SOLTAN MAHMYT GAZNALY TÜRKMEN
Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen ibn Söbüktegin (970 – 1030 ýý.). – türkmenleriň gaýa tiresinden bolan görnükli soltandyr. Mahmyt ýigrimi dört ýaşynda emirlik derejesini alýar, ýigrimi sekiz ýaşynda soltan bolýar, otuz iki ýyl soltanlyk edýär we taryhda meşhur Gaznaly döwletini döredýär. Ol edebiýaty, sungaty söýen, bilime, ylma aýratyn sarpa goýan soltan bolupdyr, onuň köşgünde ýüz ellä golaý şahyr, şonça-da alym ýaşapdyr, olaryň döredijilik bilen erkin meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmeniň özi-de döredijilik hem ylym bilen içgin gyzyklanypdyr, ençeme ajaýyp goşgular döredipdir. Onuň il arasyndaky ýörgünli ady Pilmahmytdyr. Bu adyň ýörgünli bolmagynyň sebäbini taryhçylar soltanyň nirä gitse, pile münüp gidendigi, şeýle hem göwresiniň abyrsyz daýaw bolandygy bilen düşündirýärler.
Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen 1027-nji ýylda urdu dilini ýörite permany bilen döredipdir. Onuň döreden urdu dili häzirki döwürde Päkistanyň döwlet dilidir. Soltan Mahmyt Gaznaly bilen baglanyşykly köp sanly rowaýatlar saklanyp galypdyr.
■ SOLTAN MAHMYDYŇ ŞEJERESI
Her soltan döwletini saklamak, dolandyrmak üçin bazarlardan gulam satyn alypdyr. Gulamlar öňden gelýän kada-düzgün esasynda bir ýyllap pyýada goşunda gulluk etmeli, özem sadyklyk bilen, sessiz-üýnsüz hyzmat etmeli, eýlemi-beýlemi diýmäge, öz pikirini aýtmaga, iň bärkisi, serkerdelerden nämedir bir zatlary soramaga-da haky bolmandyr. Onuň ykbaly berk galyba salnypdyr.
Gulam gulluk edýän birinji ýyly dolmanka gaty zerurlyk ýa-da başga bir sebäp döremese, ata münmäge haky bolmandyr. Eger şu kada bozulaýsa, berk temmi – ýüz gamçy urlupdyr. Şol ýüz gamçy iýip, amanadyny tabşyran gulamlar birlän-ikilän tapylypdyr. Şeýle jeza howply bolansoň, gulamlar ýaba diňe hyýallarynda münmek bilen çäklenipdirler. Hyýalynda ata münendigini görgüli gulamlar diňe içinde saklamaly bolupdyrlar. Wisakbaşynyň gulamyny isleýşiçe jezalandyrmaga haky-hukugy bolupdyr. Asyl-ha, gulam adam hökmünde görülmändir. Şonuň üçin wisakbaşynyň hiç bir zat ýok ýerden ony taýak astyna almagy ýa öldürmegi jenaýat hasaplanmandyr, muňa gowy düşünen gulamlar hem sadyklykdan çykmandyrlar.
Gulamlar goşunda bir ýyl gulluk edenlerinden soň, goşunyň hajyby tarapyndan oňa bir ýaby eýeri bilen bilelikde berilýän eken. Bir ýyllap arzuwynda gezen gulam ýabyly esgere, nökere öwrülipdir.
Ýabyly gulam ikinji ýyl gulluk möhletini gutaranda oňa guşanar ýaly garajür berlipdir.
Bäşinji ýyl gulama täzeje eýer, jylaw, şemşer, daraýy geýim berlipdir.
Altynjy ýyl anwan geýimi;
Ýedinji ýyl ýedi gazykda saklanýan çadyr we tabynlygyna üç sany gulam berlipdir.
Aýratyn çadyrly, çadyrynda üç gulamly gulama wisakbaşy diýlipdir.
Wisak – çadyr diýmekdir. Wisakbaşy – çadyrbaşy diýmekdir.
Wisakbaşy eýýäm belli bir dereje hasaplanypdyr. Goşunyň hajyby oňa keçeden tikilen, kümüş keşdeler salnan şyrdak, egnine-de harby geýim beripdir.
Gulam wisakbaşydan soň heýlbaşy, heýlbaşydan soň najyp derejelere ýetýän eken. Derejesine görä hormat-sylagam, garaýşam üýtgär gider otyr eken, şeýdip.
Bitiren hyzmaty çäksiz uly bolsa-da, söweş, serkerdelik tilsimlerine çensiz-çaksyz ökde bolsa-da, gulam otuz ýedi ýaşyny doldurýança – üç müçe ýaşaýança emirlik wezipesinem, mülk ýerem bermändirler.
Otuz ýedi ýaş eýýäm adamyň durnuklylaşýan ýaşy hasaplanypdyr, bu ýaşa çenli adama jahyllyk, ýigitlik göçgünliligi mahsus hasap edilipdir.
Bu zatlary hetjikläp gürrüň bermegimiň sebäbi bar. Ol sebäp hem Mahmyt Gaznalynyň kakasy bilen baglanyşykly.
Samanylar döwletiniň guly we terbiýeläni Alptegin otuz bäş ýaşynda Horasanda sypahsalar wezipesini eýeläpdir. Alptegin wepaly, gaýratly, akylly, alçak, hoşgylaw bolupdyr.
Ol köp ýyllaryň dowamynda samanylar döwletiniň Horasandaky dikmesi bolupdyr. Bu döwletiň paýtagty bolsa Buhara şäheri ekeni.
Alptegin bir gün bazardan otuz sany gul satyn alypdyr, ol gullaryň arasynda Mahmydyň kakasy Söbüktegin hem bar eken.
Söbüktegin şonda durşuna gujura ýugrulan, nazaryndan mähir-dogum seçelenip duran, nazarkerde bir ýaş ýigit eken.
Alptegin üç günden soň satyn alan gullaryny ýakyndan gözden geçirmek üçin olary nyzama durzupdyr. Ol Söbüktegini synlap durka, hajyp gelip, bir wisakbaşynyň söweşde ýogalandygyny, ondan bäri bir aý töweregi wagt geçenem bolsa, ýogalan wisakbaşynyň ýerine hiç kimiň bellenmändigini, tertip-nyzamyň saklanmagy üçin wisakbaşy bellense, gowy boljakdygyny aýdýar.
Şonda Alptegin Söbüktegine ýene bir gezek nazar aýlaýar-da:
– Ýogalan gulamyň ýerine wisakbaşy bolmagy, onuň mirasyna, toparyna eýe çykmagy şu gulama ynanýaryn – diýipdir.
Hajyp goşundaky düzgüni gowy bilýär, onuň üýtgewsizliginem bilýär, ony Alptegin hem bilýär, ýöne ol düzgüni bozup Alpteginiň diýýän sözleri tasa gelenok, muňa hajyp ör-gökden gelýär:
– Hökümdarym! Bu gul entek bir ýyllyk gullugyny geçenok, muny siziň satyn alanyňyza heniz ýedi günem geçenok. Bu gul wisakbaşy bolmak üçin ýedi ýyl size gulluk edip bermeli ahyryn!
– Men şu ýigidi wisakbaşy belleýän. Bu ýigit oňarar, ynanýan.
– Ýedi ýyl gulluk etmeli ahyryn, hökümdarym!
– Aýtdym, gutardy! Men, näme, sözümi, peşgeşimi yzyna alaýynmy?
Alpteginiň ýeke agyz sözi esasynda gullukda bir hepde hem bolmadyk, öň gullugy görmedik Söbüktegin çadyrbaşy bellenýär. Alpteginiň ynamyny aldamaýar.
Ine, nuranalygyň, dogumlylygyň gudraty! Ýogsam bu derejä para-peşgeş bilen ýetip bolmaýar. Ýetäýeýin, beräýeýin diýende-de Söbükteginde pul barmy näme?! Nuranalyk, dogumlylyk puldan, para-peşgeşden köp işleri bitirýär.
Wepat bolan wisakbaşynyň emlägini Alpteginiň çözgüdi esasynda Söbüktegine beripdirler. Söbükteginem aljyrap durmandyr, buýrulan tabşyrygy takyk ýerine ýetiripdir. Alptegin ony göz astyndan sypdyrmandyr. Her hili tabşyryklar berip, şol tabşyryklary ýerine ýetirişini barlapdyr, käte hajyplaryna barladypdyr. Alptegin Söbükteginiň bitiren işlerinden jinnek ýalagam kem tapmandyr.
Ähli kişi göwnüňdäki ýaly bolup durmy näme?! Ol-a wisakbaşy eken, najyplardanam, heýlbaşylardanam, hajyplardanam göwün çotuň çykyp duranok. Ýöne gelenine köp wagt geçmedik Söbüktegin welin, her bir tabşyrygy düýrmegi bilen ýerine ýetirmäge çytraşýar. Eden işi göwnüňe makul. Ýüzünden-gözündenem nur çogup dur, tüýs nazarkerde. Bu yhlasly, wepaly ýigidiň bolşuny synlap, özüň hem oňa nähilidir ýagşylyk eçilesiň gelýär. Alptegin Söbüktegine şeýle bir ýagşylyk edesi geldi, ony özüne ýakynlaşdyrasy geldi.
Dogrusy, ony sulhy alyp özüne ogul, özüne dogan edinesi geldi. «Näme üçin mende şeýle gowy dogan ýok?! Näme üçin mende şeýle gowy ogul ýok?!
Ýok, Söbüktegin ýöne-möne ýigit däl. Onuň aňyrsy hökman asylly maşgaladyr. Bagty ýatyp, maşgala tozandyr, şeýdibem, ol gul bazaryna düşendir.»
Alptegin ýalňyşmandy. Söbükteginiň ata-babasy asylly adamlardylar, atasy Samany döwletinde emirdi. Ýöne Samanylar döwleti Söbüktegin dagynyň Amuldaky emirligini tozduryp, towsa göteripdiler. Söbükteginiň garry atasyny, kakasyny, ähli doganlaryny sähel garşylyk görkezendikleri üçin gylyçdan geçiripdiler, şol keýpihonlyk bilen edilen paýhynlaýyşda nazarkerde Söbüktegini öldürmändiler, ellerine gandal urup, Horasanyň gul bazaryna salypdylar.
Ol eli gandally, gör, näçe gije-gündiz paýu-pyýada aç-suwsuz ýol söküpdi. Ol ýollar gutarmajak ýalydy. Ýöne ol bir zada ýaşam bolsa, akyl ýetirdi. Gutarmajak ýaly bolup görünse-de, gutarmaýan zat ýok eken, ähli zadyň soňy bar eken. Agyr kysmat mydama depäňi alyp durmaýan eken. Eger alyp durýan bolsa, onda muňa günä diňe özüňdedir.
Maşadyň gul bazarynda ol uzak garaşmaly bolmandy. Ýigrimi gulam satyn almak üçin baran Alptegin Söbüktegine syny oturansoň, näme üçindir, ýigrimi gulam däl-de, otuz gulam aldy. On gulama puly ýetmänsoň, puly kabulhanasyna gelip, hazynaçydan goşmaça pul alyp öz hajybyndan ugradypdy.
Söbüktegin bagtyny açyp biljek kişiniň Alptegindigini ilki göreninden aňypdy. Hakykatdan hem şeýle bolupdy. Alptegin üç-dört aý wisakbaşy bolansoň, Sübüktegine miraplyk wezipesini beripdir, mydama öz ýanynda bolmagyny talap edipdir, onuň tabynlygyna on sany gulam beripdir, oňa aýsaýyn dereje berip, ulaldypdyr. Söbüktegine bir ýyldan soň – on sekiz ýaşynda gullugynda iki ýüz gulam hyzmat edipdir.
■ MAHMYDYŇ UGURTAPYJYLYGY
Mahmyt Gaznaly (970–1030 ý.ý.) türkmen taryhynda 24 ýaşynda uly döwlet döredip, ilkinji gezek soltan adyny göteren şahsyýet. 24 ýaşa çenli Mahmyt (hakyky ady Muhammet bolmaly) köp çarşenbäni başdan geçiripdir. Her hili çykgynsyz ýagdaýlarda-da, ol çykalga tapmagyň hötdesinden gelipdir. Ýaş ýigidiň günsaýyn at-abraýynyň artmagy köplere ýaramandyr. Onuň abraýynyň artmagyna göriplik eden kyrk ýaşlaryndaky hajyp on ýaşly Mahmyt bilen göz-görtele dawa edip, onuň bilen ýekme-ýeke çykmak isläpdir. Şonda Mahmyt uzakly gije oýlanyp, daň bilen hajybyň ýanyna barypdyr. Dawadan habarly kişiler olaryň ýanyna ýygnanypdyrlar. Şonda Mahmyt Hajyba şeýle diýipdir:
– Eý, hajyp, sen meniň bilen ýekme-ýek çykmak islediň. Bolýar, men razy. Ýöne ýaragy özüm saýlajak. – Mahmyt goltuk jübüsinden bir kiçijik düwünçek çykarypdyr. – Ine, şu düwünçekde awy bar. Awyny esgerleriň biri iki käsäniň birine guýsun. Iki käsäniň haýsyna zäher goşulandygyny ikimizem bilemzok. Rast, ýekme-ýek darkaş islän sen, senem ilkinji iç. Ikinji käsäni senden soň, – goý, ol awuly bolsa-da – içjekdigime Gurhandan ant içýärin.
Hajyp Mahmydyň şertine garşy çykara hiç hili bahana tapmandyr. Ol sesini çykarman gidipdir. Adamlar Mahmydyň ugurtapyjylygyny taryplapdyrlar.
■ SADYKLYK
Alptegin iki ýüz sany atly gulamy halaçly türkmenlerden salgyt alyp gelmekleri üçin ugradýar.
Iki ýüz gulam halaçly türkmenlerden salgytlaryny tölemeklerini talap edipdirler. Emma halaçly türkmenler salgytlaryny doly tölemekden ýüz öwürýärler, özlerinde artyk-süýşük zatlarynyň ýokdugyny aýdýarlar. Halaçly türkmenleriň bu bolşuna gaharlanan gulamlar darkaşa girmekçi bolýarlar. Şonda Söbüktegin halaçly türkmenler bilen söweşe girmäge garşy çykypdyr, gaýtam gulamlaryň bu pikirlerinden el çekmegini töwella edipdir:
– Möwlamymyz bizi «Salgyt getiriň!» diýip ugratdy. Bularam bize salgytlaryny doly bermekden ýüz öwürýärler. Biz häzir hiç zat diýmän gideliň-de, ýagdaýy Möwlama bolşy-bolşy ýaly aýdalyň. Şonda hökümdarymyz «Her ediň, hesip ediň, ol öz işiňiz, ýöne salgyt getiriň» diýse, onda biz gelip söweşe gireris, ýa salgyt töletdireris ýa-da iň soňkymyz ölýänçäk söweşeris. Biziň häzir hökümdaryň rugsady bolmasa, söweşe girmäge hakymyz ýok. Biziň borjumyz hökümdaryň tabşyrygyny takyk ýerine ýetirmek. Häzir biz alyhezretiň rugsady bolmadyk mahaly söweşe girsek, söweşde-de ýeňilsek, onsoň yzy nähili boljakdygynyň pikirini ediň. «Näme üçin meniň rugsadymy alman söweşe girdiňiz? Näme üçin baş-başdaklyk edýärsiňiz? Näme üçin meniň abraýymy ýere dökdüňiz?» diýse, soň siz näme diýip jogap berip bilersiňiz?! Biz geldik. Hökümdaryň tabşyrygyny aýtdyk. Halaç türkmenleri hökümdaryň tabşyrygyna gepsiz-gürrüňsiz boýun sunmak islänoklar. Elbetde, bu baş-başdaklyk jezalandyrylmaga degişli, ýöne hökümdaryň tabşyrygyndan soň – diýip, Söbüktegin janygypdyr.
Gulamlaryň birnäçesi Söbükteginiň pikirini goldapdyr, söweşmekden saklanypdyr. Netijede hem gulamlar ikä bölünipdirler. Salgytlary doly alyp bilmänem yzlaryna gaýdypdyrlar. Baryp, halaçly türkmenleriň boýun sunup, tölemeli salgytlaryny doly tölemändigini, güýç bilen salgyt almakçy bolanlarynda hem Söbükteginiň kes-kelläm garşy çykandygyny, hökümdaryň rugsady bolmasa, darkaşa girmäliň diýendigini Alptegine aýdypdyrlar.
Alytegin gaharlanypdyr:
– Bu näme etdigiň bolýar seniň?!
Söbüktegin ýene janygypdyr:
– Biz söweşe giren bolsak, söweşde-de ýeňlen bolsak, siziň şan-şöhratyňyza ysnat ýeterdi. Bu masgaraçylyk diňe bize däl, size-de ýeterdi. Eger söweşmeli, her iş ediň, salgydy getiriň diýseňiz, biz täzeden gideli. Ýa öleris ýa-da salgydy getireris.
Alptegin Söbükteginiň jogabyny unapdyr, oňa hasam göwni ýetipdir, şonuň üçinem, onuň iki ýüz gulamynyň üstüne ýene ýüz gulam goşupdyr.
■ MASLAHAT
Horasanyň emiri Nuh ibn Nasr aradan çykypdyr. Emiriň ýakynlary Buharadan döwletiň Nyşapurdaky dikmesi Alptegine şeýle nama gönderýärler:
«Beýik hökümdarymyz, şahymöminimiz Nuh ibn Nasr dünýäden ötdi. Onuň yzynda on alty ýaşly ogly galdy. Emirlik tagtyna çykarmak üçin biz seniň pikiriňi bilmek isleýäris. Emirlik tagtyna onuň otuz ýaşly akyly goýalyşan inisini çykarsak gowy bolarmy ýa-da ogluny çykaralymy? Biziň üçin seniň pikiriň mesele çözüji pikir bolar. Sen nähili pikire gelseň, biz şol boýunça hem emir saýlajak!»
Bu namany alan Alptegin oýa batypdyr. Soňam gelen çapardan şeýle mazmunly namany Buhara gönderipdir.
«Emir Nuh ibn Nasryň duýdansyz aradan çykmagy maňa gaty agyr urgy boldy. Men çäksiz gama batdym. Döwlet emirsiz oňup bilmez, bu örän dogry pikir. Tagta emiriň inisem, oglam mynasyp kişiler. Olaryň ikisi hem emirden köp zatlary öwrenen, döwleti edara edip biljek adamlardyr, olaryň ikisi hem şa nebereleridir. Ýöne ýaşy, durmuş tejribesi boýunça emiriň inisi emiriň ýanynda köp bolup, köp zatlary öwrendi, ýurdy edara etmek oňa kyn düşmez, özem onuň durmuş tejribesem ýeterlik, durmuşda köp zady gören kişi. Emma emiriň ogly Mansuryň welin, döwleti edara etmek babatda tejribesi azrak. Adamlar bilen iş salyşmakda, belli bir netije çykarmakda, buýruk çykarmakda bärden gaýtmagy ähtimal. Şonuň üçin häzirki döwürde tagta emiriň inisini çykarmagy dogry, maksadalaýyk hasaplaýaryn».
Bu möhüm habaryň ýolda duşmanyň eline düşmeginden heder edip, öz çaparlarynyň birinden ýokarky mazmunly haty ikinji gezek hem gönderipdir.
Ikinji haty ýollanyna bäş gün geçende ol patyşa tagtyna ogly Mansuryň geçendigi baradaky habary edişip, ör-gökden gelipdir.
«Namalary Mansur okasa, meni ýigrenip ugrar. Alptegin meni halamaýan eken, ýigrenýän eken, agamy gowy görýän eken» diýip pikir edip, meniň wepadarlygyma müňkürlik edip ugrar. Köşk emeldarlaram peýdalanyp bolýan ähli mümkinçilikden peýdalanmagy başarýan, şeýdibem, patyşada islän pikirini döredip bilýän adamlar. Köşkde-de meni ýigrenýän emeldarlar az däldir» diýip, Alptegin pikir edipdir. Çaparlaryň yzyndan kowgy ugratmagy makul bilipdir. Kowgy üçin bäş sany ýelmaýa taýýarlapdyrlar. Alptegin kowgy iberýän bäş sany ýelmaýanyň başyny çekijilere tabşyrygyň örän möhümdigini, şu möhümi bitirip bilseler, olara halat-serpaý sylagy gaýgyrmajakdygyny öwran-öwran nygtapdyr. «Çaparlaryň yzlaryndan ýetip, yzlaryna alyp gaýdyň!» diýipdir.
Bäş ýelmaýa ok ýaly bolup Buhara tarap çapypdyr. Olar Amyderýa ýetmänkä ikinji çaparyň yzyndan ýetmegi başarypdyrlar, ony yzyna öwrüpdirler, ýöne birinji çapar Amyderýadan geçip, namany köşge ýetiren eken.
Alpteginiň namasyny Mansura okadypdyrlar. Mansur namany halamandyr. Şu pursatdan köşk emeldarlary hem edil Alpteginiň pikir edişi ýaly peýdalanypdyrlar. Olar ýerli-ýerden: «Alpteginiň ýüregi gara. Inisini şa ediň!» diýen bolup, ol patyşamyza içigaralyk edýär, gönüýetmezçilik edýär. Onuň özüniň şa bolasy gelýändir» diýşipdirler.
Gürrüň şunuň bilen gutaraýmandyr. Köşk emeldarlary Alpteginiň iberen namasyny, onuň päliniň düzüw däldigini günde-günaşa patyşaga ýatladyp durupdyrlar. Netjiede, şanyň Alptegine nägileligi kem-kemden artyp ugrapdyr. Soň onuň özem nägileligini açyk aýdypdyr.
Köşkdäki ýagdaýlary Alptegine habar berip duran çawuşy bolupdyr. Çawuşyň habarlaryny serinden geçirip, Alptegin ýagdaýyň barha ýaramazlaşýandygyna, munuň gowulyk bilen gutarmajakdygyna düşünipdir. Ol nama yzyna nama gönderip, patyşaga özüniň wepalydygyny nygtapdyr, gymmat bahaly sowgat-serpaýlar gönderipdir. Barybir, Mansura: «Alptegini öldürmeseň, rahat şalyk edip bilmersiň. Şalyk etmek üçin saňa ilkinji nobatda wepaly serkerdeleriň bolmagy gerek, saňa rahatlyk gerek. Alptegin bolsa, seniň garşyňa gije-gündiz iş gaýyrýar, ol seni tagtdan agdaryp, ýeriňde oturmak isleýär. Alptegin seniň guluň. Satyn alan, ekläp-saklan şol guluň bu gün seniň garşyňa çykýar. «Ýagşylyga – ýamanlyk» diýilýäni şu. Ol garry göhert baryp elli ýyldan bäri Horasanda patyşanyň häkimligini ýöredip gelýär. Goşun oňa boýun sunýar. Köp serkerdeler onuň ýetişdiren adamlary. Şeýle bolansoň, serkerdeleriň hem köpüsi onuň garşysyna çykmakdan heder eder. Onda baýlyk kän. Onuň assyrynlyk bilen köp serkerdeleri satyn almagy hem mümkin. Onuň garşysyna göni çykmak howply. Ony aldawa salmak gerek. Sen oňa hoşamaý nama gönder. Namada: «Şa tagtyna çykalym bäri sen meniň ýanyma geleňok, ýüzbe-ýüz durup meniň tagta geçendigimi hem mübäreklemediň, senden özge ähli şäherleriň, welaýatlaryň häkimleri, guşbegileri köşge gelip meni gutlap gitdiler, maňa wepaly boljakdyklaryna kasam içdiler. Men seniň hem gelmegiňi we maňa wepaly boljakdygyň barada kasam etmegiňi isleýärin. Köşge gel. Garaşýaryn» diýip ýaz. Ol geler welin, bir boş jaýa çagyryp, şol ýerde hem nökerleriň onuň kellesini alsynlar» diýip, Mansura maslahat yzyna maslahat beripdirler. Bu maslahat Mansura makul, ýeke-täk dogry çykalga bolup görnüpdir. Şeýle bolansoň, ol Nyşapura nama gönderipdir. Namasynda Alptegini juda görmek isleýändigini, wepalylyk kasamyny içmeginiň zerurdygyny nygtapdyr.
Nama gelmezinden öň jansyzlaryň habary gowuşýar, habarda ýokardaky ýaly mazmunly namanyň Alpteginiň adyna gönderilendigi, ýöne oňa ynanmaly däldigi, patyşanyň bet maksat bilen çagyrýandygy aýdylýar.
Kimiň göni ölüme barasy gelýär? Alptegin hem çykalga gözläpdir. Ahyrýaşda ykbalynyň şeýle öwrüm etmesine welin gynanypdyr.
Alptegin Nyşapurda Mansur şanyň jansyzlarynyň köpdügini, diňe bir şäherde däl, eýsem öz ýakynyndakylaryň arasynda hem bardygyny bilýärdi. Ýöne oýlanmak, belli bir netijä gelmek welin zerurdy. Alptegin oýlanmak, belli bir netijä gelmek üçin, Nyşapurdan çykmaly diýen netijä geldi. «Buhara, şanyň ýanyna gidýäs, taýýarlyk görüň!» diýip, myş-myş ýaýratdy. Bu habar sähel salymyň içinde şähere doldy.
Otuz müň atly goşun ýola düşdi.
Sarahsa ýeten Alptegin: «Mundan aňryk gitmeli däl, şu ýerde belli bir netijä gelmeli» pikir edýär . Ol öz bargähinde üç günläp içini hümledip ýatdy. Soň goşunyň emirlerini ýanyna alyp, giň ýaýlaga çykyp, şol ýerde maslahat geçirdi. Ol goşunyň emirlerine, serkerdelerine içinde telim gezek bişiren pikirini daşyna çykardy.
– Eý, meniň emirlerim! Siz meniň ynanýan, sylaýan adamlarym! Men sizi durmuşda kän gezekler synap gördüm, iş salşyp gördüm. Her näçe agyr pursatlarda-da siz maňa özüňiziň wepalydygyňyzy görkezendigiňiz üçin men size häzirki eýeleýän wezipeleriňizi berdim. Men şu ýere siziň bilen açykdan-açyk gürrüň etmek, pikirleriňizi bilmek üçin getirdim. Men size häzir bir möhüm habar aýtmakçy bolýaryn. Habary aýdanymdan soň, çekinmezden we ýüz görmezden öz içki pikiriňizi aýtmagyňyzy towakga edýärin. Pikirleriň çapraz gelmegi mümkindir, pikirlerimiziň, bähbitlerimiziň çapraz gelmeginden çekinmäň! «Gaty görer, gahary geler» diýibem pikir etmäň. Sizden hiç bir zady gaty görmejegimi, aýp-syn etmejekdigimi men size öňünden söz berýärin, äht edýärin.
– Biziň ýüregimizde senden gizlin zat ýok – diýip, emirler, serkerdeler ýerli-ýerden seslendiler.
– Mansuryň haýsy maksat bilen meni köşge çagyrandygyny bilýäňizmi?
Emirler:
– Bilýäs, patyşa öňünde siziň wepaly gulluk ederin diýip kasam etmegiňizi isleýär. Onuň bu islegi tebigy zat. Sebäbi siz Horasanda iň abraýly-şöhratly hökümdar. Siz onuň ata-babasynyň şöhratlanmagy üçin hem gaty köp hyzmatlar etdiňiz. Onuň ata-babasy üçin ata ornuny tutduňyz. Şeýle hormatly adamyň gelip tagzym etmegi, mutyglygyny bildirmegi, elbetde, ýaş patyşa üçin uly abraý, uly dereje – diýdiler.
– Wah, bar zat siziň pikir edişiňiz ýaly bolsa, bolaýmajakmy?! Ýagdaý düýpden başgaça, men size açyk aýdaýyn. Meniň köşkde öz adamlarym bar. Olar maňa hakykaty habar berdiler. Şa meni öldürmek isleýär. Patyşaga gep berýärler, ony meniň garşyma küşgürýärler. Olam emeldarlaryň ýalan hažyk-hužugyna güp ynanyp, meni özüne duşman saýýar. Ol ýaşlyk edýär. Mansur şalyk edýän döwletiniň bir göwredigini, meniň hem şol göwräniň başydygymy bilenok. Uly döwleti meniň saklap oturandygyma, sähel bolsa, döwletiň içinden pytrajak bolup durandygyna düşünmeýär. Men ýogalamsoň, ol gul bazarynda satlyga salnar, ana, şonda düşüner, ýöne soň giç bolar. Ine, ýagdaý şeýle. Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Maňa siziň pikiriňiz, maslahatyňyz gerek. Ýöne häzir meniň göwnüm üçin hiç zat aýtmaň. Ertirki gün ökünerin öýden pikiriňizi hem aýtmaň!
Emirler Alpteginiň pikirini diňlediler. Emirleriň biri janykdy.
– Eý, möwlam! Biz seni bir gün ýa-da bir ýyl bäri tanamzok. Biziň manyly ömrümiz seniň bilen geçdi. Galan ömrümiziň hem seniň bilen geçmegini isleýäris. Bizden maslahat sorasaň-a, Mansur ibn Nuhy tagtyndan aýyr-da, ornuna geç. Mansuryň ýüregini çişiren adamlaram diriligine ýere göm! Biz saňa galan ömrümize-de wepaly bolarys. Tutuş Horasanyň seni goldajakdygyna ynanýarys. Diňe Horasan hem däl, Nimruz, Horezm hem saňa wepaly bolar. Göni şu ýerden Buhara sary ýöriş edeli!
Emirler ýerli-ýerden Alptegini goldap çykyş etdiler. Dessine Buhara ugramaly diýişdiler. Emirleriň wepalylygyna Alpteginiň göwni bitdi.
– Eý, emirler! Sizi synap görenim, şeýdibem, pikirleriňizi bilendigim üçin meniň günämi ötüň! Men sebäpli siziň çykgynsyz güne galmagyňyzy islämok. Siziň ýürekden syzdyryp aýdan sözleriňiz meniň garry bedenime tenekar boldy, siz meni ruhlandyrdyňyz, ýüreklendirdiňiz. Siz şu sözleri aýdarsyňyz diýen inçe umytjyk ýüregimde bardy. Sizden tamam çykdy. Meniň üçin siziň sözleriňiz iň esasy zat. Men nirede bolsam hem siziň bu pikirleriňizi ýatlaryn, şonda ömrümiň bihuda geçmändigine düşünerin. Maňa eden mürewwetiňiz üçin Allatagala sizi öz penasynda aman saklasyn!
Emirler:
– Alptegin! Alptegin! Alptegin! – diýip, gygyryşdylar.
– Alptegin Horasanyň şasy bolsun!
– Küpür geplemäň! – diýip, Alptegin birden gazaplandy.
Ol atyna münüp, öz bargähine ugrady. Şol günüň ertesi irden ähli emirleri ýanyna çagyrdy:
– Eý, meniň emirlerim, meni diňläň! – diýip, ol nyzama düzülip duran emirlerine ýüzlendi. – Men segsen ýaşan adam. Köpüm geçip, azym galdy. Men ömrümiň altmyş ýylyny Horasan şasyna hyzmat etdim. Özem şöhratly hyzmat etdim. Ýeňilmek diýen zady bilmedim. Duşmana: «Ýa, Alla, özüňden medet!» diýip topuldym, näme etsem, Allanyň ady bilen diýip etdim. Alla menlik boldy. Meger, ölmeli pursadym geldi. Men galan ömrüme bir döwüm çörek tapmak üçin, altmyş ýyllap goran şalygymy weýran eýlejek däl. Galan ömrümiň dowamlylygy üçin şany tagtdan agdarsam, onda meniň altmyş ýylky gazanan at-abraýymy weýran etdigim bolar, onda bu öz ömrümiň manysyny weýran etdigim bolar. Men Mansury öldürsem, imanyma ikilik etdigim bolar. Ýok, emirler! Siz dogry aýdýarsyňyz, hakykatdan hem Mansur tagtdan agdarylmaly şa! Men ony agdaryp biljekdigime doly göz ýetirýärin, ýöne men muny etmäýin. Siz maňa dogry düşüniň! Horasany weýran etdigim, özümi weýran etdigim bolar. Şany öldürdigim, özümi öldürdigim bolar. Hawa, Mansury öldürdigim, özümi öldürdigimdir. Horasan şalygyna garşy, altmyş ýyllap goran mukaddesligime garşy gylyç götermäge meniň ahlak taýdan, iman taýdan hakym-hukugym ýok. Siz maňa dogry düşüniň.
Emirler ýene gygyryşdylar:
– Onda Mansuryň pidasy bolaýmalymy?!
– Biz ölmek islemeýäris, biz ýaşamak, göreşmek isleýäris!
– Biz saňa ynanýarys, sen biziň bagtymyzy ýatyrma! Özüňem, bizem halas et! Çykalga tap, çykalgasyz zat ýokdur! Saňa ruhdan düşmek gelişmeýär!
Alptegin ep-esli oýlanyp, soň şeýle diýdi:
– Meniň ýagdaýymda ýeke-täk bir dogry çykalga bar. Ol hem altmyş ýyllap ömrüňi beren, abadanlygy üçin döş geren ýurduňdan çykyp gitmek. Men dünýäde ýalkanarym ýaly, galan ömrümi gazawada bagyş edeýin, kapyrlara garşy göreşeýin. O dünýä näçe köp kapyr öldürip barsam, şonça-da köp ýalkanaryn.
Şu ýerde biziň ýollarymyz aýry düşýär, eý emirler! Meniň size iň soňky wesýetim şeýledir. Guluň wezipesi hyzmat etmekdir, wepaly bolmakdyr. Hojaýynyň ýokary wezipe ynanandygyndan peýdalanyp, dönüklik, ikilik etse, ol guluň haky kesgir gylyçdyr. Bek belläň! Siziň hökümdaryňyz Mansur ibn Nuhdur. Goşunyň, Horasanyň, Horezmiň, Mawarannahryň, Nimruzyň şasy Mansurdyr. Mansura boýun sunuň! Mansura wepaly boluň! Eger maňa boýun sunup, Mansura garşy baş göterseňiz, onda sizde iman ýokdur! Hany, eý, goşun, göni Buhara sary ýola rowana bol! Mansuryň bargähine baryp, ähtibarnamaňyzy täzeläň, şeýdibem, gullugyňyzy dowam etdiriň. Men bolsa, şu ýerden Hindistana gidip, gazawada baş goşup, kapyrlary gyryp, galan ömrümi geçirerin. Birden ölsem, şehit bolaryn, başarsam, kapyrlaryň ýurduny yslamyň ýurduna öwrerin.
Alpteginiň bu habaryna ähli goşun, ähli emirler biçak gynandy, oňa töwella edip ugradylar. Töwellaçylaryň töwellasynyň alynmaýandygyny aňan nökerler, emirler aglap başlady.
Alptegin otuz müň atly goşuna, emirlere nazar aýlady, ähli kişi onuň yzan-da-çuwanlyga, ähli kişiniň gözlerinden katra-katra gözýaş dökmesine haýpy geler diýen inçe tama edipdir.
Goşun öz pikirini mälim etdi:
– Eý, Alptegin! Biz senden aýrylyşjak däl! Sen nirede bolsaň, biz hem şol ýerde boljak.
Alptegin otuz müň goşunyň gözýaşyny görüp bozuldy.
Ýöne onuň polat erkini syndyryp, eredip biljek güýç ýokdy. Ýogsam onuň Horasanda, Mawarannahrda çäksiz köp baýlygy bardy. Onuň bäş ýüz obaly mülki bardy, onuň öz köşgi, bagy, kerwensaraýy, hammamy bolmadyk ýekeje şäheri-de ýokdy. Onuň gaty köp sanly däne saklanylýan ambarlary bardy. Müňläp maýda maly, ýüz müň gylýaly, düýesi bardy.
Alptegin ähli hanymanyny Horasanda galdyryp, segsen ýaşda täze ýaşaýşyň gapysyny açdy...
■ GAÇANY KOWUJY BOLMA!..
Söbüktegini bazardan satyn alan Alptegindi.
Onuň patyşasam, hökümdaram, hossaram Alptegindi.
Söbüktegin Alptegine hyzmat edýärdi.
Onuň dünýäsi ýönekeýdi. Hökümdara wepaly bolmaly, oňa ýaranmaly, tabşyrygyny gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirmeli.
Alptegin Buhara sary ugraň diýip her näçe kowsa-da, onuň bazardan satyn alan gulamlarynyň üç ýüz sanysy «Biz seniň diri ýeriňde diri, öli ýeriňde öli. Biz senden ömrümiziň ahyryna çenli aýrylyşjak däl. Sen biziň atamyz, hossarymyz» diýip ýer depip durupdyr. Hakykatdan hem olaryň gözlerini açyp görenleri Alptegindi. Mansura baryp, tagzym etmek, başga bir ýurduň şasyna tagzym eden ýalydy, olaryň aňynda Mansura orun ýokdy.
Alptegin otuz müň goşundan Söbükteginiň tabynlygyndaky üç ýüz gulam bilen galypdyr. Buhara ugradan agyr goşunynyň yzyndan garap, soň niredesiň Balh diýip üç ýüz gulam bilen ýola rowana bolýar.
Alptegin gazawada ýöriş etmek üçin Mawerannahrdan, Balhdan, Huttalýandan adamlaryň gelip ýetişmegi üçin Balhda garaşjakdygy hakdaky habary çar tarapa ugradýar.
Ol hemme zady tarpdan başlamaly diýen pikire gulluk edýär. Ýogsam ol çäksiz köp baýlygy öz mülklerindenem ýygnap biljekdi. Ol ähli aýlygyny başy bitin Mansura bagyş edýändigi hakdaky namasyny hem goşun bilen Buhara ugradypdy. Ýöne Alpteginiň gelen netijesi onuň duşmanlaryny köşeşdirmeýär, duşmanlary onuň öldürilmegini isleýärdiler, ölendigini eşitmeseler, köşeşjege-de meňzemeýärdiler.
– Hezreti älem! Sen Alpteginiň bu pyrryldagyna ynanma. Ol gazawada gitjek diýip, gözümizi güýdüşdirip, oslagsyz ýerden zarba urjak bolýandyr. Ony öldürip dynaýmasaň, ol seniň janyňa howp salar durar – diýip, köşk emeldarlary Mansur şany rahat oturtmandyrlar.
Mansur Alptegini tutup getirmek üçin on alty müň atly goşuna bir emiri baş edip Buharadan Balha ugradypdyr.
On alty müň atly goşunyň gelýändigini Alptegine öňürti habar edipdirler. Goşun Termeziň deňinden Amyderýadan geçip ugranda Alptegin Hulm tarapa çekilipdir.
Balh bilen Hulmuň arasynda 25 kilometrden gowrak uzynlykda darajyk dere bar eken. Ol derä hem Hulmderesi diýilýär.
Alptegin şol derede ýük ýazdyrypdyr, müň töweregi gazawada gitmäge höwes bildiren adam hem üç ýüz gulama goşulypdyr. Şeýlelikde, Alpteginiň ýanynda müňden gowrak esger bolupdyr.
Elbetde, on alty müň goşunyň garşysyna göreşmek üçin Alpteginiň güýji gaty azdy.
Horasan şasynyň on alty müň atly goşuny hem gelip deräniň öňünde ýük ýazdyrypdyr. Deräniň geçelgesiniň dardygy sebäpli uly goşun derä girip bilmändir, şol ýerde iki aý çykalga gözläp garaşypdyr.
Alpteginiň goşunyna sakçylyk etmek gezegi bir gün Söbüktegine ýetýär. Görse, dag gädiginiň geçelgesiniň öňünde giden çadyr, giden nöker bar:
– Eý, möwlam! Sen san-sajaksyz baýlygyňy Horasan şasyna peşgeş goýup sopbaş özüň ýurtdan çykyp gaýtdyň. Şeýle uly ýagşylyk etseňem, elinden tagtyny aljagyňy bilip durkaňam şol ädimi ätmeseňem, pälazan Mansur seni öz günüňe goýanok. Şonça peşgeşi az görüp, indi seniň kelläňe göz gyzdyrýar, bu hetden aşmak bolýar. Gaçanyň yzyndan kowulýan däldir. Kowulan ýagdaýynda-da mydama utulýandyr. Rast, seni kowup geldilermi, jezalarynam çeksinler. Eý, möwlam, men bu gün bu goşuna sizden öwrenen wellemşaha oýnuny görkezeýin. Rugsat ber!
Söbüktegin aýdyşy ýaly, şa goşunyna wellemşaha oýnuny görkezipdir: ol üç ýüz atlysy bilen gädikden çykypdyr-da, ilki sakçylary, soňam peýwagtyna ýatan nökerleri paýhynlapdyr. Söbükteginiň ilkinji «oýnundan» soň şa goşunynyň sany 16 müňden 15 müňe gelipdir. Müň adamyň gyrylmagy goşunda basgy döredipdir.
Alptegin indi darkaşyň boljakdygyny aýdypdyr, gulamlaryna, gazawatçylara görkezme beripdir.
– Tugan emir müň adamy bilen öňdäki çöketligiň sag tarapynda, Söbüktegin çöketligiň çep tarapynda ýerleşsin. Men bolsa goş-golamlarymyz bilen dag gädiginden çykyp, açyk meýdanda düşlärin. Ertir şa goşuny geçelgäniň ýanyna gelerler, hiç kimiň ýokdugyny görübem: «Alptegin gaçyp gidipdir» diýip pikir eder. Yzymyzdan kowmaga başlarlar. Olar çöketligiň içi bilen geçip, meniň duran ýerime bakan ugrarlar. Deňiňizden geçip ugranyndan siz duşmanyň hem sagyndan, hem çepinden paýhynlap ugraň. Menem olaryň maňlaýyndan hüjüm ederin. Olara gaçara deşik goýman paýhynlarys. Ähli zatlaryny bolsa olja edineris.
Alpteginiň aýdyşy ýaly bolupdyr: daň bilen şa goşuny geçelgäniň öňüne gelipdir. Görse, Alpteginiň gulamlary ýok.
– Gaçypdyrlar! Derrew yzyndan ýeteliň, paýhynlalyň! Alptegini öldürmän, diri ýesir almalydyrys. Mansur şa ony öz eli bilen öldürmek isleýär – diýip, emir atyna gamçy çalypdyr.
Olar darajyk geçelgeden geçip ugrapdyrlar. Birdenem goşunyň üstüne hem sagdan, hem soldan Alpteginiň gulamlary dökülip, paýhynlap ugrapdyr. Alpteginiň atly gulamlary hem öňden gelip söweşe girişipdirler. Şa goşunlary gylyçlary gynyndan çykarýançalar Alptegin gulamlary wellemşaha tomaşasyny görkezipdirler.
Garaşylmadyk howp mydama-da aljyraňňylyk döredýär. Şa gulamlary-da ary köýüp ýatan ýaly darkaş gurýan gulamlardan eýmenip yza gaçyp ugrapdyrlar. Wah, o gulamlar gaçýaňmy, aman diläp eliňi göterýäňmi, pisint edip duranoklar, şa goşunynyň nökerleriniň kellelerini pazlawuk kädi deýin paýhynlap ýörler. «Eý, bu ýerde edýäniňiz hasap däl, bir giňiş ýere çykaly» diýip olara teklip edip bolýarmy näme?! Töwella-beýlekä müddet bolmady, bir howlukmaçlyk çykan ýaly Alpteginiň gulamlary gara dere batyp gaty howlukmaç haýdaşdylar. Olara näçe öldürse-de az ýalydyr-da, ýogsam, bir çene baransoň duraýmaly ýaly.
Boljak iş boldy. Şa goşuny hem gyrylma kimini goýmady. Gulamlar şa goşunynyň emirinem aýap goýmadylar. Emiriň garnyndan sanjylan naýzanyň kebzesinden somap çykanyny gören şa goşuny ähli paty-putusyny, ýaragyny taşlap zut gaçypdyr.
Söweşde serkerdäň öldürilse, şol goşunyň ýeňildigi hasaplanýar. Eýsem näme üçin söweşjek? Söweşeniň üçin hak-heşdek berjek serkerde öli bolsa, pul berilmejegine göz ýetiren bolsaň, näme üçin janyňy howp astyna saljak? O döwürde maşgala eklemek, gazanç etmek üçin söweşilýär ahyryn!
Goşun zut gaçdy. Başda Amyderýadan geçmeli bolnanda derýa gaty howply görnüpdi. Esasy howp ýeňsäňden kowup gelýärkä, Amyderýa howp hem däl eken. Ähli goşun Amyderýa başaşak urup, bir demde aňry çetine çykyp, ýeňil bir dem aldy. Eý, Hudaý jan! Jennet derýaň aňry kenarynda eken! Hudaý görkezmesin, beýle-beýle bela-beterleri!
Şa goşunyndan köp mukdarda gylýal, düýe, altyn-kümüş, dowar olja galypdyr. Çadyrlarda bugaryp duran naharlar Alpteginiň gulamlaryna nesip edipdir.
Şa goşunynyň maksady Alptegini ýeňip, soňundan uly meýlis gurmak eken. Hä diýmän ýeňiş bilen gelerler diýip, aşpez görgüliler haýdaşyp nahar bişirmek bilen ber-başagaý eken.
– Kim iýende näme, ýeňiş gazanyldy, nahar hem zaýa bolmady.
Balhyň ilaty şol günden soň bir aýlap şa goşunyndan galan baýlyklary öýlerine çekipdir.
■ TOWUKLY WAKA
Gazawada gitmäge höwes bildirip, Alpteginiň goşunyna gelip goşulýan adamlaryň sany köpelipdir, onuň şany-şöhraty günsaýyn artyp ugrapdyr.
Alptegin ähli goşunyň öňünde şeýle diýipdir:
– Biz sogap gazanmak, o dünýäde ýalkanmak üçin ata çykandyrys. Biziň asylly maksadymyz bar. Biz kapyrlara rehimsiz daraşmalydyrys. Musulmanlary hormatlamalydyrys. Ilatdan iň bärkisi iňňe-de zor bilen alynmaly däldir. Men siziň ähliňize aýda hak-heşdek berýändirin. Goşuna aýlykdan, günlükden başga gazanç etmek gadagandyr. Kimde-kim ýerli ilatdan puluny tölemän bir zat alsa, ony berk jezalandyrjakdyryn.
Alptegin şol sözünden birnäçe günden soň, bir gulamyň eýeriniň ganjygasyndan bir torba bede bilen bir towugyň asylgydygyny görüpdir.
– Şol towukly gulamy meniň ýanyma getiriň! – diýip, Alptegin Söbüktegine tabşyrypdyr.
Gulamy hökümdaryň huzuryna getiripdirler.
– Ganjygaňdaky bede bilen towugy nireden aldyň?
– Aý, bir daýhandan aldym.
– Eýsem, sen menden aýlyk almaýarmyň?
– Alýaryn.
– Onda ol daýhandan näme üçin zor bilen towuk bilen bede aldyň?
– Şeýle boldy, hökümdarym! Indikile gaýtalamaryn!
Gulamyň depesinden şaglap gylyç inipdir-de, ony iki bölek edipdir. Goşunyň depe saçy üýşüpdir. Ilata zorluk-sütem etseler, özleriniňem şeýle güne düşjekdiklerine göz ýetiripdirler.
Hökümdar gulamyň iki bölek edilen jesedini bir torba bede hem towuk bilen bilelikde ýoluň çatrygynda görene göz edip asyp goýmagy emr edipdir.
Goşunyň içinde şol wakadan soň towuk ýa towuk etini, bede görse, ýüzi duw-ak bolup, elini-aýagyny ýitirýän gulamlar köp bolupdyr.
■ ÝÖRIŞ
Hindi patyşasy Alptegini Hindistanyň çäklerinden kowmak ýa-da goşuny bilen bilelikde mugyra getirmek, öldürmek üçin ýüz elli müň pyýada goşun, bäş ýüz pil bilen söweşe çykypdyr.
Beýleki bir tarapdan Mansur şa Hulmderedäki işe namys edip, Bu-Japar atly serkerdesini ýigrimi bäş müň atlysy bilen onuň garşysyna ugradypdyr.
Ýöne Hulmderesiniň çöketligini şa goşunlarynyň maslyklaryndan dolduryp, ýer bilen tekizlänlerinden soň gylawlanan Alpteginiň gulamlary duşmanyň goşunynyň sanynyň köplüginden heder etmändirler. Gaýtam uly umytda gelýän esgerleri «ýigrimisini men öldürjek-de, ýüzüsini men öldürjek» diýşip, öz aralarynda kelle paýlaşypdyrlar. Kelleleriniň eýýäm özara paýlaşylandygyndan bihabar samany görgüliler bolsa olja hantamaçylygy bilen Amyderýadan geçip gelýärdiler.
Alptegin şa goşunyny – Bu-Japary Gaznine bir farsah galýança ýakynyna goýberipdir. Bu-Japar ýigrimi bäş müň alty goşunyna gaty uly bil baglapdyr. Ýöne birden Alpteginiň alty müň atlysy ala şowhun edip, ýigrimi bäş müň goşunyň üstüne wagşyýana topulypdyr. Şeýle bir paýhynlamak paýhynlapdyrlar, eger deňeşdirmeli bolsa, «Mundan-a Hulmderesi geçelgesindäki paýhynlaýyş elhalrak eken» diýdiripdir.
Söweşde sanam-a gerek welin, ýöne esasy zadyň gözsüz batyrlykdygyny hemem söweş tilsimlerine ökdelikdigini Alpteginiň gulamlary subut edipdirler. Alpteginiň wagşyýana gykylyklaşyp gelen gulamlaryny görende kän-kän olja hantama şa nökerleri elden-aýakdan aýrylyp, ynha, alsaň, päkize gara kelle diýýän ýaly, ýöne sömelişip durlar. Alpteginiň gulamlaram garaşyp durmaga wagtymyz ýok, biz bu söweşden çykyp ýene bir söweşe ýetişmeli, bizi kösäp ýörmän öz kelleleriňizi özüňiz kesişdirip-kesişdiip beräýmeli ahyryn diýýän dek, şeýle bir howlukmaçlyk bilen kelle kesýärdiler. Olaryň bolşy bütin ömürlerini kelle pyzlandyryp geçäýen ýalydy, başga işleri ýok ýalydy. Gylyçlaram şeýle bir kesgirdi. Kelleleri aýrylan bendelerden şeýle bir gan zogdurylyp, seçelenip akýardy. Şa goşuny bu gan çüwdürilmelerine hopugýardy, Alpteginiň gulamlary üçin welin, hut şeýle bolaýmaly bir zat ýalydy. Bir kelläni pyzlandyryp, sähel säginmeýärdiler, derrew ikinji kelläň gözlegine çykýardylar, uzak gözlemeli bolman ikinjini, üçünjini togalap goýberýärdiler. Gulamlardan elheder alan şa goşunynyň entek kelleleri kesilmäge ýetişilmedik bölegi asta gaçan namart diýip gaçmak gaçdylar. Iň öňden gaçyp barýan hem hut Bu-Japaryň hakyt özüdi. Ol görgüli haýsy tarapa gaçyp barýandygyny hem bilmeýärdi, diňe bir zady bilýärdi: gaçmaly! Görgüli ömründe görmedigini şol gün gördi, ol. Haýsy ýana seretse, ekinahyryň garpyzlaryna meňzäp şa esgerleriniň kelleleri pytraşyp ýatyr. Hakyt üç gezek kellä büdräp ýykyldy. Üç gezek! Agzy gum däl-de, kelle garbady! Bu-Japar maslyklaryň arasy bilen şeýle bir gaçmak gaçdy. Onuň yzyndan atly-da ýeter ýaly däldi. Ýöne onuň yzyndan kowmadylar, öňünden çykdylar. Görgülä uzak gaçmak nesip etmedi. Gazniniň etegindäki daýhanlar ony tanap ele saldylar. Ol daýhanlara ýalbarmak ýalbarypdyr, gözýaş dökmek, gözýaş döküpdir. Ýanyndaky barja baýlygyny, egin-eşigini peşgeş beripdir. Daýhan halky ýüregi ýuka halk bolýar. Serkerde ýarym-ýaş aglap, aýaklaryna ýykylyp dursa, ýürekleri eräpdir. «Serkerde aýagymyza ýykylyp, aýagymyzdan ogşap, gözünden katra-katra gözýaş döküp ýalbaranam bolýar bize» diýip, Bu-Japaryň ählije baýlygyny alyp, özüni bolsa goýberipdirler. Ölümiň öýünde özüni goşunsyz Buhara atan Bu-Japar şaga ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly beýan edipdir.
