekde juda gymmatly, ähmiýetli çeşmedir.
Magtymgulynyň daşky sypaty hakynda Garrygalaly Mämmetoraz Çakan oglynyňberen maglumaty Magtymguly saryýagyz, at ýüzli, çokgarak sary sakgally, gözi mawa ýakyn, goýun gözli adam bolupdyr.Umuman Magtymguly bilen baglanşykly dürli-dürli adamlaryň dilinden ýazlyp alnan rowaýatlar juda köp. Olaryň köpüsi 1940-nji ýyllarda ýazylypdyr. Olar golýazmalar hazynasynyň 809, 614, 601, 642 bukjalarynda saklanylýar. Kompýuterde 37 sahypa.
Ol rowaýatlardan M.Kösäýewiň „Magtymguly hakynda halk rowaýatlary” (şahyryň doglan gününiň 250 ýyllyk toýuna bagyşlanan ýygyndy), A.Baýmyradowyň şol sene bilen baglanyşykly toplan „Magtymguly hakynda rowaýatlar we legendalar” atly kitaplaryna girizilipdir.
Kä halatlarda halkyň gymmatly çeper mirasyny ýaýradyjylar göwrümli kyssa eserlerini, meselem, dessanlary özbaşdak sýužetlere şahalara bölüp erteki, hekaýat görnüşinde goşgusy bilen hem gürrüň beripdirler. Käbir dessanlaryň aslynda türkmen ertekileriniň ýatandygyny-da inkär edemzok. Meselem, mirasgäriň toplan hazynalarynyň arasynda Ýusup-Züleýha bilen baglanyşykly şeýle bir sýužet getirilýär.
Ýusubyň kakasy bir owadan almany alyp, Beşiriň kakasyna, „Şuny mekdepde iň owadan çagany tapyp şoňa ber” diýýär.Beşirem Ýusup bilen okaýan eken. „Garganyň gaz balasy, her kimiň öz balasy” diýlişi ýaly, öz ogly gözüne yssy görnensoň, Beşiriň kakasy almany bigörkje ogluna berýär. Beşir ýolda öwnüp Ýusuba gürrüň berýär. Ýusubam ony kakasy Ýakuba aýdýar. Ýakup gaharyna Beşiri ene-atasyndan aýryp, ýat ýurda gul hökmünde satyp göýberýär. Şonda Beşiriň ejesi Taňra ýüzlenip Ýakuba erbet gargaýar. Ýakubyň Ýusupdan jyda düşürilmegini dileg edýär. Hakykatdan hem, Ýakup Ýusupdan jyda düşüp uzak aýralykdan, kör bolýar. Ahyrda-da enäniň dilegi kabul bolup, Beşir ejesine gowşanda, Ýusubam kakasyna gowuşýar. Bu ýerde „Ýakma bişersiň, gazma düşersiň” diýen ideýa gozgalýar. Ýagny Ýakubyň etmişi ýazgarylýar.
627-nji bukjada „Hoşgeldi” ady bilen „Görogly” şadessanynyň bir şahasy saklanylýar. Ony P.Agalyýew 1940-njy ýylyň 22-nji awgustynda Öwlüýäguly bagşynyň (Goç ogly) dilinden ýazyp alýar. Ol Hojambaz etrabynyň Beşir obasyndan.
„Hoşgeldi” GöroglynyňÖwezi weGyraty gruzin şasyndan Hoşgeldi ady bilen halas edişi hakynda. Bu nusga „Göroglynyň“ 1996-njy ýylda Ankarada neşir edilen kitabyna goşulypdyr.
Bu şahanyň mazmuny özboluşly, gyzykly. Oglunyň „men-menliginden“ pendini tutman, janyny ýakan Görogla onuň ýigitlerem duşman üstüne gitmekden boýun gaçyransoň, elbetde Öwezi, Gyraty halas etmek ýeňil düşenok. Adyny üýtgedýär, gyssananda ýalan sözleýär. Bu babatda Agaýunus Görogla ruhy goldaw berýär.
Öwez Haldar batyr we ýigitleri bilen Kaýsar çeşmäniň boýunda düşleýär. Şol ýerde paç alyp gelýänleriň ellerinden olaryň pajyny alyp, Esenalynyň (Gruzin şasynyň nökeri)gulak-burnuny kesip, ony, uruşmaga taýýardygyny aýdyp, Şasepidiň üstüne iberýär. Şa ähli batyrlaryny Öweziň üstüne ýollap, onuň serhoşlygyndan peýdalanyp, ýigitlerem ony taşlap gidensoň, Gyraty we Öwezi aňsatlyk bilen gola salýar. Bu ýagdaýa juda gynanan Görogly başda duşmana tanatmazlyk üçin, hilegärlige ýüz urup adyny üýtgedip, başyna derwüş sopajyny geýip, kädisini boýnundan asyp, dilegçilik eden kişi bolup, köşge girýär, emma Şasepit patyşa Görogla garap şeýle diýýär:
–Ýeri, gurrumsak, özüňi masgara halda ýasap, bizi akmak hasaplap, galandar sypatyna girip, pikiriň atyňy ogurlap gaçjak-da. Indi Öwez hany hem seni görelde daryna asjak. Ýeri, näme jogap berjek?- diýdi. Onda Hoşgeldi „kah-kah” urup bir güldi-de:
–Eý, şahym, seniň ýurduň bir tüýsli ýurt eken. Biziň ilimiüde sen bolan bolsaň bir padyman edip, sygryň yzyna hem salmazdylar. Sebäbi sen bir tüýsli akmak adam ekeniň. Men özüm Kerogly bolsam, Ispyhana eýe bolsam, bäş müň, on müň goşun alyp seniň üstüňe gelip, ortada ilçi ýöredip, Öwez bilen Gyratymy berjekmi, ýa uruşjak diýmezmidim. Maňa başyma bir küläh geýip, eline kädi alypgedaýçylyk edip ýörenenegada hümmet eden adam ýedi şaýy berýär. Ýä sen at berilýän ýerini görüp eşitdiňmi? Ýene gepi köp aýlama,nan-çaý bermek saňa ýakmady. Rugsat et, galaňdan gideýin – diýdi. Onda Şasepit:
–Ýok,men senden çaý-nanymy gysganamok. Şaberdi tanadym diýýär seni – diýdi. Onda Hoşgeldi:
–Eý Şasepit, adam oglunyň kyrk ýaşda beýnisi dolar, akyl geler. Segsen ýaşynda beýnisi tükener, akyly gider. Bu Şaberdi diýen adamyň üç kyrkdanam aşan. Üç kyrkdan hem aşyp, sagyr bolan akmak hatarynda bolýar. Gülmegimiň sebäbi şu bolýar – diýdi.
Onda Şasepit şa durup oýlandy: „Elbetde, janyny bilmez batyr bolmaz.“ Munuň hem iki jany ýokdur.
Ahyrda Görogly ýeserligi, dilewarlygy ýanbermezekligi bilen özüni, atyny tananlarynda-da ugur tapyp, duşmandan sypýar, Gyraty we Öwezi halas edýär. Bu sýužet „Göroglynyň” beýlekişahalaryna meňzänok. Şadessany şeýle sýužetler bilen baýlaşdyrmak diňe onuň gymmatyny artdyrýar.
575-nji çeşmede “Nejep oglan” dessanynyň latyn elipbiýindäki nusgasy saklanylýar. Ony mirasgär Tagta (häzirki Görogly) etrabynyň Garagulak obaly (kolhozy şol wagtky Karl Marks) Öre Seýitmämmetoglunyň dilinden 1940-njy ýylyň 27-nji maýynda ýazyp alypdyr. Penje Agalyýew bu dessany N.Hojaýew bilen çapa taýýarlap, 1943-nji ýylda neşir etdiripdir.
Türkmen halkynyň bagşyçylyk sungatyndan söz açýan bu dessan meşhur gündogarşynas alym Ý.E.Bertels ýaly alymlaryň ünsüni çekipdir. Muňa onuň „Nejep oglan” şahyr hakdaky türkmen romanydyr“ (1946 ý.), „Şahyr hakda türkmen poemasy” (1947 ý.) atly makalalary şaýatlyk edýär.
Mirasgär „Şirin-Perhat“ ertekisini 1940-njy ýylyň 15-nji dekabrynda Garrygala (Magtymguly) etrabynyň Köne Kesir obasyndan ýazyp alypdyr. Aýdyjynyň ady ýok. Bu dessanda goşgy ýok, ikinjidenem onuň mazmuny “Şirin-Perhat” dessanynyňöňki nusgalaryndan tapawutly, özboluşly. Perhat daş ussasyndan hünär öwrenýär. Juda edenli, gaýratly pälwan bolup ýetişýär. Öz dosty Şamur dönüklik edip, Şirine gowşup bilmeýär. Bularyň ykbaly pajygaly ýagdaýda gutarýar. Süleýman bilen Şirini baglan Şamur ýalňyşyna giç düşünýär. Emma päli ýaman Şamur Şiriniň ölendigini aýdyp, Şirin üçin daglary ýaryp, suw geçirip ýören Perhadyňam ölümine sebäp bolýar. Bu kyssanyň gysgajyk mazmuny şundan ybarat.
Mirasgär 696-njy çeşmedäki haýwanlar hakyndaky ertekileri 1936-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda arap elipbiýinden türkmen elipbiýine geçiripdir, redaktirläpdir. Munuň özi arap elipbiýinde okap bilmeýän okyjylar üçin uly sowgatdyr.
HatamTaý bilen baglanyşykly iň köp erteki, hekaýa toplan P.Agalyýewdir. Golýazmalar hazynasynyň folklora degişli 824-nji bukjasynda “HatamTaýa” degişli 30 sany ululy-kiçili kyssa eserleri saklanylýar. Olaryň mazmuny yzarlanylyp oturylsa, Hatam ýekeje ýerde-de öz öýünde rahat oturanok. Ol mydama ýolda, adamlaryň arasynda. Ýetmeze ýetirip, horlanýana zat paýlaýar.Haýwanlara kömegi ýetýär. Magşugyna gowşup bilmän, ejir, gussa çekýän aşygy gyza Melikäni Muniregowşurmak üçin ähli işini-aladasyny, öý-öwzaryny taşlap uzak illere gidýär, öz güýjünden näçe esse güýçli hyýaly güýçler bilen söweşýär. Gepiň gysgasy, ol tutan maksadyna ýetmän ýa-da boýnuna alan işini bitirmän,yzyna dolanmaýar. Suratlandyrylyşyna görä, sahylykda, ynsanperwerlikde Hatama taý ýok. Hatam Taý baradaky rowaýatlara, ertekilere beýleiki hazynatoplaýjylaryň mirasynyň arasynda-da duş gelinýär. Emma olaryň hersi özboluşly, gyzykly hem göwrümli.
P.Agalyýewiň Hatam Taýa degişli hekaýatlarynyň, ertekileriniň sýužet ýordumy sadaja. Olaryň käsi bir ýa iki sahypadan ybarat. Ine, olaryň käbirleriniň atlary: „Dört dogan-bäş boldy”, „Aşyk magşuk bilen”, „Hatam adynyň döreýşi”, „Halkyny beladan gutaran”, „Hatam we tilki”, „Hatam we it”, „Ýylandan gutulan gyz”, „Gülgüne gyz we kämil oglan“, „Iki gandar”, „Derwüş we taý”, „Gizlin syrlar”, „Şanyň piri Şyhy zaman”, „Egri azar-dogry ozar”, „Şazada Muniriň hyzmatynda”, „Şalar başarmaz”. Bularyň hemmesinde Hatamyň ynsanperwerligi, sahylygy açylyp görkezilýär. Meselem: „Hatam we tilki” atly ertekide Hatam tilkiniň çagalaryny alyp giden awçydan ugruny tapyp, onuň çagalaryny alyp berýär. „Gyz sözüniň üstünde” atly ertekide Hatam bir adamyň sözi bilen gözel gyzyň gözlegine çykyp, aşygy kynlyk bilen maksadyna ýetirýär. Hatam hemişe aýak üstünde gezip ýören soň, hökman birkömege mätäjiň, ýeter-ýetmez günden kösenýän bir garybyň üstünden barýar.
Penje Agalyýew halk mirasynyň terbiýeleýjilik, öwredijilik ruhy güýç berijilik, adamzady dogry ýola gönükdirijilik gymmatyna, galyberse-de türkmen halkynyň milli häsiýetini, psihologiýasyny, däp-dessurlaryny, geçmişdäki taryhyny öwrenmekdäki gymmatyna düşünip irginsiz toplapdyr, sünnäläp halka ýetiripdir. Şu ýol bilen türkmen folkloryny baýlaşdyrypdyr.
P.Agalyýewiň irmän,arman toplan gymmatly golýazma hazynasynyň ençeme ýygyndylara siňendigine şübhe ýok. Bu uly baýlygyň bahasyny söz bilenem, pul bilenem ölçemek mümkin däl.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly