■ ÝAMANA ÝOL ÝOK
Soltan Mahmyt Gaznaly Kermen welaýatynyň emiri Bu-Aly Ylýasa hat gönderipdir. Hatynda şeýle diýilýär: «Meniň Yraga gelmegimiň maksady – Yragy her hili talaňçylyklardan, garakçylardan goramakdyr. Men halkyň asuda ýaşamagyny esasy maksatlarymyzyň biri hasap edýärin. Emma meniň baş maksadym Hindistanda ýaşaýan başga dinli adamlar bilen din-iman urşudyr, men Hindistanyň halkyny musulman etmegi özüme maksat edindim. Şu maksada ýetmek üçin gerek bolsa, ömrüm ötýänçä göreşerin. Ýöne maňa Yrakdan örän köp hatlar, arza-şikaýatlar gelýär. Meniň alýan hatlarymda deýlemlileriň Yrakda aç-açan eden-etdilik, talaňçylyk, diýdimzorluk edýändikleri nygtalýar, deýlemlileriň azgynlyk etmek üçin musulmanlaryň aýallaryny, çagalaryny zor bilen öýlerine süýräp äkidýärmişler, olar bilen islän işlerini edýärmişler. Olar kalby päk Äşäni – Ylaýym onuň ýatan ýeri ýagty bolsun! – ýoldan çykan hasap edýärmişler, pygamberiň – Ylaýym olaryň ýatan ýerleri ýagty bolsun! – egindeşlerine herhili ýaramaz sözleri aýdýarmyşlar. Olaryň patyşasy Mäždetdöwle özüni şahynşah diýip yglan edenmiş, on iki sany nikaly aýaly barmyş. Şäherlerdäki we obalardaky ilat zindileriň we batinileriň dinini wagyz etmäge mejbur edilýärmiş. Men bu zatlar hakda eşidenimde bu eden-etdiligiň, azgynçylygyň öňüni almagy Hindistandaky gazawadymdan möhüm saýdym we size sary geldim. Deýlemlileriň, zindileriň, batinileriň üstüne arassa musulman dinli hanafiýalylar bolan türkmen goşunlaryny sürdüm, netijede, deýlemlileriň, zindileriň, batinileriň köpüsi gylyçdan geçirildi, käsi zyndana atyldy. Içinde gaçanlary-da boldy, biz gaçanlaryň yzyndan kowmadyk.
Döwlet işlerini dolandyrmagy men horasanly, hanafy we şafygy hajylaryma tabşyrdym. Yrakly ýeke dabiriň eline kagyz-galam almagyna ýol bermedim, sebäbi, yrakly dabirleriň aglabasy azgynlar bilen gatnaşykly. Dabirleriň eline kagyz-galam bermek ähli eden işlerimi ýele sowurmak bolmagy mümkindi.
Men beýik Allatagalanyň goldawy bilen az wagtyň içinde Yragy hudaýsyzlardan – imansyzlardan arassaladym. Beýik Allatagala meni goldaýar, ol meniň hudaýsyzlaryň garşysyna göreşmegimi isleýär, pukaralara, mazlumlara arka durmagymy, adalatyň goragçysy bolmagymy isleýär. Ine, şu maksat bilen Beýik Alatagala meni soltan etdi, maňa çäksiz güýç-kuwwat berdi. Indem maňa kuç we buluç taýpalarynyň eden-etdilikleri, bulagaýlyklary aýan boldy, olar parahat oturan ilatyň üstüne çozup talaňçylyk edýärler, ilatyň emläklerini alýarlar. Diýargeçin rabatynyň üstüne çozulandygy maňa mälim. Şonuň üçin men bulagaýçylary tutup, alyp giden ähli emläklerini yzyna gaýtaryp almagyňy we olary gaýdyp meniň mülküme dagy-duwara gelmez ýaly, dardan asdyrmagyňy ýa-da ähli olja alan emläkleri bilen el-aýagyny güýlüp, Reý şäherine ibermegiňi buýurýaryn. Eger meniň talabymy derrew ýerine ýetirmeseň, bir zady bejit bil: Kermenem Summatdan uzakda däldir, Kermeniň üstüne goşun süräge-de, başbozarlary Kermen ülkesinden süpürip taşlaryn!».
Soltanyň bu namany ýazmagyna iň soňky sebäp Yrak ýurduny basyp alanda Diýargeçin rabatynda bir aýal maşgalanyň aglap durmasy bolupdyr. Ol zenanyň ähli goş-golamlaryny ogurlapdyrlar. Ol ogrular bolsa kuçlar bilen buluçlar eken, ýurtlaram Kermeniň goňşusy eken. Şonda ähli goş-golamlaryny ogurladan zenan soltan Mahmyda arz edipdir. Soltan zenany diňläpdir, Kermeniň golaýyndaky kuçlaryň we buluçlaryň eden-etdilikleri hakdaky habar onuň gaharyny getiripdir. Soltan zenana şeýle diýipdir:
– Seniň goş-golamlaryňy gaýtaryp bermek üçin men elimden gelenini ederin.
Şondan soň soltan Kermeniň golaýyndaky kuçlaryň we buluçlaryň talaňçylygy barada başga-da köp arza-şikaýatlary diňläp, bu eden-etdiligiň öňüni almaly, sogap gazanmaly diýen netijä gelipdir. Şol gelen netijesi boýunça hem Kermeniň emiri Bu-Aly Ylýasa hat gönderipdir.
Haty alan Bu-Aly Ylýasyň zähresi ýarylan dek bolupdyr. Edil şuş-şu pursat özi dardan asylaýjak ýaly alabasga düşdi, gelen çapara mähir-mylakatlylyk etdi, sylag-serpaý hökmünde soltan Mahmyt Gaznala lagly-jowahyr, altyn, şeýle hem nama iberdi:
– Eý, Kyblaýy älem, Soltanym Mahmyt Gaznaly! Siziň şöhrat-şanyňyz älem-jahana doldy. Men siziň sadyk guluňyzdyryn we her bir buýrugyňyza gepsiz-gürrüňsiz kaýyldyryn. Ýöne meniň ýagdaýyma düşüniň: Kermeniň halky hoşniýetli, päk dinli sünnülerdir. Emma kuç we buluç taýpalary Kermen halkyna hem gan gusdurýar, olardan ýaňa bize-de rahatlyk ýok. Kuçlaryň, buluçlaryň ýaşaýan ýerleri bilen Kermeniň arasynda geçip bolmaýan beýik daglar, giň derýalar ýatyr. Olardan ýaňa bize rahatlyk ýok. Iki ýüz farsah aralykda olar edenini edip, goýanyny goýýarlar. Olara garşy durmaga meniň güýjüm ejiz. Şonuň üçin olaryň eden-etdiliklerine çydam edip ýörün. Olara garşy çykyp biljek, adalaty ýola goýup biljek diňe sizsiňiz, eý, beýik soltanym. Siziň güýjüňiziň ýanynda olar hiç zatdyr. Ol başyna gidenleri mugyra getirip, parahat ýaşaýşymyzy ýola goýup berseňiz, biziň size bolan minnetdarlygymyzyň çägi bolmaz. Bu işde men siziň guluňyzdyryn, näme buýursaňyz, buýrugyňyzy sadyklyk, wepalylyk bilen ýerine ýetirerin.
Soltan Mahmyt Bu-Alynyň jogap namasyny we peşgeş-sylaglaryny alansoň oýlandy, Bu-Alynyň sözlerini makul gördi. Anyk bir netijä geldi we şol gelen netijesi esasynda Bu-Alynyň çaparyna şeýle diýdi:
– Sen Bu-Ala bar-da, şeýle diý: goý, ol Kermen ülkesine aýlanyp, nöker toplasyn, pylan aýyň başyna çenli Kermeniň buluçlaryň we kuçlaryň ýaşaýan serhedine ýakynlaşsyn. Pylan ýerde ýük ýazdyryp, meniň habaryma garaşsyn. Meniň iberen çaparym oňa näme işleri etmelidigini anyk aýdar, çaparymdan alan görkezme esasynda hem Bu-Aly hereket etsin.
Çapary ugradyp, soltan wezirlerine şeýle buýruk berýär:
– Ýezde we Kermene ugrajak söwdagärler işlerini ýola salyp, ýol şaýlaryny tutubersinler. Men ugrajak kerweniň ýanyna ýörite sakçy saljakdyryn, olar ähli söwdagärleri gorar. Kuç hem buluç talaňçylary söwdagärleriň emläklerini alaýsa, onda alnan emläkleriň öwezini gaznadan alyp berjekdirin.
Soltanyň bu sözleri söwdagärleriň arasynda jar çekdirilýär. Wah, olara geregi şu ahyryn! Söwdagärleriň göwünleri göterilýär. «Şu ýerde-hä gowy gazanç bar» diýip pikir edýärler. Gysga döwrüň içinde Reýe şeýlebir köp söwdagär ýygnanýar, heý, goýaý, çöpde-çörde san bolupdyr, emma söwdagärlerde san bolmandyr. Reý şäheri durşuna söwdagär bolup durmuş. Ählisiniňem dilegi özlerini kuçlaryň, buluçlaryň talamagy. Talansa, satjak bolup görgä galmakdan dynýarsyň, emlägim şunçady diýip, hakyky emlägiň iki essesini aýdaýmaly we gaznadan şol aýdan emlägiňi altyn görnüşde bahasyny alyp gaýdybermeli. Beýle amatly söwda olar üçin öňem bolmandy, soňam boljagy belli däl.
Ine, kerweniň ugramaly güni ýetip geldi. Hut soltanyň özi kerwene ak pata berdi. Soltan diýşi ýaly, kerwene bir emir bilen ýüz elli atly sakçy goşup, şeýle diýipdir:
– Siz howsala düşmän, keremara gidiberiň, nesip bolsa, yzyňyzdan goşunam iberjek, gaty arkaýyn boluň.
Sakçylar ugramaga taýýarlyk görüp ýörkäler soltan ýüz elli sakçynyň emirini ýanyna çagyryp, onuň bilen ikiçäk ogryn gürleşýär, oňa içi awuly bir çüýşäni berip, şeýle diýýär:
– Sen meni üns berip diňle. Meniň maksadymyň amala aşmagy köp babatda saňa bagly. Meniň sözümi ýadyňdan çykaraýmagyn, etmeli işleriňi men saňa häzir birin-birin aýdyp berjek. Kerwen Yspyhana ýeteninde ol şäherde on günläp bolgun. Hiç howlukmagyn. Söwdagärler öz etmeli söwdasyny etsinler, dynjyny alsynlar, belki, ýene täjirler kerwene goşular. Kerwen näçe uly bolsa bolubersin. Sen kerweniň ululygyndan, birden kerweni kuçlar, buluçlar talasa, gaznadan köp baýlygyň gitjekliginden gorkma. Sen meniň aýdanlarymy sowukganlylyk bilen takyk ýerine ýetirseň, biziň gaznamyzdan ýeke tylla-da gitmez, gaýtam, gaty köp tylla gelip goşular. Men ähli zady ýedi ölçäp, bir kesdim.
Ugramaly gün ýakynlanda 10 harwar Yspyhan almasyny satyn al we her harwar almany bir inere ýükle. Soňam almaly inerleriňi söwdagärleriň inerleriniň goşup tirke. Talaňçylaryň mesgenine ýetmäge bir günlük ýoldaky kerwensaraýda birazajyk işlemeli bolarsyň. Gije bir çene baryp, täjirler uka batanda sen on harwar almaňy çadyryňa getirt! Soňam ähli almany ýere dök. Her alma bir temen dürtdür we bir çybyjagy iňňeden hem ýiti edip ýon we ony, ine, şu berýän awuly çüýşäme sokup çykar-da, almadaky deşige dürt, şeýdip, ähli almalary awulap çyk. Soňra olary ýene öňküsi ýaly daşyna pagta dolap, harwarlara gapgar we inerlere ýükle. Garakçylar peýda bolup, kerweniň üstüne çozanlarynda, sen söweşe girme, sebäbi, olar köplükdir, sizem az. Şonuň üçin garakçylaryň çozup gelýändigini gördügiňiz täjirler bilen ur-tut gaçmak bilen boluň. Bir sagat çemesi tagapyl et. Olaryň köpüsiniň alma iýip öljekdiklerine birjik-de şübhäm ýok, onsoň sen bärden arkaýyn baryber, ölen-ä ölendir, ölmediginem baryp öldür, ölmedigi köp däldir. Garakçylary öldüreniňden soň meniň saňa berýän, ine, şu ýüzügim bilen çaparyňy serhede – Bu-Alynyň ýanyna ugrat, oňa kerwene talaňçylaryň çozandygyny we olaryň öldürilendigini gürrüň ber...
Soltan emire ähli etmeli işlerini, ähli diýmeli sözlerini öwredip, ony kerweni bilen ýola salýar.
Kerwen ýola düşýär.
Emir soltanyň aýdyşy ýaly edipdir: kerweni Yspyhana eltipdir, şäherde on gün saklanyljakdygyny, şondan soň kerweniň Diýargeçine ugrajakdygyny aýdypdyr. Soltanyň sözleri Yspyhana-da dolupdyr, rast, soltan şeýle elpe-şelpeligi wada berýän bolsa, mundan peýdalanmak gerek diýen pikir bilen Yspyhanda hem kän-kän täjirler ugurlaryny üýtgedip, kerwene goşulypdyrlar. Netijede, Kermene barýan kerweniň sany hasam artypdyr. Yspyhandaky kuçlaryň we buluçlaryň jansyzlary Kermene ugran kerweni görüp, öz meslekdeşlerine sary at salypdyrlar. Jansyzlar garakçylara üsti ummasyz baýlykdyr emläkli kerweniň süýşüp gelýändigini, beýle köp baýlykly, emläkli düýeleriň, inerleriň sanyny sanap aňyrsyna çykar ýaly däldigini, şeýle çäksiz uly baýlygy bary-ýogy ýüz elli atlynyň goraýandygyny habar beripdirler.
Heý, beýle çäksiz uly oljany çapawullar deňinden geçirip goýbererlermi? Kuçlar, buluçlar haýdan-haý kerweniň öňünden çykmaga we talamaga taýýarlyk görüp ugrapdyrlar, olar gysga wagtyň içinde dört müň garakçy ýygnapdyrlar we bukuda garaşmaga başlapdyrlar.
Her ýerde hem gowy adamlar bar. Kerwen bir düşelgä baranda ýerli adamlaryň birnäçesi emiriň ýanyna gelipdir:
– Eý, emir, gaty köp sanly garakçy siziň geleriňize garaşyp otyr, olaryň niýeti siziň kerweniňizi talamak.
Nökerleriň emiri olaryň sözüni diňläp, şeýle sowal beripdir:
– Bu ýerden olaryň garaşyp ýatan ýerlerine çenli näçe farsah aralyk bar?
– Bäş farsah.
Bu habary eşiden täjirler dowul turzupdyrlar, ýüklerini ýazdyrypdyrlar. Şeýle bolansoň, nökerleriň emiri ähli kerwenbaşylary ýygnap, olara göwünlik beripdir:
– Size jan gerekmi, baýlyk?
– Baýlyk tapylar, bize esasy baýlyk – baş saglygy, jan gerek – diýşipdirler.
– Men-ä size düşünemok, siziň jan saglygyňyza howp salýan garakçy ýok, garakçylara siziň baýlygyňyz gerek. Baýlygyňyzyň alnandygyndanam size gorkup oturasy iş ýok, sebäbi garakçylara aldyran emlägiňizi, baýlygyňyzy gaznadan gaýtaryp berjekdigine hut soltanyň özi söz berdi. Men hem size güwäçi boljak. Size başga näme gerek? Siziň islegiňizem – ýaşyryp oturmaň – şudy ahyryn, siz maksadyňyza ýetdiňiz. Men soltanyň ynanyp goýberen adamy. Meniň baş maksadym siziň baş saglygyňyz. Onsoňam, siziň bilmeýän zatlaryňyz hem bar, men ony size doly aýdyp biljek däl. Soltanyň maksady Diýargeçinde emlägi alnan bir zenanyň ähli zatlaryny yzyna gaýtaryp alyp bermek. Ertir gün dogup-dogmanka käbir adamlar bize gelip goşular. Men size bir aýdyp biljek zadym bar.
– Aýt-da, aýt – diýip, täjirler gygyryşýarlar.
– Ähliňiz meniň diýenim bilen bolsaňyz, siz maksadyňyza ýetersiňiz. Soltan maňa ogryn görkezmeler berdi. Onuň beren görkezmelerini berjaý etsek, ählimiz üçin gowy bolar.
– Sen näme diýseň, biz seniň diýeniň bilen bolarys – diýip, täjirler ýerli-ýerden gygyryşypdyrlar.
Şondan soň emir nökerlerini ýygnap şeýle diýipdir:
– Agşam kerwen ýola düşer, atlylar meniň ýanym bilen kerweniň başyny çeksin, pyýada nökerler bolsa, kerweniň yzyndan ýöresinler. Garakçylar garşylyk görkezilmese, adam öldürmäge döwtalap bolmaýarlar. Biz olara garşylyk görkezmeli däldiris we janlarymyzy howp astyna salmaly hem däldiris. Biz ertir daňdan garakçylaryň garaşyp ýatan ýerlerine bararys, garakçylar bizi görüp, üstümize çozarlar. Ana, şonda biz gaçmalydyrys. Ilki men gaçaryn, siz hem meniň yzym bilen gaçyň. Men bolsa kä hüjüm edip, kä gaçan bolup olara wellemşaha oýnuny görkezerin, soň men size goşularyn. Biz biraz garaşyp, täzeden hüjüme geçeris, ana, şonda gözüňiz şeýlebir täsin zatlary görer, şeýlebir täsin zatlary görer, aňk bolup galarsyňyz. Soltanyň gaty aňyrdan görüji soltandygyna akyl ýetirersiňiz. Men siziň ertir çozuş mahaly görjek gudratyňyzy bilýän. Ol gudraty aýtmaga meniň hakym ýok. Bu maňa soltanyň tabşyrygy – diýip, emir syrly gürledi.
Nökerleriň soltanyň syrly tabşyrygynyň nämedigini, ertirki çozuş mahaly nähili gudraty görkezjekdigini bilesleri geldi, emirden «Aýt-da, aýt» diýip haýyş etdiler.
Emiriň aýdasy gelýärdi. Bilýän, özgeleriň bolsa bilmeýän syry onuň içine sygman, gaty heläk edýärdi. Içinde oturan al kakmyş şeýtan «Aýt-aýt!» diýip, teý, dürtekläp gün berenokdy. Birden Soltanyň gazaply ýüzi peýda bolup, «Aýtsaň, deriňi sypyraryn!» diýdi, şondan soň emir ýuwduna-ýuwduna dymdy.
Emir gije almaly harwarlary inerlerden düşürip, almalaryň baryna awy gatyp çykdy, alma ýükli her ineriň ýanyna bir adam goýdy we olara şeýle buýruk berdi:
– Men garakçylary görüp, yzyma gaçyp başlamda, garakçylar kerweniň ýükleriniň böwürlerini ýaryp ugranlarynda siz almalary saklap duran kemerleri pyçaklaryňyz bilen kesiň-de, haýdan-haý janlaryňyzy gutarmak bilen boluň – diýip, berk tabşyrypdyr.
Ýarygije emir kerwene ýola düşmäge buýruk beripdir.
Daň atyp, gün mazaly ýokary galanda garakçylar gykylyklaşyp üç tarapdan peýda bolupdyrlar. Olar gylyçlaryny ýalbyradyp barha ýakynlaşypdyrlar,
Emir üç-dört gezek garakçylar bilen darkaşa giripdir, birnäçe peýkam atypdyr.
Garakçylara gözleri düşen pyýada nökerler yza gaçypdyrlar. Emir pyýada nökerleri esli aralyga çenli gorap gidipdir.
Garakçylar sakçylaryň azlygyna, barynyň hem janlaryny goramak üçin kerweni taşlap, ýazzyny berendiklerine hezil edipdirler. Arkaýynlykda ýükleriň böwürlerini ýarypdyrlar we harytlaryň daşyna geçipdirler, paýlaşmaga girişipdirler.
Ýöne harwar-harwar, akly-gyzylly, owadan-owadan almalary görenlerinde garakçylar işdämenlik bile topulypdyrlar, nebsewürlik bilen symyşlamaga başlapdyrlar. Alma dört müň garakçynyň ählisine diýen ýaly ýetipdir, ýetmedikler hem ýetenlerden ýalbaryp, haýyş edip alypdyr.
Garaz, bir sagadyň içinde almadan datmadyk garakçy galmandyr. Bir salymdan alma iýen garakçylar ýykylyp-ölüp başlapdyrlar.
Iki sagat çemesi wagt geçensoň emir beýik bir alaňyň üstüne çykyp, kerwene bakan syn edipdir, görse, gäwüş gaýtaryp ýatan inerlerden başga jandarda hereket ýok. Onsoň emir täjirleriň ýanyna barypdyr:
– Ah-ow, adamlar, gözüňiz aýdyň! Kerwenimiz abat, emläkleriňize, baýlygyňyza el degren adam ýok. Soltandan goldaw gelip, ogrularyň baryny sähel wagtyň içinde pürreläpdir. Garakçylary öldürip, özlerem ýene gürüm-jürüm bolupdyrlar. Bize sanalgyja kişini öldürmegi peşgeş hökmünde goýupdyrlar. Täjirler, siz keremara baryberiň, oňa çenli men ýüz elli atlym bilen galan sanalgyja garakçynyň hem soňuna çykaýyn. Ah-ow, meniň nökerlerim! Yzym bilen kerwene bakan, öňe!
Emir nökerleri bilen kerweniň ýanyna baranda dört müň adamyň ölüp ýatanyny görüpdir, sanalgyja adam, hanha, gylyjyny-zadyny taşlap, zähresi ýarylan ýaly düwdenekläp barýar. Emir atlylary bilen gaçyp barýanlaryň ýekejesinem sypdyrman paýhynlapdyr.
Emir atlylary bilen kerweniň ýanyna dolanyp gelipdir. Garakçylaryň ähli ýarag-esbaplaryny, bar baýlyklaryny, atlaryny bir ýere ýygnapdyr.
Kerwen ýoluny dowam etdiripdir.
Täjirleriň, sakçylaryň hiç birisi hiç hili zyýan çekmändir.
Bu-Aly Ylýasyň garaşyp ýatan serhedi on farsah eken. Emir oňa Soltanyň ýüzügini gowşurypdyr we bolan wakalary birin-birin gürrüň beripdir.
Bu-Aly ýüzügi alyp, ýagdaý bilen tanşyp, ruhlanyp, kuçlaryň we buluçlaryň üstüne at salypdyr. Emirem oňa goşulypdyr. Olar on müňden gowrak garakçyny öldüripdirler we olary talap, garakçylyk edip ýygnan ençeme ýüz müň dinaryny alypdyrlar. Olja alnan baýlyklaryň sany juda kän bolupdyr. Bu-Aly Ylýas ähli oljalary ýygnap, inerlere ýükläp, Soltanyň huzuryna ugradypdyr.
Soltan Gaznaly:
– Kuçlaryň we buluçlaryň talaňçylygyna sezewar bolup, emläklerini, baýlyklaryny, goş-golamlaryny aldyranlaryň bary meniň ýanyma gelsin, men olaryň aldyran zatlaryny yzyna gaýtaryp berjek – diýip, jar çekdiripdir.
Talananlaryň bary gelipdir we hoşbagt bolup, Soltana kän-kän alkyşlar aýdypdyrlar.
Diýargeçinde goş-golamyny aldyran zenana Soltan aýratyn serpaý ýapypdyr, ogurladan goş-golamlaryny hem gaýtaryp beripdir.
Mahmyt şondan soň tabynlygyndaky ähli obalarda, şäherlerde öz sahyphabarlaryny, fiskallaryny goýup çykypdyr. Soltan ýurtda bolýan ähli zady bilmelidir, bolgusyzlygyň, ogurlygyň, garakçylygyň ula ýazmagyna ýol bermeli däldir we dessine öňüni almalydyr, etmiş edenlere degerli jezasyny bermelidir.
Nirede etmişe wagtynda jeza berilmese, şol ýerde hem jenaýat artmak bilen bolýar. Soltan Mahmyt döwründe kanun berk bolupdyr. Şonuň üçin ýurtda jenaýat, ogrulyk az bolupdyr. Gapylara gulp asmagyň geregi bolmandyr. Netijede, döwlet pajarlap ösüpdir.
■ BUÝRUK
Soltan Mahmyt Gaznaly bir gün Gaznada gezip ýörkä, bir hammalyň bir ymaraty bina etmek üçin bir agyr daşy arkasyna göterip gelýändigini we daşyň agyrlygyndan ýaňa azap çekýändigini görýär. Soltan onuň kösenýändigini görüp, tebigy mähremligi we ýagşy mylaýymlygy bilen:
– Eý, hammal, daşy taşla – diýipdir.
Hammal daşy ýoluň ortasyna taşlapdyr. Ol daş ol ýerde köp wagtlap ýatypdyr. Atlar ol ýere ýetenlerinde daşy görüp ürkýän ekenler. Patyşanyň ýakyn adamlary wagt tapyp, bu ýagdaý barada:
– Pylan gün bir hammal alyjenabyň emri we mübärek permany arkaly arkasynda göterip gelýän daşyny ýoluň ortasyna taşlady. Indi atlar ol ýoldan kynçylyk bilen geçýärler we şol hammaldan başga hiç kim ol daşy göterip bilmeýär. Eger makul bilseňiz, oňa daşy ol ýerden aýryp, ýoly açmagyna buýruk beräýseňiz! – diýipdirler. Şonda soltan:
– Men oňa daşy taşla diýipdim. Indi eger göter diýsem, adamlar bu işi meniň berk däldigime ýöňkärler. Şonuň üçin degme, goý, ol daş şol ýerde galsyn – diýipdir.
Aýtmaklaryna görä, şol daş soltanyň ömrüniň soňuna çenli şol ýerde galypdyr. Onuň perzentleri hem atalarynyň permanyny saklap, daşy aýyrmandyrlar.
■ TENTEK
Soltan Mahmyt özüniň dergähine iň tentek adamy tapyp getirmeklerini buýurýar. Onuň köşgüniň ululary akyldarlardyr nedimleri ýurduň çar künjüne iberýärler. Olar şeýle adamy tapmaga meşgullanýarlar we nadanlardyr akmaklar barada habar toplamaga girişýärler. Ahyry olar agajyň bir şahasynyň üstüne çykyp, ony çapmak üçin şol şahanyň düýbüni palta urup duran bir adamy görýärler. Şahadan kesilse, ol adamyň gaçyp, müň janyndan bir janyny halas edip bilmejegi ikuçsyzdy. Iberilen adamlar onuň dünýäde iň tentek-akmak adamdygyny biragyzdan tassyklap, ony soltanyň ýanyna getirýärler we ýagdaýy oňa beýan edýärler.
■ HABARDARLYK
Hezreti Dawut pygamber gijelerine patyşalyk eşigini çalşyp, şäherde we bazarlarda gezer eken. Ol adaty adamlar ýaly bolup, halaýygyň ýagdaýyny sorap: «Dawut sizi nähili saklaýar we onuň emeldarlary hem nökerleri siziň bilen nähili gatnaşýar?» diýer eken. Eger-de nogsanlyk we kemçilik bar ýerini bilse, derrew düzetmäge girişer eken.
Soltan Mahmydyň hem şeýle häsiýetiniň bolandygy aýdylýar. Ol gijelerine adamlaryň hal-ýagdaýlaryny soramak üçin ýurduna aýlanar eken. Patyşanyň ýeke özüniň daşary çykmagynyň howply bolandygy üçin akyldarlar we ulular şeýle ýörelge goýupdyrlar, ýagny soltan ynamdar, döwleti goraýjy, şahsy bähbitlere üns bermeýän, päk ygtykatly, belent hümmetli, özüni tanatmaýan, işine ökde, tanalan ýagdaýynda hem özüni altyn-zere satmaýan habarçy bellemeli. Bu habarçy ähli zatlara gözegçilik eder ýaly, onuň islän wagty islän ýerine gitmäge hukugy bolmaly. Ýagdaý şeýle tertipleşensoň, soltan ähli işlerden we ýagdaýlardan habarly bolar, soňra döwlet sütünleri we emeldarlar hem soltanyň ähli zatlardan özleriniň her biriniň ahwallaryndan habarlydygyny bilerler. Şonda olaryň ýaşaýyşlary we gatnaşyklary şek-şübhesiz bolmalysy ýaly bolar. Olardan ýaramaz işler ýüze çykmaz.
Soltan bu pikir bilen ylalaşypdyr, ýöne ýönekeý eşikde obama-oba aýlanyp, adamlaryň soltan baradaky pikirlerini diňlemek edähedini welin goýmandyr.
■ BAG
Soltan Mahmyt jennet bakjasy ýaly ýakymly, Firdöws1 kimin göwnejaý bag-bakjaly seýilgäh gurdurýar. Ol bag-
Firdöws – jennet, behişt.
bakjalyk behişt bossany ýaly göwün açyjy, ýakymlylykda we göwnejaýlykda Erem gülüstany kimin ajaýyp bolupdyr.
Soltan Mahmyt öz kakasy Nasyreddin Söbüktegini ol baga çagyrypdyr. Soltan kakasy üçin bagda pelek bezmçisiniň gözi ilmedik we zamananyň gulagy eşitmedik, ajaýyp bezelen supra ýazyp, myhmansöýerlik görkezýär. Ol behişt tagamlaryny ýadyňa salýan tagamly naharlar taýýarlap, jennetdäki arassa şerbetleri göz öňüne getirýän lezzetli içgileri getirdýär.
Nahar iýlenden soň, ogly kakasyndan:
– Siziň nurana pikiriňizçe bu niçiksi bag? –– diýip soraýar.
Nasyreddin oňa:
– Jan oglum, bu bag diýseň owadan we göwün açyjy. Emma biziň döwlet sütünlerimizden we han-beglerimizden islän adam beýle bagy gurup biler. Patyşalar başgalaryň gurup bilmejek we miweleriniň özge baglarda tapylmajak bag-bossanyny gurmaly – diýýär. Soltan:
– Ol nähili bag? – diýýär.
Nasyreddin:
– Ýygan miweleriňe gyşyň sowugy we tomsuň yssysy hiç hili täsir etmez ýaly mähremlik we ýagşylyk nahalyny ýagşyzadalaryň, akyldarlaryň we şahyrlaryň bossanynda oturtmak gerek – diýýär.
Bu barada Nyzamy şeýle diýýär:
Mahmyt gurdy uly ymaratlary,
Hersi asman bilen bäsleşýän bir jaý.
Ýeke bijaý kerpiç ýokdur olarda,
Diňe Unsurynyň* öwgüsi berjaý.
■ TEMMI
Anna güni soltan Mahmyt juma namazyna barýan eken. Örän owadan we sahypjemal bir gulam soltanyň geçjek ýoluny saklap durupdyr. Şa ýanyndaky kişiler bilen gelip ýetende, gulam edep zeminini ogşaýar1. Soltan özüniň belentlik bilen haýbat jylawyny çekýär hem-de mähremlik we mylaýymlyk dili bilen:
– Näme hajatyň bar? – diýýär.
Gulam:
– Eý, şahym! Meni Türküstandan getiren adam tutuş ýolboýy maňa: «Men seniň soltanyň üns beriş we ýardam beriş saýasynda bolaryň ýaly seni soltanyň huzuryna elterin» diýipdi. Men bu buşluga umyt baglap, hossarsyzlyk derdine we gulçulyga döz geldim.
Eger döwürden maňa ýetäýse-de ýüz müň gam,
Şanyň ýüzüni görsem kalbym rahatlanar
– diýen beýdiň mazmuny bilen özümi köşeşdirdim. Emma biz bu şähere gelenimizden soň, Hoja Hasan meni gördi we müň dinara satyn aldy. Ol birnäçe wagtdan bäri meni öýünde gizläp saklaýar. Ýaňy maý tapyp, özümi siziň ýoluňyza ýetirdim. Bagtyň ýar we sagadatyň medetkär bolmagy bilen sizi gördüm we size ýüregimdäki arzymy ýetirdim. Galany siziň bilen, soltanym, soltan hökmürowandyr – diýýär.
Soltan oňa oňat temmi bermeklerini buýurýar. Soňra ony bir adama tabşyryp:
– Muny Hasanyň ýanyna elt we aýt: «Bir gulama müň dinar berip bilýän bolsa, onda onuň gaçmazlygy we hojaýynyndan rugsatsyz öýden çykmazlygy üçin bir sakça
1 Edep zeminini ogşamak – tagzym etmek.
ýüz dinar berip gapysynyň agzynda oturdyp bilenokmyka?» – diýýär.
Soltanyň ýakynlaryndan biri soltana:
– Gulama temmi bermändigiňiz geň – diýýär.
Soltan:
– Eger Hasanyň müň dinary zaýa bolmajak bolsady, ony ortasyndan iki bölege bölmeklerini buýrardym. Sebäbi eger her gulama pursat-maý berilse, ol öz hojaýynyndan ynjan wagty şeýle iş edip, delilsiz bahana getirerler. Şeýdip, hojaýynlyk we bendelik işi dargar – diýýär.
■ HER KIMIŇ ÖZ ETMELI IŞI BAR
Soltan Mahmydyň dogany köşgüň gulamlarynyň biriniň eden günäsi üçin oňa gamçy urmaklaryny buýurýar. Gulam arz-şikaýat bilen soltan Mahmydyň ýanyna gelýär. Soltanyň buýrugy bilen tebil, dep, nagara, baýdak, at we başga-da soltanlyk esbaplaryny onuň doganynyň öýüne getirýärler. Soltanyň dogany bu ýagdaýy görüp gorkupdyr. Ol aljyraňňylyk bilen derrew Soltanyň köşgüne gelýär we harlyk maňlaýyny edep zemininde goýup:
– Soltanlyk esbaplaryny meniň öýüme iberer ýaly men nähili günä iş etdim, nähili ýalňyşlyk goýberdim?! – diýýär.
Soltan:
– Eger soltanlyk meniň elimde bolsa köşk gulamlaryny tutup, olara gamçy urmak bilen seniň näme işiň bar?! Sen onuň etmişini maňa ýetirmelidiň, men bolsa onuň işini derňäp, hojaýyndan gula we guldan hojaýyna hiç hili adalatsyzlyk edilmez ýaly ýagdaýa serederdim. Haktagala maňa bendelerini tabşyrypdyr. Olaryň jogabyny sen däl-de, men bermeli – diýipdir.
Köp adamlaryň şepagat-rehimdarlyk soramagy bilen soltan Mahmyt doganynyň günäsini geçipdir.
■ ABULKASYM FERDÖWSI
Abulkasym Ferdöwsi Tus şäheriniň Paç diýen obasynda mülkdaryň maşgalasynda dünýä inýär.
Onuň kakasy Tusuň emininiň «Ferdöws» diýen bagynda bagbançylyk eder eken. Şonuň üçin olaryň maşgalasyna Ferdöwsiler maşgalasy diýer ekenler.
Ferdöwsi ýaşlykdan ylym-bilim alypdyr. Ol suhangöý, çeper söze aýratyn gadyr-gymmat goýýan adam bolupdyr.
Ferdöwsi «Şanama» eserini döretmek üçin Dakikiniň «Guttaşnama» eserinden, şeýle hem Abu Mansuryň kyssa bilen ýazan «Şanama» eserinden peýdalanypdyr. «Şanamany» ýazyp başlanda Ferdöwsi 40 ýaşlarynda eken. Ömrüniň soňky 30 ýylyny şu uly göwrümli eserini döretmäge bagyş edýär. Bu eser 60 müň bentden ybarat. Şahyr kitapda Eýran bilen Turanyň şalarynyň özara darkaşlaryny, bu göreşleriň garamaýak halka edýän täsirlerini, halkyň, döwletiň bagty, ösüşi üçin asudalygyň zerurdygyny nygtaýar.
Bu esere durky bilen berlen şahyr öz durmuşy hakda ýeterlik aladalanmandyr. Netijede, ýaşaýyş günemasy ýaramaz bolupdyr. Şahyr bu kitabynyň ilkinji nusgasyny 994–995-nji ýyllarda ýazyp gutarypdyr. Bu eseri ýazany üçin oňa galamhaky tölenmändir. Onuň ýalňyz oglunyň agyr keselden soň aradan çykmagy mätäçliginiň üstüne agyr urgy bolýar.
1010-njy ýylda Ferdöwsi sungata, edebiýata, şygryýete aýratyn sarpa goýýan Soltan Mahmyt Gaznalynyň huzuryna Gazna şäherine ugraýar. Ol döwürde Mahmydyň at-owazasy külli Horasana, Mawerannahra dolýar. Onuň ýakyn dosty-ýarlary hem «Sen Soltanyň ýanyna bar. Bu ajaýyp zähmetiňi Soltana bagyşla. Ol seniň bu eseriňe ýokary baha berip, özüňem altyn-kümüşden baý edip ugradar. Baýlygyň ýere-göge sygmaz. Ynha, görersiň. Soltan saňa kerwen-kerwen altyn-kümüş berer» diýip, ony ynandyrýarlar.
Ferdöwsi şu pikiriň yzyna düşüp, Mahmyt Gaznalynyň huzuryna ugraýar. Ol köşge baryp, Soltanyň köşk şahyrlary Unsury, Asjady we Farruhy bilen duşuşýar. Köşk şahyrlary Ferdöwsini tanymal şahyr hökmünde kabul etmeýärler. Hakykatdan hem, ol döwürde Ferdöwsi tanymal şahyr däl eken. Şahyrdyryn diýip köşge gelýän bolsa, şol döwürde kän eken.
Dogrusyny aýtsaň, bäş müň ýyllyk türkmen taryhynda edebiýatyň, şygryýetiň iň ösen döwri Soltan Mahmyt Gaznalynyň döwrüdir. Şol döwürde Soltanyň köşgünde men şahyrdyryn diýip, Soltandan hak-heşdek alyp, köşk şahyry bolup ýören kişileriň sany 150-den az däl eken.
Köşk şahyrlary Ferdöwsä bilelikde bir rubagy ýazmagy teklip edýärler. Olaryň şerti boýunça her kim rubagynyň bir setirini ýazmaly eken. Köşk şahyrlary bu teklibi Ferdöwsiniň kämillik derejesini barlap görmek üçin eden ekenler.
Garasaý, her şahyr bir setir aýdypdyr, rubagy ýazylypdyr:
Unsury: Seň ýanyňda Aý şuglasy hiç zatdyr,
Asjady: Seň ýaňagyň ýanynda gyzyl bägül hiç zatdyr,
Farruhy: Kirpikleriň Giwan okumy, paralaýar duşmany,
Ferdöwsi: Seň yşkyňa perwanalaň jesedi tutdy
Zemin birle Asmany.
(Sözme-söz terjime).
Mahmyt soltanlyk tagtyna geçip ulamalara bil baglady, bir işe girişmezden burun olar bilen hemsöhbet boldy. Ol ulamalar, şahyrlar üçin köşge jenneti saçagyň, ýaşaýşyň bolmagyny ýola goýdy. «Ulamanyň rozugär, owkat endişesi bolmaly däl. Ulamada hiç bir garalla hem bolmaly däldir» diýip hajybyna, wezirlerine berk tabşyrdy. Köşkdäki eşretler goňşy şäherlere, alys-alys döwletlere guş bolup uçdy. Uçdy hem yklymda ady meşhur ulamalar, şahyrlar köşkde ýygnanyp ugrady. Soltan her bir ulama bilen käte uzynly gün hemsöhbet bolmaga-da gününi gysganmady. Ol köşge ulamalary saýlap alýardy. Ilki soltanyň nedimleri, wezirler ulama bilen gürrüňdeş bolardy. Onuň kämillik derejesini barlap görerdiler. Olaryň oňlamasyndan soň Soltan ulama bilen ýüzbe-ýüz gürleşerdi.
Köşkdäki ulamalaryň, şahyrlaryň sany iki ýüzden aňrydy. Olaryň ýaşaýan hüjreleri-de özge hüjrelerden parhlydy.
Soltan kimiň näme bilen meşgullanýandygyny gözegçiliginden aýyrmady. Käbir ulamalara anyk tabşyryklar bererdi.
Soltanyň maksady uludy. Ol dünýäni aňk etjek açyşlaryň köp bolmagyny isleýärdi. Ol Horasanyň, Turanyň taryhynyň Adam atadan başlap, şu güne çenli şahyrana beýan edilmegini isleýärdi.
Soltanyň bu isleginden habardar şahyrlar Ferdöwsiniň zähmetine uly baha beriljegine berk ynanypdyrlar.
Şahyr şahyry aňsat-aňsat ykrar etmeýär. Rast ykrar edýän bolsa, onda şahyr has ökde bolmaly. Köşk şahyrlarynyň Ferdöwsä oňyn garaýyşda bolmaklarynyň baş sebäbi onuň ökdeligi däl-de, Soltanyň isleýän mowzugyndan otuz ýyl zähmet çekilip ýazylan kitabyň barlygy.
Köşk şahyrlary Ferdöwsini Soltan Mahmyt Gaznalynyň ýanyna eltipdirler. Ferdöwsi 30 ýyllyk zähmetini Soltana bagyşlaýandygyny mälim edipdir hemem kitaby dabara bilen gowşurypdyr. Bu eseriň näme hakyndadygyny gürrüň beripdir. Soltanyň şanyna öwgüli şygyrlar okapdyr. Soltan onuň sowgadyndan, okan şygyrlaryndan minnetdar bolup, oňa köp mukdarda sowgat-baýrak beripdir. «Şanama» kitaby üçin aýratyn hak tölejekdigini aýdypdyr.
Nyzamy Aruzy özüniň «Dört makala» atly kitabynda bu kabul edişlik hakda giňişleýin ýazypdyr:
Soltan Mahmyt Gaznaly ýanyndakylardan 30 ýyllyk bu zähmete näçe baha kesip bolar diýip soraýar. Soltanyň ýanyndakylar bu esere 50 000 (50 müň) dinar baha kesýärler. Soltan bu pikir bilen ylalaşýar.
Haýsydyr bir sebäbe görä, Soltan şol mahal şahyra hiç zat bermeýär. Elbetde, kimdir biri şahyryň garşysyna giden bolmaly, Soltany ynandyran bolmaly. Soltan biraz wagtdan soň Ferdöwsä 50 müň dinara derek 20 müň dirhem berýär. Bu galamhaky şahyry kanagatlandyrmandyr, çünki bu pul wada edilen puldan juda az. Galamhakynyň az beriljegine şahyryň gahary gelýär. Ol dirhemini alyp, hammama girýär. Şol ýerde hem bar dirhemi hammamdakylara, hammamda hyzmat edýänlere paýlap berýär.
Ferdöwsi ýene pulsuz galýar. Ol hammamdan çykyp, niredesiň Tus diýip öýüne ugraýar.
Soltan Mahmyt Gaznaly soltanlyk eden 30 ýylynyň köp bölegini Hindistanyň üstüne gazawat ýörişini edip geçirýär. Şol ýörişleriniň birinde Deliniň patyşasyna nama gönderýär. Ol namada uruşsyz boýun sunmak talap edilýär. Nama ugradylandan soň, Soltan Mahmyt Gaznaly weziri Hoja Ahmet Hasan Meýmendiden «Eger Deliniň patyşasynyň jogaby biziň isleýän jogabymyz bolmasa, näme etmeli bolarys?» diýip sorapdyr. Wezir şonda jogap hökmünde Ferdöwsiniň bir bent şygryny okapdyr. Bu şygyr setiri – jogap Soltanyň diýseň hoşuna gelipdir. Soltan wezirinden bu okan şygrynyň kimiňkidiginni sorapdyr. Wezir «Ferdöwsiniňki» diýip jogap beripdir. Şonda Soltan Ferdöwsä mynasyp baha bermändigine, ýalňyşlyk goýberendigine düşünipdir. Şonda Hindistandan Gazna dolanyp barsa, Ferdöwsiniň her setiri üçin bir dinar tölemegi – jemi 60 000 dinar tölemegi ýüregine düwüpdir. Ol şeýle hem edipdir: Gazna baransoň 60 müň dinary kerwene ýükläp, Ferdöwsiniň ýaşaýan ýerine – Tusa ugradypdyr.
Allatagala şahyrlyk ykbal beren käbir bendesine rysky boldan bermeýän bolarly. Üsti dinardan doly kerweni kabul etmek Ferdöwsä miýesser etmeýär. Soltanyň iberen 60 müň dinary Tusa ýetmänkä, Ferdöwsi aradan çykýar.
Tusuň günbatar derwezesinden şahyryň tabydyny alyp çykypdyrlar. Şäheriň gündogar derwezesinden bolsa şol wagt Soltan Mahmyt Gaznalynyň iberen sowgady giripdir.
Öýde şahyryň gyzy galan eken. Şahyryň gyzy akylly bolupdyr. Ol Soltanyň iberen sowgadyny kabul etmändir.
Tusuň ulamasy şahyryň umumy gonamçylykda jaýlanmagyna ýol bermändir. Bu habary eşiden Soltan şol ulamany şäherden neberesi bilen çykyp gitmegine höküm edipdir.
Soltan Ferdöwsini hatyralamak barada perman çykarypdyr.
■ «ŞEMI SÖNDÜRIŇ!»
Soltan Mahmyt Gaznaly ilatyň arza-şikaýatyna mydama uly ähmiýet beripdir, her bir huzuryna gelen adamyň sözüni ünsli diňläp, arzyny-haýyşyny bitirmäge çalşypdyr.
Bir gezek soltanyň huzuryna gorkudan ýaňa saňňyldap duran, egbarlan kişi gelipdir, ol soltanyň aýagyna ýykylyp aglap, derdiniň agyrdygyny aýdypdyr. Soltan ol kişini turzup, arzy-halyny howlukman gürrüň bermegini talap edipdir. Gelen kişi soltanyň ýasawullaryndan birisiniň öýüne mahal-mahal gelip, özüne, maşgalasyna sütem edýändigini, kä günler dosty-ýarlaryny çagyryp zyýapat berýändigini, özüniň ähli edýän sütemlerini çekip-çydamasa hem-de bu hakda kimedir birine arz etse, tohum-tiji bilen öldürjekdigini aýdandygyny gürrüň berýär. Soltan huzuryna gelen kişiniň gürrüňini üns berip diňleýär. Ol şikaýata gelene:
– Hany, gözýaş dökmäňi goý. Men saňa hemaýat ederin. Saňa hyýanat eden ol pälazan ýasawula berk jeza bererin – diýýär. – Sen häzir öýüňe gaýt. Men seniň öýüň ýakynynda bir buky ýerde adam goýaryn. Niçik şol pälazan öýüňe geldigi sen meniň şol bukuda goýjak adamyma habar ýetir. Onsoň meniň bukuda goýan adamym seniň habaryňy maňa ýetirer. Men senden habar alamsoň, öz adamlarym bilen öýüňe bararyn, soňam şol pälazana berk jeza bererin.
Soltan şikaýatçyny ugradyp, garaşmaga başlaýar.
Bir gün geçýär, iki gün geçýär.
Üçünji gün soltanyň bukuda goýan adamy alakjap gelýär. Soltan ýanyna birnäçe nökerini alyp ýola düşýär. Pälazan gaçyp gitmez ýaly, soltan nökerlerine öýüň daşyny gabamagy buýurýar.
– Içeri giren dessiňize pälazanyň ýüzüne seretmän, ilki çyrany söndüriň, soňundan hem pälazanyň ýüzüne seretmän öldüriň!
Pälazany garaňkylykda däl-de, ýagtylykda öldürmek özleri üçin amatly bolsa-da, nökerler soltanyň geň buýrugynyň hikmetini biljek bolup durman, buýrugy ýerine ýetirmek bilen bolýarlar.
Soltan, bäş-on sany nöker kürsäp içeri girýär.
Nökerler çyrany söndürýärler, pälazany öldürýärler.
Soltan çyrany ýakmagy buýurýar. Soňra öldürilen pälazanyň ýüzüne seredip, esli salym sesini çykarman durýar.
Hiç kimden ses-üýn çykmaýar.
Pälazanyň ýüzüne esli salym seredip duran soltan uludan demini alyp, aşak çökýär. Haktagala mynajat edip, aýat-doga okaýar.
Soltan öý eýesine ýüzlenýär.
– Men gaty aç, iýer ýaly bir döwüm çörek ber.
Öý eýesi biraz gatan çörekli saçagyny soltanyň öňünde goýýar.
Soltan gatan çörekden bir kesemenini alyp, başyny aşak salyp, şeýle bir işdämenlik bilen iýmäge başlaýar. Soltanyň işdämenlik bilen çörek iýmesine onuň ýany bilen gelen wezir-wekiller, nökerler geň galyp seredýärler. Soltan bolsa, hiç kime seretmän, hiç bir zada üns bermän çörek iýmesini dowam etdirýär,
Öý eýesi soltanyň bu bolşuny geňleýär. Bilesigelijiligine jylaw salyp bilmän, özüni alyp barşyndaky geňligiň hikmetini soraýar. Soltanyň jogaby diňe bir öý eýesini däl, eýsem onuň bilen gelenleri-de haýrana goýýar:
– Men seniň arzyňy diňlämde beýle haýasyzlyga meniň ogullarymdan başga hiç kim het edip bilmez öýtdüm. Sebäbi bu haýasyzlyk maňa ýönekeý nökeriň edip biljek haýasyzlygyndan has çökder göründi. Etmişi edenler ogullarym hem bolsa, adalaty berjaý etmegi ýüregime berk düwdüm. Eger pikir edişim ýaly, jenaýat edenler ogullarym bolsa, çyranyň ýagtysyna ýüzlerini görenimde ellerim titräp, geçirimlilik etmeli bolaryn öýdüp gorkdum. Şonuň üçin hem jenaýatçynyň ýüzüni jeza berilýänçä görmezlik üçin çyrany söndürtdim. Atalyk mährimiň erkimden rüstem geläýmeginden heder etdim. Çörek iýmegimiň sebäbinem aýdaýyn. Sen ýagdaýyňy aýdyp gaýdanyňdan bäri bu etmişi edenler meniň ogullarymdyr diýen gorky bilen asyl hiç zat iýip-içesim gelmedi, aňryma zat geçmedi. Bar pikirim seniň gürrüňleriň boldy. Çyrany ýakyp jenaýatçynyň bir pälazan nökerdigini anykladym. Jenaýatçyny jezalandyrdym welin, birden ajygyp ugradym. Goý, bu görene göz, eşidene gulak bolsun. Kim jenaýat etse, ol meniň iň ýakynym bolsa-da, jezasyny çeksin.
Soltan ýazylyp-ýaýrap naharlandy.
■ GURHANA TAGZYM
Bir gezek soltan şeýle perman çykarypdyr: zyndanda ýatan tussaglaryň haýsysy Gurhanyň ähli sürelerini ýat tutsa, şol jenaýatçyny zyndandan boşatmaly.
Soltan Mahmydyň berk ynanjyna görä, Gurhany ýatdan bilýän adamyň ýaramaz adam bolmaga haky ýok. Gurhany gaýtalap-gaýtalap ýat tutan adam hökmany suratda gowy adama öwrüläýmeli, Gurhan ol adamyň kalbyna adamkärçilik, gowulyk, toba bolup girer, adam ýaramazlyklaryndan öz-özüni arassalar.
Soltan Mahmydyň bu permany zyndanda ýatanlaryň arasynda uly tolgunma döredipdir. Gurhany ýat tutup, ýatmaly möhletinden öň boşap gidenler az bolmandyr. Ýogsam, Gurhan kiçi kitap däl ahyryn. Gurhan 114 süreden we 80 müň sözden ybarat.
■ ÜNSÜNI SOWUP, ÝEŇIŞ GAZANMAK
Soltan Mahmyt bäş ýaşly ogly Ysmaýylyň gije ukuda ýatan ýerine buşugýandygyny eşidipdir. Soltan başda bu söze onçakly üns bermändir. Ýöne oglunyň ýedi ýaşda-da ýatan düşegini ölleýändigini eşidip, ogly Ysmaýyly ýanyna çagyrypdyr.
Ysmaýyl müýnli halda başyny aşak salypdyr.
– Oglum, sen munuň üçin birjigem müýnürgeme. Seniň bu häsiýetiň gaty gowy häsiýet. Bu seniň gaty beýik adam boljakdygyň alamaty. Biler bolsaň, beýik adamlaryň galabasy ýaş wagty ýatan ýerine buşugýan ekenler. Men seniň beýik adam boljakdygyňa begenýän. Sen mundan beýläk gije ýatan ýeriňe buşugsaň, men saňa her gün ir bilen on dinar bererin – diýip, soltan ogluna aýdypdyr.
Kakasynyň bu sözüne ýaş Ysmaýyl begenmek begenipdir.
Ol her günki kakasyndan aljak on dinary hakda oýlanypdyr. Ol on dinara bazardan gidip, nämeleri aljakdygyny öz ýanyndan hasaplapdyr.
Ýöne, şol günüň ertesi oýananda, ýatan ýeri öl däl eken. Ysmaýyl bir aýlap gijelerine düýşünde buşugmak isläp her näçe yhlas etse-de, peýdasy bolmandyr.
Ysmaýyl kakasyndan 10 dinaram alyp bilmändir.
Mahmyt Gaznaly, meger, öz şertiniň nähili netije berjegini öňünden bilen bolsun gerek.
■ ADAM TANAMAK
Soltan Mahmyt Gaznaly esgerleriň içinden öz ýanyna goşmaça on sany janpena almak isläpdir. Şonuň üçin hem ol özüne janpena saýlamak üçin köp sanly esgerleri uzynly gün ýöredipdir, ylgadypdyr, soňam olary çeşmäniň başyna alyp barypdyr we esgerlere suw içip teşneliklerini gandyrmaklaryna rugsat beripdir.
Uzynly gün ýöräp, ylgap surnugan, suwsan esgerleriň kimsi ýatyp suwa agzyny basyp, teşnelik bilen içipdir, kim dört «aýak» bolup, agzyny suwa basypdyr. Esgerleriň içinde suwy goşawujy bilen içenleri soltan Mahmyt Gaznaly öz janpenasy edip alypdyr.
■ GÜNÄKÄRI NÄDIP ANYKLAMALY?
Soltan Mahmyt bir şäheri basyp alypdyr. Şäheriň bir ýaşaýjysy ir bilen soltan Mahmydyň ýanyna arz bilen gelipdir: ol gije soltanyň esgeriniň biriniň gyzyny zorlandygyny aýdypdyr.
Soltan şol arz bilen gelen garrynyň öýüniň töwereginde garawullyk eden esgerleri nyzama durzupdyr.
Soltan esgerlere bir gysym tüwi iýmegi buýrupdyr.
Kimiň çeýnän tüwüsiniň daşy gus-gury bolsa, onda bu şol esgeriň gorkandygyny, günäkärdigini alamatlandyrýar, kimiň çeýnän tüwüsiniň daşy öl bolsa, onda bu esgeriň gorkmandygyny, çünki, günäsiniň ýokdugyny aňladýar diýip hasaplapdyr.
Soltan bu usuly bilen gyz zorlanyň kimdigini anyklap, ölüm jezasyny beripdir.
■ DURMUŞ KANUNLARY
Soltan Mahmyt Gaznalynyň pähimleri:
* Ähli işler gowy gidip durmy, hökman bir bolgusyz şowsuzlyga garaşyber.
* Adamlar edilen teklibe edilişi ýaly däl-de, hökman başga hiliräk düşünýärler.
* Siz hernäçe janygyp, gaýtalap-gaýtalap düşündiräýiň, şonda-da ençe gezek gaýtalan pikriňize nädogry düşünjek tapylar.
* Meniň şu pikirimi ähli kişi biragyzdan goldar diýen pikiriňize garşy çykjaklaram tapylar.
* Eger bir işiňiz şowsuzlyga uçran bolsa, ony halas etmek üçin edýän her bir tagallaňyz şowsuzlygy diňe beterleşdirer.
* Öz başlygyňdan akylly görünjek bolaýmagyn.
* Hiç zadyňy taşlama.
* Ähli beýik açyşlar ýalňyşlygyň esasynda açylýar.
■ SOLTANYŇ ALYM ÝETIŞDIRIŞI
Hyrat şäherinde Haýdar Alyjan atly bir ýaş ýigit bar eken. Üşükli ýigit eken ol. Onuň kakasy Isgender han oglunyň hatly-sowatly bolmagy üçin kän alada edipdir. Ony atly atabegde okadypdyr.
Isgender hanyň baş maksady oglunyň soltanlar soltany, türkmenleriň içinde ilkinji bolup soltan adyny göteren görnükli Mahmyt Gaznalynyň köşgünde belli ulamalar, şahyrlar bilen bile işlemegi eken. Isgender han bu maksadyny atabegden ýaşyrmandyr. Isgender han oglunyň bir atabegiň elinde däl, birnäçe atabegiň, ulamanyň elinde bilim-terbiýe almagy, dünýä ylymlaryny düýpli öwrenmegi üçin çykdajydan gaçmandyr.
Haýdar Aly dünýä ylymlaryny kämil öwrenenden, sopuçylyk mekdepleriniň, ylymlaryň gazananlaryny birkemsiz öwrenenden soň, Isgender han ogluny Mahmyt Gaznalynyň huzuryna alyp barypdyr.
– Eý, Soltanlar soltany, kyblaýy älemim! – diýip, Isgender han soltana ýüzlenipdir. – Ine, bu ýaş ýigit – meniň uly oglum. Meniň bu oglum gaty düşbi. Hat-sowada, ylyma teşne. Siziň köşgüňizde ulamalaryňyz bilen siziň hyzmatyňyzda durmaga mynasyp bolmagy üçin men oglumy on ýyl ýörite okatdym, oglumy bäş sany atabeg, bäş sany ulama sopuçylyk ýolunyň sapaklary, dünýä ylymlary boýunça okatdy.
Mahmyt Gaznaly Isgender hanyň sözüni mukyt diňläpdir, ýöne oglana bir gezegem seretmän, şeýle diýipdir:
– Ogluňy ýene bir ýyldan alyp gel.
Soltanyň bu sözüne Isgender han biraz lapykeç bolupdyr, şonda-da, minnetdarlyk bildirip, Soltanyň ýanyndan çykyp gaýdypdyr. Isgender han ogly Alynyň bir ýyly garaşyp boş geçirmezligi üçin öňde ýaşap geçen beýik sopularyň mazarlaryna zyýarat etmäge ugradypdyr.
– Bir ýyl puryja seniň üçin gaty gowy boldy. Bir ýyly boş geçirme – diýip, Isgender han Alyny ýola salypdyr.
Bir ýyldan Isgender han ogly Aly bilen Mahmyt Gaznalynyň dergähine barypdyr:
– Eý, asyryň hökümdary! Meniň oglum ylym-bilim ýolunda uzak menzil geçdi. Siziň köşgüňizi bezemek, siziň köňlüňize röwşen çaýmak üçin bu dünýäniň nusgawy alymlarynyň eserlerini düýpli öwrendi, kämillige ýetişdi. Men sizden özelenipler haýyş edýärin, siz meniň oglumyň köşgüňize mynasypdygyny ýa mynasyp däldigini synagdan geçirip görmegiňizi towakga edýärin.
Isgender hanyň bu sözüne:
– Goý, ýene bir ýyldan gelsin – diýip, Soltan Mahmyt Gaznaly jogap beripdir.
Haýdar Aly Öküz derýasyndan1 on iki aýyň içinde geçip, Buhara, Samarkanda, Kasr-al-Arifa2, Daşkende, Duşenbä aýlanypdyr, ol ýerlerdäki türbetlere, Türküstanyň mukaddes ýerlerine zyýarat edipdir. Ol ýerlerde ýaşap geçen beýik şahsyýetler hakdaky gürrüňleri diňläpdir, ol ýerlerde ýaşan ulamalaryň eserlerini öwrenipdir.
Ýene bir ýyl geçipdir.
Mahmyt Gaznaly garşysynda duran Haýdar Alyny boýdan-başa synlapdyr-da:
– Ol bir ýyl geçenden soň gelip biler – diýipdir.
Haýdar Aly Mekgä zyýarat edipdir, Hindistana aýlanypdyr, ata-babalarymyzyň gyt kitaplaryny tapyp okapdyr, döwrüň atly-abraýly derwüşleri bilen hemsöhbet bolupdyr.
Bir ýyl geçensoň Haýdar Aly ýene Gazna şäherine Mahmyt Gaznalynyň huzuryna barypdyr. Soltan oňa şeýle diýipdir:
– Indi özüňe halypa tap, onuň gullugynda bol we bir ýyldan soň gel – diýip, ony köşgündäki ulamalaryň ýanyna ugradypdyr.
Ýene bir ýyl geçipdir. Isgender han ýene köşge ogly bilen gitmekçi bolupdyr, ýöne Isgender hanyň ogly Haýdar Aly köşge gitmegi asla göwnemändir. Ol Hyrat şäherindäki halypasynyň-mugallymynyň ýanyndan aýrylmak, gitmek islemändir.
– Men seniň üçin näçe wagtymy, näçe pulumy sarp etdim. Sen bolsa Mahmyt Gaznalynyň synagyndanam geçip bilmediň – diýip, Isgender han janygypdyr, oglunyň işsiz galjagyna biçak gynanypdyr.
Soltan Mahmyt Gaznaly Haýdar Alynyň bir ýyldan soň gelerine garaşypdyr, ýöne ýyl geçse-de, ol gelmänden soň, öz ýanyndakylara:
– Hyrada gitmäge taýýarlyk görüň. Ol şäherde meniň gijeler ýatman garaşan adamyma seretmek isleýärin – diýdi.
Haçanda Soltan Mahmyt Gaznalynyň dabaraly, kaşaň kerweni ýakynlanda Haýdar Alynyň halypasy onuň elinden tutup, şanyň gaşyna bardy.
Soltan Mahmyt Gaznaly hyzmatkäri Aýaz bilen köwüşlerini çykaryp tekkäniň öňüne barýar.
– Eý, Beýik Soltan Mahmyt! Ynha, öň patyşanyň öňünde hiç kim bolan, bu gün bolsa huzuryna patyşa gelen ýigidiň ulama çykdy – diýip, sopy buýsanç bilen Haýdar Alyny tanyşdyrypdyr. – Bu ýigidi indi öz köşgüňe ulamalaryň hataryna alyp bilersiň, özüňe maslahatçy edinip bilersiň, bu ýigit seniň köşgüňde bolmaga mynasyp.
Ine, Soltan Mahmyt Gaznalynyň ulamalar baradaky bir synagynyň gysgaça taryhy.
_________________
*Unsury – soltan Mahmydyň köşgündäkiň meşhur şahyr.
1. Öküz derýasy – Amyderýa.
2. Kasr-al-Arif – Bilim Galasy – Buharadan uzak bolmadyk ýer, Bahaweddin Nagyşbendiniň jaýlanan ýeri.
Halk döredijiligi we rowaýatlar