Şondan soň Mansur ibn Nuhuň Alptegini mugyra getirmek üçin goşun ibermäge bogny ysmandyr. Onuň indi goşun ibermejekdigine Alptegin hem düşünipdir. Şondan soň esasy meselesini kapyrlar edipdir. Onuň gazawat ýörişine ugrajakdygyny eşidip, çar tarapdan şeýle bir köp mukdarda adam ýygnanypdyr. Olaryň anyk sanyny Alptegin kesgitlejek hem bolup durman, niredesiň Hindistan patyşasy diýip, ýörişe ugrapdyr.
Alptegin Hindi patyşasynyň gaty köp sakçylaryny, nökerlerini öldürip, yzyna gaýdypdyr. Hindi patyşasy hem Alptegin gaçdy diýen pikir bilen onuň yzyndan kowupdyr.
Alptegin jülgäniň girelgesinde ýük ýazdyrypdyr. Hindi goşunlary hem ýetip gelipdir. Jülgäniň girelgesinde Alpteginiň goşunynyň bardygy üçin säginipdir, söweşe taýýarlanypdyr. Taýýarlyk dürli päsgelçilikler sebäpli üç aýa çekipdir. Şol üç aýyň içinde bolsa, duýdansyz ýagdaýda Alpteginiň gulamlary hindi goşunynyň üstüne çozup, olara wellemşaha oýnuny görkezipdirler. Hindi patyşasy duýdansyz çozuşlardan, zähräňi ýarýan çirkin gykylyklardan ýaňa halys dagdy bolupdyr. Ýeke gezek açyk darkaş gurmazdan mugyra gelipdir. Ýagdaýdan nähili çykalga tapjagyny bilmän kösenipdir. Soňam Alpteginiň ýanyna ilçi iberip, gepleşige başlapdyr:
– Görýän welin, siz kileň gowy adamlar. Meniň-ä siz bilen urşasym hem gelip baranok. Siz Horasan ýaly uzak ýurtdan mal-engam diýip gelensiňiz. Siz ýaly gowy adamlary men boş gaýtarmaýyn. Biziň arzyly adamlarymyz boluň. Men size isledigiňizçe mal-engam bereýin, galalaryň açarlaryny gowşuraýyn. Siz Hindistanda tarhan. Geliň, siz meniň goşunym boluň. Näme iýip-içeýin diýseňiz, şony iýip-içiň, wagtyňyzy nähili geçireýin diýseňiz, şonuň ýaly-da geçiriň. Isleseňiz, men sizi öýereýin, giýewim boluň – diýip, Hindi şasy habar göndürýär.
Ähli kethudalar muňa razy bolupdyr, ýöne soňundan hindi patyşasynyň kalbyna şeýtan aralaşýar. Ol galalaryň kethudalaryna «Men gidemsoň, siz duşmana galalaryň derwezesini hergiz açaýmaň!» diýip, berkden-berk tabşyryklar beripdir.
Galalaryň kethudalary patyşanyň tabşyrygyny ýerine ýetirýärler. Alptegin galanyň derwezesiniň öňüne baranda açylmaýar.
Şondan soň Alptegin «Kapyrdan eýsem nämä garaşjak? Kapyr kapyrlygyny etdi» diýip, hiç bir ähte ynanmazlygy ýüregine berk düwüp, aýgytly söweşe başlaýar. Ýöne Hindistan Horasan däl, ol ýeriň howasy-da başga, iýmiti-de başga. Ýaşy segsenden geçen hökümdar oslagsyz nähoşlaýar, şol nähoşlugyndan hem aýňalman, bary-ýogy bir hepde düşekde ýatyp, ýagty jahan bilen hoşlaşýar.
■ SAÝLAW
Bu oslagsyz ölüm ähli hajyplary, sypahsalarlary, serkerdeleri, hanlary, emirleri serpmeden gaýdana dönderýär.
Ýeri, näme etmeli?
Ýeri, gazawat urşuny goýup, her kim öýli-öýüne gaýtmalymy?
Ýeri, ömründe goşundan başga zady görmedik, goşun ýaşaýşyndan özge ýaşaýşy bilmeýän gulamlar näme iş etmeli?
Alpteginiň ýogalandygyny eşiden hindi patyşasynyň göhi gelipdir. Ol haýdan-haý gazawatçylaryň daşyny gabapdyr. Şonda goşundaky ähli ýolbaşçy wezipeli kişiler ýygnanyşyp maslahat geçiripdirler. Ýat ýurtda, Horasandan alysda metdi-masgara bolmaly däl, Alpteginiň hökümdarlygyny dowam etdirer ýaly kimdir birini serkerde saýlamaly. Alpteginiň nesli esasynda serkerde belläli diýere onda ne ogul bar, ne-de dogan, ne-de garyndaş.
Elbetde, bir zat belli: ýat ilde masgara bolmaly däl. Agzybirligi saklamaly. Agzalalyk – tozmak. Birki adam Alpteginiň ýerine mynasyp hasap edilýär. Şonda ýa görkezilen kişini birgiden kişi goldamaýar, ýa ýene bir sebäp ýüze çykýar. Oturanlar Söbüktegini mynasyp görýärler. Hiç kim hem ondan kem tapmaýar. Ol tüýs goşuna berlen adam. Alpteginiň hem iň ýakyn, iň ynamdar serkerdesidi, şeýle hem giýewidi, oňa gyzyny beripdi. Sahawatlylyk, batyrlyk, hoşzybanlylyk, mürewwetlik babatda-da, serkerdelik babatda-da Söbüktegin ökde. Talap ediji.
Ýygnananlaryň ählisi ýerli-ýerden Söbükteginiň emir bolmagyny unaýar. Beýle uly jogaýpkärçiligi boýna almak Söbüktegine nämä gerek? Onuň häzirki ýagdaýy özi üçin has amatly bolupdyr: anyk bir tabşyryk berilýär, ol şol tabşyrygy üç ýüz gulamy bilen ýerine ýetirýär. Wessalam! Galan wagt onuň towugyna tok diýýän kişi ýok. Ýöne mydama öz isläniň bolup durmy näme? Onsoňam emir bolmagy arzuw etmeýän gulam gulam hem däldir. Söbüktegin uly jogapkärçiligi boýnuna almaly bolandygyna düşünipdir. Şeýle bolansoň ol ähli meseläni harbylarça – çöp döwen ýaly etmegi ýüregine düwüpdir.
– Men siziň şertiňizi kabul edeýin, ýöne sizem meniň bir şertimi kabul ediň.
– Aýt şertiňi!
– Rast men emir bolsam, ähli kişi maňa gepsiz-gürrüňsiz boýun bolmaly. «Seni emir bellän özümiz» diýip, käbiriňiz maňa boýun sunmajak bolsaňyz, özüňizi menden ýokary tutsaňyz, meniň pikirim dogry, seniň pikiriň nädogry diýip öz sözüňizi gögertjek bolsaňyz, onda maňa emirlik gerek däl. Meniň häzirki ýagdaýym özüm üçin gowy. Kim meniň garşyma baş göterse, jezalandyrylmagyna razy bolsa, men emirlik edeýin. Biz ýeňşem gazanarys.
Hemmeler Söbükteginiň pikirini unapdyrlar. «Seniň her bir sözüň biziň üçin kanun bolsun. Biz saňa gepsiz-gürrüňsiz boýun bolarys. Sen biziň emirimiz» diýipdirler.
Söbüktegin şöhratly emir bolupdyr, ol gazawat urşunda uly-uly ýeňişler gazanypdyr.
Halk döredijiligi we rowaýatlar