22:06 Sen - baharlar bagşysy | |
SEN - BAHARLAR BAGŞYSY
Goşgular
(Rehmet Seýidowa) Sen - baharlar bagşysy, Baharlaryñ bagşysy- Ynsanlaryñ gowusy, şahyrlaryñ ýagşysy. Sebäbi sen doglañda bahar bolup doguldyñ, Bahar ýaly mylaýym ýürekli bir oguldyñ. Bilbil bolup ýetirdiñ tarypynu gülleriñ, Şol gül boldy gülküsi şadyýan bilbilleriñ. Sen bilen duşuşmaga, señ bilen sözleşmäge, Jerenler gelýär seniñ şol suw içen çeşmäñe. Öýke etme gijäniñ o bezzat şemalyndan, Ol seniñ namalañdan hem döwrüñ şemalyndan. Kemal tapyp öwüsýär, däl indi ol awara, Hiç kimi ynjytmaýar hem goýmaýar azara. Ýöne welin, dogrusy, suw hem toprak armanly, Zäher bilen garylan synalary dermanly. Döz getirip bilmedi "Ber! Ber!" diýlen höküme, Ajy şorlardan ýaña zeper ýetdi köküne. Gurap galan agaçlar öwrüldiler oduna, Öwrüldiler baharyñ ýüregniñ perýadyna. Görüp eger sen muny ele alsañ tamdyrañ, Dilde sözüñ sandyrap, elde sazyñ galdyrar. Her hal, goja tebigat agyr derde galanda, Seni ýatlap köşeşýär... Diýmek sen bar älemde! Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |