01:00 Şahyryñ şahyrana dünýäsi | |
ŞAHYRYÑ ŞAHYRANA DÜNÝÄSI
Edebi makalalar
Geliñ, eneleriñ hüwdisi hakynda bir azajyk pikir edip göreliñ. Tiz gaýtalanýan hem-de şeýle yhlas bilen aýdylýan "Hüwwa, hüw-wa, hüw-w" aslynda nämäni añladýarka? Näme çagany şu söz uka meýillendirýär? Türkmen dilinde "hüwwa" diýen söz barmy beri? Muny kim oýlap tapypdyr? Bir zat belli: eneleriñ täsin owazynda öwran-öwran gaýtalanýan "hüwwa-hüwwa" çagany meýmiretmäge ukyply. Ene hüwdüsi ynsan nesliniñ dünýä inip, göz açanda eşidýän, uýýan hem-de haýran galýan ilkinji jadyly aýdyny bolara çemli. Munuñ özi adamyñ gözellik dünýäsine höwrükmeginiñ ilkinji ajaýyp pursatlary bolara çemli. Diýmek şeýle hüwdi körpe çagalaryñ durmuşynda zeruryýet bolany üçin döräpdir. Poeziýa bolsa adamyñ düşünjeli ömürniñ zeruryýeti bolup durýar. Çeper sözüñ ynsan durmuşynda nähili möhüm oýnaýandygy indi açylmaly hakykat däl. Gadymy goşgynyñ setirleri şeýle başlanýar: Saz bilen söhbeti ýaman görmäñler, Adamata dünýä gelende bardyr... Biziñ ýaşaýan dünýämiziñ özünde şahyranalygyñ hamyrmaýasy bar: mawy asman juda täsin, ruhuñy ýigdeldýän säherler biçak owadan, baharda daragtlaryñ pyntyk ýaryşy, jadyly guşlaryñ jürküldisi diýseñ mylaýym. Şeýle şahyrana, şeýle zyba, şeýle ajaýyp bolany üçin bu täsin tebigat bizi hiç haçan ýadadanok. Tebigatyñ täsinligi bizi añk edýär, pikirlenmäge, tolgunmaga mejbur edýär. Tolgundyryp bilýän zada bolsa poeziýa diýilýär. Poeziýanyñ güýji çäksiz. Ol duýgulara täsir etmek arkaly adamy güldüribem bilýär, biperwaý kişini çuññur pikirlenmäge mejbur edibem bilýär. Her gülüñ bir ysy bar. Her guşuñ öz saýraýşy bar. Dünýäni durmuşy her şahyryñ öz duýşy, öz kabul edişi bar. Her şahyra ganat bekledýän, ylham berýän bir obýekt bar. Rafaeliñ meşhur Madonnasy gözelligiñ simwoly bolup galdy. Ine-de Kerim şahyryñ "Gözelligi". Ýagşyny wasp etmek - şahyra adat Diñe adatam däl, hökmanlardandyr. Gelinler içinde gördüm bir apat, Ýok, apatam oña gurbanlardandyr. Mañlaýy bahardan ýasalan ýaly, Ýañagy säherden ýasalan ýaly, Gabagy mähirden ýasalan ýaly, Dodaklary şeker damýanlardandyr. ...Gözleriniñ agy - dünýäñ gündizi, Gözlerniñ garasy - gijäñ tämizi. Megerem, şol ala gözleriñ özi Gijäni-gündizi ýasanlardandyr. Şu ýerde şahyryñ fantaziýasy ýokaryk galyp barşyna adaty bir zenany göz öñüne getirmesi kyn bolan bir belentlige göterýär welin, howaýydygyny bilip dursañam, şahyryñ çaklamasyna uýasyñ gelip dur. Dogrudanam, gije bilen gündiz şu ala gözlerden emele gelen bolaýmasyn? Kerimden has irräk ýaşap geçen şahyra näme diýersiñ? Ol öz gözelini nähili belentlige göterýär. Gün hanjary gökden ýere uranda, Güne garşy dogan Aýy gözel sen... Indi konkret bir adam barada aýdylan setirlere ýüzleneliñ. Biziñ günlerimizde Mali şahyry Lenine ýüzlenip, ol hakda şeýle pikir ýöredýär: Garañky asmana uzadyp elin, Gam-hasratdan ýaña gözleriñ ýaşlap, Gara ýer ýüzlendi gara asmana: "Eý, ajaýyp ýyldyz, gaçsana aşak!" ...Bu ýerde azalyk diýilýän zady Bazarda satýarlar, aýagyn duşap. Şol zynjyr duşagy paýratmak üçin, Eý, gudratly ýyldyz, düşsene aşak! (Terjimesi Kerim Gurbannepesowyñky). Şeýlelikde, adamzadyñ arzuwy bolan şol gudratly ýyldyz - beýik Lenin "aşak düşýär" - dünýä inýär! Ýokarda mysal getirilen setirleri bir-birine ýakynlaşdyrýan zat näme? Elbetde, dürli şahyrlaryñ şahyrana pikirleri, olaryñ ganatly fantaziýasy, olaryñ obrazlaýyn oýlanmalarynyñ belentligi. Her öñýeten goşguçy özüni diñleýänleriñ öñünde özüniñ täsin şahyrana dünýäsini açyp bilmeýär. Kerim Gurbannepesowyñ gaýnagly talanty şol täsin şahyrana dünýäni biçak köp sanlt okyjylaryñ öñünde äpet sahna ýaly açmaga ukyply bolup çykdy. Kerim öz halkynyñ iñ arzyly şahyrlarynyñ biri boldy, täsin poeziýanyñ baý milli öwüşginini bütinsoýuz arenasyna çaýmaga ýetişdi. Kerim jemagat öñüne çykanda ulynyñ-kiçiniñ hoşamaý ýylgyrýandygyny men kän gezek synladym. Sebäbi, Kerim diýlende, ilki bilen bälçik Taýmaz baba göz öñüne gelýän bolarly. Adamlaryñ durmuşynda gülki-de bar, agy-da, bagtly ýylgyryşlar hem bar, ajy gözýaşlar-da. Poeziýa hem asmandan däl-de, şol durmuşyñ çuñluklaryndan çogup çykýar. Şonuñ üçin-de, şol poeziýada şadyýan labzyñ-da, gaýgyly äheñiñ-de bolmagynyñ tebigydygy düşnüklidir. Poeziýada diñe biperwaý äheñ, gurak owaz bolmaly däldir. Şygryýet dünýäsiniñ mizemez bir kanuny bar: şygyrlar güýmenje üçin döredilmeýär. Goşgy guwdurap ýazylmaýar. Şygryýet dünýäsinde galplyk diýlen zat gadagan. Ol ýerde çynyñy sözlemeli, sebäbi ýalan söze adamlar bir gezek ynanaýsalaram, ikinji gezek ynananoklar. Çeper sözüñ güýji - onuñ dogruçyllygyndadyr. Ýene-de adamkärçiliksiz ýürek adamkärçilikli poeziýany döredip bilmez. Biperwaý ýürek ýürekleri çoýup bilmez. Ýene-de şahyry halk dogurýar. Şahyra onuñ göbek ganynyñ daman topragy güýç-kuwwat bilen ylham berýär. Şol mukaddesliklerden üzñeleşen ýa-da olary äsgermezlik eden şahyryñ ylhamynyñ gözbaşy takraýar. Kerim Gurbannepesowyñ bir goşgusyny mysal getirmek şu ýerde juda ýerlikli: Otyrsyñ dünýäniñ pikirin çekip, Iki gözüñ döräp barýan şygryñda... Häzir bolsa düwme-düwme der döküp Müñ adam ylgap ýör seniñ ugruñda. Biri: "Ýyly bolsun otagyñ" diýip, Kömürden ýükläp dur wagonlaryny. Biri: "Rahat bolsun zähmetiñ!" diýip, Gara basdyryp dur pogonlaryny. Biri: "Seniñ üçin goşa-goşadan Köýnek bolsun!" diýip, pagta ýygyp ýör. Biri: "Çagañ üçin nandan başga-da Gaýmak bolsun!" diýip, sygyr sagyp ýör... Şolaryñ zähmetin haklamak üçin Şolaryñ ýüregin urdur şygryñda... Seniñ rahatlygyñ saklamak üçin Müñ adam birahat seniñ ugruñda. Kerim Gurbannepesowyñ goşgulary, poemalary halkyñ ruhy durmuşyna mäkäm ornaşdy, olar adamlaryñ gündelik zeruryýetine öwrüldi. Şol goşgular, şol poemalar adamlary kä güldürip, kä gynandyryp, kä çuññur pikirlere iterip, kä gazaplandyryp, añyrsoñunda beýik bir zada - adamlary ýaşamaga, göreşmäge, ýeñmäge ruhlandyrýar. Poeziýanyñ iñ uly wezipesi hem şundadyr. ...Mundan sanlyja gün öñ Türkmenistan SSR-niñ halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow TSSR Ýokary Sowetine deputatlyga özüni kandidat görkezen adamlar bilen, ýagny, Daşrabat - 300-nji saýlaw okrugynyñ saýlawçylary bilen duşuşdy. Şol ýerden gaýdyp gelýärkä, ol Halajyñ Pelwert obasynda düşläp geçmeli boldy. Ine, şonda özleriniñ obasyna adybelli şahyryń gelendigini eşiden gyz-gelinler, ýigitler kolhoz meýdanynda işläp ýören ýerlerinden Kerimiñ çaý içip oturan öýüne bakan eñdiler. Bu juda tolgundyryjy pursat bolupdy! Şeýlelikde, goşgy okamaly boldy. Lebabyñ giñişliklerinde "Ýaşlyk dramasynyñ" setirleri ýañlandy. Lebaply poeziýa aşyklary özleriniñ söýgüli şahyryny gyzgyn el çarpyşmalar bilen alkyşladylar, minnetdarlyk hökmünde oña desse-desse gül gowşurdylar. Ter gül desseleri ynsan durmuşynyñ iñ bagtly pursatlarynda orta çykarylýar. Şol ter gül desseleri halkyñ poeziýa hem ony döredýän adamlara bolan uly hormatynyñ, mähirli söýgüsiniñ, olara goýýan sarpasynyñ alamatydyr. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. # ynsap_1981 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |