■ REHIMDARLYK
Nasyreddin Söbüktegin her gün çöle gidip, aw awlaýan eken. Günlerde bir gün sährada aýlanyp ýörkä, bir owlakly keýigi görüpdir. Ol atyny oňa garşy süýndüripdir. Keýik onuň öňünden gaçyp gutulypdyr. Emma keýigiň owlagyny at bilen kowalap tutup, aýaklaryny daňyp, eýeriň öňüne alyp gaýdypdyr. Bir az ýol ýöränden soň görse, ol keýik yzyndan gelýär. Sübüktegin keýigiň owlagy üçin gelýändigini bildi. Ol öz ýanyndan pikirlenip: «Maňa şu keýik owlagyndan näme peýda geljek? Enesi pahyr meniň yzyma düşüp gelýär. Aw etmek halal bolsa-da, onuň enesiniň hem jany bar» diýdi. Ol rehimdarlyk we ýüregi ýukalykdan keýik owlagyny boşadyp goýberdi. Owlak enesi bilen gitdi. Ol keýik aram-aram yzyna garanjaklady. Söbüktegin ýoluna dowam edip, öýüne geldi. Şol gije pygamberi (Alladan oňa salam bolsun!) düýşünde gördi. Ol oňa şeýle diýdi:
«Eý Söbüktegin! Şol biçärä rehimiň inip, mähribanlyk edenligiň sebäpli, Allanyň ýanynda uly dereje tapdyň. Sen uly patyşa bolarsyň. Mülküň we döwletiň berkleşip, dowamaty artar ýaly, Allanyň bendeleri hakda hem şunuň ýaly rehimdarlyk et».Emir Söbüktegin şol wagtdan beýläk kämil arkalylyk bilen işe başlady. Şol ýekeje ýüregi ýukalyk bir gudratly döwletiň döremegine sebäp boldy.
■ ADALAT
Döwlet başyna geçen Söbükteginiň ilkinji eden işi, hazynany barlady. Görse boş, haňlap ýatyr. Alpteginiň ýygnan ähli baýlyklaryndan diňe üç ýüz harwar ýarag, bäş ýüz tokga eşik galypdyr. Soňra goşuny çagyrdy we hazynany olara görkezdi-de, aýtdy:
– Ýurt-mülk işi goşun bilen we goşun işi mal-emläk bilen dikeler. Mal-emläk bolsa abadanlyk we adalat bilen hasyl bolar. Indi meniň bilen goldaşyň, ýurdy abat edip, hazynany dolduralyň.
Adamlaryň her biri ýagdaýlaryna görä, nagt pul berip, iki ýüz müň dinar ýygnadylar. Ony maýa diýip, hazynada goýdular. Soňra Sübüktegin aýtdy:
– Görýärin welin, her türkmeniň obasy we soltany bar. Eger goşun daýhançylyk etmeli bolsa, uruş we hyzmat işini tutup bilmez. Siz obalary döwlete beriň, özüm olary abat ederin we siz gerek zadyňyzy hazynadan alyň. Ondan artykmajy ýurdy abat etmekde aýlansyn.
Onuň aýdyşy ýaly hem etdiler. Obalary diwanyň hasabyna aldy. Nirede öküz, tohum gullukçy ýok bolsa, diwan hasabyndan berdi. Şunuň bilen döwletiň galla hasyly köpelip, hazyna köp mukdarda zer geldi. Goşun hem güýçlendi. Emir Söbüktegin ýurt alyp başlady. Birinji alan ýurdy Bamyýan welaýatydy. Olar öz erkleri bilen gelip, il boldular. Şol ýyl Hindiň şasy Jybal geldi we emir Söbüktegine nama (hat) ýazyp aýtdy:
– Seniň bu ýurt bilen hiç bir baglanyşyklygyň ýok. Şu iki ýyllykda senden gaflatda galanlygymdan (geleňsizligimden) peýdalanyp, gurt dökülişini edip, ýurtlarymdan iki-üç galany alypsyň. Indi sen şol galalary yzyna ber. Men seniň günäňi geçeýin.
Söbüktegin oňa şeýle jogap ýazdy:
– Eý, akylsyz nadan kapyr! Sen şu agyr goşunyňa buýsanyp, meniň goşunym azmyka diýip güman edýärsiň. Sen ýalňyşýaň. Şu oturan ýerimden Pars, Kerman, Yrak, Şam tä Magryba çenli hemmesi diniň hökümi bilen meniň goşunymdyr. Çünki meniň dinim yslamdyr. Biz yslam dininde barymyz dogan, bir-birimizi goldaýarys. Duşman seniň özüň, perzentleriň we goşunyňdyr. Yslamyň hökümi bilen seniň ganyňy dökmek olara wajypdyr we malyň olara halaldyr. Eger sizi öldürsek, biziň jaýymyz behişt we siziň jaýyňyz bolsa dowzah bolar. Diňe şu iş üçin Alla diýip Türkmenistandan geldim. Eger sen meni öldürseň, men mydamalyk bagtyýarlyga ýeterin ýa-da men seni öldürip, behişde bararyn.
Soňra Söbüktegin ilçilere bakyp:
– Ynha meniň yzymdan gelýän goşunymy görüň – diýdi.
Ilçiler baryp, bu akyla laýyk sargytlary aýtdylar. Jybal gorkup, gelenine puşman etdi. Onsoň aralarynda ilçiler gatnadylar we ylalaşyk gazandylar. Ol bäş sany serpaý-sowgatlaryny berip, yzyna dolandy. Gazna uly şäher boldy.
Söbükteginiň Gazna goşan şäherleriniň ilkinjisi Bust welaýatydy. Onuň Tagan atly emiri bardy. Ol halka sütem edýärdi. Şäheriň adamlary göwünjeňlik bilen ol welaýaty emir Söbüktegine tabşyrdylar. Şol ýakynlykda hem Buhara hezretinden baýdak, sylag we patyşa bolmaklygyň ähtnamasyny getirdiler. Ol emir Mahmyda mirasdüşerlik berdi. Ol on üç ýaşyndady. (Mahmyt 359-njy ýylda doglupdyr. Abulkasym Aly bin Ahmet Balhynyň «Syrrul esrar fi hakykatut taýsyr we keýfiýatul estemrar» atly kitabynyň aýtmagyna görä, ol Gaznyn şäherinde 970-nji ýulda hepdäniň bagtly güni bolan ruh güni eneden doglupdyr). Oglanlarynyň arasynda ony has gowy görýärdi. Ony zehinli görüp, emirlige laýyk bilýärdi. Onuň dört ogly bardy. Ulusy Nasyr, ikinjisi Mahmyt, üçünjisi Ysmaýyl, dördünjisi bolsa Ýusupdy. (Muhammet Awfynyň «Jawamygyl hekaýat we lawamygyl rowaýat» atly kitabynda Söbükteginiň Hasan we Hüseýin atly başga-da iki sany ogly bolupdyr hem-de Söbükteginiň Hara atly gyzy hem bolupdyr. Ol ilki Aly bin Mamun Horazmşanyň aýalydy we soňra onuň dogany Abul Apbas Mamunyň aýaly bolupdyr). Emir Mahmyt mekdebi gutaranda, Söbüktegin Gazna şäherini we galasyny emir Mahmyda tabşyryp, özi Bust şäherinde oturdy. Zamananyň alymy bolan Abulfath Bustla wezirlik derejesini berdi. Emir Mahmyda Gaznanyň emiri diýdiler.
Emir Söbüktegin:
– Meniň oturýan ýerimi Bustda edenligimiň sebäbi onuň Sistana, Türkmenistana ýakyn bolanlygy üçindir. Goý, bu üç ýurt meniň göz ýetirimde bolsun.
Söbüktegin her gün bir täze açyş (ýeňiş) edip, bir şäheri we welaýaty eýeleýärdi. Sistany hem eýeledi. Az wagtyň içinde Gur bilen Garjany hem berk çäre görüp, dürli hileler bilen kapyrlaryň elinden aldy. Onuň Hindistan serhetlerinden birnäçe şäher almaýan ýyly ýokdy.
Hindiň şasy niçeme gezek uruş etmäge gelip, pytrap, dolanyp gitdi. Şeýlelikde emir Söbüktegin uly leşger bilen Hindistana ýüzlendi we köp şäherleri alyp, ol ýerlerde öz emeldarlaryny oturtdy. Köp mal-emläk eýeledi. Sadaka, zekat, gurbanlyk mallaryny olara ýükledi. Metjit we münber dikeltdi. Köp gul getirdi. Altyn-kümüş butlary getirip, bezirgenlere berdi. Olar bu zatlary alyp, Türkmenistana, Şama, Yraga äkidip satýardylar. Onuň at-owazasy jahan ýurtlaryna ýaňlandy. Patyşalar ondan wehim (howp) etdiler. Her ýyl halyfalyk saraýyndan sylag getirip, oňa Nasyreddin diýip lakam berdiler.
Söbüktegin ýagşy ygtykatly adamdy. Ömrüniň ahyrynda şerapdan toba edip, ölýänçä içmedi. Ol ynam-ygtykatly kişidi. Hiç haçan zyna işini etmedi we hergiz ähdini bozup, hyýanat etmedi. Emir Mahmyda «Pentnama» düzüp, öz ýagdaýyny giňden beýan edipdir. Ol «Pentnamany» emir Söbüktegin aýtdy. Abulfath Bustly ony öz haty bilen ýazdy.
Emir Mahmyt kakasyndan soň, ony daşladypdy (jiltledipdi) we tä soltanlygyna ýetýänçä her gün okaýardy. (Söbükteginiň «Pentnamasy» «Garagum» žurnalynyň 2009-njy ýylyň fewral aýyndaky sanynda çap edildi).
Ondan soň Söbüktegin gün-günden beýgelip, ýurdy giňeltdi. Bezirgenleri Türkmenistanyň şäherlerine her tarapa iberdi. Olar onuň ejesini gözleýärdiler. Bir ýyl bir bezirgen Söbükteginiň iki doganyny getirdi. Birine Gadyrjyk we ol birine bolsa Bugrajyk diýýärdiler. Indiki ýyl gidip, ejesini tapyp getirdi. Buhara şäherine ýetenlerinde aýal doganyny tapdylar. Uly doganyny Hyrata emir etdi. Kiçi doganyny bolsa her bir uruşda goşunbaşy edip belledi. Ejesi baryp ýetişmänkä wepat boldy. Kakasy öň ölüpdi. Söbüktegin ömrüniň ahyrynda ýene bir gezek Hindi patyşasy bilen uly uruş edip, köp welaýatlary aldy. Şol ýagdaýda Buhara patyşasyna iş kynalyp, ondan kömek sorady. Ol ýigrimi müň adam bilen Buhara gitdi we ondan Horasana ugrady we ol ýurt emir Mahmydyň eline düşdi. Emir Mahmydy Balhda oturdyp, özi Gazna gitdi. Ýolda keselledi we kiçi ogly Ysmaýyly çagyryp, wesýet edip, Gazna emirligini oňa berdi we aýtdy:
– Horasany emir Mahmyda berdim we sen oňa tabyn bolarsyň. Eger Gaznany saňa goýsa, ganymat bilgin. Eger-de ol seniň bilen garşylaşsa, sen zynhar onuň bilen garşylaşyp söweşmegin, çünki sen onuň ýaly adam dälsiň. Men anyk bilýärin. Samanlylaryň patyşalygy emir Mahmyda ýeter.
Söbüktegin şol ýylda, ýagny üç ýüz segsen ýedinji ýylda (997-nji milady ýyly) wepat boldy. Onuň emirlik müddeti ýigrimi dört ýyl boldy.
■ HÖKÜMDARLYK BAÝDAGY
Söbüktegin Mahmyt dogulmazdan öň bir düýş görüpdi. Düýşünde üç sany algyr (bürgüt) tutýar. Ikisini goýberýär, birini bolsa saklap galýar. Ol bu düýşüniň ýorgudyny düýş ýorujydan sorady. Ol: «Seniň üç perzendiň boljak, olaryň ikisi ölüp, biri ýaşap, älemi eýelejekdir» diýip düýşüni ýorupdyr. Edil şonuň ýaly hem bolupdyr. Emir Söbükteginiň Mahmyt dogulmazyndan öň iki ogly bolupdyr. Biriniň ady Hüseýin, beýlekisiniň ady bolsa Esen (Hasan) eken. Olaryň ikisi hem çagalykdan çykman ölüpdirler. 970-nji milady ýylynyň aşyr aýynyň ony gijesi hepdäniň sogap gijesi emir Söbüktegin ýatyrka, düýşünde onuň ojagynyň içinden bir daragt agajy çykdy. Ol agaç şeýle bir ösüp ulaldy welin, öýi durşuna örtüpdir we töwerege ýaýrap, jahana saýa salypdyr. Emir Söbüktegin ukudan oýanyp, uly döwletiň boljagyny pikirlenip otyrka, hyzmatkärlerinden biri içeri girip: «Allatagala saňa ogul berdi» diýip buşlapdyr. Söbüktegin şat bolup, ol ogluna Mahmyt diýip ak dakypdyr. Onuň dogulmagynyň nyşany älemde göründi. Hindi obalarynyň birinde bir buthana bolupdyr. Onda keýik (dag goçy) görnüşde bir but bejerip, altyn göwher bilen bezäp goýupdyrlar. Ol buthana derýanyň kenaryndamyş. Soltan Mahmyt eneden doglan sagadynda şol buthana ýarylyp, diwarlary suwuň içine ýykylypdyr. Ol but hem başaşak düňderilipdir. Hindiler bu wakadan gorkdular we ählisi üýşüp, patyşanyň ýanyna baryp aýtdylar: «Eý, patyşa! Musulmanlara öz ýanyňdan jaý berdiň we dinlerini biziň aramyzda ýaýratmaga rugsat berdiň. Bu hem olaryň jadylarynyň nyşanydyr». Raý, ýagny hindi şasy şol ýerdäki musulmanlary çagyrdy we olara gorky berip: «Men size amanlyk ganatyny ýaýyp adalat saýamda jaý berdim. Siz bolsa biziň buthanamyzy jadylap, weýran etdiňiz» diýip aýtdy. Musulmanlar aljyrap başladylar. Olaryň arasynda bir alym bardy. Ol aýtdy: «Eý patyşa! Sen adalatly we dana Raý. Biz arassa we päkdiris. Jady biziň dinimizde haramdyr. Bu zat bize laýyk däl. Eger bir musulman adam jadylyk etse, ol adam dinden çykýar. Biz bular ýaly zat üçin hergiz dinden çykmarys. Jady bize täsir etmez ýaly, biz Allanyň adyny ýatlarys».
Raýyň bir münetjimi bardy. Ol şeýle diýdi: «Musulmanlardan el çekiň. Bu zatlar ýerden däl-de, asmandandyr. Öten agşam bir perzent doguldy. Täleý we ýyldyzlaryň üýşmeklerinden we gatnaşyklaryndan belli bolýar. Seniň mülküň onuň eli bilen agdar-düňder boljak».
Raý aýtdy: «Şeýle-de bolsa, bu sözi aýdanyňyz üçin hökman meniň welaýatymdan çykmalysyňyz. Size bir hepde wagt berýärin, gidiň-de, algy-bergi işleriňizi gutaryň! Bir hepdeden soň sizi görsem, çäre görerin».
Şunuň bilen ol musulmanlar Gazna gelip, buthananyň ýagdaýyny emire aýdyp berdiler. Senesini ýazanlar: «Aşyr aýynyň ony gijesi» diýip aýtdylar.
Şeýlelik bilen Mahmyt öz işine arkalandy we az wagtdan soň ol düýşüň alamaty göründi. Mahmydyň hökümdarlyk baýdagy parlady.
■ SOLTAN SUPRASY
Soltan Jeýhundan on bir günde geçdi we ähli ýoly tä Jeýhunyň kenaryna çenli aw awlap we şerap içip geldi. Gadarhan hem Balasagundan geldi. Emma soltanyň haýbatyny we dabarasyny eşidip gorkdy we iki menzil yzyna dolandy. Soltan ilçileri iberdi we oňa hoşamaýlyklar edip we göwnüni awlap, yzyna getirdiler. Duşuşylýan gün soltan myhmandarlyk edip, hiç bir patyşa miýesser etmedik saçak düzetdi. Şol sanda bir supra ýaýdy welin, onuň üstünde on müň sany kiçi saçak goýupdylar. Her supranyň üstünde iki sany gowrulan guzy, iki ýüz düýe, iki ýüz sygyr, iki ýüz at, baryny gowrup saçaklaryň ortasynda goýdy. Hersini bir reňkde etdiler. Saçaklaryň arasynda on «köşk» dikeltdiler, ählisi halwadandy. Onuň asyly-özeni çöpdi (agaçdy) we reňbe-reň halwa-şirinler bilen şeýle bir dikeltdiler welin, göýä ortasynda çöp-agaç ýok ýalydy. Şol köşkleriň her bir köşgüniň üstünde sazandalar topary durup, saz çalýardylar. Takmynan, ýarym parsah ýol bolan saçaklaryň üstünde ähli tabaklar miweden doludy we kyrk alty dürli miwe goýlupdy. Hoşboý güller häzirdi. Olaryň ysy iki aýlyk ýola gidýärdi. Şeýle-de leşger altyn-kümşe gark bolandy. Donlarynyň bary göwhere bezelendi. Onsoň soltana ýaşyl atlasdan çadyr gurdular. Ählisi zer bilen tikilendi. Adyl, akylly we kämil emir (ýatan ýeri ýagty bolup, jaýy jennet bolsun) tagtda oturdy. Tagtyň astynda zerli kürsüler goýdular. Ähli wezirler oturdylar. Gadarhan hem şan-şöwket we belentlik bilen geldi. Emma soltan ýaly däldi (ýokdy). Oturdylar we bilelikde nahar iýdiler.
■ HÜMMET
Soltan Mahmyt bir gün seýle çykypdyr. Ol ýol ugrunda iki sany sözleşip duran kişä gabat gelipdir. Olaryň biri:
– Soltan hat ýazyp bilýär – diýipdir.
Beýlekisi bolsa:
– Soltan hat ýazmagy başarmaýar – diýýän eken.
Şol dem soltan olaryň sözlerini eşidipdir we olara ýüzlenip:
– Eý, ýigitler, siz ne sebäpden meniň hat ýazyp bilýändigimi soraýarsyňyz? – diýip sorapdyr.
Ol ýigit:
– Eý, patyşa, men «Patyşa ýazyp bilýär» diýip aýtdym. Bu dostum bolsa, «Patyşa hat ýazmagy başarmaýar» diýip aýdýar – diýipdir.
Soltan bulara kerem bilen aýtdy:
– Näme isleseňiz aýdyň, men ýazaýyn. Eger şeýtsem, siz meniň hat ýazyp bilýändigimi ýa bilmeýändigimi görersiňiz.
Ol ýigit:
– Soltanyň kereminden bu gullaryna ýardam bermegi üçin bir perman ýazmagyny dileýäris. Goý, hazynaçy bize on müň altyn bersin we bizi garyplykdan çykarsyn – diýipdir.
Bu ýigidiň sözi soltana diýseň ýarapdyr. Ol şol wagtyň özünde bulara on müň altyn bermek barada bir bölek kagyzyň ýüzüne perman ýazyp, ol ýigitlere beripdir. Ol ýigitler hazynadaryň ýanyna barypdyrlar. Hazynaçy bu kişileri göreninde, olaryň on müň altyn bermäge mynasyp kişiler däldigini bilipdir. Emma olaryň ellerinde patyşanyň eli bilen ýazylan perman bardy. Soňra hazynaçy:
– Allanyň ady bilen, bu puly bereris. Ýöne soltan bilen geňeş etmegimiz üçin bu gün sabyr ediň. Ýogsa-da ýaryny bereýin – diýipdir.
Soňra hazynaçy soltanyň huzuryna barypdyr we oňa:
– Şahym, bu gün iki sany kişi on müň altyn bermek barada patyşanyň çykaran buýruk haty bilen geldi. Emma olar bu sylaga mynasyp däldirler. Şonuň üçin men bu gün möhlet alyp, olara «Eger bu altyny bermeli bolsa, ony soltan biler» diýdim – diýipdir.
Soltan öz hatyny görüp, şeýle diýipdir:
– Men bu on müň altyny olara bermän, öz buýruk hatymdan dönsem, ol rowa bolmaz. Çünki ähli halaýyk meniň gybatymy eder we «Soltan Mahmydyň galamynyň hümmeti öz hümmetinden ýagşymyş» diýerler. Beren wadaňa biwepalyk etmek är kişileriň käri däldir.
SOLTANYŇ AÝRATYNLYKLARY
Soltan Mahmyt Gaznaly çagalygyndan örän berk niýetlidi (gaýduwsyzdy). Beýleki çagalar ýaly oýnuň töwereginde gezmezdi we kitap okamak we ylym öwrenmek bilen meşgul bolýardy. Boş samahyllamalara goşulmazdy. Çekeleşik we jogap uruşmalary (nazar aýdyşmalary) gowy görýärdi. Hemişe habarlar, kyssalar we taryhlar kitabyny okaýardy. Asylzadalykda we päk göwherlikde şeýle bir derejededi welin, bir gezek göripler topary onuň ýagdaýyny (ahwalyny) atasynyň gaşynda ýamanlapdylar. Atasy günäsi ýok bolsa-da, ony günäläpdir. Ol düýbünden gamlanmandyr we atasyndan ynjamandyr hem-de öz eli bilen öz aýagyna gandal urupdyr. Hindistan şasy «Ajam şasy öz ogluna gandal urupdyr» diýip, bu habary eşidende, oňa gizlin nama ýazypdyr we:
– Häzir seni gandala çeken ataň saňa biwepalyk etdi. Eger rugsat berseň, bir adam iberip, seni bentden halas edeýin we meniň ýurduma gel, saňa gyzymy bereýin. Meniň ýurdum örän uludyr, saňa ataňdan has köpräk hazynalar we leşger bereýin – diýdi. Mahmyt oňa jogap berip, ony «it we kapyr» atlandyryp:
– Atam patyşadyr we seýitdir (jenapdyr). Eger meni öldürse hem atam häkimdir. Seniň ýazan namaňa jogap şudur, ýagny Hudaýtagala meni bu bentden halas eder. Şonda leşger ýygyp, seniň üstüňe ugraryn, seni tutup, kelle hamyňy soýup, ulanaryn – diýdi.
Ol musulmançylyk ygtykady babatda şeýle bir derejededi welin, her ýerde ýa-da bir obada bir kişiniň dininde künji dänesi deýin kemçiligi bar diýip eşitse, eger Aby Hanyfanyň özi bolsa-da, onuň ylmyna seretmezden dara çekýärdi. Betdinlerden ýüz müňden gowrak kişini şu sebäpli jahandan ýok edipdi. Şeksiz şu päk niýeti we sap ygtykady üçin Hudaýtagala oňa dogasy kabul bolýan öwlüýälik derejesini berdi. Eden her bir dogasy kabul bolýardy. Bir gün Hindistanda bir söweşe gidipdi. Howanyň jokrama yssy wagty çadyrda otyrdy we teşnedi. Şonda ýanyndakylara:
– Men Gaznada gar we jöwenek bilen sowadyşlary ýaly sowujak şerbet isleýärin – diýdi. Şol wagt birden bir bulut geldi we jöwenek ýagyp başlady. Düşekçiler we şerapdarlar birtopar gap-gaçlary doldurdylar we olardan üç günläp içdiler. Ol şonda derrew ör turdy we iki rekagat namaz okady hem-de Ýaradana şükür etdi we ol şerbetden ýene içdi.
Onuň parasatlaryndan we ylhamlaryndan biri-de şudur, ýagny günlerde bir gün bir sährada düşläpdi. Ol gün hiç hili howanyň üýtgejek alamaty ýokdy. Ol birden turup, namazlygyň üstünde durdy we hyzmatkärleri (düşekçileri) çagyryp:
– Çadyrlaryň we kepbeleriň eteklerini aşak çekiň (gömüň) we tanaplary mäkämläň – diýdi.
Şony aýdyp namaza durdy. Birden ýel turup, gök gümmürdäp, ýyldyrym çakdy welin, ähli adamlary we çadyrlary biri-birine gatdy we ertesi guşluga çenli şeýle boldy.
Takwalykda-da şeýle bir derejededi welin, türkmen şasy öz oglanlaryndan bir oglany bir möhüm üçin onuň ýanyna ugradypdyr. Adamlaryň aýtmagyna görä, bu oglan gözellikde şeýle bir derejede bolupdyr welin, adamlar onuň ýüzünden haýranda galypdyrlar. Ol oglan Gaznada üç aý bolupdyr. Her gün hem bargähe gelipdir we salam beripdir. Soltan ony islegine ýetirip ugradýança her gün onuň işi we möhümi barada maslahat-geňeş edipdir. Ondan soň birnäçe wagt geçensoň, bir gün Abunasrdan:
– Gadarhanyň ogly Çagryteginiň bir päkize juwandygy hakda aýdýarlar. Ol barada bir zat bilýäňmi ýa-da ýok? – diýip sorapdyr.
Abunasr:
– Patyşa ol oglany görmedimikä? – diýipdir.
Soltan:
– Eger men onuň ýüzüne nazar salan bolsam, Belent Allatagaladan kasam bolsun. Sebäbi meniňem ýaş perzentlerim bar. Eger men ol juwanyň ýüzüne nazar salan bolsam, onuň öwezi (tölegi) bolardy we başga biri meniň perzendimiň ýüzüne nazar salardy we mynasyp bolmazdy – diýipdir.
Kuwwatlylykda we merdanalykda şeýle bir derejededi, ýagny juwanlyk ýaşyndaka bir degirmene giripdir we bir bölek biýz matany eline sarapdyr hem-de degirmeni saklapdyr. Onda altmyş manlyk bir sütün bar eken. Ony altmyş gezek başynda pyrlandyrypdyr. Söweşlerde hut özi öň hatarda bolýardy we howply ýerlere gidýärdi. Ömri ahyrlanda öz bedenini ýalaňaçlady we öz egindeşlerine görkezdi. Teninde ýetmiş iki sany kapyr gylyjynyň, naýzasynyň we okunyň ýarysy bar eken.
Zekadyny we sadakalaryny mübärek oraza aýynyň başynda çykarýardy we her bir şäherdäki haklylara iberýärdi. Bir arpa dänejigini kemmeýärdi. Gürrüňsiz onuň zekadyna birnäçe müň dinar gidýärdi. Hazyna malynyň ählisi halal sarp edilýärdi. Sebäbi kapyrlardan alýardy. Her günki sadakalary belli edipdi. Her gün derwüşlere we haklylara iki müň derem (dirhem) berýärdi. Her juma güni elli müň dinar, her oraza aýynda her gün ýüz müň dinar berýärdi. Her haçan zyýarat edeninde on müň dinar berýärdi. Ilki emirlige oturanda baýlygynyň zekadyny hasaplanynda iki ýüz müň dinar bermeklik wajyp bolupdy. Özüniň ahyr ömründe hasaplanlarynda müň-müň we üç ýüz müň dinar zer oňa wajyp bolupdy we kesgitlenilipdi. Her ýyl hem köp mal-baýlyk zekat berýärdi. Şol mukdardaky baýlygy sowgat we serpaý hökmünde ýaradylanlaryň jenabynyň (Oňa salamlaryň we salawatlaryň iň afzaly bolsun) perzentlerine-de berýärdi we şäherlere iberýärdi. Olaryň atlary hazynada bellige alnypdy. Ol zer olara her ýyl perzentme-perzent, mirasdüşerme-mirasdüşer ýetirilýärdi. «Pygamber (Oňa salam bolsun) perzentlerine zekat we sadakalar bermek wajyp däl» diýýärdi. Onuň ýurdunda her ýerde ejiz (biçäre) we kör bar bolsa, oňa beýtilmaldan (gaznadan) napaka berýärdi. Onuň soltanlyk eden döwründe Horasanda iki gezek gahatlyk ýüze çykdy. Her gezekde iki ýüz müň dinar derwüşlere berdi. Her günde sowgat-serpaýlar berýärdi welin, özem hasaplap bilmeýärdi. Köplenç onuň sowgat-serpaýlary müň-müň deremdi. Ortaçasy bäş ýüz müň, iň azy ýüz müň dinardy. Her haçan şerap içende müň-müň derem derwüşlere berýärdi. Içip bolandan soň, iki esse berýärdi. Onuň özi az şerap içýärdi. Eger onuň öňünde bir möhümlik bolmasa we gyş günleri bolup, söweşe gidip bilmese, her ýylda üç aý içýärdi we her aýda üç gün şerap içýärdi. Hergiz sakynyň elinden şerap içmändi, diňe Aýazyň elinden içýärdi. Aýazy päk göwün bilen gowy görýärdi. Özüniň ahyr ömründe: «Men hergiz Aýaza haram nazar salmadym» diýip, ant içdi. Ony emirlige ýetirdi.
Şeýle-de on iki müň parsahlyk Hindistan topragy onuň hökümindedi. Onuň adyllygy we syýasaty şeýle bir derejede bolupdyr welin, biri şeýle hekaýat edipdir:
– Bir gün Hindistanyň häkimi Hindistandan Gazna getirerimiz ýaly, bizi özüne hemra we hazyna goragçysy etdi. Ol iş üç aýa çekdi. Zerler çuwallardady. Käbirinde zer we kümüş bardy. Ýeten her bir obasynda zerleri dälizlerde we köçelerde goýýardy we üç-dört gün saklanýardy. Hiç kimiň ol zeriň töweregine aýlanmaga gaýraty ýetmeýärdi.
Şygry gowy görýärdi. Şahyra örän köp sylag-serpaý berýärdi. Her gün şygyrda çekeleşýärdi. Şygyr ussatlaryndan alty ýüz sany şahyry bardy. Hemmesine ykta (mülk) we hak (aýlyk) belläpdi. Ondan başga-da her haçan kasyda okanlarynda müň-müň dinar berýärdi. Şahyrlar başy Unsurydy. Unsury onuň bilen oturyp-turuşýardy. Ähli şahyrlar onuň düzgüniniň astyndadylar. Ol günler köplenç gowudy. Firdöwsi hem «Şanamasyny» şoňa bagyşlap düzüpdi. Soltan onuň ahwaly bilen gyzyklanmady, ol hem iki sebäp bilendi; birinjisi: Unsury onuň şygyr sungatynyň gowudygyny bildi we ony soltanyň gözünden örtdi hem-de «Eger ol soltanyň ýanyna ýol tapsa, ähli şygyrlaryň bazary sowlar» diýip gorkdy. Ikinjisi bolsa, Firdöwsi şaýy mezhebindendi.
Soltanyň alawyly bir kör şahyry bardy. Gowy goşgy goşýardy we beýleki şahyrlaryň hataryndady. Ol soltana bagyşlap bir kasyda okady. Soltan oňa bir pil gyzyl zer berdi.
Soltan müneçjimleri terbiýeledi (ekledi). Olara diwandan hak we wagt bellenipdi. Olar takwymlar (kalendarlar) getirdiler, emma düýbünden soltana ýaramady. Astronomiýa ylmyna ynamy ýokdy we: «Höküm Hudaýyň hökümidir» diýýärdi.
Ynsaplylykda we adyllykda şeýle bir derejededi; bir gün bir garry kempir geldi we Horezm şasyndan nalap: «Meniň bir bölek ýerimi aldy» diýdi. Ol kişi iberdi we Horezm şasyny getirtdi. Ondan soň onuň ne ol aýala ýeriň bahasyny bermändigi, ne-de ol aýalyň razylygyna garamandygy anyk boldy. Onsoň Horezm şasyna bazarda bäş ýüz gamçy urmaklaryny buýurdy.
Dogry sözlülikde şeýle bir derejededi; Merwde bir şahyr bardy. Onuň ady Ammardy. Ol hergiz Merwden daşary çykmandy. Emma düzýän şygry gowudy. Bir gün ol bir rubagy düzüpdir we ony Gazna emir Mahmyt üçin emiriň gulamlaryndan bir gulama iberipdir we:
– Soltanyň keýpi kök bolan wagty ber – diýipdir. Ol gulam pursada garaşypdyr. Haçanda soltan şerap içmäge oturanda we rubagylar barada jedel gidende hem-de her kes rubagy okap başlanda, ol gulam ol rubagyny soltanyň eline beripdir. Soňra bolsa:
– Bu merwli bir şahyrdyr. Oňa Ammara diýýärler – diýdi. Soltan:
– Marynyň emeldaryna bir çek (pul hatyny) ýazsynlar, goý, ol şahyra meniň hazynamdan on müň dinar geçirsinler. Eger wepat bolan bolsa, onuň mirasdüşerine bersinler – diýip buýurdy. Wezir bu hekaýaty unutdy, eger unutmadyk bolsa-da, «Soltan unudar» diýdi. Rubagyny beren gulam wezir bilen gürleşdi. Wezir:
– Tä soltandan soramasam bermerin – diýdi. Soň bir gün soltanyň ýadyna düşüp, weziri çagyrmaklaryny buýurdy we wezirden:
– Şol şahyra beren çekimizi berdiňmi? – diýdi. Wezir:
– Agşam mest-serhoş bolanyň üçin sakladym – diýdi. Soltan buýurdy, onsoň on müň dinar zeri gatyrlara ýüklediler we birnäçe adamy oňa hemra etdiler hem-de olary Ammara tabşyrdylar. Wezire ol işiň çäresi (öwezi) üçin şol ýyl bäş ýüz dinar zeri döwlet haýryna geçirmegi buýurdy we:
– Siz biliň, meniň sözüm isle mestlikde bolsun, isle sersaglykda bolsun, bir bolmalydyr – diýipdir.
■ HORMATLY ATLAR
Bagdat halyfatynyň şeýle bir uly artykmaçlygy bolupdyr: ol musulman döwletleriň dini, ruhy durmuşyna agalyk edipdir. Halyf musulman döwletleriniň soltanlaryna, serkerdelerine, din hadymlaryna her hili derejeli atlar beripdir.
Halyflygyň ol berýän atlary kän, olaryň ählisini sanap çykjak bolsaň, gaty köp sahypany doldurmaly boljak. Halyflygyň berýän atlary esasy mowzugymyz däl, şonuň üçin ol at-derejeleri juda bir döwnäp durman, ediljek bolunýan gürrüňimiziň düşnükli bolmagy üçin olaryň käbirini ýatlap geçeýin.
– Emin ad-döwleti wel-milli – Döwletiň kasamy, milletiň ynamy. (Bu iki at Mahmyt Gaznalynyň ýörgünli atlarydyr. Bu ady oňa Kadyr Billäh dakypdyr).
– Emir mazy – merhum emir;
– Emir şehit – şehit emir;
– Emir sagyt – bagtly emir;
– Emir hamyt – taryply emir;
– Emir raşyt – kämil emir;
– Emir sedid – mynasyp emir.
Rukneddin – diniň diregi;
– Täjilmülk – patyşalygyň täji;
– Şyhabuddöwle – döwletiň ýyldyzy;
– Izzeddin –diniň ezizligi;
– Fahreddin – diniň buýsanjy;
– Nyzamylmülk – patyşalygyň nyzamy, düzgüni;
– Imameddin – diniň sütüni;
– Nejmeddin – diniň ýyldyzy;
– Jelaleddin – diniň gözelligi;
– Kyýaseddin – diniň ölçegi;
– Şemsilmülk – patyşalygyň güni.
Diňe emirlere däl, soltanlara-da berilýän atlar juda köp bolupdyr. Şonuň üçin Mahmyt Gaznaly halyfyň özüne beren adyny az görüpdir.
Ol Nimruzy (Seýistany), Horasany, Hindistany (tä Sumnata çenli) basyp alan adam. Hökümdarlygynyň çäginiň, güýç-kuwwatynyň köplügi boýunça ikinji bir döwlet ýok. Ähli döwletler Mahmyt Gaznaly bilen duşman bolmakdan gorkýarlar. Özüniň gysga döwür içinde bitiren hyzmaty az-küş däl, onuň üstesine-de, türkmen hökümdarlarynyň arasynda ilkinji bolup «soltan» adyna eýe bolan adam. Şeýle uly iş bitirensoň, Mahmyt halyflygyň berýän at-derejesiniň hem köp bolmagyny isleýär. Neneň islemesin?! Hana, halypa Samarkandyň hakanyna üç at beripdir: Zahreddöwlä – döwletiň ýardamçysy; Mälik aş-şark wassine – Gündogaryň we Hytaýyň şasy; Muin halypa illaha – Hudaýyň ýerdäki wekiliniň kömekçisi. Şu üç ady näme üçin Mahmyt Gaznala dakmaly däl?! Ol bu atlara mynasyp ahyryn?
Halypanyň at bermek babatda özge musulman döwletleriň wekillerine sahylyk edip, Mahmyt Gaznaly babatda husytlyk etmegi Soltanyň ýeňsedamaryny gatadypdyr. At almak höwesi bolsa, günsaýyn artypdyr. Ol halypanyň ýanyna wekilini iberipdir we özüniň nägileligini bildiripdir. «Eý, halypa, meniň yslamyň öňünde bitiren hyzmatymy hiç bir raýat, hiç bir soltan bitirip bilen däldir. Men musulman däl ýurtlara çozup, ol ýerleriň adamlaryny musulman etdim. Meniň hyzmatymy göz öňünde tut, eý, halypa. Sen hakana üç at berip, näme üçin onuň ýanynda meni kemsidýäň? Men, näme, üç ada mynasyp dälmi?»
Mahmyt Gaznaly her sapar hoş sözden başga zat almandyr. Ýöne soňky gezek halypa soltana şeýle mazmunly hat ýollapdyr: «Eý, hökmürowan soltan! Seniň at-owazaň jümle-jahana doldy. Seniň il içindäki hormatyň, abraýyň biçak uly, sen Magrybyň we Maşrygyň iň meşhur soltany adyny alan hökümdar.
Siziň bir zada dogry düşünmegiňizi isleýärin: hormatly at adamyň il içindäki at-abraýyny ýokary götermek üçin berilýär. Siz bolsa biziň berjek ähli atlarymyzdan ýokary derejä galdyňyz, Siz «Soltan Mahmyt Gaznaly» diýen beýik ady özüňiz özüňize döretdiňiz. Häzirki döwürde musulman halklarynyň arasynda Mahmyt Gaznaly diýen atdan belent at, belent dereje ýok. Ýöne Siziň tabynlygyňyzdaky hakan ylymsyz-bilimsiz adam, ony il-gün sylanok, hormatlanok. Biz musulman ýurtlarynda asudalygyň, parahatlygyň bolmagyny isleýäris, sowatsyz-bilimsiz, ukypsyz, nalajedeýin bolsa-da, ony il-günüň hormatlamagyny, hatyralamagyny isleýäris. Parahatlygyň, asudalygyň hatyrasy üçin, «Biziň hakanymyz uly atly, uly derejeli adam. Halypa şeýle hormatlaýan, şeýle at-dereje berýän bolsa, biz bu kişiniň beýikligini bilýän däldiris, halyf bilýändir, ýöne onuň ökdedigini, at-derejä mynasypdygyny biz bilýän däldiris» diýip pikir etsinler we hakana gepsiz-gürrüňsiz tabyn bolsunlar, hormatlasynlar» diýen asylly maksat bilen oňa üç sany hormatly at berdik.
Beýik mertebeli soltan! Siz ylymly-bilimli adam, Sizi ada-derejä mätäç däl hasaplaýarys. Biziň Siz baradaky pikirimiz örän gowudyr!»
Bu hat Mahmyt Gaznalyny kanagatlandyrmandyr. Hakana berlen at-dereje özünde bolmagyny isläpdir. Ol bu baradaky pikirini köşgünde bolýan bir suhangöý aýala aýdypdyr.
– Halypadan biçak göwnüm galdy. Ol maňa görübilmezçilik edýär, bilgeşleýinden janymy ýakýar. Hana, meniň raýatym bolan Samarkant hakanyna üç sany hormatly at berdi. Maňa bolsa hormatly adyň ýekejesini berýär, ýogsam men oňa gymmatbaha sowgat-serpaýlary on-on bäş ýola ugratdym. Ol meniň iberen sowgatlarymy alýar, ýöne at bermeli bolanda sowgat-serpaý alanyny unudaýýar. Men hakanyň öýünden halypanyň beren ygtybarnamasynyň ogurlanyp getirilmegini isleýän, men ol ygtybarnamany halypa görkezip, «Hana, üç hormatly at beren hakanyň seniň ygtybarnamaňy äsgerenogam, gadyrynam bilenok, ol hormatly adyň gadyryny biljek adama bolsa ony bereňok» diýip aýtmak isleýärin. Meniň şu niýetimiň amal bolmagyna ýardam eden kişä men hedýe gysganjak däl.
Soltanyň janykmasyny diňlän suhangöý aýal şeýle diýipdir:
– Eý, beýik mertebeli soltanym! Men siziň her bir islegiňiziň amalyny isleýärin. Meniň diýen zatlarymy beriň, şol ygtybarnamany men size getirip bereýin.
Suhanngöý aýal gerekli zatlaryny birin-birin aýdypdyr. Soltan şol aýdylan zatlaryň suhangöý aýala berilmegini wezirine tabşyrypdyr.
Suhangöý aýal kemsiz üpjün bolup, niredesiň hakanyň bargähi diýip, ogly bilen ýola rowana bolupdyr. Ol ýolda Hytaýdan gelýän täjirlere duşup, her dürli harytlardan alybilenini alypdyr. Şeýdibem, argyşdan dolup-daşyp gelen baý täjir kimin Samarkant hakanynyň hatynynyň ýanyna baryp, gözýaş döküpdir, öňden taýýarlan sözlerini suhangöýlük bilen aýdypdyr:
– Meniň adamym täjirdi. Ol dünýäniň köp ýerlerinde boldy. Ol: «Samarkandyň hakany meniň gören hökümdarlarymyň içinde iň rehimlisi, iň gowusy. Eger men ölsem, baryp hakanyň aýagyna ýykylyň, onuň gapysynyň hyzmatkäri boluň, guly boluň. Hakan ýaly gowy adam dünýäde ýokdur. Halypa oňa hormatly atlary ýöne ýere berenok, onuň gaty beýik adamdygyna göz ýetirip berýär» diýipdi.
Suhangöý aýal hakanyň we onuň hatynynyň tapylgysyz gowy adamlardygyny adamsynyň adyndan taryplamak taryplapdyr, birgiden halat-serpaýlar edipdir.
Aýallaryň akyly gulagynda, suhangöý aýalyň şirin-şerbet sözleri hatyna hoş ýakypdyr, ol sözlere biçak ynanasy gelipdir. Ynanypdyr.
Soň hatyn dilewar zenany hakanyň ýanyna eltipdir, hoşamaý söz bilen soltany meýmiredip ýören zenan bilimsiz hakany-ha hiç hili emgenmän şeýle bir meýmiredipdir welin, ol heziller edipdir. Adamsynyň adyndan hakany öwmek öwüpdir.
Ine, indem hakany şeýle hormatlan täjiriň aýaly bilen ogly onuň huzurynda. Hakanyň biwagt aradan çykan täjiriň aýaly bilen ogluna kömek edesi gelipdir.
Şol günden başlap, dilewar zenan hakana, onuň aýalyna gowy-gowy sowgat-serpaý edip durupdyr. Olara täsinden-täsin rowaýatlary, hekaýatlary süýjüdip-süýjüdip gürrüň beripdir. Şol gürrüňleriniň arasynda hakanyň, hatynyň waspyny ýetirmegi, uguny ýekelemegi unutmandyr.
Hoşamaý söz süňk döwer. Özleriniň biçak adamkärçiligi, tapylgysyz hakandygy, hatyndygy hakyndaky ynandyryjy söhbetler hakana-da, hatyna-da biçak hoş ýakypdyr. Olar dilewar zenanyň süýji sözlerini heziller edip diňläpdirler. Soňabaka olar dilewar zenanyň öwgüli sözlerine, delillendirip aýdýan her bir sözüne şeýle bir ynanypdyrlar welin, heý, goýaý!
– Eger siz meni gyrnak edip alaryn diýseňiz, onda medetkär eliňizi meniň başyma goýuň, meniň ýüregim şu ýere baglansyn, şonda meniň adamym o dünýäde rahat bolar.
Hakan razy bolupdyr. Dilewar zenan:
– Şaý-seplerimi satyp, bu ýerden özüme mülk satyn alaýyn – diýipdir –Size ömrümiň ahyryna çenli hyzmat edip bilsem, meniň bu ýalançyda armanym ýok.
Men diňe size hyzmat etjek, hyzmat edendigim üçin hiç zat hantama däl, diňe siziň mübärek ýüzleriňizi görüp, hoşamaý rowaýatlarym bilen göwünleriňizi şatlandyrmaga maňa rugsat berseňiz bolýar» diýip duran adama nädip garşy çykjak?! Beýle zatlar ertekilerde-de aňsat bolup duranok ahyryn. Ýöne beýle aşa yhlaslylygyň bir çöpi bar bolaýmasyn diýen pikir ne hatynyň, he-de hakanyň kellesine gelipdir. Dilewar zenan hem olarda müňkürligiň döremezligi üçin her bir aýdýan sözüni oýlanyp, her bir edýän hereketini gaty akyl eleginden geçirip, ýedi ölçäp, bir kesip edipdir. Olardan hiç zat almandyr, gaýtam ol her gezek hatyn bilen ýa-da hakan bilen duşuşanda delje sowgat bermäge çalşypdyr. Beýle tapylgysyz dul zenana hakan halys ysnyşypdyr, ony görmedik günleri hakanyň-da, hatynyň-da içleri gysyp ugrapdyr.
Dilewar zenan bolsa oýlanyp, etmeli işlerini edipdir: mülk edinjek bolýan diýip, ol üç-dört günläp görünmändir. Üç-dört günläp görünmänsoň, hatyn bilen hakanyň içleri gysyp, «Göresimiz geldi, sensiz içimiz gysdy» diýip, gönüläp ýüregindäkini aýtmasalar-da, onuň nirede bolandygy bilen gyzyklanypdyrlar. Dilewar zenan mülk aljak bolýandygyny nygtapdyr. Hakan-da, hatyn-da: «Örän gowy, bu hakykatdanam Samarkandy özüne ömürlik mekan edinjek bolýar-ow» diýip, içlerinden begenipdirler.
Ýarym ýylyň dowamynda dilewar zenan hakan bile hatynyň ynamyna birkemsiz giripdir.
Dilewar zenan ýarym ýyldan soň öz islän pursadynyň gelip ýetendigine düşünipdir. Ol galan altyn-kümüşlerini, gymmatbaha zatlaryny Samarkant bilen Gazniniň arasynda söwda edýän tanyş täjirine beripdir-de, oňa şeýle diýipdir:
– Gazniniň ugrunda her kerwensaraýda meniň üçin bir bedewat maňa garaşyp dursun.
Ol täjire bäş sany atlyny Balha barýan kerwensaraýlarda ýerleşdirmegi we özüne garaşmaklaryny tabşyrypdyr.
Dilewar zenan atly meselesini çözensoň, ätiýaç üçin goýan soňkuja halat-serpaýlaryny, gymmat baha daşlaryny alyp, hakan bilen hatynyň ýanyna ugrapdyr. Olaryň ýanyna baryp özüniň biçak bagtlydygyny, beýik hakanyň, beýik hatynyň hyzmatyny edip ömrüni ötürjekdigini ýanjap-ýanjap aýdypdyr, ýöne şeýle bagtly, arkadagly bolsa-da, birje meselesiniň bardygyny aýdypdyr. Ýarym ýylyň dowamynda ýeke gezegem dileg salmadyk, diňe sowgat-serpaý eçilip duran, göwnüňi joşa getirýän gowudan-gowy sözleri aýdyp gezen dilewar zenanyň hyzmatyny bitirmek hyjuwy hatynda-da, hakanda-da döräpdir.
Hakan-da, hatyn-da ýerli-ýerden «Nämy hyzmatyň bolsa çekinmän aýt» diýip janygypdyrlar. Dilewar zenan welin, haýyşyny derrew aýdaýman, süýjüdipdir. Ahyram aýdypdyr:
– Öňem size aýdypdym, meniň ýeke perzendim bar, men onuň ulalanda size peýdasynyň köp degmegini isläp bilim öwretdim, Gurhandyr edep öwretdim. Allatagaladan gelýän namalardan soň dünýäde emir el-Möminiň namasyndan gowy nama ýok diýip siz örän dogry aýdypdyňyz. Şol namalary ýazýan debiriňizi özge debirlerden, mürzelerden gaty sowatly hasap edýändigiňizi men makullaýaryn. Siziň ähli pikirleriňize uýýaryn, siziň ähli aýdýan sözleriňizi kalbymda doga-nama hökmünde ezizleýärin. Eger siziň üçin ýetişdirýän oglumyň siz öz mollasy bilen okamagy üçin şol ähtibarnamaňyzy öz gyrnaklaryňyza birki günlük berseňiz, oglum okasa, öwrense, maňlaýyna togap etse, soňam size ýene-de şeýle ygtybarnamalaryň kän-kän berilmegini beýik Biribardan dileg edip gaýtaryp bersek, minnetdarlygymyzyň çägi bolmazdy.
– Geregiň nama bolsun, birini däl, ikisini al, üçüsini al – diýip, hakan aňsatlyk bilen razylaşypdyr.
Hakan hyzmatkärini dilewar zenan bilen gazna ýollapdyr, hyzmatkärine gaznasyndan dilewar zenana islän namasyny alyp bermegini tabşyrypdyr.
Namany ele salan dilewar zenan «Men pylan obadan mülk satyn almak üçin barýan, şol ýerde bir hepde bolup, nesip bolsa, dolanyp gelerin» diýip, myş-myş ýaýradypdyr. Myş-myşyny gerekli, aýtmaly adamlarynyň ýanynda aýdypdyr. Ýaşan öýündäki ähli zatlaryny ýany bilen alsa, onda şübhe döremegi mümkin, şonuň üçin ol öýüň içindäki ähli zatlaryny ýany bilen äkitjek bolup durmandyr.
Aýal bir işi etjek diýmesin. Rast diýensoň, ol eden işinde, heý, kem-köst goýarmy?! Dilewar zenan öň haýsy oba barsa, duz-çörek bilen garşylamaly, hormatlamaly diýen permany hakandan elinje alan eken. Şeýle permany elinde bolansoň, dilewar zenan barjak diýip öňünden çykan obasyna barypdyr, şol obadan hem niredesiň Gazna diýip, ogly bilen at salypdyr. Onuň yzyndan kowgy bilen ýetip biljek gümanyň ýok, sebäbi ýoluň ugrundaky ähli kerwensaraýlarda oňa dynjyny alan saý bedewler garaşyp dur, hakanyň «Şu zenany aýratyn hormatlamaly, iýdirip-içirmeli, ähli hyzmatlaryny gepsiz-gürrüňsiz bitirmeli» diýen permany elinde.
Mahmyt Gaznaly dilewar zenanyň sylagyny ýetiripdir. Soňam namany bir ynamdar adamynyň üsti bilen emir el-Mömine iberipdir. Halyfa iberen hatynda ol şeýle diýipdir: «Meniň adamlarymyň biri siziň arzylaýan hakanyňyzyň obalarynyň biriniň deňinden geçip barýarka mekdepleriň birinde namaz okamak niýeti bilen düşläpdir, ana, şonda mekdebiň oglanjyklary siziň kepilnamaňyzy zyňyşyp oýnaýandyklaryny görüpdir. Meniň adamym ýagdaý bilen tanşyp görse, siziň Samarkant hakanyna beren kepilnamalaryňyzyň arzysy ýok eken. Ol kepilnamalary ujypsyzja teňňä satyn alyp bolýan eken. Şeýle bolansoň, meniň adamym ol kepilnamalaryň birini bir tokga ganda çalşyp alypdyr. Hormatly halyfa, siz ol keramatly hatlaryňyzy gadyryny bilmeýän, ukypsyz adamlara däl-de, at-derejäniň, siziň hatlaryňyzyň gadyr-gymmatyna düşünýän, oňa tagzym edýän başarjaň, batyr, wepaly, sowatly adamlara ibermegiňiz gerek.
