RUHYÝETIŇ WE RUHUŇ MANYSY / edebi-filosofik söhbet
Jemgyýetçilik ýaşaýşynyň üç sütüni bar: bular – Syýasat, Ykdysadyýet we Ruhyýetdir.
Ýönekeý bir durmuşy ýa-da adaty bilimi garaýyşdan has düýpli bu taglymatyň çuň mazmuny we dürli taraplary bar. Men jemgyýetçilik ýaşaýşynyň diňe bir tarapy – RUHYÝET barada söhbet etmek isleýärin.
Ruhyýet – türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň taryhyň uzak dowamynda kemala gelen, bekeşen çeýe ulgamydyr.
Beýik Galkynyşlar zamanamyzyň ruhy taglymatynyň içki manysyny bütin çuňňurlygynda we onuň içki düzümini bütin dolulygynda göz öňüne getirmek üçin meniň meselä edebi-filosofik nukdaýnazardan çemeleşesim gelýär. Bu islegiň döremegi ýöne ýere däl, onuň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki filosofiýa – akylyň bir özboluşly görnüşi hökmünde zatlaryň, hadysalaryň düýp manylaryna bitewi garaýyş diýmekdir. Filosofiýa adamlaryň ruhy ganatydyr. Şonuň üçinem ruhyýet äleminiň filosofik hem edebi gapysyndan baryp, syn etsek, biz düşünmek islän zadymyza has açyk, aýdyň göz ýetireris, onuň many-mazmunyny aňsatlyk bilen tireris.
Ruhyýet hakda, ýaşaýyş we ýaşaýşyň manysy hakda ähli asyrlarda-da pikir ýöredilipdir. Ýaşaýşyň manysy mydama-da adamzat üçin möhüm meseleleriň biri bolupdyr. Ýaşaýşyň manysy bu gün hem dünýäde esasy mesele bolmagynda galýar.
Bu gün dünýäde ýaşaýyş filosofiýasynyň ýaşaýşyň manysy hakdaky netijesi örän aýdyň.
Ýaşaýyş filosofiýasy şeýle diýýär: ýaşaýşyň manysy ÖZ-ÖZÜŇI YKRAR ETMEKDIR.
Bir göräýmäge, jedelli ýaly görünýän bu pikir ýumagynyň uşlybyny çöşläberseň welin, ähli zat aýdyňlaşýar duruberýär.
Aýdyňlaşdyrmany men has aňyrdan – adamyň, janly-jandarlaryň dörän ilkinji gününden başlamakçy bolýaryn.
Ilki jansyz madda jan girýär, şeýdip jandarlar, janly göwreler döreýär. Adamlar döreýär. Ýöne ähli janly-jandarlar bir ýaňa, adamlar bir ýaňa. Adam köplenç bu dünýäden närazy bolupdyr. Ol ýaşaýan dünýäsini «ýalançy dünýä» diýip atlandyrýar. Dünýä görgüli adamyň ähli diýenini çekip ýör.
Bu dünýäniň kanuny şeýle: «Gelen ýüküni ýazdyryp gidibermeli». Nägile adam hem gepsiz-gürrüňsiz gidiberjek ýaly. Ýöne adam gitmegi gaty ýokuş görýär. Onuň öz nägile bolan dünýäsinden asla gidesi gelenok. Diňe adamlaryň däl, gaýyplykdan barlyga gelen, jansyzlykdan gutulan jandarlaryň, ähli janly göwreleriň gaýdyp şol öňki ýokluk halyna baraslary gelenok. Hawa, hawa, baraslary gelenok. Olarda bu panyda hemişelik ýaşamak, wagt hem giňişlik bilen şertlendirilen janlylyk, barlyk dünýäsinde ömürlik galmak meýli döreýär. Eger ölüm diýen ýowuz zat bolmadyk bolsady, onda, belkem, adam henizem gowaklarda ýaşasa ýaşar ýörerdi.
Gowaklarda ýaşap ýören ilkidurmuş adamlaryny gowaklardan çykaran güýç barlyk dünýäsinde ömürlik galmak meýli.
Adamlary asyrlarsaýyn kämilleşdiren, olary köp-köp uruşlaryň, gabahatlyklaryň içinden geçirip, şu güne getiren güýç – barlyk dünýäsinde ömürlik galmak meýli.
Adamzadyň şu günki derejelere ýetmegi – barlyk dünýäsinde ömürlik galmak meýli.
Şol meýil erk hem aň görnüşinde ýüze çykýar. Ýaşaýyş meýli jandarlarda we janly göwrelerde özüniň biologiki düzümi, durmuşa ukyplylygy boýunça dürlüçe ýüze çykýar.
Birinji topara ýaşaýyş meýli diňe göwre, beden derejesinde ýüze çykýan jandarlar girýär. Bularyň ýaşaýyş ukyby öz-özüni goramak endigi – instinkti görnüşinde ýüze çykýar, ömürleriniň manysy ýaşaýyş basgançagynyň ilkinji derejesini amal edýänliginde jemlenýär.
Instinkt – göwräniň, bedeniň paýyna düşen ukypdyr, ol bedeniň dilidir.
Adamlar bu dünýäniň, tebigatyň şasy. Adama akyl-paýhas berlipdir, adama göwün berlipdir. Özem akyl-paýhas, göwün bu dünýäde diňe adama berlipdir. Tebigatyň bu çäksiz peşgeşine adam neneň begenmesin! Adam bolup ýaşamagyň nähili beýik gudratdygyny tebigatyň gujagyndaky täsin-täsin zatlar bilen tanyşdygyňsaýy, has oraşan göz ýetirýärsiň.
Adamlaryň janly gatnaşygy esasynda ruh döreýär. Özleriniň ýaşaýyş meýline bolan ymtylyşlaryny – ölmez-ýitmezlige, bakylyga bolan okgunlylygyny adamlar her döwürde dürlüçe aňladypdyrlar, jandan – ýaşaýyş meýliniň has ýöntem görnüşinden tapawutlylykda, ruh ýekelikde ýaşaýan adamda ýüze çykyp bilmeýär. Sebäbi ruhuň çuňňur jemgyýetçilik manysy bar.
Ruh adamlaryň gatnaşyklarynyň esasynda döreýär. Adamlaryň gatnaşyklarynyň ýeten derejesi – ruhuň derejesidir.
Ruh – barlygyň täze bir dilidir, täze bir derejesidir.
Ruh – öňki dünýäleriň üstünde gurnalan täze bir dünýädir.
Ruhuň köpçülik gatnaşyklary esasynda döreýändigi baradaky pikirimize bir anyklyk girizmelimikä diýýärin. Sebäbi ruh köpçülik esasynda döreýär diýmek – diňe adamlar babatda dogry. Ýöne, hakykatynda, süri-süri, topar-topar bolup gezýän, ýaşaýan janly-jandarlar, haýwanlar az däl. Olaryň hernäçe süri-süri, topar-topar bolup gezseler-de, ruhly bolmajakdyklary düşnükli zat. Sebäbi olar akyl-paýhas we göwün mahsuslygyndan mahrumdyrlar. Şo hili mahsusyýetli adamlar ruhy kemala getirýän özara gatnaşyklaryň görnüşi bolan toplumlara – maşgala, millet bitewüligine birigýärler. Ruhuň ýaşaýyş meýdany-da şo hili toplumlardyr. Şeýle toplumda, elbetde, maddylygyň, göwräniň öz orny, paýy bar, emma bularyň orny ýardamçylykdyr, ruhuň doly suratda we mynasyp amal edilmegi üçin esas, kömekçi bolmakdyr.
Ýaşaýyş meýliniň amal edilmeginden döreýän ýaşaýyş özüniň ähli derejelerinde we görnüşlerinde özüni saklamak üçin durmuş serişdelerini edinýär. Şonsuz ýaşaýşyň bolmagy, ýaşamak mümkin däl.
Aýdaly, iň mön jandarlarda ýaşaýyş serişdesi – öz-özüňi goramak instinktidir. Güle gonan kebelegi tutjak boluň, ol eliň ýakynlanlygyny duýar-da, uçar gider. Diňe kebelek däl, ähli mör-möjek, janly-jandar şeýle. Ine, siňek. Onuň depesinde ýigrimi dört sany gözüniň bardygyny biz bilemzogam. Adam diňe öňüni görüp bilýän bolsa, siňek dört tarapyny hem depesini birbada görüp, duýup bilýär.
Süri-süri bolup elkin ýaşaýan ýylkylaram, keýikdir jerenlerem, entek seniň özüňi görmeselerem, ýakynlap ugranyňy instinktiw duýýarlar.
Atlaryň, itdir pişigiň ýeriň titrejekdigini öňünden bilýändigi barada hem döwürleýin metbugatda köp makalalar çap edildi.
Çopanlar goýunlaryň bir ýere ýygnanyşyp, diňşirgenibermesinden möjegiň ýakynlandygyny aňýarlar. Garlawaçlar pessaýlap uçup, ýagşyň ýagjakdygyny adamlara duýdurýarlar.
Adamyň duýgurlygy, ys alşy beýle bir ösen derejede däl.
Aslynda Allatagala ähli janly-jandarlary ýakynlaşýan tebigy hadysalary adamlara aýtmagy üçin, ýardamçylyk üçin ýaradypdyr diýýärler. Şeýledir. Ýöne janly-jandarlar hernäçe janygyp, tebigy hadysalar hakda «aýtsalar-da», adam köplenç olaryň diline doly düşünip bilmeýär. Bu gün dünýäde 40-50 dil bilýän adamlar bar. Ýöne şonçarak janly-jandaryň dilini bilýän hünärmenler ýok. Bize haýwanatyň, tebigatyň diline düşünýän hünärmenler gerek. Ine, ösen döwürde ünsden düşürilýän ugur. Eger adam haýwanatyň, tebigatyň dilini öwrense, ýaşaýşymyz ýeňilleşerdi, tebigatdaky sazlaşyk artardy.
Ruh has çylşyrymly ýaşaýyş fenomeni, emma bu ýerde şol ilkibaşky durmuş serişdesi kanuny dowam edýär, hökmürowanlygyny ýöredýär. Adamlaryň ýaşaýşy asman – Hudaý teblesiniň daşyndan, okunyň daşyndan aýlanýar.
Ruhuň ýaşaýyş serişdeleri – ruhy gymmatlyklardyr. Ruhy gymmatlyklar taryhy ýaşaýşyň bütin dowamynda durmuşyň dürli zerurlyklary sebäpli, diňe bir adamlaryň özleri tarapyndan döredilmän, eýsem Allatagala tarapyn olara salgy berlendir.
Ine, şu ýerde men, hormatly okyjy, siziň ünsüňizi bir zada çekmek isleýärin. Ol hem adamzadyň bütin ýaşaýyş taryhyndaky Hudaýyň we Hudaý ideýasynyň orny hakyndaky mesele.
Her bir danyşment, her bir ulama, durmuşdaky eýeleýän derejesine seretmezden, her bir adam ömrüniň bütin dowamynda Allatagala hakda, onuň durmuşdaky eýeleýän orny hakda oýlanýar. Her kim öz pähim terezisiniň derejesi bilen baha berýär, netije çykarýar, öz ýaşaýyş ulgamyny döredýär.
Men şeýleräk pikir edýärin: Allatagala adamlara owal-başda beren akyl-paýhas, göwün hem erk mahsusyýetleri arkaly, adamzat taryhyna her pursat, mydama gatnaşyp dur. Hut şol mahsusyýetler mynasybetli adamzat taryhy tejribe diýen zady edinýär. Toplum bolup ýaşamak, biri-birine dahylly bolmak, tekge bermek – diňe adamlara mahsus diýmek ýalňyş bolar. Sebäbi toplum bolup ýaşaýan, biri-birine tekge berýän janly-jandarlar kän. Ýöne olar hernäçe bile, toplum ýaşasalar-da, biri-birine kömek etseler-de, olar durmuş tejribesini gazanyp bilmeýärler.
Adam ýaşaýar, başarnygyna we başardygyna görä işleýär, taryhy tejribe toplaýar. Göräýmäge, oýlanyp, pähimlenip bilýän adama taryhyň birki asyrlyk tejribesi ýeterlik bolaýmaly ýaly, ýöne ýeterlik bolmandyr. Adam dogup-döräli bäri taryhy tejribe toplap gidip otyr. Toplanýan köp tejribe adamyň bu gulagyndan girip, ol gulagyndan çykyp gidýän bolmaly. Taryhyň wagt eleginde galýan taryhy tejribeler örän az. Ol tejribe taryhy prosesi adamzadyň öz ýaşaýşyny öz-özünden dolandyrmagyň serişdesine öwrüp bilmeýär. Çünki taryh dünýäniň aňyrsy, gutarýan ýeri däl, taryh kosmos bilen baglanyşykly. Kosmosyň soňsuz düzüjilerinden biri bolany üçin, taryhyň gerdişi hem akymy beýleki düzüjilere bagly.
Şu zatlar hakda pikir öwrüp, oýlanyp, gelen netijäm şeýle:
ADAM ERKINIŇ GUTARÝAN ÝERINDE ALLATAGALANYŇ ERKI BAŞLANÝAR.
Adam bolsa özüniň erkiniň wagt meselesinde, şol sanda taryhy wagt meselesinde hem juda çäklidigini boýun almalydyr: adam öz ömrüniň indiki öwrüminde nämeleriň boljagyny bilenok ahyryn. Dünýä – tapmaça. Dünýä tapmaçasy, bir göräýmäge, örän oraşan ýaly. Ýöne beýle däl. Ömür maşynynyň öz ruly, öz tormozy bar. Käte rul adam erkiniň, isleginiň tersine-de öwrüläýýär. Durmuş käte adamyň islegi boýunça däl-de, öz islegi boýunça öwrüm edýär. Biz: «Her kim öz ykbalynyň hojaýyny» diýen bolýarys. Ýöne bu pähime bütinleýin dogry diýip bolmaz. Allatagala öz beren «Amanadyny» – ömrüni käte öz islegi boýunça dolandyrýar.
Durmuşyň gyzygy onuň tapmaçalygynda. Her kim öz ykbalynyň çözgüdini tapjak bolup, durmuş albaýynyň yzyndan ýüwrüp barýar.
Şonuň üçinem, Ýaradanyň taryhy tejribe bilen dahyllylygy meselesinde şeýle diýmek isleýärin: ol tejribe adamyň nebsi bilen gazanylýar, emma adamzadyň janly, anyk taryhynyň görkezişi ýaly, jana-jan taryhy wezipeleri çözmek üçin bu tejribe hiç mahalam ýeterlik bolmandyr, ol täze taryhy wezipelere adamyň diňe gözüni öwrenişdirýär. Allatagalanyň erki taryhy tejribäniň üstüni ýetirýär, onuň soňky nokady bolup durýar. Emma Perwerdigärimiziň eradasy garaşylman durka, asmandan tötänden gaçan närse däl. Eger şeýle bolanlygynda, onda bar zat bulaşardy.
Hawa, onda bar zat bulaşardy, taryh tebigy gerdişden mahrum bolup, zorlugy mejburylyga öwrülerdi.
Adamzat diňe öz taryhy tejribesi bilen gün görjek bolanda hem bulam-bujarlyk dörärdi.
Hawa, hawa, adam diňe öz taryhy tejribesi bilen gün görjek bolanda hem bulam-bujarlyk dörärdi. Sebäbi köp zatlar adamyň aňynyň we erkiniň çäginden daşarda ahyryn. Adamzat taryha gatnaşyjy, ýaşaýşa gatnaşyjy, emma taryh hem, ýaşaýyş hem adamyň eýeçiligindäki, tabynlygyndaky zatlar däl. Şeýle garaşly ýagdaýda bolandygy üçin bir öz erki bilen adamyň aljak galasy ýok.
Allatagala adamzadyň akyl-paýhasy, göwni, erki bilen gazanylan taryhy tejribäni öz paýhasyndan, göwnünden we erkinden geçirip, ony kämilleşdirip – adamyň mundan beýläkki ösüşini üpjün edere, taryhy wezipeleri çözere ýararly edip, ol tejribäni täze dinler, taglymatlar we ideýalar görnüşinde adamzada gaýtaryp berýär. Şeýdip, Allatagala bilen adamzady baglanyşdyrýan halka bolan pygamberler, danyşmentler, weliler döreýär. Ruhy toplum bolup adamzada gelen bu taglymatlara ýa ideýalar ulgamlaryna «ruhy gymmatlyklar» diýilýär.
Ruhy gymmatlyklar – taryhy zerurlyk jähetinden seredeniňde, aýdaly, bir milletiň ýaşaýşyny mundan beýläk hem (meselem, indiki taryhy öwrüme çenli) saklamak we berkitmek üçin zerur bolan ýaşaýyş serişdeleridir. «Aja – nan, ýalaňaja – don» diýen pähimden misil tutup aýdanyňda, janly-jandarlara instinkt, adamlara – ruhy gymmatlyklar.
Ruhy gymmatlyklar – adamzat üçin maddy serişdeler bilen bir hatarda jana-jan durmuş zerurlygydyr. Olar asla-da goşmaça – maddy baýlygyň üstüni ýetirýän «bolmasa-da mydar ederdik welin, ýöne bolsa has gowy» diýilýän ikinji derejeli zerurlyk däl, ýok, olar gönüden-göni adamzadyň ýaşaýşynyň süňňüni düzýän zerurlyklardyr, munuň özi olarsyz – ruhy gymmatlyklarsyz adam asla ýaşap bilmezdi diýmegi aňladýar.
Sowet ýyllarynda ruhy gymmatlyklaryň döredilmegine, kämilleşdirilmegine däl-de, bäşýyllyk tabşyryklaryň artygy bilen ýerine ýetirilmegine, önümçilikde deňi-taýy bolmadyk üstünlikleriň gazanylmagyna esasy üns berilýärdi. Ruhy gymmatlyklar boýunça geçirilýän çäreler bolsa, göz üçin, wagyz üçin, «Ine, şeýle çärelerem geçirildi» diýip, hasabat bermek üçin geçirilýärdi. Bu gün şol ünsden düşürilip, aýak astyna düşeňkirlän ruhy gymmatlyklarymyza hormatly Prezidentimiziň ymgyr uly ähmiýet bermegine öňki garaýyşlara werziş bolan adamlar geň galmak bilen syn edýärler.
Türkmenistanda taryhy taýdan örän gysga döwrüň içinde täze ruhly altyn jemgyýetiň döremegine, önümçiligiň sazlaşykly ösmegine we ýurdumyzyň ýylsaýyn öňe gitmeginde mähriban Serdarymyzyň ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn ähmiýet bermeginiň köp derejede oňyn täsiriniň bolandygyna men ynanýaryn. Şeýle ynanjyň diňe mende däl-de, ähli raýatlarymyzda bardygy guwanç duýgusyny döredýär.
Aslynda adam bilen durmuş bir bitewülik. Biz howaýy pikirlenme endigine eýerip, durmuşy maddy we ruhy taraplara bölýäris.
Emma, hakykatynda, bu bölünişik däl ahyryn. Bu düşünjeler diňe bary-ýogy durmuşa iki jähetden, iki tarapdan çemeleşmekdir.
Ruhy gymmatlyklaryň ählumumy, köpgyraňly häsiýeti we ähmiýeti bar.
Durmuşa ruh tarapdan seredeniňde, öň hatara, ilkinji nobatda, ruhy gymmatlyklar çykýar. Diňe şondan soň, dürli jähetlerde alanyňda, edil şol ruhy gymmatlyklary, aýdaly:
– ahlaky gymmatlyklar;
– ylmy gymmatlyklar;
– medeni gymmatlyklar;
– dini gymmatlyklar
hökmünde häsiýetlendirmek mümkin. Sebäbi ruha, öz gezeginde, medeni, ahlaky, ylmy ýa dini taraplardan seretmek mümkin we zerur bolýar.
Ruhy gymmatlyklaryň ýaşaýyş meýliniň adamda esasy ýüze çykyş görnüşidigini men ýöne ýere nygtamok.
Ähli janly-jandarlar ölmezlige, ajaldan goranmaga instinktiw ymtylýarlar. Adam bolsa oýlanyp, düşünip, göz ýetirip bilýär: ol öňde-soňda sowuk ajalyň gujagyna girmeli boljakdygyna akyl ýetirip dur. Ölüm ony özi hakda oýlandyrýar. Adam dogup-döräli bäri pikirleniş ukybynyň bar güýjüni sarp edip, ho-ol salgymda pinekläp ýatan hyrsyz ajaldan hemişelik dynmak isleýär, «ýalançy» atlandyran öz bu dünýäsinde baky ýaşamaga çykalga, yş gözleýär. Ol netijesiz hem soňsuz yş gözlemesini teý ahyr goýaýjak ýaly, ýok, goýanok, sütüni süýnenem bolsa, ol gözlegini goýmaýar. Her hili zatlary döredýär. Özüne teselli edinýär. Ýöne ölümden gutarnykly halas bolup bilenok. Ine, XXI asyrda, ylmyň iň ösen döwründe adam ýene çykalga, yş gözlemesini dowam etdirýär. Bakylyk suwy hasaplan hyýaly abyköwser suwundan adama hiç hili tekge, tenekarlyk, delalat ýok.
Ýöne umytsyz ýaşaýyş ýok. Adam hem bu dünýäde baky galmak babatda ideýa döretdi. Men ol ideýany – bakylyk ideýasyny şertleýin dört görnüşe boldum.
Adamyň şol dört bakylyk görnüşi boýunça umytly ýaşaýandygyny, hormatly okyjy, sizi ynandyrmaga çalşaýyn.
Birinji bakylyk –
Dini-ruhy bakylyk.
Bu bakylyk hakda adamda şeýleräk pikir bar: adam ölenden soň, özge dünýäde ýaşaýşyny dowam etdirjekdir. Ol ýaşajak dünýäsi häzirki ýaşaýan bu ýalançy, gözün süzüp duran loly, gasygy gam bilen doly, wepasyz dünýäden has gowy bolmaly. O dünýä iki bölekden – jennetden hem dowzahdan ybarat. Bu dünýäde gowy ýaşasaň, günä etmeseň, köp-köp sogap işler eden bolsaň, onda saňa o dünýäde jennetiň hüýr gyzlary gujak açyp garaşýar. Eger günä işler eden bolsaň, onda sen jennete düşerin öýtme, dowzahyň oduna ýanmaly bolarsyň. Ýöne esasy zat – bu dünýäde barara gapyň bolmadyk hem bolsa, o dünýäde barara gapyň bar.
Ikinji bakylyk –
Taryhy bakylyk.
Adam, sen bu dünýä geldiňmi, gol gowşuryp oturma! Taňrynyň beren amanadyny peýdalan, oka, öwren, döret, gur! Taryh hakydasy adyldyr. Kim ylymda we başga ugurda uly-uly açyşlar etse, onuň ady taryhda, dünýäde baky galjakdyr, ýaşajakdyr.
Adam öz döreden bu ideýasyna uýup, uly-uly işler bitirmäge, şeýdibem bakylyga öwrülip, ýaşamaga çalyşýar.
Üçünji bakylyk –
Maddy bakylyk.
Adam teni topraga siňip, gül-gunça, ösümlik, janly toprak hökmünde ýaşajakdyr. Hiç zat ýok bolup gitmeýär. Ol, bary-ýogy, bir görnüşden başga bir görnüşe geçýär.
Bakylygyň bu görnüşini maddy bakylyk diýip atlandyrmaly. Maddy bakylyk ideýasy türkmen ruhunyň klassyky sypatyny kemala getirmeýär. Hawa, getirmeýär. Munuň sebäbi türkmen tebigatynyň we türkmen taryhynyň aýratynlyklary bilen berk baglanyşykly. Milletiň dünýägaraýşyny we dünýäni duýşuny onuň ýaşaýan tebigy şertleriniň kesgitleýändigi ykrar edilen hakykat.
Bakylygy tebigatdan gözlemek owadan we anjaýyn tebigatda ýaşaýan milletlere mahsus ruhy aýratynlykdyr. Bakylyk pelsepesi pikirden däl-de, bedenden, instinktden gözbaş alýar. Bakylygyň esasynda gözellik ýatýar. Gözel tebigatda – gök öwsüp oturan sümme tokaýlyklaryň, owadan kölleriň, salkyn howaly tämiz dereleriň içinde ýaşaýan milletler, ýurdy ösümliklere we haýwanata baý bolan milletler maddy bakylyk ideýasyny tapypdyrlar. Çünki öleniňdenem soň şeýle gözelligiň içinde galmak, onuň bir bölegine öwrülmek pelsepesi göwün bermezçe pelsepe däl.
Emma biz türkmen tebigatynyň nähili derejede ýowuzdygyny, bu ýerde ten üçin nähili amatsyzlyklaryň bardygyny bilýäris. Suwuň gytçylygy, beýniňi gaýnadyp, süňňüňi guradyp barýan jöwza munda haýsydyr bir owadanlygy, bakylygy görmek meýlini döredip biljek däldi. Klassyky türkmen ruhunyň tebigy barlyga hamana öweý bir zat hökmünde garamagynyň aňyrsynda şo hili bütinleý durmuşy hakykatlar ýatýar. Hawa, klassyky türkmen ruhunyň tebigy barlyga garaýşynyň aňyrsynda şeýle durmuşy hakykatlar ýatýar. Onsoň mundan gözellik tapmadyk ruh tebigatyň bu ýetmezçiliginiň öwezini dini-jan bakylygynyň üsti bilen dolupdyr.
Türkmeniň öz gonamçylyklaryna «biperwaý», «ünssüz» garamagy bu milletiň merhumlaryny unudýanlygy üçin däl. Ýok. Gonamçylyk onuň üçin merhumlaryň dünýäsi däl, çünki islendik dünýä – bu barlykdyr, gara ýer bolsa ýoklukdyr. Gurak hem ýowuz tebigatdan bakylygy we gözelligi agtarmak mümkin däl.
Men şu zatlary aýtmak bilen, klassyky türkmen ruhunda tebigy barlyga, maddy bakylyga ýeterlik ähmiýet berilmändigini, bu babatdaky bakylyk isleginiň, meýliniň dini-jan bakylygynyň üsti bilen kanagatlandyrylandygyny ýene bir gezek nygtamak isledim.
Dördünji bakylyk –
Biologiki ýa-da gan-tohum bakylygy.
Munuň gysgaça manysy şeýle: adam ýogalandan soň, nesilleriniň ganynda ýaşaýar.
Klassyky türkmen ruhunda şu dört bakylygyň üçüsi – dini-jan, taryhy we gan-tohum bakylygy giňden işlenen pelsepeler. Bu bakylyklara ymtylmak adam ömrüniň filosofiki manysyny düzýär.
Klassyky türkmen ruhunyň manysy şol üç manydaky bakylygy gazanmakdyr. Bakylyk – adam şahsyýetiniň ölümden halas bolmagydyr. Şahsyýetiň ölümden halas bolmagy üçin onuň baky barlyklar bilen hemişelik baglanyşykda galmagy gerek. Şahsyýetiň bitewülige sapylmagy gerek.
Dini-jan bakylygy arkaly şahsyýet Hudaý bilen; taryhy bakylyk arkaly ol millet bilen, watan bilen; gan-tohum bakylygy arkaly bolsa il-gün, nebere bilen baglanyşykda galýar.
Türkmen ruhunyň dilinde sözläniňde, şahsyýet aýralykdan gaçyp, bitewülikde halas bolýar.
Meniň düşünişime görä, bakylyk ideýasy ruhy gymmatlyklara çeşme hem-de esas bolup hyzmat edýär. Ruhy gymmatlyklar bolsa adam ömrüniň manysyny düzýär. Şu ýerden adam ömrüniň maksatlylygy kemala gelýär. Bu her bir adama «näme üçin ýaşaýarsyň?» diýen sowala jogap bermäge filosofiki delil bolýar. Şeýdip, adam ömri manysyzlykdan, geldi-geçerlikden, umytsyzlykdan halas bolýar. Adamyň özi bolsa göwnüçökgünlikden, umytsyzlykdan azat bolýar. Öz şahsyýetiniň güýç-kuwwatyna, gabarasyna görä adam ýokarky üç bakylygyň hökmany suratda dürli görnüşlerine ymtylýar we ýetýär. Hatda iň bir adaty, ýönekeý adam hem üýtgeşik zehini, gaýraty, edenliligi bolmaýanda-da, iň bolmanda, gan-tohum bakylygyna dahylly bolmak isleýär. Ol öz nesilleri üçin ýaşaýar, göreşýär, işleýär, şeýdip, öz-özüni ykrar edýär. Bakylyga ymtylyş oňa ruhubelent, ruhana ýaşamaga gop berýär, onuň eline ideal hem maksat berýär. Öz-özüňi ykrar etmegiň düýp manysy bolsa: «Dünýäde menem bardyryn» diýmekdir.
Engelsiň: «Adamy adam eden zähmetdir» diýen pikirini sowet ýyllarynda juda köp gaýtalaýardyk. Bu pikiriň dogry bolmagy-da mümkin. Emma zähmetiň aňyrsynda näme ýatýar? Elbetde, bakylyga ymtylyş ýatýar.
Şonuň üçinem biz adamy adam edýänem, milleti millet edýänem maddy hem ruhy manylardaky bakylyga ymtylyş diýmelidiris. A bu ymtylyşyň aňyrsynda näme ýatýar? Elbetde, bakylyk ýatýar – Allatagalanyň paýy ýatýar. Adam şol paýa – bakylyga ymtylýar.
Diýmek, adam Hudaýa öýkünýär. Emma bu öýkünmek öýkünjeňlik däl-de, tas Hudaý bilen bäsdeşlikdir hem.
Osman ÖDE.
Filosofiýa