Soltan Mahmydyň ilçisi halyfa haty gowşurýar. Ýöne halypa bu hatdan Soltan Mahmydyň isleýşiçe netije çykarmaýar: halypa hakana käýýäp hat ýazmak barada perman berýär. Hormatly at hantamaçylygy bilen gelen ilçi garaşyp, halyfnyň bargähinde ýatybermeli bolýar. Ilçi bargähde alty aýlap garaşýar. Ýöne Soltan Mahmyt üçin hormatly at alyp bilmeýär, halypa haýyşnama bilen ýüz tutýar, onuňam netijesi bolmaýar. Şeýle bolansoň, sabyr käsesi püre-pür bolan ilçi şeýle fetwa-teklipnama ýazypdyr: «Eger beýik Soltan Mahmyt Gaznaly yslam dininiň hatyrasy üçin din gylyjyny syryp, kapyrlar bilen darkaşa girse we olary yslam dinimize girizse, halyf bolsa, ondan ýüz öwrüp, çylşyrymly meseleleri çözüp bermese, şonuň üçin hem mejbury ýagdaýda başga bir abbasyny halypa edip oturdyp, ondan görelde alsa, bolarmyka ýa bolmazmyka?»
Ilçi bu fetwasyny halypanyň baş kazysynyň eline eltip beripdir. Soňam kaza şeýle diýipdir: «Soltan Mahmyt dergazap bolup, meniň yzymdan çapar iberipdir. Çapar maňa halypanyň köşgüni kazy-kelamlary bilen başyna ýumurjakdygyny, şonuň üçinem meniň tizden tiz Gazna barmalydygymy aýdypdyr. Soltanymyza hormatly at berer umydy bilen alty aý garaşdym. Menem ýadadym, meger, soltanymyzam ýadapdyr. Indi at almak meselesini täze halypa bilen çözeris, rugsat berseňiz, men-ä gaýdyberjak».
Kazy Soltanyň ilçisiniň arzasyny, gapdaly bilen aýdan sözlerni haýdan-haý halypa ýetiripdir.
Halyf oda aýagy çürşýän dek zowzuldaberipdir. Haýdan-haý hajybyny çagyryp:
– Derrew Mahmydyň ilçisini ýanyňa çagyryp, onuň bilen mylaýymdan-mylaýym söhbetler tapyp gürrüň et, göwnüni awla. Goý, ol bizden birjik-de nägile bolmasyn. Hormatly ady hormatly lybasy bilen ber, gapdalyndan sylag-serpaý hem ber, ýolda gerekli boljak harjy bilenem üpjün et. Üç-dört menzile çenli bile ugradyp, ýola salyp goýber. Meniň adymdan Soltana köpden-köp dogaýy salam gönder.
Halypa Soltan Mahmytdan şeýle gorkan-da bolsa, at bermek babatda ýene gysyklyk edýär: öňki adynyň üstüne diňe Amil el-mille – ýurduň sütüni, ygtykatyň sakçysy diýen at beripdir.
Ýeri, ady-sory çykmaýan kişilere-hä Şahynşah – şalaryň şasy, rukadduniaweddin – dünýäniň we diniň sütüni, Muhadduniaweddin – dünýäni we dini direldiji diýen ýaly şöhratly atlar berilýärkä, Mahmyt Gaznalynyň kemsinmegi tebigy zat.
Dünýäde gazanan şöhrat-şanyň, elbetde, özüňki. Mahmyt Gaznalynyň dünýä dolan at-owazasynyň resmi taýdan ykrar edilmegini islemegi, elbetde, tebigy zat. Ýöne şol şöhrat-şanyň pes bolmagyna badak atyp bilmek mümkinçiligi edil şöhrat-şanly bolmagyň lezzetinden, megerem, pes bolmaly däl.
Aý, hawa-da, her kim başaryp bilýän, elinden gelýän zatdan lezzet-keýp alýar...
■ KANUN HEMMELER ÜÇIN DEŇ
Soltan Mahmyt Gaznaly göwün açmak maksady bilen, uzynly günläp nedimleri, gowy görýän adamlary bilen meýlis gurýar.
Oturlyşykda Mahmydyň elli müň esgere ýolbaşçylyk edýän sypahsalary Aly Nuştegin serhoş bolýar:
– Men indi serhoş. Mundan artyk içip biljek däl. Kyblaýy älemim, maňa rugsat berseň, men öýüme gidip ýatjak!
– Aly, gündiz şäherde serhoş ýagdaýda görünmek saňa gelşiksiz bolar. Sebäbi, seni adamlar tanaýar, hormatlaýar. Seni serhoş ýagdaýda görseler, adamlar sen hakda ýaramaz gürrüň ederler. Iň gowusy, adamlara serhoş ýagdaýda görünmezlik. Sen häzir şu ýerde gyşar, dynç al. Biraz açylyşarsyň, oňa çenli garaňky hem düşer. Biraz açylyşanyňdan soň git. Ýogsam muhtasip seni görse, soltanyň gowy görýän sypahsalary diýip, soltan bilen bile şerap içen diýip seni aýap goýmaz. Muhtasibe men hiç zat aýdyp bilmen, sebäp, ol kanuny berjaý edýär, kanun bolsa hemmämiz üçin deň.
Aly Nuştegin il arasynda gahryman, batyr serkerde hökmünde meşhur eken. Onuň söweşlerde görkezen gahrymançylyklary hakda il arasynda rowaýatlar giňden ýaýrapdyr. Soltan bilen oturan adam muhtasipden gorkarmy?! Soltan bilen oturansoň, onuň bile şerap içensoň, Aly Nuşteginiň göwni hasam galkypdyr:
– Men-ä, rugsat berseň, gitjek, kyblaýy älem. Muhtasip bilen özüm oňşaryn – diýip, sypahsalar ýüregini bire baglapdyr.
Soltanyň pendini alman, öýe gaýtjak diýip duran adamy Mahmyt näme üçin saklasyn? Ol hyzmatkärine:
– Goýberiň, gitsin – diýipdir.
Alyny hazzar atyna mündüripdirler. Birnäçe atly hem yzy bilen ugrapdyr.
«Ulynyň aýdanyny etmedik uwlar» diýýär türkmen. Soltanyň aýdanyny etmedik, näme, uwlamazmy? Uwlar.
Ýüz atly bilen gelýän muhtasip Aly Nuşteginiň öňünden çykypdyr. Görse, sypahsalar serhoş. Serhoş bolsaň müýnlüje oturyber-dä! Wah, ümsüm otursa, oňa serhoş diýjekmi diýsene!
– Nähili-how ýagdaýlar, gowumydyr? – diýip, sypahsalar atyň üstünden muhtasibe habar gatypdyr. – Men soltanyň ýanyndan gelýän. Bilýäňmi sen, ä?!
Muhtasip öz ýanyndakylara sypahsalary atdan düşürmeklerini buýrupdyr. Derrew muhtasibiň adamlary Aly Nuştegini atdan düşüripdirler. Muhtasip atdan düşüp, serhoş Alyny it ýenjen ýaly ýenjipdir. Sypahsalaryň atlylary hiç zat diýip bilmändirler, çünki, muhtasip kanuny berjaý edýär.
Aly öýüne barmasyna barypdyr, ýöne ol eýýäm serhoşlykdan açylyp barypdyr. Soltanyň ýanyndan gidende maksady öýünde ýatmak eken. Ýöne muhtasibiň urgularynyň yzasyna çydaman uzak gije dik oturyp çykypdyr.
Ertesi Aly Nuştegin persala edilen ýagyrnysyny soltana görkezipdir. Şonda soltan Mahmyt gülüp:
– Serhoş halda öýden çykmazlyk saňa hemişelik sapak bolsun – diýipdir.
Halk döredijiligi we rowaýatlar